08:15 Rokfeller syrlaryny açýar... | |
ROKFELLER SYRLARYNY AÇÝAR...
Publisistika
Dünýäde bolup geçýän wakalara sagdyn analiz berip bilmek üçin bulary bilmek size bähbitli bolar... ABŞ-ly ýewreý bankir Dawid Rokfeller soñky asyryñ iñ uly syrlaryna düşündiriş berdi. Aslynda onuñ aýdan zatlary biziñ hemmämize öñem mälim taryhy hakykatlar... Ynha, Dawid Rokfelleriñ aýdanlary: ■ "Biz Türkiýä Adnan Menderes döwründe "Marşal kömeginiñ" üsti bilen el salgadyk " Türkiýäni mysal alyp göreliñ. Türkler birnäçe ýyllap kommunizme garşy göreşdiler. 1950-nji ýyllarda häkimiýetiñ başyna biziñ howandarlygymyzda Adnan Menderes geldi. Ilkibaşda Menderes biziñ bilen gowy gatnaşyk saklaýardy. Ol bizden alan goldawynyñ öwezine "Marşal kömeginiñ" çäginde yzygiderli karz alýardy we ýurdunda maýa goýumlaryny goýup, senagat hojalygyny ösdürýärdi. Emma ol alan pullaryny meýilleşdirilmän we bimatlap harçlaýandygy üçin, garşa-garşa karz pul almaga başlady. Bizem öz gezegimizde ondan ýurduny daşary ýurt maýasyna açmagy we biziñ şereketlerimize aýratyn ýeñillikler döretmegi üçin, başgaça aýdanda, Osmanly imperiýasynyñ boýnuna dakylan kapitulýasiýalara meñzeş talaplary talap etdik. Menderes bize muny hiç wagt kabul etmejegini aýtdy we bizden daşlaşmaga başlady. Ýaşaýjylaryñ ilkinji gezek asfalt ýollara gözi düşýärdi, yzly-yzyna zawod-fabrikler gurulýardy. Ilatyñ aglaba bölegi musulman bolansoñ ýurduñ çar künjünde metjitleri bina edilýärdi. Menderes şeýtmek bilen häkimiýetdäki ornuny uzak wagtlap gorap saklaryn öýtdi. Ýeke zarbada onuñ bellisi edildi we hernäçe şeýle bolaryny islemesegem işdeş ýoldaşlary bilen bile dardan asyldy. Olardan diñe Jelal Baýar diri faldy, sebäbi ol masondy. Ony ýakyn dosty Anjelo Juzeppe Ronkalli, ýagny, Rim papasy Jon XXIII ölümden halas etdi. ■ "1980-nji ýylyñ agdarylyşygy biziñ talaplarymyz boýunça amala aşyryldy" Ýurtda bolup geçen 1980-nji ýylyñ agdarylyşygy biziñ talaplarymyz boýunça amala aşyryldy. Şol wagtlar ýurtda häkimiýet başyna käte sagçylar, käte çepçiler gelýärdi we biziñ talaplarymyzyñ çäginde ýurdy dolandyrýardylar. Emma Amerikada we Ýewropada ösen ýurtlaryñ söwda dolanşygy halys doýup, ýeterlik mukdarda haryt ýerläp bilemzokdyk. Şonuñ üçin yza galýan ýurtlara garşy amala aşyrýan planlarymyzy olara-da synap görmekçi bolduk we olardan erkin bazar gatnaşyklaryna geçilmegini, importyñ açyk bolmagyny talap etdik. Olar göräýmäge bu talaplary kabul edýän ýaly bolup görünselerem, haýal-ýagallyga ýol berýärdiler. ■ "Türk ýaşlarynyñ müñlerçesi boş ideologiýalaryñ ugruna janlaryny pida etdi" Ahyrsoñy bu mesele ýene hemişeki ulanýan emellerimiziñ biri, ýagny, "Ordo Ab Chaos" arkaly çözüldi. Ýagny: ilki bulagaýlyk, soñra tertip-düzgüni üpjün etmek. Prowokatorlarymyzyñ üsti bilen sagçylaryñ we çepçileriñ ideologik agzalalygyny döretdik. Aslynda biz tarapdanam oñlanan ýaly bolup görnen Kipr urşundan soñ ýurda goýulan embargo arkaly halk janyndan iripdi, ýurtda ýag bilen duz ýetmezçiligi bardy. Jerçiler baýadygyça halk mazaly gedaý düşýärdi. Ýurda goýberen prowokatorlarymyza halky biri-birine garşy öjükdirmek hiçem kyn düşmedi. Ilat sagçy we çepçi diýen iki topara bölündi hem-de öz aralarynda çaknyşmaga başlady. Wakalaryñ gerimi giñäp şeýle bir gorkunç ýagdaýa geldi welin, köçeleriñ ugrunda günde 50-60 töweregi adam atyşyp ölýärdi. Ýurdy terror gorkusy gaplap aldy. Adamlar agşamlaryna köçä çykybilenokdylar. Haçan ýeñsäñden nirden atylandygy belli bolmadyk gyzgyn gülle sümüljegi belli däldi. Türk ýaşlarynyñ müñlerçesi toslanyp tapylan boş ideologiýalaryñ ugrunda janlaryny pida etdi. Biri-biriniñ yzyndan häkimiýete gelýän hökümetler bu wakalaryñ öñüni almakdan ejiz gelýärdi. Soñra agdarylyşyk bolup geçdi we ähli galagoply wakalar birden ýatyp galdy. Biçäre halk bu dilujy üstünligi agdarylyşygyñ miwesidir öýtdi. Çünki terrorçylykly hereketler öz-özünden kiparlaşyp, ýurda asudalyk aralaşypdy. Aslynda bolsa, biziñ prowokatorlarymyzyñ etmeli işi gutarypdy we olar sahnadan çekilipdi. Bärde oýnalan oýun halky umytsyz we çykgynsyz güne düşürmekden we olara bir "halasgär" ugratmakdan ybaratdy. Mundan soñ ol halasgär näme edende-de, halk oña garşy çykjak däldi. ■ "Özal biziñ talaplarymyzyñ amala aşmagy üçin gapylaryny doly açdy" Harby hökümet belli bir wagta çenli döwleti dolandyrdy we häkimiýeti biziñ bellän adamymyza tabşyrdy. Ol Turgut Özaldy. Özal biziñ talaplarymyzyñ amala aşmagy üçin ýurduñ gapylaryny giñden açdy. Biziñ şereketlerimiz gysyr galan dolanşyga aç möjek kimin topuldy. Ilkibaşda bahalary galdyrman saklap ýerli senagatyñ bäsdeşlik ukybyny pese düşürildi. Ýurt amerikan we ýewropa harytlaryndan dolupdy. Senagat şereketlerimiz aksiýalaryny ýatyrýarka, maliýe şereketlerimiz barha artýan importy kabul edip bilmekleri üçin ýurdy ýokary göterimler arkaly bergi batgalygyna iterýärdi. Şeýlelikde, "ösýän ýurtlar" diýilýän bu ýurtlaryñ hemmesinde diýen ýaly durmuşa geçirilen we we 80-nji ýyllarda başlanan taslama arkaly ähli ýurtlar hem-ä bizden alýan harytlary bilen senagat şereketlerini gurplandyrýardylar, hemem alan harytlarynyñ bahasyny tölemek üçin maliýe şereketlerimizden alýan ýokary göterimli kreditler bilen ýyl geldigiçe artýan bergi batgalygyna batýardylar. ■ "Türkiýede puluñ syrty ýer tutdy; dost-ýar, maşgala ýaly gymmatlyklar ýitmäge başlady" Şol wagt Özal bularyñ ine-gana amala aşyrylmagy üçin gerekli kanunlary kem-kemden güýje girizdi. Ýurt kapitalistik sistema bilen şeýle bir çalt uýgunlaşdy welin, hatda biziñem kellämize gelmejek hyýaly eksport ýaly usullary oýlap tapdylar. Adamlar añsat ýoldan baýamagyñ kül-külüne düşdiler. Muña mysal edip örç alan parahorlygy, döwlet banklarynyñ her dürli pyssy-pyjurlyklar bilen talanmagyny, banker skandallaryny görkezmek bolar. Dost-ýar, tanyş-biliş, maşgala ýaly gymmatlyklar unduldy we diñe kisesi pullylaryñ aýdan-diýeni boldy. Ýerli senagat iñ soñky deminde urunýardy, iñ kiçi önümçilik kärhanalaryndan başlap, iñ uly önümçilik kärhanalaryna çenli barsy krizisiñ penjesinde hyrkyldaýardy. Döwlete degişli kärhanalaryñ başyna bolsa biziñ isleglerimize gabat gelýän ýolbaşçylar bellenip, diñe zyýan çeker ýaly ýagdaýda işledilýärdi. Ahyrynda bu kärhanalar ýa-ha ýapylýardy, ýa-da hususylaşdyrma bahanasyna duwlanyp ujypsyz bahalara satuwa çykarylyp şereketlerimiz tarapyndan satyn alynýardy ■ "Kürt döwletini gurmak meýilnamasyny" amala aşyrmak üçin ilki terroristik banda döretdik" "Beýnisi ýuwlandygy" üçin göwnaçyk arzuw-hyýallar bilen işe girişen Özal ahyrynda bu sistemanyñ gorkunç hakykatlaryny görüp, özüni-de kapitalimiziñ girdabyna ýuwtdyrdy. Ol ilki maşgalasyny we ýakynlaryny baýatmaga başlady. Şeýle bir ýagdaý emele geldi welin, Özalyñ töwereginde begzadalar we melikeler gatlagy döredi, biz ýurt birden monarhiýa düzgüne geçip gidäýmesin diýip gaýgylanyp başladyk. Aslynda oýun oýnalýan eken-ä. Her niçik-de bolsa ilatyñ düşünjesini barlap görmek üçin ondan kürt döwletini döretmek baradaky pikirleri orta atmagy isledik. Emma bu pikirler oña gymmada düşdi. Biz bolsa kürt döwleti meýilnamamyzy durmuşa geçirmek üçin PKK diýen terrorçylykly gurama döretdik. Bu gurama garşy göreşmek ýurduñ ykdysadyýetine ummasyz zyýan ýetirdi. Häzirki wagtda ümmülmez Osmanly imperiýasyndan galan bir çümmük toprakda barlygyny dowam etdirýän Türkiýäniñ biziñ talap etjek islendik şertimize razy bolmakdan başga alajy ýok. Özem biraz wagt geçse, biziñ üçin häzirem güýjüni ýitirmedik Sewr ylalaşygynyñ şertlerine laýyklykda galanja ýerlerindenem el üzmäge mejbur bolarlar. ■ "Türkiýe biziñ üçin juda möhüm... Suw gorlarynyñ aglaba kysmy şu ýerde" Türkiýe hakynda has giñişleýin aýtmak isleýärin, çünki ol dünýäniñ iñ strategik ähmiýetli ýurdudyr we biziñ üçin diýseñ wajypdyr. Sebäplerini düşündireýin: Birinjiden, gelejekde gurulmagy meýilleşdirilýän Uly Ysraýyl döwletiniñ suw gorlarynyñ agramly kysmy häzirki wagtda Türkiýäniñ çäginde ýerleşýär. Ikinjiden, Türkiýe musulman we demokratik ýurt hökmünde öñ hatardaky ýurtdyr. Yslamyýeti ýykmakçy bolsak, ilki Türkiýeden başlamaly. Üçünjisi, Türkiýe Ýewropanyñ we Aziýanyñ köpri funksiýasyny ýerine ýetirýär. Magdan, nebit, tebigy gaz ýaly ýerasty baýlyklara eýe bolan Ýakyn Gündogara we Kawkaza hojaýynlyk etjek bolsak, bu ýurt hökman biziñ aýamyzda bolmaly. Ýakyn Gündogar-a eýýämde elimizde diýen ýaly. Kawkaz ýurtlary we Orta Aziýadaky beýleki türki respublikalar hem ýakynda agdarylyşyklardyr dawa-jenjelleriñ astynda boglarlar we penjämize düşerler. Ýöne bärde bir zat bar: bu türki halklar güýç birikdiräýse dagy, olaryñ öñünde durup biljek güýç ýok. Şonuñ üçinem bular ýaly mümkinçilige garşy içalylarymyz elmydama taýýarlykly ýagdaýda durlar. Türki respublikalaryñ möhüm ýolbaşçy wezipelerinde öz adamlarymyz (ýewreýler -t.b.) bar we olar bularyñ arasynda çala ýakynlaşma bolan ýagdaýynda derrew aralaryny bozmaga, agzalalyk döretmäge we agdarylyşyklary geçirmäge ukyply. ■ "Iñ üns bermeli ýeri: türkler siwilizasiýanyñ başydyr we olaryñ köki şumerlere çenli uzaýar" Dördünjiden, ýurt bor magdanynyñ ýataklary boýunça dünýäniñ iñ baý ýurdudyr we bu magdan ýakyn geljekde nebitden has möhüm bolar. Bäşinjiden, iñ esasysy hem belki-de türkler siwilizasiýanyñ başydyr. Türkler miladydan öñ 4000-nji ýyllarda Orta Aziýada bolup geçen ägirt uly tebigy heläkçilikden soñ ýaşaýan ýerlerini taşlap, Mesopotamiýanyñ we Russiýanyñ üstünden geçip Ýewropa aralaşan arianalardyr, ýagny, dünýäniñ iñ medeni halky hasaplanýan ariýa milletidir. Ýewropadaky finler, wengerler ýaly käbir halklaryñam asly türkidir. Şeýle-de Kiçi Aziýada beýik siwilizasiýalary döreden hettleriñ we assiriýalylaryñ hem aslynyñ türki kowumlardan bolup çykaýmagy gaty ähtimaldyr. B.e.öñ 3500-nji ýyllarda Mesopotamiýada ýaşan şumerler hat-ýazuwy oýlap tapan, kanunlary işläp düzen we kazyýet edaralaryny döreden, ilkinji pullary ulanan, salgydy girizen, ilkinji mekdepleri guran, arabany oýlap halkdyr. Ýagny, dünýä medeniýetiniñ sakasydyr we taryhçylaryñ geçiren barlaglary olaryñ aslynyñ türki halklardandygyny subut etdi. Sebäp diýseñ, şumerler ol ýerleriñ ýerli ýaşaýjysy däldi, ýagny, çarwadylar. Taryhçylar "gyz" manysyny berýän "gyr" ("kyr"), "öküz" manysyny berýän “ökür” ýaly häzire çenli manysy çözlen müñden gowrak şumer sözlerine we "Aýagyñy ýerden üzme", "Süýji söz ýylany hinden çykarar", "Sil ýaly syryp-süpürmek, ýag ýaly eremek" ýaly ýüzlerçe nakyla häzirki türki dillerde gabat gelýärler. Şumerleriñ Aý hudaýynyñ simwoly bolan "Ýarymaý", häzir birnäçe türki respublikalaryñ baýdagynda öz ornuny tapypdyr. (Türkiýäniñ, Türkmenistanyñ, Azerbaýjanyñ, Özbegistanyñ we beýleki döwletleriñ tabynlygynda bolan birnäçe garaşly türki respublikalaryñ baýdagynda -t.b.) Rim we grek medeniýetleri şumerlerden ep-esli derejede täsirlenipdir. Meselem, olaryñ ymaratlaryndaky haşamly bezegleriñ we hudaýlaryñ býustynyñ sakasynda şumer ybadathanalary bar. Emma biz munuñ üstüni örtjek bolup, b.e.öñ 2000-nji ýyllarda gurlan, ýagny, şumerlerden bir müñ bäş ýyl ýyl soñ başlan grek medeniýetini ilkinji medeniýet hökmünde dünýä tanatdyk. Iñ gyzykly ýeri: greklerden öñ Müsür medeniýeti başlaýar, emma şolaram şumerlerden müñ ýyl soñ piramidalary bina edip biljek derejä ýetipdiler. Maýýalar we inkler şumerlerden diñe iki müñ ýyl soñ şeýle biçüwdäki ziguratlary gurup bilipdirler. ■ "Medeniýetiñ sakasy bolan türkler bilen arkalaşyp bilmezdik, olaryñ medeni mirasyny ellerinden almalydyk..." Medeniýetiñ sakasy bolan türkler bilen hiç haçanam arkalaşykly ýaşap bilmezdik. Gaýtam tersine, müñ dürli pyssy-pyjurlyk bilen olaryñ medeni miraslaryny ogurlap, olary bütin dünýä ýabany, wagşy we hak-hukugyñ nämedigini bilmeýän jemgyýet hökmünde tanatdyk. Bu işde-de mümkin boldugyça üstünlik gazandyk. Şumer patyşalary bolan Urukagina we Urnammu köphudaýly jemgyýet döredendigine garamazdan, adamlaryñ arasynda adalaty üpjün etmek we eden-etdilikleriñ öñüni almak üçin kanunlary işläp düzüp, häzirki döwrüñ jemgyýetlerine nusga bolup durka, bugünki gün ýekehudaýly jemgyýet bolan Türkiýede biziñ ýadawsyz tagallalarymyz netijesinde jelepçilik, parahorlyk, ogurlyk, döwlet emlägini ýa-da kişi hakyny iýmek we kezzapçylyk ýetjek derejesine ýetdi. Menem şol zatlary bilýänçäm iñlisleri medeniýetli halk hasaplaýardym. Bu gürrüñi eşdenlerinde, olaryñ göwnüne ýaramandygy üçin gepi başga ýana sowmaly bolýaryn ■ "Osmanlyny ýykmak kyn bolmady" Rokfeller "Dünýä ýurtlaryny nädip ele geçirmekçi bolýarsyñyz?" diýen soraga şeýle jogap berdi: - Size taryha salgylanyp güýjümiziñ nähilidigini görkezeýin: Birinji jahan urşy Ýewrooada bize garşy gidýän imperiýalary dargatmak we iñ ähmiýetlisi-de Osmanly imperiýasyny böleklere bölüp, Ýakyn Gündogardaky nebit ýataklaryny eýelemek we gelejekde gurulmagy planlaşdyrylýan Ysraýyl döwletiniñ döremegine şert döretmek üçin turzulypdy. Ysraýyl döwletiniñ esaslandyryjysy hasaplanýan Teodor Herzl şol wagtlar Osmanly soltany Abdylhamyt II-niñ ýanyna gidip, ondan biziñ maşgalamyzyñ howandarlygynda Palestinadan ýer satyn almak isledi. Emma patyşa muña garşy çykdy. Biziñ üçin Osmanly imperiýasyny ýykmak beýle bir kynam düşmedi. Sebäbi patyşalar esasan türk zenanlaryna öýlenmän, basyp alan ýerlerinden gul-gyrnak hökmünde getirilen başga dinli we başga milletden bolan zenanlara öýlenýärdiler. Elbetde, Hürrem soltan ýaly şeýle zenanlar wagtyñ geçmegi bilen döwlet häkimiýetinde öz sözlerini ýöredip başladylar we özleri ýaly saýrylar bilen bile edil biziñ isleýşimiz ýaly görnüşde ýurdy dargamaga äkitjek şekilde dolandyrdylar. Hökümdarlar bolsa häkimiýeti ynamly ellere berendiris öýdüp wagtlaryny zowky-sapada geçirdiler. Bu bolsa Osmanlynyñ çöküş döwrüni başlatdy. Mason guramalary tarapyndan meçew berilen adamlaryñ turuzan gozgalañlary netijesinde eýelenen ýurtlar bir ujundan elden gidip başlady. Hazyna başly-barat ýele sowurmalar zerarly tañkyrap galdy. Uruş tamamlanyp barýarka öñde goýan maksadymyza ýeteñkirläpdik. Emma Atatürk diýen biri orta çykdy-da, planlarymyzyñ birnäçe wagtlap gijikmegine sebąp boldy. Elbetde, netijede biziñ maliýe we ýarag öndürýän şereketleriz baýlyklaryny onlarça esse artdyrdy. Birinji jahan urşunyñ netijeleri monarhiýa tez, demokratiýa antitez hökmünde kommunizmi, ýagny onuñ sintezini döretdi. ■ "Gitleri häkimiýete biz getirdik, sebäbi ol ýerdäki ýewreýler Ysraýyl döwletini gurmaga kömek etmediler" Ikinji jahan urşunyñ düýp sebäbi edil häzirki wagtdaky bolşy ýaly başlanan bütindünýä ykdysady krizislerdi. Başga bir esasy sebäp bolsa diasporamyzyñ, ýagny, mukaddes ýerleriñ daşynda ýaşaýan ýewreýleriñ täze Ysraýyl döwletini döretmäge kömek etmezligi we bu ýurda dolanyp gelmekden ýüz döndermekleridi. Gitleriñ nemes ýurduny giñeltmegi bizden alan maliýe kömekleri saýasynda amala aşypdy. "Harriman", "Guaranty" ýaly amerikan maliýe şereketleriniñ, nemesleriñ "Thyssen" polat önümçilik şereketiniñ we "Tule" mason guramasynyñ goldawy bilen Gitler jahan urşuny başlap biljek güýje ýetirildi. Bu iş üçin Gitlerden amatlysy ýokdy, çünki ol ýewreýleri itden beter ýigrenýärdi. Sebäbi onuñ garry enesi birmahallar baý ýewreýiñ hyzmatkäri bolupdy we enesi şol ýewreý hojaýyny tarapyndan göwreli edilipdi. Ýagdaýdan habardar bolan hojaýynyñ aýaly hyzmatkäri öýden kowupdy. Gujagy bäbekli, ýagny, Gitleriñ kakasy bilen hiç ýerden iş tapmadyk ene ahyryn öýüne dolanypdyr. Gitler soñra bu bolup geçenleri bilipdir we ýewreýleri ýigrenip başlapdyr. Netijede Ysraýyla dolanmak islemeýän ýewreýleri gorkuzmak maksady bilen birnäçe gyrgynçylyga idin berildi. Aýdylýanyndan has az kişiniñ ölen bu "gyrgynçylyklaryñ" saýasynda, emma dile çolanýan "millionlaryñ ýok edilen" ýewreý genosidiniñ senariýalary işlenip düzüldi. Häzir edil şuña meñzeş toslama genosid senariýasy "ermeni genosidi" ady bilen türklere garşy ulanylýar. Jypdyrma genosid toslamasyny türkleriñ boýnuna ýükläp bolsa, Türkiýe ýüz milliardlarça dollar kontribusiýa tölemäge mejbur bolar. Bu hem öz gezeginde türk ykdysadyýetine uly urgy bolar. ■ "Atom bombasyny ýewreýleriñ ýaşaýan Germaniýasyna atyp bolmazdy, şonuñ üçinem Ýaponiýany öjükdirdik" Nemesleri ýigrenýän şol wagtky sionist başlygymyzyñ atom bombasyny öndürmek boýunça alyp barýan işleri "Manhetten taslamasynyñ" çäginde Eýnşteýniñ ABŞ-nyñ Prezidenti Ruzwelte hat ýazmagy bilen başlandy we az wagtyñ içinde netije gazanyldy. Emma çözmesi kyn bir mesele bardy, öndürilen bomba juda güýçlüdi we synag edilmegi üçin amerikan halkynyñ goldamagynda urşa girmek gerekdi. Nemes şäherlerinde ýaşaýan ýewreýler barmak büküp sanardan köpdi, şonuñ üçinem Germaniýa atom bombasyny oklap bolmajagy görnüp zat. Nätmeli? Munuñ üçin ýaponlara meçew berildi. Has öñräkden habarly edilendigine garamazdan, halkyñ duýgularyny it ýaly oýnap, goldaw gazanmagyñ hatyrasyna ýüzlerçe amerikan esgeriniñ ölümi bilen soñlanan Pýorl Harbor çaknyşygyna göz ýumuldy. Netijede bu meseläni hem öz haýrymyza çözdük. ■ "Ysraýyl döwleti Rotşildler maşgalasynyñ sahylyk bilen eçilen maliýe goldawy esasynda guruldy" Şeýdibem Beýik Ysraýyl imperiýasynyñ hamyrmaýasyny emele getiren Ysraýyl döwleti 1948-nji ýylda Rotşildler maşgalasynyñ sahylyk bilen orta döken maliýe kömegi esasynda guruldy. "Ordo Ab Chaos" ýene peýda getirdi. Şol bir wagtyñ özünde uruşda çöken ýurtlaryñ ykdysadyýetleriniñ galkynmagy üçin "Harriman", "Rockefeller", "Vanderblit" we "Rothschild" maliýe şereketlerinden alynan karz pullar işe girişdi. ■ "SSSR-e ýeterlik derejede ýurt berildi, maliýe kömegi edildi" Sowet Soýuzy Gegeliñ dialektikasy esasynda garşydaş güýji döretmek üçin "International Barnsdall Corporation" amerikan şereketiniñ ugradan topary we "W.A Harriman Company", "Guaranty" amerikan şereketleri berilen maliýe goldawlary arkaly nebit guýularyny we magdan ýataklaryny açdy, ykdysadyýetini ösdürdi. Şol wagt dünýä ýurtlary ýa kommunizmiñ, ýa-da kapitalizmiñ hataryna geçmäge başlapdy. Kapitalizmiñ tarapynda bolan bize garşy deñeçerräk güýç döretmegi we bu pyrryldakly oýnuñ dowam etmegi üçin SSSR-e ýeterlik derejede ýurt peşgeş berildi. ■ "Hytaý biziñ penjämize girmän galan ýurt. Emma onuñ amerikan yksysadyýetine berýän peýdasy ummasyz" Hytaý bolsa "Bechtel Corporation" amerikan şereketiniñ beren tehnologiýasy we beýin güýji arkaly ägirt uly güýje öwrüldi. Bu ýurt häzirlikçe biziñ gözegçiligimiziñ daşynda galan ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar. Şeýle-de bolsa amerikan ykdysadyýetiniñ ösmegine Hytaýyñ uly goşandy bar. Sebäbi olarda işçi güýji juda arzan, aýda 30 dollara işleýän işçi tapmak biziñ hojaýynlarymyzyñ iñ süýji arzuwy bolsa gerek. ■ "Wýetnam, Koreýa, Kambodža, Taýlandiýa, Indoneziýa, Owganystan, Eýran-Yrak, Ýugoslawiýa uruş industriýasynyñ synagynda we ösmeginde kän peýda berdi" Size dünýäden gysgaça mysallar getirip, söhbetdeşligikize dowam edeýin; Wýetnam urşunda ABŞ-nyñ we SSSR-iñ ýarag senagaty täze öndüren ýaraglaryny synagdan geçirmäge mümkinçilik tapdylar. "Agent Orange" atly himiki ýarag bilen bu zäheriñ ösümliklere edýän täsiri synag edildi. Netijede bir ýurduñ ykdysadyýeti uçuryma iteklendi. Koreýa urşy bir ýurdy ikä bölüp taşlady we gülläp ösmek baradaky arzuwlary puja çykdy. Ýurdyñ ykdysadyýeti berbat edildi. Şeýlede bu ýurtda mikrop bombalary we dioksin ýaly zäherlsr bilen boologiki urşyñ synaglary-da geçirildi. Kambodžada Amerika bilen söwda etmegi ret eden ýolbaşçy Sihanuk 1970-nji ýylda ýeke zarbada agdaryldy we ýerine ýurdy betbagtçylyga iteren Pol Pot we Gyzyl Kmerler getirildi. Taýlandiýada-da ýurduñ hökümeti agdarylyp, ýerine diktatorlyk režimi guruldy. Ýurduñ ykdysadyýeti birnäçe ýyllap biziñ bähbidimize işledi. Indoneziýanyñ Prezidenti Suharto 1957-58-nji ýyllarda ABŞ-dan alan ýaraglary bulen Gündogar Timory basyp aldy we birnäçe ýyllap gapma-garşylykly wakalara sebäp boldy, müñlerçe adam wepat boldy. Owgan urşy ruslara ýarag senagatyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri berdi. Bize-de täze öndürilen ýaraglaryñ täsirini barlap görmek üçin gowy mümkinçilik döredi. Şol sanda Owganystan ýerasty baýlyklara eýe ýurtdyr. Owgan häkimiýeti häzir dolulyguna biziñ gözegçiligimiz astyndadyr. Eýran-Yrak urşy Saddam Hüseýine birgiden wadalar berlensoñ başlapdy. Ilkinji etmeli iş hökmünde taraplar biri-birleriniñ nebit guýularyny we zawodlaryny bombaladylar. Elbetde, ahyrsoñunda nebite baý bolan bu iki ýurt bizden has köp ýarag satyn alyp uruşda üstün çykmak üçin ýurduñ ykdysadyýetini batyryp biljek derejä geldiler. Netijede olaryñ şäherleri we nebiti gaýtadan işleýän zawodlary ýene-de biz tarapyndan täzeden gurulmalydy. Bu bolsa diñe ýene-dr has köp pul almak bilen amala aşyryp boljak zatdy. Saddam Hüseýini çişirip başy başlanan 1990-njy ýyldaky Pars aýlagy urşunda Yragyñ ykdysadyýeti ýene bir gezek doly çökerildi. Kuweýti gaýtadan galkyndyrmak üçin milliardlarça dollar iş gatnaşyklary amala aşyryldy, sebite amerikan esgerleri hemişelik ýerleşdi. Uruşda synag edip görmek maksady bilen uran bombalary ulanyldy. Bu bombalar täsiri birnäçe ýyllap dowam etjek radioaktiw maddalary ýaýradyp, sebitdäki ýüz müñlerçe adamyñ we elbetde biziñem esgerlerimiziñ ölmegine getirdi, häzirem adamlary öldürmäge dowam edýär. 1990-njy ýylda ýugoslaw urşynda misket bombalary ulanyldy. Bu tehnologik täsinlik bombalar ýere ýakynlaşanda ýüzlerçe kiçi bombalara bölünýär we ýere düşensoñ partlaman galanlary hemişe aktiw ýagdaýda bolup, öz üstünden basjak pidalaryna garaşyp durýar. Rotşild öz sözüne "bu ýurtlar häzirlikçe biziñ gözegçiligimiz astynda bolansoñ, aýdyp durmagyñ geregi ýok" diýip, sözüne salym berenem bolsa, söhbeti ýene Rokfeller dowam etdirdi. ■ "Zairde, Çadda, Ýemende, Gwatemalada, Çilide, Braziliýada, Dominikanda, Somalide, Panamada, Salwadorda, Boliwiýada, Ekwadorda, Peruda, Urugwaýda, Angolada bolan uruşlar we agdarylyşyklar biziñ taýýarlan planlarymyzdy" MRU-nyñ goldawynda bolup geçen agdarylyşykdan soñ 1965-nji ýylda Zairde häkimiýet başyna gelen Mobitu Jorj Buş aýtmyşlaýyn, "biziñ Afrikadaky iñ gowy adamymyz" boldy. 1982-nji ýylda Çad hökümeti hem agdaryldy we ýerine diktator Hissen Habre oturdyldy. Onuñ häkimiýeti ele alan wagtynda on müñlerçe adam wepat boldy. Ýemen 1990-njy ýyla çenli iki döwlete bölünip birnäçe ýyllap biri-birlerine garşy uruşdy. Biziñ şereketlerimiz bolsa olaryñ arkasyndan baýlyk toplamaga dowam etdi. 1953-nji ýylda Gwatemalada kommunistik režim bahana edilip MRU-nyñ hemaýatkärliginde hökümet agdarylyşygy bolup geçdi we häzirki wagta çenli biziñ bellän harby hökümetlerimiz ýurdy soñy gelmejek gapma-garşylyklaryñ içinde dolandyrýarlar. 1973-nji ýylda Çilide general Pinoçet häkimiýeti basyp aldy we biziñ talaplarymyz boýunça ýurdy dolandyrdy. ABŞ-nyñ hazynasyna akdyran milliardlarça dollary öz ýurduny ykdysady taýdan çykyp bolmajak batgalyga batyrdy. Ilat gedaýçylyk içinde urunýarka, biz baýlygymyza baýlyk goşduk. Braziliýa hem komminizmden halas edilen ýurtlaryñ biridi. Häkimiýet 1964-nji ýylda ýeke zarbada agdaryldy, ýurt ABŞ-nyñ Günorta Amerikadaky iñ ynamly ýaranlarynyñ birine öwrüldi. Dominikan respublikasynda-da 1963-nji ýylda edil şolar ýaly agdarylyşyk bolup, biziñ görmek isleýän ýolbaşçylaryna gowuşdy. Ýurduñ baýlygy biziñ kiselerimize akdy. 1990-njy ýylda Kolumbiýada "geroine garşy göreş" nikaby astynda ýurduñ hökümeti ele geçirildi. MRU Kolumbiýadan gelýän geroniñ puly bilen dünýäniñ dürli ýurtlaryndaky operasiýalaryny maliýeleşdirýär. Fidži, Grenada, Panama, Somali, Salvador okkupirlendi. Zarin, iprit gazy ýaly zäherli gazlar halkyñ üstünde synag edildi. Ýüz müñlerçe adam öldi we häzirem ölmelerine dowam edýär. Boliwiýa, Gana, Ekwador, Gaiti, Filippinler, Peru, Urugwaý, Angola, Seýşel adalary ýaly yzagalak ýurtlarda bolup geçen agdarylyşyklar we gapma-garşylyklar hemişe biziñ planlarymyzyñ bir bölegi bolupdy. ■ "Ähli ýurtlaryñ häkimiýetlerini öz gözegçiligimiziñ astyna alýarys, eger biziñ talaplarymyzyñ tersine hereket etseler, terrorçylykly hadysalary orta sokýarys". Ýewropa ýurtlarynda döredilen italýan "Gladiosyna" meñzeş kontrrazwedka toparlary arkaly ähli ýurtlaryñ häkimiýetlerini gözegçilik astynda saklaýarys. Stambuldaky sinagoglara (ýewreý buthanalary) bolan ýaragly hüjümler we Madriddäki otly bombalama wakalary, şol ýurtlara biziñ talaplarymyzy görmezlige salýandyklaryny ýatlatmak üçin amala aşyrykdy. Nýu-Ýorkdaky "Ekizekler" binasyna, Pentagona garşy edilen teraktlar, Kenýadaky we Saud Arabystanyndaky bombalama wakalary tutuşlygyna biziñ planlarymyzyñ çarçusasynda bolup geçen wakalardyr. Men "dünýäde el bulamadyj ýurtlary bir galdymyka..." diýip içimden pikir edip durkam, Rokfeller meni haýran galdyrmaga keýp alýan ýaly elindäki wiskisini bir gezekde owurtlap gutardy we sözüni-de jemledi. ■ "Dünýäniñ hiç bir ýerinde mafiýa we bikanun söwda dolanşygy biziñ rugsadynyz bolmazdan ýaşap bilmez" Şeýle-de ähli guramalaryñ ýokary çykdajyly maliýe meseleleri bar. Olar salgytdan boşadylan fondlarymyzyñ toplan haýyr-sahawat pullaryndan we mafiýadan gelýän pullardan maliýeleşdirilýär. Dünýäniñ hiç bir ýurdunda mafiýa we bikanun söwda dolanşygy şol döwletiñ rugsady bolmazdan ýaşap bilmez. Munuñ üçin döwlet apparatynda ýaran gerek. Şol ýaranlar gözüni pul gapan adamlaryñ arasyndan saýlanyp alynýar we bir gezek bu işlere bulaşdyñmy, yza çykalga ýok. Dünýäniñ her ýerinde doly biziñ gözegçiligimuz astynda hereket edýän mafiýa esasan narkotiki maddalaryñ we bikanun ýarag söwdasy bilen meşgullanýar. Çünki bu iki ugur iñ köp pul gazanyp bolýan ugurlardyr. Biz mundan ep-esli paý alýarys. Alýan paýymyz we daşdan göräýmäge ejize howandar ýaly bolup görünýän fondlarymyzyñ ýardamy bilen ähli işlerimiz maliýeleşdirilýär. Muña ýaranlarymyza bölünip berilýän pullar we para-peşgeşler hem degişlidir. ■ "Näme üçin Demirgazyk Amerika we Günbatar Ýewropa baý durmuşda ýaşaýar, dünýädäki bäş milliard adam biziñ bir milliard adamymyz üçin işleýär?!." Ynansañyz, ýokarda görkezen mysallarym meniñ üçin diñe aýsbergiñ suwdan çykyp duran bölegi ýaly bir zat. Görşüñiz ýaly, dünýäniñ bar ýeri biziñ gözegçiligimiz astynda. Gegel dialiektikasynyñ biziñ öñde goýan maksadymyza ýetmäge nähili peýdaly bolandygyny görüp dursuñyz. Heý pikirlenip gördüñizmi, Demirgazyk Amerika we Günbatar Ýewropa ýurtlary öz raýatlaryna asuda we baý ýaşaýyş şertlerini döredýärkä, dünýäniñ başga ýurtlarynda näme üçin horluk we soñy gelmeýän dawa-jenjeller bar? Çünki biziñ halkymyz saýlama halkdyr, başgalar diñe guldyrlar. Eger ýaşamak isleseler, ömürboýy bize şu görnüşde hyzmat etmäge borçlydyrlar. Dünýädäki bäş milliard adam biziñ jemgyýetimiziñ bir milliard adamy üçin işleýär. Ähli baýlyklary biziñ şereketlerimize, hususanam biziñ ýurtlarymyza akdyrylýar. Biziñ ösen ýurtlarymyz hasam ösüp, hasam baýaýarka, yzagalak ýurtlaryñ ykdysadyýeti çökerdilip, bialaç halda galan halky esassyz toslama uruşlara we gapma-garşylykly wakalara iterilýär. Olaryñ bize ýaranlyk edip gün görýän ýolbaşçylary we bol-telkilikde ýaşaýan baý gatlaklary bolsa biziñ buýruklarymyzy ýerine ýetirmek bilen başagaý. Biziñ bilen ýaranlyk edenler ýakyn wagtda täze dünýä häkimiýetinde özlerine berlen ýerleri biziñ görkezmämiz astynda dolandyrarlar. Yzagalak ýurtlaryñ halklary bilim derejesine görä işçi bolup işlärler, biziñ ýaly ösen halklar hem bularyñ üstünde ierarhiýa tertibinde gözegçilik ederler. Bu topara girýän ýurduñ ilatyna şenbe gününden başga ähki baýramçylyk we dynç alyş günleri ýatyrylar. Olar garynlaryny doýrup biljek aýlyk üçin arly ýyllap hepdäniñ alty gününde zähmet çekerler. Biziñ adamlarymyz günüñ dowamynda azajyk wagtyny işlemäge aýrar we galan wagtyny zowky-sapa sürüp geçirer. Men ilki bu aýdanlarymy amala aşmajak arzuwlar hökmünde görüpdim. Emma başga ýurtlaryñ ýagdaýyny göz öñüne getirenimde, amala aşma mümkinçiliginiñ has ýakyndygyny bildim. Hakykatdanam telewizora az tomaşa edýändigime garamazdan, uruş we tolgunşyklar baradaky habarlar köp gözüme ilýär. Açlykdan, horlukdan ýaña ikiýana urunýan adamlara kän tomaşa edipdim. Emma men metbugat adamsy bolandygym üçin bolup geçýän bu zatlaryñ barsynyñ sebäplerini öwrenmäge wagtym ýokdy. # "Yeni Akıt" gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |