15:39 Salyr soñy Sarahs -12: Göçüñ geñeşi | |
GÖÇÜÑ GEÑEŞI
Taryhy proza
Alyhanowyň ýanyndan gaýdyp gelen gijeleriniň ertesi, Teke han-a Zurabatda, Meňli hanam Garadepede her obanyň ownukly-irili tiredir-uruglarynyň ýaşulylaryny, düzgünden çykmazlyk üçin Otjan kel ýaly her gezek duýduryş alyp ýörenlere çenli ýygnap, göç meselesi boýunça öňküdenem has giňişleýin maslahat geçirdiler. Mola Sähediň getiren habary, ýüze çykan ýagdaý, özleriniň şol mesele boýunça Sarahsa gidip gelişleri, ors serkerdesi bilen bolan gürrüň, gelinen netije barada giňişleýin gürrüň berdiler. Tä, goşlary daňmak pursaty gelip ýetýänçä göç barada hiç kimiň, ýanynda dil ýarmaly däldigi bu gezek hem her kime iňňän berk sargaldy. Teke hanyňkyda ýygnananlaryň arasynda boýy keltejik bolansoň oturanyna-turanyna göz ilmeýän, hor, burnunyň ujy çaýkeliňki ýaly patallagynyň üstüne abanyp duran, ak köýnek-balagynyň üstünden ýakasy gyzyl syzgyly täzeje gök don geýnen, başy gytygrak telpekli, Otjan kel ýaly bäş-on öýlüden ybarat öz hataryna kethudalyk edip oturan, sözleriniň ýerini çalşyp, dürs gepläp bilmeýän köplenç maslahaty bulaşdyrýandygy üçin, şular ýaly ähliumumy mesele bolaýmasa kän bir çagyrylybam ýörülmeýän, orta ýaşdan agyberen bir kişi bardy, adyna Jumasapar diýerdiler. Ine, öz ýagdaýyndan bihabar şol adam bu gezegem hamala maslahata çagyrylan adammyşyn-da, gollaryny kelemelledip ilden öňürti söz aldyda, gamyş beklenen ýaly hamçygrak görünýän gözlerini gymyldatman, boýnunam bir tarapa gyşardyp, Tek hana ýüzlendi. – Ýememi osoň, Ýazmuhammet, daşyljak güni göçmüşinmi oň? Ýagdaýyna belet bolansoň Teke han onuň näme diýjek bolýanyny gaýtalatjagam bolmady. – Ýak, Jyma akga, daş däl. Başarsag-a häziriň özünde göterilibermeli welin, oňa ýagdaý ýok, ýöne, aňry gitse üç gün. Soragyna kanagatlanarly jogap alan Jumasapar monça boldy. Tumşugyny taýzardyp daş-töweregine göz aýlady. – Aý, bolýa-la oňňaly bolsa diýibem, endigine görä sag eliniň süýem barmagyny burnunyň aşagyna syhap: – Hümh... – etdirdi-de, burnuny çekdi. Yzyndaam: – Çü-ü-ýf – etdirip goýberdi. Öňki maslahatlara gatnaşyp görmediklerem öňi bilen orak, algy-bergi meselesini gozgadylar! Teke han olara-da gelnen netijäni düşündirdi. Garaz, göçe garşy çykan bolmady. Gaýtam hemmeler begendi. Bir gynandyran zat-o-da meseläniň ýaşrynlygy. Öýe baryp heleýiň ýanynda şolar ýaly sisetli gürrüňleriň edilendigini şoňa hut özüňňem gatnaşandygyňy, pikiriňi aýdandygyňy aýdyp bolmajaklygy. Maslahat: Hut ertiriň özünde hem Zurabatda, hem Garadepede bir wagtyň özünde uly toý tutulmaly. Şol toýuň şu ýerde tutuljagyny ýalawajyň barly adamlarynyň biri, araky uly sadakany sowan Jumadurdy baý, Garadepedäkini bolsa Meňli hanyň özi öz üstüne almaly, ana, şol toýlaryň şagalaňlarynyň arasy bilenem galapyn ýekebaralary, hossarsyzlary, uly göçüň aýagyna eýermejek garry-gurtulary, ýaş çagalary, agsak-towsak mallary serbazlaryň gözlerine güýdüşip ulagly-pyýada ugratmaly. Esasy göç şol günüň ertesi agşam, ýarym gijeden soň göterilmeli, diýen netijä geldi. Maslahata gatnaşyjylaryň biri, abat mallaram şol kelte göç bilen sürülse soňky göçe ýeňillik bordy, diýen teklibi orta atdy. Muňa Jumasaparam goşuldy. – Howwa-aýt, şol-a biçeme däl-aýt. Çopana çekenlere şeý diýip, aýtsaň, olaram şumatdan sürüberseler-ä kemem däl ýaly-aýt... Ýöne, o pikir köpçülik tarapyndan goldanylmady. Söz almaga çekinip, hiç zat diýmän turmaga-da namys edip oturan Otjan kel maslahatyň soňlaberenini aňdy-da: –Bäýipbä-ä-ä – diýip, süýkdürdi-de içini ýelden doldurdy. Hemmeler şoňa tarap üşerilişdiler. “Errekgemen-nä-ä” diýerine sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ýöne, o-da, şony duýup bilgeşleýin etdimi ýa ýöne, ekabyrlardan gep eşiderin öýdüp çekindimi, garaz, köpçülik hernäçe garaşsa-da ol şol sözi aýtmady. Içine ýuwutdy-da, dikilen gazyk ýaly aşak bakyp, sarsman oturdy. Şondan soň adamlar turmak bilen boldular. Birdenem Teke han: – Wiý-ý... – diýip, aýasy bilen buduna urdy. Entek turup ýetişmedik Begnazar bilen molla Oraza ýüzlendi. – Nazarly mergene habar edilen däldir-ow... – Şeýledir-ow şol... – diýip, Begnazaram ahmyrly seslendi. Dodagyny dişläp başyny ýaýkady. Teke han ýaňy bir gapa ýönelen Jumadurdy baýy ýanyna çagyrdy. – Sen gaýrat et-de, Meňlä habar ýetir. Nazarly mergen şoň obasyna glaýdyr. Goý, adam ibersin. Özi gitse-hä hasam gowy. Jumadurdy baý derhal Garadepä tarap ýola düşmek bilen boldy. Il örensoňam gitmän, bir zat aýtmakçy bolýan ýaly Teke hanyň töwereginde köwejekläp ýören Abyt işan ahyry maý tapdy-da: – Ýazy akga, Döwletdurdy tüýdükçiniňem-ä ýagdaýy agyrlaşýa... – diýdi. – Birden şu ikortada nemedäýse dagy nemetmeli bormuka ýa nememi?.. Teke han şondan soň Abyt işandan başga ýanyna molla Oraz bilen Begnazaram alyp, halyny sorap gaýtmak üçin Döwletdurdy tüýdükçiniňkä ugrady. Gidip barýarkalar daşlaryndan syn edeniňde Teke hanyň göwresi beýlekileriňkiden has belent, howaly göründi. Gür gara baglygyň içinde biten ýalňyz derege meňzedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |