09:39 Salyr soñy Sarahs -11: Alyhanowyñ huzurynda | |
ALYHANOWYÑ HUZURYNDA
Taryhy proza
Podpolkownik Alyhanow salyr kethudalaryny Gowşuthangalada, soldatlar tarapyndan, Tejen derýasynyň boýundaky bol biten ýylgynlardan ýyglyp, kazarma hökmünde gurlan, käbir ýerlerinden Günüň şöhlesi geçip duran ägirt uly, giň hem beýik çalmaryň içinde kabul etdi. Musulmança salamlaşdy. Hemmeler bilen ýeke-ýeke, ikelläp görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Öňünden ýazlyp goýlan tämiz düşekçeleriň üstünde oturtdy. Duz-çörek hödür etdi. Özem olar bilen bile oturyp naharlandy. “Bissimilla” bilen başlap, töwür bilen tamamlady. Hormat goýup myhmanlara el galdyrtdy. Şol zatlardan soň myhmanlar onuň nä milletdendigini sorajagam bolmadylar. “Hä-ä, musulman ekeni...” diýdikleri bolsa gerek, biri-birleriniň ýüzlerine seredişip baş atyşdylar-da, oňaýdylar. Musulmanlar bilen şeýdip, oňşukly işleşip, iň bir wajyp meselelerinem olara ynanyp bilýän bolsalar, onda, diýmek orslaryň özlerem musulmançylyga, gepe-söze düşünýän salyhatly adamlar bolmaly. Hezzet-hormatdan soň Alyhanow öz myhmanlaryna Orsyýetiň türkmen topragyna aralaşmagynyň düýp sebäbini Orsyýet-Owganystan-Hindistan söwda ýolunyň açyljakdygy, şol ýoluň bolsa Türküstanyň, hususan-da türkmenleriň üstünden geçip gitjekdigi, şol ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmekligiň bolsa bu ugurdaky iň bir zerur çäreleriň biri bolup durýandygy bilen düşündirildi. Bu ikortada Orsyýetiň şondan başga üýtgeşik bir bahbidiniň ýokdugyny öwran-öwran tekrarlady. Başda prsça bilen türküçäni garyp gürlän hem bolsa, soň sap orsça geçdi. Molla Sähet terjime etdi. Podpolkownik ors ýaragynyň türkmen topragyna asudalyk getirjekdigini, mundan buýana Eýran tarapyndanam, Buhara ýa Hywa tarapdanam hiç hili çapawulçylygyň, alamançylygyň bolmajakdygyny buýsanç bilen aýtdy, özleriniňem şolar ýaly hereketler etmeli däldiklerini duýdurdy. Onuň: ors ýaragy türkmenlere asudalyk getirdi diýmegi häliden bäri içini hümledip oturan Öwezgeldi batyra ýakmady. Onuň ýerinden towsup turaga-da: siziň nähili asudalyk getireniňizi men bilýän, diýip gygyrasy geldi. Olar ýaly hereket etmeli däldigine gözüni ýetirenden soňam Otjan kel ýaly bar zady bir özi bulaşdyryp oturybermezlik üçin, ýüzüni bir gapdala sowdy-da, ajymtyk ýylgyrdy, iki eli bilenem başyny tutdy. Onuň içki howsalasyndan bihabar podpolkownik şol bir badyhowalygy bilen sözüni dowam etdirdi. – Biz bilýäs, az hem hossarsyz taýpa bolaňyzsoň siz köp horluklar çekipsiňiz, bir gidipsiňiz, soň ýene gelipsiňiz-de ýene-de gidipsiňiz. Sebäbi sizi bu ýerde oturtmandyrlar, oturtsalaram ynjaltmandyrlar. Molla Sähediň maňa aýtmagyna görä, siz häzirem Zurabatda göz tussagy ýagdaýynda otyrmyşyňyz. Egerde tiz wagtyň içinde göçüp gelibilseňiz welin, onda biz siziň şu ýerde ornaşmagyňyza kömek ederis. Çünki, bu ýeriň indi Eýrana dahylly ýeri ýok. Öňki gören görgüleriňiziň barysy geçmiş bolar. Siz erkin hem parahat ýaşarsyňyz. Alyhanow aýtmaly zatlaryny aýdyp boldum edeninden soň, özüňizem bir zat aýdyň, diýýän manyda Teke hana tarap gaşlaryny gerip baş atdy. – Bu ýere göçüp gelmäge biz ikelläp razy – diýip, Teke han endigine görä ýuwaşjadan hem saldamly gürläp başlady – Owalebetde barymyzyň islegimizem şol. Ýöne... Eýran hökümeti bizi o ýerden goýbermejeg-ä bor. Iň bolmanda algy-bergisini ara sokar. Şony birýüzli etmesek öz göwnümize-de jaý däl. Şonuň üçinem, göç meselesinde siz bize nähili kömek edip bilersiňiz? Esgerleriňiz bilen baryp, alyp gaýdyp bilermisiňiz? Bergimizden welin biz dänemizok. Haçanam bolsa biz ony olar bilen üzülişeris. Alyhanow çürt-kesik jogap berdi. – Ýok! Ony biz edip bilmeris. Çünki, atly-ýaragly derýanyň aňyrsyna geçmäge biziň hakymyz ýok. Ol ýerde oturan adamlary alyp gaýtmaga-ha asla-da hakymyz ýok. Bu halkara syýasatyna ters gelýär. Bir döwletiň serhetini bozup içine girmek, oňa uruş yglan eden ýaly bir zat bolýar... Öwezgeldi batyr uludan demini aldy-da, ukudan açylan ýaly gözlerini açalak-ýumalak edip başyny galdyrdy, ýüzüni ynjyly çytdy-da öz-özi bilen gürleşýän ýaly ýuwaşlyk bilen: – Gökdepä çozanyňyzda, Gazawatda ýomutlary gyranyňyzda näme şol düzgüni bilmeýädiňizmi... – diýdi. Onuň bu sözlerini Alyhanow eşitmedi. Teke han bolsa eşitmezlige saldy. Podpolkownige terjime edip bermändigi üçin molla Sähede minnetdarlyk duýgusy bilen garady. Soň gazaply nazaryny Öwezgeldi batyra tarap aýlady. Alyhanow sözüni dowam etdirdi. – ... Ýöne ine, özüňiz başyňyzy çarap derýadan bäri geçibilseňiz welin, biz sizi garşylabam, gorabam, bosgunlar hökmünde kabul edibem bilýäs. Oňa Biziň hakymyz bar. Bu ýerde esasy zat siziň öz razylygyňyz we başarnygyňyz. – Biz ony başararys – diýip, Teke han ynamly gürledi. – Biz göç-gona werziş bolan adamlar. Şu ýere gelenimizden soň goraljagymyzy bilsek galan zadyň hötdesinden geleris. Razylygymyz barada bolsa başda aýdyşym ýaly hiç hili gürrüň bolup bilmez. – Ol öz wekillerine ýüzlendi. – Dogry dälmi adamlar? – Dogry. – Biz razy. – Asyl biziň ýetip bilmän ýören arzuwymyz şol. – Ak patyşaň ömri uzak bolsun. – Özüňem sag bol. Başga-da kän zatlaryň başy agyrdyldy. Iň soňunda wekiller egerde göçüp geläýen ýagdaýlarynda özlerine ekin üçin nireden we näçeräk meýdan bölünip beriljekdigi bilen gyzyklandylar. Mümkin bolsa şol ýerleri görkezmegini Alyhanowdan haýyş etdiler. Teke han bolsa: – Ýer-suw ýeterlik bolsa men ýeke bir Zirewedäki däl, eýsem Meýmendäki begsilerem, sakarlaram Çärjewdäki salyrlaram, onda-munda ygyp-sogup ýörenlerem Sarahsa ýygnaryn – diýdi. – Şoň üçinem, bize ýer köp gerek bolar. Alyhanow şol günüň özünde olar bilen bilelikde Tejen derýasynyň sag kenaryny syryp, Sarahsdan tä, Gyzylgaýa çenli aralykdaky ekin üçin ýaramly, suw çekip bolaýjak ýerleri ýokarlygyna paý-pyýada aýlandy. şol ýerleri karta geçirdi. Birnäçe bellikler etdi. Onam ikä böldi-de, günorta-gündogar bölegini Marydan göçürilip getirilen we Zurabatdan geljek salyrlara, demirgazyk-günbatar bölegini bolsa Teke hanyň aýdyşy ýaly ondan-mundan geljeklere berjekdigini aýtdy. Ýol planşetini ýygnaşdyryp durşuna: – Entegem bu ýerleri biz size çen bilen berýäs, geljek adamlaryň sany köpeliberse, hemmä deň-derman bolar ýaly gaýtadan, başgaçarak bölmeli bolarys – diýibem sözüni tamamlady. Teke han oňa nämedir bir zatlar diýjek bolup çemelendi. Şol wagtam gulagynyň agzynda Öwezgeldi batyryň ýuwaşjadan aýdan ýangynly sesi ýaňlandy. – Ýazy akga, öz ýurdumyzda, öz ýerimizi, öz suwumyzy gaýry biriniň özümize paýlap durşuny, öz zadymyzy kimdir birinden diläp alyp durşumyzy nähili görýäň?.. Bu sözler ozaldanam jany ýanyp duran hana juda erbet täsir etdi. Gaňrylyp Öwezgeldi batyra garanda ýüzünde gahar-gazap duýuldy. Oňa ýakmazsyz bir zat diýäýerli göründi. Dodaklary müňküldäp, uzyn gara sakgaly tutuş süňňi bilen bilelikde saňňyldady. Şeýle-de bolsa ýat adamlaryň ýanynda onuň bilen dawalaşybermekden saklandy. Öwezgeldi batyryň bir özi eşider ýaly dişinden syzdyryp, diýseň sowukganlylyk bilen şeý diýdi: – Aýdýanyň dogry, Öwezgeldi. Ýöne, bir zady köp gaýtalaýaň. Onsoňam bu mesele agşamky maslahatda çözüldi. Bir zat aýtmaly bolsa aýdyldy. Häzirlikçe bizde şundan başga çykalga ýok. – uzyn göwre Öwezgeldi batyryň üstüne abandy. – Ýa özüň şu ýerleri şundan soraman alyp biljekmi? Alyp beribiljekmi? –Ýok, on-a edibiljek däl, Ýazy akga. Ýöne, meňkem bir jan durmazlyk. Edýän sapalaklaryna gözüm ýetip duransoň dymmaga kararym ýetenok. Ine, şeýdip assa-ýuwaş ýeriňi-ýurduňy, erkiňi-ygtyýaryňy mazaly eliňden alanlaryndan soň, hanlygyňam eliňden alarlar welin, soňabaka şu eden işleriňe ökünip, puşman edip, bir çetde kibtiňi gysar durarsyň. – Aljak bolsalar şu gün alaýsynlar, batyr şu hanlygy menden. Elden gidenine gynanar ýaly köşgi-eýwanly, bagly-bakjaly, arkasynda atly-ýaragly leşgerleri direnişip duran sapaly hanlyk mende öňem bolmandy, häzirem ýok. Bolmazam! Men bu zatlary hanlygyň keýpi bilen däl-de, ulusyň bähbidi üçin edip ýörün. Şony şu zar-zelillikden, tükeniksiz göç-hä-göçlükden dyndarmak üçin öňüne düşüp ýörün. Şol zatlaryň amala aşjagyna gözüm ýetse, men öz hanlygymdan şu günüň özünde döwtalap el çekmäge-de taýyn. – Ýa-ak, Ýazy akga, olar hanlygyňy senden bu wagt berseňem almazlar. Sebäbi bu wagt sen olara gerek. Iň bolmanda öňlerine düşüp salyrlary Sarahsa eltmegiň üçin gerek. Çünki, Sarahs bu wagt dawaly ýer. Olar ony Eýranyň elinden almaklygyň tärini gözleýärler. Bizi şol ýere eltip, öz raýatlygyna-da salybilse, onuň işi bitýä. Ýa-da sen olar bizi Sarahsa bolup ýörüşlerimize nebsi agyryp eltjek bolýandyrlar öýdýäňmi? Ýa-ak, özlerine gerek bolandygy üçin şeýdýäler. Işlerini bitirenlerinden soň welin, olar ýeke seň däl, ähli türkmen taýpalarynyň hanlarynyňam hanlyklaryny ellerinden alarlar. Teke han özüne erk etmek üçin beýnisine zor salmaly boldy. –Şu gün bir halky batgadan alyp çykaly. Şu gün bir özümize bähbitli tarapyny saýlap alaly, soňuny soň görübiris. Öz göwün islegimize görä hereket eder ýaly bizde güýjem ýok, kuwatam. Bolaýanda-da bizem beýleki türkmen taýpalaryndan gaýratly däldiris. Bularyň garşysyna şolaram durup bilmediler, bizem durup bilmeris. – Teke han halys janyndan syzdyryp gepledi. – Senem indi mundan artyk atyňam ýeke çapma, meň ýüregimem çişirme. – Han indi garaçyny bilen gaharlandy. – Alyhanowa tarap baş atdy. – Ýa sen häziriň özünde şuň bilen “jirk-mirk” bolmagymy isleýäňizmi? Sarahsa göçüp geljekgä, halk Zirewede galmak isleýä, siz bilen il bolasy gelenok, diýeýinmi? Şeýdeýinmi? Şeýtsem halkyň mundan buýanky ykbalyny öz egniňe alybilersiňmi?.. Irdim men indi seň şol “mydy-mydy” gyjytly gürrüňleriňden. Birneme öteräk geçenini aňan Öwezgeldi batyr hany şondan artyk tolgundyrmazlyk üçin uludan demini aldy-da, bir gyra çekildi. Olaryň diýseň dartgynly ýagdaýda bolup geçen dartgynly ýagdaýda bolup geçen özara gürrüňlerini hiç kim eşitmedi. Molla Sähedem olara tarap gulaklaryny gabardyp durmady. *** Hoşlaşmazlaryndan ozal Alyhanow salyr kethudalary bilen oturyp, göç meselesini ýene bir gezek gutarnykly maslahatlaşdy, çugdamlasy. Gelnen netijä görä, salyrlar-a haýal etmän, bu gün-erte Zurabatdan göterilmeli, Alyhanow bolsa Pulhatyndan geçilen ýerde derýanyň sag kenarynda öz kazaklary bilen kömege taýyn bolup durmaly. Her bir ediljek hereket, hususan-da göçüň ugrajak wagty birek-birege iňňän takyklyk bilen ýetirilmeli. Üýtgeşiklik ýüze çykdygy habar ibermeli. Eýran tarapy hiç zat duýmaz ýaly, mümkin boldugyndan gizlin hereket etmeli. Oňa çenlem Gün ýaşdy. Garaňky düşdi. Şondan soň wekiller-ä Zurabada gitmek üçin Pulhatyna tarap ugradylar, Alyhanow bolsa öz ýanyna alan bäş-alty sany soldaty bilen Sarahsa bakan gönükdi. Ol häzir ýadaw. Ýatasy gelýär. Ukusy tutýar. Şonuň üçinem, oňa at üstünde oturmak kyn. Şeýle-de bolsa, soňky iküç günüň içinde bitirilen işiň lezzeti, Onuň Aly hezretleri Beýik Imperatoryň hatyrasyna indiki edilmeli işleriň süýjümtik aladalary ondan entek-entekler gowşamazlygy, ruhuny sagdyn, bedenini berk saklamaklygy talap edýär. Daş-töwerek bolsa tüm garaňky. Diňe atlaryň gumaksy ýere urulýan tutuksy toýnak sesleri, burunlarynyň “parryldysy”, käte-de özara gep alyşýan soldatlaryň argyn sesleri eşidilýär. Aram-aram çyzylýan otluçöpleriň gyzgylt hem öçügsi şöhlesi soldatlaryň ýadaw ýüzlerini sähelçe wagtlyk ýagtyldyp gidýär. Temmäki tüssesiniň, onuň daşyna oralan kagyzyň ajymtyk ysy arassa howa ýaýraýar. Özüniň çilim çekmeýändigi üçin bu ýagdaý Alyhanowa gaty bir ýarap baranok. Şeýle-de bolsa sesini çykaranok. Özündenem bäş beter ýadaw soldatlara gaty-gaýrym hiç zat diýenok. Akmaýanyň ýoly açyk asmanyň ýüzünde öwrüm ýasap gözýetimde bir ýerlerde ýitip gidýär. Daş-töwerekden çarlaklaryň irginsiz sesleri eşidilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |