18:17 Şahyr | |
ŞAHYR
Goşgular
Atamyrat Atabaýewe Şahyr sen gyzgyn ýürekli, Şahyr bilmez ownamagy. Özüñ gyzyp, özgelere. Öwredýäñ sen sowamagy. Şahyr sen aşyk ýürekli, Söýgä - orta goýduñ başy. Özüñ söýüp, özgelere, Öwredýän sen yşk-ataşy. Şahyr sen bagşy ýürekli, Başarýan sen bagşyñ heñin. Men aýtmaýyn, il-gün aýdar, Barmy ýa-da ýokmy deñiñ. Bilýärin sen aýakda däl, Adyñ mydan agyz-dilde. Ýeri, nämän edýäñ gaýgy, Barka döwet galam elde?! * * * Durdymuhammet Gurbanowa Ýüz keşbimiz meñzeş däldir, Tapawut bar ýaşymyzda. Şonda-da biz ekiztaýy, Müñ gowga bar başymyzda. Gaplañlaryñ arlan wagty, Ikimizem doglan dagda. Bir gün tänjek ýaprakdyrys, Durmuş atly belent bagda. Ganynyz gyzgyn çäge deý, Çeşme suwy deý sowuk däl. Munda müzzerip ýaşara, Biz towşan däl, biz towuk däl. Buýsanara päkligmiz bar, Baýlygmyz ýok buýsanara. Degmedige degemizok, Rahat, rahat goýsalar-a. Belent tutup garyp başy, Böwrün deşýäs men-menleriñ. Kemmegiñ güýjün göreşde, Diri wagtym men kemmerin. Egsip derdi şygyr bilen, Ýaşaýarys çekmän gepi. Guwandyrýas çyn dostlary, Oda goýýas, belki, köpi. Çyn dost diýlen köp bolmaýar, Bolmaz köp zadyñ gadyry. Özümiz ýaş, häsiýetimiz, Bu dünýä ýaly gadymy. Az däldir dodak çöwürýän, Az däl çykarjak püçege. Depämizde asman barka, Zar däldiris biz üçege. Dert-gussa bardyr ýürekde, Dost gerek ony egsere. Şem deý özümiz ýakýarys, Ýetmeris ýetmiş-segsene. Bu dünýäde uzak ýaşar, Jübüsi däl ruhy baýlar. Ogludyrys hakykatyñ, Ekizdiris ruhy taýdan! II Myhman baraly atdaşa, Dagda gezmek kalby taplar. Baş goýmasak daga-daşa, Başlar daş deýin gatapdyr. Durmuş ýer däl öwünere, Bir söz bes göwün döwülere, Dynç bermesek göwünlere, Gitdi beýniler ýadaplar. Käkilikler uz daranyñ, Göwni açylsyn baranyñ, Saklaly ýolun maralyñ, Çeşmeler gussadan saplar. Medet isläp daga çyklar, Kalbyñ sypar "Babajyklar", Dostlar bilen duşuşyklar, Är ömrüne ýyl hasaplar. * * * Dünýä kyndyr düşünerden, Bardyr oña düşünenler. Enä dogry düşünseñ, Düşünersiñ bu dünýä. Ata dogry düşünseñ, Düşünersiñ bu dünýä. Dünýä düşünseñ dogry, Bolarsyñ iliñ ogly. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |