04:52 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Durmuşyň eliňde basdyrma közün, Işsizlik gyşyňdyr, hereket ýazyň. Allahym ýoluňy ýagtyldar welin, Ýöne bil, ykbalyň ýazmaly özüň. * * * Hiç haçan pes tutma, ýazgarma deli, Ajy söz aýtmagyn, sapla sen tili. Bendesin sylany Hakam sylarmyş, Ýoluňy ýagtyldyp, şat eder dili. * * * Tutaşyp dur bagt ýolumyz seniň bilen bir ýerde, Goýma meni, mähribanym, tükenmeýän çoh derde. Sen ataşsyň, emma welin men perwanaň bolmaýyn, Ap-ak gar deý ýere inip, eräýin şol leblerde. * * * Adamlary adam bagta iterýär, Mähir däl-de, gysga ömür tükenýär. Ýekelikde, Biribardan özgesi, Biliň, bir gün pyçak kimin kütelýär. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |