11:50 Sagadym | |
SAGADYM
Goşgular
![]() Diwarda zaňly sagadym, Gel, anyk wagt belleşeli. Garaşara ýok takatym, Ýol ugura gürleşeli. Bileje ýaşasak-da öýde, Bileräk deň ýöremedik. Bolup bilmän hem bir köýde, Bir-birege garamadyk. Sen-ä gaçdyň, menem kowdum, Ýeter ýaly däl yzyňdan. Gitdigiçe meniň kowgym, Peseldi gitdi gün-günden. Men-ä goltugym kitaply, Seň jüwi telefon eliňde. Düwme basyp barýaň batly, Geň tehnikalar egnigde. Ikimiz öňe ýöredik, Men kä yza garasam-da, Sen diňe öňe seredip, Garramaýaň, garratsaň-da. Haýran men, zaňly sagadym, Bir säginmän eňişiňe! Yzyňdan ylgap ýadadym, Boýun, seniň ýeňişiňe! 2021 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |