15:25 Ertirler seni gaýtaryp bermez | |
ERTIRLER SENI GAÝTARYP BERMEZ
Goşgular
Ykbalymyň çygrygyndan çykypsyň, Hereketiň anyklanok radarlar. Duýgusyz göwrämi üşedenogam, Ikimizi ysnyşdyran şo garlar. Gül keşbiň tapanok müň gurra taşlap, Şonça çüflese-de şol palçy mama. Men indi otyryn alajyn tapman, Nekotin şol yşgyň siňensoň gana. Bizlere gudratam kömek etmeýär, Hatda mugjyza-da berilmez peşgeş. Sebäbi, şol bagty ugradan bizdik, -Diýipdik: - Bu ýerde durma-da, geçç-geç. Telefonum sesiň eştmän awara, Hiç zada hoşy ýok, ýüzüni sallap. Janhowly umydym göwünlik berýär, Birinden hat gelse sen diýip aldap. Iňrik ýere girýär, neneň aýylganç, Keçpelek ýaňlanýar bagryňy dilýän. Geljekde milýonlap nurly gün dogar, Ýöne sen alnymdan çykmarsyň bilýän. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |