20:20 Salyr soñy Sarahs -14: Toýuñ başlanmagy | |
TOÝUÑ BAŞLANMAGY
Taryhy proza
Şol günüň ertesi öňünden bellenilişi ýaly hem Zurabatda, hem Garadepede bir wagtyň özünde toý hysyrdylary başlandy. Zurabatda tutulmaly toýuň ähli hysyrdylaryny, gerek bolsa çykdajylarynam öz boýnuna alan Jumadurdy baý öten agşam toý sähedi bugdaý oragyndan soňa bellenen obadaşy Allamyrat goturyň öýüne bardy. Şeýle-şeýle ýagdaý ýüze çykdy, gudaň bilen gürleş-de, sähediňi ertire geçir – diýdi. Sebäbini düşündirdi, ýöne, bu hakda hiç kimiň, hatda öz çagalarynyň ýanynda hem dil ýarmazlygyny haýyş etdi. – Gudaňa-da başgaça düşündir. Ýöne, toý adatdakylardanam has şowhunly bolsun, çykdajysy meň bilen – diýdi. Şondan soň Allamyrat goturam gidip, goňşy obalaryň birinde ýaşaýan gudasy Esen bilen gürleşdi. Esen ör-gökden geldi. Entek özüniň taýýar däldigini aýtdy. Beýle gyr-gyssaglygyň sebäbini sorady. Allamyradam takyk bir zat aýdyp bilmänsoň ýüzüni iki ýana sypajakladyp oturşuna: – Aý, bir zad-a bar how şu ikortada mendenem gelip haýyş etdiler. Ähli han-begleriň talaby şü, kimem bolsa biri hökman toý edäýmeli, diýdiler. Garadepäňem ýagdaýy şeýlemişin... Han-begleriň atlary ara düşensoň Esenem ykyrganmasyny goýdy. – Aý, bolýa-da olar ýaly bolsa. “Il oňlasa atyňy soý”, diýipdirler. Şondan soň Allamyrat gotur ýeke-ýeke üstlerine baryp, toý güni geçiriljek çärelere, tomaşalara kethudalyk etmeli, hyzmat etmeli adamlar bilen gürleşdi. Gelmeli bagşylara çakylyk gönderdi. Allamyradyň özem edil baý bolmasa-da, gaty bir garyp ýigidem däl. Hatda orta daýhandanam ýokarrak diýseň boljak, ýöne, görer-göze-de kemçiligi görnüp duran oglunyň nika toýunyň gyr-gyssagragam bolsa tutumynyň men-men diýen barly adamlaryňkydanam uly boljakdygy, şüweleňli geçjekdigi ony has begendirdi. Bu ýagdaý kakasyndanam beter öýlenjek oglan Çölini begendirdi. Ýöne, ony begendiren zat toýuň dabaraly ýa iliňkä görä köp-köp şowhunly geçjekdigi däl-de, bolmaly wagtyndan kän öň, onda-da hut ertiriň özünde, tussumandan tutulmagy. Toý sähediniň orakdan soňa belleneneni gulagyna degeli bäri ol: – Ozak haçan gutazýakaz-aý, ozak? – diýip, baran ýerinde göz-gülban bolar ýörerdi. Şol soragy ol ejesine-de bererdi. Dogrup beren ilkinji çagasynyň ýigit ýaşyna ýetendigine garamazdan birhili oýnatgyrak, iň ýamanam ýagyrnysy hükgi, kükregem öňe çykyp duransoň boýny bokur, göwresine görä kän uly görünýän kellesi çiginleriniň içine gidip duran, aýaklary kiçijik, şol bolşy bilen sesem çilimi köp çekýän uly adamyňky ýaly zorruk, dilem ujundan ary çakan dek, “wazyk-wuzzugrak” ogul bolup ýetişendigi üçin bir özi günäkär ýaly äriniň ýanynda-da il-günüň öňünde-de kemsinip, oňa gözi düşdügi gözüne ýaş aýlap ýören Äşe bolsa gözünden boýur-boýur ýaş döküp: – Beý diýme, oglum. Aýyp bor, il-gün geň görer – diýerdi. Ýöne Çöli welin soňky habar gulagyna degenden ýene-de ejesiniň ýanyna ýüwürdi. Suwa goýberiljek gaýyk ýaly öňünde leňňer atyp durşuna: – Dogzumykan-aý... apa, hä?.. Çynmykan-aý... – diýdi. – Eztiz agşama çenli gazaşmalymykan-aý... Ejesem ýene-de hem aglap hem gülüp oturşuna şol bir aýdýan sözlerini gaýtalady. – Çyn oglum, çyn. Sen ýöne onda-munda agzap ýörme – diýdi. – Birneme agrasrak bol. Deň-duşlaryň agzasalaram sen özüň bilmediksirän bol. Hernäçe “boz-boz” diýse-de, Çöli diline buýrup bilmedi. Gaýtam, öňi bilen deň-duşlarynyň ýanyna ylgady. Täze habaryny buşlady. Olaram muny derhal oýnamak bilen boldular. Hemmesinden beterem aralarynda iň bir diline şeýtan siýenleri hasap edilýän Jangulynyň güni geldi. Ol hemişe Çölini oňa-muňa deňäp, üstünden güler ýörerdi. Bir gezek: “Munuň iç goşuny çykaraga-da, derýada müner ýaly gaýyk ýasasaň tüýs laýyk bolardy” diýse, ýene bir gezekde: “Aý, şun-a kellesini bokurdagyndan soguraga-da tüfdan etseňem bolman durmaz” diýerdi. Käwagtam: “Maýmynam şundan dörän bolaýmasa...” diýerdi. Beýlekilerem keýp edip gülüşerdiler. Ine, Janguly bu gezegem şol oýnuna başlady. Çöliniň üstüne abanyp durşuna: –E-eý, näme etjeg-eý, sen öýlenip? Ýa nätmelidiginem bileňokmy? Apaň aýtmadymy? Ýa men aýdaýynmy? Öwredeýinmi?.. – diýip gyssady. Ýöne, oglunyň nirä, kimleriň ýanyna gidendigini aňan Äşe onuň yzysüre bardy-da, elinden tutup idirdedip ugrady. Janguly daga-da: – Jan oşular, degmäýiň-dä şuňa, gaýtam arkasyny alyň-a, hossar bo-luň-a... – diýdi. Ýeke Janguly däl, ulularyň arasynda-da käbir dili duzlyraklaryň oňa: “haý, şun-a Hudaý halys iş tapman oturan wagty ýasan bolaýmasa, diýýänlerem, “Aý, iş tapmazlykdan-a däldir welin, ýasara serişde tapmadyk bolaýmasa” diýýänlerem bar. Ýöne, olar ony Çöliniň özüne eşitdirip däl-de, özara gürrüňçilikde, dilleriniň keýpini görmek üçin aýdýarlar. Ýöne: “At çapmaz, bagt çapar” diýlişi ýaly, Allamyrat gotur oňa şol bolşy bilenem gül ýaly gyz tapyp berdi. Gudasy Esenem bir pukara kişi bolansoň aýaly bilen maslahatlaşdy-da: “Gyzymyz hor-zar bolmasa, gapymyzdan aglap gelmese bolýa” diýip, dessine hoş söz berdi. Garyp öýde göwni çökgün ösen gyzam ata-enesine garşy çykyp durmady. Üstesine-de Çöliniň toýy şeýle möhüm, il bähbitli taryhy meseläniň çözgüdine gabat geldi. Bu barada adamlar indi ýene ýüz ýyldanam gürrüň ederler ýörerler. Ýöne, entek halk köpçüligi anyk bilmese-de, bu toý bir günde sowulmaly. Ertesi agşam hemmeler göterilmeli. Hakyna seredeniňde welin, salyrlarda däp bolup galyşy ýaly bu toý hem üç gije-gündizläp dowam etmeli. Birinji gün: geňeş toýy. Onda esasy toý güni her kimiň öz başarnygyna görä näme etmelidigi bellenýär. Ýagny, şol zatlaryň geňeşi edilýär. Ikinji gün: esasy toý. Onda geňeş toýy güni bellenen adamlaryň hersi ýerli-ýerinde durup, özüne tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirýär. Gelin getirilýär. At çapdyrylýar, göreş tutdurylýar, “altyn gabak” atdyrylýar, ýaglyga towsulýar, “keçe-keçe” oýnalýar. Agşamlyk nika gyýylýar. Bagşy aýtdyrylýar. Üçünji gün hyzmat edenler üçin toý. Çünki, olar hyzmatda bolandyklary üçin toý güni toýuň mazasyny görüp bilmeýärler. Hiç zada tomaşa edip, bagşy diňläp bilmeýärler. Üçünji gün welin şolaryňky. Hatda olar üçin ýörite bagşam aýtdyrylýar. Şeýle-de, eden hyzmatlary üçin hersine sylag-serpaý ýapylýar. Ana, şondan soň aýal-gyzlaryň toýy başlanýar. Olaryň birine: “Ýeňňe görşi” diýilýär. Onda toý gününiň ertesi gelni atasy öýüne alyp gidýärler. Ýöne, Gün öýleden agmanka ony yzyna getirmeli. Ondan soň “dasdar” toýy. Bu baş salmak diýen ýaly bir zat. Dasdar ýaş gelinlerde sary, ýaşy durugşan aýallarda ak reňkde bolýar. Ol her kimiň gurbuna görä ýüpekden ýa-da hasadan bolup bilýär. Köplenç körpe ogluny öýerende ýa agtygy bolanda aýallar indi gartaşdym diýen manyda sary dasdarlaryny aýryp ak dasdar oranýarlar. Bu zenanlar üçin uly dereje hasaplanýar. Olaryň hersi şol derejä ýetmekligi arzuw edýärler. Dasdar toýundan soňam aýal-gyzlaryň ownukly-irili hysyrdylary telim güne çekýär. Ýöne, ýaňky aýdyşymyz ýaly bu gezek beýle bolmaz. Ähli zat bir günde tamamlanar. Hyzmat edenleri bolsa Allamyrat gotur Sarahsa baransoňlaram razy edip biler. Aýallar welin öz dasdar toýlaryny iki daşyň ortasynda bolsalaram, degirmene salsalaram sypdyrmazlar. *** ...Toýuň serenjamyny, tutumyny gözden geçirmek üçin ekabyrlar toý güni ir bilen toýhana ýygnandylar. Allamyrat gotur olary güler ýüz bilen garşylady. Öýüne saljak bolsa göwnemediler. Çäreleriň geçiriljek ýerlerine bakan ýörüş etdiler. Ekabyrlaryň öňüni çekip barýan Teke han, Abyt işan Allamyrat we Jumadurdy baý dagylar Meňli han ýok. Ol Garadepede tutulýan toýa hem-de şu gije ugradylmaly kelte göçe gözegçilik edip ýör. Üstesine Nazarly mergeni habardar etmekligem şonuň üstüne atyldy. Molla Ýegenmyrat bilen Eýeberdi ahun biraz yzrakdan gelýärler. – Her niçik hem bolsa halk göçüljekdigini aňaýana meňzeýär. Köpüsiniň toý bilen serleri ýok. Edil aýaklary bişen ýaly elewreşip ýörler – diýip, Jumadurdy baý toý ýerinden saýlanyşlary ýaly güňleç seslendi. – Ýa meniň göwnümemikä? Teke han oňa tarap sowuklaç seretdi-de, näme üçindir ynjyly gürledi. – Göwnüňe däldir. Çyndyr. Köneleriň aýdyşy ýaly temeni haltada saklap bolýan däldir. Aýtmaň diýip sargalan adamlar aýtmasyz zady öýlerine baryşlary ýaly iň bolmanda aýallaryna aýdandyrlar. Aýllar eşidenden soňam özüň bilýäň... Han-begleriň aýaklaryna eýerjek bolup özüne zor salyp gelýän Eýeberdi ahun “has-has” edip: – Esasy zat ony serbazlaryň duýmazlygy – diýdi. – Şonuň üçinem, göwünlerine zat gelmez ýaly olara ýetişibildigiňizden iýmek-içmek daşaberiň. Özünem boldan tutuň. – Ol molla Ýegenmyradyň ýüzüne seredip çalarak ýylgyrdy – Dokluklaryndan ýaňa galara ýagdaýlary bolmasyn-la... Hä?.... Bulara ýolda goşulyp, ýan tazysy ýaly ýantaklaşyp gelýänleriň biri: – Häýt, beýhuş derman bolaýsa... – diýdi. Başga birem hili bir gep aýdylandyr öýdüp: – Wah, bolanyna görä mergümiş bolaýsa diýsene. Palaç ýatyran ýaly ýatyr-da weli baryny... Egin deňleşip barýan Teke han, Abyt işan, Jumadurdy baý dagylar öňlerini ýylan kesen ýaly üçüsem birden sakga durdylar. Ýüzlerini aktam edip ýaňky gürrüňi aýdanlaryň ýüzlerine seretdiler. Ýalňyşandyklaryny bilen bolsalar gerek, ekabyrlaryň otlukly nazarlaryna gözleri düşenden, olaryň ikisem ýüzlerini aktam edip, gaýra tesip başladylar. Ýöne, Teke hanyň olary barybir boş goýberesi gelmedi. – Birinjiden-ä bizde siziň ol diýen zatlaryňyzyň birem ýok, bolaýanda-da olar ýaly bigaýrat hereketleri biz etmeris. Siz ýaly nadanlara-da etdirmeris. Asyl-ha türkmen olar ýaly namart oýunlara baş goşýan däldir. Ol gylyja girer, ýöne beýle iş etmez... Allamyrat gotur her ýerden bir basmarlap bardy-da, näme etjeklerini bilmän buruljyraşyp duran hälki ikisiniňem golundan tutup itekläp, goýberdi. – Güm boluň, şu ýerden. Toýda-da görünmäň!.. Şol wagtam Zurabadyň günbatar tarapyndaky baýyrlyklaryň üstünde jarçynyň sesi ýaňlandy. Ol hä diýmän mergenleriň ýaryşa başlajakdyklaryny habar berdi. Henizem Teke hanyň aýdan sözleriniň täsirinden çykybilmän, yzyndan gaharly garap duran ekabyrlar şondan soň olardan ünslerini sowdular-da, topbaklary bilen atyşhana tarap ýöneldiler. Şol wagt olara Begnazar bilen molla Orazam gelip goşuldylar. Ýöne, atyşhana olardan öň gelenlerem kän ekeni. Köpüsem awa-şikara mergençilik sungatyna höwesek ýaşlar. Özlerem ala-goh. Bir zadyň jedelini edýärler. Beýleräkden bolsa bäş-alty sany ýetginjek sozanda-guýruk bolşup şol tarapa barýarlar. Olaryň arasynda öýlenýän ýigit – Çölem bar. Onuň üsti-başy beýlekileriňkiden üýtgeşik. Bezemen. Ýöne, ýaman dert Janguly oňa bu ýerde-de gün berenok. Eýlesine- beýlesine geçip bir zatlar diýýär. Durup-durup eşiklerini synlaýar. Soňam çümmügi bilen tutup egnindäki ýalpyldap duran şahy matadan tikilen kürtäniň o ýerinden bu ýerinden çekýär-de: “Kimiň egnindedirin diýip ýalpyldaýaň, gyňkeýiniň kürtesi, ýyrtyl...” diýýär. Soň onuň mawutdan tikilen täzeje gyýma balagyndan çümmükläp çekýär: “Kimiň aýagyndadyryn öýdüp öwşün atýaň, gyňkeýniň binamys balagy, ýyrtyl...”. Ondan soň köneje köwşüniň burny bilen Çöliniň gat-gat gönden tikilen gyrmyzy köwşüniň böwrüne kakýar: “Kimiň aýagyndadyryn öýdüp gülgün öwüsýäň, gyňkeýiniň hokgasy, Gagşa...”. El ýaly gyzgynjak çöregiň daşyna goýnuň aka bişen ýagjymak garnyny dolap oňa käte bir agyz urup gelýän Çöli welin Jangulynyň ol hereketlerine kän bir ünsem berenok. Käte bir: – E-eý, aýzyl-eý... Gowy bol-eý... Apama aýdazyn-eý... – diýýär-de, göwni bir ýaly ýoluny dowam etdiriberýär. Bolýan oýna içleri byjyklap alyp barýan bor-a çemeli, gapdalyndakylaram “diriň-diriň” böküşýärler. Özlerem “hikirde-hikir”. Oňa çenlem oglanlar atyş meýdanyna golaýladylar. Özleri bilen bir wagtyň özünde diýen ýaly ol ýere ekabyrlaryňam ýetip gelýändiklerini, arasynda Çöliniň kakasy Allamyrat goturyňam bardygyn görüp, Janguly ilk-ä sesini peseltdi, soňam usullyk bilen bir gyra çekildi. Gaty daşlaşmanka-da Çölä garap ýuwaşlyk bilen: – I-i-i-i gyňkeýniň çagasy, apaňa aýtýançaň-a honha, kakaň geçip barýa, şoňa aýt – diýmäge ýetişdi. – Utanaňzokmy apaňy orta goşmana... Allamyrat gotur ýetginjekleriň ýöne ýere Çöliniň daşynda gaýmalaklaşmaýandyklaryny aňdy. Usullyk bilen olara golaýlady-da, ogluna tarap gözüni alartdy. Dişini gyjap: bar, ýok bol, şu taýdan diýen manyda sessiz-üýnsiz haýbat atdy. Başyny silkip yşarat etdi. Hernäçe gidesi gelmese-de Çöli görkezilen tarapa ýönelmeli boldy. Şondan soň Allamyrat ýeke-ýeke ýetginjeklere, hususan-da Jangula alaryldy. Ýöne, olara gidiň diýip bilmedi. Asla hiç zadam diýmedi. *** Atyşhana üçin Zurabatdan ýokarlygyna uzap gidýän baýryň etegindäki dilkawja, şyr-ak takyr meýdan saýlanyp alnypdyr. Bir çetde syrdam, uzyn agaç dikilip, ujundaky ommujak şahadanam palaw kädi asypdyrlar. Ondan ýigrimi ädim çemesi aralykda bolsa mergenler özara “hümürdeşip” durlar. Aram-aramam üşerilişip kädä seredýärler, aralygy ädimläp görýärler, ýüzün ýatyp nili şahly hyrly tüpeňleriniň ujuny kädä çeneýärler. Soň ýene-de nämedir bir zadyň maslahatynymy ýa jedelinimi edip gaty ses bilen gygyryşmaga başlaýarlar. Agajyň düýbünde-de üýşmeleň az däl. Şol ýerde pökgüje garnyny gaýşardyp, dik-depesine garap duran kelte boýly, ýüzi tes-tegelek, ýaňaklary ýaňy bolan çaganyň budy ýaly tep-ter, burnunyň çep ganaty çalarak ýirik, gözleri gyýagrak ýigit ekabyrlaryň öz ýanlaryna gelýändiklerinden bihabargöwresine laýyk gelmeýän inçejik sesi bilen “jyňňyl-jyňňyl” etdi. – Häý, mergenler-ä “altyn gabak” atjaklar-ow... Bir ýaňagynyň tas ýarysy diýen ýaly peşehordaly, garaýagyzrak, hanasynyň içinden çala görünýän kiçijik gözleri çap-çal, jedelkeşlikde bütin taýpa ýakasyny tanadan Gurtýaz atly uzynakdan gelen daýaw bir ýigidem: – Birinjiden-ä ýaryşyň ady “altyn gabak” däl-de, “altyn tabak” Kelew han. Şoňa görä bu agajyň ujundakam hakyna seretseň kädi däl-de “tabak” bolmaly, onda-da altyn tabak bolmaly – diýdi. – Näme, kümüş tabak bolanda bolmyýamyşynmy? – Bolýan däldir-dä. Bolýan bolsa başda “altyn tabak” diýmezdiler-de “Kümüş tabak” diýerdiler. – Kädi bolanda kümşüň bolmaýşy-ha birtüýleg-ow, Gurtýaz halypa. – Tüýlegem bolsa, tüýsüzem bolsa şeýle şol. Ýaşka kel bolandygy üçin Kelew lakamyny alan Atdy, has takygy Atamyrat köne endigi boýunça “hyrt-hyrt” etdirip ýeňsesini gaşady. – Onda bu ikiorta “gabak” sözi nireden geldikä? – Aý, Ahmet sakaw ýaly dilikelçigrägiň biri bir ýerde aljyrap gabak diýendir-de, seň ýaly çalasowadyň birem alyp “göterendir, şeýdibem “gabak-gabak” bolup gidiberendir. Atdy kelewiňem aňsat ýan beresi gelmedi. – Çalasowat diýen bolup how sen bu adamlara göwniýetmezçilik etme. Men kiçijikkäm molla Ýegenmyradyň ýanyna tutuş üç gün gatnapdyryn. Ol kakama: “Men seň munyňy okudyp biljekgä, ylym urar-da başyma bela bor, gaty ýiti bi” diýipdir. Eýeberdi ahuna berjek bolsa o-da almandyr. “Molla Ýegenmyradyň başarmadyk işini men başarman” diýipdir. Ýöne, özbaşdak kän kitaplary waraklap çykdym men. Göroglynyň dagy ähli şahalaryny ýatdan bilýän. Şonda-da “altyn gabak” diýlip ýazylan-a... – Nämüçin şeý diýilýäni ýokmy onsoň oň o ýerde? – Aý, ýok. Nämüçindig-ä ýok. – Onda otur. – Özüň gotur. – Gotur diýemok men, otur diýýän. Olar diňe ekabyrlar öz aralaryna gelenlerinden soň seslerini kesdiler. Salamlaşdylar. Görüşdiler. Teke han olardan näme hakda jedelleşýändiklerini sorady. Aýtdylar. Teke han mergenleri çagyrtdy. “Şu ikisiniň jedelini çözüp beriň” diýdi. Mergenleriň içinde Teke handan sähelçe ýaşrak, Hotjy atly godolajyk, kellesi şyr takyr, geplände çürnügini çommaldyp gepleýän gaýşarylybrak, ýaýkanjyrap, howlukman ýöremäni gowy görýän şortarak biri bardy, ana, şol agy sallanyp ýatan giň, gyýma balagynyň çep jübüsinden ýalpyldap duran, dürli nagyşlar bilen bezelen gyzyl nas kädisini çykardy-da, ilk-ä “pöňk” etdirip, gaýyşdan sünnälenip ýasalan seçekli dykysyny aýyrdy, soňam agzyny dişine degrip “tyrk-tyrk” etdirdi. Diliniň aşagyny doldurandan soňam nasyň badyna eýýämhaçan çerrelip ugran gözlerini ýaldyradyp Teke hanyň ýüzüne seretdi. – Aý, biz-ä han aga gabakmy, tabakmy, kümüşmi ýa gyzylmy, kädimi ýa gawunmy.... – Ol elini agaja tarap ülňüp goýberdi. – Ýa şo ezden... – Ol indi Atdy kelew bilen Gurtýaza tarap baş atdy. – Ýa şo ýezde sü ikisiniň bizini asýaňyzmy, tapawudy ýok, uz diýselez bolýa... Manysam şol oň biziň üçin, beýlekisem.... – Abyt? – Howwa, han aga. – Özüň bir zat edäýmeseň-ä... Abyt işan “ýyrş” etdi-de, bir ädim öňe süýşdi. Sag elini Gurtýazyň sol egnine goýdy. – Manysyny düşündirip bilmese-de, Atamyratdyňky dogry. Aslyýetinde bu hakykatdan-da “altyn gabak” bolmaly. Çünki, biziň gadymy türki dilimizde “gabak” sözi “halka” diýmekligi aňladýa. Altyn gabak bolsa altyn halka, ýagny altyn egremçe diýildigi bolýar. Gadym döwürlerde tüpeň bolmansoň söweşlerde-de, aw-şikaralarda-da, toý-tomaşalarda-da ýaý bilen peýkam atylypdyr. Şonuň üçinem ... – Abyr işan dikilgi agajyň ujundaky kädä tarap barmagyny çomaltdy. – Şonuň üçinem şular ýaly toýlarda agajyň ujundan bular ýaly kädi däl-de, halka, onda-da hakyky gyzyldan ýasalan halka asypdyrlar. Ana, şoňa-da “altyn gabak”, ýagny, “altyn halka” diýlipdir. Kim ýaýdan atan peýkamyny şonuň içinden geçirip bilse, şol altyn halka şoňa berlipdir. Peýkamyň ujuna-da ýukajyk ýüpek ýaglyk daňar ekenler, halkadan geçeni bilner ýaly. Käte golaýrak aralykdan hakyky tylla ýüzük goýubam atyşypdyrlar. Birnäçe ýüzügi hatarlap goýup, şolaryň hemmesiniňem içinden geçirişmeşek oýnalan gezeklerem bolupdyr. Görşüňiz ýaly, “tabak” sözüniň bu ýerde dahly ýok. Gurtýaz aýasy bilen ýüzüniň ýanyk tarapyny sypalap durşuna ahmyrly gürledi. – Kelew han aldy-ow, onda bu gezek? Atamyradyňam jogaby nagt boldy. – Kelewiň almyýan gezegi ýokdur. Siziň ýöne maňa göwnüňiz ýetenok, “kelew-kelew” diýşen bolup... – Atamyrat telpegini çykaryp, alabeder bolup duran kellesini gaşady. – O-da bolnan kelmi, bolunmadyk kelmi, Hudaý bilsin... Utulanyna namys eden Gurtýaz küşşüklenen çaga ýaly “ýyrş-ýyrş” edip Abyt işana ýüzlendi. – Indi näme, adamlar gyzyl halka tapmansoňlar ýa oňa güýçleri ýetmän kädi asýalarmyka? Allamyrat goturam-a tapman duranyň çagas-a bolmaly däl. Üstesine bu gün Jumadurdy baýam oň arkasynda durmuşyn. – Oň sebäbi neme... – Abyt işan öňküsindenem has pessaý gürledi. – Oň sebäbi ýaňky aýdyşym ýaly mergenler indi ýaý atyp däl-de tüpeň atyp ýaryşýalar. Tüpeňiň okuny bolsa birinjiden-ä kiçijik halkanyň ýa egremçäniň içinden geçirip bolanok, geçiräýeniňde-de geçenini geçmänini bilip bolanok, galybersede gyzyl ot bolup barýan gyzgyn gülle seň halkaňy kül edip goýberýä. Kädini ursaň welin böwri deşiler, içi döküler, çigidi çaşar, urulany bildirer, soňam alaga-da täzeläýmeli. Degmese-de içiň ýansyn diýýän ýaly hallan atar durar, görene göz bolup... Gepiň gysgasy başky görnüşinden diňe ady galan şuň... Abyt işanyň düşnükli hem gyzykly gürrüňlerini hezil edip diňlän Teke han, Atamyrat bilen Gurtýazyň ýüzüne taýly gezek seretdi. – Düşündiňizmi indi? Olaryň ikisem birden gürledi. – Düşündik, han aga. Kemi galmady. – Soň olar Abyt işana ýüzlendiler. – Taňryýalkasyn, işan aga. Nyşananyň manysyny aýdyp berendigi üçin Abyt işana mergenlerem minnetdarlyk bildirdiler. –Meşgul bolýan zadyň many-mazmunyny bilseň birhili hünäriň gadry artan ýaly bolaýýan ekeni – diýişdiler. Şondan soň Teke hanyň rugsat bermegi bilen ýaryş başlandy. Esli wagtlap nyşanany mergenleriň hiç birem urup bilmedi. Muňa janköýerleriň arasynda kejikmedigi-hä galmady welin, şu ýere gelenlerinden soň ekabyrlara goşulan Jumasapar hasam darykdy. Ol agzyny gaçyp guzlaýan çypar towugyň art-bujak deşigi ýaly “müňk-müňk” etdirip diň-gögüne garady-da: – Hä aýt, Mergenli Nazar bolan bolaýsa-ha beýle bolmazdy welin... – diýdi. – Aýdan sözüniň eden täsirini aňmak üçin öz okunyň daşyndan bir gezek pyrlandy-da, gapdalyndakylaryň hersiniň ýüzüne, ýeke-ýeke jüýjerilip çykdy. – Hä?.. Hm-m?.. Şöýderdi gerek?.. – Soň ol endigine görä, sag eliniň süýem barmagyny burnunyň aşagyna syhap goýberdi. – Hümh –çü-üýf... Gurtýaz aňyrsyndan dyňzap gelen gülküsini zordan saklady. – Hä, Nazarly mergen bolanda näderdi öýdýäň, Jyma akga... – I-i-i... O bolan bolsa beýdip, bylar ýaly oklaryny “pys” geçirip durmazdy-da, ýeke gezekde däninim kädisini okuň içinden parran geçirerdi. Hümh-çü-üýf... Iň bolmanda Pataş bolanam bolsa bulardan gowy bolardy. Edil şol wagt toýhana tarapdan arkasy ýükli ýaly ýegdekläp gelen Apbam oňa goşuldy. Ekabyrlaryň ýanynda sögünmejek bolup özüne hernäçe zor salsa-da bolmady. Sypdy. – Ýa d, kädi bylary uraýmasa by gyňkeýinlerden kädi uran bolasy ýok-laý... – Ol hekgerdi-de, mergenlere tarap haýbat atdy. – E-eý, boluň-eý, çaltrak! Urjak bolsaňyz-a uruň, bolmasa-da şol kädini düşürip öz boýnuňyzdan asýas... Gurtýaz hezil edip güldi. – Gadym döwürlerdäki ýaly altyn halka bolan bolsa-ha boýunlaryndan asaýanyňyzda-da gaty görmezdiler welin Apby akga, bu arman neme-dä, kädi-dä... – Ol “püf-f” etdirip aýasy bilen agzyny tutdy, birgeňsi ýylgyrdy. – Özem çüýrükmi, nämemi... – Dogry aýdýaň Gurtýaz, aýt, ýüz görme. Biz bir zat diýseg-ä gyňkeýin, Apby aýtdy bolýa, aýtmasaňam ine, özüň görüp dursuň, içiň ýanyp barýa... –Aý, “Apby aýtdy bolýa, Apby aýtdy bolýa” diýen bolup, Apby akga senem aýtma kemini goýaňok-la. Aýdybilýäň-le... Teýeneli sözleriň, kinaýaly gülküleriň kem-kemden köpelip barýanyna namys etdilermi ýa han-begleriňem seredip durandyklary üçin birneme tijendilermi, mergenleriň biri ahyry kädiniň böwründen “pöňküldetdi”. Şol “pöňküldi” bilenem häliden bäri, bardygam bildirmeýän, araky eşiden käýinjinden soň ekabyrlaryň ýanynda kän bir batly geplemezlige jan edýän Otjan keliň: – Bäýip-bä-ä-ä!.. – diýen çasly sesi eşidildi. Kädi “patlap” ýere düşendenem yzyny suňşurdy. – Errekgemen-nä-ä!.. Ýöne, onuň ojagaz gykylygy dagy tomaşaçylaryň turzan şowhunlarynyň arasynda eşidilmedem. Hatda ekabyrlaryň arasynda-da gep-gürrüň, hereket güýçlendi. Nyşanany uran mergeniň ýakynlary, obadaşlary bolsa: “Haý, biz ýeňdik-de – biz ýeňdik” bolşup gygyryşdylar. Telpeklerini göge zyňyşdylar. Kimdir birem ylgap baryp eýleräkde peýwagtyna otlap ýören hortabarak çakan ýaba böküp mündi-de, obasyna baryp obadaşlaryna buşlamak üçin debsiläp başlady. “Haý, şeterrik, gözüň aýdyň ho-ow” diýip, eýýämden gygyrybam ugrady. Ýöne, ýaby näme üçindir çapmady, şo-ol, duran ýerinde towsaklap bökdi durdy. Ýabynyň duşaklydygyny “çapar” diňe tomaşaçylar: – E-eý, duşagyny çöz, duşagyny – diýip, gygyryşanlaryndan soň bilip galdy. Şondan soň ýaş oglanlaryň biri agaja dyrmaşyp, ujuna başga kädi asdy. Apby oňa seredip durşuna garaçyny bilen söýünçli seslendi. – Haý, gyňkeýiniň çagas-a edil maýmyn ýaly-ow. – Onuň bilenem kanagat etmän agajyň düýbüne bardy-da, syrylyp aşak düşüp gelýän çepiksije oglanyň ýüzüne çiňerildi. – Inim, hiý, ataňda-eneňde maýmyn gatanjyň bamy?.. Oglanjyk sypaýyçylyk bilen “ýyrş” etdi-de, sessiz-üýnsiz köpçülige siňip gitdi. Ýaryş dowam etdirildi. Ekabyrlar şol ýerden göni, atlaryny çapyşyga taýýarlap, çapyksuwarlara iň soňky tabşyryklaryny berip ýören seýisler bilen görüşmek üçin at meýdanyna tarap gitdiler. Atyşhanada galanlar olaryň yzlaryndan seredip duruşlaryna Abyr işanyň uly-uly ýerlerde, daş ýurtlarda okap gelen okumyş, sowatly adamdygy, ylymly bolmaklygyň adamy gör nähili belent hem parasatly hormata mynasyp görkezýändigi barada her hili gürrüňler etdiler. Jumasapar ýaly ýaşy beýlekilere görä, birneme galarak, ony ir döwürlerden bäri tanap gelýän adamlar bolsa Abyt işan barada köp-köp gyzykly gürrüňler, hekaýatlar aýdyp berdiler. Şolaryň iň gyzyklysam Gülbeden atly owadan gelin bilen baglanyşykly, Zymýan peri hakyndaky hekaýat. Ine, şony welin şu ýerde ýatlap geçmesek bolmaz. Toýam goý, öz akymy bilen dowam edibersin. Oňa biz ýene-de dolanyp geleris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |