00:16 Salyr soñy Sarahs -9: Ýene-de Zurabat | |
ÝENE-DE ZURABAT
Taryhy proza
Ýöne, bu gezegem olara Sarashda ornaşmak nesip etmedi. Maşatda oturan Horasan walisi Eýran hökümetiniň adyndan gepläp, olaryň ýene-de Zurabada gitmelerini talap etdi. Hywa hanlygam, Buhara emirligem bireýýämden bäri Orsyýetiň tabynlygynda bolansoň, ol wagt Sarahsyň üstündäki öňki çekeleşikler ýokdy we Eýran indi ony ymykly özüne galandyr öýdýärdi. Goňşy oturan türkmen taýpalarynyň Orsyýet tarapyndan birsyhly boýun egdirilip gidip oturylmagy bolsa onda gabanjaňlyk duýgusyny döredýärdi. Şol işi özüniň başaryp bilmändigi üçin kemsinýärdi. Şonuň üçinem, ol entegem bolsa, iň bolmanda Tejen derýasynyň sag kenaryny Köne Sarahs bilen bilelikde tä Bathyz belentliklerine çenli öz halky bilen ilatlaşdyrmaklygyň kül-külüne düşüp ýördi. Galyberse-de Zurabatda otursalar salyrlar göniden-göni Eýrana degişli boljakdylar we ne Orsyýet ne Angliýa hiç biri syýasy taýdan olara öz täsirlerini ýetirip biljek däldiler, şeýle hem salyrlar Eýran üçin hem-ä öndüriji güýç hemem zerurlyk ýüze çykan wagty ulanar ýaly taýyn duran goşmaça harby güýç bolup hyzmat etjekdi. Hut şol maksat bilenem Horasan häkimleri salyr kethudalaryny Zurabada göçüp gitmeklige yrmak üçin hiç hili harajatdan, hajyk-hujuklardan gaýtmadylar. Sylag-serpaýlaryny gaýgyrmadylar. “Bu gezek öňki ýaly bolmaz, biz size bol suwly gowy ýer bereris, isleseňiz şol ýerde oturyp ekin-dikinleriňizi derýanyň sag kenarynda, hatda bir wagtkyňyz ýaly Sarahsa gelibem ekip bilersiňiz” diýdiler. Häzir Sarahsda oturmagyň howpludygyny, bu gün, erte Orsyýetiň eline düşäýmekleriniň ikuçsuzdygyny, egerde şu ýer parslaşdyrylsa, resmi taýdan Eýrana degişli bolup galjakdygyny, ine, şondan soň salyrlary göçürip getiräýenlerinde-de hiç kimiň dawa edip bilmejekdigini öwran-öwran tekrarladylar. Her niçik hem bols Sarahsda galmak meselesi boýunça Teke han başgada birnäçe kethudalar bilen bilelikde bir gezek Maşada, iki gezek Tährana gidip geldi. Şanyň iň ýakyn adamlary bilen birnäçe gezek duşuşdy, gürrüňdeş boldy, delillerini aýtdy. Ahyrsoňunda-da: “Adamlar, men-ä razylyk beräýendirin” diýip, sus halda gaýdyp geldi. Şu meselede elbetde, sylag-serpaýlaryň, boş wadalaryň abaý-syýasatlaryň hem aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolandygy çyn, ýöne, esasy zat: Orsyýetiň eline düşmezlik üçin häzirlikçe Eýranyň jümmüşine aralaşmak, soň, Sarahsy Eýran ymykly öz adyna geçirenden soň, Horasan häkimleriniň wada berişleri ýaly, ata-watana dolanyp gelmek. Orsyýede raýat bolandan öz Watanyňda ýaşap Eýrana raýat bolanyň ýagşy... *** Ýöne ýene-de aldanandyklaryna salyrlar Zurabada gelen günleriniň ertesi göz ýetirdiler. Eýran hökümeti diňe tohumlyk däne kömegini berdi-de, ekin, sürüm üçin wada beren guraldyr-enjamlaryny bermedi. Asyl-ha agzamadam. Özleri agzasalaram eşitmezlige saldylar. Üstesine yzlaryna gitmezlikleri üçinmi ýa halkara syýasaty bilen bagly bolan başga bir maksat bilenmi, her obanyň golaýynda garawul durar ýaly diňli, kiçiräk galaly garnizon gurup, hersinde-de on-on bäş sany atly-ýaragly serbazy gullukda goýdy. Şol serbazlar gije-gündiz salyrlaryň her bir hereketlerini sypdyrman synlaýardylar, yzarlaýardylar, dürli ýollar arkaly gürrüňlerini diňleýärdiler we sähelçe üýtgeşiklik boldugy ýa eşidildigi günübirin ýokarlaryk ýetirýärdiler. Oba bir myhman düşläp geçse-de, derhal Maşadyň gübernatoryna, ol ýerdenem Tährana aýan bolýardy. Şol gelip giden adamyň kimdigi, nireden gelendigi, nirä barýandygy anyklanýanýardy. Bir eşek guzlasa-da, “bir salyr köpeldi” diýen ýaly habar möhüm täzelik hökmünde paýtagtda oturan uly çinli çinowniklere baryp ýetýärdi. Olardan ýaňa aýal-gyzlar çagalaryny gatyrak agladyp bilmeýärdiler, oglan-uşaklar tamdyr towluk jygrama çöplemek üçin obadan sesýetim uzaklyga-da gidip bilmeýärdiler. Ýetişen gyzlar, gelinler-ä ýany adamsyz goňşy obalara toýa-tomga gitmäge-de zar boldular. Serbazlaryň bor-bolgusyz bahanalar bilen halka azar beräýmelerem bardy. Gyz-gelinlere göz gyzdyrýan, ogryn-dogryn lak atýan gezeklerem bolman duranokdy. Şol zatlar sebäpli ar-namysy joşa gelen ýigitler käte uwnup-çydaman atlanýardylar we ýaraglaryny besläp gazap bilen garnizona çozýardylar. Şolar ýalyda goňşy obalaryň golaýyndaky garnizonlarda gulluk edýän serbazlaryň kömege gelmegi bilen urşuň has ula ýazyp, wakanyň ikitaraplaýyn gyrgynçylyk bilen tamamlanýan halatlary hem bolýardy. Şolar ýaly aýylganç wakalaryň sarsgynam elbetde, günübirin baryp hökümet ýolbaşçylaryna, şanyň hut özüne ýetýärdi. Olaram öňi bilen-ä garnizonyň göwrümini ulaldýardylar, serbazlaryň sanyny köpeltýärdiler, soňam öz sypaýylaryny iberip ganly çaknyşyga gatnaşan türkmen ýigitlerini tutup alyp gidýärdiler, Maşada ýa Tährana eltip, işini kazyýete geçirýärdiler, derňew geçirmezden günäkärlernip, zyndanlara dykylýardylar. Şol adamlaryň gaýdyp gelýänlerinden gelmeýänleri köp bolýardy. Satyn alara bolsa halkda pul ýokdy. Iň ýamanam olaryň aňyrsynda direnip duran döwlet, hökümet hossar ýokdy. Bu diýdimzorluklar, sütemler hamala diýersiň şeýle biçäre halkyň, kiçijik taýpanyň öňküdenem beter gözüniň oduny almak, ruhuny çökermek ýüreklerini çakmak üçin ýörite edilýän ýalydy. Ýöne, salyrlaryň Zurabatdaky görýän görgüleriniň barysy ol däl. Ol diňe durmuşyň syýasy tarapy. Esasy kynçylyk ykdysady ýagdaý. Hasylsyzlyk. Olaryň güzeranlaryny bolşundanam beterleşdirýän zat ana, şol. Şonuň üçinem, bir ýyl näçeräk eýle çytraşyp, bagty synap görenlerinden soň, Eýran hökümeti bilen gepleşip goýuşlary ýaly geljek ýylyň ekini derýanyň sag kenaryna geçip ekmeli, diýen netijä geldiler. Şeýle hem etdiler. Derýanyň amatlyrak ýerinden suw sowup, “Kärizli”, “Adam ölen” diýen ýaly düzlük we ýarym baýyrlyk ýerlerde, “Gyzylgaýanyň” eteklerinde güýzlik bugdaý üçin bolşuna görä ýer açdylar sürdüler, şüdügäri tekizläre malalary, kündeleri bolmansoň üstünde adam oturdyp, petde-petde gyzgan süýrediler. Sürümiň hili gowy bolmansoň bugdaý kelegräk bitdi. Bitenjesem çüte. Käbirinde-hä asla başam ýok. Şeýle-de bolsa öňki gezekdäkilerine görä ganymat. Käbir oýtagrak ýerlerdäki biten hasyl bilen-ä asylam oňuşmazça däl. Garaz, edil Zurabatdakydan, Gardepedäkiden ganymat. Oragyň öň ýany, sil suwunyň derýadan agyp gaçan ýerleriniň gyrmançasyny açyp düme eken gawundyr-garpyzlary, kädileri welin edil, “Başyna gören ýaly” diýenleri boldy. Tomus, şol zatlar bişensoň gaýnadylan sökler, serilen kaklar degirmen-degirmen bolup dullaryny doldurdy. Gyş azyk ýükleri ýetdi. Özlerinden artanjalaryny bolsa goňşy pars obalaryna, hatda Maşada çenli äkidip satdylar. Az-owlak pul gazandylar, gerek zatlaryna çalyşdylar, azal, mala, künde ýaly iş gurallaryny edindiler. Hatda işe goşar ýaly öküz satyn alanlaram boldy. Gürrüňimiz gury maglumat bolup gidip otuzmazy ýaly, şol gidişlikleriň arasynda bolup geçen, Sarahsda oturýan salyr türkmenleriniň arasynda heniz-henizlerem ýatlanyp gelinýän gyzykly bir wakany şu ýerde ýazyp beýan etmegimiz gerek. *** Ortadan uzynrak boýly, saryýagyz, goňrumtyl ösgün gaşlary küle gaçan gakylyk ýaly gögümtil, bulançak gözleriniň üstüni örtüp duran, özi-de bilmezden iki agzynyň birinde sögünjiräp gepleýän, sesi boguljagrak, diňlense-diňlenmese dili dek durmaýan orta ýaşlaryndaky, çyn ady Allamyrat, ýöne, Apby lakamly bir daýhan kişi ulagy bolmansoň Maşada-ha gidip bilmedi welin, köneje horjunynyň iki gözünem kakdan doldurdy-da, ýanyna daşkynrak garyndaşy, ýagny, ýegen ugry, öwünjeňligi üçin il içinde Kully köwek adyny alan, entek öýlenmedik, ýöne şonuň aladasynda gezip ýören, gürrüňçiligiň arasynda “zeleli ýok” diýmäge derek “zezeli ýok” diýmeklige endik eden, özi ýaly hortabrak ýöne birneme uzynagrak, hünni gara birinem ýanýoldaş edindi-de, zut gitdi, niredesiň golaýdaky bazarly pars galalarynyň biri diýip. Özlerem paý-pyýada Ýolboýy edýän gürrüňlerem alyp barýan harytlarynyň takmynan näçeden geçjekdigi, näçeräk peýda gazanyp boljakdygy, şol pula nämeler alsalar gowy boljakdygy barada. Egerde şu gezek söwdalary oňsa, onda telim gezek gatnap, hatda gyşa goýan kaklaryna çenli satyp pula öwürmek barada göwün ýüwürdýärler. Kully köwegiň göz öňüne köp pul gelýän bor-a çemeli, her gezek şony agzanda agzy suwjarýar-da, “şi-ip” etdirip dişiniň suwuny sorýar. Her daýym durup, “liňk” etdirýär-de, arkasyndaky kakly haltasyny ýokary silkip iki kebzesiniň arasynda jaýlaşdyrýar. Sähelçe haýal-ýagallyga ýol berse, söz gezegini Apby agzyndan kakyp alaýjak ýaly ara salym salman gürrüňini dowam etdirýär. Düşenje pulunyň gylyny gyşartman öýüne eltjekdigini, öňden ýygnap goýanjasynam üstüne goşup, ýetmese ondan-mundan belki-de Apby daýysyndan az-kem karz alyp gowy at, iň bolmanda kündä goşar ýaly ýa-da indiki gezek münüp kak satmaga Maşada gider ýaly işe werzişräk bir ýaby aljakdygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Apbam gezegini boş geçiräýenok. Kully köwek sähelçe sägindigi, kime diýýäni belli däl: I-i... Gyňkeýin... – diýýär-de, dilini ýalmandyryp, “tükezzybanyna” tutup ugraýar. – Aýtsaň-a Gulmyrat jan, Apby aýtdy bolýa, aýtmasaňam içiň ýanyp barýa, şu ömrüme Nartäç kelapaňa ýekeje gezegem täzesar köýnek geýdirenim ýadyma düşenok. Ýagdaýym bolmady. Boýamyş biz bilen eşek alagadan başga zat gören däldir, şo görgüli... – Apbynyň gözlerine ýaş aýlanýar, bokurdagy dolýar, hamsygýar. – Ine, şu gezek sowdam oňsa welin, “gyňkeýin” şoňa bir gowy köýneklik mata almasam bolmaz. – Dogry aýdýaň, Apby daýy şü ka-aýt, pars şalarynyň öz aýallaryna äpberýänlerinden äpber özüňem... – Hň-ň... Hakyt şöýtjek, - diýip, Apby jojugyny emdirýän meýdan doňzy ýaly “hyňk-hyňk” edýär-de, aýak çekip, arksyndaky ýüküni ykjamlaýar. – Soň ýüregimde arman galmaz ýaly gyzyma-da äpberjek şo matadan bir kişiligini. Pulum ýetse ogluma balaklyk mawudam aljak. Yzyma pul getirjek-gä, sowjak! Näme edeýin men onça puly çagalarym şo ýagdaýkalar. – Olara alaňň-a zezeli ýok welin, Apby daýy puluňy sowup gutarmankaň öz üsti-başyňam bir ýemet... bite... ýogsam çagalaryň-a o hili geýnip ýörseler, senem beýdip ýörseň... birhili ýemeräk bor... “Pylanyň pylanysy şeýdip ýör” diýseler, garyndaş aralykda bize-de gowy dä... Özümizem bir namysjaň adamlar bolamyzsoň... Onuň ýüreginden syzdyryp, garaçyny bilen aýdan bu sözleri Apbynyň girre gaharyny getirdi. – Ýa-a..., gyňkeýinm, seňňem egniňde ýalpyldap duran keşdeli kürte göremzok-laý... Ýalpyldasa-da kirden ýaňa ýalpyldaýan bolaýmasa. Ýakaň kiri haçan görseň damagyňy çaljak bolup dur. Şoň üçinem utanmaly bolsa biz utanmaly. Biz namys etmeli seň ýaly ýegenimiziň barlygy üçin... Kully köwek şondan soň bilip galdy daýysynyň göwnüne degenini. Kellesiniň gyzgynyna aýtmasyz zatlaram aýdyp goýberendigine puşman etdi. Ýöne, nätjek, söz agyzdan sypansoň yzyna aljak gümanyň ýok. Günäkärdigiňi boýnuňa alanyňam sesiňi çykarmazlyk bilen subut edäýmeseň. Şondan soň esli waglap aralarynda gep-gürrüň bolmady. Diňe aram-aram Kullynyň dişiniň suwuny çekişi, käýarymam öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Ä-äý, zezeli ýok-la-laý...” diýýän gyryljak sesi eşidildi durdy. Ýöne, ýol uzak, ýük agyr, gepleşmän gitjek bolsaň ýüküňem öňküňden iki esse agralýa, ýolam uzalýa. Ýoluň iň kyn hem howply ýeri bolan “Eşek gerşinden” geçip beýik bir baýryň düýbündäki çeşmäniň başynda dynç almak üçin aýak çekenlerinde welin Apby durup bilmän ýaryldy. Ol “şildir-şildir” edip telperje akýan dury çeşmäniň içindäki owunjak balyklary synlap oturşyna ýüzüni-gözüni gamaşdyryp: – Al-aýt, bi gyňkeýinler gyş aýlary suw doňanda nirede ýatýakalar – diýdi. Kully köwegem ony uzak garaşdyrmady. – Nirede ýatarlar öýdýäň, tala çykyp ýatýandyrlar. – Goýsaň-aýt – diýip, Apby “tarsa” ýerinden turdy. – Gala çykyp ýatar ýaly olar näme sygyrdyrmy?... Gapdallarynda başga adam bolmansoň olaryň oýnudyklaryna ýa çynydyklaryna düşer ýaly bolmady. Özlerem bilen däl bolsalar gerek, şondan soň-a asylam gepleşmediler. *** Barmaly obalaryna gijräk, bazar sowulansoň bardylarda, ätiýaç üçin obadaşlarynyň birinden salgysyny alyp gaýdan öýlerine myhman düşdüler. Gulzar atly daýaw, murtlarynyň ujuny ýeňsesinde çatybermeli, ullakan ala gözleri birneme gussalyrak hem ýadaw görünýän, sag aýagy täbigräk bolansoň çep tarapyna gyşarylyp, ganatlarynam çalarak galgadyp ýöreýän, gepi-sözi ýakymly, mährem adam özüni sorap gelen adamlary mähirli kabul etdi. Öýüne ýat myhman gelendigine begenýändigini bildirmek üçin goňşy-golamlaryna tarap buýsançly garady. Şol aralykda-da Kully köwek: – Apby daýy, sögünmän gepleşjek bolaweri – diýmäge ýetişdi. – Düşünselerem, düşünmeselerem gowy däl-dä... – Ýa, i-i... Sögünip men nä “gyňkeýin” bylarda algym bamy? Ýa arym köýüpmi... – diýip, henizem öýkesinden doly açylybilmedik Apbam “hoňňul-hoňňul” etdi. Gulzar olaryň özara gürrüňlerine ünsem bermän öýüne saldy. Töre geçirdi. Saçak ýazdy. Baryndan orta goýdy. Aýaly, çagalary bilen tanyşdyrdy. Ýaryny parsçalap, ýarysyny türküçeläp ondan-mundan gürrüň etdi, garaz, myhmanlarynyň içini gysdyrmady. Umuman, ol göwniaçyk adamkärçilikli, myhmansöýer adam ekeni. Baýam däl, garybam däl. Öz güzeranyny aýlap, ýören, telekeçi adamdygy bildirýär. Apbam gabat gelse-gelmese, ýerine düşse-düşmese, öňe-yza omzap onuň “hä”-sini ýetirdi oturdy. Söz berşi ýaly sögünçden saklandy. Kully kän gürrüňe goşulmady. Çep tarapyna tirsekläp, aýasynam dulugyna diredi-de, olaryň gürrüňlerine diň saldy oturdy. Nahardan soň orta şerbet, suw ýaly zatlar geldi welin, Apby horjunyndan iki towlam kak çykaryp ortadaky içi halwaly, gyralaryna gögümtil gülüň suraty nagyşlanan tegelek hem telper ak läläniň içinde goýdy. Ýoldaşyna görä birneme jomardyrakdygyny öý eýeleriniň duýandygyny syzdyrmakdan ýaňa ýüreginiň üsti süýjäp gitdi. Bir azajyk pezzeräýen bolaýmagam ahmal. Elbetde, saçagyň üstünde zat kän. Kakdan süýji zatlaram bar. Asyl süýjüň özem bar. Ýöne, kak bir geň zat bolansoň, Gulzaryň çagalarynyň barysynyň gözi birden şoňa dikildi. Gulzar kaky çakgysy bilen deň-derman bölüşdirdi-de, çagalaryna paýlaşdyrdy. Aýalyna-da berdi. Aşyk ýalysyny kesip alyp öz agzyna-da saldy. – Çoh şirin – diýip, dodaklaryny “şapbyldatdy”. “Şip-şip” etdirip, barmaklarynyň uçlaryny ýalaşdyrdy. Aýalam öz paýyny çeýnäp-çeýnemez “gulkuldadyp” aňyrsyna geçirdi-de: – Hup-hup, heýli hup, heýli şirin1 – diýdi. Olar-a bir ýagdaýa düşünýän uly adamlar, şoň bilen oňdular, dört sany deňemigräk gyzlaram paýlaryny iýip bolanlaryndan soň kirpikmen garaja gözlerini horjuna tarap gönükdirmezlige çalşyp süýem barmajyklarynyň uçjagazlaryny bir enaýy çukurjyklyja eňejiklerine direşip, seslerini çykarman oturyberdiler welin, ýöne ine, bäş ýaşlyja Bedil atly oglanjyk Apbyny gaty kyn güne saldy. Ol paýyny iýip bolandan soňam ejesiniň dyzynyň üstünde oturan ýerinden iç işikde diwara söýelgi duran içi kakly horjuna tarap barmagyny çommaltdy-da, palçyk iýen ördek çagasy ýaly “war-war” etdi. – Näne, ga-ak!.. Bu onuň kak diledigidi. Muňa öý eýeleri birhili boldular. Hatda gyzjagazlara çenli ýerli-ýerden Bedile tarap gözlerini alartdylar. Eneler-ä dyzyny silkip oglanjygy gowy galtady, ýumrugynam maňlaýyna çenedi-de, “häýt” diýip, haýbat atdy. Ýöne, çaga ne enesiniň, ne uýalarynyň aýdanlaryna, eden yşratlaryna ünsem bermedi. Gaýtam ýaňky sözüni ýene bir gezek, özem edil şol bir labyzda gaýtalady. – Näne, ga-ak!.. Apby: Bu gezek sen çykaraý birki burum, diýen manyda Kullynyň ýüzüne seretdi. O-da derrew ýüzüni bir tarapa sowdy. Esli wagtlabam Apba tarap seretmän oturdy. Irkiljirän boldy. Çaga üçünji gezek dillenende welin Apby saklanyp bilmedi. “Hasyr-husur” horjunyna ýapyşdy. Ýene-de iki towlam kak çykaryp ortada goýdy. Bedil ejesiniň dyzyndan böküp düşdi-de, läläniň içindäki kakyň iki towlamynam kakyp aldy. Gulzar ilk-ä bir erbet käýejek ýaly oňa tarap gazaply seretdi, soňam ýüregi dözmän terzini gowşatdy-da, megerem, uýalaryň bilen bölüşip iý, diýen bolsa gerek, parsyçalap bir zatlar diýdi. Bedil welin bölüşjegem bolmady-da, elindäki kaky bada-bat kakasynyň eline tutdurdy. Ejesiniň dyzyna mündi. Ýüzüne haraýly seredibem kakly horjuna tarap barmagyny çommaltdy. – Näne, ga-ak!.. Ýaňky kaky üleşdirip oturan Gulzar bu gezek ogluna çyny bilen gaharlandy. Paýyny berende-de kakly elini silkeläp, abaý edip berdi. Gaýdyp diläýme diýen manyda agzyny-burnuny towlaşdyrdy. Çaga gorkan bolsa gerek, tä kakyny iýip bolýança gözjagazlaryny tegeläp kakasynyň ýüzüne seretdi oturdy. Dodaklary bolsa kemiş-kemiş etdi. Iýip bolandan soňam dillenibem bilmän, horjundan gözünem aýrybilmän serimsal boldy oturdy. Gulzar gürrüň bilen çaganyň ünsüni sowjak boldy. Aýalyna ýumuş buýrup gördi. Ýöne ejesi dolanyp geldigi Bedil onuň eteginden aslyşdy-da, horjuna tarap göz aýlap: – Näne, ga-ak... – diýdi. Çaganyň hünübirýan aglabererinden ätiýaç edip, Apby gör indi näçenji gezekdir, elini horjunyna tarap uzatdy. Içine elini sokdy. Gulzaryň garşylygyna, aýalynyň “Dat, indi gerek däl” diýip edýän gykylygyna bakman bu gezek öňküleri ýaly ikem däl-de, üç towlam kak çykaryp orta goýdy. Şu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanandan soň, Gulzar ýene-de ogluna käýedi. Ýöne, çaga göýä diýersiň onuň aýdýanlaryny eşitmeýän ýaly. Asla piňine-de däl. Şonuň üçinem, indi birneme nebsi ejizläp ugran Apbynyň göwnüne Gulzar oňa häki bir göz üçin käýeýäýändir diýen güman gitdi. “Meň oglum bolsun şol gyňkeýin, nädersiň bir gezekde mum-helim bolaýsa” diýip, içini gepletdi. Biliner-bilinmez dişini gyjady. Ýöne, Gulzaryň welin çynydy. Ol ogluna berk daramaga dözmeýärdi. Dört gyzyň yzyndan doglan ýeke oglul bolansoň ony asylam läligräk saklaýardylar, aňryujy ýagdaý bolsa gaňryşyna gaýtmajak bolýardylar. Muny ol ahyry, halys unup-çydamansoň Apbynyň ňzüne-de aýtdy. Soňam uly adam bilen gürleşýän ýaly edip myhmanlaryň kaky ýörite satmaga getirendiklerini, daň bilen bazara çykarmalydyklaryny düşünje puluna-da çagalary üçin bir zatlar alyp gitmelidiklerini Bedile düşündirdi. Çaga welin diňledi-diňledi-de, ýene-de ýüzüni ejesine bakan öwrüp: – Näne, ga-ak!.. – diýdi. O tama äkitjek bolsalaram etmedi. Aglady. Zor bilen alyp gitjek bolsalar welin öňküsindenem beter, çabalanyplar aglady. Şeýle-de bolsa, ol indi kaky gaty kynlyk bilen iýýär. Has takygy özüne zor salyp iýýär. Ujundan dişläp alýar-da, göwünli-göwünsiz gäwüşäp oturşyna näçeräk galanyny bilmekçi bolýan ýaly elindäki bölege seredýär, her daýymam kä açylyp, kä ýumulyp gidýän gözlerini süýji ukuda ýatan uýalaryna, içi kakly horjuna aýlaýar. Arasynda irkilen ýalam edýär-de, birdenkä tisginip oýanýar, hasyr-husur elindäki kaka agyz urýar-da, doly çeýnäp ýetişmänkä ýene-de ymyzganýar. Oňa seredip, içini tutup oturan Apby: “Indi-hä “gak” diýmäge ýaraýmasaň gerek, kerahta bolduň, gyňkeýniň çagasy” diýip, öz ýanyndan oýlanýar. Ýöne onuň ojagaz umydam hasyl bolmady. Indi iki gözünem ymykly uky büren çaga elindäki kakyň iň soňky dişlemini aýasy bilen iterip-iterip agzyna dykdy-da, durşuna şire, sary şepbik bolup duran elini indi belki iýesi gelip däl-de, ilkagşamdan bäri eden endigine görä, Apbynyň indi mazalyja gowzan içi kakly köneje horjunyna bakan galgatdy. – Näne, ga-ak!.. diýmäge ýetişmedi. Agzyny açyp-açmanka boýny bir tarapa “şalkyldap” gaýtdy. Apbynyň horjunyna tarap uzan eli howada doňup galdy. Muny görüp Gulzaram: “Gerek däl” diýen manyda ellerini ýaýyp yşarat etdi. Çaga indi hakykatdanam kak gerek däldi. Ol artykmaç iýmekden ýaňa aşa düşüpdi, laky-tak durupdy, ýadapdy we ysgyndan düşüp, özünden gidipdi. Kak dileýämi ýa hyýalynda henizem iýip otyrmy, eňegi entegem çalarak gymyldaýar, gäwüşeýär, tamşanýar, iki erninden bolsa şire gatyşykly şepbeşik sary suw dynman akyp dur. Gulzar ýüzüni sallap ýerinden turdy-da, çagasyny eline alyp, tördäki otaglaryň biirne geçdi. – Waý, dat, waw eýla-a!...1 – diýip, birki ýola ellerini öwüsdid-e, aýalam onuň yzy bilen çykdy. Çagasynyň derdini şondan görýändigini nygtamakçy bolýan ýaly, aňyrky gapa ýetip-ýetmänkä gaňryldy-da, gazaply nazary bilen köneje horjunyň ozaldanam sary gaçan gzölerini para-para etdi. Ondan soň: ol nazaryň neşterleri gelip onsuzam içi ýanyp duran Apbynyň hortap göwresine sanjyldy. Ol henizem horjunynyň öňünde gala ýaly bolup berk oturan Kulla göügidijilik bilen seretdi... içini gepletdi. “Bu gyňkeýniň hem-ä horjuny gowzamady, hemem melamata galmady. Men bolsam... Pataşyň tazysy ýaly bolup...”. Daşyndan bolsa diňe içini güldürip, gözlerini ýyldyradyp oturan Kully eşider ýaly edip: – Gagyldap geçen gyňkeýin-ä kakyň jümüni üzdi-ow – diýdi. Şeý diýmek bilen ol Kullydan iň bolmanda dil kömegine garaşdy. “Howwa-aý, ol-a şony oňarmady-aý, “gak-gak” diýip seni halys jüllük-köten goýdy-aý, eýelerem “haý-küş”dagam edäýenoklar-aý... diýdirjek boldy. Ol bolsa göwni bir ýaly uzyn-uzyn pallady-da: – Aý, hi-iç-laý, zezeli ýok-laý, janyňy ýakmasan-aý... – diýdi. Ine, şunda welin Apby ýaryldy. Oturan ýerinde ýer ýumruklap, dişinden syzdyryp, ýuwaş, ýöne, diýseň ýangynly gepledi. – Howwa-da, seň üçin hiç-dä, seň üçin zeleli ýok-da, sebäbi zelel çeken men-dä... seň içiň gülýä-dä... Oňa çenlem zulmat gyzardy. Daň agardy. Onda-munda horazlar gygyryşdylar. Köçeden mal sürüp barýan adamlaryň “haýt-haýtlary” paýtunçylaryň “şakyr-şukurlary” eşidildi. Hä diýmänem Gün dogdy. Bediliň aladasynda bolup gijäni çirim etmän geçiren är-aýal bilen howul-hara hoşlaşdy-da, Apby mazaly gowzan horjunyny egnine atyp daş çykdy. Agyr horjunyň aşagynda ýegşerilip barýan Kullam sessiz-üýnsiz onuň yzyna düşdi. Ýoldaşynyň böwenemjek geçiniňki ýaly dyňzap duran horjunyna gözi düşenden Apbynyň derdi täzelendi. Gaýdyp baransoňlar oba ýaýrajak ýoknasyz gürrüňleri aňyna getirip özünden-özi kejigip başlady. “Deň gidip deň gelenem bolsalar, Kully Apbydan köp söwda edipdir, köp pul gazanypdyr, köp zat getiripdir” diýerler. Apby zadynyň köpüsini bir garybyň saçagyna goýupdyr, ajy doýrupdyr, sogap gazanypdyr” diýmezler, “Kully syrnyh ekeni öýünde ýatyp, duzuny iýibem öý eýesine kakyndan dadyrmandyr” diýmezler, diýip gaýybanasyndan obadaşlaryna-da gyjyndy. Asyl şol sözleri kim-kimleriň aýtjagyna çenli göz öňüne getirip: “Ölüň, bigaýratlar! Özüňiz-ä öýüňizdenem çykyp bileňoz, çykanlary bolsa görüp bileňzok” diýdi. Ahyram: “Dogry-da, aýtsaň-a Apby aýtdy bolýa, aýtmasaňam içiň ýanyp barýa...” diýip, ýene-de özüni-özi köşeşdirdi. Şeýle-de bolsa öz ýanyndan Kullynyňam eýini ýetirmän durup bilmedi. “Diýseň-diýmeseň sen gyňkeýniň çagasy, zor sen. Bu bolşuň bilen sen ýaby-ha däl, atam alarsyň. Şol ikisini bile alaýmagyňam ahmal. Şu ýerden bir pars gyzyny satyn alan şol atyň syrtyna mündürip äkidäýmegiňem mümkin. Sebäbi, sen şoňňaly adam, biz bolsak muňňaly adam. Seň bir gytjyňy keýin, Kully-y”... diýip, tä, baryp bazaryň bir çetinden girýänçäler kesanasyndan derisine saman dykdy gitdi oturdy. Gyjyndygysaýam oňa bolan ýigrenji artdy. Soňabaka dagy gözüne Kullynyň keşbi şeýle bir betgelşik göründi welin, asyl, şoňa tarap seredesi gelmedi. Şonuň üçinem uzynly gün bir ýerde ýanaşyk oturan hem bolsalar biri-birleri bilen gepleşmediler. Durup bilmän Kullynyň özi lak atsa-da Apby jogap bermedi. Oba gaýdyp gelenlerinden soňam Apby ýegenine ýüz bermedi. Salam berse-de almady. Alsa-da göwünli-göwünsiz aldy. Olaryň bu gatnaşygyny aňyp ol, bu sorasa-da, sebäbini aýtmady. “Aý biz bir zat diýsek Apby aýtdy bor, gowusy aýtmazlykdyr”... – diýdi-de, sorag bereniň gapdalyndan turdy ötägitdi. Aýalynyň ýanynda welin ýegeni bilen ara düşen sowuklygyň sebäbini aýtman durup bilmedi. Soňundanam: “Dagy-duwara şo gytjyňňy keýin bilen bir ýana gitsem atamyň döli bolmadygym...” diýýip, çyna berimsiz şert etdi. *** Gawun, kak satyp iş gurallaryny kämilleşdirendikleri sebäpli daýhanlar indiki ýyl bugdaýdanam gowy hasyla garaşdylar. “Şeýdipjik gidiberse halkyň sanlyja ýyldan galynyp gidibermegem ahmal” - diýşip, kethudalar uly umytda boldular. – Bergimizi üzeris, bäş-on çuwal bugdaýy dulumyza söýäris, garnymyzy doýrarys, özümizden artanynam näme, geçen ýylky gawun satyşymyz ýaly o ýan, bu ýan äkidip satarys...” diýişdiler. Ýalawajyň ownuk “eýýar” tiresinden Rahmannazar atly bir käsipkeş, ussa adam-a “ýagşy niýet ýarym döwlet” diýlen nakyla eýerip, aýal-gyzlaryň agyr zähmetini ýeňilleşdirmek üçin, derýanyň amatlyrak ýerinden suw çirtip aldy-da, mesenesi hemişe dolup-daşyp, dyňzap duran şowy beýik hem batly suw degirmeninem gurnady. Garnizonlarda gulluk edýän we günde-günaşa gurluşygyň gidişini synlamaga gelýän serbazlaryň, goňşy pars obalaryndan gelýänleriň üsti bilen pars diliniň täsirine düşüp, salyrlar ony “Asyýa” diýip atlandyrdylar. Ýeri gelende aýtsak asman sözi hem degirmen sözi bilen badaşýar we “as-man” ýagny, degirmene meňzeş diýmekligi aňladýar. Beýleki türkmen taýpalary degirmene “Haraz” diýýärler. Ýöne, bu hem barybir baryp maňlaýyny pars diline direýär we “Eşek degirmeni” diýmekligi aňladýar. Ýagny, har-eşek, as-degirmen. Nähili atlandyrylandygyna garamazdan, Rahmannazaryň guran degirmeninden salyrlaryň tamalary uludy. Tährandan, Maşatdan serişde baryny getirip, ussalaryny Hywadyr, Buharadan çagyryp, çykdajy baryny eden Rahmannazar eýýaryň özüniňem öz degirmeninden tamasy uludy. Ol desga hem-ä halkyň güzeranyny gowulandyrmalydy, hemem eýesine ummasyz girdeji getirmelidi. Şol umyt bilenem, uly il bolup, basymrak oragyň düşerine, bugdaýyň bol hasyl bererine garaşyp başladylar. Edil garaşyşlary ýalam boldy. Ýöne, täze ýerde, tarpdan peýda bolan ekinçiligiň öten ýylky hasylyndan çalarak dadyp galan syçandyr-alakalar ol täzelik barada bu ýyl özleriniň has uzagrakdaky kowumdaşlaryna-da irgözünden buşlap ýetişdilermi, nämemi ýaňy bir bişip, agza-burna gelip ugran dänäni olar daýhan oraga başlamazyndanam kän öň öz hinlerine daşap başladylar. Adamlar olary “ýaman algydarlar” diýip atlandyrdylar we ur-tut oraga girişdiler. Ýöne bu çäre peýda bermedi. Gaýtam “algydarlaryň” işini öňküsindenem has aňsatlaşdyrdy. Öň özleri baldagyny kertip, ýatyryp, ondan soň hoşasyny owradyp alýan bolsalar, indi harmandan taýýar däne daşaberdiler. Harman bolsa daýhanlaryň gözleriniň öňünde ýere siňip, peselip gidip barýar. Syçanlaryň şu meselede özlerinden kän-kän emelkeş ekendiklerine daýhanlar harmanlary gözleriniň öňünde peselip ugrandan soň düşünip galdylar. Göçürip gördüler welin, harmanyň ýatan ýerinde hinden ýaňa barmak basara boş ýer ýok. Edil galbir ýaly. Göz-göz bolup dur. Hemmesiniňem içi torgaý düwündiräýjek zire-zire arassa bugdaýdan doly. Hasyr-husur çuwalmy, haltamy, gap-gaçmy tapan zatlaryna salyp harmanam hinlerdäki bugdaýlaram öýlerine daşadylar. Harman ýerlerini täzelediler. Ýöne, o-da peýda etmedi, çünki, birinjiden-ä syçandyr-alakalar günübirin olaryň yzlaryndan oba bardylar we edil öňküleri ýaly emin-erkin bolmasa-da garaz, ogryn-dogrynlyk bilen öýlerindenem öz ýetdik paýlaryny aldylar, ikinjidenem olar barybir eýýäm hasylyň içini üzüpdiler, ep-esli bölegini “ammarlaryna” daşapdylar. Garaz, daýhana öz almaly hakyndan syçandyr-alakalaryňka görä, juda az paý ýetdi. Gemrijilerden, beýle äsgermezçilige garaşmadyk adamlar şondan soň içleriniň ýangyjyna olara “garakçylar” diýip täze at goýdular we hukugy haklaryny yzyna almak üçin, elleri çuwaldyr-çanakly garakçylaryň “amarlaryna” bakan ýöriş etdiler. Olaryň gelýänini aňyp “garakçylaryň” ählisi hinleriniň agzyna çykdylar-da, üýşüp gaýtawul bermekçi bolýan ýaly iki art aýaklarynyň üstünde duruşlaryna “omyn” edýän dek iki öň aýaklaryny çommaltdylar, daş-töwereklerine ýaltaklaşdylar. Birdenem “zybyrt-zybyrt” bolşup hinlerine sümüldiler-de zym-zyýat boldular. Şondan soň olary gördüm-bildim bolmady. “Ammarlardan” welin şeýle bir däneler çykýardy, ony görüp daýhanlaryň käbirleri: “Haý, halalyň bolsun, bugdaý-a asyl şulara ýygdyraýmaly ekeni...” diýenlerinem duýman galýardylar. Ýöne nätjek, hernäçe yhlas etseňem, meýdandaky hinleriň hemmesini köwüp çykyp bolaýanok. Hemmesini tapybam bolanok. Käbirleri bolsa asla elýeterden daşda. Düýbüne ýetýänçäň gazyla-gazyla guma garylyp ýitip gidýänlerem az bolanok. Garaz, harmanyňdan duluňdaky söýelgi çuwalyňdan ýa uryňdan susup alanyň ýaly däl-dä. Bugdaýyň-a şeýdip gutumy gaçdy. Edil boş çykmasalaram garaz, garaşyşlary ýal-a bolmady. Iýmäge goýsalar tohumlyga ýetmedi. Tohumlyga goýsalar Eýran hökümeti bilen hasaplaşara zat galmady. Daýhanlaryň bar umytlary ýene-de bakja önümleriniň öten ýylky ýaly bitginli bolaryna bagly bolup galdy. Ýöne, o-da tersine bolup çykdy. Bakja ekinleri ýaňy bir agza-burna geldi welin, her biri bir gujak ýarym gujak ne gözel waharmanlaryň, hytaýydyr, akbişerleriň, her biri tokly ýatan ýaly garrygyzlardyr-göktorlylaryň bir çetinden şagaldyr-tilkiler parçalap başladylar. Özlerem edil biýaranyň düýbünden düwüp, topragyň iň gowy iýmitlerini özüne siňdirip ulalan goldüýbi, süýji gawunlardan saýlap-saýlap iýýärler. Dogrusy, iýibem gaty bir gönendirip baranoklar-da, parçalaýarlar. Gawuny ýaryp belli bir has süýji ýerini datýarlar-da, baryp ýene-de başga birine ýapyşýarlar. Alakalarypky ýaly aňyrlaryna basjak aladalary ýok. Şonuň üçinem, yzlaryndan baryp zadyňy alyp gaýdara, azu-köp hasaplaşyp içiňi sowadara ýagdaý ýok. Ähli azabyň gözüň öňünde ýere siňip gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyr. Ýagdaý şeýle bolansoň öten ýylky ýaly ekiniň başynda kak sermek, sök gaýnatmak hakda-ha gürrüňem ýok, daýhanlar hasylyň birinji ýüzüni ýygdylar-da kim ulagly, kim pyýada gök ternelerine çenli ýygyp oba çekdiler. Ýöne, barybir onuň bilenem mesele çözülmedi. Sebäbi, bakja diýeniň bugdaý ýaly bir ýygymda sowulaýanok. Yzly-zyyna düwüp, ýetişip gidip otyr. Şonuň üçinem, ilk-ä gijelerine gezek-gezegine garawulçylyk çekdiler. Barybir bolmady. Gijede-hä garawula eýgertmediler welin adamlaryň gözlerine güýdüşip şagallar gijekiden galan işlerini gündizlerine ediberdiler. Özlerem gitdigiçe ökdeleler. Adam bar ýa ýogam diýenoklar-da, “haýda-waý” bolşup, ulyilleri bilen “walalaýlaşyp” bir çozýalar welin, şo-ol, gadymky wakany gözleri bilen gören iki-ýeke ýaşuly adamlar: “Apbas Mürzäniň serbazlary çozandakydanam aýylganç şulaň sesleri” diýşip ýakalaryny tutýarlar-da bir gyra çekilmek bilen boluberýärler. Birmeýdan gezekleşip, elleri tüpeňli obanyň itleri bilen, gije-gündiz garawullabam gördüler. O-da netije bermedi. Tüpeňleriň oklary gutardy, itler laky-tak durdylar, garaz, “ogra mal kän” diýenleri boldy. Hasyl ýetişse olaram zaýalap ýetişdiler. Özlerem hakykatdan-da biri-birlerine habar ýetirýälermi, nämemi gün-günden köpelip gidip otyrlar. Bu ýagdaý uly-kiçi, aýalu-erkek hemmelerem haýykdyrdy welin, bir ýyl bäri oturan-turan ýerinde: “Şu ýyl-a gyňkeýin Gulzaryňka sowulman göni bazara geçerin, juda bolmasa birinden ýarpysyna ulag alyp Maşada giderin –diýip, göwün ýüwürdip ýören Apbyny atdan ýykylan ýaly etdi. Oturyp şagallaryň ýedi pyşdyna çenli nälet okady. – Wah, gyzylja gurtdan azan-a bu “gytjyňňykeýinler” aňyrsy düzüw däl-ä bylaň!... Özem gije duran bilenem sakmançylyk etdi, gündiz duran bilenem. Elinde taýagyndan başga zady bolmasa-da, tüpeňliler bilenem durdy, itiniň ýokdugyna garamazdan itliler bilenem durdy. Telim günläp şeýdip, söwür çekip ylgap ýörensoň birhili ýadadymy, nämemi, beýnisem üýtgän ýaly boldy-da, bir gün hakyt çatmasynyň agzynda çöküne düşüp, ulyili bilen aglamaga başlady. Wagty bilenem goýmady. Gaýtam gitdigiçe örç aldy. – Öten ýyl öýtdüň, by ýyl böýtdüň, böýderiň ýaly men näme Seň arpaňy ham ordummy – diýip, arasynda Hudaýa nalyşam etdi. – Goý how, goý! Beý diýme! Nalama! Osoňam bi bela ýeke seň başyňda däl ahy... Hiç kimiňem käsesi pülpüleme bolup duranok, ala-böle... – diýşip, ondan-mundan ylgaşlaşyp gelen adamlar oňa ýerli-ýerden göwünlik berdiler, höre-köşe etdiler, köşeşdirjek boldular. – Wah, menem şoň ýeke özümiň başymda däldigi üçin aglaýan-da – diýip söweriniň patasyna daş obadan gelen garyndaş ýaly indi dik durup iki eli bilenem ýüzüni tutup aglady. – Aýdypdyrlar-a gyradeňlikden Hudaý saklasyn diýip. Bir özüňde bolmasa ilden karz diläp bolýa, uly ilde bolmasa kimden dilejek? – Aý, şonda-da Hudaýa bir nalyş etme, how, Apby daýy, – diýip, bir ýerden ýegdekläp ýetip gelen, şol-ol kak satylşykdan bäri onuň-munuň üsti bilen ýaňy bir gepleşip ugran Kully çat maňlaýynda çöküne düşüp iki gözüniň içine seredip oturşyna aýtdy. – Näme etmän? Oňa etmän kime edeýin men nalyşy. Saňa edeýinmi? Osoňam, bar, men hiç diýeli, beýdip yzly-yzyna yrsgyndan kesip durady ýaly halk näme edipdir Oňa? – Ol ýaşly gözlerini daş-töweregindäki harap bolup ýatan, bakjaçylyga aýlady. – Muňa bir sered-ä! Öň-ä “gyňkeýin” bermän... Berenden soňam beýdip... Birini syçandyr-alaka, beýlekisini şagaldyr-tilkä şam edip... Ata-babalarymyzam-a gün görmändirler, onda-munda enäp-tenäp... Ony ahyry il içinde iň sylagly adamlaryň biri, ýaşy bir çene baryberen molla Ýegenmyrat köşeşdirdi. Sözüniň täsirli bolmagy üçin, onuň çyn adyny tutup gürledi. – Goý, Allamyrat goý. Aglama-da, Hudaýdan dilgirem bolma. Belki bir günämiz bardyr, horlaýandyr, gowusy şoň pikirini edeliň. – Etmeli bolsa edeliň-dä onda! Biz-ä bir zat diýsek Apby aýtdy bolýa, aýtmasagam içimiz ýanyp, aňrymyz tütäp barýa... Tüýs, “Däliniň müň gepi telek, bir gepi gerek” diýenleri boldy. “Şu taýpanyň dogrudanam Allanyň öňünde günäsi bar bolaýmasyn, ýogsam beýdip, baran ýerinde orun tapman, ornaşan ýerinde hasyly bitmän, bitäýende-de gurt-guşa şam bolup, ata-watandan siwa bolup ýörmezdi” diýen meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin, salyr kethudalary hut şol gijäniň özünde molla Ýegenmyrat başlyklaýyn Teke hanyň öýune ýygnandyrlar. Kethuda ýa han-beg bolmasa-da meseläni orta atan adam hökmünde Apynam çagyrdylar. Çünki, kim näme diýse-de, hernäçe “haý-küş” etselerem Apbynyň agysy, ýürek awusy hemmäniňem, hatda han-begleriňem, molla Ýegenmydyň hut özüniňem kalbynda bardy. Şol ýylyň hasylyna halkyň uly umyt bilen, edil Aýa,Güne garaşyşy ýaly garaşandygam çyndy. Şonuň üçinem, yzly-zyzna ýüz berip duran, tutuş halkyň ykbalyna, gün-güzeranyna täsir edýän şol şowsuzlyklar barada oturyp pikir etmezlik maslahatlaşdyrmazlyk, ýol gözlemezlik mümkin däldi. ...Maslahatda her kimiň pikirini açyk aýtmaga rugsat berildi. – Aý, biz bir owalebetde ters pata berlen taýpa biz. “Başyň birikse agzyň birikse başyň birikmesin”, diýlen. Bar belaň başy ana, şol. Öňkülerimizem şoň üçin öz ömürlerini zir-zöwrançylykda geçiren, belli bir ýerde kül dökmedik... – diýen ýaly halys göwnüçökgünlilik bilen gürlänlerem boldy. – Şol şeýle bolmasa giden bir uly halkdan bölüne-bölüne şular ýaly bäş öýlüsi galmazd-a... Ýene birem: – Hälem bolsa uly taýpalaryň birine goşulalyň-da dynalyň, ýeke özümiz hiç ýerde-de başymyzy çaramyýas – diýdi. – Dogry şol. Asla Marydan gaýtmalam däldik... – diýip, üçünji biri ony goldady. – Tekelere goşulşyp, şolar bilen ilibiri bolup ýaşabermelidik... Etli ganly, garaýagyz, orta ýaşlaryndan geçiberen, az gepli, salyryň baş kethudasy Begnazar sesini boguljyradyp: – O zatlaryň barysy ýer-suw bilen bagly adamlar. Aslynda maryly tekeleriň özleremAhaldan şol sebäpli gaýtmadylarmy näme? Nirä barsaňa, öňüňde şol mesele keserer. Kim, saňa öz agzyndan kesip ýer-suw berer? Onsoňam bu wagt türkmen taýpalarynyň barysy Orsyýetiň raýatlygyna geçdiler. Galan bir Mary. O-da şoň ugrunda. Eşidişimize görä Güljemal han Ahalda ornaşan ors baýarlary bilen ylalaşmak barada hat alyşýarmyşyn... – diýdi. – Indiden soň haýsy tarapa gyşarsaňam Orsyýetiň golastyna düşersiň. Hatda Hywa bilen Buharada Orsyýete ýan berdi şu wagt. Gürrüň şu ýere ýetende Apby tarsa ýerinden turdy-da, gollaryny galgadyp durşuna ýüzüni syçjak itiň ýüzi ýaly eňşeýdip: – Adamlar! Biz şu ýere näme üçin ýygnandyk? Hä? – diýdi-de, ulyili bilen gygyrdy. Gyň... gyňke... – diýip, sakawlaý-sakawlaý, “bazzyk” eden sözüniň yzyny aýtmakdan zordan saklandy. – Bir taýpa goşulmak üçinmi? Ýa-ak! Biz bu ýere Hudaýyň öňünde näme günämiziň bardygyny seljermek üçin ýygnandyg-a. Ana şoň gürüňňini edeliň! Ýogsam ugur-utga ýog-a bu aýdylýan zatlarda. Netijesiz-ä myň bary. – Edil beýle-de däl, Allamyrat diýip, molla Ýegenmyrat onuň adyny doglaly bäri indi bir günüň içinde ikinji gezek dogry tutdy. – Günämiziň ýa ýalňyşan ýerimiziň bar bolmagy ahmal, ýöne, bar bolaýanda-da, şoň jezasyna barabar jebri biz ýeterlik derejede çekdik. Şoň üçinem bu meselde Hudaýy günäkärläp, oň bilen kazylaşjak bolup oturmaklygyň manysy ýokmuka diýýän men-ä... – Gürrüň kazylaşmak barada däl-de, gyň... gyň... günämizi ýuwmak barada, ýulunmak barada barýar. – diýip, Apbam şol bir diýenini tutdy oturdy. – Meň pikirimçe, Hudaý ýoluna ullakan sadaka bermeli. Ajy doýurmaly. Ýalaňaja don ýapmaly... Häliden bäri sesini çykarman agzyny müňküldedip oturan baş kazy molla Oraz ajymtyk ýylgyrdy-da, ýüzüni ýerden galdyrman, ýöne, kesgitli gürledi. – Içinde dokuň bolmasa kim-kimi doýursyn? Baýyň bolmasa kim-kime don ýapsyn? Senmi? Ýa menmi? Han beg diýeniňdedem-ä bir artyk-süýşük zat ýok. Onsoňam Hudaý seň hudaýolyňa zar däldir, ýa garny aç bolup, aş hantama bolup bizlere jebir görkezýän däldir. Bu zatlaryň başga bir emmasy bardyr. – Bileliň-dä onda şoň emmasyny! Aýdyň-da onda näme etmelidigini! Biz bir zat diýseg-ä... – Bermeli bolsa hudaýoly bereris. Mal tapylar – diýip, ýalawaçlaryň içinde iň baýy hasaplanýan Jumadurdy baý söze goşuldy. – Aslynda-da hudaýoly bermek garybyň däl-de dokuň borjy. Hudaý doka diýýä: sen meň beren baýlygymy ýeke özüň holtumyňa dykyp oturma, garyp bendelerime-de ber, ryskyňy bölüş, ýogsam eliňden alaryn, diýýä. Salyrda-da gaty bir tüçjar bolmasa-da Hudaýy razy edibiljek barly adamlar tapylar. – Ol ýeke-ýeke barmagyny büküp başlady. – Ine, mende bar, Ýazmuhammetde bar, Meňli handa bar, başga-da goşuljaklar bar bolsa-ha goşulsynlar, bolmasa şolarmyz bolubam bir zat ederis. Gep onda däl. Ýöne, şony şeýdenimiz bilen mesele çözülermikä? Gep ine, şunda!... – Çözüler! Çözülmese-de ugruna ýykylyp bir göreliň... – diýip Apby indi öňküsine görä birneme çekinjeňräk seslendi. – Zyýany-ha degmez. Iň bolmanda adamlar bir günlükçe doýa-garna hezil-ä ederler. Onuň soňky sözüne ýylgyrmadyk galmady diýseňem boljak. “Haý, Apbyň bar bolsun” diýip çalaja seslenenlerem boldy. Umuman maslahat başlanaly bäri dowam edip duran dartgynlylyk birneme gowşady. Howasy ýumşaşdy. Ahyram baý beýleki ýok, her kim baryndan orta goýmaly diýen netije bilen maslahaty jemlejek boldular. Emma muny Teke han göwnemedi. – Ýok, adamlar, beýtmäliň. Beýtsek biri-birinden kem galmajak bolup ýene-de halk heläk bolar. Esasanam garyp-gasar kösener. Asla onça zady iýere adamam tapylmaz. Ýaňy Jumadurdy dogry aýtdy, sadakalyk maly biz özümiz çykararys... Şeýle hem etdiler. Molla Ýegenmyrat, Eýeberdi ahun, Abyt işan dagy hudaýoly berilýän ortalyk ýerde oturyp dogaýy-dilegler etdiler. Ýöne, maslahat günem köpleriň aýdyşy ýaly, salyryň başyndan yzly-zyzna inýän apatlar onuň bilenem sowlup gidibermedi. Gaýtam öňküsindenem has mojugrak zatlar başlaryndan indi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |