20:06 Salyr soñy Sarahs -10: Hoş habar | |
HOŞ HABAR
Taryhy proza
Tüýs: “Hassasy gutuljak bolsa tebibi garşy geler” diýenleri boldy. Kethudalar entek ol ýere gitmeli adamlarynyň atlarynyam belli edip ýetişmänkäler Alyhanowyň gepleşik geçirmek üçin ýörite iberen wekili molla Sähediň özi ýanynyň adamlary bilen salam berip gapydan giräýdi. Görkezilen ýere geçip oturanlaryndan soň molla Sähet özüni tanyşdyrdy. Näme maksat bilen gelendigini, Ors hökümetiniň düýp matlabynyň nämedigini aýtdy, soňky döwrüň syýasy wakalaryny jikme-jik gürrüň berdi. Ors hökümeti we onuň syýasaty baradaky eşiden habarlarynyň dogrudygynt tassyklady. Soraglaryna jogap berdi. Käbir zatlary gaýtalap-gaýtalap düşündirdi. Apbas Mürzäniň çozuşyndan soň, onlarça ýyl bäri şol urgudan aýňalyp bilmän ondan-oňa göçüp-gonup, Watan zaryny çekip ýören adamlaryň gözüne şolar ýaly hoş habary getiren molla Sähet şol wagt Hudaýtarapyn ibrilen Jebraýyl perişdäniň hut özi bolup göründi. Şonuň üçinem, gatnaşmaly adamlaryň başlarynyň öňemdigine görä, ýap-ýaňyja öz işini tamamlan maslahat täzeden açyldy. Irimçek hem-de uzynak göwresini yranjyradyp oturan, salyryň iň okuwlysy hem ýaşulysy hasap edilýän Eýeberdi ahun Teke han bilen “üm”arkaly aň alyşdy-da, usullyk bilen daş-töweregine göz aýlady. – Abyt işanyň araky aýdyp beren tymsalyndaky ýaly biziňkiňem indi ýöräp ugran bolaýmagam ahmal: – Belki şeýle bolaýady-da... – Agzyndan Hudaý eşitsin ahun aga... – Ýa Rebbin-älemi... – diýen ýaly sesler eşidildi. Eýeberdi ahun: yzyny özüň dowam etdiriber diýen manyda Teke hana tarap baş atdy. Molla Sähediň gözüne iňňän nurana hem salyhatly görnen uzyn boýly, uzyn gara sakgally, gara çäkmenli, aksowult ýüzli, elli üç, elli bäş ýaşlaryndaky Teke han içki begenjini gizlejegem bolmady. – Bu gün biziň gökdäki dilegimiz ýerde gowuşdy. Ýap-ýaňyja-da düşen ýagdaýymyzdan çykalga gözläp, çäresini tapypbilmän otyrdyk. – Ol çat maňlaýynda oturan molla Sähede mähirli seretdi. – Ine, bu myhman ýigit bize tüýs bir garaşýan, ýöne, ýatsak-tursak ýadymyza-oýumyza düşmejek habarymyzy getirdi. Düýn-öňňünlikde gulagymyza degen, ýap-ýaňyja-da takygyny bilmek üçin adam ibereli diýip oturan habarymyzyň çyndygyny, özüniňem hut şol mesele boýunça şu ýere iberilendigini öz agzy bilen aýtdy... – Teke han uludan demini aldy-da, myhmanyň ýüzüne soragly bakdy. – Elbetde, ol ýere biziň barmaga meýillidigimiz barada gürrüň ýok. Asla biz öňki gezekler gelenimizde-de şol ýurt diýip geldik. Ýöne, hersinde-de Eýran hökümeti bizi ol ýerde oturtmady. Ol indem bizi bu ýerden goýbermez. Sebäbi biz olara bergidar. Şu ýylyň bugdaýam şolar bilen ýarpasyna ekilen. Üç ýyl bäri tohumlyk dänäni şolardan alýas. Üzlüşip bolsa bilemizok. Şu ýagdaýda dogrusyny aýtsak ogryn-a däl, dogryn gitmegem gelşiksiz. Üstesine daş-töweregimizem atly-ýaragly serbazlardan doly. Olar biziň ýekeje hereketlerimizem sypdyranoklar. Maram Orsyýede birigipdir, diýen habar ýaýraly bär-ä halys gonçlaryna gor guýulana döndi. – Han molla Sähede tarap eglip ýuwaşja pyşyrdady. – Biz bu ýerde göz tussagy. Arzy-halymyzy bolsa diňlänoklar. Gaýtam aýtdygymyzsaýy beter edýäler. – Bu zatlaryň barysyna siz baryp Alyhanowyň özüne aýdarsyňyz – diýip, molla Sähet pert-pert gürledi. – Ol size kömek eder. Eýran bilen araňyzam açyp berer. Algy-bergili meseläňizem çözer. Sebäbi onuň arkasynda Ak patyşanyň hut özi dur. Sarahsa diňe salyrlary göçürip eltiň diýenem şol. – Ak patyşamy? – Howwa-a... – Bäýip-bä-ä... – diýip, sadadygy daşyndanam bildirip duran, ýüzi goturaky agzyndan tüýküligini syçradyp gepleýän kiçiräk bir tiräniň baştutany hökmünde çagyrylan kellesi şyr takyr Otjan kel atly bir kişi oturan ýerinden molla Sähede tarap omzady. – Ak patyşa şol oturan ýerinden şu ýerdäki iki öýli salyryň aladasyny edip otyrmy?.. Molla Sähet öz gürrüňiniň köpçülige şeýle berk täsir edendigine diýseň begendi. – Howwa-a... – diýende ýüregi joşmakdan ýaňa gözlerine çyg çaýyldy. – Şonuň hut özi alada edip otyr. Bizem şonuň buýrugy bilen şeýdip ýörüs... Marydaky salyrlaram Sarahsa şoň görkezmesi bilen getirildi. Otjan kel ýene bir gezek: – Bäýip-bä-ä... – diýeninden soň, ýap-ýaňyja zarp bilen galdyran oturýerini indi usullyk bilen öňki ýerinde goýdy. – Errekgemen-nä-ä!.. Molla Sähet onuň soňky sözüne düşünmedi. Has takygy salyr şiwesidir öýtdi. Hakykatda welin beýle söz salyrda-da ýok. Asla onuň manysam ýok. Hiç zady aňladanok. Ol söz Otjan keliň öz önümi. Çagalykdan agzynyň werziş eden endigi. Bir zada garaçyny bilen geň galsa ol ilk-ä usullyk bilen kükregini ýelden dolduraga-da: “Bäýipb-ä-ä...” diýip pyşgyrmaly, ýeli boşandan soňam: “errekgemenn-ä-ä!” diýip, ulyili bilen gygyrmaly. Şeýtmese ynjalyp bilenok. Ýüregi ýerine gelenok. Ýöne onuň düýbünden ýat adamlaryň, onda-da uly bir döwletiň ygtyýarly wekilleriniň ýanynda, düýpli meseläniň çözülýän wagty beýdip, ýeke özüniň alagalmagal bolup oturşyny kethudalar halamadylar. Ony çagyrandyklary, iň bolmanda sesini çykarman oturmaklygyny öňünden tabşyraýmandyklary üçin puşman edýän ýaly, gözlerini tegeleşip, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Baş kethuda Begnazar: “...Gysyp otur” diýen manyda, aşaklyk bilen öz ýüzüne seredip batly-batly ardynjyrandan soň Otjan kel ýalňyşyna düşündi, gyzaryp aşak bakdy, oturan ýerinde götinjekläp yza süýşdi, gaýdybam sesini çykarmady. Molla Sähetdir, onuň ýanyndakylar welin, öý eýeleriniň beýle oňaýsyz ýagdaýa düşendiklerini aňmadylaram. – Men indi gaýdaýyn, adamlar – diýip, myhman kethudalaryň ýüzüne ýekän-ýekän garap çykdy. – Esasy mesele boýunça gürrüň etdik. Düşünişdik. Men siziň haýyşyňyzy Alyhanowya ýetirerin. Sizem näme, öz araňyzda ýene bir gezek maslahatlaşyň, halkyňyza sala salyň, netijäňizem aýdarsyňyz-da. Ýetirersiňiz-dä... Ýöne, köp garaşdyrmaň. Howlugyň. Sebäbi bu wagt her sagat gymmatly. Hasaply. Hemme zady çözýän şol. Edilen sähelçe haýal-ýagallygyň özi döwlet möçberinde, asyrlara barabar säwlikleriň üstünden eltäýmegi mümkin. Ony köpçülik bolup ugratdylar. Soň ýene-de dolanyp öýe girdiler. Götermeligi üçin Otjan kele usullyk bilen käýediler. Ýerden ses çykdy Otjan kelden çykmady. Razylygyň alamaty hökmünde şo-ol, aşak bakyp, kellesini silkdi oturdy. Şondan soň maslahat bir gijäniň içinde indi üçünji gezek täzeden başlandy. Teke han adamlardan öňi bilen şu gelen habaryň iňňän gizlin saklanmagyny, takyk bellisi bolýança hiç kimiň, hatda öz öý agzalaryna hem duýdurmazlygyny haýyş etdi. Soň hemmeleriň göç baradaky öz gutarnykly pikirlerini aýtmaklaryny sorady. – Asyl-ha bu meseläni beýdip, çözjek bolup çekeleşip oturmalygyň geregem ýok... – diýip, giriş hökmünde onuň özi gysgaça söz sözledi. – Bu mesele öň çözülen. Maý boldugy eglenmän göterilmelidigi hemmä belli. Ýöne, tertip-düzgün diýibem bir zat bar. Islendik mesele, çözgüdi aýdyň bolaýanda-da amal edilmezinden ozal orta atylaýmaly. Maslahatlaşylaýmaly. Her kimiň pikiri diňleniläýmeli. Öňümize düşjek bolup duranam kadaly-kanunly, şaly begzadaly uly bir döwlet bolansoň bu örän möhüm... Şoň üçinem, kim näme pikir edýän bolsa aýdybermeli. Kimiň gidesi gelmeýän bolsa onam çekinmän aýdybermeli. Hemmeler Eýeberid ahunyň ýüzüne seredişdiler. Ahun köpçüligi uzak garaşdyrmazlyl üçin, çalarak ardynjyrady-da söze başlady. – Ýazmuhammet dogry aýtdy. Bu mesele maslahata mätäç däl. Çözgüdi öň çözlen. Günübirin göçmelidigem belli. Şular ýaly mümkinçiligiň dörärine biz gör, näçe wagtlap garaşdyk. Ine, indi şunam sypdyraýsak welin galan ömrümize ata-watanymyzy görmäne zar borus. Çünki, ähli türkmen taýpalary eýýäm Orsyýetiň raýatlygyna girdi. Bir biz galdyk. Hä diýmänem ors hökümeti Eýran bilen arasyny ýapar. Serhet çeker. Şeýtmejek bolsa ol onlarça ýyl bäri Eýran şasy bilen onda-munda yzly-yzyna duşuşyp, Mugan daglaryny, lenkerany, Türkmensährany öz hasabyna geçirer ýörmezdi. Şonuň üçinem, sähelçe haýal-ýagallyk etsek, serhediň bäri ýüzünde galarys. Ýeke bir Sarahsdan däl, külli türkmen topragyndan, ähli kowumdaşlarymyzdan aýra düşeris. Biri-birimize saýry ýat adamlar bolup galarys... – Eýeberdi ahun süňklek, damarlak ellerini kelteräk ýaýdy. – Ine, meň-ä aýtjak zatlarym şu, adamlar. – Diýmek, siz göçüň tarapdary-da? Gutarnykly pikiriňiz şo-da? – Howwa. Meň gutarnykly pikirim şol. – Ýagşy-y... – Teke han oturan ýerinde göwresini dikeldip köpçülige nazar aýlady. – Ýene kim geplejek? Şol wagtam onuň gözüniň gyýgy sag gapdalynda galgaýan kelteräk bir gola düşdi. – Hä-ä... Oraz senmi? Aýtjakmy bir zat? Aýt, aýt... Baş kazy molla Oraz endigine görä gözlerini süzüp, sag eliniň inçe hem süňklek görünýän süýem barmagynam aýdym aýdýanyňky ýaly dik ýokary çommaldyp söze başlady. – “Elli gepden belli gep” adamlar – diýende, onuň sesi göwresine görä-de, dilli tüýdügiňki has inçe çykdy. – Egerde Sarahsy orslar alan bolsalar, ýaňky ýigidiň aýdyşy ýaly bize-de: gelsinler, şu ýerde diňe şolary ýaşatjak, sebäbi, şolar şu ýeriň hakyky eýesi, diýýän bolsalar, arkalarynda-da Ak patyşanyň hut özi duran bolsa, özümizem şu ýagdaýdakak bize başga näme gerek? – Ol Teke hana ýüzlendi. – Ýaňy sen rast aýtdyň, Ýazmuhammet bu ýerde çözjek bolup çyglyp oturar ýaly çiginli mesele ýok. Bar zat oň çözlen. Ras, mümkinçilik döredimi, günübirin göterilmeli... – Bolýa. – Teke han köpçülige göz aýlady. – Ýene kim? – Menem bir agyz aýdaýaýyn... Baş kethuda Begnazar özüniň gyryljak sesi bilen boguljyrap gepledi. – Birhili öňki aýdylanlary gaýtalaýan ýalam bolýan welin, şonda-da... – Ol gysymyny, agzyna guýguç edip birki ýola üsgürinjiredi. – Şol ýere baryp ornaşybilsek, ekin ekip, hasyl alyp açlykdan, horlukdan, keselçilikden, bergiden-borçdan halky alyp çykybilsek dogrudanam bize başga näme gerek? Gaýtam beýdip, bir zady müň gezek gaýtalap wagt ýitirip oturmalyň-da, häziriň özünde ugralyň. Alyhan diýilýäniň ýanyna! Niýeti ýaman bolsa Ak patyşa bize geňeşmän, Sarahsy öz orslaryndanam dolduryp bilerdi. Şeýdäýende-de onuň çekgesine çaljag-a ýok. Begnazar sözüni tamamlaryna mähetdel Teke han Meňli hanyň ýüzüne seretdi. Çalaja baş atdy. – Howwa?.. Meňli?... Sen?.. Garalygyndan ýaňa ýaňaklary ýalpyldap duran geplemezegräk gepläýende-de “pert-pert” gepleýän Meňli han çalarak gozganjyrady. Çalaragam ardynjyrady. – Umuman, aýdylan zatlar dogry. Menem elbetde, göçüň tarapdary. Men muny ähli kiçiagalylaryň adyndanam aýdyp biljek. Ýöne, ine, ýaňy myhmanyň ýanynda-da gozgaldy şol mesele Eýran bilen algy-bergili meseläni çözmän, algydaryňy razy etmän, ýüzüňi garaňka tutup, gaçyp gidibermegem-ä birhili. Ýaňky ýigidiň aýdyşy ýaly bu meselede parslar bilen orslaryň özleri gepleşip, özleri dil tapyşybilseler-ä ne ýagşy, birden, o-da başa barmasa welin... Gelşikl-ä däl öz-ä. Kyýamat güni alnymyzda goýuljak ters işi etjek bolýan-a däldiris-dä hern-ä?.. – Aý, Meňli senem-ä! Şu ikiarada-da kyýamaty orta sokan bolup, muşakgat ýazdyryp otyrsyň-ow... – diýen-de Teke hanyň aşaky dodagy eňegi bilen bilelikde titir-titir etdi. – O mesele orta goýlanog-a bu wagt. Häzir diňe göçmelimi, dälmi diýlen meselä seredilýä, halkyň şo baradaky pikiri soralýa. Gidesi gelýän-ä: gitjek, diýýä, gidesi gelmeýänem: gitjekgä, diýýä. Başga gürrüň ýok. – Göç barada men öz pikirimi aýtdym. Men şoň tarapdary. – Ine, mynyň bolýa. Ýaňky diýeniň, bolsa enşalla ertiriň özünde Alyhanyň ýanynda çözleris. Bergili mesele birýüzli edilmese, biz hakykatdanam gidibilmeris. Ol namartlyk bolar. Egerde nesibämiz göterilip gidäýsegem, heran-haçan üzlüşjekdigimizi boýnumyza alyp, gideris. Şondan soň molla Ýegenmyradyň teklibi boýunça, şu meseläni süýndürip oturmaklygyň geregi ýok hasap edildi. Teke han Abyt işana-da söz bermekçi boldy, ýöne, ol endigine görä, “myssa” ýylgyrdy-da, köpçüligiň aýdanlaryndan artyk aýdara zadynyň ýokdugyny aýdyp söz sözlemekden boýun gaçyryd. Şol wagtam Maryda oturylan döwürleri teke garyndaşlara goşulyp, Gökdepe galasyny goraýjylara kömek bermek üçin Ahala giden, Teke hanyň daşkynrak garyndaşy Öwezgeldi batyr atly daýaw, çekge süňkleri çykyşyp duran, tegelek ýüzli gabakman saryýagyz ýigit ýaýbaň egilerini ýaýkyldadyp oturyşyna bir elini ýokary galdyryp, maslahaty ýapmak üçin ýaňy bir agzyny açan Teke handan söz sorady. Han rugsat berendenem gaýşarylybraga-da her kimiň ýüzüne bir garap, ýognas sesi bilen, howlukman “lepbil-lüpbülräk” gürledi. Gitmäge mümkinçilik döräni gowy zat, akgalar! Bergili meselämizem oňyn çözüläýse-hä hasam gowy. Ýöne, bir zady pikir ediň: O ýere barybam orslaryň golastyna düşjek bolsak, onda bizň Watanymyza gowuşdygymyz-a bolmaz. Bir aždarhanyň agzyndan sypyp, beýlekisiniň agzyna baranyň bilen beladan gutuldygyňam bolmaz. Ýurdumyzyň mazasynynam bilmeris. Çünki, Watan biziňkem bolsa, eýesi olar bor. Biz bolsak olaryň guly borus!... Ýap-ýaňyja edilen duýduryşy eýýäm ýadyndan çykaran Otjan kel ýene-de gykylyklap başlady. – Aý, guluň guly bolandan-a orsuň guly bolanyňam gowudyr-laý... Hiç kimden ses çykmady. Öýüň içinde şeýle bir ümsümlik höküm sürdi welin, Otjan kel gepsiz-gürrüňsiz öz ýagdaýyna düşündi. Ýerliksiz gepländigini, asla özüniň ara goşularynyň islenmeýändigini, halanmaýandygyny ýene bir gezekaňdy. Şonuň üçinem, çym-gyzyl boldy-da, edil öňküsi ýaly aşak bakdy oturyberdi. Öwezgeldi batyr sözüni dowam etdi. – ...Men şunuň şeýle boljakdygyna yşanýan. Sebäbi, gözüm bilen gördüm şolaryň nähili rehimdardyklaryny. Olar tekeleri şeýle bir gyrdylar, ne ýaş, ne garry, ne aýal, ne erkek hiç kimi gaýgyrmadylar. Gala synansoň, halk açlykdan ölmezlik üçin, öz gallalaryny olardan diläp almaly boldular. Olar Gazawatdaky türkmenlerem şeýtdiler. Hazar deňziniň ýakasyndaky ýomutlara-da ilki bize berişleri ýaly süýji söz, boş wadalar berip, soň, aýaklary ýer ruransoň işikdäki düýelerine çenli “bagyrdyp” ellerinden aldylar, üstlerindäki gara öýlerine çenli sypyryp alyp gyş oduny edindiler. – Öwezgeldi batyr uludan dem alyp oturşyna töweregine göz aýlady. – Gepiň gysgasy olaryň zalymlyklary gajarlaryňkydan kän beter. Bular-a gyssanan wagtyň tohumlyk däne berýäler, ýagşy-ýaman ýer berýäler, olar bolsa gaýtam duluňdakynam syryp-süpürip alyp gidýäler... – Gökdepede uruş boldy, Öwez!... – diýende molla Orazyň sesi öňkülerdenem kän çasly çykdy. – Uruş bolan ýerde bolsa gyrgynçylygam bolýar, ýykgynçylygam. Talaňçylygam bolýar, diýdimzorlugam. Egerde Apbas Müräniň Sarahsa eden çozuşyny gören bolsaňyz, onda gajarlary orslara görä ynsaply saýmazdyň. Umuman o zatlara ors bolsun, hyrs bolsun, pars bolsun halk däl-de, uruş günäkär. Sebäbi urşuň edähedi şeýle. Ýüzi, häsiýeti şolar ýaly. – Molla Oraz öňünde duran okarany eline aldy, içindäki paşyrdap duran düýe çalyndan owurtlap bokurdagyny ölledi. – Ýöne, olar ýaly zadyň hiç birinem indi senem görme, Alla jan hiç kime-de görkezmesin. Elbetde ahally garyndaşlara eden jebirleri üçin orslar günäkär. Oňa söz ýok. Hudaý olara iru-giç göz görkezer. Tekeleriň aşa mertlik, gahrymançylyk görkezendiklerem çyn. Ýeňiljekdigiňe, güýç, ok, däri, ýarag taýdan asgyndygyňa gözüň ýetip durka-da şolar ýaly uruş serenjamlary ähli tarapdan üpjün patyşalyk goşunyň garşysyna eliň ýalaňaç gylyçly çykmak her kesiň babaşarjak işem däl. Ýöne, şolar welin, şony şeýtdiler. Şol, seň diýýän günüňe düşjeklerini bilip duranam bolsalar etdiler şony. Watan diýip jan berdiler, jan aldylar. Gan dökdüler. Orslaram ony gaty gördüler. Sebäbi, basybalyjynyň edähedi şeýle! Öňünden “lepbeý” diýip, eliň duz-çörekli çykmasaň halanok. Gaty görýä. Şonuň üçinem, şol ýerde şeýle boldy. Ýaňky seň agzap geçen aýylganç wakalaryň ýüz berdi... – Molla Oraz: köp gepleýän-ä däldirin, diýen manyda Teke hanyň ýüzüne seretdi. Ol hem: aýdyber diýen terzde yşarat edenden soň sözüni dowam etdirdi. – Ýöne, ine, maryly garyndaşlar welin, düýbünden başgaça hereket etdiler. Uruşsyz boýun boldular. Biz olaryňka-da däl diýip bilmeris. Sebäbi olar urşuň netijesizdigine Gökdepäniň mysalynda göz ýetirdiler. Halky gyrgynçylykdan halas etdiler. Ýa-da ine, alyp görsek, ärsary türkmenleri Buhara bilen, saryklar bolsa Mary bilen bilelikde birikdiler. Kenarýaka ýomutlar-a baryp-ha nä wagtlardan bäri Orsyýetden raýatlyk sorap başladylar. – Molla Oraz Öwezgeldi batyryň ýüzüne çiňerildi. – Görşüň ýaly batyr her kim, her zaman öz ýagdaýyna, döwrüň, syýasatyň ýagdaýyna görä hereket edýä. Bizem şöýtmeli. Başga ýagdaý ýok. Çünki, göreşde-de, söweşde-de, syýasatda-da kim güýçli bolsa şol ýeňýä. Ýeňen adamyňky welin ýalňyşam bolsa dogry bolýa. Ýeňleniň asla gepi diňlenmeýärem, ýolam almyýa. Türkmenler ýöne ýere: “Agzy gyşygam bolsa baý ogly gürlesin” diýen däldir. Çünki, ejiz bolup güýçliniň ýanynda gürleseň seňki hakam bolsa özüň günäkär borsuň. Özüňi uranyň palta hakynam tölemeli borsuň. – Molla Oraz gurak-gurak ýuwdundy. Ýagdaý şeýle, ýöne nätjek, aýagyňy ýorganyňa görä uzadaýmasaň başga çykalga ýok. Şu wagt ortarada somalyp galan bir biz. Biziňem urşara-ha ýagdaýymyz ýok. Asyl ors hökümeti “urşaly” diýip üstümize dyzabam duranok. Gaýtam: geliň, kömek edeýin, Watanyňyza eýe edeýin, diýip, çagyryp dur. Onsoňam eger-de ahally serkerdeler şolar ýaly ganly çaknyşyklardan soňam ors baýarlary bilen barlyşyp, saçaky gatnaşyp ýören bolsalar, Dykma serdar, Magtymguly han, Gulbatyr serdar ýaly şol urşa ýolbaşçylyk, orsuň men-men diýen ýanarallary, bolköýnekleri bilen döş direşen adamlaram bu gün olar bilen ýaraşyp, Ak patyşanyň huzuryna gidip-gelip, hyzmatyny edip ýören bolsalar biz nämüçin ikirjiňlenmeli? Egerde aňyrlarynda bir bet niýetleri bolup, onam häzirlikçe bildirmeýän bolsalar onda onçasyny soň görübiris. Öwezgeldi batyr dişini gyjap ýüzüni kese sowdy. –Soň başga zat göräýmeseňiz, Oraz akga... Molla Orazyň beýnisiniň içinde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Inçemik göwresi elenip gitdi. Hernäçe syr bildirmejek bolsa-da gatyrgananyny bilmän galdy. –Aý, Öwwi han... – diýende sesi juda ynjyly çykdy. – B... B... Birinjiden-ä edep sakla. Ikinjidenem gepiň manysyna düşün. Ýa şu aýdylanlardan başga ýol, çykalga bamy? Bilýäňmi? Aýt, bilýän bolsaň... Ýa gidesiň gelenokmy Sarahsa? Gal onda... Ýöne, gep bu ýerde sen ýa men barada däl-de, uly il barada barýa... Adam iki ädim ätjek bolsa, öňürti hökman şoň birinjisini ädäýmeli. Başga ýagdaý ýok. Indi birneme deminden düşüşen Öwezgeldi batyr diňe şondan soň ýan berdi. Menem ýaňky zatlary göçe garşy bolanym üçin däl-de, häki bir maglumat üçin aýtdym, Oraz akga “Orsdan ataň bolsun, biliňde paltaňam bolsun” diýen nakylyň ýöne ýere döremändigini ýadladaýaýyn, diýdim. Şol zatlar barada hem birazajyk oýlanyp görmegiňizi isledim. Batyr ýigit bilen kazynyň arasynda bolup geçen bu agyr hem gussaly gürrüňden soň geplän bolmady. Hatda Teke hanyň özem esli wagtlap aşak bakyp içini hümletdi oturdy. Diňe, ýola düşmek üçin gitmeli adamlaryň kim-kimlerdigini basymrak belli etmek baradaky teklip orta atylandan soň köpçülige täzeden jan girdi. *** Şol gijäniň özünde ýola düşdüler. Her kim öz ýanyndan öňde duran mesele, düýnden bäri yzly-zyyna üç gezek geçirilen maslahatdaky edilen gürrüňler, orta oklanan pikirler, esasanam Öwezgeldi batyryň janyndan syzdyryp aýdan sözleri barada içinden oýlanyp barýar. Bolar-boldajyny, geler-geldejini öz aň mümkinçiligi boýunça ölçerýär, dökýär. Ugruna çykylan bu işiň soňunyň näme bilen gutarjakdygyna göz ýetirmäge çalyşýar. Diňe Pulhatyn köprüsine gelenlerinden soň barysynyň dili açyldy. Çünki, haçanlar bina edilendigem bilinmeýän bu ajaýyp desga gije bolsun, gündiz bolsun, uly ýa kiçi, aýal ýa erkek bolsun tapawudy ýok, duşundan geçeni biparh goýmaýar. Kalbyny gozgaýar. Bilesigelijiligini artdyrýar. Sungata bolan söýgüsini joşdurýar. Ol barada bir zatlar eşidesi, bilesi gelýär. Ilkinji gezek görýän adam bolsa hökman onuň üstünde düşleýär. Dürli taraplarynda durup içgin-içgin synlaýar, aşagyna girip çygjarmakdan ýaňa damjalary bulduraşyp duran hüjrelerini, edil düýn-öňňün gurlan ýaly tämiz hem berk görünýän daş diwarlaryny uly höwes bilen synlaýar. Sowuklaç, çygly hem hoştap howasyndan dem alýar. Köpleriň gözi bilen görmedik, ýöne, owazasyny eşidip, görmekligi höwes edip ýören zadyny görendigine buýsanýar, şeýle bagty miýesser edendigi üçin ykbalyndan minnetdar bolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Ýolagçylaryň arasyndan ilki “hümür-smür”, soňam ondan-mundan gep-gürrüň eşidilip başlady. Öňi bilenem Molla Orazyň inçejik sesi çykdy. Ol gadymy köprüniň garaňkyda sudur bolup görünýän keşbine seredip özünden – özi: – Büýem-ä ýat bolup galar-ow, Sarahsa göçsek, – diýdi. Muny hiç kim eşitmese-de, atyň üstünde irkiljiräp gelýän Begnazar eşitdi. Ol tisginjiräp gözüni açdy-da, alasarmyk halda, bolşundanam beter boguljyrap gepledi. Nämol? Näme ýat bolar? Kim ýat bolar? Köpri. Pulhatynmy-y?.. Howwa. Bä-ä... Eýýäm şoňa geläýdikm-aý?.. – Begnazar köprä tarap boýnuny süýndürip seretdi-de, ýene-de molla Oraza sorag berdi. – I-i... Nämüçin ýat bolsun ol? Ger durarys-a... Nädip geljek Orsyýete raýat bolsaň? Ukudan açylyşan bolsa gerek, Begnazaryň sesi birneme durlanyp başlady. – Hä, bolaňda nä?.. – Bolsaň bu ýere gelibilmersiň. Sebäbi Eýran muny özüne alar. Bu serhediň bärisinde galar. – Sen serhediň nireden çekiljegini näbilýäň? – Ýaňky gelip giden ýigit aýt-da, Tejen derýasy serhet bolmaly diýd-ä. – Bolsa bolubersin, barybir ors muny Eýrana bermez! – Ýa , senem-ä!.. Ors bu ýere ýaňy geldi. Eýran bolsa muňa müň ýyl bäri eýelik edip otyr. Onsoň bereri-bermezi bormy oň? Osoňam kim gurduran bolsa eýesi şol bor-da. – Eýran gurduranmyşynmy muny? – Onda kim gurdursyn. Ady aýdyp dur-a, Pulhatyn diýip. Aýduwlaryna görä muny Eýranly bir baý, pully aýal gurdurypdyr. Şoň üçinem, Pulhatyn, ýagny, Pully hatyn diýlipdir. Diýseň-diýmeseň Oraz, hatynam, pulam pars söz-ä däl bolmaly. Ikisem türki söz. Parslar aýala hatyn diýenoklar-da “zen” diýýäler. Pula bolsa tümen diýýäler. Şonuň üçinem munuň adyna seretseň-ä biziňkiler gurduran bolmaly. Ýöne “pul” sözi bu ýerde köpri manysynda gelýän bolsa onda hakykatdanam parsça bolýa. Çünki, “pul” diýmek parsça köpri bolýa. Şoň üçinem, manysy “pully hatyn” bolanok-da, “hatynyň gurduran köprüsi” bolýa... Ýöne, haýsy hatyn? Kim ol? Ine, şol welin belli däl. Şundan artyk jedel edere Begnazaryňkyça-da gory bolmadyk molla Oraz gylyjyny gynyna salyp gyra çekilmek bilen boldy. – Aý, biziňk-ä bir eşitmiş how, Begnazar. Haýsynyň dogrudygyny welin, Hudaý bilsin. Olaryň tas ula ýazan jedeli hemmeleri ukudan açdy, özüne çekdi, gyzyklandyrdy. Teke han gapdaly bilen jylaw deňläp barýan Abyt işana ýüzlendi. – Sen näme pikir edýäň bu barada, Abyt? Hiý takyk bir jogaby ýokmy muň seň okan kitaplaryňda. Abyr işan molla Oraz bilen Begnazaryň aýdanlaryny ret etmeli boljakdygyna gynanýan ýaly birneme böwrüni diňläp gidenden soň: – Bar han aga, jogaby bar. – diýdi. Şol wagt onuň endigine görä, “ýyrş” edenini Teke han garaňkylygam bolsa aňdy. – Köne ýadygärlikleriň hemmesiniňki ýaly taryhy kitaplarda muňňam döreýşi barada maglumat bar. – Hemmeler atlaryny debsileşip oňa golaý geldiler. Molla Oraz bilen baş kethuda Begnazar ikis-ä ony hasam alkymladylar, hatda bu geň gürrüňi eýeleri bilen deňine diňlemekçi bolýan ýaly, atlaram burunlaryny arçaşyp, gulaklaryny keýerjekletdler. Şol dem olaryň toýnaklaram topraga degmän, howanyň ýüzünden gaýmalaklap barýan ýaly bolup duýuldy. – Munuň ady Temir leň soltanyň ogly Şahruhyň aýaly Göwherşatbike hatynyň ady bilen baglanyşykly. Ýagny, Begnazaryň Göwherşatbike hatynyň gurduran köprüsi diýeni hakykata golaý gelýä, ýagny bu ýerde “pul” sözi köpri manysynda gelýä. Özem parsça. Ýöne, dogry aýtjak bolsaň “pul” däl-de, “pool” diýmeli. Biziň dilimizdäki sowulýan puluň muňa dahyly ýok. Yzyndaky “hatyn” sözi welin türküçe. – Diýmek onda “Pulhatyn” pully hatynyň gurduran köprüsi bolanok-da, “Hatynyň gurduran köprüsi” bolýa-da? – Howwa, han aga, hut şeýle şol. Özem biri parsça, biri türküçe bolan iki sözden durýa. Özüniňkiniň hakykata golaý bolup çykanyna ýüregi joşan Begnazar gürlände sesi “şyg-şyg” edip, bokurdagyndan zordan çykdy. – Aýtdym-a men, ýaňy, şöýledir şol diýdim-ä... – Nä döwürlerde gurlan zatka bi, Abyt – diýip, häliden bäri sesini çykarman içini hümledip gelýän Meňli hanam gürrüňe goşuldy. – Biz aklymyzy bilib-ä şu-da ba. Özem gaty berk gurlupdyr. Garaňkyda eşidilmez ýa aňşyrylmaz öýtdümi, nämemi Abyt işan ömründe etmeýänini edip gaty gürledi: – Mundan dört ýarym ýüz ýyla golaý öň gurlan zat bi, Meňli akga. Kakasy ýogalandan soň Şahruh Horasan, Mazaendaran, Sistan welaýatlaryna hökümdarlyk edýä. Ol kakasynyň basyblyjylykly ýörüşleriniň netijesinde bolan ýykgynçylyklary düzetmekde, weýran bolan galalary şäherleri dikeltmekde, ýadygärlikleri abatlalaşdyrmakda meşhurlyk gazanypdyr, il arasynda uly şöhratdan peýdalanypdyr. Iň bärkisi biziň iň belet, özümize has ýakyn ýadygärlik bolan Sarahs baba kümmeti hem şol döwürde düýpli abatlandyrylypdyr. Syn etseňiz şoň öň tarapy güberçekli nagyşlar bilen bezelendir, ana, şo-da şo döwürde edilen. Onuň aýaly Göwherşatbike hatynam öz adamsy ýaly il bähbitli haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanypdyr. Şu, biziň gürrüňini edip barýan köprümizem şol gurdurypdyr. Habaryňyz bar bolsa şu wagt Maşatda Göwherşat metjidi bardyr, ana, şo-da şol aýalyň gurduran desgasy bolmaly... Abyt işan sözüni tamamlady. Esli mahal hiç kimden ses çykmady. Molla Oraz bilen Begnazar ikisi ýerli-ýerden özbaşlaryna bir zatlar diýişdiler, ýöne, näme diýendiklerini aňşyran bolmady. Her niçik hem bolsa, Abyt işanyň jogaby köp zatlary aýdyňlaşdyrdy. Ýolagçylaryň arkasyndan agyr ýük aýrylan ýaly boldy. – Be-e... Beýle eken-ow bi asyl. – diýip, Meňli han ukudan açylan ýaly bir haýukdan soň ýuwaşja seslendi. – Şu çaka çenli eşitmeýşimizi, bilmeýşimizi diýsene. – Şondan soň ol ýarym degişme bilen, Abyt işana degişli edip: – Aýdaýaňog-aý senem... – diýdi. Oňa çenlem Pulhatynyň üstüne çykdylar. Sag kenara geçdiler we Gyzylgaýanyň etegini syryp, Nowruzabadyň üsti bilen Köne Sarahsa tarap ugur aldylar. Daň saz beriberende Görogly şadessanynda ady duşýan meşhur Buldurgassap galasynyň, entegrägindenem Weýeňňäm şäheriniň harabaçylyklaryna ýetdiler. Günüň dogmasy bilen bolsa Abyl Fazl Sarahsynyň kümmeti, onuň aňrysyndan bolsa gadymy Sarahs galasy elesläp göründi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |