RUHUŇ GUDRATY
■ Türkmen taryhynyñ ruhy jähtden döwürleşdirilişi dogrusynda
Dünýä taryhy ylmynda meşhur rus taryhçysy L.N.Gumilỳow tarapyndan girizilen milletleriň döreýşi we ösüşi bilen baglanşykly «passionariýa» diýlip atlandyrylýan düşünje bar. Bu adalga grek sözi bolup, onuň türkmen dilinde «gaýduwsyzlyk», «dyzmaçlyk» ýaly manysy bardyr. «Gayduwsyz adam», «Dyzmaç millet» ýa-da «Ruhy taýdan güýçli şahsyýet» we «Ruhy taýdan güýçli millet» düşünjeleri hem şol adalgadan gelip çykýarlar. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde ýüzlerçe milletleriň bardygyna garamazdan, geçmişde olaryň diňe az sanlysyna «dyzmaç millet» bolup bilmeklik başardypdyr.
Adamzadyň geçmiş taryhyndan mälim bolşy ýaly, taryhyň belli bir döwürlerinde jemgyýetiň aýry-aýry adamlarynyň ýa-da onuň bir böleginiň kalbynda milletiň ykbalyna jogapkärçilik borjunyň esasynda ruhy güýç döreýär, gaýduwsyzlyk we dyzmaçlyk ýaly häsiýetler ýüze cykyar. Bu güýç ruhy ýokary göterilişi döredýär we ol halkyň taryhynda milli galkynyş döwrüniň başlanmagyna getirýär.
Milletlerem edil adam ýaly, onuňam edil ynsanlarda bolşy ýaly, juwan, kämil we güýçden gaçyp gowşaýan döwürleri bolýar. Şeýle bolansoň, ynsana derkar ruhy güýç milletlere-de gerek bolýar. Adamzat nesliniň dowam edip, şol gaýtalanyp durşy ýaly, käbir milletleriň zannynda gaýtadan döremek we kuwwatlanmak häsiýeti bardyr. Ýöne, milletleri onuň ruhy güýje eýe bolýan ruhubelent hem-de gaýduwsyz ogullary gaýtadan galkyndyrýarlar we ony juwanlyk, kämillik hetdine ýetirýärler. Sebäbi ruhy güýjüň derejesi halkyň taryhynyň ähli döwürlerinde birmeňzeş bolmaýar. Ol üýtgäp durýar. Halkyň ösüş derejesi, onuň tanymallygy dürli asyrlarda şol halkyň ruhy güýjüniň derejesi bilen kesgitlenilipdir. Ruhy güýjüň çyrpynýan zamanynda millet kuwwatly bolýar. Milletiň döredýän döwletiniň ýa-da onuň özüniň bir güýjäp, bir peselip durmagy, şol milletiň ruhy kuwwatynyň derejesi bilen baglanyşyklydyr.
Ýeterlik derejedäki ruhy güýjüň, bolmazlygy geçmişde köp milletleriň ýitip gitmeklerine sebäp bolupdyr. Aýry-aýry milletleriň ýitmegi, nebsimiz agyrsa-da, biziň günlerimizde-de dowam edýär. Adat bolşy ýaly, olar taryhyň aýgytly pursatlarynda ýeterlik ruhy güýje eýe bolup bilmedik we şol sebäpli hem döwlet döretmegi başarmadyk milletlerdir.
Taryhçy alymlar milletiň her 1000 ýyldan galkynmak, gaýtadan döremek we ösmek ukybyna eýe bolup biýändigi baradaky pikirleri öňe sürýärler. Şeýle ukyp türkmen halky üçin hem häsiýetlidir. Milletiň döreýşi we ösüşi bilen baglanyşykly 1000 ýyllyk döwürden başga-da, yzygider aýlanyp duran 500 ýyllyk döwür hakyndaky pikirler hem bardyr. Mysal üçin, hytaýly dana Men-szy (b.e.ö. 389-305) adamzat taryhyna gaýtalanyp, aýlanyp duran hadysa hökmünde seretmek bilen, şol aýlawlaryň her biriniň dowamlylygy 500 ýyldan ybaratdyr diýip belleýär. Men-szy her 500 ýyllyk döwrüň başlangyjyny edenli patyşalaryň häkimiýet başyna gelmekleri bilen baglanyşdyrýar. Şu nukdaý nazardan seredilende, türkmen taryhy üçin gaýtalanyp duran 1000 ýyllyk döwür hem, 500 ýyllyk döwür hem häsiýetlidir. Ýöne, 500 ýyllyk döwür taryhymyzyň soňky iki müň ýyllyk eýýamy üçin häsiýetlidir. Türkmeniň geçmiş taryhy babatynda şol gaýtalanyp duran 1000 ýyllyk döwürleriň bäşisini görmek bolýar.
1. Oguz hanyň 5 müň ýyl mundan öň guran döwleti (Altyn depe döwri. b. e. ö. III müň ýyllyk),
2. Marguş döwri (b.e.ö. II müň ýyllyk),
3. Türkmenleriň Beýik Parfiýa, Beýik Hun döwletleri (b.e.ö.I müňýyllygyň ahyrlary - b.e.I müňýyllygynyň başlary),
4. Beýik seljuk türkmen döwleti (b.e. II müňýyllygynyň başlary),
5. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwleti (b.e. II-III müňýyllyklarynyň sepgidi).
■ Indi 500 ýyllyk döwür hakynda.
1. Göktürkmenleriň döwleti (VI asyr),
2. Beýik seljuk türkmen döwleti (XI asyr),
3. Sefewi türkmenleriniň döwleti (XVI asyr)
4. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti (XX-XXI asyrlaryň sepgidi)
Şunuň ýaly mysaly käbir beýleki türkmen döwletleriniň taryhynyň mysallarynda-da görkezse bolar.
1.Beýik (ýabgu) Oguz türkmen döwleti (VIII asyr).
2.Delidäki türkmen döwleti (XIII asyr).
3. Gajar türkmenleriniň döwleti (XVIII asyr)
Mysaldan görnüşi ýaly, bu türkmen döwletleriniň döreýiş taryhlarynyň arasynda hem 500 ýyllyk sene aratapawudy bardyr.
Dünýä taryh ylmynda Gadymy we Orta asyrlarda milletleriň döreýiş we ösüş taryhyndaky her bir 1000 ýylyň dowamynda bäş sany içki döwürleriň bolandygy hem ykrar edilen pikirleriň biri. Şol döwürler aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Galkynyş
2. Gaýduwsyzlyk ýa-da daşgyn.
3. Ýadowlyk ýa-da gaýtgyn
4. Kanagatlylyk
5. Garaňkylyk.
Dünýä taryhynyň aýrylmaz bir bölegi bolan we onuň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen milletiniň döreýiş hem-de ösüş taryhynyň-da şu kabul edilen ülňülere laýyk gelýändigini görmek bolýar. Taryh ylmynda bu döwürleriň her biri halkara derejesinde kabul edilen ylmy adalgalar bilen atlandyrylýar. Onuň hakykatdan hem şeýledigine okujylarymyz şu söhbetiň dowamynda doly göz ýetirerler.
Adamzat taryhynyň soňky üç müň ýyla barabar döwrüniň içinde milletleriň döreýiş we ösüş taryhynda sekiz gezek öwrülişikli wakalaryň we pursatlaryň bolup geçendigini dünýäniň tanymal taryhçy alymlary tassyk edýärler. Şol wakalar şu aşakdaky asyrlarda bolupdyr diýlip hasap edilýär:
1) b.e.ö. VIII asyr.
2) b.e.ö. III asyr.
3) b.e. I asyr.
4) VI asyr.
5) VIII asyr.
6) XI asyr.
7) XIII asyr.
8) XVII asyr.
Dürli asyrlarda bolup geçen şol öwrülişikli wakalary dünýä taryh ylmynda «etniki partlama» hadysasy diýlip atlandyrýarlar. Etniki partlama diýilmeginiň sebäbi, taryhyň aýry-aýry döwürlerinde içki we daşky täsiriň netijesinde «ruhy güýjüň» täsiri bilen käbir halklarda güýç-kuwwata eýe bolmak we dünýä taryhynyň ösüşine duýarlykly täsir edip bilmek ukyby ýüze çykýar.
Türkmeniň şanly taryhyny bezeýän beýik wakalaryň öňünden hemişe ruhy galkynyşlar gidýär. Gadymy we Orta asyrlarda türkmen taryhynda hem ençeme ýola galkynyşlar («etniki partlama») boldy. Ýokarda getirilen sekiz sany belli seneleriň dördüsinde, dünýäniň käbir beýleki halklary bilen bir hatarda, türkmen taryhynda-da milli galkynyşlaryň bolandygyny bilýäris. Olar aşakdakylardyr:
1. B.e.ö. III asyry ( Türkmenleriň Beýik Parfiýa, Beýik Hun döwletleri),
2. B.e. VI asyry (Göktürkmenleriň döwleti),
3. XI asyr (Beýik seljuk türkmen döwleti),
4. XIII asyr (Delidäki türkmen döwleti we Osman türkmenleriniň döwleti).
Emma bular türkmen Galkynyşlarynyň hemmesi däldir. Çünki galkynyşlar türkmen taryhynda Oguz han Türkmeniň döwründe-de, Altyn depe, Marguş zamanlarynda-da bolup geçipdir. Eýsem-de bolsa, halklaryň taryhynda aýgytly döwür hasap edilýän milli galkynyşlar eýýamy nähili kemala gelýärkä?
Taryhyň Gadymy we Orta asyrlar döwründe aga-ýana ýaşap ýören aýry-aýry milletler çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Bu ýagdaý milletiň taryhynda galkynyş döwrüniň başlanýandygynyň alamatydyr. Şunda galkynýan jemgyýetiň ruhy güýje eýe bolýan bölegini, milletiň içinden ösüp ýetişýän edenli şahsyýetlerini dowam edip gelýän ynançlar, dünýägaraýyşlar, durmuş-ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklar, döwlet dolandyryş we aňyýet ulgamlary kanagatlandyryp bilmän başlaýar. Şeýle häsýetdäki şahsyýetler döwrüň üýtgeýändigine, şonuň üçin hem jemgyýetiň ösüşinde täze ruhy güýjüň zerurdygyna göz ýetirip başlaýarlar. Olar nähili maşgaladan çykandyklaryna garamazdan, durmuşda özleriniň başarnyklaryna, zehinlerine, görkezen edermenliklerine laýyk orun berilmegini talap edip ugraýarlar. Milletiň içinde şeýle şahsyýetler az bolan ýagdaýynda, adatça olara öz maksat-hyýallaryny amala aşyrmak juda kyn düşýär. Eger-de, tersine bolan ýagdaýynda, olar öz garaýyşlaryny bütin jemgyýete çalt ynandyrmagy başarýarlar we ösüşler gutulgysyz bolýar. Çünki täzelikleri bütin jemgyýet alyp göterýär. Netijede, ruhy güýjüň zarby ýa-da itergisi bilen milli galkynyş eýýamy başlanýar. Şu döwürde jemgyýetiň, Watanyň öňündäki borçlaryna we jogapkärçiligine gowy düşünýän we ony ak göwün bilen ýerine ýetirýän adamlaryň – şahsyýetleriň ähmiýeti biçak artýar. Şeýle adamlara milletiň ösüşinde iň ýokary dereje we onuň çür depesi hasap edilýän gaýduwsyzlyk döwründe-de uly ähmiýet berilýär. Nesilbaşymyz Oguz han, Gorkut ata, Mete han, Ärsak şa, Bumyn han, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg hut şeýle şahsyýetleriň hataryndadyr.
Türkmeniň barlygyny dünýä ýaýan Oguz han, onuň mynasyp nesilleri bolan Ärsak şa, Mete han, Bumyn han, Togrul beg, Osman gazy, Ysmaýyl şa Hataýy, Kutubeddin Aýbeg soltan we başga-da ençeme türkmen döwletlerini esaslandyran hökümdarlar dürli döwürlerde milli galkynyşyň gözbaşynda duran taryhy şahslardyr. Eýsem-de bolsa, türkmen taryhynda köpsanly galkynyşlary döreden ilkibaş hadysa nämedir? Ol nähili ýüze çykdyka?
Duman Beýgiň ogly Mete han täze dünýägaraýyşlaryň tarapdary bolupdyr. Birbada onuň tarapdarlary hem köp däl, emma wagtyň geçmegi bilen Mete han öz täze garaýyşlaryny tarapdarlaryna ynandyrmagy başarýar. Netijede, Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti gysga wagtyň içinde dünýäniň iň kuwwatly döwletine öwrülýär. Onuň bir tarapy Sary deňzine beýleki tarapy bolsa Günbatar Ýewropa ýetdi. Aslyýetinde, beýik gymmatlyklar kynlyk bilen orun alýar. Başda Pygamberimiz Muhammediň tarapdarlaram köp däldi. Ony az sanly egindeşleri - ensarlar goldaýardy ýa-da bolmasa Görogly beg we onuň kyrk ýigidini ýada salalyň.
Galkynyş döwrüniň esasy alamatlarynyň biri, halk hemişe ýörişlerde boldy we ol täze-täze ülkeleri ýurt tutundy. Bu döwürde milletiň bolşy, bişirilýän süýdüň gazana sygman, daşyna çoguşyna meňzeýär. Sebäbi milletiň ruhy güýji, gujur-gaýraty, mal-mülki ýurt tutunup oturan ülkesine sygman başlady.
Oguz han, Gorkut ata, Mete han, Ärsak şa, Bumyn han, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg we başga-da ençeme türkmen gerçekleri Galkynyşlar eýýamynda synmaz ruhy güýje eýe bolan şahsyýetler. Sebäbi olar milletleriniň özlerinden öňki durmuş-ykdysady, syýasy, medeni we aňyýet ýörelgelerini düýpgöter özgerdip, türkmen milletini yzlaryna düşürip bilmegi, ony dünýä tanatmagy başaran hakyky türmen gerçekleridir.
Milli Galkynyş hakynda gürrüň edilende, 1040-njy ýylda dörän Beýik seljuk türkmen döwletiniň taryhy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Seljukly döwletiniň döremegi bilen we onuň soňra görlüp-eşidilmedik derejede ösmegi, XII asyrda bütin Gündogarda Altyn eýýamyň bolmagy üçin şert döredipdi. Bu asyrda türkmenler tarapyndan nähili beýik-beýik gymmatlyklar döredildi. Şonuň üçin hem bu döwleti döreden XI asyr diňe bir türkmenleriň däl, eýsem dünýä halklarynyň taryhynda hem beýik galkynyşdan nyşandyr. Sebäbi Seljukly döwletiniň döremeziniň öňüsyrasy yslam dünýäsi üçin uly synaglaryň döwrüdi, ony sözüň doly manysynda garaňkylyk gurşap alypdy. Oňa içindenem, daşyndanam uly howp abanýardy. Yslam dinini adamzada bagyş eden araplaryň bir wagtky dyzmaçlygy indi ýokdy. Yslam dünýäsi bulaşypdy, hapalanypdy. Ony şeýle ýagdaýdan çykarmak üçin bolsa, lukmançylyk ylmynda aýdylyşy ýaly, «profilaktika» - arassalaýyş işlerini geçirmelidi. Munuň üçin päkize ruhly, adamzadyň ýaman gylyklaryndan arassa millet gerekdi, şol millet yslam dünýäsiniň garamatyny boýnuna almalydy. XI asyryň ikinji ýarymyndan başlap bu uly wezipe türkmenleriň gerdenine düşdi. Çünki döwletiň ösmegi, yslam dünýasiniň galkynmagy üçin zerur bolan häsiýetler Yslam dünýäsiniň düzümine girýän halklaryň hiç birinde-de ýokdy. Şonuň üçin hem Togrul begiň köşk işgäri ibn-Hassul, Yslam dünýäsiniň geljegini hamana öňünden bilen ýaly: «Batyrlyk, wepalylyk, çydamlylyk, ýaranjaňlygyň nämedigini bilmezlik, gep-gybata, dawa-jenjele ýigrenç, buýsanjaňlyk, öwgini halamazlyk, adamlar üçin häsiýetli bolan adaty kemçiliklerden arassalyk (ýalançylyk, ogurlyk etmek, ejize ganymlyk, haram keýpe kowalaşmak), öý işlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaklyk, serkerdelik wezipelerine we olja almaga ýykgyn etmeklik türkmenleriň arslan kibi sypatlarydyr» diýip ýazmak bilen, türkmenleri taryp edýär, yslamy galkyndyrmak üçin hut şeýle gylyk-häsiýetli milletiň gerekdigini nygtaýar. Şol döwürde milletiň we döwletiň galkynyşy üçin birinji nobatda halkda şeýleräk häsiýetleriň bolmaklygy talap edilýärdi.
Milletde ruhy güýjüň kemala gelmeginde dini ynanjyň hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Otparazlyk, taňryparazlyk türkmenleriň gadymy dini ynançlarydy. Emma milletimiziň ösmegi, onuň taryhy tejribesiniň artmagy bilen geljekki ösüşler üçin bu garaýyşlar hem ýeterlik däldi.
Ruhuň güýjeýän, galkynyşyň gidýän döwründe ogul-agtyklar atalardan hem gujurly bolýarlar. Sebäbi olar ata-babalaryň ruhy güýjünden, pähim-paýhasyndan hem-de gaýnap duran ganyndan kemala gelýärler. Togrul beg – Alp Arslan – Mälik şa – Soltan Sanjar ýa-da bolmasa Ärtogrul Gazy – Osman Gazy – Orhan Gazy – Myrat Soltan şeýle atalardan dörän nesillerdir. Olar ruhda nähili beýik hem synmaz güýjüň bardygyny iş ýüzünde görkezen türkmen şahsyýetlerdir.
Gadymy we Orta asyr milletleriniň taryhynda galkynyşdan soň gaýduwsyzlyk döwri başlaýar. Gaýduwsyzlyk döwri ylymda «akmatiki» eýýam diýlip atlandyrylýar. Bu adalga grekleriň «akme» sözünden gelip çykyp, türkmen dilinde onuň «çür depesi», «iň ýokary derejesi» diýen manysy bardyr. Ýagny, aýdylanlary türkmen taryhy bilen baglanyşdyrsak, halkymyzyň gaýduwsyzlygy milletimizi öz ösüşinde iň ýokary derejä çykarýandygyny aňladýar. Türkmenleriň geçmiş taryhyndan belli bolşy ýaly, Gök hanyň, Mugan hanyň, Mälik şanyň, Mahmyt Gaznalynyň, Uzyn Hasanyň, Gara Ýusubyň, Süleýman Kanunynyň döwürleri türkmen milletinde, onuň guran döwletlerinde güýç-kuwwatyň çür depä ýeten döwrüdir. Bu döwürde türkmenleriň ruhy güýji şeýle bir ýokary göterilip, adamlar Watan üçin, millet üçin, din üçin hatda ölmäni hem hiç zatça görmändirler. Oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň taryhyny ýazan alymlar «Hunlary kowmak ýeňil, ýeňmek kyn, derbi-dagyn etmek bolsa asla mümkin däl» diýip ýazypdyrlar. Bu mysallar oguzlaryň-türkmenleriň taryhy ösüşde iň ýokary derejä, çür depä çykandyklaryny görkezýär.
Türkmenleriň gaýduwsyzlyk döwründäki gylyk-häsiýetleri barada Gündogar taryhçylarynyň işlerinde-de ummasyz köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Taryhçy Nejimeddin Muhammet Rawendi 1196-njy ýýlda Rumdaky türkmen seljuk döwletiniň hökümdary Keý-Hysrowa ýazan hatynda: «Araplaryň, parslaryň, wizantiýalylaryň we ruslaryň ýurdunda söz nobaty (hökümdarlyk manysynda) türkmenlere degişli. Olaryň ýüreginde türkmen gylyjynyň zarbyndan dörän çuňňur gorky ýaşaýar» diýip belläpdir.
Türkmenleriň gaýduwsyzlygy barada ýene-de bir mysal. 922-nji ýylda Bagdatdan Bulgara barýan abbasy halyfynyň kerwenini Köneürgenjiň töwereklerinde bir oguz ýigidi saklapdyr. Ibn Fadlan ýol ýazgylarynda «ol «duruň» diýip gygyrdy welin, 5000 düýeden ybarat ägirt uly kerwen sakga durdy» diýip belläpdir. Bu wakany ýatlamak bilen arap ilçisi oguzlaryň nähili gaýduwsyz bolandygyny, olarda nähili synmaz erkiň bardygyny nygtamak isläpdir. Gürrüňi edilýän waka Beýik Seljuk türkmen döwletiniň döremeginden 120 ýyl töweregi öň bolup geçipdir. Diýmek, wakanyň bolan wagty oguzlarda-türkmenlerde dyzmaçlygyň we ruhuň güýjeýän döwri bolmaly. Sebäbi şeýle uly kerweni ýeke özi saklap bilýän türkmen ýigidiniň milleti 1040-nji ýylda hökman ägirt uly döwleti döredip biläýmeli. Mysaldan görnüşi ýaly, X asyryň ortalaryna çenli türkmenlerde ruhubelentlik, ruhy güýç diýseň ösüpdir. Şu wakalardan 1000 ýyl çemesi wagt geçenden soň, türkmenlerde şol ruhubelentlik, ruhy güýç gaýtadan kemala gelip ugrady. 1855-nji, 1858-nji, 1861-nji ýyllaryň ýeňişli söweşleri türkmen ruhubelentliginiň özboluşly ýüze çykmasy boldy. Türkmen özüniň ruhubelent we gaýduwsyz milletdigini 1873-nji ýylyň Gazawat, 1881-nji ýylyň Gökdepe uruşlarynda hem doly subut etdi. Şonda türkmeniň synmaz ruhunyň güýjüni diňe bir Russiýada däl, eýsem bütin dünýäde gördüler.
Ösüşiň gaýduwsyzlyk ýagdaýyna barandan soň millet kem-kemden yza gaýtmak bilen bolýar. Sebäbi ol geçen taryhy döwrüň içinde özüniň bar ruhy hem-de maddy güýjüni sarp edýär. Şeýlelikde, milletiň ösüşinde taryhy ýadowlygyň alamatlary bildirip başlaýar.
Türkmen taryhynyň ýadowlyk döwründe halkymyzyň uly döwletleri pytrady. Bu döwürde Oguz türkmenleriniň Beýik Hun, Göktürkmenleriň döwletleri ikä bölündi, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ýerinde Kermandaky, Yrakdaky, Şamdaky we Rumdaky seljuk döwletleri we köp sanly türkmen beglikleri emele geldi. Milletiň taryhyndaky bu hadysany ruhy we maddy güýjüň hetdenaşa artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şonça mukdardaky ruhy we maddy güýji indi milletiň injigi götermeýär, ýadaýar. Şonuň üçin hem ol öz güýjüni böleklemeli, döwmeli bolýar. Ýadowlyk döwrüniň hem öz wakalary, şol wakalaryň esasy gahrymanlary - şahsyýetleri bardyr: Masut Gaznaly, Togrul II, Muhammet II we başgalar hut şu döwrüň şahsyýetleridir. Bu hökümdarlaryň döwründe olaryň şalyk süren döwletleri bölündi ýa-da beýleki türkmen döwletleriniň düzümine goşuldy.
Göktürkmenleriň döwletiniň VIII asyryň ortalarynda ýykylmagy bilen türkmen taryhynda ýene-de yza gaýtmalar başlaýar. Ýöne türkmenler özleriniň dogabitdi häsiýetlerini ýitirmändiler. Ruhubelent we gaýduwsyz millet bolandygy üçin yslam dünýäsinde türkmenlere bolan isleg artypdyr. Taryhçy Fahreddin Mübärek şa arap halyflygynda, Wizantiýada we gürji patyşalarynyň köşgünde gulluk edýän türkmen ýigitleri barada ýazanda şeýle maglumatlary getirýär: «Olar öz ýurtlarynda ildeşleriniň arasynda ýaşap ýören mahallary, olaryň güýjüne we kuwwatyna hiç kim mätäç bolmaýar. Haçan-da olar öz öýlerinden, garyndaşlaryndan we illerinden näçe alys ýurtlara düşseler, şonça-da olaryň güýji hem-de gadyr-gymmaty artýar. Olar emirlere we serkerdelere öwrülýärler».
Türkmenleriň bu häsiýetleri goňşylar tarapyndan ýokary baha berilipdir. Sebäbi olaryň içinde arap, grek, gürji hökümdarlaryny çekindirip biljek häsiýetler bolmandyr. Keseki hökümdarlaryna gulluk edýän döwürlerinde türkmenlerde men-menlik, watan üçin janyňy gurban etmeklik, işjeňlik, dini takwalyk, milli özboluşlylygyňy saklamak, işe döredijilikli çemeleşmek, dünyäni üýtgedip gurmaga ymtylmak ýaly häsiýetler bolmandyr. Türkmenleriň bu häsiýetleri gadymyýetde - olaryň ata-babalary bolan hunlaryň-oguzlaryň we göktürkmenleriň döwründe galypdy. Olar indi diňe gaýduwsyzlyk, wepalylyk we batyrlyk bilen hökümdarlaryna gulluk edýärdiler. Döwlet durmuşynyň daşky we içki meseleleri olary gyzyklandyrmaýardy. Nesiller eýýäm ugur tapyjydy we şonuň üçin hem goňşy döwletlerde olara uly isleg bildirilýärdi. Çünki keseýerli hökümdarlaryna öz bulagaýlarynyň eden-etdilikleri hem ýeterlik bolýardy. Şonuň üçin hem türkmenleriň keseýurtly hökümdarlaryna ýaraýan bu häsiýetleriniň araplar, parslar, gürjiler we grekler üçin uly ähmiýeti bolupdyr.
Milletiň ösüşinde ýadowlykdan soň kanagatlylyk döwri başlaýar. Kanagatlylyk döwründe millet döwletiň ýerlerini giňeltmäge däl-de, köňlündäki, aňyndaky pähim-paýhasa orun berýär, döredýär. Türkmeniň meşhur soz ussatlary Enweri, Gürgeni, Muezzi, Nyzamy Genjewi, Jelaleddin Rumy we başgalar kanagatlylyk eýýamynyň, ýagny «medeni-taryhy tizligiň» döreden danalarydyr. Ýöne, bu döwrüň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy bardyr. Şunda hojalyk işewürlügi güýjeýär. At münmäge, ýörişlere gitmäge islegler peselip, mal-mülk edinmek höwesi güýjeýär. Kanagatlylyk döwrüniň soňlarynda türkmenlerde içki oňşuksyzlyklar hem başlaýar.
Kähalatlarda kanagatlylyk hadysasy döwletiň ýykylmagyna-da sebäp bolup bilýär. Yrakdaky seljuk döwletiniň ykbaly muňa aýdyň mysal bolup biler. Kanagatlylyk döwründe milletde ruhy güýç, özüni görkezmage bolan höwes peselýär, onda täze-täze ýerleri eýelemäge bolan isleg gaçýar. Bu döwürde millet öz eýelän ýerleri we gazanan üstünlikleri bilen kanagatlanýar. Şonuň üçin hem bu döwürde millet güýjüni esasan oturan ýurduny özleşdirmäge sarp edýär. Kanagatlylyk zamanynda millet edil ýaşy durugşan adam ýaly bolýar: şindi gujur-gaýratynyň ýetik wagty ýygnanjasyny hojalygyna sarp edýär, agtyk-çowluklaryna terbiýe berýär, öýüniň abadançylygy bilen meşgullanýar, baýlyk toplamaga wagtyny sarp etmeýär.
Garaňkylyk döwri islendik halkyň ýaşaýşynda pajygaly döwür hasap edilýär. Sebäbi onuň üstüne ýitip gitmek howpy abanýar. Bu döwürde halk kiçelip halkyýete öwrülýär. Türkmenleriň tire-taýpa, bakna we ýapja bolup ýaşan döwri garaňkylyk eýýamydyr. Bu döwürde millet döredijilik bilen meşgullanmaýar, tersine islendik täze zada gyýa göz bilen ynamsyz garap başlaýar. Onuň dünýägaraýyşlaram çäkli bolýar. Sebäbi onuň ruhy öçeňkirlän ýagdaýa ýetipdir. Ýogsam, bir zamanlar türkmenleriň nähili giň dünýägaraýşy, şunuň esasynda dörän beýik ruhy we maddy mirasy bardy. Türkmenler dünýä nähili kämil zatlary, nähili täze zatlary bagyş edipdi. Halkymyzy garaňkylygyň ruhy çökgünliliginiň girdabyndan hatda Magtymguly ýaly läheňlerem çykaryp bilmändir. Milletiň osüşindäki bu hadysa «gomeostaz» (grekçeden türkmençä geçirilende «hereketsiz oturmak» diýen many aňladýar) ýagdaýy diýip hem atlandyrylýar. Manysyndan belli bolşy ýaly, ol eýýäm halkyň taryhynda ösüş döwri däl-de, onuň tebigy giňişlikde bary-ýogy bildirmän ýaşamagydyr. Milletiň ýaşaýşynyň garaňkylyk döwründe halk kiçelip ownaýar we geçmişdäki uly bir umumylygyň kiçijik galyndysyna öwrülýär.
Elbetde, taryhyň belli-belli döwürlerinde ruhy güýje eýe bolup bilmeklik dünýäniň başga-da birnäçe halklarynda-da boldy. Ýöne, käbir hökümdarlar, halklar şol ruhy güýji geçmişde ýykgynçylyk hem-de wagşylyk maksady bilen hem ulandylar. Muňa mongollaryň taryhy anyk mysal bolup biler. Mongollaryň eýe bolup bilen ruhy güýji dünýäniň köp halklaryna agyr külpetler getirdi. Häzir hem Uzak, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Gündogar Ýewropanyň ýerlerindäki harabalyklary «bu mongollaryň eden işleri» diýip görkezýärler. Emma Aziýanyň ýerinde saklanyp galan ajaýyp binagärçilik ýadygärliklerini görkezip «bu türkmenleriň hökümdarlygy döwründe gurlupdyr» diýip aýdýarlar. Bir millet özüni gurup tanatsa, beýleki biri ýumuryp tanadýar...
Türkmen halky men-men diýen şahsyýetleri taryhy sahna çykaryp bilen millet. Şonuň üçin hem halkymyzda beýik şahsyýetlere hemişe-de uly ähmiýet berlipdir, olaryň mertebesi belent tutulyp, olaryň şöhratly ömür ýoly nesiller üçin terbiýe mekdebi bolupdyr. Emma dagynyklyk döwründe nesiller atalarça bolup bilmediler. Bu döwürde edenli hanyň, begiň, serkerdäniň nesillerinden halk uly zatlara garaşdy. Ýöne, garaşylan netije çykmaýar. Üstesine-de, dagynyklyk döwründe atalaram, halkyň öz öňlerinde goýan wezipelerini, maksatlaryny myrat edip bilmändiler ahyryn! Emma geçmişde Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň gör nähili nesilleri bolupdyr. Biz olaryň käbirleriniň atlaryny eýýäm agzabam geçdik.
Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem şöhratly geçmişinde «taryhy pursat» diýilýän hadysanyň ägirt uly ähmiýeti boldy. Halkymyzy beýik galkynyşlara getiren seneler hem-de wakalar milletimize ykbalyň beren taryhy pursatlarydyr. Taryhy pursatlar milletimiziň geçmişiniň öwrümli döwürlerinde ýüze çykan we galkynmak üçin zerur bolan taryhy mümkinçiliklerdir. Şeýle pursatlar halkymyzyň taryhynda ençeme ýola ýüze çykdy we Oguz han Türkmenden başlap men-men diýen gerçekler milletimize baş bolup, şol taryhy mümkinçilikleri ulanyp bildiler. Nesilbaşymyzyň bäş müň ýyl mundan ozal döreden türkmen döwleti şol taryhy pursatyň netijesidir. B.e.ö. 247-nji, b.e.ö. 209-nji, b.e. 552-nji, 1040-njy, 1187-nji (Iýerusalimiň haçparazlaryň elinden alynmagy), 1299-njy, 1453-nji (Konstantinopolyň – Stambulyň alynmagy) we 1991-nji ýyllar hem gürrüňsiz beýik taryhy pursatlardyr. Sebäbi bu seneler Oguz han Türkmeniň nesilleri tarapyndan esaslandyrylan Beýik Parfiýa, Beýik Hun, Göktürkmenleriň we Beýik Seljuk, Osmanly döwletleriniň hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döremegine getiren şanly senelerdir. Üstesine-de, öwrülişikli wakalara sebäp bolan bu seneler dünýä taryhynyň ösüşine-de aýgytly täsir etdi. Dünýäniň şu wakalardan soňraky taryhyna göz aýlanymyzda, Yer ýüzüniň neneňsi derejede özgerendigine göz ýetirip bilýäris. Bu wakalaryň gözbaşynda hem halkymyzyň ençeme onýyllyklaryň dowamynda ýygnanyp, soňra misli sil ýaly bolup Zemine dolan ruhy güýjüniň, gaýduwsyzlygynyň zarbyny görmek bolýar. Bu gürrüňsiz beýik Ruhuň gudratydyr.
Taryha öwrülen XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyry – 90-njy ýyllarynyň başy hem türkmen milletiniň ykbalynda gürrüňsiz taryhy pursat boldy. Halkymyz taryhy pursatyň beren bagtyna eýe boldy we 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Türkmeniň möwçli ruhy onuň dogup-dörän, ösüp-örňän we dünýä ýaýran topragynda gaýtadan galkyndy. Milletimiziň Garaşsyz döwleti hem ýene onuň gadymy ýurdunda – türkmen topragynda kemala geldi. Bu ýönekeý tötänlik däl, ol taryhy kanunalaýyklyk - täsin bir gudrat! Bu waka halkymyzyň taryhynda ýene-de täze ösüşleriň müňýyllygynyň başlanýandygynyň alamatydyr.
Köp taryhy wakalar bolup geçen XX asyr, aýratyn hem onuň ikinji ýarymy dünýä halklary üçin gürrüňsiz beýik galkynyşlar döwri boldy. Sebäbi XVII asyrda taryhy ösüşde artykmaçlyk gazanyp, Ýewropanyň az sanly döwletleri soňky üç ýüz ýylda Ýer ýüzünde adalatsyz döwletara we halkara gatnaşyklaryny ýola goýupdylar. Emma bu adalatsyz düzgünler XX asyryň ikinji ýarymynda we ahyrlarynda halklaryň erkinlige bolan islegleriniň netijesinde doly syndy. Şeýdip dünýä tanalmaz ýaly özgerdi. Taryha öwrülen XX asyryň ahyrlary türkmen halky üçin hem ägirt uly wakalara beslendi. Halkymyz uzak garaşdyran milli Garaşsyzlygyna eýe bolup bildi. Sanlyja ýyllaryň içinde, aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Beýik Galkynyşlar zamanynda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň taryhynda bolup geçen baknalyk eýýamy taryhyň sahypalaryna siňip gitdi. Şeýlelikde, XX asyr sene babatynda saklanyp galan-da bolsa, türkmenleriň milli Garaşsyzlygy ony many-mazmun taýdan şindi 1991-nji ýylda tamamlanmaga mejbur etdi. Şonuň üçin hem, XX asyr türkmen taryhynda megerem, iň gysga asyrlaryň bri bolandyr. Eýsem-de bolsa, bu ösüşleriň, bu Beýik Galkynyşlaryň syry nämede, onuň gözbaşlary nirede? Bu beýik Galkynyşlaryň syry Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan türkmeniň synmaz Ruhunda, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda dörän Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz sütünlerinde. Türkmen ruhunyň gudratynda!
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar