19:52 Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany | |
SALMAN RÜŞDINIÑ MÜNBERDE PYÇAKLANMAGY BARADA AÝDANY
Edebiýat täzelikleri
Ýazyjy pyçakly hülgendiñ "sag gözüniñ gören iñ soñky zady" bolandygyny aýdýar Salman Rüşdi 2022-nji ýyldan tas janyndan el üzmeli bolan pyçakly terakt barada ilkinji gezek çykyş etdi. Ýetmiş alty ýaşly ýazyjy iki ýyl öñ Nýu-Ýorkdaky Çautokwa institutynda söz azatlygyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýada çykyş etjek bolanda birnäçe gezek pyçaklanypdy. Hüjüm "Şeýtan aýatlary" atly romanynyñ yslam dünýäsiniñ käbir gatlaklarynyñ pikirine görä dine dil ýetirmekde aýyplanyp, 1989-njy ýylda ýazyjy hakda ölým fetwasynyñ çykarylmagynyñ yzyndan bolup geçipdi. Bu fetwa bireýýäm ýatyrylanam bolsa, ýazyjyñ garşysyna abanýan howplar sowlup gidibermedi we häzir Rüşdi hülgendi bilen ýüzbe-ýüz bolanda nämeleri duýandygyny aýtdy. Ýazyjy "Diýmek senmi, ahyry geldiñmi?" diýip pikir edendigini ýatlaýar: "Uzak geçmişden gelen biriniñ meni öldürmek üçin wagtda yza (oña uzak geçmişem diýip bolar) dolap äkitmäge synanyşýan ýaly duýdum". Rüşdi Hezreti Muhammede (s.a.w) dil ýetirýän epizodlary öz içine alýan 1988-nji ýyla çap edilen romany bilen yslam dünýäsiniñ käbir gatlaklaryny ynjalyksyzlyga salypdy. Munuñ netijesinde gizlenip ýaşamaga mejbur bolan ýazyjy üstüne abanýan howplaryñ geçmişde galandygyna ynanyp täzeden köpçüligiñ öñüne çykypdy. 2022-nji ýylyñ awgustynda bolan wakada 24 ýaşynda bolan Hadi Matar Rüşdini pyçaklamakda aýyplanyp, şol wagtdan bäri tussag astynda saklanýar. Özüne ýöñkelen etmişleri boýun almasa-da, Matar yslama bolan garaýşy sebäpli ýazyjyny halamaýandygyny aýdypdy: - Men ony halamaýaryn. Ony gowy adamdyr öýdemok. Ol yslama dil ýetirip, musulmanlaryñ ynanç sistemalaryna hüjüm etdi. Rüşdiniñ reportažy terakt boýunça täze "Pyçak: Jenaýat synanyşygyndan soñky pikirler" («Нож: размышления после покушения на убийство»/"Knife: Meditations After an Attempted Murder") ýatlamalar kitabynyñ çap edilmeginiñ öñünden berildi. "Buker" baýragynyñ eýesi ýazyjy täze ýatlamalar kitabyny okanda şeýle diýdi: - Sag gözümiñ gyrasynda (sag gözümiñ gören iñ soñky zady) gara geýimli adamyñ öñümde oturan adamlaryñ sag tarapyndan maña tarap ylgap gelýändigini gördüm. Gara eşik, gara ýüzli maska. Dabyrdap göni maña bakan gelýärdi. Edil ýöne zymdyrylyp gelýän raketa ýalydy. Dogrymy aýtsam, öñ kämahal gandarymyñ halka açyk çykyşda ýa-da başga bir ýerde orta çykyp, meniñ üstüme şular ýaly görnüşde gelýändigini göz öñüme getiripdim. Şonuñ üçin meniñ üstüme ylgap gaýdan bu ýüzünden ajal ýagyp duran adamy görende birinji eden pikirim "Diýmek senmi, ahyry geldiñmi?" boldy. Hadi Matar Salman Rüşdini pyçaklamakda aýyplanýar (AP) Hüjümden soñ Rüşdi alty aýlap hassahanada ýatmaly boldy. Ýazyjy hüjümden soñky ilkinji telewizion reportažynda "CBS" teleýaýlymynyñ "60 minut" gepleşiginde Anderson Kupere şeýle diýdi: - Meniñ janymy halas eden hirurglaryñ biri maña: "Öñ señki çüwmändir, indi nesibäñ çüwdi" diýdi. Menem "Nämesi çüwenmiş?" diýip soramda, ol maña: "Nesibäñ çüwen ýeri, saña topulan adamyñ pyçak bilen nähili adam öldürilýändigi barada hiç zat bilmeýänligi" diýdi. *"Pyçak: Jenaýat synanyşygyndan soñky pikirler" ("Knife: Meditations After an Attempted Murder") 16-njy aprelde çapdan çykmagyna garaşylýar Emma GINNESS. Şenbe, 13.04.2024 ý. | |
|
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |