13:19 Şa-Şahyr | |
ŞA-ŞAHYR
Edebi makalalar
Şygryýet mejlisi pynhan guralypdy, çünki oňa diňe çeper sözi söýýänler, oňa sarpa goýýanlar çagyrylypdy. Bellenilen wagta çenli entek ep-esli wagt bardy. Dostlary tarapyndan köp wagtdan bäri Iskenderşan diýlip ady tutulýan Şa Ysmaýyl Hataýy köşk şahyry bilen ýüzbe-ýüz otyrdy. Bu gün – şindi atlaryny köpleriň bilmeýän iki sany şahyryň günüdi. Elbetde, Hataýy olaryň şygyrlarynyň golýazmasyny okapdy, ýöne olaryň özi bilen tanyş däldi. Bu günki mejlis dolylygyna şol iki meşhur şahyra – Muhammet Fizula we Misgin Abdala bagyşlanypdy. Goňşy otagda lezzetly nygmatlar goýlan saçak ýazylypdy. Tiz wagtdan şol ýere kazydygyna garamazdan - şygyrýetiň uly muşdagy Möwlana Ahun Ahmet Ardebili geldi. Möwlana Ahun Ahmet Ardebili 912-nji ýylyň zülhiçje aýynyň 26-syna (1514/1515-nji ýl), çarşenbe güni, Begdili-Şamly taýpasynyň iňňän täsirli neslinden bolan gyzy – Täçli begim bilen ýaş hökümdaryň nikasyny gyýypdy we şol dessurdan soň Täçli begim ýörişleriň birinde Şahabat obasynda ogly - tagtyň mirasdary Tahmaspy dünýä inderipdi. Häzir Täçli begimiň Horasan welaýatynyň häkimi bolandygy üçin, şöýgüli aýalam, agzyndan süýt ysy gelip duran Tahmaspjyk hem özünden gaty uzakdady. Möwlananyň oguljygy hakynda habar getirjegi ýadyna düşüp, onuň kalbynda mylaýym atalyk duýgylary oýandy. Ol armyt şekilli tirme bilen bezelen ýassyga gyşardy we gürrüňdeşinem, basym boljak mejlisem derrew unutdy. Daşy tirme bilen örtülen agaç tekjäniň üstünden edil söýgülisiniň göwsi ýaly apbak samarkant kagyzyny, owadan nagyşlanan gutynyň içinden galam alyp ýazyp başlady: Gobsundyryp dodaklaryň ýüregi, eý peri dideleň eýleýär serhoş. Käbäm sen, keramat sen, bolaýyn sadagaň men – eý galam gaş. Seniň roýuň misli gündüz mysaly, gara saçlaň örtýär aýly gijäni Dilegim ýok başga, eý Allam senden, gaýtaryp ber başymyň täjini. Gara saçlaň duzak gurup ýoluma, gara halyň uçurýar bar huşumy, Näme üçin, eý peri, kabul edeňok, meň aşyk kalbymyň uçar guşuny? Uçmahyň serwisi kaddy-kamatyň, seniň goýnuň bu dünýäniň jenneti. Özümdäki dowzah odun öçürdim, lebleriň balyndan çekip minneti. Wasp etdim periniň görkün-görmegin, Geň görmäň Hataýyň beýdip ýörmegin. Onuň göwnüne bolmasa, Möwlana özüniň söňky ikilemesini eşidip, hiç haçan iş görmedik ak aýalary bilen ýumşak sakgal-murtuny sypalap şeýle dýäýjek ýalydy: — Geň görmen, eý şahyr, geň görmen! Mälik-aş-şuara haýallyk bilen ýerinden turdy-da, ýüzüne nagyş çekilen kitap tekçesinden şu güne niýetlenilip goýlan we şanyň iň gowy hatdaty tarapyndan göçürilip daşyna kümüş gap geýdirilen «Beng-u-bade» eseriniň golýazmasyny aldy. Hemişe bolşy ýaly ýene-de waraklamaga durdy. Ol uzyn boýly, arryk we geplemsek adamdy. Şu wagt onuň öz okuwçysy hemem giýewesi bilen bolan gürrüň ýadyna düşdi. Bu gürrüň Kerbelede bolupdy. Haçanda geçen ýyl paýtagta, Şa Hataýynyň köşgüne göçmek hakynda gürrüň bolanda mälik-aş-şuara Muhammede şeýle diýipdi: — Eý oglum bu patyşa beýlekiler ýaly däl. Ol hem edenli, hem parasatly. Ol ýöriş edýär, täze-täze ýurtlary eýeleýär, ýöne ol esasy zatlaram ýatdan çykaranok. Sen onuň söz hakynda, biziň halkymyzyň ruhy bolan saz hakynda aýdýan zatlaryny bir diňläp gör: Almadym söýgüli sazym elime, Ýöne arşdan nagma geldi dilime. Aýdaýyn, bize dört zat zerur has: Ylym, doga, aýdym hem-de saz! Ol şonda sesini çykarmandy, ýöne parasatly goja, söhbetdeşiniň gözlerinden şeýle hakykaty okapdy: «Görle muny? Bularyň bary ikiýüzlülik ahyryn. Şygryýetem, sungatam, sözem – bularyň bary onuň üçin ýurtlary we halklary basyp almak, öz häkimýetini berkitmek üçin gerek, şeýle dälmi?» Emma goja onuň sessiz-üýnsiz soraglaryny boş goýmady. — Bolubersin! Ýöne sen bir zady ýadyňdan çykarma: ilkinji gezek arap basybalyşlaryndan soň biziň dilimiz köşge aralaşyp, syýasatçylaryň diline öwrüldi. Döwletara hatlary indi biziň dilimizde ýöredilýär. Şanyň özi ene dilimizde şygyrlary ýazyp, bize görelde bolýar. Seniň özüň bilýäňä, şu wagta çenli pars dili şygryýetiň dili diýlip hasap edilýärdi. Ýadyňa düşýärmi, seniň özüňem «Biziň dilimizde goşgy goşmak kyn» diýýärdiň. Hatda biziň aşyklarymyz hem köşge ýol açdylar – olar halkymyzyň ozanlar hakyndaky hakydasy ahyryn. Kim bilim almaga, sungaty ele almaga höwesek bolsa şa olar üçin uly alada edýär. Onuň ajaýyp kitaphanasy bar, ol öz köşgüne hatdatlary, suratkeşleri, jiltçileri jemledi. Olaryň ählisine aýlyk belläp, möhüm diwanlary we ylmy işleri ýazdyrýar. Eger-de, birden seniň ýanyňda ony ýamanlaýsalar, onuň eden haýyrly işlerinem ýadyňdan çykaraýmagyn! Şol wagt bu gürrüňler hiç hili netije bermändi. Indi bolsa onuň giýewisi asyryň hökümdarlarynyň arasynda uly orna eýe bolan şa Ysmaýyla bagyşlap täze eser döredipdi. Mälik-aş-şuara nagyşlanan tekjelere üns berip synlady. Şa özüniň kitaphanasynyň bardygyna garamazdan, bu ýerde-de ol golunyň astynda seýrek neşirleri saklaýardy. Ine Muhammet Zekerýa ar-Razynyň lukmançylyk, pelsepe, älemşynaslyk, edebiýat we saz barada gürrün berýän işi, ine-de ýyldyzlar hakynda gürrüň berýän ýaňy-ýakynda göçürilen «Ylmul-Ahkam» («Hukuk ylmy») we «Zij» («Astronomiýa») eserleri... Bu hökümdaryň gyzyklanmalary, ylymlara bolan ymtylyşlary gör nähili giň hem-de uly! * * * Şygyrýetiň, aýdym-sazyň, ylmyň muşdaklary we sungat ussatlary eýýäm zalyň içini doldurypdylar. Adata görä, olar hökümdara golaý oturypdylar. Zalyň içinde tagt goýmadylar; Ysmaýyl şeýle mejlislerde öz kärdeşleri hasap edýän şahyrlardan, aşyklardan özüni aýra tutmaýardy. Zalyň töründe düşekçeleri ýazdylar we olaryň töweregine iňňän ýukajyk tirmeden edilen güpjekleri oklaşdyrdylar, ýaplanmak üçin mahmal ýassyklary goýuşdurdylar. Halk arasynda «gaýyn ene güpjegi» diýlip atlandyrylýan bu ýassyklary diwara ýaplap, olara adatça ýaşy durugşan aýallar arkalaryny berip oturýardylar. Tagtsyz we täçsiz – iňe edil şunuň ýaly edip şa şygyrýet we aýdym-saz mejlislerini geçirýärdi. Mejlise gatnaşýanlaryň sanyna we olaryň her biriniň endigine görä, güpjekleriň ýanynda suw çilim, nargile (bokurdakly çilim), şybyk goýdylar. Her bir adamynyň özüniň nirede ýerleşip oturjagyny bilişleri ýaly, nedimler, gyrnaklar, hyzmatkärler hem kimiň nirede oturjagyny bilýärdiler. Çilimleriň ýanynda her güpjegiň gapdalynda nagyşlanan pessejik sekiler we olaryň üstünde bolsa samarkant kagyzy, şiraz galamy we gutyjyklar bardy. Şerap, şirin-şeker nygmatlaryň we ter miweleriň hersi bir mejmede – honçada äberilýärdi. Içmeýänler üçin içi syrçaly golçalarda we aýna küýzelerde şerabyň ornuna kardamon we zagpyran şerbeti äberilýärdi. Bu agşam ýygnanan märekäniň gulagynyň posuny açmak wezipesi öňlerinde duran wezirler, wekiller, alymlar, şahyrlar, hatdatlar, suratkeşler, sazandalar we aşyklar özara ýuwaşja gürleşýärdiler. Haçanda ilki Ysmayýyl, ondan birneme yzrakdan gelýän mälik-aş-şuara zala girende hemmeler ör turup, sag ellerini döşünde goýup hormat bilen baş atdylar. Şa öz ýerine geçip oturdy. Onuň yşaraty bilen mälik-aş-şuara, nedim we ähli adamlar aşak oturdylylar. Birdem ümşuümlik aralaşdy... Her kim güpjege tirsegini berip öz düşekçesinde arkaýyn ýerleşmäge çalyşýardy. Şa sagynda oturan mälik-aş-şuara ýüzlendi: — Ussat, nämeden başlaýas? Adatça şygryýet mejlislerini mälik-aş-şuara alyp barýardy. Şonuň üçin hem ol şeýle jogap berdi: — Hökümdar, biziň şu ýere ýygnanmagymyzyň esasy maksadyndan başga-da, bu gün bize alysdaky Çukur-Sähetden (häzirki Ýerewan) gelen üýtgeşik myhman garaşýar. Biziň ýurdumyzyň demirgazyk welaýatlary, hamana, ussatlaryň arasynda çäk goýan ýaly: meniň ýurdum şirwan topragy şahyrlary beripdir, baku topragy – ajaýyp zergärleri-suratkeşleri, Çukur Sähet – Gökje – bolsa aşyklary beripdir, özi hem hersi özbaşyna bir gudrat! Şol pursat hiç kimiň ünsüni çekmän şanyň gapdalynda tagaşyksyz oturan, batyrlygy hem-de ýaňralygy bilen tapawutlanýan masgarabaz mälik-aş-şuaranyň sözüni böldi: — Hawa, her şäheriň özüne görä meşhurlygy bolmaly... Araplaryň aýdyşy ýaly, hünärmentçilik — Basrada, suhangöýlük — Kufada, keýpi-sapa — Bagdatda, dönüklik - Reýde, görüplik — Hyratda, ahlaksyzlyk — Nişapurda, tygşytlylyk — Merwde, öwünjeňlik — Samarkantda, batyrlyk — Balhda, täjirçilik — Müsürde... Hemmeler gülüşdi. — Seniň doglan şäheriň Töwrüz näme? — diýip şa sorady. — Ol gowy masgarabazlary döredýär hökümdarym! Gülki ýatandan soň Şa Ysmaýyl mälik-aş-şuara ýüzlendi: — Aýdyber, ussat! — Eý Eşrepi-ela («Saýlantgylaryň saýlantgysy»), seniň ygtyýaryň bilen biziň myhmanymyz – halkymyzyň iň ajaýyp ussatlarynyň biri Misgin Abdal... — Goý gelsin... Sazandalaryň arasyndan eli üç kirişli sazly uzyn boýly peşeneli arryk adam ýerinden durdy. Sag elini çep döşüne goýup aşyk üç tarapa eglip baş atdy. Ysmaýyl ýiti şa nazary bilen Misgin Abdaly synlady, soňam sesini birneme peseldip ýanynda oturan mälik-aş- şuara şeýle diýdi: — Eger-de bu kişi Misgin Abdal bolýan bolsa, onda ol ülkeleriň beýik adamlary nähilikä? Mälik-aş-şuaranyň dodaklary çalaja ýazyldy. Şa mejlisinde ilkinji gezek çykyş etmekçi bolýan myhmany – aşygy utandyrmazlyk üçin ol çalt-çaltdan ýuwaşja pyşyrdap jogap berdi: — Olar meniň hökümdaryma meňzeýän bolaýmasalar. — Bu-da hiç neneň däl. Misgin Abdal ýene-de bir gezek hökümdara hormat bilen baş atyp, ep-esli aralykda durdy. Onuň dilinden ikije söz çykdy: — Ygtyýar etseňiz... — Rugsatdyr! — diýip kazylaryň iň ýaşulysy jogap berdi. Üç kirişli sazyny döşüne gysyp, aşyk eliniň ýeňiljek hereketleri bilen tarlara kakyp goýberdi we ýuwaşja ýöräp märekäniň öňünde aýlanyp ugrady: Diňe saňa umydym bar, eziz dost, Goldaw berip, eýle bizi ser-u-mest. Sojap demim alsam, iňleýär daglar, Ýatlar gülüp, ýakynlarym gan aglar. Düldüliň üstünde sen, eliňde gylyç. Şirleriň şiri sen, edýärsiň hyruç. Kömek et mürşüdim – Hezreti Aly, Gözýaş edip otyryn umytsyz ýaly. Gyssanamda ýetişer sen Allahym, Senden gizläp bilmen gözümiň ýaşyn. Abdal adym – şoň üçinem aglaýan, Arşa ýetdi, çeken ahym, nalyşym. Oturanlaryň dilinden hoşallyk sözleri ýaňlandy: «Sag bol! Berekella». Aşygyň sesi, ýerine ýetirijilik ussatlygy, ene dilde ýaňlanan goşmalaryň çeperçiligi, we hökümdaryň beýik atasyny ýadladýan setirler, sazyň çalnyş ussatlygy, oýnalan tans we däde-ozanlaryň köne däplerinden gözbaş alyp gaýdýan sypaýylyk zalda oturanlaryň hemmesiniň göwnünden turdy. Bular çyn sungata sarpa goýup bilýän adamlardy, şonuň üçin hem olar edil öz söýgüli aşyklary Gurbanyny diňleýişleri ýaly, Misgin Abdaly hem ýyly mähir, hakyky lezzet bilen diňlediler. Şygryýetiň gözelligine maýyl bolan Misgin Abdal bolsa, hak aşyklar ýaly çyny bilen joşýardy. Heňler bilen goşgylar hem täzelenýärdi, ol goşmadan tejnise, tejnisden gereýlä, gereýliden diwana geçip gidýärdi. Ahyrynda ol däbe eýerip, şygryýetiň her görnüşinden birki topbak okady-da goýdy. Ýene-de sag elini çep döşüniň üstünde goýup, hormat bilen baş egdi we hemmelere üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňra aşyk ýerine geçip oturdy. Lükgeligi bilen şygryýet dünýäsine gark bolup oturan şahyr-hökümdar Hataýy yşarat bilen baş kätibi ýanyna çagyryp, oňa bir zatlar aýtdy. Baş kätip haýdap goňşy otaga ugrady we eli kiçijik tekjeli hatdat bilen dolanyp geldi. Şa gaty sesi bilen aýtdy: — Ýaz! Biz ony – Misgin Abdaly öz howandarlygymyza alýarys we Sary Ýakup obasyny oňa mirasdüşerlik şerti bilen sylag berýäris. Baş kätip permanyň garalamasyny ýazdy, hatdat bolsa, dessine samarkant kagyzynyň ýüzüne geçirdi. Içi gök, gyzyl, gara, sary reňkli boýagly kinniwanja käseler, suwuk altyn we kümüş guýlan kiçijik golçajyklar tekjäniň üstünde hatar-hatar edilip goýlandy. Hatdat öwrenen endigi boýunça galamyny käsä batyrýardy we ony kagyzyň ýüzünde gezdirýärdi. Çärýek sagat geçmänkä perman taýýar boldy we baş kätip bükülip, ony hökümdaryň öňüne eltdi. Ysmaýyl gamyş galamyny bir aýlanda permanyň aşagyna goluny goýdy. Mälik-aş-şuaranyň yşaraty bilen Misgin Abdal hökümdaryň ýanyna gelip, çöküne düşdi. Ýöne, haçanda ol hökümdaryň huzuryny öpmek üçin eglende, şa-şahyr ony saklady: — Ýok-ýok ussat, gerek däl! Seniň bu günki bize beren heziliňi hiç zat bilen deňär ýaly däl. Me, al! Sen biziň ene dilimiziň şirindigini, onuň şahyranadygyny, onda ajaýyp duýgylary wasp edip, iňňän çuňňur pikirleri beýan edip bolýandygyny subut etdiň. Biziň dilimiz saza-da ýeňillik bilen goşulyşyp bilýär. Saňa we seni joşduran Ýaradana şöhrat bolsun! Misgin Abdal şa-şahryň sözlerini şadyýanlyk, uly tolgunma bilen diňledi. Edep bilen permany eline alyp, ol ony öpdi, gözlerine, maňlaýyna degrip, ýerinden turdy. Ol: — Goý seniň ömrüň uzak bolsun, goý meniň janym saňa gurban bolsun hökümdar! — diýdi. — Biziň ene dilimizi ösdürmegiň hatyrasyna edýän asylly işleriňi mähriban ýurdumyz hiç haçan ýadyndan çykarmaz. Misgin Abdal götinjekläp ýerine bardy. Şa oýa batyp dillendi: — Biziň beýik şahyrymyz bizden has öň öz şygrynda şeýle diýipdir: Baranymda säher çagy, gülzarlyga bir ýola, Uzadýar Jemşit jamyny - al bägül bir piýala. Her gül aýdym aýdýar,Ýaradanyň waspyn edip, Akyl ýetir eý dostum, diýip, bu pursata, bu hala. Bu setirler biziň dilimiziň edebiliginden, onuň şirinliginden habar berýär! Мöwlana Ahun Ahmet aýtdy: — Hökümdarym, parslaryň bir sözi bar: hakyky dil – araplaryňky, şygyrýetiňki - pars dili, emma türküçe gürlemek üçin köp zähmet çekmeli! Şadan öňürti masgarabaz jogap berdi: — Hiç kim öz aýranyny turşy diýip aýtmaz! — Hak aýdylan söz! Onsoňam bu nakyly kimdir bir keseki düzüpdir, şolam öz dilini şahyrana dil diýip aýdypdyr. Biziň bagdatly şahyrymyz öz eserlerinde bu soraga gowy jogap berýär. Biz şu gün şondan birini okarys. Baş üstüne ussat, gezek şygryýetiňki! Mälik-aş-şuara şygyr okamakda ussatlyga ýetişen şägirtleriniň birine bir warak kagyz uzatdy. Ýaş şahyr düýrlenen kagyzy ýazyşdyrdy. Ol rugsat soraýan şekilli hökümdara seretdi. Ýygnanlaryň arasyna dymyşlyk aralaşdy we ol Muhammet Fizulynyň Şa Ysmaýyla bagyşlan «Beňg-u-bade» poemasyny okamaga durdy: Dabarasy dag aşyp, beýgelsin şöhraty, şany. Ybraýym deý halkyna berip çöregi, nany, Jemşit bolup bagyş eýledi, bize diwany-tagty. Baý-garybyň hossary sen – alkyşlaýar il-günüň, Ysmaýyl bu şalyk tagty, Allaň beren baky bagty! Ýaş ýigit şygyr okaýardy, hemmeler bolsa üns berip diňleýärdiler. Wagtal-wagtal oňa päsgel bermejek bolup oturanlar öz öňlerinde duran honçadan nazy-nygmat alýardylar, kimdir biri bolsa duran golçalardan we badalardan şerap, şerbet we süýji suw guýýardy, kimdir biri bolsa suw çilimini burugsatýardy... Şygyr okamaklyk tamamlananda eýýäm garaňky düşüpdi. Ýöne ýgnananlar ýadamandylar. Mälik aş-şuaranyň şägirdi iň soňky toppagy okanda meýlisi hoşallyk sesleri gaplap aldy: «Aperin! Ajaýyp! Berekella! Sag bol! Kesbiňe bereket!». Şa Ýsmaýyl şatlykdan serhoş boldy. — Haýp, şeýle şahyr biziň ýurdumyzyň, onuň paýtagtynyň, meniň köşgümiň bezegi däl-dä! Goý onuň bize beren lezzeti üçin oňa ýüz eşrepi sowgat ibersinler! Mälik-aş-şuara seresaplylyk bilen dillendi: — Beýtmäň meniň Hanym! Ibermäň. Ol keramatly Hüseýniň hyzmatkäri, şonuň üçin hem ol sowgady diňe öz Ýaradanyndan dileýär. Ol – az bilen oňňut edýän adam. Gulak as ol näme diýýär: - Gömseler üstümi altyn-kümüşden – hiç kesiň öňünde bilim bükmerin. Alsalar elimden barça zadymny – muň üçin birjikde janym ýakmaryn. Goý bolsam bolaýyn iň soňky gedaý, şonda-da men baýlyklara seretmen. Garyp bolup görünsemde daşymdan, hakykatda Harun ýaly gurat men. — Haýp, biz Yragy boýun egdirip, Kerbelä girenimizde Muhammet Fizuly entäk bize belli däl eken-dä. Ýogsam, biz ony beýleki şahyrlardan hökmän tapawutlandyrardyk, onuň çekýän mätäçlikleri hakynda bilerdik... Şol pursat hyzmatkärler mejmä salyp şanyň öňünde onuň halaýan gawunlaryny dilim-dilim edip getirip goýdylar. Bu gawunlar içi buzly mis çeleklere salnyp Buharadan getirilýärdi. Ahun Ahmediň geň galyp seredip duranyny görüp Ysmaýyl hödür etdi: — Alyberiň Ahun! — Hökümdarym! «Möwsüme degişli däl zady iýmäň» diýip, gadymy lukmanlar aýdypdyrlar. Her möwsümiň öz nygmaty, miwesi we bakjasy bar. Şu däbi bozýanlaryň hassalamagy mümkin! Ysmaýyl güldi: — Men islendik iýmişden ýüz öwrüp bilerin, emma gawundan... Ahun men gowun iýmegi diýseň gowy görýän! Özem men onuň haçan getirilendigine garamazdan, islendik möwsümde-de iýýän. Ýöne menä ondan hiç haçanam zelel tapanym ýadyma düşenok. — Siziň aýdýanyňyz näme, hökümdar! Siziň ýaş bedeniňiz bar ahyryn. Üstesine-de sizi öz beýik nesilbaşyňyz goraýar. Meň bolsam şol datly Babaşyh garpyzyny hem zordan öz möwsüminde iýip bilýän. ...Sazandalar şanyň yşaraty bilen Käbiliniň mukamlaryny çalyp başladylar. Ýaş aýdymçy esasan Hataýynyň we Fizulynyň gazallaryny, il içinde giňden ýaýran hak aýdymlaryny aýdýardy. Mejlis dowam edýärdi. Indi ýap-ýaňyja Samarkantdan gelen derwüş-şahyr Saýyly gürleýärdi. Ol Samarkantda Şahyzinda, Gazyzada, Şatmülk, Emirzada, Togluktegin, aramgählerini, Hezret Hydyr, Bibihanym, Registan metjitlerini gören eken we olaryň owadanlygy barada demi-demine ýetmän gürrüň berýärdi: — Eý dünýäniň keramaty, ussalar pöwrüze we syrçaly kerpiçlerden Allanyň hem-de Pygamberiň sözlerini şeýle bir ussatlyk bilen ýerleşdiripdirler welin, hamana ol sözler misli gülüň ajaýyp çiçegi ýaly. Iň bir täsin ýeri – şol sözleriň her birini dürli taraplardan okap bolýar – ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk, çepden saga, sagdan çepe. — Şol setirlerde Alynyň ady barmy? — Ýok, Aly Murtazanyň ady o ýerde ýok. — Bizem kakamyza hem-de atamyza şolardan pes bolmadyk aramgäh gurduk, Alynyň adynam ýazdyrdyk: «Аlla – Muhammet - Aly». Şäherimiz Ardebil hem gözelleşýär, indi ol ýere gelýän zyýaratçylaryň sany-sajagy ýok. Mejlisde bolsa şanyň ygtyýary bilen eýýäm başga aşyk aýdym aýdýardy. Goşma gereýli bilen garyşyp, ol ýygnananlara aşyk Gurbany tarapyndan düzülen bir gussaly söýgüniň taryhyny aýdym edip aýdyp berýärdi: - Berda sary dönüp gitdi hyýallar, Ol şähere indi diýýärler Genje. Kalbymyň örki siz ajap gözeller, Gizlenmäň-ä, goýup meni agyr ünjä… Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |