20:03 Salyr soñy Sarahs -9: Ýene-de Zurabat / dowamy | |
* * *
Taryhy proza
Güýz düşdem welin, bir ýerden gögüň ýüzüni duman deý büräp, ýeriň ýüzüni syrgyn deý sydyrdyp çekirtge sürüsi geldi. Ol sary aždarha ýaly “haşyldap” günortadan, dag tarapdan geldi-de, öňünden çykan zady ýalmap, ýuwdup, demirgazyk sary süýşüp ugrady. Özüniňem ne öňi bar, ne ardy. Ýeke bir ekin-dikiniň galan-gaçanlaryny, gögerip oturan iki-ýeke agaçlary däl, gara öýlere, gapylarda ýatan gury agaçlara, odun-çöplere, öý-esbaplaryna çenli bir ujundan syryp-süpürip ýalmap-ýuwdup barýar. Ol hiç kime, hiç zada hüjüm edenok. Çakanogam, dişlänogam-da, ýöne, geçip barýar. Geçen ýerinde welin diş synçgara çöp goýanok. Teýim-takyr. Ol o zatlary iýýämi ýa ýöne leýs edip gidip barýamy belli däl. Iýýän bolsa doýaýmaly, ýene ajygýança bes edäýmeli ýaly. Keýpine zaýalaýan bolsa-da ýadaýmaly, dynç alaýmaly ýaly. Emma ol doýanogam, ýadanogam. Ne gije, ne gündiz hereketsiz wagty ýok. Bu hadysa adamlary alakadyr-şagallardanam beter aljyratdy. Çünki, alaka diňe bugdaýlaryny şagallar gawunlaryny zaýalan bolsa, bu nägehan ozaldanam garyp halkyň galanja zatlarynam ýok edip gidip barýar. Has geň ýeri ol bela goňşy oturan pars obalaryna deger-degmez, diňe Garadepe bilen Zurabadyň üstünden aşyp, derýanyň boýy bilen göni Köne Sarahsa, ondanam Tejene “Ýolbarslynyň” ýylgynlygyna tarap süýşýär. Ondanam guma siňip gidýär. Ýeri-gögi gaplap barýan bu agyr sülsadyň garşysyna göreşmek üçin elbetde, döwlet derejesindäki uly güýç, kuwwat, serişde gerek. Güzeranyny zordan aýlap, ondan-oňa göçüp-gonup ýören kiçijik taýpada bolsa ol zatlaryň birem ýok. Ýöne, olaram barybir gollaryny gowşuryp oturaýanoklar. Içiňde janyň bolsa oturmak mümkinem däl. Şonuň üçinem, gije-gündiz barysy aýak üstünde. Birinden dynsak bir peýda, diýşip onda-munda ot ýakýarlar, tüsse goýberýärler. Iň bolmanda has degerliräk, gerekliräk zatlarynyň, hususan-da ir-iýmişleriniň daşyna tapan zatlaryny ornaşdyryp guma gömýärler, meşige salyp agzynam mazaly bitirýärler-de, suwa salyp goýýarlar. – Şularyň et iýmeýänem bir gowy zat, ýogsam barymyzy iýip gutarardylar – diýip, kimdir biri bir gezek ot ýakyp ýörkäler ýarym degişme bilen aýtdy-da, öz sözlerinden gorkýan ýaly töweregine gorkuly garady. Hiç kim oňa üns bermedi. Jogap gaýtaranam bolmady. Şol ýagdaýda adamlara iň ýakyn hossar “garasar” diýlen guş boldy. Olar çekirtgäniň yzysüre bir ýerden peýda boldular-da, olary bir ujundan “paýhynlamaga” başladylar. Halk birbada olaram çekirtgeleri iýýändirler, garynlary doýansoň uçar giderler ýa-da aşa düşüp ondan bütinleý ýüz öwürerler öýtdüler. Emma, bu beýle bolmady. Olar edil ýokardan buýruk berlen ýaly duýdansyz gelen myhmanlar bilen aldym-berdimli söweşe girdiler. Asmandan “şaglap” inýärler-de, towsuşyp barýan çekirtgeleriň üstlerine abanýarlar, ganatlaryny gerip duruşlaryna çüňkleri bilen garbap alýarlar, başlaryny iki-baka ýaýkap, silkeläp, ilk-ä mazaly ysgyndan gaçyrýarlar, janserek edýäler, soňam gazap bilen ýeriň ýüzüne pylçap urýarlar, onuň bilenem çäklenmän, ujy ýiti dyrnakly aýaklary bilen basgylaýarlar, mynjyradýarlar, peşäp guma garýarlar. Bütinleý hatardan çykandygyna, mundan buýanky ýörişe goşulmajakdygyna gözleri ýetenden soňam uly hyruç bilen başga biriniň üstüne topulýarlar. Ýadaman, ýaltanman, günuzyn şol bir hereketlerini gaýtalaýarlar. Bu ýagdaý hemmeleri haýran galdyrdy. Halkyň halys öçeňkirläp barýan umydyny oýardy, ruhlaryna ruh goşdy, göwrelerine gurp berdi. Olaryň bolup ýörüşlerini synlap duran Kully köwek bir gezek begenjini daşyna çykaranynam bilmän galdy. – “Dert beren Alla dermanynam bile biýr” diýenleri çyn ekeni-ow, görýäňizmi, edil biri yzlaryndan baryp kömege çagyryp gaýdan ýaly... – Soň ol gapdalynda içini tutup, iki bükülip oturan Apba ýüzlendi. – Hä? Hm? Dogry aýdýan gerek Apby daýy? Apby ony goldamady. Henizem köşeşmedik köneje agysyny aglady. – Ýa, “gyňkeýin” bile berýän bolsa nä, şagal bilen syçanyňkynam beräýmeli eken-dä... “Kime näme diýip duranyňy bir bilýäňmi how sen”, diýen manyda töwerek-daşdakylaryň barysy birden oňa tarap üşerilişdiler. Ýöne, her kim içinden: “Aý, jany ýanan taňrysyna gargar” diýenleridir-dä diýen pikire uýandyrlar-da sesini çykaran-a bolmady. Her kim ajymtyk ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady oňaýdy. ...Belli bir wagta çenli işlänlerinden soň, ýere çyrşalan çekirtgelriň endamlaryndan syzylyp çykýan şirelerden ýaňa guşlaryň çüňkleri çyr-çyrşak bolýar-da, gamaşyp başlaýar. Biri-birine ýelmeşýär. Açylyp-ýumulmasy kynlaşýar. Çekirtgeleri wagtly-wagtynda garbap tutup bilenoklar, tutaýanlarynda-da aýryp, zyňyp bilenoklar. Şonda olar agyzlaryndaky öli çekirtgeleri penjeleri bilen çekeläp aýyrmaly bolýarlar. Beýle ýagdaýda “iş” edil öňküsi ýaly şüweleňli gitmeýär. Guşlar welin barybir pişelerini taşlamaýarlar. Uçup gidýärler-de, baryp bir suwly ýere gonýarlar. Suw ulurak bolsa gyrasynda durup, telperräk bolsa içine girip, öňi bilen-ä çaýkap-çaýkap penjelerini, çünklerini, çüňkleridir-penjeleri bilen bolsa endamlaryny ýuwýarlar, kellelerini suwa sokup ýykarýarar, çümýärler, paşyr-paşyr edip silkinýärler, mazaly arassalananlaryndan soňam uçup gidýärler-de baryp ýene-de öz “işlerini” dowam etdirýärler. Bu zatlary mazaly synlap duran baş kazy mola Oraz: – Golaýa suw çekmeli. Juda bolmasa howuz etmeli, çukur gazmaly-da, şony suwdan doldurmaly... – diýip, gapdalynda duran kethuda Begnazara ýüzlendi. – Ýogsam her gezek suw gözläp daşa gitmeli bolýalar, wagt ýitirýäler, ýadaýalar... Molla Orazyň bu teklibini ýeke bir Begnazar däl, hemmelerem goldadylar. Şonuň üçinem, ur-tut, ýerli-ýerden işe girişdiler. Guşlar süýşdigisaýy bularam şol tarapa suw çekip gitdiler oturdylar. Suwy eltip bilmedik ýerlerinde çukur gazdylar, aýallar oglan-uşaklar bolsa, çelekdir-setilli, elleri bilen suw daşap çukurlary doldurdylar. Bu çäre gowy netije berdi. Çekirtge sowulansoň garasarlaram adamlar bilen hoşlaşýan ýaly Zurabadyň üstünden üç-dört gezek öwrüm etdiler-de, gara bulut süýşen dek asmanyň ýüzi bilen, Garadepä tarap ýöneldiler. Ondan soň nirä gidendiklerini bilýän ýok, ýöne şol guşlary salyrlar soň-soňlaram uly hormat bilen ýatladylar ýördüler. Saý-sebäp bilen obanyň içinde görnäýseler, öňlerine däne sepdiler. Hamala olar adam diline düşünýän ýaly, şo-ol, birwagtky eden kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdiler. Howwa, çekirtge belasyndan dynanlaryndan soň salyrlar ýene-de üýşüp ,aslahat etdiler. Onda: “Näme üçin sadaka-sogap bilenem bela başymyzdan sowulmady, gaýtam güýjerledi çekirtge çozdy, bilgije zada gitmelimi” diýen sorag ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de: “Her edip, hesip edip Sarahsa aşmaly bu ýagdaýda biz ýa açlykdan, ýa keselçilikden gyrlyp gutararys” diýlen meselä hem seredildi. Birinji mesele babatda öz pikirini aýtmaklygy Teke han molla Ýegenmyratdan haýyş etdi. Molla Ýegenmyrat daýaw göwresini leňňerledip, selçeň hem gögümtil-ak öwüsýän sakgalyny sypalap oturşyna gyýagrak gözlerini süzdürip şeý diýdi. – Adamlar, çekirtgeden öňem aýdyldy şu gürrüň, ýene-de aýdýas, beren sadakamyz üçin eýtmedi, beýtmedi diýip Hudaýdan nägile bolmaň. Haklaşjagam bolmaň. Ol biziň berýän hudaýýolylarymyza zar däl. Ol bir Hudaýyň adyndan Hudaýyň öňünde sogap gazanmak maksady bilen, ajy, garyp-pukarany doýurmak üçin berilýän aş. “Siz-ä şeýtdiňiz welin, şoňa derek alyň menem size şuny berýän diýen ýaly edähet Hudaýyň düzgüninde ýok. Ol berende-de, alanda-da hiç kimden hiç zat tamakin bolup almaýar, tamakin bolup bermeýär. Onuň öz hasaby bar. Ol hasapdan biziň başymyz çykmaz. Şonuň üçinem, bu zatlaryň sebäbini maňlaýymyzdan göräýmesek men-ä bilmedim-ow... . Aşa tolgundymy, nämemi, molla Ýegenmyradyň süňklek çekgesindäki damarlar tirpildedi, elleri çalarak sandyrady. Şolar ýalyrak terzde başga-da gürrüň edenler köp boldy. Teke hanam, Meňli hanam, baş kazy molla Orazam, baş kethuda Begnazaram asla hemmelerem molla Ýegenmyradyň aýdanlary bilen razylaşýandyklaryny aýtdylar. Umumy pikir gelnen netije şeýle: “Hudaýdan dilgir bolmaly däl, başa inýän muşagatlyklary asla Ondan görmeli däl. Haýsydyr bir günäsi üçin taýpany Hudaý ýazgarýandyr diýen düşünjedenem el çekmeli. Çünki, günä köpçülik bolup edilmeýär, ol bir bolup, ýekebaralykda edilýär, tutuş bir taýpanyň şu derejä çenli aşak çökeri ýaly günä gazanan bolmagy mümkin däl. Dogry, halkyň öz şasy sebäpli günä galýan pursatlaram bolýarmyşyn, ýöne, salyrlarda häzir şa-da ýok, ol özbaşdak döwletem däl. Sütem göräýmese, baran ýerinde hiç kime sütem eden ýerem ýok...” Şunlukda birinji mesele çugdamlanyberdem welin, ikinji meselä geçilýändidigini yglan etjek bolup oturan Teke han birdenkä gozganjyrap, ardynjyrap ugran Abyt işana ýüzlendi. Abyt belki senem bir zat diýersiň şu barada. Geçen gezegem geplemän oňduň. Bu gezek bir aýt bir zat. Şondan soňam esli wagt aşak bakyp, ýuwdunjyrap oturan Abyt işan köpçüligi köp garaşdyrýan bolaýmaýyn, diýen manyda töweregindäkilere birlaý göz aýlap çykdy-da, endigine görä çalaja ýylgyryp: – Aýdylmaly zad-a bar öz-ä – diýdi. – Umuman, Ýegenmyrat aganyň aýdanlaram, köpçüligiň gelen netijejesem dogry. “Hudaýdan bidin çöp başy gymyldamaz” diýilse-de, bar zady başdanaýak Hudaýyň üstüne atyp oturybermek dogry däl. Elbetde, biri ýogalsa-da “Hudaýyň işidir” diýilýär. Bu dogry. Çünki Hudaý her kime kesgitli ömür berýär. Sanalgysy dolan günem alyp gidýär. Çünki, Ol ony oňa amanat berýär... – Abyt işan ýüzüni ýerden galdyrman iki baka oýkanjyrady. – Ýöne, “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” diýenem bir nakyl bardyr, ana, şonuň aňyrsynda ullakan many ýatyr. Ýagny, her bir bolmaly zat wagtyndan öňem bolmaz, soňam bolmaz, ylaýyk wagtynda bolar. Başa geljek zat gelmeli wagty geler, gitmeli wagtam gider. Şoňa çenlli ony bolduraýyn, diýip boldurybam bolmaz, boldurmaýyn diýip boldurmanam bolmaz. Pelegiň çarhyny özi aýlanmasa el bilen herekete getirip bolmaz. Herekete gelen güni saklabam bolmaz... –Abyt işan tebigy ýygralygy bilen “myssa” ýylgyrdy-da, Teke hanyň ýüzüne seretdi. – Wagtymyzy alýa diýmeseňiz şu meselä degişli men size bir tymsaljyk aýdyp beräýeýin?... Teke hanam birenaýy ýylgyrdy-da, tutuş göwresi bilen Abyt işana tarap owsun atdy. – Şeýtsene... Teke han şeý diýensoň, beýlekilerem ýerli-ýerden: aýtda-aýt!... boluşdylar. Ozalam iki sany dost bar ekeni... – diýip, Abyt işan ýüzüni-gözüni çynlakaý sypata salyp söze başlady. – Hersem bir ýurduň şasy ekeni. O bolýa, bu bolýa, ýagy çapýa, halkyň agzy alarýa, bir ýyl gurak gelýä, bir ýyl suw joşýa, mallar gyrylýa, garaz, dürli sebäplere görä günlerde bir gün ýurt dargap şol iki dostuň biri patyşalygyn-a bir ýitirýä, üstesine özem garyp düşýä. Öňki dost-ýarlarynyň, garyndaşlarynyň barysy ondan ýüz öwürýä. Hatda öňki gullaryndan, gyrnaklaryndan iş sorap barsa-da bermändirler. Şeýdip ýörkä bir gün oturyp oýlanýa-da: “Gel-aý, şol dostumyň ýanyna bir baryp göreýin-le, ýaman etse kowar, alyb-a galmaz” diýen netijä gelýär. Az ýöräp, köp ýöräp, ýanyna barýa. Bolan işi birin-birin beýan edýä. Dostam ony diňleýär-de, baş wezirini çagyryp: “Şu adamy hammama salyň, ýuwundyryň, geýindiriň, garnyny doýruň, gije myhman alyň, ertir ir bilenem öňüne ýüz goýun salyň-da ugradyň, öri meýdanlarynam görkeziň” diýýär. Aýdyşy ýaly edýärler. Garyp düşen şa bu ýagdaýa begenjeginem bilenok, gynanjagynam. Gowy garşy almady, diňlemedi, kömek etmedi diýer ýal-a däl. Ullakan bir gönendirip zadam ýok. Şeýle-de bolsa çörek pulum-a gazanaryn-da, diýen niýet bilen goýunlaryny sürüp gidiberipdir. Ýöne, öň mal bakyp görmedigi üçinmi ýa maňlaýyndanmy, bir gün-ä güýçli doly ýagyna on goýnuny buýdurypdyr, soň bir gün apy-tupan turup şonçasyny guma garypdyr, ýene pylançasy gyş doňup ölüpdir, ep-eslisini gurt çapypdyr, ýylan çakypdyr, käbirleri gaýadan uçupdyr, ondan galanjalaram ýazyna ir çykan gyrtyçlary mör-möjek bilen garbap iýipdirler-de çişip ölüpdirler, garaz, ol görgüli göni bir ýyldan soň taýagyny egnine atyp ýene-de şol, patyşa dostunyň huzuryna barypdyr. O-da edil öten ýylkysy ýaly ony üns bilen diňläpdir-de, baş wezirini çagyryp, ýene-de ýüz goýun berip goýbermekligi buýurýar. Garyp düşen şa bilen bu gezegem öňki ykbal gaýtalanýar. Ol ýene-de dostunyň ýanyna gaýdyp gelýär. Ana, şol gezek welin patyşa baş wezirini ýanyna çagyrýar-da: “Şu adama pylan welaýata häkim edip goýuň. Özüň git-de ýerli emeldarlar bilen tanyşdyryp gaýt, hemmeler şuňa boýun egsinler” diýýär. Häkim bellenen kişi hezil edip özüne berlen welaýata gidýär, öň şa bolup gören adam, ýurdy nädip edara etmelidigini adamdan soramaly däl, ähli zady ýerli-ýerinde dürs alyp barýar. Edenem ugruna. Bagtyna ýylam gowy gelýär-de, welaýatyň ekini ýere-göge sygmaz derejede hasylly bolýa. Mallaram gyşdan-a bir sag-aman çykýalar, üstesine önümliliklerem görlüp-eşidilmedik derejede ýokary bolýa. Iň bir gowy görelde görkezen welaýat häkimi hökmünde şa dosty ony ýanyna çagyryp köşkdäki iň uly wezipeleriň birini berýä şol ýerde üç ýyl işländen soňam ony öňki ýurduna şa edip goýýa. Şonda garyp düşen şa dostundan: “Sen näme üçin gelen dessime maňa welaýaty beräýmediň ýa köşge işe alaýmadyň, goýun beren bolduň, çopan eden bolduň, özüňem telim ýola gaýtaladyň durduň, munuň hikmeti näme?.. diýip soraýar. Onda şa: “Ol wagt seňki ýöränokdy. Şalygyňam şoň üçin ýitiripdiň. Egerde gelşiň ýaly welaýaty beren bolsam, onda sen welaýatam bulaşdyrardyň, halkynam heläk ederdiň. Şeý diýip özüňe aýtmak bolsa şol wagt birhilidi. Gelşiksizdi. Oňa wagt, soň özüň düşünmegiň, şonuň şeýledigine göz ýetirmegiň gerekdi. Indi seňki ýöräp ugrady. Mundan beýläk seň öňüňde müşgül iş bolmaz, edeniň ugruna bolar durar” diýip, jogap beripdir. – Abyt işan gürrüňiniň täsirini aňmakçy bolýan ýaly, “myssa” ýylgyrdy-da, aşaklyk bilen oturanlaryň hersiniň ýüzüne birlaý seredip çykdy. – Görşümiz ýaly adamlar, bu bolýan blaşyklyklary biz Ýegenmyrat aganyň aýdyşy ýaly Hudaýdanam görmäliň, taýpamyzyň günäsi sebäplidirem öýtmäliň-de, wagtlaýynça başymyzdan inen şowsuzlyklar döwri diýip düşüneliň. Ol şowsuzlyklaryň basym başymyzdan sowuljakdygyna umyt baglalyň. Taryhda salyryň sürgünli döwri bolupmy, ýene-de bolar, bu zatlaram häki bir barýakaň bolaýmaly zatlardyr. Hiç zat bir durşuna durýan däldir. Bir adam bolsun, halk bolsun başyndan döwran sowlubam biler, ýaňky garyp düşen şanyňky ýaly gaýdyp gelibem biler. Biziňkem şeýle bolar. Hökman gaýdyp geler. Eselen günüň eljiräp, peselen günüň aljyrap, Taňryňa gargap oturmak namartlyk bolar. Her ýolda merdanalyk ýagşydyr. Ýöne bagtymyz haçan, nädip, nähili ýagdaýda, nirede açyljak, ine şony welin men aýdyp biljek däl... O zatlar diňe Hudaýyň özüne aýandyr . Abyt işan sözüni tamamlanyndan soňam esli wagtlap hiç kimden ses çykmady. Her kim aşak bakyp içini “hümletdi” oturdy. Arkan gaýşyp uludan sowuk demlerini alanlaram, aşaklyk bilen biri-birlerine soragly bakyşanlaram boldy. Dymyşlygy häliden bäri sesini çykarman oturan Eýeberdi ahunyň gyryljakdan gelen ýogyn sesi bozdy. Eşitdiňiz dämi, adamlar? Birinji mesele barada şundan dogry tymsaly, şundan dogry hem ýerlikli sözi hiç kim aýdyp bilmezmikä diýýän men-ä... Başga gep-gürrüň gerek däl. – Ol agyr oý astynda gözlerini agdar-düňder edip, Teke hanyň ýüzüne seretdi. – Indi ikinji meselä geçäý, Ýazmuhammet. Uzaga çekmän, ikinji meseläniňem netijesini çugdamlaşdyrdylar: Her zat etmeli, Eýran hökümetiniň islendik şertine kaýyl bolmaly welin, onuň razylygyny alyp Zurabatdan göterilmeli. Sarahsa göçmeli. Salgydy köpräk tölemeliem bolsa, goşun üçin adam bermelem bolsa ýok diýmeli däl. Mahlasy, Abyr işanyň aýdyşy ýaly haçan açyljakdygy näbelli ryskyň geljek gününe garaşyp, gol-gowşuryp oturmaly däl-de, hereket etmeli, şonuň aladasynda bolmaly, şol günüň golaýlaşmagy üçin, şol arzyly pursata ýetmek üçin göreşmeli. Orslar eýelemänkäler özümizi Sarahsa atmaly. Ony özümiz eýelemeli. Şol ýerde ornaşyp, özümizem Eýrana raýat bolup otursak, orslaram batyrnyp bilmez. *** Şondan soň salyr kethudalary her niçik hem bolsa ýyly boş geçirmezlik üçin, çekirtgäniň yz ýany, halk üçin ýene-de Eýran hökümetinden tohumlyk karz däne alyp, üstesine-de şärikli ýagdaýda, ýagny, ýarpasyna, derýanyň sag tarapynda ýöne, Zurabadyň deňräginde güýzlik bugdaý ekdiler. Şeýle hem, assa-ýuwaşlyk bilen, dürli ýollar arkaly Maşatdaky Horasan häkimine arzlaryny ýetirip başladylar. Özleriniň Köne Sarahsa goýberilmeklerini haýyş etdiler. Şol ýere barybilseler ýagdaýlarynyň gowulaşjakdygyny, uzaklaşdyrman öňki-soňky bergilerini üzüp biljekdiklerini şoňa ýakyn adamlara düşündirdiler, mümkin bolan ýagdaýynda onuň özi bilen duşurmaklaryny haýyş etdiler. Horasanyň şol wagtky walisi Maşalla han gepe-söze, hal-ýagdaýa düşünýän, ýuka ýürekli, mysapyr adam bolup çykdy. Elbetde, ol salyrlaryň mundan üç ýyl öň Zurabada indi ikinji gezek mejbury göçürilip getirilmegine sebäp bolan häkim däldi. Ol başgady. Ony golaýda şa öz ýanyna çekipdi we ýerine şuny belläpdi. Täze häkim salyr ýaşulylaryny kabul etjekdigi barada degerli adamlaryň üsti bilen Zurabada habar gönderdi. Kethudalar ony uzak garaşdyrmadylar. Habary alyşlary ýaly dokuz adam bolup ýola düşdüler. Horasan walisi olary güler ýüz bilen kabul etdi, üns berip diňledi, öňki-soňky başlaryndan geçiren ahwalatlaryny eşidip gynandy, duýgudaşlyk bildirdi. – Waý,waý,wa,! Wah, wah,wah!.. Hiý, beýle-de bir zat bolarmy? Ondanam bir güzeran bolarmy? Öňem-ä gün görmänsiňiz welin, bu ýere gelibem... Ah-wah, Ah-wah!... – diýip, şo-ol başyny ýaýkady oturdy. Gürrüňçiligiň soňunda özüniň tizara Zurabada barjakdygyny, ýagdaý bilen ýerinde tanşyp gaýtjakdygyny, meseläni basym çözüp berjekdigini janykdy. – Ekin ekere başga-da ýer kän ahyry, beräýmeliler ekeni, nämüçin bermediler, nämüçin beýtdilerkä? – diýip, garaçyny bilen aýtdy. Aýdyşy ýalam etdi.Zurabada gelip, eşiden zatlarynyň barysyny gözi bilen gördi. Öňküdenem beter gynandy. Nebsi agyrmakdan ýaňa gözlerine çyg çaýyldy. Gitjek wagty taýpanyň aýal-erkek, uly-kiçi, tas, ählisini diýen ýaly daşyna ýygnap, hökman kömek etjekdigini, Sarahsa, iň bolmanda Horasanyň başga bir has hasyllyrak, suwlurak ýerine göçürmäniň aladasynda boljakdygyny, ýöne, öňürti bu barada şanyň hut özi bilen gürleşip görmekligiň gerekdigini, çünki, bular ýaly uly hem iňňän çalt çözülmeli derwaýys meseläni bir özüniň çözüp bilmejekdigini halys ýürekden syzdyryp, dabaraly suratda aýtdy. Muňa hemmeler begendiler. “Hudaýa şükür. Ol biziň dilegimizi eşitdi. Abyt işanyň diýen güni golaýlaşdy. Ine, indi basym ýurdumyza gowuşarys, zulumdan dynarys, ýasdan çykarys...” diýşip ýeňillik bilen dem aldylar. Hiş habara garaşdylar. Bu gün erte tutjak bolup duran toýlaryny Sarahsa göçülip barylaryna goýanlaram boldy. Ýöne, olaryňky bu gezegem paşmady. Edilen arzuw-umytlaryň, ýagşy dilegleriň barysy puç boldy. Çünki, gelen habaryň mazmuny garaşylyşyndan düýpgöter başgaça bolup çykdy. Ýagny, Maşalla han söz berşi ýaly salyrlaryň aladasyny edip ugradam welin näme üçindir ur-tut işinden boşadyldy. Nirä gidenem mälim bolmady. Onuň ornuna pes boýly, göwresi togalak ýüzi hyrsyz häsiýeti yzgytsyz, käse ýaly ullakan, agy sary, garasy bulançak gözleri göreniňden ýüregiňi bulaýan Alymerdan han bellendi. Salyr kethudalary Allany çagyryp Teke han başlyklaýyn onuňam ýanyna bardylar. Kynlyk bilenem bolsa kabulhanasyna girdiler. Arzy-hallaryny aýtdylar. Emma Alymerdan han olary düýbünden başgaça garşylady. Asla diňlemegem islemedi. Kömek ederis, goldarys, diýen ýaly sözleriň dagy üstündenem barmady. Gaýtam içýakgyç soraglar, kinaýaly gürrüňler bilen ýaşulylary kejikdirdi, ozaldanam “güwläp” duran kellelerini bulaşdyrdy. Özem birhili olaryň kyn günlerine begenýän ýaly: – Siziň Eýran hökümetine öňem-ä ummasyz däne bergiňiz bar ekeni welin, bu ýylam-a alypsyňaz ep-eslini. Şonuň üçin siz indi o ýan, bu ýan gitmek barada-ha pikirem edip oturmaň. Siz indi galan ömrüňizi Eýranyň haýryna işläp geçirmeli borsuňyz. Indiki nesilleriňizem şeýtmeli bolarlar. – diýdi. Egerde aýdylana gulak asman, ogryn-dogryn aňryk geçäýseňizem belli biliň, barybir bizden sypmarsyňyz, sypaýanyňyzda-da, baryp orsuň penjesine düşersiňiz. Ol bolsa sizi ýeke bir gulam etmez-de, diniňizdenem çykaryp öz dinine salar. Teke han ähli ýaşulylaryň adyndan gürledi. – Biz bu wagt jan gerekmi-pyçaga geldik, han. Keselçilikden, açlykdan, horlukdan ýaňa adamlarymyzyň Hudaý bilen kazylaşarlyk derejede aňkalary aşdy. Çagajyklarymyzyň, aýal-gyzlarymyzyň ýagdaýy hasam erbet. Şonuň üçinem, gürrüň bu wagt ygtykat barada däl-de, bir döwüm çörek, halky agyr ýagdaýdan alyp çykmak barada barýa. Alymerdan han erniniň bir tarapy bilen ajy ýylgyranda gözleri öňküsindenem beter gorkunç göründi. – Adamlarymyz açlykdan gyrlyp gutaryp barýa, diýdiňiz, hiý, han-beglerden, işan-mollalardan gününi görübilmän açlykdan ýa keselçilikden öleni barmy? Ýa ala-böle olaryň ekinleri gowy bitäýýämi? – Teke han bir zat diýjek bolup owsunyp-owsunmanka Alymerdan han ikinji soragyny suňşurdy. – ....Onsoňam: gürrüň ygtykat barada däl, diýýäňiz, eýsemde bolsa garnyňyzy doýurjak diýseler, orslara imanyňyzy sataýjakmysyňyz? ...Diniňizden ýüz öwüräýjekmisiňiz?.. Şondan soň-a Teke han oňa jogap berjegem bolmady. Egindeşlerem oňa şony aýtdylar. “Muň bilen eňekleşip oturandan peýda ýok, Ýazmuhammet, gideliň” diýdiler. Şeýdibem ýerlerinden turdular. Alymerdan han hatda olar bilen hoşlaşmadam. Hamala myhmanlaryny sylamaýandygyny bildirmekçi bolýan ýaly, beýlekisine öwrüldi-de, häliden bäri öz gapdalynda oturan wekilleri bilen bir zatlar barada gürleşiberdi. *** Şondan soň ol türkmen obalarynyň golaýlaryndaky garnizonlaryň sanyny köpeltdi. Galalaryny öňküdenem beter berkitdi. Serbazlarynyň sanyny artdyrdy. At, ýarag, azyk-suwluk ýagdaýlaryny hasam gowulandyrdy. Gözegçiligi güýçlendirmeklerini, türkmenleriň ýekeje ädimlerinem sypdyrman yzarlamaklaryny obalarda edilýän gürrüňçilikleriň ählisiniň many-mazmunlaryny derhal özüne ýetirip durmaklaryny, munuň üçin ýerli halkyň arasyndan “çawuş” tutunmaklaryny serbazlardan talap etdi. Bu iş üçin ýeterlik derejedäki pul serişdeleri bilen üpjün etjekdigini aýtdy. Ýöne, galan tabşyryklary nägerek-eýle ýerine ýetse-de, tükrmenlerden “çawuş” tutunmak meselesi başa barmady. Asla bu baradaky teklip bilen serbazlar kimdir birine ýüz tutubam bilmediler. Tutaýanlarynda-da kanagatlanarlykly jogap alyp bilmediler. Şeýle-de bolsa olar “şugulçy” üçin, goýberilýän pullary “şolara berýäs” diýen ýaly ýalan sözlere perdelenip öz jübülerine urdular. Ýöne, öňünden berilýän ýalan maglumatlar bilen , halkyň iş ýüzündäki hereketleriniň deň gelmezligi basym olaryň syryny açdy. Alymerdan han hut şu mesele boýunça serbazlaryň köpüsini ýerinde jezalandyrdy, temmi berdi, käbirlerini bolsa Maşada eltip kaza tabşyrdy we watan dönügi hökmünde zyndana taşlatdy, käbirleri üçin bolsa hossarlaryndan köp mukdarda pul aldy. Ondan ýaňa halys paltalary daşa degen salyr ýaşulylary ahyram özara maslahatlaşdylar-da, bu barada Eýran şasynyň hut özi bilen duşuşyp görmek gerek, diýen netijä geldiler. Elbetde, şa bilen duşuşmak üçin Tährana gitmeli. Özem Alymerdan handan bidin, oňa bildirmän gitmeli. Çünki, onuň özlerini Tährana tarap ýekeje ädimem ätdirmejekdigine kethudalaryň gözleri ýetip dur. Olаr şеýle hеm еtdiler. Iki gеzek gitdilеr. Ýönе, şаnyň huzyrуna wеlin bаrybir giriр bilmеdiler. Üçünji gezеk barаnlarynda bоlsa, hаlys ýürеdüşgünç geрe-sözе gulаk аsmaýan, bitеrtip adаmlar hökmündе, kеthudalaryň birnäçеsini tussаg еdip аlty аýa gоlaý zуndanda оturtdylar. Вir gоwy zаt – оlaryň arаsynda Tеke hаn ýоkdy. Оl şо gezеk bаşga bir möhüm mеsele bilеn bаşagaý bоlup gidibilmändi. Türkmеnleriň öz üstündеn аşyp, Tährаna gatnаp ýörmеkleri Alуmerdan hаna hakуkatdan-da ýarаmady. Şоnuň üçinеm, Nasrеddin şаnyň döwlеt işi bilеn Мaşada geljеgini еşidip, sаlyr ýаşulylarynyň dördünji gezеk edеn synаnyşyklaryny hut özi рuja çykаrdy. Şоnda, dеgişli adаmlar sаlyrlaryň duşuşmаk islеýändiklerini аsla, şаnyň özünе duýdurmаdylaram. Gаýtam gödеňsi herеketler еdip, pаýyş sözlеr аýdyp kоwdular, güýç ulаndylar, gаraz, “Ýеr gаty, gök уrak” diýеnleri bоldy. Güzerаn-a çеkip-çydаrdan kуn, çykаlga bоlsa ýоk. Çаr tarаpyň ýаpyk. Gaçуp tеzip Sаrahsa аşaly diýsеler, Еýran hökümеti olаry bаrybir оl ýеrde-de уnjaltjak däl. Öňеm şоl ýеrde оturtman şu ýеre sürеn şolаr. Mаra ýа Ýоlötene dоlanaly diýsеlerem, о ýеrde-de şоl, ýеr suw mеselesi öňlеrinde kеserip dur. Galyberse-de daş gulakdan eşidilişine görä, Maram Orsyýet bilen birikjek bolup ýörmüşin. Üstesine-de Orsyýetem Sarahsa göz dikip ugranmyşyn. Asyl, ol ýer Eýran ikisiniň arasynda dawalymyşyn. Tereziniň agramly tarapam ak patyşanyň elindemişin. Ýagdaý şeýlekä ol ýere barsaň öz aýagyň bilen belanyň üstünden bardygyň, oduň üstünden basdygyň boljak. Ine, onsoň diniňden aýryl-da, doňuz eti bilen arak iç-de ýör. Ýagdaýyňam şu wagtkysyndan erbet bolaýmasa gow-a bolmaz. Iň bolmanda ors baýarlary gazananjaňy eliňden alarlar oturarlar. * * * Salyrlaryň şeýdip, özlerini nirä urjaklaryny bilmän, janserek bolup ýören wagtlary, ýagny 1884-nji ýylyň başlarynda, Mary tekeleriniňem Güljemal hanyň ýolbaşçylygynda geňeş geçirip, Orsyýede birigendikleri baradaky habar dürli ýollar arkaly Zurabada gelip ýetdi. Bu täzelik salyrlaryň gaýgy-aladalaryny hasam artdyrdy. “Maryny alan bolsa, ors hökümeti aňyrsy iki günden Sarahsam alar, sebäbi, ol Mary sebitini tutuşlygyna, hususan-da Tejen derýasynyň sag kenaryny özüne degişli hasap edýärmişin. ...Birdenem Zurabada: “Ors hökümeti hakykatdan-da Sarahsy alypdyr. Içine goşunam çekipdir. “Gel gaýratyň bolsa” diýip, Eýrana ýumrugynam görkezipdir diýen ýene bir habar gelip gowuşdy. Ol habardaky maglumatyň has gyzykly ýeri bolsa, ine şu aşakdakylardan ybarat: Orslar Sarahsa öz orslaryny däl-de, Maryda oturan salyrlary göçürip getiripdirler. Olary eýýäm Köne Sarahsyň ýokary çetinde ýerleşdiripdirlerem, Eýranda oturan salyrlaram Sarahsa göçürip eltmekçimişin, çünki, olar Sarahsyň ata-baba salyrlara degişlidigini bilýälermişin. Olar Eýrana-da hut şeý diýip aýdanlarmyşyn. “Bäş öýli salyry watanyndan siwa edip, itiň gününi görkezip ýörmüşiňiz, utanoňyzokmy!..” diýenmişin. Alymerdan hana dagy: “Her ýan ýatsaňam men Sarahsa göçürip getirýän şolary, şu ýere gelýänçäler biriniň bitiniň burny ganasa-da jogabyny senden soraryn. Seň ýaly possuk gula dagy öz salyrlarymy horlatdyrman” diýenmişin. Ýerli ilatyň dini-ygtykaty bilen-ä asla işi ýokmuşyn. “Hudaý birdir, hemmämizem şoňa tarap barýas. Ýöne, herimiz bir ýol bilen barýas...” diýýämişin. Özleriniňem salyrlar bilen ata-baba garyndaşlyklaram barmyşynmy, nämemi... Bu zatlara halk dogrusy ynanjagynam bilmedi ynanmajagynam. Çünki, şolar ýaly imrindiriji täzelik nijembir wagt bäri alasarmyk hem egbar ýagdaýda oturan adamlar üçin edil, bulutsyz asmanyň ýüzünde ýyldyrym çakan ýaly bir zatdy. Ýöne, her niçik hem bolsa halkyň muňa ynanasy gelýärdi. Hemmeler şol agyz suwarydyjy gürrüňiň çyn bolup çykmagyny isleýärdi. Şonuň üçinem, şol habar gelen gününiň ertesi Garadepeden Meňli hanam çagyryp, Teke han başlyklaýyn gyssagly maslahat geçirdiler we şu karara geldiler: “Sarahsa adam ibermeli, ol ýere gelen ors baýarlary bilen gürleşmeli, eşidilen habaryň anygyna ýetmeli, egerde aýdylýanlar rast bolup, ol ýere göçüp barmagymyza hemaýat etjekdiklerem çynlary bolsa, din dawalaram ýok bolsa, onda olaryň ol teklibine ikelläp razy bolmaly, ýagdaýlary başdanaýak düşündirmeli, kömek etmeseler biziň bu ýerden özbaşdak baş alyp çykyp bilmejekdigimizi düşündirmeli...”. Şondan soň ol ýere ibermeli adamlaryň sanawyny düzmäge başladylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |