10:03 Şahyr we döwür | |
ŞAHYR WE DÖWÜR
Edebiýaty öwreniş
Bu ýazgylar edebiýat we durmuş baradaky täsirlerimden, içgepletmelerimden emele geldi. Ýazgylar çärýek asyryň ýandepderçeleriniň, depderleriniň sahypalaryndan seçilip alyndy. Bu sahypalar uzak wagtyň dowamynda ýakyn syrdaşym bolupdylar: kähalatlarda olara özümiň iň mukaddes, iň pynhan syrlarymy ynanypdym. Ýöne ol syrlar näçe pynhan bolsalarda, men olaryň hiç haýsynyda diňe özüm üçin bellik etmändim. Dürli ýygnanyşyklarda, duşuşyklarda, kärdeşlerim bilen bolan çaýlaşyklarda olaryň birnäçesini orta atypdym, jedelleşipdim, ylalaşypdym, ylalaşmandym... Indi,her niçikde bolsa, ýarym asyr beýläk atyldy. Bu ýaş, nähili bolanlygynda-da, özüňden kiçilere, deň-duşlaryňa ony-muny aýtmaga belli bir derejede hukuk berýär. Ýazgylary edebiýat baradaky, durmuş baradaky aýratyn bölümlere bölmezden, gatyşdyryp ýerleşdirmegi makul bildim. Ony men edebiýat bilen durmuşyň aýry-aýry zatlar däl-de, bütewi bir zatdygyny nygtamagyň hatyrasyna şeýtdim. *** Öz-özüňi kämilleşdirmek, her günüň ahyrynda özüňi derňewden geçirmek juda zerur bolsa gerek. Men şu gün il-günüm üçin nähili peýdaly iş etdim? Şu gün niçiksi hatalar goýberdim? Ynsabymyň öňünde ikilik etdimmi? Öz-özüňi ýazgarmak, goýberen hataňy boýnuňa almak, bu, elbetde, ýeňil zat däl. Ýöne kämillik diýen zat nämahal, kime aňsat düşendir öýdýärsiňiz. *** Täze pikirler, täze kapyýalar, täze meňzetmeler… Elbetde, her bir täze zat (her neneňsi kiçijik bolanlygynda-da) awtora aňsat düşmeýär. Sen olary tapanyňa kanuny guwanýarsyň. Wagt geçýär. Bir görseň, seniň şol täze tapyndylaryň başga şahyrlaryň «sürülerinde» mäleşip ýör. «Ogrulyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar» diýlişi ýaly, soňra sen şol goşgularyňy bir ýerde okap bermekçi bolsaň, öz tapan täze zadyňdan özüň utanýarsyň. Diňe utananyň bilen oňuşsada boljak. Okyjylaryň biri tarsa ýerinden turup: «Şahyr, bu okap duran zatlaryň hemmesi ogurlyk!» diýer öýdüp gorkýarsyň. *** «Pylan şahyryň äheňi boýunça», «Pylan şahyrdan» (ýagny S. Marşakdan, M. Swetlowdan, Ý. Smelýakowdan…) diýen ýaly öýkünme ýada terjime häsiýetli goşgulary döretmäge, elbetde, her bir şahyryň hukugy bardyr. Ýöne şeýle hukukdan hyýanatçylykly peýdalanmak gadagandyr. Marşakdan, Smelýakowdan…diýmek üçin, ilki bilen, şahyryň moral hukugy bolmalydyr. O zeýilli goşgular seniň ömürboýy ýüregiňde berç alyp duran, çykmaga wagt, mümkinçilik tapman duran oý-pikirleriňi daşyňa çykarmak üçin delil hökmünde hyzmat etmelidir. Şol goşgularyň haýsyda bolsa belli bir tarapyny, ýagny öz döredijilik ýada durmuş tejribäňe aýratyn ýakyn hemde eziz tarapyny has güýçlendirip biljegiňe, ony öz halkyň söýgüli eserine, täze bir baýlygyna öwrüp biljegiňe azda-kände gözüň ýeten mahalynda − diňe şeýle halatda şol hukukdan peýdalanmak bolar. Başgaça aýtsak, şeýle öýkünmeler ýada terjimeler seniň pikir, zehin garyplygyňdan dälde, olaryň bolçulygyndan emele gelýän önümler bolmalydyr. *** Bir ýaş şahyr şeýle diýdi:«Başga şahyrlaryň kitaplaryny köp okamak meniň goşgularyma zyýan ýetirýär: men olaryň täsirine düşýärin-de, şondan çykyp bilemok». Ýok, bu beýle däldir. Diňe az okaýan adamlar täsire düşerler hemde şondan çykyp bilmezler. Beýle ýaş şahyrlaryň howsalasy maňa düşnükli. Olar Garsia Lorkany okap iki goşgy, Trýapkini okap − dört goşgy, Rilkäni okap sekiz goşgy ýazýarlar. Ýöne olar hemä şol şahyrlary okasalar, onuň daşyndanda türkmen, rus, dünýä edebiýatynyň iň ajaýyp eserlerini gaýtadan hetjikläp, şondan soň bir goşgy ýazsalar, onda olar hiç haýsysynyň täsirine düşmezler. Bu adaty durmuşdada şeýledir. Dünýäniň gözel şäherleriniň diňe ýekejesini gören adam, diňe ýekeje şäherlik gürrüň edip biler. Ýüzlerçesini gören adam − ýüz esse baýdyr. *** Söýgüli şahyrlaryň goşgularyndan epigraf alynýar. Käteler weli şol epigrafy okanyňdan soň, onuň aşagyndaky goşgyny okasyň gelmeýär. Sebäbi epigraf goşgyny açýar. Emma bu onuň tersine bolmalydyr: goşgy epigrafy açmalydyr. *** Galamdaş ýoldaşlarymyň biri poemalarymda, goşgularymda gabat gelýän käbir kiçijik rowaýatlar hakynda şeýle diýdi: «Ozal eşiden bolsam, şol rowaýatlary, wah, men goşga geçirerdim!» Men ýylgyrdym. Jogap bermedim. Ýöne jogap beräýen bolsam, şeýle diýmelidim: «Olaryň köpüsi köne rowaýat däl: özüm oýlap tapdym». Dogrudanam, rowaýatlary, nakyllary döredýän − halk. Bizem halkyň wekili. Diýmek, olary döretmäge biziň hem hukugymyz bar. *** Käte käbir uly şahyrlary wagyz-nesihat, didaktik äheňli goşgulary ýazýanlygy üçin ýazgarýarlar. Emma uly şahyrlaryň birnäçesi ömrüniň belli bir etaplarynda şeýle goşgulary ýazmakdan saklanaýyn diýsede, saklanyp bilmez. Beýle goşgular köplenç halatda diňe goşgy ýazmak keýpjagazyndan dälde, has ulurak zerurlykdan gelip çykýar. Bu zerurlyk Magtymguly, Mollanepes, Nowaýy, Rudaky, Sagdy, Haýýam ýaly Gündogaryň beýik şahyrlary hakynda aýtmanymyzda-da, Puşkin, Geýne, Şiller, Gýote, Petef ýaly beýik şahyrlary hem (ýewropa poeziýasyna didaktika mahsus bolmasada!) şeýle häsiýetli goşgulara ýüzlenmäge mejbur edipdir. Puşkiniň «Ýadygärlik», Mollanepesiň «Ner gezgin» ýaly wagyz-nesihat häsiýetli goşgulary ol şahyrlaryň döredijiliginiň täjidir. Olary şolarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. *** «Haýsy gazete, haýsy žurnala, haýsy goşgular ýygyndysyna seretseň ─ söýgi, söýgi, söýgi. Beýleki temalardan ýazmak gerek...» diýýäris. Haýsyda bolsa bir temany başga bir tema garşy goýmagymyz nädogry bolsa gerek. Bir ussa dutar ýasamaga ökde bolsa, ony araba ýasamaýanlygy, başga bir ussa araba ýasamaga ökde bolsa, ony dutar ýasamaýanlygy üçin aýyplamak, megerem, döredijilik ýörelgelerine tersdir. Söýgi temasyny çäklendirmek hakynda hiç hili gürrüň bolup bilmez. Gürrüň bolandada, ony diňe öz hasabyna − gowşak işlenilişiniň hasabyna çaklendirmek bolar. *** Täze gazet. Iki goşgy. Hemme zady ýerbe ýer ýaly, okap çykýarsyň — özüne çekmeýär, ynandyrmaýar. Diňe ynandyrmazlygyda däl, birhili ýakymsyz täsir döredýär. Näme üçin beýlekä? Birinjisinde − agras äheňde aýdylmaly zat degişme äheňinde aýdylypdyr. Ikinjisinde − degişme äheňinde aýdylmaly zat agras äheňde berlipdir. Diýmek, goşgularyň ritmi olaryň temasyna mahsus däl. Has düşnükli bolsun üçin öz tejribämden bir mysal almakçy. Megerem, bu mysal başlangyç şahyrlar üçin «görkezme esbap» hökmünde kömek eder. «Taýmaz baba» poemasyny men ilkibaşda şeýle ritmli setirler bilen başlapdym: Aýlansaň-da ýüzläp-ýüzläp obany, Tapaýmarsyň Taýmaz kimin babany. Onuň gapdalynda epseň dyzyňy, Aňsat-aňsat küýsemersiň yzyňy. Bu setirler meniň maňzyma batmady. Näme ýetmeýärkä? Kapyýalaryda saz. Bogunlaryda düzüw. Pikirleride dogry. Emma bir ýerinde galplyk bar. Özüne çekmeýär, täsir döretmeýär. Bir gün Aşgabadyň baýyrlarynda gezelenç edip ýörkäm şeýle setirler öz özünden agzyma geldi: Aýlansaň-da oba-oba, Taýmaz ýaly bälçik baba Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň. Bir otursaň, gapdalyndan Aňsat-aňsat gopaýmarsyň. Öýümize ylgadym. Poemanyň yzy şaglap gitdi. Indi hemme zat düşnüklidi: eseriň mazmunyna kybap ritmini tapmak gerek ekeni. *** Eserleriňi gysgaltmagy başarmak edebiýatda esasy zatlaryň birimikän öýdýän. Olary golýazma görnüşinde-de, maşynkadan çykanyndan soň hem rehimsiz «kesmegi» başarmaly. Bu örän agyr zat. Men ony öz tejribämde-de köp sapar synap gördüm: «Ata we ogul» poemasyny gutardym edenimden soň, onuň sekiz ýüz setirini bir zarbada kesdim. «Aýal bagşy» poemasy «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap bolanyndan soň (kitaba girizmek üçin) onuň bäş ýüz setirini peje taşladym. Käbir ýoldaşlarym oňa gynandylar. Elbetde, meniň özüm olardanam beter gynandym. Ýöne şeýtmek juda gerekdi. Eseriň sagdynlygynyň, kompozisiýasynyň hatyrasy şony talap edýärdi. *** Şahyryň kämillik ýoluny üç basgançaga bölüpdirler. Şahyr birinji basgançakda sada ýazýar. Ikinjide − çylşyrymly. Üçünjide − ýenede sada. Köp goşguçylar birinji basgançakdan, ýagny «jögi sadalykdan» ýokaryk geçip bilenoklar. Üçünji basgançak − hemmeler üçin düşnükli ýokary sadalygyň basgançagy. Ol basgançak birinji, ikinji etaplarynyň sapaklarynyda özünde jemleýär. Şahyryň şol basgançaga ýetýänçä çekýän azabyny «üç ölüp, üç dirilmek» bilen deňeşdirse bolar. Aleksandr Twardowskiniň döredijiligi şonuň iň uly mysalydyr. Ýöne ikinji basgançakda hem üstünlik gazanyp bilýän şahyrlara gabat gelinýär: Pasternak, Zabaloskiý we başgalar. Olar özleriniň ägirt talanty arkaly çylşyrymly poeziýanyň içindäki ähli mümkinçilikleri ulanyp, ony okyjylar köpçüliginiň epesli bölegi üçin uly poeziýa öwrüp bilipdirler. Ýöne şolar hem hemmelere düşnükli, sada poeziýanyň arzuwynda bolupdyrlar: onuň täze mümkinçiliklerini gözläpdirler. *** Şahyrlar Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew... biziň öýümizde täze goşgularyny okaşyp otyrdylar. Ýaş şahyrlarymyzyň ýenede biri gapydan girdi. Goşgulary esli salym üns bilen diňledi-de, özide goşgy okamaga isleg bildirdi. Okan goşgularynyň hiç hili täsir döretmedigini aňdymy, nätdimi, ol nägilelik bilen ýüzümize seretdi: − Wah, menem siziň okaýşyňyz ýaly okap bilýän bolsadym, onda meniň goşgularym hem oňat bolup görnerdi. Arman, men öz goşgularymy siziň okaýşyňyz ýaly okap bilemok. Gara Seýitliýew birgeňsi ýylgyrdyda, onuň iki sany goşgusyny elinden garbap aldy. Ikiüç sapar içinden okap çykdy. Soňra bolsa özüne mahsus owadan, owazly sesi bilen ussatlarça okap berdi. Emma goşgular öňküsiçede täsir döretmedi. Gaýta gowy okaldygyça, göýä rentgen apparatyna tutulýan ýaly, olaryň kemçilikleri has ýalaňaçlanyp görünýärdi. Erbet goşgulary henizem erbet okaýyş halas edýär. *** Öňde bir şahyr özüniň iş stoly üçin 100 sany tahyl ýasadypdyr. Her goşgusyny ýazyp bolan badyna, ony ikinji tahylyň içine atypdyr. Soňra täzeden işläp, üçünji tahyla taşlapdyr. Onsoň her gezek ýaňadandan işlände, ýene-de dördünji, bäşinji, altynjy... tahyllara geçiripdir. Şeýdip-şeýdip her goşgusyny ýüzünji tahyldan çykarandan soň ─ diňe şondan soň çapa hödürläpdir. Ýaşasyn ýüzünji tahyl! 1979 Kerim Gurbannepesow "Dünýä edebiýaty" žurnaly 2/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |