16:17 Sary gyz | |
SARY GYZ
Goşgular
![]() Ýürek daş däl eken, gozgandy her hal, Yşk başy säm etdi, Nämetdi bir hal... Neýlär jan, neýlär ten, ýetmeseñ derhal, Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz. Duýgular möwç aldy, çyrpyndy her ýan, Sende aram tapdy joşgunly derýam, Kalbyma ýakymly duýgular berýän, Gün roýly, gül roýly tenha, sary gyz. Ýazgyt bolsa tapylýandyr sebäpler, Gelipsiñ sen şahyr kalby bezäpler, Gezdim şu çaka çen ýekesiräpler, Duşmandy özüm deý ynsan, sary gyz. Dideler sataşdy... tutaşdy näler, Dadyna yşk suwy ýetişdi hälem, Bu söýgiñ miwesin görse-de älem, Goý, galsyn, wysaly pynhan, sary gyz. Hak yşkyñ gory ýok, bar zatlar diñýä, Sözlerñe goşulyp ömrüme siñýäñ, Indi nurly ýüzüm, ýagtyldy dünýäm, Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |