15:37 Meniñ şygyrlarym | |
MENIÑ ŞYGYRLARYM
Goşgular
![]() Şygyrlarym ýürekdäki ganymdyr, Duýgularym güwläp ýanan ot ýaly. Olardan aýrylmañ, olar janymdyr, Olar meniñ durmuşymyñ ak ýoly. Olarsyz durmuşyñ ýok gam-gussasy, Şygrym dälmi şat durmuşyñ kyssasy. Şygyrlarymda men çekýärin hasrat, Döke-döke gözden gyzgyn ýaşymy. Käte bolsa görýänsiñiz bolýan şat, Guwanç bilen belent tutup başymy. Men wasp edip agalary ýazamok, Hars urup gözlämok şany-şöhraty, Illere düşnüksiz şygyr düzemok, Gözeldir şygyrlam, ýönekeý gaty. Ýazan şygyrymy halka bagş edýän, Mydama kinesiz ýürekden syzyp. Halk ýaşaýşyn setirlerme nagş edýän, Olañ durmuşynyñ manysyn ýazyp. Abul-Kasam ŞABBY, tunis şahyry. Terjime eden: Ö.Babaýew. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||