02:03 Salyr soñy Sarahs -20: Epilog | |
EPILOG
Taryhy proza
Oguz-türkmen taryhynda görnükli yz galdyran salyr türkmenleriniň gürrüňi edilen “atyň depeli” deý ujypsyzja bölegi bolan, sarahsly salyrlar şeýdip, ors hökümetiniň hut öz bähbidi üçin hem bolsa eden şol taryhy hereketiniň netijesinde öz Ata Watanlaryna gowuşdylar. Ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde Orsyýetiň raýatlygyna girdiler. Onuň tertip-düzgünlerini, kada-kanunlaryny döwtalaplyk bilen kabul etdiler. Ony gyşarnyksyz ýerine ýetirmeklige söz berdiler. Beýleki türkmen taýpalarynda bolşy ýaly, salyrlarda hem bir bada öňki hanlar öz hanlyklarynda galdylar. Ors hökümeti olara doly erkinlik berdi. Ýer-suw, öri meýdanlary bölünende hem olara iň gowy, suwarymly we mes toprakly ýerleri berdi. Meňli hanyň ýeke özi Tat ýaba, Teke han bolsa Han ýaba doly suratda eýeçilik etdi. Şeýlelikde, halk diňe şolara bagly bolup galdy. Şolardan artsa-ha ýerlerini suwaryp bilýärdiler, artmasa-da suwaryp bilmeýärdiler. Şol sebäpdenem olaryň köpüsi ýerlerini satmaga mejbur bolýardylar. Netijede Teke hanyň ýeri 700 gektara, Meňli hanyňky bolsa 800 gektara çenli baryp ýetdi. Üstesine olaryň suwaryş ulgamlaryny arassalamak, gazy-haşar, sürüm, suwaryş işlerini geçirmek, ekinlerini ekip bermek hem halkyň boýnuna düşýärdi. Şol işlere gatnaşmadyk daýhan ýeke bir şol ýyl däl, eýsem soňky ýyllarda hem özüniň suw paýyndan mahrum bolýardy. Kynçylykly döwürleri agzybirlikde geçiren halk bilen han-begleriň arasyna şeýdip, agzalaçylyk düşýärdi. Halk muňa gynanýardy, patyşa çinownikleri bolsa o zatlara kanagatlanmak duýgusy bilen garaýardylar. Ýer-suw baýlygyndan başga Teke hanyň şol döwür 5000 goýny, 300 gylýaly, 20 düýesi, Meňli hanyň bolsa 4 000 goýny, 30 düýesi bardy. Sarahsdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, kerwensaraýlaryň hem elli ülüşi şol ikisine degişlidi. Çopanlary bilen bilelikde hasap edeniňde, hersiniň takmynan ýetmişe golaý hyzmatkäri bardy. Umuman, ak patyşanyň agalygy astyndaky döwür olara hoş ýakýardy, hökümleri güýçlüdi, işleri ileridi, söwdalary küşatdy. Ors çinownikleriniň pikiriçe, şol zatlar türkmen han-begleriniň aňynda: “Bu hökümet biziň üstümizden agalyk etjek, erkimizi elimizden aljak bolýana-ha meňzänok” diýen düşünje döretmelidi. Kalplarynda olaryň adalatly, parahatçylykly syýasaty alyp barjakdyklaryna ynam oýarmalydy. Wagtlaýynça hem bolsa özüni Eýrana, Hywa, Buhara garanda kän-kän oňşukly, adalatly hökümet hökmünde görkezmelidi. Özüne imrindirmelidi. Ýerli halky olaryň eli bilen mazaly agyzdyryklamalydy, şeýdibem, ak patyşanyň bu çöl gurtlaryna düýbünden ýat bolan tertip-kadalaryny hut şolaryň öz eli bilen ornaşdyrmalydy, şeýdibem, bolup biläýjek tolgunşyklaryň öňüni almalydy, nirededir bir ýerde Gökdepe urşunyň gaýtalanaýmazlygyny gazanmalydy. Bu bir bada şeýle hem boldy. Garaşylan netijänem berdi. Ýöne, ol uzaga çekmedi. Özüniň hakyky keşbini görkezmek üçin, ors hökümeti haýal-ýagallygam edip durmady. Serhet, ýerli halkyň erk-islegleri babatdaky halkara, hat-petek işlerini birýüzli edip bolandan soň ol desbe-dähel uezd, priswawlyk, arçynlyk diýen ýaly öz döwlet gurluşyna mahsus, çet-çemerlere degişli düzümleri döretdi we şolaryň ählisiniň başynda öz adamlaryny goýdy. Ýerli hanlary bolsa, elbetde, onam hälki bir göz üçin, şolaryň kömekçileri edip belledi. Mysal üçin, Sarahs Tejen uezdine degişli pristawlyk bolup, pristaw naçalnigi-hä patyşa goşunynyň haýsam bolsa bir harby adamsy, Teke han bolsa onuň kömekçisi diýen ýaly bir zat bolup galdy. Netijede beýleki türkmen han-begleri bilen bolşy ýaly, onda hem hiç hili erk-egtyýar galmady. Ähli zady pristaw naçalnikleriniň özleri çözdi. Olar han-beglere hatda sala-da salmaýardylar. Diňe zerurlyk ýüze çykan halatynda olaryň elleri bilen ot gorsaýardylar. Türkmençilik düzgünleri, şerigatyň kada-kanunlary barha we barha yzky orunlara geçýärdi. Ýagdaý soňabaka şeýle bir derejä ýetdi, özüniň tertip-düzgünli döwletiň raýatlygyna, şol düzgün boýunça utsa-utmasa özüniňem islendik adam bilen hatda han-begler bilenem, arzalaşyp biljekdigine, hanlarda bolsa öňki erk-ygtyýarlarynyň galmandygyna, özleriniň boýun egýän kada-kanunlaryna olaryňam hökmany suratda boýun egmelidiklerine gözi ýeten halk, ýer-suw, öri meýdanlary meselesi boýunça öz hanlary bilen dawalaşyp, sudlaşyp başladylar. Şeýle ýagdaý Teke han, Meňli han dagylar bilenem bolup geçdi. Ýöne, ak patyşanyň dikmeleri öz daýanç sütünlerini syndyrmazlyk üçin, barybir halkyň däl-de, han-begleriň arkasyny alýardylar. Arz eden daýhanlary bolsa topalaňçylar, başbozarlar hökmünde tussag edýärdiler. Dürli möhletler bilen bendihanalara salýardylar. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýagdaý düýbünden üýtgedi we indi aýaklary mazaly ýer tutan we ony indi özleri üçin gerek däl hasap eden çinownikleriň hut özleri Teke hany iňlis agentleri bilen aragatnaşyga girip, aşaklyk bilen Ak patyşa garşy iş görýän adam hökmünde aýyplap, hertaraplaýyn ýanap başladylar. Elbetde, ýurtda ymykly ornaşanlaryndan soňam orslaryň iňlislerden beýle ätiýaç edendikleri ýöne ýerden däl. Çünki, serhet meselesinde demlerinden düşen hem bolsalar, olaryň “hor-horlary” welin entek doly ýatmandy. Orslara garşy ýeriň pessi bilen göreş alyp barýandyklaram dogrudy. Baryp-ha Gökdepe urşundanam öň türkmen topragyna öz çawuşlaryny iberip başlan Britan razwedkasy entegem öz matlaplaryndan el çekmeýärdi. Pursaty gutarnykly we hemişelik elden giderendigini duýmaýardy, henizem bolsa orslary ol ýerden kowup, hojaýynçylygy öz eline almaklygyň höwesinden el üzmeýärdi. Bu babatda olar esasanam ýerli halkyň ors hökümetine garşy döräp biläýek nägileliklerine bil baglaýardylar. Mysal üçin, 1884-nji ýylda Maryda we Ýolötende özüni Syýapuş diýip tanadan, ruhany peýda bolupdy, ýerli ruhanylaryň ählisi bilen diýen ýaly ýakyn aragatnaşyga giripdi, orslara garşy din urşuny alyp barmaklaryny ündäpdi. Emma onuň asyl-ha ruhany däldigi, ol ýerde britan razwedkasynyň ýumşy boýunça iş geçirip ýörendigi basym belli bolupdy. 1885-nji ýylyň 26-njy ýanwar güni bolsa Tährandaky iňlis missiýasynyň sekretary Stiwens we iňlisleriň Maşatdaky içalysy Mürze Apbas ýetmiş bäş adamdan ybarat kerwene goşulyp Sarahsa gelipdiler. Stiwens şonda hakykatdan-da salyr ýaşulylary, şol sanda Tek han bilenem duşuşypdy. Şol wagt salyrlaryň Zurabatdan ýaňy bir göçüp gelen döwürleri bolansoň, Tek han entek göz üçinem bolsa öz hanlyk ornunda otyrdy. Şol sebäpden onuň iňlis razwedkasy bilen göwnüne hiç zat getirmän, bir taýpanyň doly ygtyýarly hany hökmünde duşuşmagam, myhman almagam, gepleşik geçirmegem bolup biläýjek zat. Ýöne, aýlawly-öwrümli gepleşikleriň barşynda şol gezek Stiwens barybir Teke handan öz garaşýan jogabyny alyp bilmändi. Türkmen myhmanparazçylygyna hem-de hançylyk düzgünine eýerip, gonaklaryna mynasyp derejede hezzet-hormat edenem bolsa, ähli pikirlerini başdanaýak diňlän hem bolsa, öz gezeginde: “Biz näme ýagşylyk gören bolsak ors hökümetinden gördük. Ol bize kyn günümizde kömek etdi, ýurdumyza göçüp gelmäge ýardam berdi. Biz oňa ýap-ýaňyja, öz islegimiz boýunça raýat bolduk. Kada-kanunlaryny kabul etdik. Şol kanunlary gürrüňsiz ýerine ýetirmeklige söz berdik. Wepaly hyzmat etjekdigimizem aýtdyk. Ant içmesegem äht etdik. Türkmene ähtiýalanlyk ýatdyr, ol ýagşylyga ýamanlyk edýän däldir, şonuň üçinem, biz janymyzdan geçeris, ýöne ähti-peýmanymyzdan dänmeris” diýipdi. Çünki, ol wagt salyr iliniňem, onuň kethudalarynyňam, Teke hanyň hut özüniňem ors hökümetinden ýaňa göwünleri bitindi. Ors baýarlaryna welin, megerem, Teke hanyň Stiwens bilen bolan duşuşygy, onuň bilen geçiren gürrüňdeşliginiň mazmuny aýan bolup, onuň öz aýdan sözleri mälim däl bolan bor-a çemeli özleriniň gabanjaňlyk duýgularyna eýerip, olar şondan soňam oňa dürli-dürli gysyşlar görkezdiler. Iňlisleriň türkmen topragynda edýän hereketleri welin barha artýardy. 1887-nji ýylda Angliýanyň Hindistandaky kolonial häkimliginiň tagallasy bilen, Ahalteke ülkesine kapitan Batler ýörite iberilipdi. O’Donowan bolsa baryp-ha Gökdepe urşundanam öň Gürgen ýaýlalarynda bolup, türkmenleriň arasynda ors hökümetine garşy öwüt-ündew işlerini alyp barypdy Gökdepe söweşini Köpetdagyň gerişleriniň üstünde durup synlapdy we ondan soň ol öz işini, tä Orsyýede meýletin birikýänçä Maryda dowam etdiripdi. Gökdepe galasy synandan soň Tejene bosan türkmenleri orslara garşy gaýtadan aýaga galdyrmak üçinem iňlisler şol ýere öz ofiserler Noparyny iberipdiler. Şolaryň hemmesem baran ýerlerinde Stiwensiň Teke hana aýdan sözlerini aýdýardylar. “Egerde Angliýa nöker bolsaňyz, biz sizi orslardan gorarys, gulçulykdan halas ederis. Hut şu maksat üçin biziň goşunlarymyz eýýäm Hyrada geldiler we olar şol ýerde yşaratymyza garaşyp durlar. Ondan başga biz size altyn-kümüş, pul kömeginem bereris. Ok-ýarag hakda-ha gürrüňem ýok, siz diňe galkynsaňyz bolýa...” diýýärdiler. Bu zatlaryň barysy birigip, orslaryň gonjuna gor guýýardy we hakykatdan-da hüşgär bolmaklyga mejbur edýärdi. Teke hanam olaryň hut şol “hüşgärlikleriniň” pidasy bolupdy. Öwezgeldi batyryň bir wagtlar, Gyzylgaýadaky aýdan sözleriniň çyn bolup çykandygyna Teke han diňe şondan soň göz ýetirdi. “Häýt, köpeý ogly orsy bizden bir gün öň görenligini bildirdi-ow” diýip, ol ençeme gezek içini gepletdi. Hut şol zatlaryň netijesi bolsa gerek, 1897-nji ýylda, Teke han hamala şol ýalan hanlygyny hem öz erkine, başga birine tabşyrmak üçin, öňki türkmençilik däbine görä bütin ulusy Sarahs baba gonamçylygynyň golaýyndaky at meýdanyna ýygnap uly sadaka berdi. Özüniň garrap bütinleý tapdan düşendigini, mundan buýana hanlyk edip bilmejekdigini halka aýtdy. Bu iňlisler bilen duşuşandygy sebäpli ors häkimiýetiniň wekilleri tarapyndan Teke hana soňky ýyllaryň dowamynda edilip gelnen irginsiz ýanamalaryň, gysyşlaryň netijesidi ol şeýlekin hereket edmäge mejbur edilipdi. Çünki, ol wagt Teke han gaty bir garram däldi, bary-ýogy altmyş alty ýaşyndady. Üstesine-de ol tebigaty boýunça-da at münende aýaklary ýere ýetip duran uzynak, daýaw, süňňi sagat, süňki iri adamdy. Teke hanyň öz hanlygyny ors baýarlarynyň gysyşy astynda, mejbury tabşyrandygyna, häzirki dil bilen aýtsak “saglyk ýagdaýy boýunça öz arzasy bilen” aýrylandygyna ýene bir mysal arkalam göz ýetirmek bolýar. Ýagny, bu zatlaryň aňrysynda näme-nämeleriň ýatandygyndan, kim-kimleriň durandygyndan bihabar sada halk şonda Teke hana: “Eýle bolsa ýeriňe öz ogullaryňdan birini goýaý” diýipdi. Ol bolsa: “Ýok, goýup biljek däl, sebäbi meniň ogullarymdan baý çykar, ýöne han çykmaz, öňde bolsa kyn günler garaşýar, şonuň üçinem halkyň öňüne bir dogumly adamyň çykmagy gerek, onam, diňe Gara ýüz oňarar” diýip, ornuna özünden ýigrimi ýaş kiçi Meňli hany görkezipdi. Bu bolsa ors häkimýetiniň Teke handan indi gerek däl, howply adam hökmünde düýp-teýkary bilen dynmak isländigine, seçilşikden öň onuň üstünde mazaly “işländiklerine”, asly-ha şol seçilşigem şolaryň özleriniň gurnandyklaryna has takygy gurnadandyklaryna, ornuna Sarahs pristawlygyndaky milisiýanyň ştabs kapitany wezipesinde işläp ýören Meňli hany görkezmekligi öz ogullaryny hanlyga golaýlatmazlygy hem hut şolaryň özleriniň maslahat berendiklerine şaýatlyk edýär. Ýogsam arkama-arka (Teke han – Nazarmuhammet han – Gutly han – Berdi han), onda-da iň kyn döwürlerde han bolup gelýän nesliň hanlyk daragty gelip-gelip güzeranlary birneme gowulaşansoň, Ata-Watana gowuşylansoň guraýmalymy? Hanlygyny tabşyrandan soňam Teke han ylaýyk on alty ýyl ýaşady. Ýöne, şol ýyllaryň içinde-de ors hökümeti oňa ýazgynlylyk bermedi. Basyş astynda, göz tussagy hökmünde saklady. Hiç ýana goýbermedi. Bu ýagdaý ors hökümetini özüne iň golaý hossar saýyp, kalbynyň töründe özüni oňa köp-köp ygrarly hasap edip ýören adama iňňän ýokuş degdi. Köp oýlandyrdy. Uzak gyş gijelerini ol geçen günler, halkyň ykbaly barada pikir öwrüp geçirdi. Eden işlerini terezä saldy. Sallarlady. “Ýa halky Zurabatdan getirip ýalňyşaýdymmykam”, diýen sorag ony erkine goýmady. Ýöne, birinjiden-ä ýalňyş däldi, her niçik hem bolsa ulus öz taryhy Watanyna gelipdi, mes toprakly, bol suwly ýere ýetipdi. Güzerany gowulaşypdy. Galyberse-de, ol Orsyýetiň düzüminde oturan ýeketäk türkmen taýpasy däldi. Pelegiň çarhyny bolsa tersine aýlap bolmaýar. Her niçik hem bolsa ädilen taryhy ädimiň ähli kynçylykly, nogsanlykly taraplary bilen bilelikde bähbitli taraplaram kändi. Egerde, şol taryhy ädim wagtynda ädilmedik bolsady, onda türkmeniň iň gadymy taýpalarynyň biri bolan salyr türkmenleriniň şu bölegi hem ýer ýüzüne ýaýran beýleki bölekleri ýaly, Türkmenistanyň çäginden daşarda galardy. Günüň-gününe, derýanyň çep kenarynda durup, sag kenara delmuryplar bakardy, Watanyň zaryny çekerdi, gözünden ýaş dökerdi, türkmen topragynda ýaşap ýören türkmenlere goşulmaklygyň, olar bilen bile bir döwlet bolup oturmaklygyň bir saçagyň başyna üýşüp, bir ojagyň başyndan örmekligiň arzuwyny ederdi. Ine, şu oýlar welin Teke hanyň göwnüne sähelçejik hem bolsa teselli berýärdi, kalbyndaky gün-günden güýçlenip barýan harasady köşeşdirýärdi. Ýöne, telim ýyla çeken tükeniksiz içgepletmeler, gaýgy-gussalar ony barybir alyp ýatdy. Agyr derde uçratdy. Ömrüniň soňky ýyllary bir zat tapynan ýaly boldy we mahal-mahal oturan ýerinden “zöwwe” galyp, öýüň içinde o ýan, bu ýan urunmany, ýüregi howlap kä daşary çykyp, kä içeri girip, kä tärimden ýapyşyp ýaraly ýolbars ýaly nagra çekmäni çykardy. Şolar ýalyda ol öz ýanyndan kimdir birini ýanyna çagyrdy hyýalynda onuň bilen bir zatlar barada gürleşdi, soň ony kowdy, kimdir birine arz etdi, ahyram laky-tak durdy, özünden-özi ýadap ýykyldy. Agzyndan ak köpük saçyp ýatyşyna kakyndy, titredi. Telim günläbem hiç zada ýaraman hereketsiz ýatdy. Özüne gelenden soňam hiç ýere çykmady. Hiç kim bilen gürleşmedi. Şolar ýalyda onuň ýanyna köplenç Abyt işan gelerdi we her hili gürrüňler, tymsallar bilen köşeşdirerdi. Göwünlik bereredi. Käwagtrlar bolsa ellini arka atandygyna garamazda, entegem jahyllyk terzini ýitirmedik Öwezgeldi batyr salam berip gapydan girerdi. Gaşynda oturyp il-günüň ýagdaýy, syýasat, Orsyýetiň halkara ýagdaýyndaky tutýan orny, özüni alyp barşy barada akylly-başly gürrüňler ederdi. Ýöne, bir wagtlar Alyhanowyň öz ýerlerini özlerine paýlap ýören wagty aýdan sözlerini ýatlap, ýaşuyla gyjalat bermeýärdi. “Men aýtdym-a, şeýle bolar diýdim-ä, ine, gördüňmi...” diýmeýärdi. Asla şol zatlary ýatlamaýardam. Çünki, ol zatlar ol wagt eýýäm onsuzam düşnüklidi. Başga-da gelýän-gidýän kändi. Her niçik hem bolsa halk öz hanyna bolan hormatyny ýitirmeýärdi. Teke hanyň özi welin ýanyna hiç kimiň gelmezligini isleýärdi. Ýeke bolasy, ähli pikirleri, oýlary bilen dört diwaryň arasynda ýeke galasy gelýärdi. Ýeke bir öýi däl, eýsem bütin dünýä gözüne dar görünýärdi. Ähli zat onuň içini gysdyrýardy. Ýüregini howlukdyrýardy. Bu galagoply hem düşnüksiz dünýeden gidesi, özüni rahatlyk ummanyna urasy gelýärdi. Şol arzyly pursatyň basymrak gelerine garaşýardy... Onuň bu islegi mazar daşynda ýazylyşyna görä 1913-nji ýylyň ýazynda hasyl boldy. Ony Sarahs baba gonamçylygynda jaýladylar. Meşhur ak atyny bolsa, tabydyna tirkäp öwülýä alyp gitdiler. Otuzynjy ýyllarda “baý-kulak” bahanasy bilen hossarlary Özbegistana sürgün edilen we şolar bilen bilelikde ömrüniň tas, ähli bölegini diýen ýaly şol ýerde geçirip, diňe M.S.Gorbaçýowyň “üýtgedip gurmak” syýasaty döwründe Watanyna dolanyp gelen, teke hanyň Şajyk atly uly oglundan bolan iň uly agtygy Şamman aganyň beren maglumatlaryna görä, atasynyň maşgala şejeresi şeýleräk: Aňyrlygyna: Teke han – Nazarluhammet han – Gutly han – Berdi han. Bärligine: Teke han. Ogullary: Şajyk, Mämmet. Gyzlary: Täç, Sona. Şajykdan: ogullary – Juma, Şamman, Gumman, Gyzlary: – Ollan, Aman, Sähra, Gurbangül. Mämmetden üç gyzy bolup, üçüsem ýogalan. Atlary: Aýjemal, Gylyçdurdy, üçünjisiniňkini bilip bilmedik. Ogly – Nobat. Ol biziň maglumat ýygnan döwrümiz (1992 ý.mart) bardy. Biz onuň bilen gürrüňdeş bolduk, ýöne ol atasy barada oňly zat aýdyp bilmedi. Teke han üç aýal alan: Hurma, Annagül, Ogulgurban. Hurmadan – Şajyk. Annagülden – Mämmet. Annagül kör ekeni. Teke han ony birinji aýaly (Hurma) ýogalandan soň, önelge üçin alýar. O-da ýogalandan soň Ogulgurbana öýlenýär. Ýöne, ondan zat ýok. Teke hanyň Täç atly gyzyndanam nyşan galmandyr. Sonanyň ykbaly Eýrana tartypdyr. Githä-gitlik döwri adamsy göçýär, o-da şonuň bilen gidýär. Nämesiniň bardygy barada bizde maglumat ýok. Teke hanyň doglan ýyly biziň hasabymyz boýunça 1831-nji ýyla gabat gelýär. Ýöne, munuň birküç ýaş eýläk ýa beýläk bolmagy mümkin. Meňli hanyň soňraky ykbaly barada aýtsak, ol hem ors hökümetiniň taryhy wakalarynyň içinden eriş-argaç geçdi. Oňa wepaly hyzmat etdi. On ýedinji ýylyň rewolýusiýasy döwründe ak patyşanyň goşuny gidenden soň, tä gyzyllar gelýänçäler serheti öz jigitleri bilen gorap gezdi. Şondan soňky çylşyrymly wakalar, gowgaly ýyllar ony hem öz çoçgaryna çolaşdyrdy. 1918-nji ýylda bolsa onuň özem, ogullary Baba handyr-Baky hanam gümürtik ýagdaýda ýogaldylar. Ol ganly wakany köpler Eziz handan gördüler. Emma, 1918-nji ýylda, Krasnowodskide, aklar tarapyndan sud edilen wagty Eziz han: “Kimi öldürenem bolsam boýnuma alýan, ýöne Meňli hanam, onuň ogullarynam men öldüremok” diýipdi. Şol suda şaýat hökmünde Meňli hanyň kiçi ogly Esen han hem gatnaşdyrylypdy. Meňli han ogullaryny ors hökümetiniň uly şäherlerinde okuw jaýlarynda okadyp, bilimli adamlar edip ýetişdirdi. Uly ogly Baba han Peterburgda okady, rus dilini suwara öwrendi. Birinji jahan urşy döwründe patyşa goşunynda gulluk etdi. Şol wagtky çini unter-ofiser. Polşanyň çäklerinde Germaniýa garşy, Ukrainanyň çäklerinde Awstro-Wengriýa garşy söweşdi. Üç sany Georgiý hajynyň doly kaweleri. Oraz serdaryň dosty. Rewolýusiýadan soň Meňli hanyň nebereleri sowet hökümeti bilen oňuşman Eýrana geçdiler. Olardan önüp-ösenler häzirem Eýranyň Törbetjam diýen ýerinde ýaşap ýörler. *** Zurabatdan Sarahsa göçülip gelinenden soň halkyň ýagdaýam bolşuna görä garaz, gowulaşdy. Edil han-begleriňki ýaly bolmasa-da, Zurabatdakysy ýaly ýetme-ýykylma-ha bolmady. Durmuş öz akymy bilen birsydyrgyn gitdi oturdy. Hojalyklar ösdi, örňedi, köpeldi. Eýran hökümeti bilen doly hasaplaşanlaryndan soň-a güzeranlary hasam ilerläp başlady. Öz topraklarynyň üstünde olar özlerini kän-kän erkin duýdular. Biziň tanyşlarymyzdan Abyt işan Sarahsa göçüp gelenlerinden soň köp wagt geçmänkä öýlendi. Hä diýmänem dört ogluň atasy boldy. Çagalaram özi ýaly hatly-sowatly adamlar bolup ýetişdiler. Bir ogly Tejendäki rus mekdebini gutaryp ilki mugallym, soňam rus dilini ganymat bilýändigi üçin, döwlet edaralarynyň birinde dolandyryjy bolup işledi. Nazarly mergen azajyk ýempeýär diýäýmeseň ýarasyndan gutulyp, şondan soňam telim ýyllap awçylygyny dowam etdirdi. Uly ogly Arslanam gowy bolup gitdi. Ýöne, elinde şikes galandygy zerarly awa ýaramady. Mal bakdy. Öýlendi. Üç çagasy bir ogul, iki gyz ýetişdirdi. Olaram ile-güne goşdy. Nury welin, aýňalyp bilmedi. Dilem açylmady. Gaty bir uzagam ýaşamady. Şol “gojalygy” bilenem gitdi. Maman apa Sarahsa gelenden soňam on ýyl dagy ýaşady. Tä ölýänçä tebipçiligini dowam etdirdi. Perişdejigi köp ýatlady. “Häý, şoň durmuşa çykanyny görjekdim welin, bolmady-da” , diýip, gözüne ýaş aýlady ýördi. Paýtunynam daşkyrak garyndaşlarynyň birine berdi-de, özi pyýada gezdi. Ýöne, pahyrdan ne ogul, ne gyz hiç zat galmady. Şol, ýekeligi bilenem ötdi. Ady welin, henize bu güne çenli halk arasynda ýaşap ýör. Kully köwege täze ýurt hasam düşümli boldy. Bu ýere gelip ol özüni tutdy. Gaty bir baýamasa-da, garaz, orta daýhan derejesine-hä ýetdi. Daýysy Apby bilenem ymykly ýaraşyp, bilelikde bir demir dükanjygynam açdylar-da, güzeranlaryny hasam gowuladylar. Şol dükandan ertir-agşam çykýan çekiç sesleriniň arasy bilen Apbynyň: “Gyňkeýin, aýtsaň-a Apby aýtdy bolýa, aýtmamasaňam içiň ýanyp barýa...” diýýän gyjyrdawuk sesem häli-şindi eşidildi durdy. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Sarahsa göçüp gelnenden soň, Gülbeden Hudaý diýip ýören zähmetkeş, gara ýer ýaly ýuwaş, öň bir gezek öýlenip durmuşy paşmadyk bir daýhan ýigide durmuşa çykdy. Gowy maşgala, gowy hojalykçy, gowy ene bolup ýetişdi. Ärine ogul, gyz dogrup berdi. Birwagtlar ýeňilkellelik edip süýkenendigi, ony oýnajak bolup özüniň ile gülki bolandygy üçin, gören ýerinde Abyt işandan gaçdy ýördi. Tötänden gabat geläýse dagy utanjyndan ýüzüne seredibilmedi. Abyt işanam ony utandyrjagam bolmady. Gaýtam: “Utanmany başarýan adamda wyždan bardyr” diýip, ony öwgüledi. Uly ildenem Gülbedeni indi ýeňles saýmazlyklaryny, ile goşulandygy üçin ýerli-ýerden goldamaklaryny, bildirkini ýüzüne basyp utandyrmazlyklaryny haýyş etdi. Il-günem şonuň diýeni bilen boldy. Gülbedenem olaryň ynamlaryny ödemek üçin özüni juda edepli, seresaply alyp bardy. Asyl, öňki Gülbeden şü, diýseler tanar ýaly bolmady. Sarahsa göçüp gelinenden soň görnetin bagty çüwenleriň ýene birem Çöli boldy. Öňi bilen-ä ekiz ogly boldy. Gowy ýeriň maşgalasy bolansoň aýaly oňa ömürboýy ak ýürekden hyzmat etdi, ömürboýy ojagyna wepaly bolup galdy. Oýnatgy-ow şü, diýip, ärine göwniýetmezçilik etmedi. Deň-duşlarynyň üstünden gülenlerini görse ýa eşitse gaty gördi. Gabat gelen ýerlerinde olardan Çölä azar bermezliklerini haýyş etdi. Olaram gaty bir onuň gaňryşyna gaýdybam durmadylar. “Bor, gelneje” diýdiler. Ýöne, zandyýaman Janguly welin gaýtmyşym etmedi. Çekgä-dartga gelmedi. Bütin deň-duşlary bolup haýyş etselerem “bolýa” diýmedi. Gaýtam barha beter öjükdi. Şonuň üçin Çöliniňem alybilmez awy şol boldy. “Şony bir başymdan sow”, diýip, gije-gündiz Hudaýdan dileg etdi. Sähelçe ýoňlanyny eşitse-de: “Gyňkeýiniň çagasy şu gezek bir galmabilseýdir” diýip, Hudaý ýoluna jüp nan sadaka aýtdy. Onuň dilegleri Biribaryň dergähinde kabul boldumy ýa berilenje mütdeti tamam boldumy, günlerde bir gün Janguly “tapyr-tupur” düşege ýykyldy-da, uzak ýatmanam ýogaldy. Daňdanaralar şolar tarapdan: “Jag-g-g...” edip köpçülikleýin güýçli ses çykdy welin, telim gün bäri gije-gündiz tamakinçilik bilen şo ýana diň salyp, gapylarynda hekgerilip oturan Çöli “zöwwe” ýerinden turdy-da, düwülgi ýumruklaryny dik depesinde galgadyp, “diriň-diriň” böküp durşuna: “Jan-a-a, jana-a-a... Gyňkeýinleň birinden-ä dyndym...” diýip, ses edýänler bilen deňine gygyrdy. Asyl olar goýanlaryndan soňam goýmady. Egerde aýaly görgüli gelip, ony tutaklap diýen ýaly öýe salmadyk bolsady, onda onuň haçan goýjagam, asyl-ha goýjakdygy-goýmajakdygam belli däldi. Gaýtam: “Goýber! Şol apaňy... keýini tabyda ýükläp äkidenlerini gözüm bilen bir göreýin” diýip, arasynda aýalyna-da herreldi. Aýaly has bekine tutup: “Otur! Uly ile masgara bolduň...” diýip, “şyhmütürini” mazalyja towlansoň birneme köşeşdi we ýaňadandan ýerine geçip ýatdy. Şol gezek ol iki gün dagy galman ýatdy, ömürboýy alybilmedik ukusyny aldy. Jangulynyň ýerine-de “üçü” güni, aýak üstünden, onda-da iliň gözi üçin görnüp gaýtdy-da, gelip ýene-de ýatdy. ...Sary maňka görgülem bu ýerde-de il-günüň salyp beren daşy samanly laý bilen suwalan gamyş kepbesiniň kölegesinde oturyp, öten-geçen aýallardan dilene-dilene, ahyram onsy öle batman dünýeden ötüp gitdi. Umuman, haýsy birini sanap çykjak, hemmesem öz ykballarynyň gerdişine görä, Orsyýetiň syýasatynyň astynda, ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde 1914-nji ýyldan başlan, 1918-nji ýyla çenli dowam eden, Birinji jahan urşuny, on altynjy ýylyň gozgalaňlaryny, telpek, öý salgytlaryny, päläni, on ýedinji ýylyň fewral hem oktýabr rewolýusiýalaryny, ýigrimi bäşinji ýylyň kolhoz-sowhoz gurluşyklaryny, 1995-nji ýylyň ýer-suw reformasyny, otuzynjy ýyllaryň tutha-tutluklaryny, 1941-nji ýyldan 1945-nji ýyla çenli çeken Ikinji Jahan urşunyň (Beýik Watançylyk urşy) halka gyrgynçylykdan, weýrançylykdan, tozgunçylykdan başga uly we kiçi açlyk belalaryny hem görkezen hupbatly ýyllaryny başlaryndan geçirdiler. Formal taýdan hem bolsa Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy diýen ada eýe boldy. Döwlete öwrüldi. SSSR-iň ilkinji hem iň soňky Prezidenti Mihail Sergeýewiç Gorbaçýowyň 1985-nji ýylda yglan eden “Üýtgedip gurmak” syýasatyndan soň Sowet soýuzynyň öz-özünden dargamagy netijesinde bolsa, bütin türkmen halky bilen bilelikde, salyrlaram ýüz ýyldanam gowrak wagt bäri dowam edip gelen baknalykdan çykdylar we sekiz ýüz ýylyň döwletsizliginden soň ýene-de özbaşdak garaşsyz döwlete öwrüldiler. Öň nirä gidýäni belli bolmadyk, ýerüsti hem ýerasty tebigy baýlyklaryna eýe boldular. Öň öz öýlerinde hem ene dillerinde geplemäge ýaýdanyşyp ýören hallaryna, indi türkmen dilini resmi suratda döwlet dili diýip yglan etdiler. Baýdak, gerb ýaly döwlet nyşanlaryny, döwlet gimnini döretdiler. Biziň onda-munda ygyp-tozup, gara güzeranlaryny zordan aýlap, ýat ýerleriň mysapyrçylygyny çeken, kitabymyzyň içinden eriş-argaç geçen gahrymanlarymyzyň nesillerem häzir ine, şol Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň Sarahs etrapynda sag-salamat işleşip, ýaşaşyp ýörler. Ata-babalaryndan tapawutlylykda olar indi ähli türkmen halky bilen bir hatarda öňküleri dek garyp çatmalarda, kepbelerde, çalmarlarda, oraçalarda, çürrüjek garaja öýjagazlarda däl-de, “şarňyldaşyp” duran howaly hem päkize, telim otagly gat-gat jaýlarda, bagly-bakjaly howlularda ýaşaýarlar, her dürli daşary ýurt maşynlaryny münýärler. Eşiklerini öňki ýaly çogan gaýnadyp däl-de, gymmatbahaly ýuwujy serişdeler bilen, elleri bilen däl-de kämil kir ýuwujy maşynlar bilen saçlaryny bolsa turşy gatyk bilen däl-de, aňrybaş şampunlar bilen ýuwýarlar. Mekdepden soň gidip Ýokary okuw jaýlarynda okaýarlar, daşary ýurt dillerini öwrenýärler, aspiranturalara, doktoranturalara girip, bilimlerini artdyrýarlar, daşary ýurtlarda okap, dürli ugurlardan güýçli hünärmenler bolup gelýärler. Ylymlaryň kanditlary, doktorlary, sungat işgärleri, harby adamlar bolup ýetişýärler. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alýarlar. Ekinlerini Tejen derýasynyň ýokary başyndaky daglaryň arasynda, Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde, Garaşsyzlyk döwründe gurlan “Dostluk” suw howdanynyň bol suwy bilen suwarýarlar. Ol howdan ozallar Tejen derýasynyň tä Babadaýhan etrabyna çenli akyp gidip, ondanam bisarpa guma siňip gidýän suwuny jylawlady we Sarahsyň ilatyny suw bilen indi gyşyn-ýazyn üpjün edip başlady. Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary bolsa dünýäniň ähli döwletleriniňki bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň öňündäki meýdançada parlap dur. Zurabatdan gelenlerinde 16.000 ilaty bolan Sarahs topragynda bu gün 64 000-e golaý adam ýaşaýar. Soñy. 2012-2014 ýý. Aşgabat. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |