12:43 Şygyrdaky yşkym | |
ŞYGYRDAKY YŞKYM
Goşgular
Her gün düýşlerime girýän nätanyş, Kim seniň özeniň, mekanyň nirde. Syrly bakyşlaryň ýumagyn çözmän, Alasarmyk bolup oýanýan irden. Keşbiň görmek üçin uka gitmeli, Göresim gelse-de ýumulmaz gözlem. Onsaň, ýorgut isläp soragly beýniň, Esasy bölümde nätanyş gözleg. Doly ýadymda däl, ýöne gözleriň, Päklik çeşmesi deý örän durudy. Edil, sekunt ýaly armaz ýüregim, Gaýta ýaşamaga bir salym durdy. Ýylgyraňda ruhum ornaşdy tene, Mähriň bedenime çaýyldy gitdi. Nepesim ugruna çözlenen saçlaň, Buýra ykbalyma ýaýyldy gitdi. Her gün düýşlerime girýär şol pursat, Ýok, bu düýş däl, salgym däl ýa dynç alyş. Bu başga ýagdaý bu, başga basgançak, Haýsy älem melegi sen nätanyş?! Ne zat diýýäň ne söz berýäň gürläre, Diňe ýeke salym görünip gidýäň. Soragyň çözmüni özüme goýup, Süýji hyýal berip gözümden ýitýäň. Bedenim şal açyp, ruhum çyrpynýar, Ýene şol tapmaça ýene şol sowal. Heý, ýöne ejizläp, ýüz öwrüp bolmaz, Ýeke umyt bilen gözlege dowam. Nirelerde ýörsüň, nirelerde sen, Ýa girdiňmi özge ykbal akmyna. Sen geljekmi ýa-da soňy boş hyýal, Sygdyrybam bilemok hiç aklyma. Däli ýel deý ygyp ýörün aýlanyp, Al ömrümi, ýel ykbalym saklat-da. Gözlegiňde gözlem uka imrikjek, Gutar meni, galmaýyn gel gaflatda... Aýan boldy dünýe, syryldy perde, Geçip gitdiň ýumurylan şalygym. Golunda perzendi kakasy başga, Emma, başyndaky sary ýaglygyň meniň sowgadymdy ömürüm ýaly, Saňa bagş edilen zatlaryň biri. Ykbalymdan çykypdyň-a ýogalyp -Diýipdiň-ä: --Gidemden soň öldi diý! Indem düýşlerimde ýene sen diri. Ruhymy gynap gelmegin, haýyş, Düýş bolsa-da seredere ýüzüm ýok. Men günäkär bende a sen ýazykly, Düzedere heý jadyly sözüm ýok. Öňem dünýäň ýüki ýetk egnimde, Men ikilenç göterýärin tabydyň. Biz bu dünýe bile bolup bilmeris, Tutup goýberilen tylla balygym. Geçilen dolanmaz, janyňy ýakma, Ýaşarsyň sen hakydamyň töründe. Ol polýar gijeler dolanyp gelmez, Arzuwlarym rahat ýatsyn göründe. Öň bizler mertlerçe dymdykmy?! Indem Boýnalaly, gözýaşlaram diňýär-ä. Şu dünýede bile bolup bilmedik. Bolup bilmez ol indiki dünýäde. Ýaşap bilmedik biz ýagdaý döredip, Goý, ýaşaberäli ýagdaýa görä. Başlanan gutarýar, aýnal hakykat, Diňe ýatlamasy galýandyr güwä. Çagalaň bagtyna guwanyp ýaşa, Perzentlerňe öwret bizde ýok dogmy. Bir haýyşym, şaňlamasyn gulagym, “Ahmet” diýip çagyrmagyn ogluňy. Maňa parhsyz eken diýip gyýylma, Dünýede däl, gursagymda bakylyk Ýaşarsyň sen, sebäp ýazan setirlem, Yşgy dünýäň taryhyna çakylyk. Ol ýerde ölüm ýok, ýaşars müdümi, Aýralyk gussa ýok bagryňy ezýän. Haýran galaýmaly bagtly bolarys, Bizi mydam bile saklar poezýam. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Kinaýa / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |