01:44 Gelnalyjy | |
GELNALJY
Goşgular
![]() Gelnalyjy gelýär. Ol görünmän mese-mälim uzakdan, Ulaglaryň monjuk ýaly hatary. Olar arzuw, umyt bilen gelýärler, Ojagynda toý tagamyn ataryp. Gelnalyjy gelýär. Gündüz güne ýagty goşýar çyralar, Gaş galdyryp bagt gapysyn açarna. Ýigit otyr köpçülikde ýeközi, Garaşyplar biraz wagtyň geçerne. Gelnalyjy geldi. Bagtam geldi hatda köçäňe sygman, Bu öýde daşyp dur adam hümmeri. Çagalaň dynanok geldi-geldisi, Hem diýýärler äkiderler dilberi. Gelnalyjy geldi. Sussuň bilen egne kürte basyldy, Şu günüň hem ajy hem süýji örän. Ýolagçy otlusy ugrajak ýaly, Dyklyşyk hem-de zog, bagt, agy, perron. Gelnalyjy barýar. Alan ýaly uçgyraksyz dünýäni, Maşynlaryň kerweni hem gygyryp, ýitip barýar. Ol hatary köp eller ugratdylar ýüzlerine sylyşyp. Gelnalyjy barýar. Sen-ä gidip barýaň mährem öýüňden, Çykyp barýaň özge bilen birigip. A men bolsa edil şojagaz pursat, Çykyp barýan gözleriňden syrygyp. Damjalar ýaňaga siňenok, taýýar, Sebäbi ýol bilen gelnaljy barýar. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |