06:57 Salyr soñy Sarahs -16: Toýuñ dowamy | |
TOÝUÑ DOWAMY
Taryhy proza
...Ekabyrlaryň aýlawa barmaklary bilen at çapyşygy hem başlandy. Ýeňijilere Teke han hut öz eli bilen baýrak gowşurdy. Ondan soň olar üýşüp göreş meýdanyna bardylar. Döşleri gapak ýaly, baldyrlary ýogyn galyň-galyň pälwanlar il agalaryna gözleri düşenden damaklaryny arçaşyp, ellerine tüýkürişip, öňkülerindenem has tijenmek bilen boldular. Han aganyň öz elinden baýrak almak höwesi bilen garşydaşlarynyň guşaklaryndan ýapyşdylar. Ol aladanam birýüzli edenlerinden soň, ekabyrlar öýli-öýlerine dagaşyp az-kem dynç aldylar. Aşaklyk bilen gijeki boljak kelte göçüň taýýarlyk ýagdaýyndan habar tutdular. Şol zatlar üçin jogapkär adamlara täze-täze tabşyryklar berdiler. Gün gyzar ikindä golaýlandanam idäp-sorap Gaýybam tapdylar-da, oňa-da häziriň özünde özleri bilen Döwletdurdy tüýdükçiniň ýanyna barmalydygyny aýdyp, ýene-de toýhana geldiler. Bagşy aýtdyryljak ýere bardylar. Açyk meýdanda ýazylan täzeli-köneli halydyr-palaslaryň, keçeleriň üstünde ikibir-üçbir, özara gümür-ýamyr edişip oturan märeäniň bir çetinde dim-dik bolup duruşlaryna baş atyp, başly-baradraga-da salamlaşdylar. Köpçülik welin onuň bilen oňmady. Sylanýan adamlara öz yzzatlaryny görkezmek üçin “gürre” ördüler-de, duran-duran ýerlerinde bagyr basyşyp, baş egişip salam berdiler. “Aleýik” aldylar. Gulluk bildirdiler. Käbirleri bolsa özlerini has yhlasly görkezmek üçin ylgap baryp, iki elleri bilen görüşdiler. Duran ýerinden “haýkyryp” salamlaşanlaram boldy. Entek irräkdigi sebäpli dutarlaryny gaplaryndanam çykarman oturan bagşylaram ýerlerinden ýeňillik bilen galdylar-da, düşegiň gyrasyna gelip, ekabyrlar bilen birlaý görşüp çykdylar, hal-ahwal soraşdylar. Han-begler üçin bagşylara golaý ýerde, ýüpek körpençeler ýazlyp goýlupdy. Köpçüligiň içinde märekä beýemçelik edip ýören, çyglyp hem gaty gygyryp gepleýän, ak sakgally, ak kirpikli, ýüzi çog-gyzyl, dodaklary tebsiräp durandygy sebäpli hemişe ýalmanyp ýören bir ýaşuly öňe çykyp, olardan şol ýere geçmeklerini haýyş etdi. Emma Teke han oňa bu wagt özleriniň oturmakçy däldiklerini, bagşylaram alyp Döwletdurdy tüýdükçiniň ýanyna gitmelidiklerini bagşynam şondan gaýdyp gelenlerinden soň oturyp arkaýyn diňlejekdiklerini aýtdy. “Ýörüň” diýen manyda bagşylara yşarat etdi. Bagşylar: “Munymyzam almalymykag-aý...” diýýän ýaly dutarlaryna tarap soragly seredişdiler. Ekabyrlaryň sessiz-üýnsiz öwrülip gidiberendiklerini görübem: gerek däl ýaly-la, diýen netijä geldiler. Olar ýolboýam şeýle agyr halda ýatan hassanyň ýanyna beýdip, üýşüşip, onda-da gyr-gyssag barýandyklarynyň sebäbini bilibilmän kösendiler. Kethudalardan soramaga bolsa çekindiler. Soraýanlarynda-da, garry sazandanyň ýanyna näme üçin barýandyklaryny han-begleriň özlerem bilmeýärdiler. Olara diňe: “Bagşy-sazandalaram alyň-da, erte agşam geliň” diýlipdi. Baryp görseler Döwletdurdy tüýdükçiniň işigi kiçiräk toýhana öwrülen ekeni. Daşarda içi çekdirmeli ullakan gazan “bygyr-bygyr” gaýnap dur. Bir tarapdaky timar bilen, rejelenip basylgy odunyň üstüne ýaňyja soýlan goýnuň bolluk bilen duzlanan derisi serilgi. Tamdyrdan çykan bäş-alty sany galyň hem ullakan, tegelek nany sazandanyň gelinleriniň biri repideli egninde göterip, hatara oturan öýleriň çepkisine ýetip barýar. Ekabyrlar bu omalak-çomalaklygyňam nämäniň alamatydygyny bilip bilmediler. Ýöne, göwünlerine erbet zat getirmediler. Olar ýaly bolsa “gyk-bak” bolardy, “haý-waý” çykardy, eşidilerdi, habar barardy, diýip, öz-özlerini köşeşdirdiler. Öýe girenlerinden soň welin, olar öz gözlerine ynanmajak boldular. Çünki, düýnjigem “has-has” edip, demini sanap ýatan bimar sazanda bu gün gap böwürde ýazylan gat-gat düşekçäniň üstünde arassa ak köýnekli, ak balakly, sakgal murty ýuwlup tämizlenen, daralan, bejerilen, saçy syrylgy uçmany ýaňy öwrenjek bolýan çaga kepdei ýaly ganatlaryny galkyjakladyp otyr. Söýget üçin daş-töweregine birnäçe ýassyk üýşürilipdir. Ogullarynyň hersi bir gapdalynda tekýe berşip otyrlar. Sag gapdalynda bolsa ömürlik hemrasy, ady-abraýy, şany-şöhraty bolan tüýdügi ýatyr. O-da yhlas bilen syrylyp süpürilipdir. Arassalanypdyr. Gelinleriniň ikisem girip-çykyp, hyzmat edişip ýörler. Olaryň biri bir okarany püre-pürläp “paşyrdap” duran göm-gök düýe çal getirdi. Ýagşygül apa okarany gelniniň elinden aldy-da, içine seredip: –Heý-wa-a... pülnüleme edäýipdirler myny... – diýdi. Soň ony Teke hana uzatdy. – Al Ýazyjan, özüňem iç, ýldaşlaryňa-da geçir. Myhmanlaryň gelenini duýansoň sazandanyňam ysgynsyz göwresi herekete geldi. Ogullaram ýerlerinden turup ekabyrlar bilen salamlaşdylar, görüşdiler. Kakalarynyň ýanyndan ýer görkezdiler. Ýagşygül apa bolsa içki joşgunyny saklap bilmän, agzynyň ýetişdiginden samrap ýör. –Akgaňyzam şu gün-ä ýagşy. Ertirden bäri size garaşyp ýatyr. – Ol uzak durmaga mejaly bolman aşak çökdi. – Bir hyýala-ha mündi öz-ä. Tüýdügine çenli taýynlap goýdy. –Olar ýaly bolsa ýa-ha biziň bilen gidip toýda tüýdük çaljakdyr, ýa-da öýlenmegiň kül-külüne düşendir – diýip, ykjam ornaşmak üçin düşekçäniň üstünde oýkanjyrap oturan molla Oraz ara maýylganlyk girizmek üçin degişmä saldy. Ýagşygül apa onuň oýnuna garaçyny bilen jogap berdi. –Wah, käşge jan Oroz. Gutulyp gitjegini bilsem heleýi meň özümem äberjek şuňa. Degişmä baş kethuda Begnazaram goşuldy. –Haý näbileýin-dä. Häli bir Gülbeden ýaly gara saçly görmegeý gelniň goltugyndan tutup getiräýse janyňa-ha ýakmas-a gerek. – Begnazar suwly jürdek ýaly “şyg-şyg” edip güldi. – Oklawyňy dalawladyp ikisiniňem injigini uçraýmasaň... Indi Ýagşygül apanyň özem oýna goşuldy. –Ýak, hiç zat diýmen. Sag-aman gutulsa bolýa. –Aý, başdaşy ýüzüne seredip otyrka Döw kakamyz beýle iş etmez-laý – diýip, aňsat-aňsat degişmä goşulmaýan Abyt işanam aşak bakyp ýylgyryp oturşyna ýuwaşja seslendi. – Ýöne ýaňky molla Orozyň aýdyşy ýaly biz bilen Allamyradyň toýuna gidip tüýdük çalmana taýýarlyk görüp oturan bolmagy mümkin. – Ol çalarak egildi-de, Döwletdurdy tüýdükçä tarap owsun atdy. – Ýa çakylyk has uzagrakdan geldimi, Döw kaka?.. Arkasyny tärime ýaplap birgiden ýassyklaryň arasynda yranjyrap oturan goja tüýdükçi gözi ýumuk hem bolsa sesiň nireden gelenini, kimden çykanyny soňky sözleriň özüne gönükdirilip aýdylanyny aňdy. Jogap berende kynlyk bilen, arasyny kesip-kesip gürledi. –Howwa, işan jan, bu gezek çakylyk uzagrakdan geldi. Onda-da juda uzakdan geldi. “gitse gelmezden” geldi. O çakylykdan men boýun gaçyryp bilemok. Oňa meň hakymam ýok, elajymam ýok. – Goja gurak-gurak ýuwdunan-da bokurdagynyň ýumrusy “ligir-ligir” edip, telim gezek dagy aşak-ýokary inip çykdy. – Şonuň üçinem men sizi şu ýere çagyrdym. Oňňam sebäbi... sebäbi Üh-he... kh-he-e... Men size şu gün bir saz çalyp berjek... Ol siziň öňki eşiden sazlaryňyza girenok. Ol meniň ömürbeýanym. Ýeke meňkem däl-de, tutuş halkyň, adamzadyň ömürbeýany... Umuman, durmuş barada. Bu meniň şu agyr halda, ajal bilen jan dalaşyna girip ýatyrkam döreden iň soňky sazym. Muny öz ýanym bilen alyp gitsem görümde arkaýyn ýatybilmen. Yza bolsa ýol ýok. – Ol tutuksy nazaryny zoraýakdan diýen ýaly myhmanlara tarap gönükdirdi. – Gaýyp ýokmy araňyzda? Bu gezek hemmeden öň Teke han seslendi. –Bar,bar... –Onda näme sesi çykanok oň? –Aý, damagy dolup gepläbilenok. –Hä-ä... Hm-m... Oňa çenlem Gaýyp dyzanaklap diýen ýaly gojanyň ýanyna bardy. Golundan ýapyşdy. Ýuwduna-ýuwduna zordan gepledi. –Men ine, bärde halypa. Şu ýerde. Seň ýanyňda. Hamala şägirdini elläp görmekçi bolýan ýaly Döwletdurdy tüýdükçi gapdallaryny sermeledi. –Şu ýerde bolsaň onda oturyber şu taýda... Beýleki bagşy-sazandalaram bamy? –Bar, halypa, hemmesem bar. Döwletdurdy tüýdükçi indiki sözlerini şolara degişli edip aýtdy. –Sizem şu sazy diňläň. Öwreniň. Ýat bekläň. Gerek bolsa üstünde işläň. Ýöne, gylyny gyşartman indiki nesillere ýetiriň. Her sözünde säginip “has-has” edip zordan gürleýän sazandanyň häziriň özünde alaga-da tüýdük çalyp başlajakdygyna dogrusy oturanlaryň biriniňem ynamy ýokdy. Her kim ol ýöne, öz ugruna gepläp oturandyr, aňy üýtgändir, çaýmaklap gepleýändir öýdýärdi. Emma goja geplemesini goýdy-da, sag eli bilen sermekläp sag dyzynyň ýaynda ýatan tüýdügini aldy. Naýly tarapyny kentlewügine diredi. Guşuň gursagy ýalyjak bolup galan kükregini ýelden doldurdy. Çalarak gobsundy. Üfledi. Howada galgap ugran tüýdükden “şyggyldy” gatyşykly pessaýja owaz çykdy. Horja barmaklaryň tüýdükdäki deşijekleriň üstünde gaýmalaklap ugramagy bilen öýüň içinde henize bu güne çenli hiç kimiň eşitmedik üýtgeşik bir sazy ýaňlanyp başlady. Ol saz Döwletdurdy tüýdükçiniň tüýdüge doly güýjünde erk edip bilýän döwürlerindäki ýaly göçgünli çykmasa-da iňňän mylaýym, labyzly, siňňitli, zehiniňe batnykly eşidildi. Çünki goja tüýdükçi öz tüýdügini bu wagt barmaklary bilen däl-de, sary gaçan bimar ýüregi bilen çalýar. Şonuň üçinem, tüýdügiň içinden çykýan owaz durşy bilen nala, perýat, kükreginden çykýan bat bolsa ýel däl-de, efgan “ah” bilen “wah”. Sazyň süňňünde bolsa, sazandanyň öz aýdyşy ýaly ýeke bir özüniň, öz taýpasynyň ýa türkmen iliniň däl, eýsem külli adamzadyň dogup-döräli bäri başyndan geçiren pajygaly ahwalatlary bar. Gören ýagşy günlerem, ýaman günlerem, sapaly çaglaram,. gussaly, gamgyn pursatlaram, çeken azaplaram, güzaplaram, gaty bir gysga-da bolmadyk ömrüniň dowamynda gabha pelek birle guran tükeniksiz darkaşlaram, başyndan inen heýhatlaram şonuň içinde. Her öwrümiň ahyrynda-da: “Eý-ho-oý... Eý-ho-oý...” diýen içi harpdan doly, iniňi tikeneklendiriji zaryn bir owaz öýüň içinde köwsarlap, tüýnüge tarap burugsap-burugsap gidýär. Muny oturanlaryň hemmesi eşitdiler. Aýdyň gördüler. Sazyň beýanatlaryna, sazandanyň ahwalatlaryna düşündiler. Hususan-da, Döwletdurdy tüýdükçiniň öz isleýişi ýaly, bu sazy bagşy-sazandalar bek bellediler. Beýnilerine ýazdylar. Aňlaryna berkitdiler. Garry sazandanyň iň soňky deminde-de öz öňlerinde uly borç goýup gidip barýandygyna göz ýetirdiler. Ol uly borjy boýunlaryna aldylar. Saz bolsa barha pessaýlap gidip barýar. Çünki, sazanda egbarlady. Jan haçan teslim etse edäýmeli ýagdaýa geldi. Her niçik hem bolsa saz iň soňuna çenli dowam etdi. Tamam bolandanam sazanda tüýdügini agzyndan aýyrdy. Ýöne, ýerde goýmaga ýetişmedi. Elinden gaçyrdy. Gözlerini süzüp boýnuny bir tarapa gyşartdy. Oglanlary tutup ýetişmänkälerem “şalkyldap” arkan gaýtdy. Şol aralykda-da bir zatlar diýdi. Güňleç iňledi. Oglanlary ony düşegiň üstünde ynjalykly ýatyrdylar-da, özleri eýýämhaçan örüşip ugran myhmanlary ýola salmak üçin gapynyň agzynda häzir boldular. Azajyk eglenmeklerini duz dadyp gitmeklerini haýyş etdiler. Ogullarynyň mürähedine Ýagşygül apa-da goşuldy: Heý,wa-a...Ýazmuhammet! Nahar pişip dur-a. Duz datman gitmäň-ä. Bäregem bükdürip otyryn-a men kelinlere. – ...Nahary baryp toýdan iýeris, kelapa. Hassa bolsa rahatlyk gerek. Sag oturyň. Akgamyzyňam ahyry gelsin. –Bor, Ýazy jan. Taňryýalkasyn. – Ýagşygül apa agyr göwresini zordan herekete getirip bir ädim öňe süýşdi. Teke hanyň alkymyna dykyldy. Pyşyrdap gepledi. – Oba arasynda bir “hyşy-wyşy” bar welin... –Bar bolsa dogrudyr, Ýagşygül kelapa. Ýöne sen arkaýyn bol, bir üýtgeşiklik bolsa ogullaryň bilen habarlaşarys. *** ...Bagşylardyr-ekabyrlaryň gaýdyp gelmekleri bilen, bagşy aýtdyryljak ýerde seýregrägem bolsa üýşüp oturan märekä jan girdi. Hereket köpeldi. Käbirleri öňki oturan ýerlerinde gorsanyşsalar, käbirleri bagşylar üçin düşekleip goýlan ýere golaý süýşenekleşdiler. Täze gelenler ýerlerinden turup han-begler, bagşy-sazandalar bilen görüşdiler. Ekabyrlaryňam özleri üçin bellenip goýlan ýere geçmekleri bilen, märekä nahar çekildi. Nahardan soň Abyt işan töwür etdi. Toýy gutlady. Ýagşy dilegler etdi. Içinden bolsa il-günüň bu gün-erte sag-aman öz ýurduna gowuşmagyny arzuwlady. Şondan soň gezek bagşylara ýetdi. Özleri üçin göre-gündizden ýazlyp goýlan galyň düşekçeleriň üstünde ykjamlanyşyp oturyşlaryna olar öňden işip, syntgylap goýan ýüpek kirişlerini gara gazmalaryna howlukman, uly söýgi bilen dakdylar. Üstünden sypalaşdyrdylar. Bir barmaklary bilen “tyryň-tyryň” etdirip ilki aşaky, soň şabram kakyp iki tarapynam sazladylar. Ondan soň üýşüp biri-biriniňkä düzdüler. Göwünlerine jaý bolandan soňam baş atyp makullaşdylar. Muny aňan märeke tolkun atyp başlady. –Bolaweriň ho-ow!.. –Başlaň-a indi... –Ýa, Alla!.. –Hany bir hezil beriň... Bagşylar gaňrylyşyp, golaýlarynda oturan ekabyrlara tarap seredişdiler. Olaram öz gezeklerinde Teke hanyň ýüzüne bakdylar. Teke han: “Başlaberiň”, diýen manyda baş atdy. Ozaldan gelýän edähleterine görä, döwür gurap oturan bagşylaryň hersi öz gezeginde şol bir heňe bir aýdym aýtmaly. Hiç kim özünden öňürti aýdylan aýdymy gaýtalamaly däl. Şonuň üçinem, özara ylalaşyp, bir aýdymy käte ikä ýa üçe bölüp aýdýan gezeklerem bolýar. Muňa “bir aýlaw” diýilýär. Aýlaw boýunça aýdylýan aýdymlar “ýapbyldakdan” başlanyp, kem-kemden ýokary perdelere çykylýar. Şondan soň hakyky synag başlanýar. Kimiň sesi nirede ýetmese, ol şol ýerde yza süýşýär-de, dutaryny dula söýäp, çekilýär oturyberýär. Ýagdaý şeýle bolansoň, özüne göwni ýetýän bagşylar garşydaşlaryny aýlawdan çykarmak üçin her gezekki aýdymdan soň dert-azar çep elleriniň barmaklaryny dutarlarynyň gulaklaryna ýetirmek bilen bolýarlar. Muňa onuň garşydaşlary kejikýärler, özlerine göwniýetmezçilik edildigi hasaplaýarlar we göz görkezmek üçin olaram ur-tut dutarlarynyň tarlaryny çekmek bilen bolýarlar. Netijede bagşylaryň arasynda bilniksiz bäsleşik, kejeleşik emele gelýär. “Öten agşamky toýda pylany ýeňdi” diýen ady her kimiň özi alasy gelýär. Bu ýagdaý bagşylary ýeke bir basdaşlyga däl, eýsem görüpçilige çenli alyp barýar. Olary käte uly betbagtçylyklaryň üstünden eltýär. Içleriniň gyrylýan, içegeleriniň ýolunýan, ömürlik maýyp bolýan, hatda ölümiň üstünden eltýän gezeklerem bolýar. Şonuň üçinem, obanyň kethudalary, toýuň beýemçileri, galyberse-de, han-begler hemişe olara “haý-küş” edip durýarlar. Kellegyzgynlyk edip biri-birlerine agram salmazlyklaryny, kast etmezliklerini haýyş edýärler. “Bize siziň “it urşuňyz” gerek däl, hezil bereniňiz gerek” diýýärler. Karamlyk ýa emel edip ýaryşýan bagşylara baýrak bermeýärler, soň “aýlawa” goýbermeýärler, gaýdyp orta çykarmaýarlar, asla toýa-da çagyrmaýarlar. Tertip-düzgün diňleýjilerdenem talap edilýär. Ýagny, her bagşynyň obadaşlary, ilen-çalanlary, tiredeşleri, ýaşrak bolsa deň-duşlary oňa janköýerlik edýärler. Her aýdymdan soň, gerek bolsa arasynda-da onuň adyny tutup gygyryşýarlar, “how” çekýärler, “jukguldanda” şonuň jukguldysyna” goşup ökjelri bilen ýer depýärler, “haýt-haýt”, “häýt-häýt” diýşip goltgy berýärler. Ýa-da: “Aý, enteg-ä aýdym eşidemizok”, “Hany tijen...” diýip gižželeýärler. Käte duýgulary hetden aşan janköýerler toparlarynyň arasynda dawa-jenjelem turaýýar. Ana, şolar ýalyda hem kethudalar ara düşmeli bolýarlar. Janköýerleriň has dyzmajraklaryny tertip-düzgüne göz-gulak bolmaklary üçin öňünden ýörite bellenen iki-üç sany işşekçer jahyllaryň kömegi bilen “hangöter” edýärler-de, märekeden çykaryp goýberýärler. Şondan soň ol märekä gelibilmän daşyndan aýlanyp ýörendir. Egerde şol bir bidüzgünçilik şol bir adam tarapyndan birnäçe gezek gaýtalansa, onda ol hem bagşa gelmekden bütinleý mahrum edilýär. Şonuň üçinem, olar duýgularyny mümkingadar öz içlerinde saklajak bolup jan edýärler, dawanyň turmagyna sebäp bolmazlyga, göze düşmezlige çalyşýarlar. Şeýle ýagdaýda märekäniň şowhuny kada laýyk bolýar. Bagşylaryň aýdýan aýdymynyň sözleri märekä aýyl-saýyl eşidilýär, täsiri, terbiýeçilik ähmiýeti güýçli bolýar. Tirebazlyk etmän, diňleýjileriň hemmesiniň deň-derejede janköýerlik etmegi bagşylara hem oňaýly täsir edýär, hyjuwlaryny güýçlendirýär, märeke bilen özlerini bütewi bir göwre saýmaklaryna, özlerini gowy duýup, aýdymlary öňkülerindenem has gowy edip ýerine ýetirmeklerine goltgy berýär. Bar pişesini taşlap, hemişe bagşylaryň yzyna düşüp ýören märekemän adamlaram bar. Olara il içinde “yşky” diýilýär. Olar beýleki janköýerler ýaly şowhun turuzmaýarlar, duýgularynyň ugruna gidip gaty ses bilen “how” çekmeýärler, gopgun turuzmaýarlar. Aşak bakyp, gözlerini süzüp oturyşlaryna “hä-ä” edip käte bir başlaryny ýaýkaýarlar, hyrçlaryny dişleýärler, ellerini owkalaşdyrýarlar, gözlerine ýaş aýlaşyp: “Ýüregimi paralama meň, bagşy jan”, “wah, men bir senden ir öleýin how, inim” diýen ýaly sözleri yzly-zyyna gaýtalaýarlar. Olaryň sözlerini hiç kim eşitmese-de bagşylar eşidýärler. Aýdym-saza bütin durky bilen berilýändikleri üçin olara minnetdar bolýarlar we käte hut şolar üçin has belent perdelere çykyp, aýdýan gezeklerem bolýar. Şeýtmek bilen olar “yşkylaryň” aýdyma bolan teşneliklerini gandyrmaklyga, höweslerini kanagatlandyrmaklyga çalyşýarlar. Ýöne, “yşkylara” aýdym-sazdan ganma ýok, gaýtam aýdymyň hörpi güýçlendigisaýy işdäleri açylýar. Ertesi: “Öten agşam sen toýda pylan zat diýdiň, pylan hili hereket etdiň” diýseler ýatlaryna salyp bilenoklar. Yşkylar pul zyňmaýarlar. Çünki, olar özlerini bagşylaryň öz adamy hasap edýärler. Asyl olary bagşylaryň özlerem, il-günem şeýle hasap edýär. Salyr bagşylarynyň aýdym aýdyş tertip-düzgünleriniň ýene bir häsiýetli tarapy mazaly gyzanlaryndan soň, aýdýan aýdymlary üçin olara diňleýjiler tarapyndan pul, mal zyňylýar. Pul ugrundan köplenç Eýran tümeni, ýüzüne alynky bir goly gylyçly ýolbarsyň şekli basylan gyranlyklar oklanýar. Seýregrägem bolsa Buhara, Hywa pullaram düşäýýär. Mal ugry bolsa her kimiň öz ýagdaýyna görä. Tokludan, çebişden başlap tä, köşekli düýä çenli galybermeli. Ýöne, o zeýilli baýraklar diňe törde oturan hanlaryň, begleriň, baýlaryň elinden gelýär. O-da juda seýrek bolýar. Gizlin göçüň talabyna görä bu gezeg-ä olar ýaly uly baýraklar asla-da zyňylmaz. Bu gezek ähli güýç şowhuna, şagalaňa berler. Iç işikde ýa o ýerdenem orun tapman daş işikde eginlerini gysyşyp oturan billeri kendir guşakly, aýaklary çepekli inçejik sesleri bilen käte bir: “Garyp”, “Ýekäniň”, “At bolar” diýen ýaly pukaratap aýdymlary buýruşyp buruljyraşyp oturan çekinjeň garyp görgülilerden-ä bagşylara asla zat ýok. Ýöne, ine, diňe söýgi baradaky juwanhalar aýdymlary diňlemäge höwes edip, dişleriniň suwuny çekişip oturan ýaş-ýeleňler, durmuşdan içi ýanan, maşgalasy oňmadyk, perzentsiz ýa aýalsyz, orta ýaşlaryndaky bendeler welin boş oturanoklar. Juda bir ýer urup ýerde galan bolaýmasa pul zyňman oturmak salyrda umuman namys hasap edilýär. Ady tutulman galan obanyň ýigitleri bigaýrat saýylýar. Şonuň üçinem her obanyň oglanlary öz aralarynda pul toplaýarlar-da, bagşa aýdym buýurýarlar. Buýran aýdymlary aýdylmasa ýa juda eglenip aýdylsa özlerini äsgermezlik edilendigi, obalarynyň kemsidilendigi hasaplap, täzeden, öňküdenem köp pul toplap öňkä görä has agyzlyrak, has dogumlyrak birini bagşylaryň üstüne ýollaýarlar. O-da bagşylaryň aýdyp oturan aýdymlaryny tamamlap, gysgaça “arakesmä” çykan wagtlary tasap ýerinden turýar-da, bir bökende baryp, bagşylaryň üstüne howala bolýar. Arkan-ýüzün gaýşyp, elindäki pullary güjeňläp durşuna ilk-ä haýsy obanyň ýigitleriniň pul zyňýandygyny, haýsy aýdym üçin, özem indi näçenji gezek zyňylýandygyny aýdýar, soňam gollaryny giňden galgadyp, elindäki pullary bagşylaryň öňünde ýazylan ýaglygyň üstüne ýeke-ýekeden zyňyp başlaýar. Her zyňanda-da: “Ine, aýtmasaňyz! Mana aýtmasaňyz! Gaýratyňyz bolsa ýene-de aýtmaň! Ine, büýem şol aýdym üçin! Şüýem şol aýdym üçin! Hm-m... Hä-ä-ä..” diýip, ulyili bilen gygyrýar. Ýaz aýynyň kebelekleri ýaly howada gaýmalaşyp ýören kagyz pullaryň iň-soňkusy baryp emaý bilen ýaglygyň üstüne gonandanam maňlaý derini eliniň arka tarapy bilen çalyp, yzyna dolanýar. Gelip ýene-de obadaşlarynyň arasynda ornaşýar. Hili bir iş bitiren ýaly gözlerini agdar-düňder edip, gormaýyp oturşyna “nätdim” diýen manyda, dost-ýarlarynyň ýüzüne ýeke-ýeke seredip çykýar. “Has-has” edip: “Hany şu gezegem bir aýtmasynlar bakaly şony, “kelleriň” kimdigini gözlerine görkezeris” diýip, tutuş göwresi bilen iki- baka owsun atýar. Gapdalynda oturanlaryň birem bagşylara tarap boýnuny süýndürýär-de: “Şü gezegem aýtmasaňyz lükgämiz bilen turup gidýäs” diýip, bagşylara haýbat atýar. Umuman, şol wagt märeke gyzan bazara dönýär, hemmäniň kellesi göçýär, manyly sözler, güýçli owazlar, owadan hörpler diňleýjileri jadylaýar. Şol wagt olar üçin dünýäde başga iş-alada ýok. Her kim öz buýran aýdymyny wagtynda eşidibilse onuň üçin gaýry bir bagt ýok. Bu ýagdaýy bagşylaram ýagşy bilýärler. Märekäniň keýpini duýýarlar. Şonuň üçinem, olar islendik obanyň ýigitlerini öýkeletmezlige, buýran aýdymlarynyň birinem galdyrmazlyga çalyşýarlar. Şeýdibem märekäniň deňagramlylygyny saklamaklygyň hötdesinden gelýärler. Şeýle ýagdaýda aýdym buýran toparlaryň hemmesi deň-derejede karar tapýarlar we öňküdenem beter has belent we çeküwli aýdymlary buýurmak üçin täzeden pul toplaşyp başlaýarlar. Olaryň öňki öýke kinelerem, atýan haýbatlaram barybir kiçi dilden bärde. Aýdymyň jadyly humarynyň etdirýän oýny. Aýdym-saz tamam bolandan soň bagşylar öz diňleýjilerinden: “Janym akgam hezil berdiňden başga söz eşitmeýärler. Bagşyçylygyň belläp geçmeli ýene bir düzgüni: ýokarky perdelere çykylandan soň pes aýdymlary buýurmak bolanok. Buýursaňam aýdylmaz. Ol hiç kim tarapyndan oňlanylmaýar we şony buýran kişi aýdym-sazdan daşdaky, märekä tötänden düşäýen hasap edilýär. “Aýdym tanaýşyň şu bolsa bar, git-de, ojaga ot sal ýa başga bir pişe tap...”, diýlip üstünden gülünäýmegem ahmal. ...Aňrysynda agyr göçüň, uly aladanyň ýatandygyna garamazdan, şol düzgün-tertipler bu toýda hem edil öňküleri ýaly başlandy, şol terzde hem dowam etdi. “Sen-sen”, “Wahyt”, “Garybym” ýaly ýapbyldak heňlerden başlanan aýdymlaryň yzy sähel wagtyň içinde baryp “Gülkeşde”, “Zöhre jan”, “Köçe bagy”, “Şadilber” ýaly belent aýdymlara diredi. Orta ýazylan ýaglygyň üstüne üýşýän pullardan ullakan üýşmek emele geldi. Şol üýşmegiň çür başy bagşylaryň derläp duran depeleri bilen deňleşdi. Pullaryň baryp ýelmeşmezlikleri üçin, olar kellelerine-de ýokajyk ýaglykdan selle oramaly boldular. Märeke welin şol wagt aýdym-sazyň jadylaýjy humarlarynyň çetinden ýaňy girip ugrapdy. Şolaryň arasynda muşt ýalyjak göwresini gaýkyjakladyp, gollaryny galgadyp oturan Jumasaparam bar. Ol sözüniň doly eşidilmegi üçin gowruň ýatyşaryna garaşdy. Ara böwşeňlik düşendenem: –E-eý, geçiler! Bady-sabany aýtsaňyz bir bagşy sylagyňyz ba-a!- diýip, ulyili bilen gygyrdy. Barjamlydygy üsti-başyndan, ýüz-gözündenem bildirip duran, dolmuş ýaňaklary ter, gabagy galmaýandygy sebäpli çep gözi çalaja çyzylýan, sakgal-murtsyz bir ýigit iki dyzyna galdy-da, ýüregi joşgun adamyň badyhowalygy bilen: –Aý, Jymakga seňňem, gepilmän oturylan düşüň ýok – diýip Jumasaparyň öz agyz uluňyna görä gep atdy. – Ýöne geçiden mal bolmaz, mana, men bir köşek berýän seň şol aýdymyňa!... – Ol indi ýüzüni bagşylara tarap öwürdi. – E-eý, akgalar, aýdyň şol aýdymy. Köşegem ertiriň özünde gapyňyzda hasap edäýiň!.. Muny Jimasapar gaty gördi. Ýerinden turup ynjyly gürledi. – Sen... Sen... Köpüm mal-ow diýen bolup... Hondan bärsi bolan bolup... Hä-äý... Päh-eý... – diýdi-de, kynlyk bilen aşak oturdy – Hümh – çü-üýf... Baý ýigidiň eden şol hereketini märeke-de, ekabyrlaram halamadylar. Çünki, hakykatdan-da baýlygyňa baýrynyp başga biriniň goýan baýragyny kemsitmek, zyňylan baýraga söz tapmak bolanok. Bu türkmençilikdäki ýazylmadyk kanunlaryň biri. Şonuň üçinem, ýaňky ýigidiň hereketi tertip-düzgüni bulaşdyrmak üçin edilen synanyşyk hasap edildi we köpçülik tarapyndan ýazgaryldy. Goýan baýragy häzirlikçe hasapdan öçürildi we aýdym-sazyň dowamynda, haýsam bolsa başga bir aýdym üçin özbaşdak zyňmagyna rugsat edildi. Köpçüligiň gyssagara, onda-da şeýle adyllyk bilen gelen bu kararyna bagşylaram köp hoşal boldular. Ýeňillik bilen uludan demlerini aldylar, dutarlaryna ýapyşdylar we diňe Jumasaparyň geçisi üçin, uly hyruç hem höwes bilen “Bady sabany” aýtdylar. Köşek eýesem köpçüligiň gelen karary bilen ylalaşmaly boldy. Köşegini şondan bäş-alty aýdym soň, “Gideli gyzlar” üçin zyňdy. Ýöne bu gezek ol köşegi baran ýerinde süýtden horlanmazy ýaly, hemem bagşylaryň düýe gatyksyz kösenmezleri ýaly enesi bilen bilelikde zyňdy. Nireden çykandygy belli däl, köpçüligiň bir ýerinden Otjan keliň: –Bäýip-bä-ä!.. – diýen meşhur sesi eşidildi. Ol onuň yzyna-da märekäni uzak garaşdyrmady. – Errekgemen-nä-ä!.. Şeýdip, duýdansyz ýüze çykan köşekli meseleden ýaňy bir dyndylar welin, Ýaguplar bilen ýanaşyk oturan Saýat obasyndan gelen myhmanlaryň arasyndan Atak atly saryýagyzrak, uzynak, gözleri ýumjuklap duran bir ýigit syçrap ýerinden turdy-da, diňleýjileriň arasy bilen däbşenekläp bagşylaryň ýanyna bardy. Elindäki kagyz pullaryň bir ujundan tutup, depesinde galgatdy. –Ine, pul şü, adamlar! Hemmesem “Garry ezizim” üçin. Saýatly ýigitleriň adyndan. Aýtmasaňyzam ýamaşekketdandan ýygnaga-da, üstüňizi puldan gömeris welin, saýatlylary gören ýeriňizde utanar ýörersiňiz... Aýdym aýdyp oturanlaryň biri Täçmämmet bagşy. Beýlekisi Soltanýaz bagşy. Üçünjisine bolsa Mäti bagşy diýýärler. Sekiz ýaşlaryndaky tokarja oglanjygam onuň dyzyny ýassanyp otyr. Ol onuň ogly. Ady Oraz. Dutarçy sazanda-da bar, oňa Amannazar diýýärler. Ol aýdym aýdanok. Gyjak, gyjakçy ýok. Çünki salyr bagşylary gapdallarynda gyjak çaldyrmaýarlar. Olar şol düzgünlerini henize – bu güne çenli saklaýarlar. Her gezekki aýlawa Täçmämmet bagşy başlaýar. “Garry ezizime-de” şol başlamaly. Ol şol aýdymyň heňine “Nejebini” aýtdy. Mes iner ýaly kükräp oturşyna eginlerini iki-baka ýaýkanjyradyp: –Gul Nejep goladam düşendir wah-wah-eý-e, kyýa-amat boldy, ehe-he-eý-eý... – diýende dagy märeke oturybilmän, tereň derýa deý tolkun atdy durdy. Gollar howada gaýmalaklaşdy. Minnetdarlykly sözleriň yzy üzülmedi. Gezek Soltanýaz bagşa ýetdi. Ol şol aýdymyň heňine: –Nägehan sil geler daglaryň ýüzünden, Derýasy bent olmaz baglamak bilen, Dady-perýat eýlemäň gideniň yzyndan Giden gaýdyp gelmez aglamak bilen. –diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Ortadaky pully ýaglygyň üstüne kükregini gerip, o ýan, bu ýan owsun atanda ýaňy bir çal sepip ugran gyrçuw sakgally çürüje eňegi üýşmek puluň iň ýokarkylaryna degip aşakylaryny ýelpäp-ýelpäp goýberdi. Edil “yşkylar” ýaly bagşylar bilen bile ýatyp-turup ýören bolmasa-da. Şolaryň bäri ýany hasap edilýän, öýüni towga ýükläýmeli bolansoň il içinde “lütjek” lakamyny alan, ogulsyz-gyzsyz, Baky atly, orta ýaşdan geçeňkirlän, çolagrak bir garyp görgüli bardy, ana şol, aýdym soňlanyberende durup bilmän: –Haý-haý, haý-haý! Jan ogul, han ogul! Böýtme! Ýüregimi paralama! – diýdi-de, “hork-hork” edip aglamaga başlady. Ýöne, gowry ýetik märeke onuň näme diýeninem, eden hereketlerinem aňşyrmady. Başga bir gytygrak gara sakgally, inçejik burnunyň çep ganaty meňli, ullakan gözleri içiňden geçip barýan, boýy kelteräk ýigidiň bir dyzyna galaga-da, sag eliniň ýumrugynam howada galgadyp: –Jana-a, Syltanýaz akga, jan-a! Jaňkyny döwensiň sen şu aýdymyň! Mendenem bir, öweç saňa şu aýdymyň üçin! – diýenini welin ýeke bir bagşydakylar däl, eýsem golaý-goltumda hyzmat edişip ýörenlere, hatda kelte göçüň arasy bilen, “Ýa, Alla” diýip, Sarahsa tarap ýola düşenlere çenli eşitdiler. Aýdyp oturan namasyny gaýryp bolandan soň, Soltanýaz bagşy Mäti bagşa seredip baş atdy. Gaşlaryny gerdi. Bu onuň: Indi gezek seniňki diýdigidi. Mäti bagşy “Garry ezizimiň” hut özüni aýtmalydy. Çünki, ol onuň boýnuna alaja dakyp, öz adyna geçiren aýdymy. Şol aýdymy başga bir bagşy başga bir ýerde aýtsa-da: “Pylany pylan toýda Mäti bagşynyň “Garry ezizimini” aýtdy welin, edil özi bolaýdy” diýilýär. Aslynda buýran adamam şol aýdymy kimiň aýtjakdygyny bilip buýran bolmaly. Beýleki bagşylaryň öňürti başlabam şol aýdymy Mäti bagşa goýandyklarynyň sebäbem şol. ...Aýdymyň giriş öwrümleri edilip, ýola düşübermeli bolanda eti-gany ýerinde, tegelek ýüzli, sakgal-murty seýregräk, kellesine gyzyl hülle ýaglyk oranan Mäti bagşy: “Hö-öp...” etdirip demini içine çekdi, assa-ýuwaşdanam ony owaza öwrüp yzyna goýberdi. Bokurdakdan çykýan güýçli hem iňňän ýakymly ses petreýşip duran parlak ýyldyzlara baý, gara mahmal deý ýumşak arassa asman gümmeziniň astynda bir öwrüm etdi-de, şaglap aşak indi, goldan-gola ýaň salybam Tejen derýasynyň boýy bilen demirgazyga tarap ugrukdy. Ýelginine serbazlaryň agaçdan ýasalan gözegçilik diňlerini yrgyldatdy, gowşagrak ýerlerini “jygyldatdy, “Pulhatynyň” üstünden parran geçip, Gyzylgaýanyň goňras gaýalaryna sanjyldy, Nowruzabadyň baýyrlyklaryny tozadybam göni, gadymy Sarahsa bakan rowana boldy. –Owalda aklymny haýran eýlediň, Hylwat ýerde sözleýşeli söwdügim, Agladyp gözýaşy girýan eýlediň, Uzak döwran yzlaýşaly söwdügim. Beýdiň soňy ilk-ä “hüžžüldä” soňam, “jukgulda” ýazdy, jukguldynyň soňy säkdirmä, onuň soňy bolsa gaýnatma syrykdy. Märeke-de öz gezegini sypdyrmady. –Jana-a-a!... –Berekella!... –Ja-anym akgam!.. –Ömrüň uzak bolsun!.. Baky lütjegiň sesi iň soňundan, ýöne, örän ysgynsyz çykdy. –Men bir senden öň öleýin how, inim... Bagşy hasam göterildi. –Bagda bilbil saýrar, çekdigi zardyr, Aşyga köýmeklik ozaldan bardyr. Gerdeniň dutardyr, zülpleriň tardyr, Saba turup sazlaşaýly söwdügim. –Baý-ba-a-a!.. –Eý-ho-o-o! –Errekgemenn-ä-ä!.. Baky lütjegem iki dyzyna galyp ýer sermäp ugrady. –Haý-haý-haý!.. Jan ogul, jan ogul!.. beýtmäweri... Oňurgasyny ýazdyrýaň sen ol aýdymyň, çekirdenini aýyrýaň!... Mäti bagşynyň sesi ýetjek derejesine ýetdi. –Ýetim guzy kimin gezmegin mäläp, Gözeller içinde men seni halap, Ömrümi ötürdim näzli ýar aglap, Gelse döwran yzlaşaly söwdügim. Aýdymyň soňky beýdine gezek gelendenem hälki, şol aýdymy buýran, saý at obaly ýigit ýerinden hasanaklap galdy-da, iki elinem pul zyňýanlaryňky ýaly howada hallanladyp durşuna: –Şeýdaýy diýr, diý, Oroz akga, Şeýdaýy diýr, diý!.. – diýip, zarynlady. – Ýürek joşguny ýetjek derejesine ýeten bor-a çemeli onuň bilenem çäklenmän, bir bökende bagşynyň ýanyna geldi, sag eliniň aýasyny Mäti bagşynyň gara der bolan egnine goýdy. – Şeý diýmeseň razy däldirin, akgam! Şo ýerini galdyrsaň gözümi açyp giderin!.. Soň ol eglip, Mäti bagşynyň ýüzüne çiňerildi. – Düşdüňmi akgam?.. Islendik üýşmeleňe gijä galyp gelmek endigi bolan Apby şol gezegem edil märekäniň çetinden girdi-de, birtopar adamyň arasy bilen ätmerläp geçip, bagşa golaýrak ýerde oturdy. “Garry ezizimi” buýran ýigidiň soňky sözlerinem eşitdi. Eşidişi ýalam: –Ýa, gyňkeýiniň balasy, ölseň üç köpsen-aý, ýöne, beýdip, aýdym-a päsgel berip, märekäň badyny alyp bir durma-a... – diýip, garaçyny bilen gahar etdi. – Ýa kimiň şygryny aýdýantygyny şol adamlar bilýän däldirler öýtýäňmi?.. Saýat obaly ýigidiň uçup-gonup durşy dogrusy ýeke Apba däl, hiç kime-de ýaramady. Asylam aýdym aýdyp oturan wagty bagşa lak atmak, bir ýerine kakmak, onda-da arkasyna kakmak, çapyp barýan atyň öňüne kesek atan ýaly bir zat hasap edilýär. Ol ýagdaý bagşynyň özüne hasam erbet täsir edýär. Bady gaçýar, sowaşýar. Kejikdirýär. Toýnak kakyşyny ýitirýär. Netijede meýlisiň mazasy gaçýar. Şonuň üçinem, saýatly ýigit Apbynyň aýdany bilenem ýerine geçip oturybermedi welin, han-begleriň arasynda oturan, baş kethuda Begnazar özüniň gyryljak sesi bilen pessaý, ýöne, diýseň hökümli gepledi. –Otur how, Atak ýeriňe geç-de! Öz keýpiň ugruna gidip märekä-hä bir aýdym diňledeňok, üstesine bagşynam öz gününe goýaňok.... Häý! Çekibileniňizi çekip paň bolýaňyz-da, birentegiňiz. Märekäniň içinde kethudalaryňam oturandygyny ýaňy bilen ýaly ol ýigit şeýle bir utandy welin, asla ýoldaşlarynyň arasyna barany bilenem ynjalykly oturyp bilmedi. Aşak bakyp oturşyna gorsanjyrady-gorsanjyrady-da, turdy ötägitdi. Ony görüp Apby Begnazara tarap boýnuny uzatdy. –Bekgi akga oňardyň şun-a. Gowy etdiň. Biz bir zat diýseg-ä Apby aýtdy bolýa... Ol zatlar şeýle bir çalt bolup geçdi welin, Mäti bagşy kimiň näme diýenini dogrusy aňşyrybam ýetişmedi. Gaýta pellehana golaýlan bedew at ýaly ümzügini barha öňe atyp, aýdymyň iň soňky setirlerini külterläp ugrady. –Şeýdaýy diýr, gitmez synamyň dagy, Göwsünde gurulmyş eremiň bagy, Ol gara gözleriň ýagydyr-ýagy, Ogryn-ogryn sözleýşeli söwdügim. Aýdym gutardy. Köpçüligiň içinden ýene-de alkyşly sözler eşidildi. Ýeke bir Mäti bagşynyň däl, aýlawa gatnaşan beýleki bagşylaryňam, hatda Amannazar sazandanyňam şanyna öwgüli sözler aýdyldy. Her gezekki aýlawdan, esasanam şular ýaly agyr aýdymlardan soň hemişe edilişi ýaly, dem-dynç almak hem söz alyşmak üçin bagşylar bu gezegem dutarlaryny usullyk bilen bir gyra goýdular. Ýüzlerinden, boýunlaryndan akýan derlerini ellerindäki ak ýaglyklary bilen süpürişdirdiler. Hanlara mähsus bolan agraslyk bilen, häliden bäri sesini çykarman aýdym diňläp oturan Teke han onsuzam hemmelerden saýlanyp duran uzynak göwresini hasam dikeltdi-de, gara çäkmeniň üstünde öňküsindenem aksowult görünýän ýüzüni sag tarapynda oturan Abyt işana tarap aýlady. –Şu aýdymyň özbaşyna taryham barmydy, Abyt? Sen aýdýamydyň şony? –Howwa han aga bar. Özem Şeýdaýynyň hut özi bilen baglanyşykly. –Sen onda bagşylar demlerini dürseýänçäler adamlara aýdyp beräý şony, zähmet görmeseň... Abyt işan endigine görä “ýyrş” etdi-de, çalaja gozganjyrady, çalaja-da ardynjyrady. Çekinjeňlik bilen ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Ýektaýynyň synlaryny dyzlarynyň aşagyna dykyşdyrdy. –Kynlyg-a ýok oň welin, ýöne, bulaň hemmesi eşidendir ony öň. Bilýändirler... –Aý, şonda-da aýdyp goýber, belki aralarynda eşitmediklerem bardyr. Işanyň ýaýdanjyraýanyny görüp, diňleýjilerem ýerli-ýerden: “Aýtda-aýt” diýşip, gygyryşdylar. “Henize çenli bir gezegem eşidemizok” diýenlerem boldy. Zandy ýumşak Abyt işanyň köpçüligi özüne şondan artyk ýalbardasy gelmedi. –Bu waka salyrlaryň Hywa, Buhara sebitlerinde oturýan döwürleri ýagny, mundan ýüz ýyl gowrak öň bolup geçipdir. – diýip, ol mylaýymlyk bilen söze başlady. – Aýdyşlaryna görä Şeýdaýynyň başdaş aýaly birhili bethüýräk, siltenjeňräk, geplände gepi-sözi tüýs, bir dawa-jenjele jabdak gelip duranrak, iň beterem hanysarak, üpül-süpülräk, kemhyzmatrak, şol bolşy bilenem özüni hondan bärsi tutýan, ärini özünden bir basgançak pes saýýan, edýänje işinem minnetli edýän üstesine-de gasygyna gan degmedik, hasylsyz-harmansyz bir töwra maşgala ekeni. O bendäniň güni bir bolsa äri bilen urşy iki ekeni. Özem onuň tüýs bir halamajak sözlerini aýdyp, ýakmajak hereketlerini edip ýörite kejikdirýän ekeni. Şeýle-de bolsa şahyr onuň bilen elli ýaşlaryna çenli ýaşaşypdyr, häsiýeti düzeler, çagasy bolar, akyllanar öýdüpdir. Emma üýtgän zat bolmandyr. Şol aralykda-da bagty çüwýämi ýa boljak işmi, garaz, şahyr özünden kän kiçi, başy boş, Aýjemal atly bir owadan gelin bilen sulhy alşyp ugrapdyr. Ol gelin Şeýdaýynyň ähli goşgularyny ýatdan bilýär ekeni, toýlarda bir çetde durup, aýdymlaryny diňleýär ekeni.. soňabaka olar gatnaşyk açypdyrlar, ýygjam-ýygjam duşuşyp, goşgy, dünýä, panylyk hem bakylyk, öý-öwzar, perzentsizlik dagy barada içginden-içgin gürrüňler edip ugrapdyrlar, biri-birlerini görmeseler kararlary ýetmändir. Şeýdaýy o barada: Aşyk Şeýdaýy diýr, ýaryň elinden, Agtaryp tapmadym, gyzdan-gelinden, Säher wagty “hüw” diýp galdym ýerimden Düşer Aýjemalym ýada ýaranlar. –diýen ýaly yşky goşgular ýazypdyr. Bu ýagdaý Aýjemaly şahyra hasam golaýlaşdyrypdyr. Ýaş tapawutlaryna garamazdan, Şeýdaýy öňki aýaly bilen aýrylyşyp, Aýjemala öýlenipdir. Durmuş guranlaryndan soň Aýjemalyň şahyra bolan hormaty hasam artypdyr. Söýgüsi zyýadalaşypdyr. Şüý-ä garry-ow, diýip, oňa äsgermezçilik etmändir. Özüni artyk saýmandyr. Häli-şindi “haşgyryp”, ýüzüni alyp yşgyny gaýra tesdirmändir. Şeýdaýam ony şeýle bir gowy görüpdir welin, dünýä täzeden inen ýaly bolupdyr, öňküsine görä göz-görtele ýigdelipdir, ylhamy joşup, yşgy belende göteripdir. Oňa bagyşlap täze-täze goşgular goşupdyr. Özi bilenem şeýle bir ysnyşypdyr welin, gelninden aýrylyp hojagaz ýere-de gidesi gelmändir. Hatda, egnine küýzesini alyp derýa suwa gidende-de, “atymy suwa ýakjak” bahanasy bilen bile gidipdir, bile-de gaýdypdyr. At üstünde yzyna düşüp gelşine ony synlapdyr, ýörişine guwanypdyr. Gaz kibi moýmuldap barşyna gözi düşende bolsa, göwni göterilmekden ýaňa özüne göwni ýetýän ýaş ýigitleriň toý-tomguda gelin-gyzlara görünmek üçin edişleri ýaly, eýeriň üstünde syrtyny bir ýana taşlap ýanynrak oturypdyr-da, telpeginem gyşygrak geýäge-de: Ýalan dünýäniň behişdi, Gyzyl gülden täze gelin, Ak ýüzleriň meňzär Aýa, Ýaýkanyşyň gaza gelin. Şeýdaýy diýr söz bolmasa, Bakjada gülüm solmasa, Zyýada gurur bolmasa, Bermen ýüz-müň gyza gelin. –diýip, öz ýanyndan gelnini taryp edipdir. Adamsynyň şeýdip öz daşynda kebelekläp ýörşüne Aýjemalyňam göwni göterilipdir, her hili täze ýörüşler, näz-kereşmeler tapyp şähyryň heserini hasam güýçlendiripdir. Käte-de bir yzyna gaňrylyp, ördek deý gyýalabrak garaga-da, çep gözüni süzüp, gaşynam çalarak kakar ekeni-de, ýene-de öwrülip, ýoluny dowam etdiriberer ekeni welin, şolar ýaly-da şähyryň tutuş süňňi lerzana gelip atyň üstünde oturan ýerinde dodaklaryny ýalap galpyldaberer ekeni. Ömrüniň soňky gürpünde şahyryň şeýle hoşwagt hala düşendigine il-günem begenipdir. “Wah, öň şeýtmelidi, bir nadany adam etjek bolup, ömrüni kül etdi” diýşip özara gürrüň edipdirler. Birneme gijräk hem bolsa şahyra şolar ýaly belent söýgi berendigi üçin Aýjemala-da minnetdarlyk bildiripdirler. Ol ikisini birwagtlarky ötüp giden aşyk-magşuklara meňzedipdirler. Şeýdaýynyň özem özlerini ötüp giden aşyk-magşuklara meňzedip goşgular ýazypdyr: Leýli diýip, Mežnun dünýäden geçdi, Şirin diýip, Perhat daglary deşdi, Aşyk Garyp ýedi ýylda gowuşdy, Biz hem ýetsek şol myrada ýaranlar. Aýdyşlaryna görä, özüniň “Gül-Senebur” atly yşky dessanynam şahyr şo-ol Aýjemalyň yşkynda şeýda bolup ýören döwürleri ýazanmyşyn... – Abyt işan bir aýtmasyz zady aýdyp köpçüligiň keýpini bozaýmaýyn diýýän ýaly, gaşyny çytyp, ýüzüni bir ýana sowdy. Esli wagt dymyp oturdy. – Ýöne... özüňiz bilýäňiz, hiç zat hemişelik dowam etmeýär. Herki zadyň bir ters tarapy tapylaýýar. Şeýdaýynyňkam şeýle bolupdyr. Şolar ýaly bagtyýarlykda ýaşap ýörşüni öňki aýaly oňa rowa görmändir. Içinden gyryndy geçiren şol görüplik ony öz gününe goýmandyr. Nädibem bolsa bir ýol bilen Aýjemaly abraýdan gaçyrasy, kowdurasy gelipdir. Şeýdibilse Şeýdaýy ýene-de özüni alar öýdüpdir. Ine, hut şol niýet bilenem, ol bir gün halys hurşy gutaryp egbarlan, azardan çykybilmän öýünde düwdek bolup ýatan oba belli neşekeş, tüýkesme ogrynyň ýanyna barýar-da, az-kem pul berip, özüne geler ýaly edýär-d: “Meniň bir ýumşum bar, egerde şony bitirip bilseň kän pul bererin...” diýýär. Neşekeş onuň aýdanlaryna razy bolupdyr. Näme etmelidigini sorapdyr. Aýalam: “Sen ertir Gün guşluk boluberende derýanyň güzerine bar-da, hyşalygyň içinde bukulyp otyr. Şol wagt Şeýdaýynyň odäkisi suw almana barar, yzy bilen sömpüldäp özem barar. Ine, onsoň odäki suw alyp, yzyna dolanar welin, oturan ýeriňden oňa tarap kesek zyň, bärsine bakaram welin, bukudan çyk-da, goluňy bula: “Bärik gel!” diýip, ýuwaşja seslen. “Düýn näme gelmediň”, diýip abaý eden bol. Şeýdaýyny görübem gaç” diýipdir. Bol pula, imrinen ol ülhit buýrulan işi bolmalysyndanam has mojugrak edip ýerine ýetiripdir. Şeýdaýyny görübem özüni jeňňelige urupdyr. Aýjemal welin oňa ünsem bermändir, sesinem çykarmandyr, gaçyp giden tarapyna gazap bilen garapdyr-da, ýoluny dowam etdiriberipdir. Bu ýagdaýa şaýat bolan Şeýdaýynyň bar keýpi gaçypdyr. Göwnüne güman gidipdir. Gahar-gazapdan ýaňa birbada näme etjegini bilmän, saňňyldap kän durupdyr. Atynyň jylawyny elinden gaçyrypdyr. Uly höwes bilen gyşyk geýen telpegini maňlaýyna süýşüripdir, seçelenip duran buýralary bilen gözleriniň öňüni örtüpdir. Syrtynam eýeriň üstüne dürs goýupdyr. Daş-töweregindäki hyşagulpaklardyr-toraňňylaram başlaryny yraşyp üstünden gülýän ýaly, müýnürgäp aşak bakypdyr. Özüni namysa galan hasaplap erbet örtenipdir. Bir demde ýagyrnysy bükreýip, göreçleriniň röwşeni kemelipdir. Baryndan beterem ýüregine ot düşüpdir. Öýkeni ýellenipdir. “Men-ä muny gözümiň görejine deňäp... aýamyň üstünde saklap... gije-gündiz wasp edip, apalap ýörün, bu bolsa... meni garry görüp... ile belli bir iflis bilen azaýan ekeni-ow, adyma ysnat getiräýen ekeni-ow” diýip, içini gepledende dodaklary kemiş-kemiş edipdir. Gözlerine ýaş aýlanypdyr. Gabanç duýgulary şeýle bir güýçlenipdir welin, bolup geçen zatlaryň hakykatdygyna doly ynanypdyr. Gazaby ýetjek derejesine ýetip, beýnisinde ýyldyrym çakypdyr. Çaltrak öýüne ýetesi, Aýjemaly kowup bu masgaraçylygyň aşagyndan basymrak çykasy gelipdir. Şol maksat bilenem aýagynyň aşagyndaky atyny debsiläpdir. Emma hemişe sähel zada göterilip, uçganaklap duran at şol wagt ýerindenem gozganmandyr. Öňki edýän ýörüşlerini etmändir. Ýörese-de juda ýaltalyk bilen, diýseň haýal ýöräpdir. Hemişe nädip geçileni bildirmeýän, gözüne diýseň gysga görünýän ýoluň şol gezek Şeýdaýy üçin soňy gelmändir. Öýüne gelip, küýzesini egninden düşüren gelin äriniň bolup gelşinden rejäniň geň däldigini aňypdyr-da: “Şahyr saklan! Meseläniň anygyna ýet! Şondan soň öldürseňem men kaýyl!..” diýip oňa tarap aýalaryny ýaýypdyr. Şahyr welin ony diňlemegem islemändir. Agzyndan ak köpük saçyp, bütin durky bilen titräp durşuna: “Bar git! Ýok bol! Men sen ýaly biwepa bilen ýaşaşjak däl! Goý, seni meň yhlasym ursun! Ygtykatym ursun! Söýgim ursun! Sen menden talak! Talak, talak, talak!..” diýip gygyrypdyr. Onuň bu diýenlerini goňşy-golamlaram hatda köçeden geçip barýan bazarçylaram eşidipdirler. Durup-durup diň salypdyrlar. Şeýle parasatly, uly ile akyl berip ýören şahyr adamyň beýdip tutuş köçäni ýaňlandyryp durşuna geň galypdyrlar. Şahyr bolsa adamçyl erkek ýaly gözlerini agdar-düňder edip gelnini gapa tarap itekläpdir. Aýjemal bolsa çykmajak bolup kän dyrjaşypdyr, gapynyň söýesinden ýapyşypdyr, bosagasyndan aslyşypdyr. “Hälem bolsa aýdan sözüňi yzyňa al, öýden çykmankam düşünişeli, soň bolmaz...” diýip, ýalbarypdyr. Ýöne, onuň ol ahy-nalalary ol wagt şahyra täsir etmändir. Gaýtam Aýjemal ýalbardygysaýy namysy joşup, erk-ygtyýaryny elden gideripdir. Ahyram ähli güýjüni jemläp, bigünä gelni gapydan çykaryp goýberipdir. Aýjemalam bir “ah” çekipdir-de: “Hä, şahyr ýalňyşdyň. Ýöne, indi bolmady. Indi men gitmeli boldum. Gazabyň gaçyşansoň ýalňyşandygyňa düşünersiň, puşmanam edersiň, ýöne giç bor...” diýipdir. Şeýdibem gözýaşyny seçe-seçe, yzyna garaý-garaý, öýünden çykyp gidipdir. Şol obada öýlenibilmän ýören bir garyp, ýöne arassa ýigit bar ekeni. Aýjemal göni şol oglanyň öýüne barypdyr-da: “Sen meni şu günüň özünde nikalap al, ertire goýmak bolanok, özüňem hiç zat sorama, soň özüm düşündirerin” diýipdir. Başy göge dirän ýigidiň begenjiniň çägi bolmandyr. Ol obasyndaky gurplurak adamlaryň birinden bir goýny nesýe alypdyr-da, goňşy-golamlaryny ýygnap üýşmeleň edipdir. Nika gyýdyrypdyr. Aýjemalam törde gelinsiräp oturmandyr-da, goluny çyzgap gelene-gidene hyzmat edipdir. Oňa çenli şahyryňam gahary gaçyşyberipdir. Ötenden-geçenden Aýjemalyň nirä barandygyny, näme işläp ýörendigini üzlem-saplamragam bolsa eşidipdir. Özüniň ýalňyşandygyna düşünipdir. Neşekeş bilen azan bolanlygynda Aýjemalyň ur-tut oňa däl-de, başga birine baryp oturybermejekdigine, şu hereketinem ýekeje günem bolsa ile-güne başy boş, eýesiz, hossarsyz görünmezlik üçin edendigine göz ýetiripdir. Neşekeşiň kesek atan wagty sesini çykarman gaýdyberendiginiň sebäbiniň bolsa şerraýylyk edip, hiç zat ýok ýerden özüni ile ryswa edesiniň gelmeýändigi bilen baglydygyny bilipdir. Maşgalasyny ýaman gözden, ýaman dilden goramaly halyna gaýtam özüniňem betgümanlyk edip ony şolar ýaly çykgynsyz güne salandygy üçin gynanypdyr. Eden işine ökünipdir. Bu pirimiň nireden, kimden ýeteninem kem-kemden aňypdyr. Ýüregi howlap daş çykypdyr. Garyp ýigidiň işigindäki üýşmeleňe tarap boýnuny süýndürip durşuna, ýap-ýaňyjada öz öýüni bezäp oturan gelniň eýýämhaçan başga bir öýüň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörşüni, indi oňa özüniň hiç hili dahlynyň ýokdugyny ýüregine sygdyryp bilmän aglapdyr. Onuň bilenem derdi egsilmänsoň, näme edýänini özem bilmezden, eýýäm nika gyýlandygyndan bolsa bütinleý bihabar, “hyk-çok” edip, öz-özüne töwellaçy bolmak üçin toýhana tarap ugrapdyr. “Dähedem-dessemläp” diýen ýaly barypdyr. Horaşaja ojak bilen garyp külbäniň arasynda eli tabakly ylgaşlap ýören Aýjemalyň ýanyna baryp: “Men dogrudanam ýalňyşypdyryn, Aýjemal. Günämi öt. Ýör, gideli. Öýe baraly...” diýip ýalbarypdyr. Gelin bir diňşirgrnipdir-de, uludan demini alyp: “Soňky tüýkülik sakgal ezmez” diýipdirler, şahyr, indi giç. Kerwen gitdi. Döwran ötdi. Göwün göç eýledi. Bagt guşy egniňden uçdy. Ýöne, özüňden gör, men indi şu ojagyň eýesi. Bir garyň ýigidiň halaly. Nikalysy. Namysy-ary. Göwnümi gapysyna bent edip, örkümi tärimlerine bagladygym bolan şu öýüň arassalygyny, başymy gara başyna deňäp bardygym şol ýigidiň mertebesini edil seniňkini goraýşym dek gorap saklamak meniň borjum. Indi bolsa gaýt, çünki, beýdip, “gideli” diýip, eýeli maşgalanyň üstüne ernip durmak sen ýaly atly-abraýly adam üçin aýp bor” diýipdir. Şeýdibem daş işikdäki “gübürdäp” duran ojagyna ot salmak üçin şo tarapa ýüwrüpdir. Eýýämhaçan dünýäsi daralyp ugran şahyr halys aljyrap onuň golundan aslyşypdyr. “Men sensiz oňup biljek däl, ekenim, Aýjemal. Şoňa gözüm ýetdi. Emma, seň bu diýip duranlaryňam dogry. Men indi galan ömrümi jebir çekip geçirmeli boldum. Ýalňyşandygyma, şeýtanyň ugruna gidendigime-de düşündim. Ýöne, halys gussadan ölmezim ýaly iň bolmanda aram-aram habarlaşyp bir duraly. Juda bolmasa, mahal-mahal, pynhan ýerde duşuşaly. Geçen günlerimizi ýatlaşaly. Gelejegimizi yzlaşaly. Ýak, onam etjek-gä diýseň, märekä-meýlislerde, ýoda-yzda ogryn-ogryn gözleşeli, sessiz-üýnsiz sözleşeli, birek-biregiň ýüzüne bakyp, mähir-muhabetden, kaddy-kamatdan ganyşaly” diýip, ýaňky diňlän aýdymyňyzdaky aýdylýan ahmyrly sözlerini şonda ilkinji gezek aýdypdyr. Aýjemal bolsa: “Ýak!... o diýeniň-ä asylam bolmaz!..” diýip, kesgitli aýdypdyr-da, ho-ol, kesek atan neşekeşiň yzyndan garandakysy ýaly şahyra tarap şeýle bir gazaply garapdyr welin, ol edil aýagyndan syrtmak salnan garry göhert ýaly iki eli bilen başyny tutup, “lampa” aşak çöküpdir. Oňa çenlem daşyna adamlar üýşüpdirler. Ýerli-ýerden tutaklaşyp ýerinden galdyrypdyrlar. Süýrekläp diýen ýaly öýüne alyp gidipdirler. Emma, Aýjemalsyz galan öý Şeýdaýynyň gözüne dar görnüpdir. Asyl bütin dünýä boşap galan ýaly bolupdyr. Giň jahan ony gysypdyr, gowrupdyr. Şondan soň ol öýden çykmasyny, toýa-tomaşa barmasyny goýupdyr. Gije-gündiz gam çekipdir, hunaba ýuwdupdyr. Ana, şol gussalaryň arasy bilenem ýaňky diňlän aýdymyňyzy döredipdir. Oňa saz düzüpdir. Ýüregi atygsap, halys gursagyna sygmadyk wagtam dutaryny gabyndan çykaryp, çig ýüpekden işip ýasan inçe tarlaryny pessaýdan düzer ekeni-de, hususanam sabanyň sergin çaglary şol aýdymy ýüregiňi dilip barýan zaryn, ýöne, pessaý bir owaz bilen aýdar ekeni. Ony tutuş oba bolup diňlär ekenler, uly-kiçi hemmesi şahyryň düşen halyna tüýs ýürekden gynanar ekenler. Ol aýdymy saý-sebäp bilen ir turan wagty Aýjemalyň özem diňlär ekeni. Aýdym gutarandan soňam bir “ah” çeker ekeni-de, tasap öýden çykar ekeni, şahyr bilen näçe wagtlap döwranlar süren jaýyna tarap seredip durşuna kükregine ura-ura ýüregiňi dilip barýan naýynjar ses bilen: “Ah, garry ezizim...” diýip, aglar ekeni. Şeýdibem şol aýdymyň ady “Garry ezizim” bolup galyberipdir. Ony şol döwrüň bagşylary bada-bat alyp göteripdirler. Üstünde işläpdirler. Belent perdelere çykarypdyrlar. Ösdüripdirler. Has kämilleşdiripdiler. Şeýdibem iň bir çeküwli aýdymlaryň birine öwrülipdir. Olar ony soň-soňlaram aýdypdyrlar. Şeýdaýy ýurduny täzeländen soňam aýtmaklaryny dowam etdiripdirler. Görşüňiz ýaly olar ony ine, häli-häzirem dowam etdirip gidip otyrlar. Nesip bolsa mundan bu ýana-da arkama-arka dowam etdirip gider otyrlar... Abyt işan hekaýatyny tamalap bolandan soňam esli wagtlap märekeden ses çykmady. Her kim uludan demini aldy-da, başyny ýaýkady oturdy. Ahyram häliden bäri Abyt işanyň agzyna aňkaryp oturan Otjan kel ukudan oýanan ýaly boldu-da: –Bäýip-bä-ä!.. – diýdi. – Gaty güýçli aýdym diýip ýördük welin, asyl aňyrsy güýçli ekeni-ow muň... Errekgemen-nä!.. Apbam: –Gyň...Gyň... – diýdi-de, nirede, kimleriň ýanynda oturandygy ýadyna düşüp: – Edil dessan diňlän ýaly boldy-aý... – diýdi. –Aý, dessan kemi ýok-la – diýip, onuň gapdalynda gözüne ýaş aýlap oturan Jumasapar hamsygyp gepledi. – Şahyr ýazýanlaram şolar ýaly dessanlardyr-da... Hü-ümh-çü-üýf... Teke han ara düşen ümsümligi şowhuna öwürmek üçin bagşylara ýüzlendi. –Hany, siz bir sowaşmaň. ...Bagşylar “Köne güzere” ýetenlerinde daň saz berdi. Howa sowady. Açyk meýdan bolansoň adamlar üşäp başladylar. Hemişelik bolanda bagşylar şondan soňam öýe girip, tä Gün guşluga galýança aýtmalydylar. Ýöne bu gezek ony etmediler. “Aýdym soňy saz” diýipdirler, düzgüni bozmalyň, diýşip Amannazara üç sany saz çaldyrdylar. Şonuň üçünjisi “Balsaýat” boldy. Şondan soň kimdir biri: –Gulagyň garny bolmaz, siňegiň erni” diýipdirler, indi turalyň adamlar – diýdi. –Gulagyň däl, gulanyň – diýip, eýýämhaçan örüşip ugran ekabyrlaryň arasy bilen gidip barýan Abyt işan oňa aýak üstünden düzediş berdi. – “gulanyň garny bolmaz” bolmaly. Gulan sözi gulaga öwrülipdir-de, adamlar indi ony ýalňyş ulanýarlar. Kelte göç üçin jogapkärçilige bellenen adamlar bütin gijäniň dowamynda mahal-mahal, usullyk bilen gelip kethudalary, hususan-da Teke hany göçüň ýagdaýy bilen tanyşdyryp durdular. Olar ine häzirem bagşydan gaýdyp gelýän kethudalaryň öňlerinden çykyp, özlerine tabşyrylan ýumşuň doly ýerine ýetirilendigini habar berdiler. Olaryň indi hemmesi birigip şu gije ýarymdan agansoň ýola düşjek uly göçe taýýarlyk görmelidiler. Bu barada şu gün öýländen soň hemmeler, ýöne, juda berk tertipde habardar edilmeli. Aýak üstünden eden iň soňky maslahatlarynam tamalap, az-kem dynçlaryny alyp, ýaňadandan duşuşmak üçin, dagaşmak çy bolup duran ekabyrlaryň gapdalyndan şol wagt çalarak entirekläp, çalaragam hiňlenjiräp barýan Baky lütjek geçip gitdi. Ýap-ýaňyja bir märekeden örendiklerine garamazdan ol han-begler bilen baş atyp salamlaşdy-da, ýolunam, hiňlenmesinem sol öňküsi ýaly dowam etdiriberdi. Ozaldanam geň häsiýetli, geplemezek, bukma kesel degen ýaly hemişe busup ýören bu adama onsuzam aladalary ýetik kethudalar kän bir ünsem bermediler. Ol welin, aýdyma hiňlenenokdy-da, “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliň-pal” etdirip dodaklary, dili bilen saz çalýardy. Onda-da ýap-ýaňyja aýdym-sazyň iň soňunda ýaňlanan “Balsaýady” çalýardy. Gerek ýerinde barmaklarynam işledýärdi. Şol saz beýnisine şeýle bir ornaşdy welin, asla ol indi onuň täsirinden aýňalyp bilenok: paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...”. Gaýda-gaýmalaşyk bolup barýan adamlaryň arasy bilen aşak bakyp, süssenekläp barşyna ol öten agşamky ýabysyny daňyp giden ýerine geldi. Ýanbaşyndan torba asybermeli hor, gözleri çylpyklap, ýörände art-bujak deşigi dokmaň mäkisi ýaly gelip-gidip duran, tüýleri gytyk hem hapa, reňki aksowultdan gelen melemtil, maňlaýynyň depeli çala bildirýän ýaby “munça wagtlap meni aç goýup nirä gitdiň-aý” diýýän ýaly eýesiniň ýüzüne soragly seretdi. Çalarak hokrandy. Baky bolsa: “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...” diýip ýabysynyň aýagyndaky ýüpüni çözdi. Myhyny sogurdy. Ýüpüni külterläp ganjygadan asdy. Şol bir heňe goşubam aýagyny üzeňňä basdy. Atlandy. “...Pal” diýibem syrtyny palçyldadyp eýere goýdy. Yranjyrap saz çalyp oturşyna, toýhanadan çykyp öýli-öýüne tarap barýan toýçular bilen gollaryny galgadyp özüçe hoşlaşdy. Ýabysynyň başyny öz obasynatarap öwürdi. “Pal...” diýip, ysgynsyz aýaklary bilen ýabysynyň böwrüne depdi. Barjak ýeri gaty bir golaý bolmasa-da, ol tä gapysyna barýança saz çalmasyny goýmady. Baransoňzm goýmady. Egerde ýaby janaweriň özi ýatagyna baryp gazygynyň gapdalynda durubermedik bolsady, onda Baky lütjek özüniň öýüne geleninem bilmezdi. Hälem bagtyna howa ýagtyldy-da, ýabysynyň ýataga girenini bilip, syrylyp ýere düşdi. “Pal...” etdirip aýagyny ýere goýdy. Häliden bäri dutar edinip gelýän gamçysyny eýeriň gaşyndan ildirdi-de: “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...” etdirip elindäki ýüpüň bir ujuny gazyga “gazykbag” edip daňdy, beýleki ujunam “paliýilliň-pal...” diýip, ýabysynyň aýagyna “kürmek” çaldy, “pal” diýibem çigdi. Ýöne, “Balsaýat” onuň bilenem tamamlanmady. Ýatakdan çykyp gapysyna barýança-da, Baky saz çalmasyny dowam etdirdi. Işiginem: “paliýilliň-pal, paliýilliň-pal, paliýilliň-pal...” diýip, açdy-da, sag aýagy bilen: “Pal...” diýip, içerik ätledi. Ýaňyja biçilen gök kürre ýaly aýaguçda “hynçgyryp” oturşyna saza goşup üstki eşiklerini çykardy. Hersini bir tarapa zyňyşdyrdy. Oýaly-ukuly ýatan aýalynyň gapdalyna geçdi. Iň soňky gezek: “Pal...” diýibem, sermagallakdan gaýtdy. Soň-soňlar, Sarahsa gelenlerinden soň aýalynyň onda-munda aýtmagyna görä, Baky ukudaka-da saz çalmasyny goýmandyr. “wagyr-wugur, lagyr-lugur” edip, “patanaklap” ýatyşyna, her gezek eýlesine-beýlesine öwrülende: “Pal-l...” etdirip, şol tarapky goluny kä köneje sowuk keçäniň, käte-de ýyrtygyndan düýe ýüňleri çykyşyp duran ýyljak ýorganyň üstüne “patyladyp-patyladyp” urupdyr. Şol gün heleý öýläni boluberende, aýaly ony uly howsala bilen oýardy. Uly iliň göçe taýýarlyk görýändigini, şu gije ýarymdan agansoň Sarahsa göçüljekdigini habar berdi. Henizem ukudan açylybilmän, üstüsine “Balsaýatdanam” aýňalybilmän aýak uçda yranjyrap oturan Baky onuň näme diýjek bolýanyny aňşyrmady. Aňşyrjagam bolmady. Hiç hili soragam bermedi. Diňe dodaklarynyň ysgynsyz gymyldysyndan, içinden bir ýerlerden çykýan güňleç sesiň “hüňňüldisinden” çen tutup, aýaly onuň entegem saz çalýandygyny aňdy. *** Munça bolanyna görä, toýly meseleden gaty bir daşlaşmankak, toý gijesi, toýuň esasy sebäpkäri Çöliniň başyndan geçiren ahwalaty barada hem bäş-üç agyz aýtmagymyz gerek. Salyr türkmenleriniň özboluşly bir däbi bar, ýagny, toý agşamy deň-duşlary üýşüp gyzyň ýanyna salanlaryndan soň köp wagt geçmänkä, öýlenýän ýigit entegem daşarda garaşyp duran dostlaryna, ganly pamyk görkezmeli. Ol oglanlaram ony ululara hususanda aýallara eltip bermeli. Garaz, şol gyzyň hakykatdan-da gyzlykly gelendigine tutuş oba gözi bilen görmeli. Eger “abat” çykmasa, onda gyz şol gijäniň özünde yzyna ugradylýar. Emma käbir ýagdaýlarda şol işiň oglan sebäpli gijikdirilýän gezeklerem bolýar. Şolar ýalyda oglanyň hossarlary gaty oňaýsyz ýagdaýa düşýärler. Eýläk-beýläk urunýarlar, “dogalanandyr, baglandyrlar, diýşip, gyssagara molla gözleşip başlaýarlar. Käbirlerine “baglanan” ýigidi şol gije açmak başardýan bolsa, käbirleriniň tas bir aýa çenli diýen ýaly baglylygyna gezýän halatlaram, hatda öz-özünden namys edip, il- günden utanyp janyna kast edýän pursatlaram bolýar. Çöliniňkem edil soňkylaryňky ýaly bolmasa-da, garaz, garyndaşlaryna iş-ä boldy. Ilk-ä ilkagşam palaw çekilşik bolanda özüne palaw berilmändigini aýdyp, gyzyň ýanyna girmekden boýun towlady. “Kim palaw iýen bolsa şol giribersin” diýip, “hoňňul-hoňňul” etdi. Soňam zandy gowşaklygyndanmy ýa şeýle owadan gyzdan sussy basyldymy, garaz eýdip-beýdip ýanyna salanlaryndan soňam ganly pamygy wagty bilen deň-duşlaryna çykaryp berip bilmedi. Ýogsam Janguly dagy oňa, öňünden ähli zady düşündirdilerem. Düşünendigini ýa düşünmändigini gaýtalap-gaýtalap soradylaram. Emma o zatlar barybir peýda bermedi. Arasynda Janguly oňa gyjalat berip erbet zatlaram aýtdy. Barybir bolmady. Peýda bermedi. Hä diýmän ulularam sorag-ideg edip başladylar. Netije-de ýagdaý baryp Allamyrat goturyň özüne çenli ýetdi. Onuň: “Hany şol oglanňy... keýini maňa bir görkeziň” diýip, arlaýan sesi gelinli öýüň golaýyndan çykyp ugrandanam dogan-garyndaşlary öňünden ylgaşyp çykdylar-da, ony tutaklap diýen ýaly alyp gitdiler. “Alla kaka gaýgy etme, gorkuly zat ýok, aňyrsy düzüw...” diýşip, köşeşdirdiler. Doga üçin derhal molla Ýegenmyrat bilen Eýeberdi ahunyň yzyndan adam iberdiler, gaýrat etsinler-de, gelip açyp bersinler, baglanypdyr” diýdiler. Emma olaryň ikisem eýýäm kelte göçe goşulyp Sarahsa giden ekenler. Bagşyda, Teke han dagynyň ýanynda oturansoň Abyt işana aýtmaga bolsa çekindiler. Kimdir biri: “Aý, ol-a aýdaýanyňda-da bu zatlara goşulmaz” diýdi. Şondan soň birini bir ýyndam ata mündürip Mätjumanyň ogly Orazmyradyň yzyndan iberdiler. Şondan gelen dogany tärimden uzadanlaryndan soň ýegen ugurlary ellerini owkalaşyp oturyşlaryna: –Alla jan, Çöli daýymyňky şu gezek bir bolubilsedir... – diýşip, yzly-zyyna, gezek-gezegine gaýtalaşdylar oturdylar. Muny çybygy at edip, toýhananyň o çetinden bu çetine, bu çetinden o çetine okkesirme geçýän çagalaram eşitdiler-de, bagşy diňläp oturan märekäniň gapdalyndan geçselerem, tamdyra nan ýapyp oturan aýallaryň deňinden ýa gaýnap duran gazanlaryň başyndan eli susakly aşpezleriň duşundan ötselerem: “Alla jan, Çöli daýymyňky şu gezek bir bolubilsedir” diýşip, şol bir eşiden sözlerini gaýtaladylar ýördüler. Şeýlelik bilen, dogan-garyndaşlary hernäçe bukjak bolsalaram, şol oňaýsyz waka hemmelere aýan boldy. Doga täsir etdimi ýa Hudaý bigünä çagajyklaryň dilegini kabul etdimi, Çöliniňki şondan soň hakykatdanam “boldy”. Gyzyň päkligine hemmeler ynandy. Şondan soň Janguly Çölini tärimiň agzyna çagyryp: –Nahili ekeni?.. Çöli lagar düşen düýe ýaly “wagyr-wugur” etdi. – Aý, ajykdyzýa-laý... Janguly turşan ýüzüni gamaşdyryp bir gyra sowdy. Janyýangynly gepledi. –Şu ikiortada-da damagnyň aladasy-ow, gadyr bilmez anaň ...keýniň çagasynyň... – Soň ol dişini gyjap, otlukly nazaryny gelinli öýe tarap dikdi. – Kime heleý bolandyryn öýdüp gyzyl-çog bolup otursyň, ondan-a git-de uçguryňa boglup öl... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |