20:29 Senli hyýallarym | |
SENLI HYÝALLARYM
Goşgular
![]() Senli hyýallarym neneň ajaýyp, Senli arzuwlarym neneň ýakymly. Üşedip, digdiräp bu sowuk dünýäň töründe galaýsam bolýar ýakyndy. Maňa bagt beripsiň ilden üýtgeşik, Hem tagt beripsiň yşgyň täji ile. Sarpalapsyň, hormatlapsyň örän köp, Bu derejä ýetip bolmaz paç ile. Mähir bilen bagş edipsiň yşk kölün, Teşneligiň nämeligin bildirmän. Juda köp gezipsiň mäkäm gujaklap, Bu ýollara ykbalymy dildirmän. Örän ezizläpsiň kalbymy aýap, Köp zada döz gelip göwnümi ýykman. Sen meniň ýerimi göge diräpsiň, Indem ýaşap ýörün ornumy tapman. Zeminde bar zatlar nätanyş maňa, Onuň tolkunlary juda akymly. Hem gödek hem sowuk onuň ýollary, Diňe senli hyýallary ýakymly. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |