Hormatly okyjylar, meniň makalalarymy, şygyrlarymy, asla kitapcy.ru saýtyny okaýandygyňyz üçin minnetdarlygymyň çägi ýok. Makalalaryma goýýan sarpaňyz üçinem sag boluň. Men kärim-hünärim boýunça filolog-žurnalist. Makalalarym uzak ýyllar alyp baran ylmy-derňewlerimiň netijesinde ýazylan. Çeper döredijilik bilenem çagalygymdan bäri meşgullanyp ýörün. Çeper döredijiligim proza-poeziýa kämildir diýip biljek däl, ýöne belli bir okyjysynyň bardygyny anyk bilýärin. Dogrymy aýtsam çeper döredijilik bilen meşgullanamda dynç alýaryn. Indi şygyrlaryma edilen bellik hakynda: Birinji edilen belligi maslahat hökmünde kabul edýärin. Ikinji bellik: “Dogry. Goşgyňdan derek ýok diýsene”. Şuny ýazan okyjy, aýdan sözüňi gulagyň eşidýärmi?! Sen meniň islendik çap edilen goşgymda derek ýokdugyny subut et, men çeper döredijilik diýip galam elime almaryn. Türkmen ogly sözünde durýandyr. Diýen sözüňi subut et. Sözüňi subut edip bilmejek bolsaň, özüňi görkezmek üçin ýazdyňmy?! Hormatly okyjy, sözüňi subut edip bilmän, özüňi görkezmek saňa gerekmi?! Ýöne aýdan sözüňi subut edip bilseň, men aýdan şertimde bek duraryn. Hormatly okyjy, sizden jogaba garaşýan.
Hormatly okyjylar!!! Teswir ýazanyňyzda, duýgy bilen ýazmazlygyňyzy haýyş edýärin. Sebäbi ussat ýazyjy-şahyrlaryň, halypa alymlaryň paýhasyndan öňe düşen duýgulary bilen eser ýazyp, oňaýsyz ýagdaýa düşenlerini anyk bilýärin. Ol eserleriň bir bölegi hakynda şu saýtda giňişleýin söhbet edildi. Men teswir ýazýanlara minnetdar. Hatda duýga gaplanyp esassyz teswir ýazanlaram utandyrmak meýlim ýok. Teswir ýazylmaly, adalatly tankyt, kemçilikler, bellikler hökman edilmeli. Ol eseriň kämil bolmagy üçin zerur. Ýöne esasy bolmadyk, duýgy bilen ýazylan medeniýetsiz teswir ýazmakdan saklanalyň. Hormatly okyjylar, geliň, biz özümiziň watanperwer, ylymly-bilimli okyjydygymyzy, iň esasam, döwrebap medeniýetli adamlardygymyzy subut edeliň. Sizi hormatlamak bilen awtor.
Meniñ pikirimçe bir adam öñünde goýlan nahary halamandygyny aýdandygy üçin ondan naharyñ düzümine goşulan önümleri sanap bermegi ýa-da nahary özüñ ýaly bişirmegi talap etmegiñ manysy ýok. Halamasa "duzsyz" diýer, "şor" diýer. Nahary bişiren bilsin nirde kemçiliginiñ bardygyny. Dogrudanam makalalaryñyz biz talyplaryñ arasynda hem gyzgyn jedelleriñ turmagyna sebäp bolýar. Siz makala ýazmagyñyzy dowam etdiriñ.
Bäşinji teswire jogap: Siziň teswiriňiz ”Men näme diýýän, dutarym näme diýýär” bolupdyr. Nahara “duzly” ýa “şor” diýmek, umumy bolsa-da, kemçilik aýtmak bolýar. Emma “Dogry. Goşgyňdan derek ýok diýsene” diýmegiň duýga gaplanan, esassyz umumy gürrüňdigini bilýänsiňiz-ä?! Bu umumy gürrüňi kämil eserler hakda hem aýtsa bolar, emma aýdan pikiriňi subut edip aýtmak, bolmanda, biziň adamçylyk borjumyz ahyry. Men beýle teswirlere üns bermänem bilerdim, ýöne okyjy ýaşlarymyzyň döwrebap adamlar bolmagyny halys ýürekden arzuwlap, jogap berýärin. Men naharlarymyň (makalalarymyň, şygyrlarymyň) nämeden edilendigini, derejesini gaty gowy bilýärin. Adalatly tankydyňyz bolsa, baş üstüne!! Ýöne ýazylan şygyr ýa teswirler bilen baglanyşygy bolmadyk ýa subut edip bilmejek pikr aýtmagyň manysy näme?! Gymmatly wagtymyzy biderek zatlara sarp etmäliň, hormatly okyjylar!!!
Edil goşgy ýazyp ýören-ä däl men. ýöne şu goşgynyň üçünji bendi:
"Haýyr iş et, goşulmagyn hiç şere Müňde bir al bardyr pelek oýnunda, Ýazgyt bolmawersin bisyrat bolmak, Ýagşy adyň galsyn Älem goýnunda -
- diýilse, gowy bolaýjak ýaly. Ýöne bu diňe meniň öz pikirim. "Goşgymy üýtgetjek bolýaňmy?" diýip gaty görmäweri, Döwletmyrat aga. Ýazýan makalalaryňyzy uly höwes bilen okaýan. Özüňize-de, döredijiligiňize-de hormatym belendir.
Hormatly okyjylar!! Şu şygrymyň ikinji bendiniň soňky iki setirini:
Men neneň geçeýin dünýäň meýlinden, Ol özüne çekýär, ömre “nur” saçyp.
Üçünji bendimi bolsa:
Ykbalyňy haýra bagla ýa şere, Parhy nä?! Barybir pelek oýnunda. Ýazgyt bolmawersin bisyrat bolmak, Kimleň ady galar Älem goýnunda?!
- diýip, şu görnüşde okamagyňyzy haýyş edýärin. Ikinji bendimiň üçünji setiriniň soňky sözi başdan “özünden” ýazylyp, soňra “meýlinden” diýip üýtgetsemem, garalama-ilki görnüşim gidipdir. Üçünji bendimiň soňky setiriniň başynda gelýän “Bagtdyr” sözi şygrymda ýamalyk ýaly bolup durdy. Şu düzedişleri edenimden soňra ynjaldym. Oňaýsyzlyk döreden bolsam bagyşlaweriň!!
Hormatly Demirgazykly!! Makalalarymy talyplar okap, çekişme edýän bolsa zähmetimiziň ýerine düşdügi bolýar. Men hünärim boýunça Gadymy, Orta asyrlar hem klassyk-nusgawy şahyrlarymyzyň şahyrlarymyzyň döredijiligi boýunça filolog. Şu agzalan döwürler boýunça sowalyňyz bolsa, bilmesem öwrenip jogap bererin. Ylma daýanýan teswir ýazmakdan tankydy bolsa-da çekinmäň. Okaýanyňyz, teswir ýazýanyňyz üçin minnetdar.
Kyssaçy inim, ýaşlardan şular ýaly teklibe garaşýan. Teklibiňi gaty göremok, minnetdar. Indi teklibiň hakynda. Hödürlän bendiň öwüt-ündew.. Emma men bu şygyrda öwüt bermegi maksat edinmedim. Hemme adamlaryň pelegiň oýnuny oýnaýandygyny filosofiki (pelsepewi) nukdaýnazardan bermek isledim. Seniň teklip eden bendiň sözleri lenç edilen hem meniň aýdanlarym bilen utgaşýan däldir. Ýöne teklibiň üçin minnetdar.
Ilki bilen Bu şahyryň ady Nepes. Molla onuň halk tarapyndan mugallymdygy hem ussatdygy ykrar edilip alan lakamy. SSSR döwründe onuň ady lakamy-ady goşulyp, ýalňyş ýazyldy. Bu ýalňyşlyk häzirem düzedilenok. Molla Nepes şekilinde ýazmak dogry. Siziň sowalyňyza jogap bererin. Ýöne gyssamaň.
Häzirki wagta çenli bize gelip ýeten çeşmeleriñ hemmesinde Mollanepes görnüşinde ýazylyp gelnipdir. Geçen asyryñ 20-30-njy ýyllaryñ okuw kitaplarynda hem şeýle. Hatda Skosyrewiñ "Kemine" powestinde hem şahyryñ ady Mollanepes görnüşinde agzalýar. Onuñ adynyñ Nepesdigi dogry. Ylymly-bilimli, sowatly adam bolandygy üçin adynyñ öñünden "molla" sözüniñ goşulandygam dogry. Sowatly adamdygy üçin başga-da birnäçe şahyrymyzyñ adynyñ ýa lakamynyñ gapdalyna "molla" sözi tirkelen ýeri bar. Meselem, Molla Kemine. Ýöne ady bilen lakamy bitewileşen görnüşde halkyñ hakydasyna siñen şahyrymyzyñ adyny indiden soñ Molla Nepes diýip ýazjak bolmak welin, nädogry. Munuñ hiç bir jähtden manysy ýok. D.Ýazgulyýewe Magtymgulyly meselede arkasynda berk durup öñe süren prinsiplerinden Mollanepesli meselede hem gyşarmazlygy maslahat berýäris. Belligimizi dogry kabul edersiñiz diýip umyt edýäris.
Halkyň kalbyna siňen hakykaty üýtgetmek zerurlygy barmy?! Ine, şu nukdaýnazardan çemeleşmek dogrumy?! Eger şeýle çemeleşilen bolsa dana Magtymgulynyň terjimehaly üýtgedilmezdi. 1991-njy ýylda Men: "Magtymgulynyň doglan senesi 1720-25, aradan çykan senesi 1815-1816 diýip almaly: diýenimde, professor Kakajan Ataýew: "Student bolup, beýle teklibi eder ýaly kim sen?!" diýip üstüme gygyrypdy. Şol ylmy konferensiýada oturan professor Nazar Gullaýewem "Döwletmyrat, sen gaty anyk aýdýaň, şu şeýle bolaýmasa diýip aýtmaly" diýipdi. Mugallymyz Nurmuhammet Ýusubow: "Ýaşlaryň kesgitli zat aýtmagy olaryň ýalňyşlygy görüp bilýänligi" diýip, meni goldapdy. Men Molla Nepesiň adynyň goşulyp ýazylmaly däldigini anyk bilýän. Hakykaty kabul edip-etmezlik halkyň ygtyýarynda. Ýöne nusgawy şahyrymyzyň ady dürs ýazylsa gowy.
Mollanepesiñ adynyñ şeýle ýazylmagynda hiç hili nädürslik ýok. Biz başga zat diýdik, siz başga zat diýýärsiñiz. Eger Mollanepesiñ hakyky adyna ýalñyşlyk bilen Myrat diýlip (mysal üçin), soñam Mollamyrat diýlip gelen bolsa, netijede ady-da, atasynyñ ady-da ýalñyş tutulyp gelinen bolsa, onda başga gürrüñ. Elbetde, beýle ýalñyşlygyñ bolandygyny orta-da atmaly bolar, düzetmeli-de bolar. Magtymgulynyñ ýa başga klassyky şahyrlaryñ terjimehaly boýunça-da şeýle. Magtymgulynyñ terjimehaly, doglan we aradan çykan ýyllary häzirem takyk däl. Muny özüñizem gowy bilýärsiñiz. Şahyryñ durmuşy hakda aýdylýanlaryñ barsy rowaýatlardan ybarat. Rowaýatlara bolsa bil baglap bolmaýar. Şonuñ üçin bar ýapyşjak ýerimiz onuñ goşgulary. Bir ýerlerden Magtymgulynyñ takyk terjimehaly ýazylan golýazma çeşme tapyp getirsek ýa-da siziñ özüñiziñ bardygyny orta atan "Külliýaty" bir ýerlerden tapyp getirseñiz kimiñ garşylygy bolup biler? Elbetde, begeneris. Tutuş halk begener.
* * *
Aslynda biz klassyky şahyrlaryñ terjimehaly, şahsyýeti, durmuş ýoly takyk kesgitlense gowy görýäris. Meselem, garrygalaly Seýdi hoja bilen lebaply Seýitnazar Seýdiniñ hersiniñ aýry şahyrdygyny, Zeliliniñ aslynda Seýitnazar Seýdi bilen däl-de Seýdi hoja bilen dostlukly gatnaşykda bolandygyny, ýagny iki Seýdiden bir Seýdi ýasalandygyny kim bilmeýär? Bu tasa gelmejek gipotezany hem halkyñ añyna siñer ýaly eden ýene şol fantazýor alymymyz Ahmet Bekmyradow (kim gyzyklansa onuñ bu boýunça gyzgyn jedelleriñ giden "Örtemäñ meni", şeýle-de Gurbandurdy Geldiýewiñ "Edebi ykballar" kitaplaryny okap biler).
* * *
Ýa bolmasa... Mollanepesli pikiriñizde ylalaşyga gelmejek bolsañyz, geliñ onda, şeýdeliñ: Aslynda Nepes şahyrlaryñ ähli döredijilik mirasyny Mollanepes atly umumy şahyrda jemländiklerini, Mollanepes atly klassyky şahyrymyzyñ ýokdugyny, ýagny Molla Nepes, Nepes şahyr diýen ýaly dört sany atdaş we döwürdeş şahyryñ goşgularynyñ jemlenip bir Mollanepesiñ adyndan berlendigini men öñ kän ygtybarly adamlaryñ agzyndan eşdipdim. Emma bu boýunça häzirlikçe özümiñ şeýle golýazmalary barlap görme mümkinçiliginiñ ýokdugy sebäpli, kesgitli bir zat aýtmagyñ ýa ýazmagyñ pikirini etmändim.
* * *
Şahsyýetleriñ terjimehallaryñ bulaşdyrylan şular ýaly düýpliräk temalaryñ üstünde jedelleşeliñ. "Mollanepes däl, Molla Nepes" diýsek, gaty ownarys ýogsa...
Men Moderator bilen şu agzalan mesele boýunça düşünişdim. Ýöne okyjylar şu hakykaty bilse ýagşy. Nepes atly üç-dört şahyr bar- bolupdyr diýýärler. Men olaryň bolandygyny inkär edemok. Ýöne häzirki biziň Mollanepesiňki diýýän şygyrlarymyzyň azyndan 97-98%-niň (Men onuň adyny düşünmezlik bolmazlygy üçin köpçüligiň ýazуşy ýaly ýazdym.) "Zöhre-Tahyr" dessanyny hem "Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bir ýyl ner gezgil" ajaýyp eseri ýazan Mollanepesiň hut özüniňkidigine nusgawy-klassyk edebiýatymyzy öwrenen alym hökmünde stil-tekstologik tarapdan kepil geçip biljek. Şonuň üçin Mollanepesiň ýa Molla Nepesiň ussat klassyk şahyr hökmünde mynasyp orny bar. Emma beýleki Nepes atly şahyrlaryň ýaşap geçendigini men-ä bilemok. Ýöne klassyk şahyrlarymyz hakynda şübheli gürrüňler alymlaryň özünden çykýar. Beýleki Nepes şahyrlar hakynda geçen asyryň 70-90-njy ýyllarynda ýazmaly ekenler-dä. Şol ýyllarda nämeler ýazylmady. Bu şahyryň adynyň ýazylyşy uly mesele däl. Ýöne okyjylaryň şol maglumaty bilmegi üçin ýazdym. Seýitnazar Seýdi bilen Seýdi Hojanyň aýratyn şahs diýilýäni şeksiz dogry. Ol ar hakynda okyjylary geljekde giňişleýin tanyşdyrarys.
Garadag inim! Şygyrlara inçelik bilen edýän bellikleriňe ýürekden minnetdar. Şu şygrym, umuman, meniň poeziýam hakynda adalatly tankydy bellik etseň begenerdim.