01:51 Salyr soñy Sarahs -13: Döwletdurdy tüýdükçi | |
DÖWLETDURDY TÜÝDÜKÇI
Taryhy proza
Apbas Mürzäniň Sarahsa eden çozuşynyň öň ýany Döwletdurdy tüýdükçi ýigrimi bäş ýaşlaryndaky syrdam boýly, inçemik, ak ýüzli, burny gönümel, boýny dutaryň sapy ýaly dik hem uzyn, goýun gözleri mähirli, görmegeý, alçak, märekemän ýigitdi. Ýöne, şeýle ýaşdygyna garamazdan, ol eýýäm ýeke bir Sarahsda, Ahalda, Maryda ýa Pendi töwereklerinde oturan türkmenleriň däl, eýsem külli Eýranda hem meşhurlyk gazanan ökde tüýdükçidi. Hususan-da ony Horasan welaýatynda oturan parslar, azerbaýjanlar we kürtler özleriniň toý dabaralaryna köp çagyrýardylar. Baryp-ha şol ýerlerde hem şeýle islegli bolmagyna onuň ýeke bir şol halklaryň sazlarynam edil türkmen sazlary ýaly ussatlyk bilen çalmaklygy başarýandygy däl, eýsem olaryň bagşylarynyň ýanynda sazandarlyk etmekligi hem başarýandygy sebäp bolýardy. Şolar ýaly çakylyklaryň hemmesine ýetişjek bolup ylgap ýörşüne onuň öz obasynda tutulýan toýlara gatnaşybilmeýän gezeklerem bolýardy. Soňabaka-ha ol asylam gatnaşykdan galdy diýen ýaly. Öz obadaşlarynyň ýat ýurtlarda hem gyzylyň gyryndysy ýaly gereklenýändigi üçin, obadaşlary oňa başda buýsanýardylar, begenýärdiler, o hakda biri-birleriniň ýanynda agyz suwardyşyp gürrüň edýärdiler. Ýöne, soňabaka welin, onuň beýdip, ýat illerde-hä toý sowup, öz obalarynyň toýlaryna-da gatnaşman ýörşi salyrlary kejikdirip başlady. Dost-ýarlary dogan-garyndaşlary, esasanam ata-enesi özleriniň ýalňyz ogullaryny alada edip ugradylar. Çünki, onuň indi aýlap, hepdeläp däl, hatda ýyllabam yzyna köwlenmeýän halatlary bolýardy. Hossarlary diňe Eýrana söwda ýa ýitik gözläp gidýän obadaşlaryndan kimdir biri o hakda habar getirip, diridigini, bir toýda saz çalanyny gözleri bilen görendigini magat aýdanyndan soň köşeşýärdiler, eginlerinden ýük aýrylan ýaly uludan demlerini alyp, biri-birleriniň ýüzüne ynjalykly nazar bilen garaýardylar, hoş habar getireniň söýünjisini berýärdiler we ýerlerinden turup, işli-işlerine gidýärdiler. Şu ýagdaý uzaga çekenden soň obadaşlaram kine etmäni goýdular-da, ýene-de edil başdakylary ýaly oňa guwanyberdiler. “Jany sag bolup, biziň saz sungatymyzyň şanyna şöhrat getirip, ony ýat illere ýaýyp ýörse bize şol bes...” diýdiler. Eýranda haýsydyr bir asly Sarahsly türkmen sazandasynyň iňňän meşhurdygy, oňa öz toýunda saz çaldyrmak üçin men-men diýen gala hanlarynyň, şäher begzadalarynyň özara nobata durýandyklary baradaky gürrüňler Sarahsyň, Ahalyň üsti bilen Mara, ondanam Hywa, Buhara çenli baryp ýetende welin olaryň öz sazandalaryna bolan guwançlarynyň çägini söz bilen beýan eder ýaly bolmady. Agyzdan-agza geçip gelýän şol ýeldaýy gürrüňleriň berýän maglumatlaryndan çen tutsaň, Döwletdurdy tüýdükçiniň gazanjam ummasyz ulumyşyn we günlerde bir gün onuň öýlenmek üçin tirkeşi dokuzdan on hatar kerweni gyzyldyr-kümüşden mas ýükläge-de, Sarahsa geläýmegem ahmalmyşyn. Elbetde, ol gürrüňleriň gyzyldyr-kümüşli we kerwenli tarapy birneme howaýyrak, berbesräk bolsa-da, onuň sungatyna, şöhratyna we dabarasyna degişli taraplary çyndy. Çünki, türkmen sazandasynyň Horasan hanlarynyň arasyndaky meşhurlygy baryp Eýran şasy Fethaly şanyň hut özüne-de ýetdi. Başda kän üns bermedigem bolsa, häli-şindi gulagyna degip duran bu habar bilen şa ahyry içgin gyzyklandy we emeldarlaryna buýruk berdi. Haýsydyr bir köşk dabarasynda diňläp görenden soň, şanyň oňa göwni ýetdi. Sylag-serpaý etdi. Hoşlaşjak wagtam: “Basym daşary ýurtlardan köp adam geljek. Uly dabara boljak. Şonda men seniňem bolmagyňy, myhmanlara saz çalyp bermegiňi isleýän” diýdi. Uly bir ýurduň patyşasynyň özi bilen şeýle içgin gyzyklanandygy, hünärine uly baha berendigi üçin, tüýdükçiniň öz sungatyna bolan höwesi artyp kalbyndaky hyjuwy derýa deý möwç urdy. Bu habar edil günübirin bolmasa-da, öz döwrüniň hereket ediş mümkinçiligine görä, basym türkmen topragyna, şol sanda Sarahsa-da baryp ýetdi. Öz aralaryndan çykyp giden bir pukara ýigidiň şolar ýaly belent derejä ýetendigini, şa mertebesine mynasyp bolandygyny “bismillä...” diýip, sag aýagy bilen köşgüň bosagasyndan ätländigini eşidensoňlar-a onuň haçanam bolsa bir gün hakykatdan-da altyn-kümüş ýükli kerweniň başyny çekip geljekdigine Döwletdurdy tüýdükçiniň obadaşlarynda şek-şübhe galmady. “Döwletdurdy tüýdükçiniň at-owazasynyň şeýdip, beýgelip barşyna hemmeden beter begenýän, guwanýan, ýöne, onuň uzak wagtlap oba gara bermeýänine halys ýüreginden gynanýan, kerwensiz, altyn-kümüşsiz bolsa-da, egninde gara başyny göterip gelerine kaýyllyk bilen garaşýan bir ynsan bar, o-da Ýazsoltan. Ol asla-da, Döwletdurdynyň hiç haçan, hiç ýana gitmezligini isleýärdi, ony kem-kemden özünden daşlaşdyryp barýan tüýdüginden gabanýardy. Her gezek ýat ile ugradanda: “Indiberi köp eglenme. Her gezek kerwen geçse öňünden çykyp, tä, Sarahsdan çykýança aýakýalaň gapdalyndan ylgap, jaň sesi eşidilse diňşirgäp ile ryswa boldum...” diýýärdi. Şolar ýaly pursatlaryň birinde Döwletdurdam oňa: “Bor. Şu gezekden soň kimden çakylyk gelse-de gitmen. Asla hiç ýere-de gitmen. Sarahsdan çykman. Gelşim ýaly hossarlaryňa sawçy ibärin. Ine, onsoň toý tutarys-da, ikimiz hemişe bileje ýaşarys. Maňa öz ilimiň toýdur-tomaşasam ýetik bor... – diýipdi. Ýöne, barybir tüýdük Ýazsoltandan üstün çykdy. Uly sungat iki juwanyň arasyna düşdi. Bar zat garaşylyşyndan, ýaş tüýdükçiniň öz söwer ýaryna söz berişinden, äht edişinden başgaça boldy. Ykbal olar bilen düýbünden başgaça oýun etdi. Ara günler aýlar däl-de, ýyllar, baky aýralyk düşdi. ...Söz berşi ýaly Fethaly şa Döwletdurdy tüýdükçini basym köşge çagyrdy. Resmi döwlet işi bilen daşary ýurtlaryň birinden gepleşige gelen myhmanlaryň hatyrasyna gurlan oturylşykda ony hem öz aýdymçy-sazandalary bilen bir hatarda oturtdy. Saz çaldyrdy. Köşk bagşylaryna sazandarlyk etdirdi. Myhmanlarynyňam göwünleriniň ýetendigini görüp, şanyň Döwletdurda bolan hormaty hasam artdy. Ençeme wagtlap ony öz ýanynda saklady. Häli-şindi diňledi. Täze-täze aýdymdyr-sazlar döretmegini ilk-ä haýyş, soňam talap etdi. Şeýdip barşyna ol türkmen sazandasynyň özi bilenem, sazy bilenem şeýle bir öwrenişdi welin, asla ony ýanyndan goýberesi gelmedi. Bir günem saz diňläp, “bag-bag” açylyp oturan wagty ol Döwletdurda köşkde ymykly galmaklygy teklip etdi. Egerde şoňa razy bolsa ep-esli engam, mülk, mal, pul, hemişelik wezipe, aýlyk wada berdi. Onuň pikiriçe, döwletsiz, diwansyz, ondan-oňa göçüp-gonup ýören çarwa halkyň içinden çykan sada ýigit özüne edilen bu teklibi elýetmez bagt saýmalydy, begenmelidi, şanyň aýagyna ýykylyp, tozuny gözüne sürtmelidi, ömürboýy hyzmatynda boljakdygyny aýdyp, bagtyýarlykdan ýaňa gözlerinden ýaş dökmelidi. Emma, Döwletdurdy tüýdükçi şany haýranlar galdyryp, eden bu teklibinden ýüz öwürdi. Ýöne, diýseň sypaýyçylykly sözledi. Ýerinden ör turup barmaklary bilen bagyr basdy. Baş egdi. –Bildiren ynamyňyz, beren wadalaryňyz, öňki-soňky eden elmaýyşlyklaryňyz, şeýle belent mertebä mynasyp görendigiňiz üçin Taňry ýalkasyn, şahy älem! Döwletiňiz artsyn. Rysgalyňyz yrylmasyn. Ýöne, men bu ýerde galyp biljek däl. Göwnüm gije-gündiz türkmen sähralyklaryny, onuň özüm üçin mähriban adamlaryny, dogan-garyndaşlarymy, dost-ýarlarymy küýseýär. Toý-tomaşalaryny, ula goýberilen ýüwrük atlaryny, uruşgan itlerini, sarç inerlerini göresim gelýär... Şa uly göwresini kiçeldip oňa töwella etdi. –Weý, göresiň gelse, sen islendik wagty öz obaňa gezelenje gidip bilersiň. Men oňa asla garşy bolman. Dagdan aşan ýeriň öýüňdir-dä, näme... –Gowusy siz islän wagtyňyz çagyryň, men gelip size hyzmat edip gideýin. Onsoňam... – Döwletdurdy tüýdükçi esli wagt oýurganyp oturdy. – Onsoňam ol ýerde meň ýoluma garap oturanym bar. –Gyzmy? –Howwa. –Men saňa bu ýerden ondan-da gözel gyz tapyp bererin... –Men oňa söz berdim, şahy älem. Sözüňden dänmek bolsa dowzaha barabar ýaman işmişin... –Onda men ony şu ýere getirip, saňa nikalap bereýin. Toý tutaýyn. Harajatyny özüm çekeýin... –Muňa ol gyzyň özem, ata-enesem razy bolmaz. –Ata-enesini razy etmek üçin men olaryň islän zadyny bereýin. Agramlaryna-agram altyn çekmelem bolsa gaýgyrman. Özi barada aýdanymyzda bolsa, seni söýýän gyz muňa razy bolman bilmez. Seniň üçin ol islendik ýere, hatda dowzaha-da razy bolar. Döwletdurdy tüýdükçiniň agzyna gelenem şu boldy. Ol uludan demini aldy-da, göwnüne hiç zat getirmän: –Dogry aýdýaňyz, şahy älem, ol gyz dowzaha razy bolar, ýöne, bu ýere bolmaz... – diýdi. Şa ýaryldy. –Näme sen indi meniň ýurdum dowzahdan-da ýamandyr diýjek bolýaňmy?.. Döwletdurdy ýalňyşandygyna indi düşündi. –Ýok! Ýok! Beý diýjek bolamok, şähy älem! Men ýöne öz obasyndan çykmaz diýjek boldum― diýip, özüni aklara bahana gözläp başlady. Şa welin indi gazabyny gizlejegem bolmady. –Sen bir gadyrbilmez nadan ekeniň! Şu ýurt seni adam etdi. Şöhratyňy beýgeltdi. Şu ýurduň halky seniň adyňy arşa göterdi. Indem sen bu ýurdy-ha dowzaha, onuň adamlaryny bolsa dowzahylara meňzedip otyrsyň. – Ol ýerinden turdy-da, gazabyna bäs gelibilmän iki ýana gezmeläp başlady. – Asla bu hakda men saňa maslahat salmanam bilerdim. – Teklibiniň ret edilmegini öz hyzmatkäri tarapyndan kemsidildigi hasap eden şanyň, gazaby gitdigiçe joşdy. – Ýasawul! – Işikde iki sany ýasawul peýda boldy. – Tä, köşkde galmaga razy bolýança zyndanda saklaň. Onda-da bolmasa, yzyny tapmaz ýaly, tapaýanda-da il-gününi, ýurduny görüp guwanmazy ýaly iki gözünem oýuň-da, paý-pyýada dagdan aşyryp goýberiň!.. *** Dört ýyl zyndanda otursa-da, Döwletdurdy tüýdükçi köşkde galmaga razylyk bermedi. Watanyndan dänmedi. Zaryny welin çekdi. Has beterem Ýazsoltan üçin çekdi. Onuň bu halyna dözmän zyndanda bile oturan pars adamlaryndan: “sen barybir bu ýerden çykyp bilmersiň, byradar. Ýazsoltanam görübilmersiň. Şoň üçinem, derhal köşge razy bol-da, bu ýagdaýdan dyn, hem-ä görer gözüňi halas edersiň, hemem söýgüliňe gowuşarsyň” diýenleri köp boldy. Emma, sazanda olar bilen ylalaşmady. “Heý, çöl jereninem bir köşkde saklap bolarmy? Hiý, sähra bilbilinem bir kapasa salyp bormy? Bu olaryň ikisi üçinem ölme barabar ahyry” diýdi. Şeýle-de bolsa, ol günlerde bir gün hakykatdan-da şanyň ikinji buýrugynyň ýerine ýetirilerinden, gözüniň oýulyp il-gününi, Ýazsoltany görmekden ömürlik mahrum bolaryndan gorkýardy. Şonuň üçinem, Hudaýdan bir gudrat döräge-de, bir söý bilen özüniň zyndandan çykaryny, jezadan halas bolaryny dileýärdi. Entek zyndana düşmänkä başlanan Eýran-Orsyýet urşunyň tamamlananynam, Apbas Mürzäniň Sarahsyň üsti bilen Mary sebitlerine ýörişe hyýallanýanynam, Sarahsy çapanynam, ylatyny gyryp, mallaryny talanynam, diri galanlarynyňam Ýolötene tarap bosup, müňlerçesiniň Eýrana sürüleninem Döwletdurdy tüýdükçi zyndanda otyrka üzlem-saplamragam bolsa eşidipdi. Bi oňa ölümdenem beter täsir edipdi. Öz ýakyn adamlarynyň, Ýazsoltanyň Eýrana sürlüpdirmi, Ýolötene gidipdirlermi, ýa öldürilipdirmi, nä hala düşendiklerini bilmän gije-gündiz gan aglady. Zyndanyň sowuk hem daş diwarlaryna ura-ura maňlaýyny ýara etdi. Ilki şazada Apbas Mürzäniň, bir ýyldan soňam Fethaly şanyň özüniň ýogalandygy barada yzly-yzyna, duýdansyz diýen ýaly ýaýran habaram ony köşeşdirmedi. Iň ýamanam ol wakalar tüýdükçiniň ykbalyna täsir etmedi. Çünki, şa ölse-de, onuň permany öz güýjünde durdy. Ol bendihananyň uly işgärleriniň biriniň demir sandygyndamy, ýa köşk diwanyndamy, garaz bir ýerde üýtgewsiz halda ýatyrdy. Her niçik hem bolsa özüniň söýgüli sazandasyny beýle birehimlik bilen jezalandyrmaklyga Fethaly şanyň ýüregi gyýmadyk bolsa gerek, ýogsam geçen möhlet ony synagdan geçirerden, bellisini ederden, hökümi ýerine ýetirerden has köpräkdi. Belki, ol ölmezinden öň özüniň şol ýowuz permanyny üýtgedendir? Belki-de, ýatyrandyr? Egerde şeýle bolsa onda ol Döwletdurdy tüýdükçä aýan ediläýmeli, boşadylaýmalam ýaly. Umuman bu ýerde düşünişmezlik, nämälimlik kän. Ýöne, ine indi Fethaly şanyň özi ölenden soň nähili bolar? Ykbal indi haýsy tarapa öwrüm eder, ol belli däl. Çünki, şanyň ölmi bilen baglylykda hem ýurtda, hem köşkde, hususanda hemişekisi ýaly Horasan welaýatynda dörän syýasy gowuşgynsyzlyk zerarly ol zatlara hiç kimiň eliniň ýetmezligem mümkin. Şonuň üçinem, haçan serediljegem, haçan bellisiniň ediljegem, şunça ýyllara çeken garaşmak gussasynyň haçan gutarjakdygam belli däl. Ýöne, her zadyň iki tarapy bar diýleni. Şol başagaýlykdan peýdalanyp, öň, dünýäniň düzüw, ykbalynyň sürgünli wagtlary gazanan, erkinlikde gezip ýören eýranly dostlaryna bir tär bilen ugruny tapyp, Döwletdurdy tüýdükçini zyndandan gaçyrmak başartdy. Şeýle-de bolsa gözlegiň, aňtawyň juda güýçli bolandygy sebäpli, sazanda ýurtdan çykmak, iline aşmak welin miýesser etmedi. Şonuň üçinem, ol ýene-de şol, ýerli dostlarynyň kömegi bilen, musulman äleminiň ägirdi, türkmenleriň arasynda “gyzyl ymam” ady bilen meşhur bolan Ymam Rzanyň kümmetine özüni atdy. Eýran hökümetiniň kanuny düzgünine görä, özüni mukaddes saýylýan islendik ýere-öwlüýalara, metjitdir-medereselere, guburlara atan günäkär eldegirilmesizlige eýe bolýar. Oňa “best”, ýagny, “bestde oturmak” diýilýär. Şol düzgüni hiç kim, hatda şanyň özü-de bozup bilmeýär. Döwletdurdy tüýdükçi şeýle ýagdaýda ýedi ýyl oturdy. Bir gowy zat, dostlary oňa nijembir ýyl bäri aýra düşen tüýdügini getirip berdiler, saz çalmaga, içini egismäge mümkinçilik döretdiler. Dogry, musulmançylykda olar ýaly ýerlerde saz çalmak, aýdym aýtmak bolmaýar, ýöne, o-da özüniň şol pişesini ile äşgär etmezlige çalyşdy, ýagny birinjiden-ä ammar hökmünde ulanylýan ýerzemine girip, ýarym gijeden soň, hatda kümmetiň hyzmatkärleriniň, gullukçylarynyň süýji uka giden wagtlary, onda-da şowhunly, toý mukamlaryndan däl-de, gamgyn, ýas mukamlaryndan, usullyk bilen, ýuwaşjadan çaldy. Tüýdügini köpçülige görkezmezlige çalyşdy. Soň-soňlar il içinde uly meşhurlyk gazanana “ymamlar” atly sazyny hem ol şol ýerde döretdi. Ahyram wagtyň geçmegi, köşk emeldarlarynyň köpüsiniň diýen ýaly çalşylyp, Fethaly şanyň ýowuz permanynyň ýatdan çykyşmagy, könelişmegi netijesinde salyr ýaşulylary täze hökümet agzalarynyň üsti bilen Fethalynyň ýerine geçen şanyň ýanyna ýörite baryp, köp-köp engamlar bermek arkaly ony boşatdylar we öz ýurduna alyp gaýtdylar. *** ...Öz ilinden öňli-soňly ylaýyk on iki ýyl aýra düşen Döwletdurdy tüýdükçi şonça ýyllap arzuw eden ýerini-ýurduny, şanyň köşgüne çalyşmadyk il-gününi öňki ýerinde görüp bilmedi. Ol Sarahsda diňe sähel wagtlyk aýak çekip, öten-geçenlere, uruşda wepat bolanlara aýat okady we Ýolöten sary rowana boldy. Ýer bilen ýegsan bolup ýatan köne ýurduny görüp, sazandanyň ýüregi yza çekdi, gözlerinden ýaş dökdi. Şunça aýralykdan soň, kalbynda dörän şol gozgalaňy köşeşdirip biläýjek hiç hili nyşan tapylmady. Hatara oturan owadan öýler, baý howlular, obanyň bu çetinden girip ol çetinden çykýan ýylan yzy dek egrem-bugram gumaksy ýollar, geleni-geçeni dumly-duşa ugradyp duran kerwensaraýlar, buýsançly galalar barysy haraba öwrülipdir. Ýarak ýa häpbeki itleriň, derýa boýundaky ter öleňli çemenlikden doýup gelen, emjekleri tulum ýaly süýtli sygyrlaryň, ýorgalap ýöränlerinde gerşinde bir okara süýt goýsaň gaýmagy bozulmajak, göreniňde göwnüňi göterýän kelte bykyn, boýny deraz boz atlaryň kişňeşýän sesleri, öý arasynda iki-baka okkessirme geçýän çybyk atly çagalaryň, olara “haý-küş” edýän sary dasdarly aýallaryň gykylyklary, on dördi gijäniň şems olan Aýynyň ýagtysyna obanyň ortarasyndaky ak inişden inip-çykyp, läle kakyşyp ýören gyzlaryň ýakymly owazlary eşidilenok. Gum-guklyk. Ne toý, ne märekä, ne şowhun, ne şagalaň, hiç zat ýok. Iň ýamanam hiç ýerde Ýazsoltan görnenok. Öňünden ylgap çykanok. Köpçüligiň arasyndan ogryn-ogryn bakanok, “Näme üçin sen beýle uzak eglendiň” diýip gözleri bilen sorag berenok. Gelip boýnuna zyňanok... Ýolötene baranlaryndan soň ähli ýakynlarynyň ýogalyp, bir özi galandygy sebäpli, bütin ulus, uly-kiçi, aýal-erkek barysy Döwletdurdy tüýdükçiniň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň öýüne gözaýdyňa ýygnandy. Hemmeler öz hususy ýitigini tapana döndi. Begendi. Şolaryň arasy bilen Ýazsoltanam geldi. Ýöne, ýeke däl, elinde bir, yzynda-da iki sany ýaňy aýak bitenje çaga ylgaşlapjyk ýör. Iki ellerem ejeleriniň eteginde. Ol görgüli il ýaly Döwletdurdynyň gaşynda oturyp: “Gözüň aýdyň, sag-aman gelipsiň” diýibem bilmedi. Çep egnini işigiň söýesine ýaplap, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, şo-ol delmuryp durdy. Näme diýjek bolsa-da ýüreginden diýdi. Dodaklary gymyldasa-da içinden ses çykmady. Döwletdurdy tüýdükçi onuň ýürek nalasyna düşündi. Näme diýjek bolýanyny aňdy. Ýüregi bilen syzdy. Şonuň üçinem, gam-gussanyň gubaryndan ýaňa çalaja çyzylýan gözleriniň nazary bilen: “Men seni günäkärlämok Ýazsoltan, nijembir ýyllap ýoluma göz dikip garaşyp oturanyňam bilýän, başyma düşen zatlary bolsa öz maňlaýymdan, takdyrymdan görýän. Bu-da bir bizi sergezdançylyga salyp özi gökde gerdan bolyp ýören pelegiň oýnudyr. Bize indi diňe merdana bolmak galýar. Çagajyklaryň, ýan ýoldaşyň bilen uzak ömür sürmek miýesser etsin, menem maňlaýymdakyny görerin...” diýdi. Sazandanyň wagtyndan ir kösseýişen gözleri bilen aýdan bu sözlerine Ýazsoltan düşündi. Baryp-ha jahyl wagtlary gözünden uçan, ine indem ýaşyny kemsiz alan goja dek geleniň-gideniň öňünde bir düýrmek bolup oturan söýgülisiniň gara köýük bolan ýaraly ýüreginden çykýan agynyň zaryna o-da sessiz-üýnsiz ses goşdy. Edil näme diýýändiklerini aňşyrmasalaram, olaryň şeýdip, sessiz aglaşyp, sessiz sözleşip oturandyklaryny il-günem duýdy. Olar: “E-eý, pany dünýä! Senden hiý, armansyz geçen barmyka? E-eý, çarhy pelek! Seň hiý öz ugruňa aýlanjak wagtyň barmyka?..” diýşip, uludan demlerini aldylar-da, assa-ýuwaş dagaşmak bilen boldular. Şondan soň Ýazsoltanam uzak eglenmedi. Eglenesi gelmedi. Ýok, eglenesi geldi, ýöne, eglenmäge ejap etdi. Gapdalynda ýeke özi somalyp oturmaga il-günden çekindi. Gapydan çykjak wagty bar güýjüni jemläp bärsine öwrüldi. Bir zatlar diýjek boldy. Emma eteginden aslyşyp, ýeňinden çekeleşip duran çagalary oňa sözläre maý bermediler. Oňa çenlem elindäkijesem aglap başlady. Ýazsoltana didelerinden dyňzap çykan ajy gözýaşlaryny gara zähmetden ýaňa eýýämhaçan jaýryk atyp ugran aýalary bilen süpürip, ümdüzine gidibermekden başga alaç galmady. Her niçik hem bolsa Döwletdurdy hossarsyz-a däl. Daşgynrak agalaram, inilerem, uýalaram, daýydyr-ýegenlerem bar. Iň bir esasy zat bolsa şolaryň ählisiniň ornuny tutup biljek ili-güni bar. Ana, şolar ony ýekesiretmezler. Öýlendirerlerem, öý-işigem ederler, aýaga galyp gitmäge-de, şonça ýylyň azaply argynlyklaryndan aýňalmaga-da kömek ederler. Ýöne, hem durmuşyň, hem yşgyň uran agyr zarbasyndan ýaňa süňňi juda lagşan sazanda bedenine ornan ýadawlykdan aňsat-aňsat aýňalyp bilmedi. Öýlenmekdenem, öý-işik bolmakdanam bir syhly ýüz öwrüp, diwana ýaly oba arasynda aýlandy ýördi. Günüň ýaşan ýerinde ýatdy, dogan ýerinde turdy. Gaty bir zerur bolaýmasa ýuman agzyny açmady. Hiç kim bilen gürleşmedi. Ýöne, wagt diýen bir zat bar. Uzagyň ujundan ol ähli zady ýerli-ýerinde goýýar. Ähli ýaralary bejerýär. Wagtyň geçmegi bilen Döwletdurdam assa-ýuwaş açylyşdy. Ile-güne goşulyşdy. Garyşdy. Ýagşa-ýamana gatnap başlady. Dogan-garyndaşlarynyň kömegi bilen etli-ganly, daýaw, gabaklary gözleriniň üstüni örtüp duran, adamsy dagda mallar üçin guýy gazyp ýörkäler üstüne daş gaçyp ýogalan, çagasyz ýeke oturan Ýagşygül atly bir gelne öýlendi. Bagtyna Ýagşygül oňşukly, adamkärçilikli, etiniň agyrdygyna garamazdan hyzmata gaýym, öýüne yssy, adamsyna mähirli, edil ady ýaly ýagşy adam bolup çykdy. Iki ogul, bir gyz dogrup berdi. Çaga gözi düşendensoň-a Döwletdurdy hasam açylyşdy. Özüni ymykly dürsedi. Bir günem özüniň bir wagtlar meşhur sazanda bolandygy ýadyna düşdi. Ençeme ýyl bäri ellenmän tärimden asylgy duran tüýdügini usullyk bilen eline aldy. Könelişip giden gabyndan çykaryp eýlesine-beýlesine seretdi. Syryşdyrdy, süpürişdirdi. Içinden suw akytdy. Çaýkady. Gurandan soň naýly tarapyny agzyna ýetirdi. Dişine diredi. Üfledi. Sazandanyň öýünden çykan owaz bütin obany aýaga galdyrdy Pendi ýaýlalarynyň üstünde pel-pelläp, Bathyz belentliklerine tarap ýaýylyp gitdi. Ençeme wagt bäri gözünden uçan, söýgüli sungatynyň birdenkä gaýdyp gelenine begenen halk, hä diýmän Döwletdurdynyň öýüne ýygnandy. Içerä sygmandyklary sebäpli olaryň köpüsi öýüň daşyna halkalaýyn aýlandylar. Soňabaka golaý-goltumda oturan goňşy obalardanam atly, eşekli, pyýada, ygym-sogum geldiler durdylar. Bu – Döwletdurdy tüýdükçiniň sazanda hökmünde ikinji gezek dünýä inişidi. Tüýdügiň şol gezekki sesini eşidip, Döwletdurdyny günde-günaşa görüp-köýüp ýörmezlik üçin baryp-ha onuň Eýrandan gelen döwürleri goňşy obalaryň birine göçüp giden Ýazsoltanam paýu-pyýada, ala-tozan turzup geldi. Daşarda oturyp saz diňledi. Döwletdurdynyň adam hökmünde-de, sazanda hökmünde-de indi ikinji gezek dünýä inendigine uly il bilen bilelikde begendi. Saza-da, sazanda-da guwandy. Onuň gelenini eşidip Döwletdurdynyňam yşgy göterildi. Öňküsindenem has hyjuwlandy. Ilkiagşam “Pelek ömrümden” başlanan saz şol gije daňdanaralar “Bady saba” bilen tamamlandy. Onda-da sazanda özüniň ýadandygy üçin däl-de, diňleýjileri şondan artyk ýadatmazlyk, olaryň gündizki aladalaryna päsgel bermezlik üçin goýdy. Ýazsoltan bu gezegem hemmelerden soň gaýtdy. Döwletdurdy bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp, tüýdügini täzeden eline alandygy bilen gutlap şondan soň gaýtdy. Gaýtjak wagty: – Ozalda bizi aýra salanam şu tüýdük. Ýöne, indi bir goýma şonyňy. Tä, ömrüň ötýänçä çal. Şoň sesi çykyp dursa menem ýaşar ýörerin, ölmäne elim degmez... – diýdi. Döwletdurdy tüýdükçi şondan soň ýene-de toý-tomaşalara gatnap başlady. Öňküleri ýaly uzak ýerlere, ýurt aşyp gitmese-de, Ýolöten, Pendi töwerekleriniň çakylyklaryndan irinmedi. Käte Mara-da gidiberdi. Senedi hossarsyz galmaz ýaly ol ýaş ýigitlerden bäş-üç sany şägirt tutundy. Şolaryň arasynda Gaýyp atly ýigit tüýdüge has yhlasly bolup çykdy. “Är garrar heňňam garramaz” diýleni, şondan soňam uly iliň başyna düşen ähli külpetleri, göç-gonlary, zar-zelillikleri onuň bilen deň-derman çeke-çeke, Döwletdurdy tüýdükçi ömrüniň galan böleginem paýawlady. Öýkeniniň sary gidip ýetmişem arka atanyndan soň bolsa, Gaýyba ak pata berdi. Mundan bu ýana öz ornuny şol adamyň tutjakdygyny bir uly toýda, agyr märekäniň içinde aýtdy. Şondan soň Gaýybyň ady – Gaýyp tüýdükçi boldy. Zurabada soňky gezek göçüp gelenlerinde Döwletdurdy tüýdükçi segsene ser urup ýördi. Onsuzam mazaly tapdan düşen göwrä Zurabadyň kesel ýaýradyjy çybyndyr-çirkeýli, zeýli hem petiş, demikdiriji howasam ýaramadymy, nämemi, garaz, şondan soň ol egbarlap başlady. Hä diýmänem ýanyny ýere berdi. Gitdigiçe-de gaýra tesdi. Ine şondan bärem onuň jan dalaşyna girip, ajal bilen darkaş gurap ýatyşy. Haýsy gün, haýsynyň ýeňjekdigini bolsa, Biribardan başga bilýän ýok. *** Ekabyrlar baranlarynda Döwletdurdy tüýdükçi ýaňy bir ymyzganan ekeni. Başujynda akja ýaglyk bilen onuň ýüzüni ýelpäp oturan Ýagşygül apa myhmanlara gözi düşenden agyr göwresini götermek üçin iki elinem ýere diredi-de, “hyk-çok” edip galdy, entirekläp ýanlaryna geldi. Öýüň içidigine garamazdan, sag eliniň aýasyny gözleriniň üstüne kölegeledip ýeke-ýeke ýüzlerine seredip çykdy. Teke hana gezek gelendenem: – Heý-wa-a... Ýazmuhammet bi senmidiň asyl – diýip, begençli seslendi. Iki eli bilen sag golundan gysymlap görüşdi. Beýlekiler bilenem şeýtdi. – Geliň geçiň... Ine, şu ýerdejik oturyberiň. Ýa dyşaryk keçe atdyraýynmy? Teke han: – Ýa-ak-la, syrkaw soramana gelibem daşarda otursak bolmaz-a – diýdi-de, Ýagşygül apany ýanyndakylar bilen tanyşdyrmaga başlady. – Büý-ä Begnazar, büýem molla Oraz, ine, bi, Aý gören tat ýaly ýyrşaryp duranam Abyt işan... Salyryň iň abraýly adamlarynyň gelendigine begenmekden ýaňa Ýagşygül apa näderini bilmän, iki baka zowzuldap ugrady. – Hä-ä... Allanäme... Geleniňiz gowy... Gelen döwlet... Ýerli-ýerlerinde ornaşansoňlar Teke han ýene-de Ýagşygül apa ýüzlendi. – Nädýä, akgamyz gowulaşýamy? – Aý, ýagşy öz-ä... – Ýagşygül apa hamala bir aýtmasyz zady aýdan ýaly birdenkä böwrüni diňledi. – Nädjek-de, Ýazy jan, şeý diýmeli bolýa-da... – Howwa-da, çykmadyk janda umyt ba” diýleni-dä, umydy elden bermeli däl-dä. – Şo-da. Iki gije-gündizden bär-ä halys uhlap bilenok. “Ah” çekip, iki-baka urnup ýatyr. Häli-şindem: “?Meni Sarhasa äkidiň, şol ýerde jaýlaň...” diýýä. Birdenem “Ýa Yma-am... Ýa dida-ar... Ýa gamho-or...” diýýä-de, ýumruklary bilen kükregine urup başlaýa... – Iýip-içýän zady bamy? – Ýa-ak-la... Iý-iç nämişlesin. Telim gündir indi agzyna zat almaýanyna. Düýn bir käsejik atalajyk bişirip berdim. Al, iýagaý şujagaşy, içagaý, diýýän welin, eger-eger... ýuman agzyny açanok. Aýalynyň gümür-ýamyrynamy ýa syzgyr ýürek myhman gelenini aňdymy, garry sazandanyň ýumuk gözleri çalaja çyzyldy. Opurylan ojak ýaly agzynyň içine gidip ýatan dodaklary müňküldedi. Ardynjyradygy bolsa gerek, ilkä kükregi “hyjyrdady” soňam bokurdagy “hykyr-hykyr” etdi. Düýbünden röwşeni galmadyk öçügsi gözlerini haýallyk bilen myhmnalara tarap aýlady. Tamşandy. Ýagşygül apa ozaldanam taýyn duran suwly käsä sähelçijik pagta batyrdy-da, adamsynyň dodaklaryna çaldy. Birki damjasyny agzyna damdyrdy. Şol wagtam sazandanyň ogullary salam berip gapydan girdiler. Myhmanlar bilen görüşdiler. Hersi bir tarapdan söýget berip, kakalaryny dik oturtdylar. Daş-töweregine ulyly-kiçili ýassyklardan tekýe goýdular. Has amatly bolar ýaly arkasyny tärime ýapladylar. – Hm-m... hm-m... – edip öýüň içine haýallyk bilen ser salyp oturan sazandanyň gözleri kem-kemden ulaldy. – Eý-ho-oý... Eý-ho-oý.... – diýen gyryljak, “şyggyldyly” ses çykdy.– Bir zat diýjek bolýandyr öýdüp, hemmeler oňa tarap üşerilişdiler. Teke han ýapyrylyp gulagyny oňa golaýlatdy. Sazanda ýene-de şol bir sözlerini gaýtalady. – Eý-ho-oý... Eý-ho-oý.... Ýagşygül apa ak hasadan tikilen köneje dasdarynyň bir gyrasy bilen gözüniň ýaşyny süpürdy. Burnuny çekip Teke hana ýüzlendi. – Ine, ýaňky aýdanym şü meň, Ýazy jan. Düýn namaşamdan bäri bileni-biteni şol iki agyz söz. Teke han: Hiý, bir zat aňdyňyzmy, näme diýjek bolýanyna düşündiňizmi, diýýän manyda oturanlaryň ýüzüne soragly seretdi. Olaram aýalaryny serşip, eginlerini gysdylar. Oňa çenlem Döwletdurdy tüýdükçi öçügsi nazaryny bürşeýdip Teke hana dikdi. Özüne zor salyp, arasyny kesip-kesip, kynlyk bilen gepledi. – Bagşy... Bagşy sazandalaram alyň-da... Er... Eritr agşam... Hem... hemmäňiz şü ýere üýşüň... Gaýy... Gaýybam bolsun, hökman araňyzda... Şol wagt Gaýyp obada ýokdy. Bir sebäp bilen Ýolötene gidipdi-de, ertire çenli geljegi-gelmejegem belli däldi. Şeýle-de bolsa myhmanlaryň hemmesi birden diýen ýaly: “Bor-da-bor” boluşdylar. “Näme üçin” diýip soramaga welin hiç birinip bogny ysmady. Dogrusy olar tüýdükçi azajyk çaşandyr-da, çaýmaklap gepleýändir öýtdüler. ...Türkmençilikde bir ýörelge bar. Ýagny, bir-ä gudaçylyga, birem syrkaw soramaga barylanda uzak oturylmaýar. Ekabyrlaram şol däbe eýerip, tizara turmak bilen boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |