20:25 Şahyr | |
ŞAHYR
Goşgular
Şahyr ýa söýmeli, ýa-da ölmeli, Yşk onuň kärinde — hyzmatynda bar. Men kän söýýän, näletleme sen meni, Aşyk bolmak meniň kysmatymda bar. Söýmek üçin şahyrlara gyz gytmy? Binesip men dünýäň rahatlygyndan, Kämahal yrsarap, bolsam yzgytsyz, Ana, munym ylham gahatlygyndan. Men ýa-ha söýmeli, ýa-da ölmeli, Söýgüsiz ylhamym ganatyn ýaýmaz. Munuň üçin hiç gabanma sen meni, Ol gyzlaryň birem meňki bolaýmaz. Ölçejek zat ýokdur meň yhlasymy, Aşyklykdan belent guwançly at ýok. Ol ylahy, ol hudawy ylhamy, Gözellikden başga oýarjak zat ýok. Getirsem söýgüden kän çemen baglap, Sen meni öýdermiň şeýle ahlaksyz? Hüýli çaga ýaly ýok zada aglap, Sag janyňa ölüp gitmek aňsatmy? Söýmesem, bar zadyň gyzygy gaçýar, Yşk bolsa, dünýäde hiç bir zat kyn däl. Maňa şeýle gözel gyzlar sataşýar, Olary söýmezlik asla mümkin däl. Bize şu tarhanlyk berlipdir hälem, Bu zatlar Ýusubyň kyssasynda bar. Şahyry gabanmak bolmaýar, läläm, Aşyk bolmak onuň kysmatynda bar. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýa, Rep, hemişe lutpuňy et rehiýema maňa... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |