00:34 Robinzon Kruzo - ýene duşmanyň yzlary... | |
ROBINZON KRUZO - ÝENE DUŞMANYÑ YZLARY...
Geň-taňsy wakalar
"Robinzon Kruzo" romany Daniel Defo atly ýazyjy 1719-njy ýylda çapa berýär we şol döwürden başlap roman biziň günlerimize çenli öz meşhurlugyny ýitrenok. Biziň ählimiz diýen ýaly şol romany okap görmesek hem, ol romanyň bardygyny bilýäs, oň esasy mazmunyndan habarly. Robinzon Kruzo atly bir deñiz syýahatçysy, adam aýagy sekmedik adada ýaşamaly bolýar we ol adada bir negir adamy ýesirlikden boşadýar we ony özüne kömekçi edinýär. Ol eser göräýmäne başdan geçirmeler žanryna degişli ýaly bolup görünse-de, eseriň düýp manysy örän çuňňur. Eserde Adamyň Hudaýa bolan garaýşy barada aýdylýar. Eseriň başynda, Robinzon Hudaýy ýigrenýärdi, oňa köplenç nälet okaýardy. Soň Robinzon gämi heläkçiligine uçraýar, adam aýagy sekmedik ada düşýär, ol ýerde ýabany geçileri öýdeçi geçi edýär we şol adada 28 ýyllap ýaşaýar. Ýaşan döwüri bir ýerden bugdaýyň tohumuny tapýar, toýuny ýakyp gap gaç ýasaýar, garaz adada ýeke özi ýaşamaga uýgunlaşýar. Soň Robinzon pikirlenmeleriň üsti bilen Hudaýa ýakynlaşýar. Hudaý şunça denizçileriň içinden diňe meni halas etdi diýýär, bir ýerlerden maňa ekmäge bugdaý ugratdy diýýär. Adam jemgiýetinden uzaklarda, ýeke özüm ýaşasamda, Hudaý meni ýadyndan çykarman, meň aladamy edýär diýýär. Hökümet bilen Hudaýy deňeşdirýär, hökümet alyslarda ýaşaýan hiç bir adamyň aýratyn aladasyny hiç haçan edenok, Hudaý bolsa her bir adamyň aladasyny edýär. Adam nirde bolsada oň aladasyny edýär. Soň eseriň sýužetine görä Robinzon negrlaryň üşmeleňini daş aralykdan tüpeň atyp gorkuzmaly bolýar. Şonda Robinzon men hiç kimden çeýnäp atjakdäl diýýär, goý kimiň janyny almalydygyny Hudaý çozsün diýýär. Garaz 28 ýyl adada ýaşap, Robinzon Hudaýy ýigrenýän adamdan, Hudaýy söýýän adama öwrülýär. Hudaýyň her bir adam hakynda edýän aladasyna göz ýetirýär. Robinzon Kruzo eseriň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uly, Hudaýy bolan ynamyňy artdyrýär, Hudaýyň ýene bir häsýetleriniň üstüni açýar, ýokarda aýdyşym ýaly, Zeminiň her bir ýaşaýjysynyň aladasyny aýratynlykda etmek. Elbetde şeýle gowy eseriň bir ýerlerde bardygyny bilip, arkaýyn oturyp bilmeýänler bar, ol hem tutuş adamzadyň we Hudaýyň duşmanlary. Eseri tutuşlaýyn ýatyryp bolanok, sebäbi eseri okan adamlar kän we eseriň kopýalary ýer ýüzünde doly. Şu ýerde duşmanlar meň üçin örän geň we täze tehnalogiýany ulanýarlar. Robinzon Kruzo eseriň diňe belli bir ýerine selgylanýarlar. Mysal üçin "Marwel" konostudiýaň Mistiteli atly kinosyndaky "Demir adam" Tony Stark öz wertual kömekçisine "Pýatnysa" diýýär. Sebäbi Robinzon öz negir kömekçisini Anna güni ýesirlikden boşadýar we şol negr Robinzona kömekçi bolýar. Biziň döwrümiziň mas-mediýasy näme üçindir, Robinzon Kruzo eseriň diňe şol ýerine salgylanýar. Ruslaryň TNT ýaýlymdaky "Comedy Clab" atly şou-ynda hem halas edilen Pýatnisa barada sýužet synlapdym. Garaz mas mediýaň şeýle täsirleri netijesinde, men entek Robinzon Kruzo eserini okap görmänkäň, ol eseriň esasy sýužety Pýatnisa bilen Robinzon barada gidýän ýaly bolup görünýärdi we ol kitap mende hiç hili gyzyklanma döredenokdy. Adada galan ak adam we oň negr guly baradaky kitap maňa hiç hili gyzykly bolup görünmedi. Soňky döwür bolsa ol kitaby tutuşlygyna çagalar üçin kitaba öwürmäge synanşýanlar diýýen gürrüňler bar. Şeýle usul bile ol eserden ähli terbiýeçilik elementlary tutuşlaýyn aýryp bolýar. Eger siz dünýewi edebiýatdan habarly bolsanyz we Robinzon Kruzo eseri barada näme bilýän bolsaňyz ýadyňyža saljak boluň. Ilki bilen ýadyňyza adam aýagy sekmedik ada bilen Pýatnisa düşer. Meň pikirimçe şeýle zatlar tötänden däl, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ üsti bilen, şeýle gowy eserdeñ adamlaryň ünsüni böljek bolýarlar. Sebäbi şol kitaby okamak isleseň kelläňe birinji gelýän pikir, men ol kitabyň mazmunyny bilýän-ä, okap näme edeýin? Garaz duşmanyň ýene bir täsin usuly, elbetde meniň pikirimçe. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |