12:05 Nädip gozgadyň | |
NÄDIP GOZGADYÑ
Goşgular
![]() Ynha, iki müçe bedende sarsman, Duran ýüregimi nädip gozgadyň? Ynamsyz dünýäme ynam döredip, Kalbyma ýagypdyr umyt tozgasy. Has täsin, gyzykly indi bu dünýä, Başgaça bu gün günleň aýdymy. Sen kim özi, bagt paýlaýan perişde ýa çyragmyň tüm ykbala aýt hany? Ümsüm dideleňde özümi tapdym, Özlügim ýitirdim gözleňde ýarym. Öýkenim giňedi, giňedi barlyk, Öňler ýaşanyma ynanmaýaryn. Didelermiz kaklyşanda tutaşyp, Ýürege ot beren bu gözler hakyt. Kalbyň aramy ýok, neçün? Ýitdimi ýa geldi ykbala bir zad-a ýakyn. Çaň basan kalbymyň heniz-henizler, Suwsuz zatsyz açylmajak gozasyn. Joşdurypsyň. Bu yşkmyka ezizim? Bolmasa ýüregi nädip gozgasyn? Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |