12:53 “Sen henizem maňa mährem...” | |
"SEN HENIZEM MAÑA MÄHREM..."
Goşgular
Sen henizem maňa mährem, Men entegem saňa eziz. Emma, öýke göterýäris, Ýüreklerde häli-heniz. Bir-birekden uzaklarda, Kalby daglap örüp ýörüs. Tapman geçmiş suratyny, Hyýallary dörüp ýörüs. Biz ýat diýýäs ulus ile, Tutup yşgyň ýeňsesini. Kim tisginýär del adamyň, Eşidende bir sesini. Gizläp kesýäs bagtymyzy, Ýogsa özgä sapyp bilmers. Bilýäs, milýon jemleýjiler, Yşgymyzy ýapyp bilmez. Men henizem saňa dözmen, Sen entegem maňa eziz. Ýüreklermiz ölüp duram, Boýn almadyk häli-heniz. Diňe sözler diwar boldy, Arasynda iki kalbyň. Berk namysy basyp durlar, Gurbuň bolsa hany galgyn! Ne-de gazyp kökün tapdyk, Ne başyna ýetdik uçup. Ah, bu sözler neneň beýik, Aýlanybam bolmaz geçip. Ýene ynsan ejiz gelýär, Sen uzakda ýaglygyňy ölleýärsiň, a men bolsa, Ýazýan bilip ýazygymy. Doňup durus heýkel ýaly, Diňe döşüň tutup solun. Ýeke ädim ädemizok, Gyrasynda durus ýoluň. Sen-ä bilýäň goluň kesseň, Men kalbymy daglajagmy. Maňa şum dert duşsa birden, Bilýän, dözmän aglajagňy. Biz şonda-da boýun alman, -Diýýäs: “Yşga pida gerek.” Ýöne bizler howa ýaly, Bir-birege juda gerek. Ýeňil dälmi yşgyň bilen, Ýaryň kalbyn nagyşlamak. Bize şundan kynyrakmy, Ýeke gezek bagyşlamak. Ýalňyşanmyz bilýärisem, Boýn almadyk häli-heniz. Söýmegmizem bes etmedik, Bir-birege bolup eziz... Gerekmi şu, gerekmi heý, Boýn almadyk, almarysam. Wah, ýaşap ýörmek şu bolsa, Belki indi ölmerisem. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |