01:10 Salyr soñy Sarahs -15: Zymýan peri | |
ZYMÝAN PERI
Taryhy proza
Abyt işan obadaşlarynyň aýdyşlary ýaly hakykatdan-da akylly, ylymly üstesine-de diýseň adamkärçilikli adam. Ol salyrlaryň Ýolötende oturan döwürleri, on dokuzynjy asyryň ortalarynda dünýä indi. Onuň ilkinji halypasy kakasy. Ol oňa ýaşlykdan hat-sowat, aýat-töwür öwretdi. Salyrlaryň Sarahsa göçüp, Gowşut han tarapyndan ikinji gezek Mara getirilen döwürleri bolsa, Lebaba, Idris baba medresesine okuwa iberdi. Şol ýerdenem başyny çarap, Abydyň özi Hywa, Buhara ýaly uly şäherlere gitdi, şol ýerlerdäki yslam dünýäsine meşhur dini ojaklarda okady. Soňabaka ol ylym bilen şeýle bir imrindi welin, onuň Gazan şäherine, Osmanly ýurduna çenli gidip, uly-uly pirler, özbaşdak taglymat döreden dini hadymlar bilen duşuşandygy, özüniňem bir ýol ýasap ýörendigi, şonuň üçinem, dünýägaraýşyny has giňeltmek maksady bilen basym Arabystana, Hindistana gidip gelmekligi maksat edýändigi baradaky habarlaram oba arasyna ýaýrap ugrady. Köpler kakasy muňa gynanar, “Ýekeje oglumdan jyda düşdüm-ow”, diýip eňräp, ahy-zar çeker öýtdüler. Emma tersine boldy. Ol oglunyň at-abraýynyň şeýdip, gün-günden artyp gidip barýandygyna begendi. Asla meniň ondan garaşýanym umydym, tamam şol. Özümiň höwes edip ýetip bilmedik derejäme goý, ol bir ýetsin. Ýöne, ýekeje gezegem bolsa arasynda bir, gelip gitse, öýlendirsem, borjumy berjaý etsem, şondan soň ýene gidibersin...” diýip, oturan-turan ýerinde gürrüň etdi ýördi. Ýöne, oňa ogluny öýermeg-ä däl, asla görmegem miýesser etmedi. Aýak üstünde gezip ýörkä bir kesel tapyndy-da, “tapyr-tupur” düşege ýykyldy. Uzak ýaşamanam ýogaldy obanyň aksakgallary: “Hernäme diýse-de ony diri aýraçylyk maýyrdy. Ogly ýanynda gezip ýören bolsa entek-entek ajala per bermezdi” diýdiler. Abyt işana-da günübirin habar ýolladylar. Ýöne, ara daş, ýol yrak habar barýança, ol gelýänçä kakasynyň kyrky sowuldy. Şeýle-de bolsa onuň gelen güni obanyň ähli adamlary täzeden ýygnanyşyp aýat okadylar, ondan-mundan söhbet etdiler. Söz arasynda onuň indiden soň yzyna gitmezligini, obada galmagyny haýyş etdiler. “Basym biziň Sarahsa göçäýmegimiz ahmal, ol ýerde çagalarymyzy okudar ýaly molla gerek bor. Eýeberdi ahun bilen molla Ýegenmyradyň bolsa öňkülikleri ýok. Olar indi toýda-ýasda aýada-töwüre ýarasalaram zor bolduklary. Şoň üçinem, biz şol işe senden gabyl adam göremizok, gal, öý-işik bol, öz topragyňa kök ur, ataň ojagyna eýelik et...” diýdiler. Abyt işan ýaly ýumşak halal süýt emip ulalan adam üçin başga näme gerek? Hiý, ol şolar ýaly döwletli, akylly-başly, mamla sözleri aýdyp oturan adamlaryň öňünde gaýra gaýşyp bilermi? Bilmez! Obadaşlary aýtdy, haýyş etdi – gutardy! Esasanam ony özi gitse ata-enesiniň gapysynyň ýapyljakdygy gynandyrdy. Çünki, öz-ä ýeke diýen ýaly, özünden uly bir uýasy bardy, o-da kişi maşgalasy birwagtlar çykyp, çagaly-çugaly bolup gitdi. Ejes-ä hasam ir, entek ol Lebaba gitmänkä ýogalypdy. Üstesine ýaşam otuza ser urdy. Abyt işan galdy. Obadaşlarynyň tamasyny ödedi. Sowatlylygy bilenem, adamkärçiligi bilenem özüni ile aldyrdy. Daşyndan gyz ýaly utanjaň, ýuwaş geplemezek görünse-de, ol berilýän soraglara birsyhly ýylgyryp oturşyna howlukman, şeýle bir ussatlyk bilen jogap berýärdi welin, kä toýlarda käbir adamlaryň ony diňlejek bolup bagşydan galýan pursatlaram az bolmaýardy. Halky iň bir geň galdyran zat bolsa, gelende onuň ýany bilen birgiden içi suratly kitaplar getirendigi boldy. Ol kitaplar Alyşir Nowaýynyň, Zahyreddin Babyryň, Mir Muhammet Abu Zeýdiň, içine Hyrat, Töwriz, Horasan miniatýuraçylyk mekdeplerindäki hudožnikler tarapyndan suratlar çekilen kitaplarydy. Türkmen bagşylarynyň aýdýan aýdymlary arkaly ýerli halk Nowaýyny Myraly hökmünde gowy tanaýar. Onuň Hyradyň häkimi Soltan Söýün bilen dost bolandygyndanam, ikisiniň arasynda dörän şorta sözlerdenem habarly. Türkmenlerde “Nowaýy”, “Yrak nowaýy”, “Nowaýy düşürimi” diýen ýaly sazlaram bar. Ýöne, ine, musulmançylygyň surat çekmekligi gadagan edýän wagty şolar ýaly ägirt adamlaryň kitaplaryna birgiden surat çekilmeginiň hikmeti nämekä? Onda-da Abyt işanyň öz aýdyşyna görä mundan üç asyr öň? Şol suratkeşleriň arasynda Begzat diýen bir türkmen ýigidem-ä bar ýaly. Elbetde, bu zatlar barada hem obadaşlary Abyt işandan soraman durup bilmediler. Şonda Abyt işan “myssa” ýylgyrdy-da: “Ýa—ak musulmançylyk surat çekmegi gadagan edenok. Kurany Kerimde şeýle zat ýok – diýip olaryň henize bu güne çenli eşitmedik zatlaryny aýtdy-da, öňküdenem beter geň galdyrdy oturyberdi. – Pygamber aleýhyssalam diňe öz suratynyň çekilmegini gadagan etdi. Çekiläýen ýerinde-de ýüzi nykaplydyr – diýip, Abyt işan kitaplarynyň arasyndan Muhammet Abu Zeýdiň “Ymamlaryň taryhy” atly kitabyny eline aldy-da, içinden suratkeş Kasym ibn Aly tarapyndan çekilen: “Pygamberiň iň soňky ündewi” atly suraty görkezdi – Ine, görýäňizmi?.. Şu ýerde pygamberimiz ýüzi nykaply çekilen. Munuň düýp sebäbem goý o dünýäsi abat bolsun, pygamber aleýhyssalam haçanam bolsa bir wagt kimdir biriniň öz suratyny görüp: “Be-e Muhammedem biz ýaly adam ekeni-ow, ine görýäňizmi, hakyt pylana meňzäbem dur” diýmegini islemändir. Suratyna däl-de, ruhuna, taglymatyna uýmaklaryny isläpdir. Has beterem ol isaýylaryň Isa pygamberiň suratyna çokunmaklaryny, oňa Hudaý hökmünde sejde etmeklerini, Hudaýyň hem ogly, hem özi hasap etmeklerini, mukaddes ruhy hem üstüne goşup, üçlükden emele gelen bütewi bir zat saýmaklaryny uly ýalňyşlyk hasap edipdir. Hudaý birdir, ýeketäkdir, diýen düşünjäni öňe sürüpdir. Hut, şonuň üçinem, ol özüniň täze taglymatyny döredipdir. Suratyň özi bilen-ä onuň asylam dawasy ýok. “Be-e...” diýşip, öňe-yza omzaşyp oturan adamlar şonda uludan demlerini aldylar. Abyt işan şeýle diýýän bolsa o zatlaryň dogrudygyn-a ynandylaram. Şeýle-de bolsa käbir towşanýüregräk adamlar janlaryny barlap görmek üçin, bu hakda molla Ýegenmyratdanam, Eýeberdi ahundanam soradylar. Olaram edil öň dilleşiň goýan ýaly: “Abyt işan aýdan bolsa dogrudyr. Asylam indiden beýläk şonuň diýeni bilen boluberiň” diýdiler. Ylymdanam, şerigatdanam, syýasatdanam baş çykarybilýän, köp taraplaýyn düşünjeli adam bolandygy üçin, Sarahsa göçülip gelinmeginiň öň ýany, entek Maryda otyrkalar mollaçylygynyň, mugallymçylygynyňam daşyndan Teke han ony özüne ýakyn maslahatçy edip aldy. Gökdepe urşunyň yz ýany, Sarahsa gitmeklerine kömek etmeklerini sorap, Dykma serdaryň ýanyna Ahala gidende-de ol Abyt işanam ýany bilen alyp gidipdi. Ol ortadan-a ýokarrak, uzyndanam pesräk boýly, uçlary oda çirkizilen ýaly töwarlanyp duran goňrumtyl, gaty bir ösgün bolmadyk, ak ýüzüni jähekläp duran inçejik sakgally, murtsyz, hemişe ýylgyryp ýörendigi üçin nurana keşpli, hiç haçan gatyrganmaýan, hiç kim bilen gaty gygyryp gepleşmeýän, görmegeý ýigit. Doga-tumara ynanmaýar, pala, gurra uýmaýar, düýş ýordumlaryny ykrar etmeýär. Köpçüligem şoňa ündeýär. “Musulmançylyk ylmynda olar ýaly zat ýok. Olaryň barysy şeýtany pygyllar. Oňa yslam garşy. Bar zat diňe Allanyň yradasy bilen bolýandyr. Bolar-boldajyny, geler-geldejini diňe şol bilýändir. Doga-da ýalandyr. Kimde-kim dogalanandyryn öýdýän bolsa, ol öz-özüni dogalandyr. Şoňa öz-özüni ynandyrandyr, şeýtanyň ugruna gidendir” diýýär. Ol adamyň ahlaky päkligini bar zatdan ilerde goýýar. “Musulmançylyk – bu arassaçylykdyr. Özem ýeke bir beden arassaçylygy däl-de, eýsem kalp, ýürek, göwün arassaçylygydyr, pikir aýdyňlygydyr. Ýeke bir söz, hereket, beden arkaly däl-de, göz, garaýyş, niýet, pikir arkalam bet işlere baş goşmazlykdyr, günä etmezlikdir” diýip öwredýär. Hut şeýle häsiýetleri üçinem, oňa uly-kiçi, aýal-erkek, hemmeler hormat goýýarlar. Ýetişen gyzlardan, dul gelinlerden oňa iki aýtdyrman barjaklaram az däl. Asyl şol barada Teke han başlyklaýyn ekabyrlaryň ählisi alada edibem ýörler. Bu gün-erte onuň aýagynyň ymykly duşaklanaýmagam ahmal. Ýöne, ilçilikde her hili adam bolýar. Şu hekaýatyň baş gahrymany başy boş, ýaş, üstesine-de diýseň görmegeý, göwsi gaba, topuklary tekiz, ak mapraç, göz-görtele erbetlik edip, göze-başa düşüp ýörmese-de, görer-göze ýeňlesräk, dili duzly, oýun etmäni gowy görýän, hut şol häsiýetleri sebäpli melamata golaýrak, syrdam syratyna gelşip duran Gülbeden atly gelnem şol, her hilileriň biri. Dogrusyny aýtsaň, ol ilk-ä Abyt işandan tamakin boldy. Onda-da gaty tamakin bold-a! Asyl ol özüni almaz öýtmedi. Maman apa ýaly gepi ötgür, köpi gören eýýär heleýleriň ýanynda birnäçe gezek gyltyzraga-da syzdyrybam gördi. Bolmajagyna gözi ýetensoňam oýunmy-çiglige salan bolup, Abyt işany oýnasy, ar alasy, öz dili bilen aýtsak, şeýdenine görä hakyt, petugulysyny beresi geldi. Esasanam onuň doga-tumar baradaky düşünjesiniň üstünde döwnäsi, öz ugrunda däli-diwana edip, eňter-pelegini öwüresi, din, doga-tumar baradaky düşünjesini düýpgöter üýtgedip, oba arasynda şondan soň bütinleý başgaça saýrar ýaly edesi geldi. Janyny barlap görmek üçin ol özüniň bu pikirini gepi alyşýan boýdaşlarynyň biriniň ýanynda ýaňzytdam. Ýöne, ol gelin Gülbedeniň ugrundan gopmady. Gaýtam alpetinden aldy. “Gysmalygyňy gys-da, öz ugruňa geziber kençini, Abyt işan diýilýäni Sary maňka däldir, saňa-maňa özüni oýnadar ýaly” diýdi. Onuň Sary maňka diýýäni ömrüni öýlenibilmän ýekemydarlykda geçiren elmydama daşy samanly laý bilen suwalan ýylgyn kepbesiniň kölegesinde ötene-geçene syn edip, aýallara, gelinlere lak atyp oturan, sag diýseň sag däl, däli diýseň däli däl, söwdaýypisint, ýüzi hüýt-gara üstesine-de gapan keçe ýaly çyr-çyrşak, burnunyň tommaýy öýjük-öýjük, şeýle hem nas pürkülen ýaly ýap-ýaşyl, burnuna salyp “hüň-hüň” edip gepleýändigi üçin, “maňka” lakamyny alan, kim näme berse şonuň bilen oňňut edip, toýdan-toýa, sadakadan-sadaka süýrenip ýören hossarsyz, altmyş ýaşlaryndaky bir töwra, edil çaga ýaly ynanjaň, gaharjaň, iňňän sögünjeň adam. Ýagdaýy şeýle bolansoň gelinler ony hakykatdanam oýnaýarlar. Bu meselede esasanam Gülbeden öňe saýlanýar. Bir söý bilen deňinden geçmeli bolaýsa dagy usullyk bilen aýak çekýär-de, süýnüp-sarkyp, sülmüräp durşuna “awuna” tarap göz astyndan sereder-de: – Sary aga? Salamälik. – diýer. Birinji gezeginde jodap alyp bilmese ikinji geze salam berer. Sary maňka ukusyndan açylmadyk çaga ýaly “gyjyr-gyjyr” edip: “Wä-neýkim how, wäneýkim, bä-ä...” diýenden soňam öňküsinden-de beter halymsyrap: ― Henizem şol oturşyňyzmy? Şol sallahlygyňyzmy? Öýleneňzokmy? Ýekemisiňiz? Ýekelik gursun. Ine, menem ýeke. Bolmasa men size baraýaýyn? Alarmysyňyz? – diýýär. Oňa-da geregi şol. Oturan ýerinde otyrýeri bilen tä kölege gutarýança öňe tarap süýşeneklär-de, hasasyny galgadyp oturşuna ulyili bilen gygyrar. – E-eý! Şynyňmy? Dognudanam başyň boşmy? O nä, öň aýtmadyň sen muny maňa? Hä?.. Hany gel bänik gen!.. Gen, gürneşeni. Gülbeden bolsa ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşan bolar. Näzirgär. – Gelerin, Sary aga. Soň bir gün gelerin. Hökman gelerin. Bu wagt görseler rakyplar gep ederler. Sen ýöne garaş... Bomy?.. Garaşmasaň gaty görerin. Şondan soň ynanjaňlyk häsiýeti tamam bolýar-da, Sary maňka özüniň gaharjaňlyk, sögünjeňlik häsiýetine geçýär. Kölegeden hasasy bilen ýer dürtgüläp höküdikläp çykar-da, ýoluň ortarasynda Gülbedeniň yzyndan garap durşuna hamsygaýjak bolar. – E-eý, ýenniňe keýin, dun-a, gürneşen-ä, düşünişen-ä... özüň aýtdyň-a... Menem ýeme diýdiň-ä. Ýemetjek diýdiňä, ýemedeli diýdiň-ä... – Ýa oýnajak bonýaňmy sen bu adamnary. Gülbeden bolsa käte bir yzyna garap, göz güldürip, gaş kakyp barşyna ony hasam öjükdirer. Gurap sandan galan damarlaryny birehimlik bilen owkalar. Şondan soň Sary maňka golaý goltumda oýnap ýören çagalaryň birini ýanyna çagyrar. – E-eý, damagyna ...tüni benen gyňkeýiniň şagasy, bänik gen!.. – Çaga ýaşulynyň möhüm bir ýumşy bardyr öýdüp, iki bökende onuň ýanyna geler. Sary maňka elini Gülbedeniň giden tarapyna salgap: - Bar, o ýenniňe keýine aýt, kennebaşaýagam benjek diýýä, diý... Onuň ýagdaýyna ýetik çaga ýaýdanar, ýöne, barybir Gülbeden eýýäm gözýetimde ýokdur. Garaz, şeýdip Sary maňkany oýnap ýaman öwrenen gelniň indi Abyt işanam oýnasy geldi. Hut şol maksat bilenem, salyrlaryň Marydan Zurabada indi ikinji gezek göçüp gelen döwürleri, günortanyň garaňkysy gatlyşyp, hemmeleriň özüni öýli-öýüne ýa kölegä atan wagty, geýibilen geýimini geýinen, dakynybilen şaýlaryny dakynan Gülbeden gözlerine sürme sürtüp, gaşlaryna wesme çekip, gollarydyr-barmaklarynam hynalady-da, sag aýagy bilen ätläp öýünden çykdy, ördek bakyşy bilen gyýa-gyýa garanjaklady, golaý-goltumda janly-jemendäniň ýokdugyna göz ýetiribem, ökjesi pes, topuklary tekiz, ak hem dykyz injikli aýajyklary bilen assa-ýuwaş basmarlap, niredesiň Abyt işanlar diýip, küreniň günorta çetindäki çürrüjek gara öýe tarap gadam goýdy. Onuň pikirine görä, uly il ýaly şol wagt Abyt işanam günortan ukusyna giden bolmaly. Öýündemi ýa kölegedemi tapawudy ýok, esasy zat ýanynda adam bolmasa bolýa. Özüne meýil bildirip duran dul gelne gözi düşenden nädersiň sallah görgüli adamçyl erkek ýaly “bar-bar” bagyryberse. Oňa ýuwaş diýýäler. Dogrudyr, ýöne, ol ýuwaşyň ýanynda ýuwaşdyr. Doga-jada ynananok diýýäler, o-da dogrudyr, ýöne dogagöýe, jadygöýe duşmadyk ýerinde şeýledir. Ine, Gülbeden gelin ony şeýle bir jadylar welin, Hindistanyň jadygöýlerem gelip açyp bilmezler. “Gülbedensiz maňa dünýe gerekmez” diýip, zörleder durar. Şu oýlara gümra bolup barýan Gülbeden kalbyndaky köräp duran şeýtany höwesiniň kem-kemden möwç alyp, halys hetden aşanynam, demligini gysyp ugranynam bilmän galdy. Çaky welin dogry çykdy. Abyt işan hakykatdanam gara öýüň işigindäki dört aýakly teläryň aşagynda gurlan palçyk supanyň üstünde hem-ä siňekden hemem teläriň üstüne atylan örme gamyşyň yşlaryndan “jyklaşýan” şöhlejiklerden goranmak üçin ýüzüne kiçeňräk, owunjak gara nokatjyklar bilen bezelen ak ýaglyk ýapynyp, bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatan ekeni. Oýarmaga dözmeýän ýaly, Gülbeden gelin assa basyp ýigidiň daşyndan aýlandy. Tä, mähri ganýança syn etdi. Kaddy-kamatyndan doýanyndan soň, içinde adam bar bolaýmasyn diýip, gara öýüň gapysyndan garady. Boşdugyna göz ýetirenden soň yza çekildi-de, gelip ýene-de işanyň üstüne howala boldy. Çalarak egildi. Yralap oýarmak üçin çep elini onuň sag egnine uzatdy. Batyrnybilmänem yza çekdi. “Ýa adyny tutup oýaraýsammykam...” diýip, içini gepletdi. Birdenem gara öýüň kölegesinde “şyglap” duran içi suwly, gyzyl toýundan ýasalan kiçijik jürdege gözi düşdi. Baryp ondan bir owuç suw aldy-da, daraklygyna basyp öý eýesiniň başujyna bardy. Barmaklarynyň arasyndan sarkyryp duran suwy bat bilen, süýji ukuda ýatan ýigidiň ýüzüne serpip goýberdi. Abyt işan ýüzündäki ýaglygyny sypyrdy-da, “häh” etdirip, başyny ýassykdan galdyrdy. “Hasyr-husur” çep tirsegine söýendi. Sag eliniň gysymyndaky ýaglyk bilen ýüzüni-gözüni süpürişdirdi. Başujynda gara sudur bolup duran göwräni saýgarmak üçin ukudan hem suw damjalaryndan ýaňa gamaşyp duran gözlerini ýumjuklatdy. Gypyrjyklatdy. “Şaňňyrdap” duran “şaýly gelniň” kimdigini saýgarjak, tanajak boldy. Tananyndan soň bolsa onuň beýle biwagt, bu ýerlerde näme işläp ýörendigini biljek bolup jan etdi. Elbetde Abyt işan öz obadaş gelniniň özüne-de häsiýetine belet. Ady dile düşüp ýörenem bolsa onuň ilden çykgynç bozuk hereketler edip ýörmeýäninem bilýär. Ýöne, edil häzir näme üçin özüni beýle bigelşik alyp barýandygyna, näme üçin özüni beýle haýasyzlyk bilen oýarandygyna uçursyz geň galdy. Näme diýjegini, näme sorag berjegini bilmän kösendi. Aljyrady. Iň bolmanda Gülbedeniň gözüne şeýle bolup göründi. Şonuň üçinem onuň bu aljyraňňylygyndan peýdalanasy geldi. Öňürti dil ýarmagy, şeýdibem ýagdaýy öz eline almagy, ýigidiň üstüne sürünmekligi onuň sussuny basmaklygy makul bildi. – Işan aga-a... – Ol Sary maňka soňundan edýän näzini Abyt işana öňünden edip başlady. – Heý-wa-a... ikimiz-ä deň-duşrakdyrysam welin, men guraýyn “aga” diýäýipdirin-dä... – Gülbeden süýnüp-sarkyp durşuna “alaşaňňyrdy” bolup iki ýana ýaýdanjyrady. – Ýa hiçmi? Diýibereýinmi? Şeýdäýeýinmi?.. Onuň agyz uluňyny halamadyk işan ýüzüni çytdy-da, syrylyp supadan düşdi. Baryp gara öýüň kölegesine çökdi. Arkasyny tärime ýaplap jürdekden suw içdi. – Gelin saňa näme gerek? – Sizlik bir işjagaşym bardy-da... – Işiň bolanda-da adam şekilli oýarybam bilerdiň-ä... – Wah, ol-a şeýle welin, men bir derde ulaşdym-da iki gün bäri näme edip näme goýýanymam bilemok, ýaňkynam öz erkime edemok men... – Derde ulaşan bolsaň Maman apaň ýanyna gitmeli ekeniň-dä. Tebipçilikde şoň öňüne adam geçmeýänini bilýäň-ä. Meň bolsa o zatlardan bütinleý başym çykanok. – Bilýä-än, işan aga, bilýä-än. Ýöne, meň mynym tebiplik däl. Ruhy dert. Özem şeýle bir azarly-y... Asyl, arşda-kürsde janyma jaý tapamok. Oň-muň aýtmagyna görä maňa ýa-ha göz degipdir, ýa-da dogalapdyrlar. Maňa indi şolaňkydanam güýçli doga bolmasa açylmyýan. Onam diňe siz başaraýmasaňyz... Abyt işan aşak bakyp, böwrüni diňläp oturşyna ukudan oýanaly bäri ilkinji gezek, ýöne götermeligi üçin däl-de, endigine görä “ýyrş” etdi. – Doga-tumar bilen adamyň ruhuna zeper ýetirip bolanok, gelin. Ol ýalan. Yslamda beýle zat ýok. Ol oňa garşy. Kurany Kerimdäki dogalaryňam hemmesi ýagşylyk dogalary. – Ana, ana, üstünden bardyňyz, işan aga. Maňa geregi şol. Şol ýagşylyk dogardan birini okaň-da meni açyň, goý, ters doga edenleriň içleri ýansyn. Yslamyň jadygöýlikden güýçlüdigini bilsinler. Abyt işan gelniň özünden aňsat el çekmejegini aňdy. Niýetinem aňdy. Maksadyna-da düşündi. Öz üstüne hüjüm edýänine göz ýetirdi. Onuň özündenem beter pirim oýlap tapmalydygynam duýdy. Şonuň üçin o-da indi onuň öz ýaragyny öz garşysyna ulanyp başlady. – Hany onda açygrak aýt, näme bolýa? Başyň agyrýarmy? Ýüregiň howlukýarmy? Baldyryň syzlaýamy? Ýa iýeniň içiňe gidip, peşewiň suw bolup akýamy? Gülbedeniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. – Bildiňiz işan aga, bildiňiz. Başymyň agyrýanynam, ýüregiň howlukýanynam bildiňiz. Özem ýöne-möne-de howluganok-da, howlap edil içegelerim bilen bilelikde agzymdan çykyp barýa-da. Gulagymyň agzynda-da: “Tur, öýden ylgap çyk-da, pylan ýere bar, şol ýerde biri saňa garaşyp dur” diýen ses ýaňlanýa. Yz ýanyndanam çat maňlaýymda-da bir gara sudur peýda bolýa-da: “Saňa garaşýan men, gel çaltrak” diýýä. “Kimuw-w sen” diýjek bolup elimi uzadýanam welin ýom-ýok bolýa-da, gözümden gaýyp bolýa gidiberýä. Soňky diýen zatlaryňyzam edil aýdyşyňyz ýaly. Dädirik çöp bilen çadyr sakgyjy dagy “arbaz-arbaz” içýän welin, eger-eger... Gülbeden aglap başlady. – Waý, indi men näderkäm? Başymam boş, hossarymam ýok. Özümiňem diýen wagtym... Arasy kesilen süýji ukynyň azaryna zordan döz gelip oturan Abyt işan indi Gülbedeniň hasam ugruna kowdy. – Dert beren Alla dermanynam bile berýändir, dogan. Biz diýip gelen bolsaň bir alajyny ederis. Ýöne, yglama. Sen yglasaň menem birhili bozulýan... Onsoň ikimiziňem ejizlänimizi bilse kesel hezil eder. Üstümize sürner. Sen mert durup, menlik bolsaň welin, iki bolup biz belany hökman ýeňeris. – Şömi? – Howwa-a... –Onda men yglajak-dä, işan aga. Özümem mert boljak. – Gülbeden tutuş göwresi bilen silkinjiredi. Özüni rastlady – serediň işan aga, ine men eýýam mert boldum. Yglamamam goýdum. – Ol ellerini bykynyna urup, temeginem dik ýokary taýzartdy. – Işan aga serediň, merde meňzedimmi? – Edil özi bolduň. – Onda bejergä başlajakmysyňyz işan aga? Haçan başlajak? Häziriň özündemi ýa birki günden geleýinmi? Öňürti okajakmysyňyz ýa doga ýazyp berjekmisiňiz? Ýa çüflejekmisiňiz? Nirede nemetjeksiňiz? Öýe salypmy ýa şu ýerdemi? Ýatyrypmy ýa dik duran ýerimdemi? Ýa gaşyňyzda “şykraýlyp” oturybereýinmi?.. Abyt işan ýüzüni çynlakaý sypata salyp ýerinden turdy. Gülbedeniň ýanyna bardy. Çat maňlaýynda durup ýüzüni-gözüni synlady. Birdenem: – Hany gözüňi ýum!.. – diýdi. Abyt işanyň demi ýüzüne urandan süňňi saňňyldap başlan gelin gözüni ýumdy. Öz hasaby boýunça bir zatlara garaşdy. Emma tamasy çykmady. Onýança-da Abyt işan: - Açaý – diýdi. Balkyldap duran köşek gözler açylandanam: - Hi-ih! – etdirip içini çekdi. Gaýra tesdi. Şonda onuň gözlerinde gorky, ýüzünde ürki göründi. – Hä-ä... – diýip, aýasy bilen buduna urdy. Iki baka haýdap başlady. Kä asmana, kä ýere garady. Öwran-öwranam: - Wah-wah-wah... Wah-wah-wah... – diýdi. Hyrçyny dişläp başyny ýaýkady. – Häýt, häýt! Küş-küş! Ýok bol- diýip, asman sary kimdir birine haýbat atdy. Goluny bulap kowdy. Häliden bäri uçnaklap duran gelniň özem onuň o bolşundan gorkup başlady. Heý-wa-a... Işan aga-a?.. näm boldy? Ýa meň derdim siziň çak edişiňizdenem çökderräk ekenimi? Aý, sen sorama, dogan, menem aýtmaýyn... sen ýaňy iki-üç günden geläýeýinmi diýýäň, ýekeje pursatam gijä goýmak bolanok myny... Aýtdym-a men, gaty heläk bolýan diýdim-ä... Aý, ýok, aýdyşyňdan dagy gaty beter bi... Hälem wagtynda geläýipsiň. Ýogsam dagy... Hä, näme? Näme ýogsam? Ýogsam alardy bi seni. Alardy-y? Howwa... Eý, Huda-aý!.. nämemişin ol meni alar ýaly? Kimmişin? Aýdyň-a işan aga... Aýtmana dilim baranok, dogan... Aýtmal-a borsuňyz, işan aga... Iň ýamanam ol maňa eýgerdenok. Ýaňy sen gözüňi ýumanyňda bir synandym, welin, hi-iç, bor ýaly däl. Gaty sarç ekeni o peläket... Gülbeden çyna berimsiz çylbyrlyk edip başlady. – Ganyma galmajak bolsaňyz aýdyň, işan aga. Näme ol? Kim ol? Maňa näme bolupdyr? – Seni Zymýan peri urupdyr. – Zymýan peri-i? – Howwa, Zymýan peri. – Kim bolýar ol? Abyt işan aktam bolan ýüzüni kese sowdy. – Aý, o-da bir gaýyp gezýän arwahlaryň biri-dä. Mahal-mahal oba aralaşyp şeýdäýmesi bar-da. Gözem edil, özüň ýaly gözel gelinlerde, owadan gyzlarda. – Näme, erkekmi ol? – Aý, her hilisi bolýa-da. Ýöne, saňa duşan-a erkek ekeni. – Onda-ha gaty gorkunç däl bolmaly ol. – Şeýlemi? Onda degmäýinem? Nemetmäýinemmi? Gaýtarmaýynanmy? Ýok, ýok, deg. Aýyr ony ortadan. – Gülbeden böwrüni diňledi. – Näme, gaty nemedipmi o meni? Gaty urupmy? Abyt işan aşak çökdi. Dikejegine oturdy. Sag eliniň aýasy bilen gytyk, goňrumtyl sakgalyny sipalady. Gaty urupdyr. Ýaman dert özem ötegçi ekeni. Gülbedeniň ýüzi üýtgedi. Gözleri ulaldy. Göwüsleriniň galyp-düşmesi ýygjamlaşdy. – Ötegçi bolsa erbetmi? – Aý, neme-dä, adam görmän çölde-gyrda gezip ýörensoň tilsimi güýçli bolýa-da olar ýalyň. Bu jelegaýlaryňka meňzemeýä-dä... – Abyt işan sözüni tamamlaryna mähetdel ýerinden turdy, ylgaşlap diýen ýaly öýe girdi, eglenmänem eli ullakan kitaply daş çykdy. Supanyň gyrasynda oturyp kitaby açdy. Sahypalaryny agdaryşdyryp, o ýerine, bu ýerine seredişdirdi. – Howwa, ine, edil aýdyşym ýaly ötegçi ekeni. Tüýsem gaty bozuk görünýä. – Ol ýene-de kitaby dörjeşdirdi. – Ýöne... Gülbeden Abyt işanyň alkymyna dykyldy. Boýnuny uzadyp kitabyň içine seretdi. – Hä, ýönäňiz näme işan aga? – Ýönäm... O bedähediň dogasy bu kitapda ýok ekeni-dä... – Wiý, ony näme siziň özüňiz ýatdan bileňzokmy? – Wah, bilemok-da... Obanyň iň okumyşy hasap edilýän atly-abraýly adamsyny öz çirtmegine düşürendigine begenmekden ýaňa gelniň kaňşyrawugy tütäp gitdi. – Siziňem bilmeýän zadyňyz bar ekeni-ow, işan aga. Il-günüň aýtmagyna görä-hä Marynyň molla Töre ahunam size boýunmyşyn. – O zatlar berbesdir, dogan, ynanma... Onda beýleki kitaplaryňyzda bardyr-a. Kitap kän diýýäler-ä sizde. Aýduwlaryna görä içi suratlylaram barmyşyn. Gaýrat ediň-de şolaram göräýiň-dä... – O kitaplar şygyr diwanlary. Dessanlar. Dini däl. – Ol elindäki kitabyň sahabyny Gülbedeniň ýüzüne golaýlatdy. – Boljak bolsa ine, şunda bolmaly, munda-da ýok. Şondan soň kimiň-kimi oýnaýandygyny biler ýaly bolmady. – Onda başga bir doga okaýyň. –Başga doga oňa kär etmez. –Kulhualla-da kär etmezmikä? –Ýak. Olar ýaly dogalar-a asyl, bular ýaly zatlar-a garmak bolanok. Her zadyň öz dogasy, her doganyňam öz ulanylýan ýeri bar... Gülbeden iki eli bilen başyny tutdy-da, ilk-ä iki-baka ýaýkandy, soňam gözlerini süzüp çalarak “yňrandy”. –Waý, indi men nätsemkäm? Nä alaç etsemkäm? Haýsy gapydan barsamkam? Derdimi kime aýtsamkam? Abyt işanam onuň özünden kem oturmady. –Näme, beterlejek bolýamy? –Bolýamy däl-de, beterledi asyl. Şu ýere gelenimdäkidenem kän beterledi. –Aý, entegem beterlär gider oturar. –Dogry aýdýaňyz, işan aga. Şu wagt ho-ol, içi suwly jürdegem gözme Ezraýyl bolup görünýä-dä. Ýerinden turaga-da üstüme zyňaýjak ýaly bolup dur. –Çyndyr-çyndyr. Sebäbi biz onuň kimdigini bildik, adyny tutduk, ol indi biziň bilen tutluşyga girer, ýeňilmejek bolup her zat eder. –Onda çaltrak nemedäýiň-dä, işan aga, kömek edäýiň-dä, Ol sizden başga adama eýgertmez. Abyt işan kitabyny goltuklap öýüne girdi-de, kagyz-galam alyp çykdy. –Kömek ederis. Kömek etmesek bolmaz. Ine, men saňa bir hatjagaz ýazyp bereýin welin, şony al-da göni molla Ýegenmyratlara git. Ýagdaýyňy aýt. Abyt işan iberdi diý. Ýalňyşmaýan bolsam Zymýan periniň dogasyny şol bilýän bolmaly. Ol hat ýazmaga oturdam welin, eýýäm maksadyma ýetdim, mundan buýanky hysyrdylaryň geregi ýok hasap eden Gülbeden ynjalyksyzlanyp başlady. –Aý, ýa-akla işan aga, ýazybam oturmaň-la, gerekgäl-e, bolmasa men oňaýaýyn-la, ind-ä birhili gowulaşanam ýaly-la. –Ýa-ak, oň temmisini bermesek bolmaz. Negözel naçary göz-görtele eline berip goýberibersek oň dişinde et galar. Beýleki gyz-gelinlere-de erjeşip ugrar. Asyl hemmesini parçalaman gitmezem. – Haty ýazyp bolandan soň Abyt işan kagyzy dört epläp Gülbedeniň eline tutdurdy. – Aňsat-aňsat okalýan doga-ha däldir. Özem kyndyr. Agyrdyr. Molla Ýegenmyradam bir garry adam, okamajag-a bor, ýöne, meň adymy berseň ýak diýip bilmez. Okar. Özüňem: “Gaýrat et, molla aga, gadryňy bilerin” dagy diýersiň-dä... – Gülbedeniň ikirjiňlenýänini görüp, Abyt işan ony gyssady. – Ýöne howluk. Näçe çalt gitseň şonça gowy. Ýaňky gowulaşan ýaly boldum diýýäniňem şoň bir oýny. Şeýdip ol seni özüne öwrenişdirjek bolýa. Okatdyrmajak bolýa. – Abyt işan ömür etmeýän işini edip, aýaklary bilen ýer depdi. Çasly gygyrdy. – Bar, indi durma! Ugra-a!... Gülbeden bir bökende “alaşaňňyrdy” bolup ýola düşeninem bilmän galdy. Esli ýere baransoň ýene-de özüne geldi. Abyt işany oýnamaga gelendigi ýadyna düşdi. Ony öz göz öňüne getirşindenem beter oýnandygyna ynandy. Buýsandy. Elindäki hata seredip: “Baý, doga-tumara ynanmaýan ekniň-ä, baý, döwe-perä, jada beýlekä parh etmeýän ekeniň-ä... diýip, içinden telim ýola dagy gaýtalady. Ertiriň özünde, deň-duşlaryna Abyt işanyň düşen gününi gürrüň berip, gyzyl-gyran gülüşdirjekdigini göz öňüne getirip begendi. Şol zatlara kanagat edip, şol ýerden göni öýüne gidiberse boljakdam welin, işdäsi açyldy-da, onuň indi molla Ýegenmyradam oýnasy geldi. “Aýtdym-a men, bularyň biri-ikisi dä, hemmesem oýnatgy, bilýän zatlary ýok” diýip, ertesi joralarynyň ýanynda öwünesi geldi. Şeýdibem ýene-de şeýtanyň goluna düşdi. Sähelçe wagtdanam molla Ýegemyradyň gapysynda häzir boldy. Günrotanyň yssysynyň doly sowulmandygy sebäpli ahun aga-da öýünde oýaly-ukuly ýatan ekeni-de, Gülbedeniň “şaňňyr-şuňňuryna” “hyk-çok” ýerinden galdy. Entirekläp gapynyň agzyna geldi. Iki elinem söýä diräp daşaryk boýnuny uzatdy. Gözlrini açalak-ýumalak etdirip çat maňlaýynda alazenzele turzup duran “şaýly gelne” geň galyjylyk bilen seretdi. Ýöne, ol agzyny açyp-açmanka Gülbeden elindäki haty uzatdy-da, habaryny bermäge durdy. Meni siziň ýanyňyza Abyt işan iberdi, molla aga, kömek etsin, diýdi. –Kime kömek etmeli men? Saňamy ýa oňamy? –Maňa. –Näm bolýa saňa? –Ýaramok, molla aga. Iki gün bäri başym dertli. Galanam hata ýazylandyr. Bir zat tapynypdyrynmy, nämemi... Ýaşy bir çene baran, çekgeleri süňklek, ýüzi tegelegiräk gözleri mazaly kösseýişen, ýaşuly adamlara mahsus zybrym ak geýinen molla Ýegenmyrat türkmençilik terbiýesine görä, ýeke wagty ýat maşgalany öýe çagyrmaga ejap edip, özi daş çykdy, öýüň kölege tarapyna aýlandy. Arkasyny gamyşa ýaplap dikejegine oturdy. Özi üçin ýörite iri harplar bilen ýazylan hatyň gatlaryny açyp gözüne golaýlatdy. Gülbeden tä haty okap bolýança onuň çat maňlaýynda joňkarylyp, ýüzüne çiňerilip oturdy. “Iň bolmanda şüý-ä hiç zadyň ýokdugyny aňar, “Aý gelin sende derdem ýok, keselem ýok, Zymýan diýen perem ýok, onuň dogasam ýok, sen ýöne birazajyk was-wasa düşensiň-de, Abyt işanam tejribesizligini edip gaýtam ýüregiňi çişirip goýberendir, bar, arkaýyn gaýdyber öýüňe” diýer, birazajygam, käýýär öýtdi. Onuň ýüzüni hasam dykgat bilen synlady, gözleriniň içine dikanlady. Ine-de, hata tiňkesini dikip oturan molla Ýegenmyradyň dodaklary müňküldäp, çekge damarlary çekip başlady. Ýygy-ýygydan başyny ýaýkady. “Wah-wah-wah...” diýip, ýumrugy bilen kükregine urdy. “Wah peläket, haý zaluwat” diýip, aýasy bilen buduna ýelmedi. Arasynda “öwhüldäp” dem aldy. Birdenem ünsüni hatdan sowdy-da, Gülbedene tarap nebsiagyryjylyk bilen seretdi. –Sen-ä jan kelin gaty kyn derde duşupsyň. Aýtsam-a mana, seň göwnüň galjak, aýtmasamam zybanym kemjejek... Sen belaň gaty ulusynyň üstünden barypsyň. Içi gülüp duran gelin birdenkä biynjalyk bolup başlady. –Molla aga näme, meni dogrudanam Zymýan peri urupmy? –Wah, onda-da nä urmak... Sen indi myndan açylybiläýseň ne ýagşy. Molla Ýegenmyradyň ýüzi-gözi şol wagt şeýle bir üýtgedi welin, ony görüp Gülbedeniň özem dowla düşüp başlady. Indi ikinji adam, özem uly iliň öňüne düşüp ýören adam şeý diýensoň özüni hakykatdanam Zymýan peri kakan, zyýan tapynan, doga-tumara mätäç ýaly duýdy. Öz-özüne ynanyp, özi-de bilmezden öz pirimine özi çolaşyp başlady. –Molla aga oýun edýäňizmi ýa çynyňyzmy? –Biziň-ä oýun ýadymyza düşenok, keýgim. Ýöne, hernäçe gynansam-da menem saňa kömek edibiljek-gä. Sebäbi men şol doganyň ýarysyny bilýän-de, galan ýarysyny bilemok. –Hany Abyt işan siz bilýänsiňiz diý-dä. –Dogry, öň bilýädim, ýöne, gaty güýçli doga bolansoň ýadyňda saklamak kyn bolýa. Huşumyzam kütelişensoň-a... Gülbeden gyssanyp başlady. –Siz-ä meni birhili yşandyryp barýaňyz, molla aga. –Aý, yşansaň yşan, yşanmasaň yşanma, biziňk-ä bir aýtmak. Dogasyny okap ony obadan kowmagam biziň borjumyz, ýöne... –Hiý, o dogany dolulygyna bilýän ýokmuka bu jelagaýda? –Bolmaly. Ýöne, birneme daşrak-da. –Nirede? –Garadepede. –Kim ol? –Eýeberdi ahun. Ana, şol bilýän bolmaly. Asyl okan ugram şol şoň. Ömrüni däli-tentek, zagba, siýek okap geçirdi. Senem açar şol. Peri bolsun, döw bolsun, jyn ýa arwah bolsun, tapawudy ýok, agzyny açanda ýa-ha sermagallakdan gaýdýalar, ýa-da “güpürdeşip” gaçmak bilen boluberýäler. Sen ana, şoň ýanyna git. –Şu günmi? –Şu gün däl, şu pursatyň özünde. –Şu tüp yssydamy? –Zymýan peri seň yssyňa sowugyňa bakmyýa, kelin. Howlukmasaň ömürlik maýyp edäýer. Iň bolmanda gözüňi alar, diliňi baglar, aklyňy-huşuňy kemer, eliňi-aýagyňy şel eder, garaz, boş-a goýmaz. Galanynam özüň bil. Soňky gün aýtmadylar diýmeseň bolýa... – Molla Ýegenmyrat Abyt işanyň hatyny Gülbedene gaýtaryp berdi. – Me, şunam Eýeberdi ahuna görkezersiň. – Soň ol Gülbedeniň üsti-başyna “üm” etdi. – Bu, “şakyr-şukularyňy” bir taşlap git. Ýogsam “şaýly gelinmikä” diýip, ýolda-yzda duşanyň ýüregi ýarylar. Şeý diýdi-de, molla Ýegenmyrat öýüne girip gitdi. Şondan soň Gülbeden: “Toba, toba itiň oýnam bolsa göläň çyny”, diýişleri ýaly bulaňň-a gara-çynlary” diýip, içini gepletdi. Ýöne, ynjalybilmedi. Gitdigiçe-de jegebesi darykdy. Gözleriniň öňi ümezläp, başy aýlandy. Molla Ýegenmyradyň gaýdyp çykmajakdygyna gözi ýetenden soň-a bütin dünýäde ýeke özi galan ýaly göwnüne her zatlar geliberdi. Asyl Zymýan peri ganatlaryny galgadyp üstüne sürnüp gelýän ýalam boluberdi. ...Bir bilýän zady öýüne baryp eşiklerini çalyşdy. Ýönekeýräk geýindi. Nädip Garadepäniň ýoluna düşenini, gaýdyrylyp gelşine gumak ýollardan nädip, ýeldirilip geçenini welin bilenok. Ýolboýam Zymýan periniň öňünden çykaýmagyndan gorkup, içinden bar bilýänje dogalaryny okady. Munça azap çekip baranyna görä ahun aganyň öýünde bolaryny diledi. Gitdigiçe-de gorkusy artdy. Hamala Zymýan peri öňünde penjelerini ýaýyp duran ýaly: “Haýt! Küş! Ýok bol! Çekil! Aýna! Darak! Burç! Pyýaz! Pyçak!” diýip, haýbat atdy. Arasynda halys ysgyndan gaçyp ýykylan gezeklerem boldy. Garaz, zoraýakdan özüni Garadepä atdy. Sorap-idäp Eýeberdi ahunyň howlusyny tapdy. Derwezesinden yranjyrap girdi. Hemmesi birmeňzeş, hatara oturan bäş-alty öýüň haýsyna barjagyny bilmän ýaýdandy. Howlynyň ileri çüňkündäki mal ýataklaryň ýanynda bir zatlara güýmenjiräp ýören hyzmatkär ýigitden ahun aganyň öýdedigini ýa ýokdugyny bar bolaýanlygynda öýleriň haýsyndadygyny soramak üçin şoňa tarap ýöneldi. Oňa çenli howlynyň beýleki çüňküne basylan, adam boýundanam beýigräk ýandak küdesiniň aňrysyndan üsgürinjirap, eli täp-täzeje mis kündükli, gök ýektaýyny ýelbegeý atynan, başyna ýukajyk gyzyl-ala reňkli hülleden selle oranan, ak köýnek-balakly Eýeberdi ahunyň özi çykdy. Derdi hakykatdanam beterläp ugran gelin ylgaşlap öňünden çykdy-da, kündügini ýere goýaryna mähetdel, salam-helik ýok elindäki kagyzy ahun aganyň gözüne golaýlatdy. –Ine, şuny Abyt işan bilen molla Ýegenmyrat iberdi. Eýeberdi ahun dik duran ýerinde selçeň hem uzyn sakgalyny sypalap durşuna öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Amanmy kelin, gurgunmysyň...” diýdi-de, haty açyp okamaga başlady. Okap durka telim gezek dagy içini hümletdi. “Be-e...” diýip geň galyjylykly seslendi. Okap bolandan soňam, yzy bar bolaýmasyn, diýýän ýaly o ýerine bu ýerine hatda arkasyna çenli seredişdirdi. Gülbeden gelin iň bolmanda Eýeberdi ahunyň özüni paş ederini, ýalan sözläp birtopar adamy azara goýup ýöreni üçin sypaýyçylyk bilen gatyrganaryny isledi. Hiç hili derde duşmandygyna öz-özüni ynandyrasy, kalbynda dörän howsaladan sag-aman gutulasy, hakykatdan-da açylasy geldi. Ýöne, haty okap bolandan soň Eýeberdi ahunyň çeken nagrasy welin öňküleriň dagy çakam bolmady. Ol ellerini asmana serdi-de, özüne mahsus bolan ýogyn hem labyzly sesi bilen: –Eý, Alla! Bular ýaly agyr apaty başyndan saljak bolsaň başga bir ýeňil kelle, dars-daban, eýýar heleýleriň birini tapmadyňmy? Ezip içäýmeli beýle eziz maşgalany munça belalara giriftar eder ýaly sen näme, ýeriňde-ýurduňda ýokmudyň? – diýdi. Onuň bilen bilelikde häliden bäri dolup-daşyp duran gelinem sesinde bary bilen hünübirýan aglap başlady. Ahun nagra çekmesini dowam etdirdi, yzyndanam çalarak egildi-de, o ýan, bu ýan owsun atdy. Efsun urdy. – Ah, sen Zymýan peri! Aram-aram oba gelip gyz-gelinleri çep ganatyň bilen kaka-kaka maňa ömürboýy iş-ä bolduň! Seň uran gelin-gyzlaryňy açjak bolup ysgyn-deramatdan-a aýryldym! Maýyplar boldum! Şu gezek bir seni gaýdyp gelmez ýaly etmesem bolmaz! – Eýeberdi ahun aşak çökdi. Gülbedeni köşeşdirdi. – Goý, kelin, goý! Aglama. Özüňem otur aşak – Zymýan periniň gaýtargy dogasyny okajakdyr öýdüp, Gülbedenem hasyr-husur onuň gapdalyna çökdi. Hakykatdanam doga okamak üçin tijenýän ýaly ahun gözlerini ýumup ýere bakdy. Soň göge garady. Başyny ýaýkap: – Häýt, wah... – diýdi. Molla Ýegenmyradyňky ýaly aýasy bilen o ýerine, bu ýerine kakyşdyrdy. Şol hereketlerini birnäçe gezek gaýtalandan soňam gözlerini “ýalpa” açdy-da, gelniň ýüzüne naýynjar seretdi. – Garrylyk ýetişip güýjüm gaçyşypmy ýa şoň özi indi halys azypmy Zymýan peri şu gezeg-ä maňa baş berenok, kelin. Hernäçe beýnime zor salsamam dogaň başy ýadyma düşmän dur-da. Başyny okamasaňam galan ýerini okanyňdan peýda ýok. Düşjek-düşjegem bolýa welin, agzymdan kakyp alýa-da, kapyr... Ahunyň bolup oturşy, aýdýan sözleri Gülbedene öňküdenem beter güýçli täsir etdi. Halys lagşatdy. Ýene-de aglap başlady. –Edil maňa gezek gelende şeýle bolaýmalymy? Molla Ýegenmyrad-a yzy ýadyma düşenok diýýä. Sizem öňi ýadyma düşenok, diýýäňiz. – Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly aglamasyny goýup begençli seslendi. – Wiý-ý... Bolmasa molla Ýegenmyrat bilen bile okaýyň. Ol-a öňüni okasyn, sizem yzyny okaň. Ýa-da men ine bu gün yzyma gideýin-de, molla Ýegenmyrada öňüni okudaýyn ertirem siziň ýanyňyza gelerin welin, yzyny okaýyň... –Ýak köşek, ony bötmek bolmyýa. Ol düzgüne ters gelýä. Öýdüp okalan dogaň hökmem bolmyýa. Ýöremeýä. Üstesine-de bötsek ýeke bir Zymýan peri däl, beýleki jyn-arwahlaram biziň üstümizden gülerler. Ejizläpdirler, diýerler. Özlerem barha köpelmek bilen bolarlar, ýygy-ýygydan gelip ýürege düşerler. Şu ýerde galaýmaklaram mümkin. Sebäbi olaryň gözlegi ylmyň gowşan, adamlaryň azan ýerleri. –Waý, indi men nätsemkäm, ahun jan aga? Hiý, muň bir alajy bolmazmyka? Men indi şeýdip... aýny diýen wagtymda... ardurjy gidibermeli bormukam? Eýeberdi ahun Gülbedene çyna berimsiz göwünlik berdi. –Ýa-a-a, i-i-i... Ruhdan düşme. Aglama. Bir alajy bor... –Şeýlemi ahun aga? Onda gaýrat edeweriň. Ind-ä şo bela öz gözüme-de görünýän ýaly bolup dur. Eýeberdi ahun ýüzüni-gözüni çytyp, çynlakaý sypata girdi. –Sen indi eglenme-de ho-ol, derýa golaý ýerdäki ene saýyň gyrasynda oturan küreniň ileri çetindäki ak öýe bar. Eýesine Mätjuma diýýändirler. Şoň uly ogly Orazmyrat tutuşlygyna bilýän bolmaly şo dogany. Düýn-öňňünlikde Maşada gidip, Gyzyl Ymamyň müjewürinden öwrenip geldi şony. Zehini daş ýarýan ýaş ýigitdir. – Eýeberdi ahun uludan demini aldy-da, öňküsine görä has ýuwaşrak gepledi. – Ýöne , gijä galmajak bol. Sebäbi gije diýeniň bir jyn-arwahyň, döw-periniň jadysynyň güýçlenip, erbet pygyllarynyň rowaçlanýan pursaty bolýa. – Ahun häliden bäri bu geň ahwalata agzyny açyp syn edip duran hyzmatkär ýigide öýden döwetdir-galam alyp çykmaklygy buýurdy. Getireninden soňam Abyt işanyň iberen hatynyň gyrasyna bir zatlar çyrşaşdyrdy. Boldum edibem gelniň eline tutdurdy. – Mana! Barşyň ýaly sen-men ýok şuny eline tutdurgyn. Ýogsam, kakas-a ýüpek ýaly, adam welin, özi sypjykdyr. Ýöne, meniň belligimi görse ýagdaýa düşüner. Kömek eder. Gülbeden şeýdip ol ýerdenem gitdi, Mätjumalara tarap. Ýöne, möhümi welin o ýerdenem bitmedi. Hata göz gezdirip bolansoň-a Orazmyrat gaýtam Eýeberdi ahunyň aýdyşyndanam beter sypajaklap başlady. Mazaly süňňüni saraldan soňam gelne başga biriniň salgysyny berdi. –Bu gün-ä indi giç bor welin, ertir baraý oň ýanyna, kän bir biwagt barany halaýan däldir – diýdi. Nädersiň şol gün irdenem bökjekläp ýören sagat gelin gijesi bilen ýatyp biläýse. Asyl, Zymýan peri bilen uzak gije tutluşyp çykdy diýseňem boljak. Özem ýeke bolansoň derdini paýlaşara-da adam ýok. Joralarynyň ýanyna giderdenem biwagt. Ertesi irden köwşüni süýräp salgy berlen ýere bardy welin, o ýerdenem ýüz tapmady. Gülbedeniň derdi bolsa gitdigiçe güýjerledi. Üçünji gün diýlende ol obanyň ortarasyndaky şyr-takyr ak meýdana çykyp: “Ho-onha ho-ol küňreli howlynyň çüňkünde-hä, biri ganatlaryny pasyrdadyp otyr, onuň beýle tarapyndaky ak öýüň üstünde bolsa başga biri daranyp otyr. Ikisiniňem gözi mende, petreýdişip iýäýjek bolýalar. Dag tarapdanam biri “şaglap” üstüme gelýär. Hüýt-gara birem süýr depämde aýlanyp ýör...” diýip, ala-goh turzup duran boldy. Şondan soň tutuş il bolup ony o dertden nädip açyp boljakdygy barada gürrüň etdiler. Şondan soň oňa: “Sen Maşada git-de, külli Horasana belli Gul molla görün, ýüzugruňa-da gyzyl Ymama zyýarat edip gaýt” diýdiler. O-da: “Men ýeke özüm ýagdaýym ýok”, diýdi. “Onda git-de, Sarahs baba ýykyl, Mara bar-da, molla Töre ahundan doga al” diýenlerem boldy. O-da gidibilen ýerine gitdi. Aýak ýeter ýaly ýer bolsa bardy. Ahyram laky-tak durdy. Ýanyny ýere berdi. Alty aý diýlende zordan özüne geldi. Abyt işanyň ýazan hatyny welin şol sebitde sowatly adam bar bolsa barysy okap çykdy. Gülbedeniň başyna düşen ahwalatam Horasandyr-Mara ýaýramasa-da Zurabatda, Garadepede, hatda Ýolötendir-Meýmenede oturan salyr obalaryna-ha ýaýrady. Ol wakany soň-soňlaram ýatlaşyp gülüşdiler ýördüler. Şindi-şindilerem ýatlap ýörenler kän. Hatly-sowatly parasatly adamlaryň demine düşüp, tas dälilik derejesine ýeten, şol dertden ölmän zordan gutulan Gülbeden şondan soň özüniň hakykatdan-da degmesiz adamlara degendigine, süýkenmesiz adamlara süýkenendigine düşündi. Toba etdi, öňlerinde dyzyna çökdi. Sag-aman ölmän gutulandygy üçin güýjüniň ýetdigine görä ili ýygnap sadaka berdi, özüniň degsinjeň häsiýetinden, ýerliksiz oýunlaryndan el çekdi. Hatda Sary maňkany oýnamasynam goýdy. Dogry ýola düşdi. Ile goşuldy. Şondan soň oňa iki-ýeke hyrydar çykanam tapyldy. Ýöne, o zatlar biraz soň, Sarahsa göçülip barylandan soň boldy. Abyt işanyň at-abraýy bolsa şondan soň hasam artdy. Onuň Gülbeden gelni otlara salan şol, meşhur hatynda bolsa, ine, şu setirler ýazylan ekeni: Eý, peri, Zymýan peri, Zymýan peri ursun seni, Eý bihaýa, bimahal, Ukudan oýgardyň meni. Eý gelin, algyn nesihat, Sen dagy bir äre bar, Et bilen ýag isteseň, Ynjaldy-da Döwletýara bar. Asyýa unun iýseň, Rahmannazar eýýara bar, Ogry, tirýekkeşi diýseň, Ol Ojuk murdara bar. Obadan är tapmasaň, Penşenbe gün bazara bar, Onda-da takat tapmasaň, Tümmek gabrystana bar. Kelläň özüňde bolmasa, Açyk ýatan mazara bar, Ala daglar kabul etmez, Daglar içinde gara bar. Eý, peri, Zymýan peri, Zymýan peri ursun seni, Eý bihaýa bimahal, Ukudan oýgardyň meni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |