18:50 Sährada | |
SÄHRADA
Goşgular
Seýil edýän şat şemally sährama, Ýap-ýañyja ýagyş ýagdy şybyrdap. Meñ göwnüm gidipdir, gözel gyz, saña, Kalbymda harasat, gök deý gübürdäp. Häzir örän alyslarda sen menden, Bilýän, ýüreklermiz birigipdirler. Ak ýagşa ezilen gara saçlamdan, Hünjüler ýüzüme syrygyp durlar. Damjalara ezilen meñ saçlarym, Sypap geçýär ýagşa ezilen şemal. Tämizlik gaplapdyr şadyýan serim, Wah, meniñ ýanymda bolsadyñ şu hal! Honha, älemgoşar parlaýar gökde, Atynypdyr seniñ elwan öýmäñi, Şemal joşup aýdym aýdýar sen hakda, Heý, bilermiñ bu pursatdan doýmany?! Keşbiñe ogşaýan sada sährany, Mähir bilen bagra basasym gelýär. Gözlerme siñdirip mawy asmany, Owazlara gulak asasym gelýär. Waspyñ edip, ýazdym gazal, gyz, saña, Kalbymda harasat gök deý gübürdär. Meñ göwnüm gidipdir, gözel gyz, saña, Saña söýgim beýan etdim şygyrda. Eziz YKBAL. | |
|
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |