07:07 Salyr soñy Sarahs -17: Nazarly mergen | |
NAZARLY MERGEN
Taryhy proza
Onuň mesgeni Zurabatdanam, Garadepedenem has ilerräkde, pars obalaryna golaý, awlagly jülgeleriň arasyndaky belent, howaly ýerde, uly ýoluň ugrunda ýerleşýär. Maşgalasy uly däl. Iki ogly bir gyzy bar. Ulusynyň ady Arslan. Ol eýýäm ýigit çykan. Bu gün-erte öýlendiribermelem. Asla Nazarly mergen şonuň aladasynda gezibem ýör. Garadepede oturan daşgynrak garyndaşlarynyň biriniňkä gyz sorap gudaçylyga-da bardy. Hoş sözem aldy. Basym toýuň sähedem bellenjek. Nazarly mergen toýuň başyny Garadepede, öz obadaşlarynyň arasynda tutup, pars goňşularynyň hatyrasyna yzyny şu oturan ýerinde dowam etdirmekçi. Ýöne, her zat nesibä bagly. Duýdansyz ýüze çykan göç meselesi zerarly ol indi toýy megerem, Sarahsda sowmaly bolaýsa gerek. Emma ol entek o zatlardan bihabar. Nazarly mergeniň ikinji ogly Nury ýaňy bir on-onki ýaşlarynda. Olaryň ikisem dogumly. Işeňňir. Aw-şikär tärlerini gowy bilýärler. Tüpeň atmaga ökde. Kakalary ýaly mergen. Özbaşdak gidip aw awlap geläýdiklerem bolaýýar. Mergeniň gyzy Nopar ýaňy bir on dördüni dolduryp, on bäşine giden, görmegeý gyz. Ejesi bolmansoň öýüň ähli hysyrdysy şonuň boýnunda. Üç erkegiň naharyny bişirýänem, eşiklerini ýuwýanam, içerini-daşaryny syryp-süpürýänem şol. Şonuň üçinem, agasy Arslanyň basymrak öýlenmegini hemmeden beter höwes edýän şol. Nazarly mergeniň aýaly Ogultuwak mundan üç ýyl öň, Marydan göçülip gelnen döwürleri ýylan çakyp ýogaldy. Mergen ony öz arabasy bilen Garadepä äkidip, oba mazarystançylygynda jaýlady. Aşyny-suwunam şol ýerde berdi. Ýöne, bu ýere gelensoňam ýan ýoldaşynyň hatyrasyna uly sadaka berdi. Oňa şu töwerekdäki pars obalarynyň ähli ýaşaýjylary diýen ýaly gatnaşdylar. Daşy berkitme galaly, içinden durnanyň gözi ýaly dury hem süýji suw akyp geçýän “Çeşmeli” obasynyň adamlary şol alada-da mergene has hem golaý durdylar. Iň gowy gatnaşýan adamlary hökmünde gelene-gidene dik durup hyzmat etdiler. Şol obanyň kethudasy mergen bilen saçakly gatnaşyp ýören Seýdylla hanyň hut özi märekä beýemçelik etdi. Özünden kän kiçidigine garamazdan, Seýdylla han Nazarly mergeni gowy görýär, edil deň-duşy deý sylaýar, üstünden ýoly düşse sowulman, saglyk-amanlyk soraşman geçenok. Käte nökerleri bilen awa çykan wagty Nazarly mergeniňkide düşleýän, hatda ýatyp gidýän wagtlaram bolaýýar. Nazarlynyň özem “Çeşmelä” barsa onuň bilen salamlaşman gaýdanok. Mergeniň hojalyk ýagdaýam gowy. Mally, harjyly adam. Aw onuň üçin düşewüntli kär. Ol oňa hem iýmit, hem geýmiş bolýar. Awlan haýwanlarynyň etini, derisini, hatda buýnuzlaryna çenli äkidip golaýdaky pars obalarynda ýa-ha satýar, ýa-da hojalygy üçin gerek zatlaryna çalyşýar. Käte Maşada, Tährana aşaýdygam bolaýýar. Ýaş babatda alanyňda-da ol entek-entekler özüni elden berer ýaly däl. Güýç-kuwwaty ýerinde. Bolaýsa kyrk, kyrk bäş ýaşlarynda. Islese oňa türkmen obalaryndanam, pars obalaryndanam ýan ýoldaşlyk maşgala tapylman durjak däl, ýöne onuň barybir öýlenmek niýeti ýok. Çünki, Ogultuwaga bolan söýgüsiniň öwezini hiý bir maşgalanyň dolup bilmejekdigine ol örän gowy düşünýär. Ol ony külli salyryň içinden saýlap alypdy. Ýeke bir görk-görmegi däl, eýsem edep-ekramy, gepi-sözi oturşy-turşam Nazarlynyň göwün islegine laýyk gelýärdi. Äriniň ýüzüne gaňrylyp bakmaýardy, awdan ýadap gelende gaşyny çytmaýardy, içerisini daşarysyny, üsti-başyny gap-çanaklaryny hapa saklamaýardy, öýde et porsatmaýardy. Olaryň toý tutan wagtlary salyrlaryň birinji gezek Zurabatda oturyp giden döwürlerine gabat gelýär. Nazarly şol wagt ýigrimi ýaşlaryndady we Garadepede ata-enesi bilen bile ýaşaýardy. Öýlenenden soň türkmen däbine görä üç ogluň ulusy hökmünde ata-enesi onuň öýüni başgaladylar. Ine, şondan soňam aw bilen ymykly gyzyklanmak üçin, Naazarly mergen Garadepeden gaýtdy we şu ýerde mesgen tutdy. Arasynda Mara gidişlik bolanda, uly il bilen bir hatarda ol hem gitmeli boldy. Ýöne şol ýerde-de ol köp wagtyny Badhyz belentliklerinde aw yzynda geçirdi. Şol hünäre ömrüni baglady. Çarwaçylyk, daýhançylyk gören adam däl. Çagalaram şeýle. Parslar bilen goňşy oturansoň ol soňabaka parsça geplemänem öwrendi. Çagalaryna-da “Haýsy halkyň arasynda ýaşasaň, öňi bilen onuň dilini öwrenmelidir” diýdi. Olaram oňa iki aýtdyrmadylar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Nazarly mergen gyzy Noparyň adynam pars aşnalarynyň hormatyna, pars diline ýanap goýdy. Ýagny, Nopar – “now” hem-de “bar” diýen parsy sözlerden ybarat bolup, “täze miwe” diýen manyny aňladýar. Ol sözüň käte “Now bahar” “täze bahar” görnüşinde düşündirilýän wagtlaram bolýar. Haýsy hem bolsa şol söz şondan soň Nazarly mergeniň üsti bilen, ýagşy başlangyç hökmünde ähli salyrlara geçdi we olar şu günki güne çenli egerde gyz bolsa ilkinji çagalarynyň adyna “nopar”, ogul bolsa “akmyrat” goýup gelýärler. Terbiýe-ahlak, hüý-häsiýet babatda hem Nazarly mergen gaty üýtgeşik adam. Daşyndan göreniňde tutuk, geplemezek, ýöne, ýüzünden nur dökülip dur. Mähirli. “Ha-ha-haýlap” gülenini gören adam ýok. Gatam gürlänok. Umuman duýgylaryny içinde saklamaklygy başarýan adam. Çagalaryna gezek gelende-de şonuň ýaly. Ol hatda olary ogşanda-da özlerine bildirmän, uklap ýatan wagtlary ogşaýar. Onuň pelsepesi şeýle: “Çaga ata-enesiniň özüni gowy görýändigini duýmalydyr, ýöne, bilmeli däldir. Ata-ene öz çagalaryny gowy görmelidir, ýöne bildirmeli däldir”. Umuman, durmuşdaky ähli zatlar babatda onuň öz ýörelgesi, pikiri, paýhasy bar. Şoňa görä, ulalandan soň onuň oglanlaram özi ýaly gepi-sözi ýerinde, edil uly adam ýaly agras eserdeň bolup ýetişýärler. Gyzynyň edebi barada hem diňe gowy sözler aýtmak mümkin. Nazarly mergen onuň hem atasy, hem enesi. Nopary göreniňde gadymy oguz gyzlary, düýp terbiýe ýadyňa düşýär. Nazarly mergen dag içinde ýeke otursa-da, obasyndanam, obadaşlaryndanam arasyny üzenok. Gatnaşygyny kesenok. At tezegini guratman gidip-gelip dur. Awuny ýeke bir pars obalaryna däl, öz obalaryna hem äkidýär. Umuman türkmenlerem, parslaram, ony goňşy oturan iki halkyň arasyndaky köpri hasap edýärdiler. “Pulhatyna” deňeýärdiler. Ilçi, wekil hökmünde garaýarlar. Ara sähelçe gep-gürrüň düşjek bolsa-da iki tarapam öňi bilen şoňa ýüz tutýar. Han-beglerem ony edil öz biri-birleri hökmünde sylaýarlar. *** Ýagşu-ýaman her zadyň soňy gelýär, diýleni. Şeýle rahat hem asuda ýaşap ýören Nazarly mergeniňem güni bulaşyp başlady. ...Bir gün ikindinaralar onuň dag daşlaryndan salnan pessejik iki otagly külbejiginiň gapysynda çynmy, ýalanmy, belli däl, özüni Hasan diýip tanadan atsyz-ýaragsyz, daşyndan diýseň pukara hem hor görünýän, bäbenekleriniň hanasy çuň, gözleri gamaşyp duran derwişpisint bir adam peýda boldy. Halymsyrap durşuna ýarym parsy, ýarym türki dilde gürledi. – Men ötermen, iýer-içer ýaly zat berseňiz, töwür galdyryp ýoluma gitjek. Oturan ýeri ýolugry bolansoň, Nazarly mergeniňkä sowlup, aýak üstünden tomus bolsa bir okara suw içip, gyş bolsa ojak başynda ýylnyp, juda ýadaw bolsalar bir gije myhman bolup gidýänlerem bolman duranokdy. Pars bolsun, türkmen, kürt ýa azeri bolsun, tapawudy ýok, Nazarly mergen olaryň hemmesinem höwes bilen kabulam ederdi, ugradybam goýbererdi. Bu geleniň welin daşky sypatyna garamazdan tüýsi bozuk, ýüzi-gözi sowuk göründi. Ol hatda Nazarly mergeniň: “Nireden gelip nirä barýaň? Aslyň nireden? Kimlerden? Haýsy galadan?” diýen soraglaryna hem belli bir jogap berip milmedi. Iň bärkisi töwerekdäki galalaryň, şol galalardaky ady belli adamlaryň atlarynam aýdyp bilmedi. Şol bir sözüni gaýtalap, “haňk-huňk” etdi durdy. Pars dilinde suwara gepläp durandygyna garamazdan, Nazarly mergeniň käbir sözlerine düşünmediksirän boldy. Birsyhly ýüzüni sypajaklatdy. Daş-töweregine garanjaklady. Özüne berlen soraglara dogry jogap beribilmändigine garamazdan, maý tapdygy osmakladyp, ony-muny sorady. Her niçik hem bolsa Nazarly mergen öz edähedini bozmady. Birden, müňkürlik edip günä galaýmaýyn, diýdi-de, ony işikdäki sypanyň üstünde oturdyp çörek berdi. Gapdaly bilen gowurdak, täzeje saglan süýt, gatyk goýdy. Hasan ilk-ä haýal iýdi. Soňam söz berşi ýaly töwür galdyrdy. Ýöne gidibermedi. Töweregine ýaltaklap oýkanjyrady oturdy. Aşaklyk bilen mergeniň çagalaryny synlady. Nopary dagy gözleri bilen iýäýjek boldy. Muňa Nazarly mergeniň özündenem beter ogullarynyň gahary geldi. Esasanam uly ogly Arslan kejigip başlady. Ol kakasynyň ýanyna bardy-da, agzyny gulagyna golaýladyp: – Kaka, gel günä galýanam bolsak şuny irgözinden kowaly-da dynaly-la... – diýdi. Nazarly mergen welin şonda-da giňlige saldy. – Elbetde, biçäre däldig-ä belli, ýöne, nämede bolsa bir gezeklikçe myhmançylyk hatyrasyny saklaly – diýdi. – Galanynam görübiris, belki gaýdyp aýak sekmäýedi-dä... Eýtdi, beýtdi Nazarly mergeniň adamkärçilikginden peýdalanyp Hasan şol gezek ýatyp gitdi. Ýöne uzak gitmedi. Üç-dört günden soň ýene-de geldi. Özem düýbünden başga adam bolup geldi. Üsti-başy gurat. Gepi-sözi hökümli. Atly, ýaragly. Düýnjügem çorbasy akyp, çylpyklap duran gözleri indi ýanyp dur. Nazarly mergen ilk-ä ony tanamajak boldy, atdan düşüp ýanyna gelenden soň welin takyk jogap sorady. – Sen, ýigit, rastyňy aýt, kim bolarsyň? Bu daglaryň içinde näme işläp ýörsüň. Gaçgakmyň? Garakçymyň? Ýa gandar bolup iliňden çykdyňmy? Ar-namysa galyp, kasas ýoluna düşdüňmi? Aýt! Aýtsaň gowy görerin, ýagdaýyňa düşünerin, elimden gelse kömek ederin, aýtmasaň gaty görerin, gümana giderin, çünki, men kime duz-çörek, törümden ýatara ýer berýänimi bilmeli. Hasan atynyň jylawyndan tutup durşuna sowuklaç ýylgyrdy. – Men ötegçi. – Sen öňki gezegem şeý diýdiň. Emma ötüp gitmediň, ine, ýene-de geldiň... – Men seniň dostuň. – Dogrusyny aýtmaýan adam meniň dostum däldir. – Dogrymy aýtsam dost bolarmyň? – Dogryň aňyrsynda gowulyk ýatan bolsa bolaryn. – Onda bilip goý, şundan şeýläk şu jelagaýyň hojaýyny mendirin. – Hojaýynlyga ýaman basym ýetişipsiň-le, düýn-öňňünem-ä... – Alla berse bir günde-de boluberýän ekeni, mergen aga... – Diýmek onda öz günüňi özüň görerçe bolupsyň-da? – Şeý diýseňem boljak. – Onda gaýdyber. Meň gapymy bolsa ömürlik unut. Hasan şol bir it ýylgyryşy bilen yzyna öwrüldi. Atyna mündi. Mergeniň üstüne abanyp durşuna dişinden syzdyryp gepledi. – Ýalňyşdyň, mergen aga, gaty ýalňyşdyň. Meni kowmaly däldiň. Dost bolmalydyň. Dost bolan bolsaň rahat ýaşardyň. Hälem bolsa meň ýaňky aýdan sözlerim hakda pikir et, şu töweregiň awlagam, awam, awçylaram maňa degişlidir. Ol gidenden soň Nazarly mergeniň ýadyna üç-dört gün bäri ýolda-yzda duşýan tanyş-bilişlerinden eşiden gürrüňleri düşdi. Olar täzeden bäri oba arasynda, öri meýdanlarynda ogurlygyň köpelendigi, birnäçe öýlerden bolsa hatda ýatakda duran atlaryň alnyp gidilendigi barada howsalaly gürrüňler aýdýardylar. Köpden bäri beýle zatlaryň bolmaýandygy, Seýdylla hanyňam telim ýola Maşada gidip gelendigini, birnäçe gezek bolsa özüniň şol ýere çagyrylandygyny, şu mesele bilen Tähranda oturan jenaplaryňam yzygiderli gyzyklanyp durandyklaryny howsala bilen habar berýärdiler. Nazarly mergeniň çagalarynam alyp iň bolmanda wagtlaýynça obalaryň birine siňmegini maslahat berýärdiler. Hasanyňam şol gürrüňi edilýän ogrulara dahyllydygyna Nazarly mergen dogrusy birbada ynanmajak boldy. Ynanandan soňam ol barada gürrüňleşmek üçin “Çeşmelä”, Seýdylla hanyň ýanyna gitmekligi ýüregine düwdi. Ertir ugraýyn diýip oturan gijesem garaňkylygyň içinden ilk-ä at aýaklarynyň “dükürdisi” soňam Hasanyň sesi eşidildi. Hä diýmänem üç-dört sany atly gapa gelip saklandy. Hasan Nazarly mergenden özleriniň öýe goýberilmegini, aş-suw berilmegini sorady. Nazarly mergen onuň aýdýanlaryna ünsem bermedi-de, at üstünde oturan ýigitlere ýüzlendi. – Byradarlar! Hasana-ha öň aýtdym, ine, size-de aýdýan. Men sizden bir döwüm nanymy ýa bir okara çalymy gysganamok. Ýatyp gideniňizem ýokuş göremok. Ýöne, siz kim? Maňa ine, şony aýdyň!.. – Biz siziň bilen dost boljak mergen aga – diýip, ýigitleriň biri seslendi. – Ýadap gelen wagtymyz ýatara ýer berseňiz, naharlasaňyz, oba arasyndaky täzelikleri, gep-gürrüňleri ýetirip dursaňyz bize başga zat gerek-gä. Nazarly mergen pert-pert gepledi. – Men ters däl-de, dürs ýolda gezýänleriň dostudyryn. Çagalarymam şeýledir. Şol wagt bir iş bilen Noparam daş çykdy. Derrewem yzyna girdi. Mergene dostluk teklip eden ýigit ony çalaja hem bolsa saýgarmaga ýetişdi. – Gowy çagalary bar, diýip, bizem eşitdik. Hasan aýtdy. Şu ýerde bir mergen bar, gowy adam, çagalary özündenem gowy diýdi. Şoň üçinem geldik. Iň bolmanda şu gezeklikçe bir bizi myhman al. – Men aýtjagymy aýtdym – diýende Nazarly Mergeniň sesi çalarak sandyrady. – Bir zady köp gaýtalaşyp durmagyň bolsa mazasy ýok. Gowusy daglara gidiň, gaýalara siňiň, ýöne... – Nazalry mergen öňküsindenem has saldamly gepledi – ... Ýöne, daglaram diňe mertlere hossar çykýandyr, namarda ogra-jümrä, ejize ganyma goýnundan ýer berýän däldir. Çöl, gyr, suwam şeýledir. Çünki, dagda Dolaýman, suwda Süleýman bardyr. Çölde Hydyr gezýändir. Eýesiz meýdan, soragsyz iş ýokdur. Päli bozuga ne arşda, ne kürsde orun ýokdur. Şonuň üçinem, men sizi öýe-de çagyrman. Çagyrylmadyk myhmanlar tä, Nazarly mergen gepläp bolýança seslerini çykarman, eýeriň üstünde oýkanjyraşdylar oturdylar. Onuň aýdýanlary bilen ylalaşmaýandyklaryny aňlatmak üçin birsyhly başlaryny ýaýkaşdylar, ýakymsyz ýylgyryşdylar, biri-birlerine syrly hem soragly seredişdiler. Arasynda Hasan ýaragyna ýapyşjak boldy, emma mergeniň iki oglunyňam supadan aýaklaryny sallap, aw tüpeňlerini gujaklap oturyşlaryny garaňkylygam bolsa aňşyrdy-da, elini yzyna çekdi. Göwnüne bolmasa açyk gapydan görünýän öçügsi çyranyň ýagtysyna çala sudury saýgardýan Noparyňam elinde tüpeň bar ýaly göründi. Şondan soň Hasan hyrçyny dişläp başyny ýaýkady-da, ur-tut atynyň başyny gelen ugruna bakan öwürmek bilen boldy. Beýlekilerem sessiz-üýnsiz onuň yzyna düşdüler. Özleri gerişden aşyp, ýaňy dogup gelýän aýyň ullakan, gyzgylt hem gorkunç keşbiniň içine siňip, at toýnaklarynyň dag daşlaryna degip edýän “tak-tuk” seslerem doly ýitip gidenden soň Nazarly mergen uludan demini aldy-da, oglanlarynyň ýanyna bardy. Şübheli adamlaryň gidendiklerini aňyp Noparam öýden çykdy. – Şun-a oňardyň, kaka – diýip, Arslan kesgitli gürledi. – Başda şeýden bolsaň-a hasam gowy bordy. – Her zadyň öz wagty bardyr, oglum. Eşidişime görä olaryň gözlegi-hä, güýçlümişin welin... Şonda-da... Bu barada men ertir Seýdylla han bilen gürleşip geleýin – Ol nazarymy duýmasyn, diýýän ýaly, aşaklyk bilen gyzynyň ýüzüne seretdi. – Çakym-çak bolsa indi olar bizi bu ýerde ynjaltmazlar. – Mergen uludan demini aldy.– Bize-de oba göçmäge wagt bolaýdy öýdýän. Çagalarynyň hiç birinden ses çykmady. Bu olaryň üçüsiniňem kakalary bilen ylalaşýandyklarynyň alamatydy. ...Alynmadyk myhmanlar gaýdyp geläýjek ýaly Nazarly mergen uzynly gijäni çirim etmän geçirdi. Ertesi irden çagalaryna ýol şaýyny tutup oturmaklarny tabşyrdy-da, özi hem-ä tanyş-bilişleri bilen algy-bergilerini hasaplaşmak, hemem hoşlaşmak, şeýle-de aýak üstünden Seýdylla hany görüp gaýtmak üçin iň gowy atlarynyň birini münüp, ýaragyny dakynyp pars obalaryna tarap ugrady. Obalaryň golaýrakda oturanlaram, ep-esli daşlykda ýerleşenlerem bar. Ýöne dag ýeri bolansoň, iň golaý oba çenlem öwrümli ýollar bilen kä jülgä inip, kä kert gaýalaryň gyrasy bilen ýokary çykyp, kötel ýollardan geçmeli. Üstesine ýol ugrunda her daşyň ýa öwrümiň aňyrsyndan düýnkiler “zompa” çykaga-da, öňüni gabaýjak ýalam bolup dur. Şonuň üçinem, Nazarly mergen tüpeňine ok sürüp, elinde häzirläp barýar. Hüşgärligi elden berenok. Ýöne, ol özündenem beter öýde galan çagalaryny gaýgy edýär. Ýeke goýup gaýdandygyna ökünýär. “Wah, oňarmandyryn” diýip, pyşyyrdaýar. “Näme, hemmesini yzyňa tirkäp gaýdyberjekmidiň, ýa olar entegem çagamy” diýip, arasynda öz-özüne göwünligem berýär. Ine-de ol ilkinji pars obasynyň depesinden indi. Aragatnaşyk edýän adamlarynyň öýüne baryp salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Tanyşlary onuň harytsyz gelendigini görüp geň galdylar. Kimde bergisi bar bolsa berip, algysyny soraman, ur-tut ugrajak bolşuny hasam geňlediler. Sebäbini soradylar. Göçmekçi bolýanyny eşidip gynandylar. “Olar ýaly bolsa aýtmaly ahyry diýşip, ýerli-ýerden bergilerini bermäge başladylar. Indiki gezek geleninde hasaplaşaryn diýip, arkaýynlyga salyp duranlaram goňşy-golamlaryndan karz alyp, doly hasaplaşdylar. Umuman onuň geçirimliliginden, aljyraňňylygyndan peýdalanmaga hyýallanan adam bolmady... Şeýdip, goňşy oturan obalarynyň ählisine aýlanyp çykandan soň, Nazarly mergen “Çeşmelä” tarap ugur aldy. Obalaryň iň daşam şol. Şeýle-de bolsa gün gaty gijikmänkä Nazarly mergen Seýdylla hanyň derwezesiniň agzynda häzir boldy. Kakdy. Hyzmatkär ýigit ylgap geldi-de at tutdy. Han aganyň bir ýere ugramakçy bolup durandygyny aýtdy. Oňa çenlem Seýdylla hanyň haýbatly sesi eşidildi. – Gulam! Dan inja ki hast?1 Nazarly margan, agaýy Seýdylla! Biýa ýid2! Han hakykatdan-da dört-bäş sany serbaz bilen bir ýana atlanjak bolup duran ekeni. Ol köne dostuny güler ýüz bilen garşylady. Serbazlaryna biraz garaşaýmaklygy tabşyryp myhmany bilen salamlaşdy. Gujaklaşyp görüşdi. Egerde howlukmaç bolmasa işini goýbolsun edip myhman aljakdygyny aýtdy. Gulama mergeniň atyny teblehana eltmekligi, öňüne ot dökmekligi, suwa ýakmaklygy tabşyrdy. Nazarly mergen garaçyny bilen onuň mürähedinden ýüz öwürdi. – Ýok, ýok! Ýoluňdan galma. Işiňi irikgä etme... Men özümem gyssagly. Onda-da juda gyssagly. Şondan soň ol Seýdylla hana Hasan we onuň ýoldaşlary barada gürrüň berdi. Jelagaýda şeýle şübheli adamlaryň peýda bolanlygyndan habarynyň bardygyny ýa ýokdugyny sorady. – Bar,bar, habarym bar, mergen. Habarym bolansoň ine, nökerlerim bilen atlanjak bolup durun-da. Olar garakçylar. Döwlet derejesindäki jenaýatkärler. Üçüsem golaýda zyndandan gaçypdyrlar. Bäş-on gün biri-birlerinden aýratynlykda ygyp-tozup gezipdirler. Indem birleşipdirler. Özlerini tutupdyrlar. Ogurlyk bilen at, ýarag edinipdirler. Şeýle maglumat bar, ýöne, tapybilemizok. Maşatdan gelibem şu töweregi elek-soňy edip gitdiler. Wagtynda tutulmasalar özleri ýalylary daşlaryna ýygnap köpeläýmeklerem, has howply duşmana, ullakan güýje öwrüläýmeklerem ahmal. – Seýdylla han uludan demini aldy-da ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Wah, egerde şu habaryňy bize başda ýetiren bolsadyň onda biz olary şo wagtlar ele salardyk. Nazarly mergen bar zada özi günäkär ýaly aşak bakdy. – Näbileýin-dä.. Edil beýledirlerem öýtmedim-dä... – Zyýany ýok. Geleniň gowy boldy. Özüm habar edeýin diýip ýördüm. Şolary bir ýüzli edýänçäk sen gitde, çagalaryňy şu ýere getir. Ýeke özüň o ýerde oturmak häzirlikçe seň üçin howply. – Dogry. O hakda men özümem köp pikir etdim. Çagalarym bilenem maslahatlaşdym. Biz ýöne, özümiziňkilere tarap süýşermikäk diýýän. Ymykly. Çünki, çagalaram ýetişdi. Olary ile goşmak gerek. Esasanam... – Düşünýän, mergen, düşünýän. Dogry pikir. Olaryň aladasyny sen etmeseň kim etsin. Ýöne, howluk... Nazarly mergen han bilen dostlarça, doganlarça hoşlaşdy-da, atlanmak bilen boldy. Ýolboýam öýi, çagalary, telim gün bäri at tezegini guratman, gelip-gidip ýören garakçylar barada pikir etdi. Ol diňe öýüne gelip, çagalarynyň aman-esen girip-çykyp ýören diklerini gözi bilen görenden soň köşeşdi. Ýüregi ynjaldy. “Hudaýa şükür” diýip, uludan dem aldy. Öý goşlarynyň aglabasynyň edil aýdyp gidişi ýaly taýýar edilip goýlandygyny görüp begendi. Atyndasn düşüp jylawy öňünden ylgaşlap çykan Nurynyň eline tutdurdy. Ikindiniň kölegesinde “üşäp” duran jürdekden bir jüňňül suw alyp içdi. Azajygyny derläp duran boýnundan guýdy. Kellesinden akytdy. Suw syrygyp onuň öňdenem derläp duran ak köýneginiň arkasyny, döşüni öljüretdi. Oňa çenlem çagalary daşyna üýşdi. – “Ýagydan ýaý boýy” diýipdirler, taýyn bolan bolsaňyz öňümiz-ä gijedir, ýöne, ertir ir bilen göterileliň. Şol wagtam Nazarly mergeniň gözi aşaky jülgäniň içi bilen öz öýüni nazarlap gelýän üç sany atla düşdi. Tanajak bolup göreçlerine zor saldy. Usullyk bilen ýerinden turdy. Arslan bilen Nury ikisi kürsäp içeri girdilerde, hersi öz tüpeňlerini alyp çykdylar. Noparam kakasynyň tüpeňini getirip berdi. Gapa tarap ýaňadandan öwrüldem welin, kakasynyň: – Bular özümiziňkiler ýaly-la – diýen sesini eşidip sakga saklandy. – Ýaraglaryňyzy ýygnaň. – Ol henizem gapyda ýaýdanjyrap duran Nopara tarap gaňryldy. – Al, gyzym, meňkinäm öýe sal. Gelýänler dogrudanam onuň öz obadaşlary deň-duşlarydy. Bir-ä Meňli han, ikinjisi Gumman, üçünjisi bolsa Pataş. Soňky ikisi ölemen awçy. Maryda oturylýan döwürlerem Nazarly mergen bilen Badhyz taraplaryna gidip aw awlardylar. Telim günläp dagda-düzde ýazy ýatýan gezeklerem az bolmaýardy. Özlerem ol döwürler awy tazy bilen awlaýardylar. Bir gezek aw wagty, Pataş we onuň tazysy bilen bagly bolup geçen bir waka ýadyna düşende Nazarly mergen özünden biygtyýar çalaja ýylgyranynam bilmän galdy. ...Şonda ilk-ä uzak wagtlap awçylaryň awy oňmady. Awy oňmadyk awçynyňam keýpi özüňize belli. Biri-birlerine igenişip, hüňürdeşip bolup bilenlerini boldular. Birdenem öňlerinden şahlary burum-burum ullakan dag goçy çykdy. Awçylara gözi düşendenem özüni arkan zyňdy. Bäş awçynyň barysy birden tazysyny boşatdy. Tazylar ýüwrüşip goçuň çykan gaýasyna çykdylar, aňyrsyna geçdiler we ala-goh bolşup entek doly gözden ýitip ýetişmedik göçüň yzyna düşdüler. Kem-kemdenem aralaryny ýygjamlaşdyrdylar. Goç bir kert gaýanyň gyrasyna baryp durdy. Jabjynyşyp gelýän tazylara tarap gaňrylyp seretdi. Birdenem özüni gaýadan dikbaşaşak goýberdi. Ähli tazylar kertiň gyrasyna gelip, kürtdürişip durdular welin, Pataşyň tazysy säginjegem bolmady-da, gelşi ýaly özüni goçuň yzy bilen aşaklygyna zyňdy goýberiberdi. Goç-a endigine görä şahynyň üstüne düşdi-de, birki gezek togalanyp, ýüzüniň ugruna turdy ötägitdi. Tazynyň welin daşdan-daşa degip her tikesi gulagy ýaly boldy. Awçylar aýlanyp-öwrülip gelýänçäler onda dem-düýt galmady. Ýatyr, hereketsiz gözlerini giňden açyp. Esli wagtlap hiç kimden ses çykmady. Ahyram uludan demini aldy-da, ümsümligi Pataşyň özi bozdy. – Häý, jenewer, saňa näme iki paý berilýämi diýsene, iliň tazysy durdumy, senem duruber-dä... Ana, şondan soň her kim bir zada bolşundanam beter ilgezek ýapyşyberse, ölüp-öçüberse: “Pataşyň tazysy ýaly bolup, saňa näme iki paý beriler öýdýäňmi?” diýmek ýoň boldy. Şol söz salyr türkmenleriniň arasynda henizem ýörgünli. ...Nazarly mergen bir wagtlar bolup geçen bu wakany beýnisinden geçirip-geçirmänkä ýolagçylaram gelip ýetdiler. Atdan düşüp mergeniň özi bilenem, çagalary bilenem salamlaşdylar. Hal-ahwal soraşdylar. Supanyň üstünde ornaşdylar. Nury olaryň atlaryny äkidip teblehanadaky öz atlarynyň ýanynda daňdy. Öňlerine ot dökdi, biraz sowaşansoňlar suw görkezdi. Soň gelip supanyň bir gyrasynda oturdy. Nopar myhmanlara hyzmat etmek bilen boldy. Nahar-şoruň ugruna çykdy. – Namaşamyň jyny ýaly bolup bizem biwagtyrak geläýdikmi? – diýip, Pataş dostunyň ýüzüne jüýjerildi. – Ýa-a-a, i-i... Gaýtam gowy boldy geleniňiz. Begendirdiňiz. Şeýle kyn pursatda, aljyrap otyrkalar tussumandan gelendikleri üçin ýeke bir mergeniň özi däl, çagalaram hakykatdan-da begendiler. Şondan soň Nazarly mergen olara soňky günleriň wakalary, garakçylar, Seýdylla hanyň olar baradaky aýdanlaryny, şol zatlar sebäplem özleriniň göç üstünde oturandyklaryny, özüne gaty bir mahsus bolmadyk açyklyk bilen gürrüň berdi. – Munuň gabat geläýşini diýsene – diýip, Meňli han sag eliniň aýasyny çat maňlaýynda oturan Nazarly mergeniň çep egnine goýdy. – Bizem hut şo mesele bilen geldik seň ýanyňa. – O nahili? – Häzir ýeke sen däl, uly il göç üstünde. Senem indi Garadepä däl-de, Sarahsa göçmeli. Meňli han soňky döwrüň syýasy wakalary, göçüň ähli şertleri barada jikme-jik gürrüň berdi. Ertir agşam iki ýerde-de uly toý tutuljakdygyny, şonuň dabarasyna duwlanyp, şol gije kelte göçüň ugradyljakdygyny, uly göçüň bolsa birigün agşam ýarym gijelerden soň ýola düşjekdigini, özüniňem ertirden gijä galman barmalydygyny aýtdy. Başga-da kän zatlaryň başy agyrdyldy. Ertiriň özünde Garadepede duşuşmagy wadalaşybam hoşlaşdylar. Göç-gon, toý bilen baglanyşykly aladalarynyň başyndan agdykdygyny bahanalap, Meňli han Nazarly mergeniň ýatyp, ertir irden bile gidibermek baradaky teklibinden çürt-kesik ýüz öwürdi. *** Öňdenem taýýarlyk görendiklerine garamazdan, Nazarly mergeniň özem, çagalaram uzynly gijäni hysyrdanyp geçirdiler. “Türkmeniň goşuny alybam bolmaz, zyňybam...” diýişleri ýaly, bir zady alsaň bir zadyň galyp barýan ýaly. “Şüý-ä gerek bolmaz” diýip, zyňýaňam welin, ýene-de eglip alaýasyň gelip dur. Garaz, bir araba, iki at ýükülik goş saýlanyp alyndy. Daň saz berip ugrandanam Nopary araba mündürip, özleriniňem hersi bir ata atlandylar. Ugrap ýetişmänkälerem külbäniň çat maňlaýyndaky ullakan gara seňňeriň başynda, at üstünde oturan Hasanyň gorkunç hem ebeteýsiz göwresi göründi. Ýanynda-da nökerleri. Özünden başga bäş adam. Hemmesem atly, ýaragly. Görnüşleri hyýrsyz. Ümüş-tamyşragam bolsa ýadawdyklary, uzak bir ýerlerden şöwür çekip gelýändikleri bildirýär. Hasanyň sesem özi ýaly ýadaw çykdy. Ol indi öňküleri ýaly sözüniň arasyna türküçe garjagam bolmady. Parsça gürledi. – Mergen aga, ýol bolsun! Nazarly mergen özüni ýitirmedi. Bir ätiýaç eden zady çagalary gorkar öýtdi. “Ýalt” edip ýüzlerine seretdi. Gorky alamatlary görünmänsoň ynjaldy. Şonuň üçinem arassa pars dilinde diýseň parahat gepledi. – Hudaý berse bol bolsun! – Näme, göçýäňizmi? – Nesip bolsa. – Bolubermeli ekeniňiz-dä. – Ol meniň öz işim. – Bize-de dahylly ýeri bar bolaýmasyn? – Saňa näme gerek? Onýança atlylar aşak düşdüler. Göçüň öňüni gabadylar. – Näme gerekdigini aýdanymyzda beribilermiň? Nazarly mergen dözümli gepledi. – Sowul ýoldan!.. – Gaharlanybermäň, mergen aga, ugradaýaly diýip geldik. – Ugradandan ýoldaş bolmaz, çekil bir ýana. Hasan atyny mergeniň üstüne debsilejek boldy. Mergen gamçysyny bulady. Howany dilip geçen inçejik “şuwwulda” ürküp at arkan zyňdy. Atdan agman zordan saklanan Hasan atyň öň aýaklary ýere degenden ýapyryldy-da, eýeriň gaşyndan mäkäm ýapyşdy. – Düýn obalara aýlanyp hasap-hesip geçiripsiň, diýdiler. Belki harjylanansyň? –Nazarly mergen hiç haçanam harjysyzlykdan kösenen däldir. Hasan yzgytsyzlanyp başlady. – Belki onda biziň bilenem hasaplaşarsyň? – Men beren duzum üçin muzd alamok. – Sen bizden almaly däl-de, bermeli. – Meniň saňa bergim ýok. – Ony özüň gowy bilýänsiň. – Hasan sesini gataltdy. Seýdylla hana düýn biz barada näme diýdiň? Nazarly mergen usullyk bilen elini ýükli arabanyň üstündäki ýaraglaryň birine ýetirdi. Arslan bilen Nuram şeýtdi. Noparam oturan ýerinde elini ýüküň aşagyna sokdy. “Şakyrt-şark-şurk” etdirip bir wagtyň özünde dört tüpeňiň gulagy gaýtaryldy. Nazarly mergen Hasandan gözüni aýyrman oturşyna oglanlaryna degişli edip: – Siz atmaň – diýdi-de, özi dik asmana tarap “güwledip” goýberdi. San taýdanam, ýürek, tejribe taýdanam bu çöl gurtlaryndan köp-köp asgyndyklaryna ozaldanam gözleri ýetip duran garakçylar ur-tut atlarynyň başyny öwrüp, bu ýerden daşlaşmak bilen boldular. Özlerem näme üçindir ýaňky gelen ugurlaryna tarap däl-de, ýolagçylaryň gitjek ugurlaryna tarap ýöneldiler. Gara deňňere çykanlaryndan soň Hasanyň sesi ýene-de haýbatly eşidildi. – Bu wagt hasaplaşybilmesegem “Gerdeneýi harda” hasaplaşarys, mergen aga!.. “Gerdeneýi har” ýagny, türkmenleriň aýdyşy ýaly “Eşek geriş” Nazarly mergeniň gitmeli ýolundaky iň bir howply ýer. Iki tarapdanam gelýän ýolagçylar şol gerişden sag-aman geçip bilseler, özlerini barmaly ýerlerine ýetdik hasap edýärler. “Eşek geriş” hanalarynyň raýyşy allaowarralara çenli elesläp gidýän giň hem uzyn jülgäniň, käbir adamlaryň aýtmaklaryna görä bolsa ene saýyň içinde ýerleşýär. Onuň iki tarapy uçut kert bolup, bir ujy gyradaky baýyrlyklara utgaşyp gidýär. Kertiň özem, üstem edil el bilen örülen ýaly gyýak-gyýak gara daşlardan ybarat. Ýoluň iki tarapyny büräp, ýolagçylaryň üstüne abanyp duran şol iki kertiň aşagy ötük. Edil, kyrk gulaçly guýuny ýatyryp goýan ýaly. Ýolam içinden hemişe buz ýaly sowuk şemal öwsüp duran şol garaňky ötügiň içinden geçýär. Ýokarky daşlaryň döşünden syzyp çykýan damjalardan ýaňa ötügiň içi hemişe “şybyljyrap” dur. Ysy agyr. Dymyk. Şeýle-de garaňky. Şonuň üçinem, bäri çetinden girip tä aňry çetine çykýançalar, ýolagçylardan ses-üýn çykmaýar. Her kim “Alla, Alla” bilen gözüni ötügiň o çetinden görünýän aksowult, ýagty deşige dikip, “çygşyldap” barýar. Şol wagt olaryň gulaklaryna hatda münüp ýa idip barýan atlarynyň burunlarynyň “parryldysam” ýakanok. Ondan çykanyňdan soň ýoluň günorta tarapy beýik gaýa. Gaýanyň ýüzi kert. Uçut. Ýöne, şoňa çykylýan ýeke-täk ýoda bar. Oňa başdanaýak emedekläp çykmaly. Düşeniňde oturýeriň bilen süýşenekläp düşmeli. Ulagly çykyp bolanok. Garry-gurty, aýal-ebtat hem çykyp bilenok. Ana, şoňa-da “eşek geriş” diýilýär. Bir üstüne çykyp bilseň saňa daş-töwerekden hiç hili howp ýok. On-ýigrimi adam ýerleşip biljek tekiz meýdanda durup, ýoluň iki tarapdan gelýän ýolagçynam paýhynlap durmaly. Ine, hut şonuň üçinem, Hasan şol ýeriň adyny tutup, Nazarly mergeniň ýüregine howsala saldy. Ýöne, indi oňa başga ýol ýok. Muňa onuň çagalaram düşündiler. Şonuň üçinem üçüsi ýerli-ýerden: – Ugraly, kaka... – diýdiler. Hasanyň haýbatyndan gorkmandyklary üçin Nazarly mergen çagalaryndan köp hoşal boldy. Begendi. Buýsandy. *** Hasan bu gezek ýalan sözlemändir. Nazarly mergene ol hakykatdan-da “Eşek gerişde” garaşýan ekeni. Göçli araba uly ala jygyldy hem şakyrdy bilen ötüge girdem welin Hasanyň: – Duruň! .. – diýen haýbatly sesi eşidildi. – Iki agyz gürrüň bar, mergen aga, onsoň nirä gitrseňiz gidiberiň, ýoluňyz açyk. Göç durdy. Oglanlar ýaraglaryna ýapyşdylar. Tüpeňlerini gezäp daş-töwereklerine garanjaklaşdylar. Emma gözlerine ilen zat bolmady. Nazarly mergeniňem hiç kime gözi düşmedi. Ikinji gezek gaýtalanandan soň ýolagçylar ol sesiň öňden, ötügiň o çetinden gelýändigini aňdylar. Diýmek, olar gerişe münmändirler-de, onuň biline dyrmaşyp, ötügi saklapdyrlar. – Ogullaryňa aýt, mergen aga, ýaraglaryny goşuň üstünde goýsunlar-da, özleri bir gyra çekilsinler. Özüňem şeýt. Düýnki ýygnan pullaryňy, başga-da näme gymmatbahaly zadyň bolsa, olaram goý, gyzyňam, münüp gelýän atlaryňam galsyn şol ýerde. Özüňiz bilen işimiz ýok. Jan dawamyzam ýok. Gidip bilersiňiz. Bir gezek beren duzuň üçin men ony size bagş edýän. Garyndaşlyk açanymyzdan soň hasam gowy gatnaşarys. – Hasan hezil edip güldi. – Aslynda-da salyrlar parslar bilen garyndaş ahyry. Maryda hanlyk süren Baýramaly hanyňam ejesi salyr gyzydy. Adyna Selbi hatyn, kakasyna Şaguly diýerdiler. Baýramaly hanyň özem soň Orazsoltan atly bir salyr gyzyna öýlend-ä... Men bu zatlary düýn bildim. Indi ikimizem... Hasan sözüni tamamlamanka Arslan bilen Nury ikisi iki ýerden sesiň gelýän tarapyna bakan yzly-yzyna ok atdylar. Ses bada-bat ýatdy, ýöne, kelemenläp aşak gaýdan-a bolmady. Gaýtam ol ýerden jogap oklary geldi. Özem bir ýa iki däl. Diýmek, olar köplük bolmaly. Muňa ýolagçylar basym göz ýetirdiler. Çünki, gerşiň bilindäki mähnet-mähnet gara daşyň aňyrsyndanam tüpeň sesleri çykdy. Arabadaky atlaram, aýaklarynyň aşagyndaky atlaram aýylganç-aýylganç kişňeşip çarpaýa galdylar. Eýläk-beýläk towusdylar. Araba “alaşakyrdy” bolup kerte uruldy, “jygyldap” atlar bilen bilelikde, o ýan, bu ýan tigirlendi. Ozaldanam garaňky hem dar ötügiň içini bu ýagdaý hasam gorkunç keşbe saldy. Nazarly mergen ýükli arabany gaýanyň has düýbüne, has garaňkyrak ýerine eltmekligi buýurdy. – Atyşyb-a alan galamyz bolmaz. Bular biziň çak edişimizden köpräk. Özleräm iňňän berk ýerde ornaşypdyrlar. Şoň üçinem, ähli zatlarymyzy arabamyz bilen bilelikde şu ýerde taşlap diňe münüp gelýän atlarymyz bilen yza süýşmegimiz, ötükden çykyp, gerşiň daşyndan aýlanyp geçmegimiz gerek. Şondan soň olar gyssagara atlarynyň toýnaklaryna keçe daňdylar. Noparyň aty araba tirkelgidi, onam çözüp şoňa mündürdiler. Nazarly mergen çagalarynyň yza süýşüp ötükden çykanyny garakçylar görmez ýaly, olara tarap yzly-yzyna ok atdy. Penalady. Üstesine araba goşulan atlaram tebil tapyşyp uly goh turuzdylar. Arabany agdardylar. Özlerem ýykyldylar-da, turjak bolup aýaklaryny kakyşdyrdylar, däbşenekleşdiler, haýkyryşdylar, diňe arabanyň oky ýerinden sypandan soň alagüpürdi bolşup, ýerlerinden turdular, ýöne, barybir goşdan boşap bilmediler. Bu başagaýlykdan peýdalanyp, Nazarly mergeniň özem ötügiň düýbi bilen ýanynlap çagalarynyň giden tarapyna ýöneldi. Hä diýmänem ötükden çykdy, yzlaryndan ýetdi. Belet ýerleri bolansoň ýolsuz ýerden ýol ýasap, kä pese inip, kä beýge çykyp, çagalaryny ýagydan daşlaşdyrdy. “Eşek geriş” tarapdan welin şondan soňam esli wagtlap başly-barat, aljyraňňy sesler eşidildi durdy. Göçegçileriň gaçandyklaryny olar duýdularmy, duýmadylarmy, belli däl, ýöne, häzir duýmadyk bolsalaram entegräkden duýarlar. Duýarlaram, gözlege-de çykarlar. Ýöne, bu eýýäm gaty bir gorkuly däl, çünki, Nazarly mergen çagalary bilen olara açyk meýdanda per bermez. Bir howatyr edýän zady, o-da garakçylaryň sanynyň köpelendigi. Mazaly ara açanlaryndan soň az-kem dynç aldylar-da, toýnaklaryndaky keçelerini aýryp, atlaryna mündiler. Ýüzlerini Garadepä gidýän ýola tarap öwürdiler. Çünki, başgaça gitmek mümkin däl. Yzdan kowgy gelmänsoň Nazarly mergen garakçylaryň ýoly kesmek üçin öňe gidendiklerini çaklady. Bu pikirini ol çagalaryna-da mälim etdi. Olaryň hemmesi bir wagtyň özünde diýen ýaly: “Zyýany ýok, uruşarys” – diýdiler. Bu Nazarly mergeniň ýadaw göwresine gurp berdi. Terslin-oňlyn edilen birnäçe öwrümlerden soň, ýolagçylar ýene-de uly ýola düşdiler. “Eşek geriş” yzda galdy. Garadepe golaýlady. Onuň aňryýanam Zurabat. Şonuň üçinem, garakçylar bäri gaýdaýan bolanlarynda-da bu töwereklerde bulara batyrynyp bilmeseler gerek. Ýöne, bar zat tersine bolup çykdy. Ýol bilen sähelçe ýöredilerem welin iki taraplaryny ýakalap barýan gaty bir belent bolmadyk baýyrlyklaryň üstünden birnäçe gezek tüpeň sesi çykdy. Entek nämäniň-nämedigini aňşyryp ýetişmänkäler Nazarly mergeniň öz-ä aýagyndan, Arslan bolsa çep omurdyndan ýaralandy. Olaryň ikisem bir wagtyň özünde diýen ýaly, atlarynyň boýnundan gujaklaň ýoluň bir gyrasyna guýlunyp düşdüler. Nury atyny debsiläp ýoldan çykdy-da, özüni ýere goýberdi. Süýşenekläp baryp ullakan gara daşy penalady. Noparam şeýtdi. Edil şol wagtam üç-dört sany ok daşa degip: “zyň-ň, zyň-ň” etdirdi-de, allaowarralara tarap çawup gitdi. “Jast-jast” edip, gumak ýola çümýän oklardan ýaňa Nazarly mergen bilen Arslanyň daş-töweregi ýeňiljek tozana gaplandy. Şol tozana duwlanyp olaram togalana-togalana, agdaryla-düňderile Nury bilen Noparyň penalanyp ýatan daşynyň aňyrsyna geçdiler. Atlar öz erklerine galdy. Olaryň üpküp gaçanlaram, “horguryp” eýesiniň daşynda aýlanyp ýörenlerem bar. Ýöne, gaçanlaram gaty bir uzaga gidenoklar. Iki gözlerem eýelerinde. Garakçylar olary atmadylar. Olja bolar öýtdüler. Baýryň üstünde aýaklaryny abşardyp duran Hasan ýoldaşlaryna bir zatlar diýip gygyrdy welin, barysy birden “alawagyrdy” bolşup bukudan çykdylar, garasar sürüsi ýaly bolubam göni, ýolagçylaryň üstüne çozdular. Arslan bilen Nurynyň yzyny üzmän atýan oklary olary birbada säginmäge mejbur edenem bolsa, bütinleý saklap bilmedi. Nazarly mergen eýýämhaçan hereketi haýallan bäbeneklerini agdar-düňder etdirip, örän kynlyk bilen ilk-ä meýdan doňzy dek hiç bir ätiýaçsyz, özlerine tarap düwdenekleşip gelýän garakçylara, soňam çagalaryna tarap seretdi. Görse, Arslanyň ýagdaýy agyr. Özüniňkiçe-de ýok. Atmasynam goýupdyr-da, tüpeňini bir gapdala taşlap, gollarynam giňden serip ýatyr. Gözleri süzük. Hyýalynda henizem atyp ýatandyryn öýdýän bolsa gerek, sag eliniň süýem barmagy mäşe gysýan dek sykylyp-sykylyp gidýär. Nopar bolsa eteginden ýyrtyp alyp onuň ýarasyny daňýar. – Arslanyň tüpeňini al-da, atyp başla, gyzym! Men gowy, meni alada etme! Edil awa gidip ýa-da bular ýaly gandöküşikli urşa gatnaşyp ýören bolmasa-da, meşhur mergeniň gyzydygyna, şeýle hem oturan ýerleriniň şony talap edýändigine görä, erkek doganlary bilen bir hatarda Noparam tüpeň atmany aýagy ýer tutup ugran döwürlerinden bäri öwrenip ýördi. Şonuň üçinem, ol kakasynyň aýdanyny iki gaýtalatmady. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde Arslanyň tüpeňini ýerden göterdi-de, indi has golaýlan garakçylardan atyp başlady. Onuň bu bolşy oňa tarap käte bir gözüniň gyýtagyny aýlap, atyp ýatan mergeni buýsandyrdy. Kem-kemden ysgyny gaçyp barýan ýüreginiň kuwwatyny artdyrdy. Üç ýerden iňňän mergenlik bilen atylýan oklaryň zarbyna garakçylaryň üçüsi bir wagtyň özünde ýer bagyrtlady. Ýene bir ädim ätdikleri özleriniňem şol güne düşjekdikleriniň gümansyzdygyna gözi ýeten garakçylaryň galanlary sakga saklandylar-da, yzlaryna dönmek bilen boldular. Emma, hamala diýersiň tutuş bir lek goşuna baştutanlyk edýän ýaly henizem baýryň üstünde gykylyklap duran Hasan, haýbat atyp olary yza gaýtardy. Tüpeň çenäp, öňe hereket etmeklerini talap etdi. Eýýämhaçan ýarysyndanam, gowragy hatardan çykan garakçylar şondan soň öňküleri ýaly süme-sürç däl-de, käte daşdan-daşa, käte bolsa biri-birlerine bukulyşyp, iňňän seresaplylyk bilen öňe süýşüp başladylar. Olar üznüksiz atýardylar, ok gaýgyrmaýardylar, ýöne, ökdelik bilen atyp bilmeýärdiler. Üstesine Nazarly mergeniň çagalary bilen ýerleşen ýerem berkdi. Penalady. Nyşana almak kyndy. Şonuň üçinem, garakçylaryň atýan oklary sowa geçmeýärdi. Şeýle-de bolsa... ...Goşaryndanam ýaralanmagy bilen, ozalam özüne zordan erk edip ýatan Nazarly mergen tüpeňini ymykly elinden gaçyrdy. Oňa çenlem garakçylar gelip üstlerine howala boldular. Garma-gürmeligiň başlananyny, atyşygyň mazaly sabaşyberenini görüp, Hasanam baýyrdan ylgap düşdi-de, bulara tarap gaýtdy. Gelşi ýalam penjelerini ýaýyp Nopara topuldy. Nopar: “Waý!..” diýip, çirkin gygyrdy, elindäki tüpeňiň nilinden tutup, gundagy bilen Hasanyň tumşugyna suňşurdy. Emma ol çalasynlyk bilen urgudan sowlup ýetişdi we Noparyň goltugyndan tutup, gelen ugruna bakan idirdedip ugrady. Gyz gyssanjyna: –Waý, dogan!.. Waý, kaka!.. Waý, il-gün!.. – diýip, gygyrdy. Iki ýana urundy. Haraý isledi. Emma bu wagt Nazarly mergen bilen Arslan-a agyr halda ýatyrdylar, Nury bolsa ýap-ýaňyja sürnüp gelen garakçylaryň biriniň çenemän atan okundan çalarak ýaradar bolupdy we birazajyk aljyraňňylyga düşüpdi. Nopar bilen tutaklaşyp barýan Hasanyň gözi birdenkä Nazarly mergeniň hem türkmen, hem pars toýlarynda çapylyp, hemişe baýraklar alyp ýören meşhur dor atyna düşdi. Ýoldaşlarynyň birine “üm” bilen şony tutup getirmekligi buýurdy. Getirişleri ýalam böküp üstüne mündi. Gyzam şol at getiren hemşerisiniň kömegi bilen çekip alyp ýüzi aşaklaýyn öňüne kese basdy. Şeýle ýadaw hem ertirden bäri aç-suwsuzdygyna garamazdan, dor at böwrüne debsilenenden ýaýdan sypan ok ýaly süýndi ötägitdi. Nazarly mergen barja güýjüni jemläp tirsegine galdy-da, kiçi ogluna tarap gygyrdy. –A-at!.. gaýrat et oglu-u-m!.. Aýaga, gal-da, daşlaşmankalar a-at!.. – Oglunyň düşünmezlikdenmi, nämemi haýal-ýagallyk edýänini görüp, Nazarly mergen öýkeninden syzdyryp, öňküsindenem has edrenç gygyrdy. – Duşmanyň eline düşenden goý, topraga şam bolsun, a-at... Nury ahyry dillendi. –Atymyzy ataýynmy, kaka-a?.. Nazarly mergeniň gözleri hanasyndan çykaga-da patlap ýere gaçaýarly göründi. Damagyna pyçak goýlan garry göhert ýaly “har-har” etdi. –At gitse geler, namys gitse gelmez, gyzdan a-at!.. Oňa çenli dor atyň öňüne keseleýin basylgy Noparam inçejik goljagazlaryny galgadyp çirkin gygyrdy. –At jigi-im!.. A-at!.. Menden at!.. meni bu janybaşgalara berip goýberme-e!.. Oglunyň entegem ýaýdanýanyny görüp, Nazarly mergen ömründe ilkinji gezek, ulyili bilen möňňürdi. –At diýýän men saňa-a!.. At meni namysa goýma-a!.. A-a-at! Atmasaň kyýamat güni ýüzüňi görmen-n! – Nury uýasynyň gök öýme ýaglykly kellesini nyşana aldy. Mäşäni gysdy. Naçarynyň atdan aganyny görmejek bolup, gözlerini ýumdy. Emma atdan näme üçindir Nopar däl-de, eýeriň üstünde dikgerilip oturan Hasan ellerini kelemenledip gaýtdy. Onsuzam başdakysyna görä bady birneme haýallan at bir gezek öwrüm etdi-de, “hokranyp” yzyna öwrüldi. Nopary ýykmajak bolup, ol haýsy tarapa agsa şol tarapa ýegşerildi. Gyzyň guýlunyp ýere düşmegi bilen o-da durdy. Guýrugyny bulap burnuny “parryldatdy”. “Pat-pat” etdirip tezekledi. Tezeklerden ýukajyk bug göterildi. Nopar ellerine daýanyp ýerinden galdy. Turşy ýalam hossarlaryna tarap ylgady. At hem onuň yzyna düşdi. Iki tirkeş bolup ýykyla-sürşe öňküje gaýdan ýerlerine geldiler. Edil şol wagtam ileriden bir topar serbaz göründi. Olaryň öňüni çekip gelýän ak köýnek-balagyň üstünden ýeňisz gara gursakça geýnen, başy gara baganadan tikilen zömmük telpekli, ala gözli, burunlak, uçlary jaýtarylyp duran ýogyn çal murtly, mele atly daýaw adam – Seýdylla handy. Öňňin ýanyna baranda Nazarly mergene aýdyşy ýaly, ol birnäçe gün bäri Maşatdan, Tährandan iberilen buýruga görä, özüne degişli çäklerden garakçylary gözläp ýördi. Düýnki alnan maglumatlar boýunça ol Hasanyň öz nökerleri bilen “Eşek gerşine” tarap çekilenini çaklapdy we şol habaryň yzyny çalyp gaýdypdy. Nazarly mergeniňem şu gün Garadepä gitmekçidiginden çen tutup, Seýdylla han Hasanyň niýetini aňypdy we gyssanmaç ýola düşüpdi. “Eşek gerşe” gelende ol öz çakynyň çyn bolup çykandygyna düşündi. Çagşap ýatan arabany, dyzap-dyzap halys ysgyndan düşen ýabylary, ötügiň içinde gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan öý goşlaryny görüp haýykdy. “Hern-ä jesed-ä ýok” diýip, uludan demini aldy. – diýmek, ölmändirlerem, ele-de düşmändirler”. Şondan bärem onuň at başyny çekmän gelşi. Wakanyň gidip duran ýerine gelende Hasan-a ýaňy bir Nopary öňüne alyp ugrapdy, nökerlerem atlanyp onuň yzyna düşmekçi bolup durdular. Hasan atdan agansoň olar birbada näme etjeklerini bilmän, asla nämäniň-nämedigine-de, öňden gelýän atlylaryň kim-kimlerdigine-de düşünmän äm-säm bolup durdular. Aljyradylar. Seýdylla hana gözleri düşendenem “gykuwlaşyp” hersi bir ýan dyr-pytrak boldular. Seýdylla han atyny debsiläp bir kiçeňräk alaňyň üstüne çykdy-da: –Beýnetud! Hiç kodam häräkät näkonid!1 – diýip, garakçylaryň gaçyp barýan tarapyna bakyp hökümli gygyrdy. Indiki buýrugy bolsa ol öz serbazlaryna berdi. – Begiridäş! Ýekişirä häm räha näkonid!...2 Atlaram, özlerem demgir gelýän serbazlar ýekeje öwrüm edenlerinde garakçylaryň barysy bir ýere çugdamladylar. Olar indi başdakylary ýaly köp däl, bolaýsalar bäş ýa dört sany. Nazarly mergeniň çagalary olaryň tas ýarysyndanam gowragynyň janlaryny jähenneme iberipdiler. Serbazlar garakçylary atdan düşürip gollarynam arkalaryna bagladylar. Seýdylla han olary iki sany aty-ýaragy gurgun serbazyň öňüne salyp, öz galasyna tarap ugratdy. Hasan ýaraly ekeni, han onam gezek-gez egine göterip alyp gitmekligi garakçylaryň özlerine tabşyrdy. Ol diňe şondan soň Nazarly mergeniň ýatan ýerine geldi. Mergeniň çagalary bilen düşen bu göz-gülban halyny görüp, erbet gynandy. Gözlerine ýaş aýlandy. atdan düşüp mergen bilen Arslanyň ýanlaryna bardy, ýüz-gözlerini sypalaşdyrdy. Az-owlak suw içirdi. Hem agasyny, hem kakasyny gezek-gezegine gujaklap aglap ýören Nopara göwünlik berdi. Birdenem onuň gözi bir gyrada tüpeňini gujaklap oturan, göwresi kiçijik, ak saçly kişä düşdi. Ony tanamansoň Nopardan sorady. –Bu kim? Seýdylla han elbetde, Nazarly mergeniň ähli çagalaryny tanaýardy, ýöne, ýaňy bir on iki ýaşyny dolduran Nurynyň saçy bu wagt edil, ýetmiş ýaşly gojanyňky ýaly duw-ak. Ýüzi bolsa kül sepilen ýaly göm-gök. Gözleriniň nyşanasy nämälim. Ol asla töwerek-daşyndaky bolup geçýän gymyldy-hereketleri görýäne, duýýana meňzänok. Özem, bütin durky bilen ýanar ot. Kelle welin buz ýaly. Şol beýniniň içinde Nopardan atan okunyň nädip sowa geçendigi baradaky sorag örboýuna galyp dur. Çünki, kakasyndan atyş öwreneli bäri atan okunyň sowa geçen ýeri ýok. Häzir bolsa Nopar hon-ha, gözleriniň öňünde gaýmalaklap ýör! Käte gelip ol ony gujaklaýaram, aglaýaram, bir zatlar diýişdirýärem. Ýöne, Nury onuň näme diýýänini aňşaranok, bolup geçen wakany doly göz öňüne getirip bilenok. “Ýa düýşümmikä? Başym çaşdymyka? Gözüme görünýämikä..” diýen ýaly alasarmyk oýlaram ony alarladyp alyp barýar. Egerde oýa bolsam, onda, diýmek kakamyň ynamyny ödäp bilmändirin-dä? Maşgalamyzyň namysyny gorap bilmändirin-dä?...” diýen ýaly pikirler ony otly tagana mündürip, düşnüksiz bir dünýä tarap alyp gidýär. Gulagyna bolsa kakasynyň: “Atmasaň kyýamat güni ýüzüňi görmen...” diýen ýangynly sözleri gelýär... Noparyň: –Bu Nury... – diýip, Seýdylla hanyň soragyna beren jogaby ony çalaragam bolsa özüne getirdi. Ýöne, barybir oý-pikirlerinden aýňalyp bilmedi. Seýdylla han welin, birbada Noparyň aýdan sözüne ynanamady. Arkan gaýşyp, ýüzün gaýdyp, kä ýapyrylyp, kä oturyp ony kän synlady. Ahyram: –Nury-y?.. – diýdi-de, garbap alyp gujagyna gysdy. Ýüzünden-gözünden ogşady. Parsçalap garakçylaryň pederlerine nälet okady. – Wah-wah-wah... Waý-waý-waý.... Oglunyň şeýle ýagdaýa düşenini ýaňy gören Nazalry mergeniň ruhy ahwalyny bolsa ýazyp beýan etmek mümkin däl... *** Seýdylla han serbazlaryň üç sanysyna Nazarly mergeniň “Eşek gerişde” galan arabasyny, goşlaryny, mallaryny alyp gelmekligi we hemmesini Garadepä eltip gaýtmaklygy özleriniň welin eglenmezliklerini tabşyrdy. Garakçylary Eýran hökümetiniň degişli edaralaryna basymrak tabşyrmak üçin, özi derhal ýola düşdi. Ugrajak wagty käte bir özüne gelip-gidip ýatan Nazarly mergeniň üstüne abanyp durşuna: –Hoş gal, byradar... – diýdi. Gözlerinden paýrap dökülen gyzgyn gözýaşlar Nazarly mergeniň gan-gabarçakdan ýaňa tanamaz ýaly bolan ýüzüne damdy. – Razy bol... Dost mähriniň yssysyna bedeni kuwwatlanan, köňli az-kem karar tapan mergen gözüni açyp bilmese-de, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny çalaja gymyldatdy. –Senem razy bol, Seýdylla. Ýagşylykda ýatlaşaly... Ol bu sözleri ölmi däl-de, öňde duran, belki ölümden-de beter agyr aýralygy göz öňüne tutup aýdýardy. Seýdylla han bolsa dosty bilen ajalyň ara düşerinden gorkup razylaşýardy. Han özüni bilmän ýatan Arslan bilenem, Nopardyr – Nury bilenem mähriban ata deý gadyrly hoşlaşdy. Şeýdibem gitdi. Basym serbazlar ýolagçylaryň “Eşek gerişdäki” arabalaryny, goş-golamlaryny, işçi mallaryny alyp geldiler. Nazalry mergen bilen Arslany arabanyň içinde, ýumşajyk düşekçeleriň üstünde ýatyrdylar. Nopar öňküsi ýaly jylawy eline aldy. Nury bolsa arabanyň yzynda, tersine bakyp oturdy. Ol tä gözden ýitýänçä, wakanyň bolan ýerine seretdi oturdy. Serbazlar olary Garadepä çenli ugratdylar. Obadaşlaryna tabşyrybam yzlaryna dolanmak bilen boldular. Hiç-hili üýtgeşik hereket alada aňmadylar. Şol wagt Gün ýaşyp, ýaňy bir iňrik garalyp ugrapdy. Garadepede toý uly şowhun bilen gidip durdy. Gije kelte göç ugradylmalydy. Ýolboýy dymyp gelen Nury welin Garadepä gelenlerinden soňam geplemedi. Soralýan soraglara jogap bermedi. Şo-ol, bir nokada seretdi oturdy. Özem köpçülikden çykyp, bir çet ýere çekiläýenini, pynhan ýerde ýalňyz oturaýanyny kem görmedi. Çünki, emjek çekişen, dar garynda depişen, bir öýde bir ojagyň başynda, bir atanyň, bir enäniň dyzynda oturyp, gujagynda kemala gelen süýtdeş uýajygyndan çenäp atan wagty onuň ýeke bir saçy çalarman, ýüzi könelmän, eýsem dilem tutulypdy. Özi diri galan hem bolsa ýüregi ölüpdi. Ruhy paralanypdy. Şol pursat ajal bilen namys jan dalaşyna giripdi. Şol dalaş henizem gidip otyr. Olaryň haýsynyň ýeňjekdigi bolsa henizem belli däl. Çünki, Nurynyň gerdenine duýdansyz urlan ýük çaga çekerden agyr, ýüregine urlan zarba çaga çekerden çökder. Iň ýamanam ol öz okunyň sowa geçendigine ynanyp bilenok. Kyýamat magşar güni kakasynyň özüne ýüz bermezinden gorkýar. Ol iki oduň arasynda galdy. Otlar bolsa biri-birinden gyzgyn. Hakykatda welin onuň oky sowa geçmändi. Has takygy sowa geçmeli däldi. Ýöne, “Eşek geriş” tarapdan duýdansyz peýda bolan Seýdylla hanyň Nury bilen tas bir wagtyň özünde deýen ýaly atan oky Hasany eýerden agdarypdy we sähelçejik hem bolsa atyň ugruny üýtgedipdi. Şeýdibem, Nopar Allanyň eradasy bilen gyl ýatym beýläk gyşarypdy we öz mähriban jigisiniň atan okunyň öňünden sowlupdy. Nesibe takdyr bilen bir wagtyň özünde hem ölümden, hem bütin maşgalanyň, asyl tutuş taýpanyň, türkmen halkynyň ýüzüni ýere saljak namys belasyndan halas bolupdy. Göräýmäge hemme zat düzüw, ýerbe-ýer ýaly. Ýöne, munuň şeýledigini Nazarly mergenem, Noparam, Nurynyň özem bilenok. Arslanyň-a asylam o zatlardan habary ýok. Seýdylla han bolsa indi hiç haçan olar bilen ýüzbe-ýüz bolmaz, wakanyň şol tarapyny açyp bermez, şeýlelikde, ol syr tä Kyýamat-Magşar gününe çenli syrlygyna galar. Şonda Nury gözleri bilen: “Kaka, men nyşana dogry atdym ahyry” diýer. Nazarly mergen oňa ynanar. Ynanamazlyk etjek bolsa welin, onuň hakykatdan-da şeýledigine Biribaryň özi güwä geçer. Nury diňe şondan soň dil açar. Ýeke bir dili däl, özem açylyşar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |