14:17 Sanjar hakda hakykat | |
SANJAR HAKDA HAKYKAT
Taryhy makalalar
Seljuk neberesinden bolan Soltan Sanjar hakda geçmiş taryhymyzda maglumatlar, onuň öz döwürdeşleriniň galdyryp giden ýazgylary az däl. Pars, täjik, türkmen we başga-da köp sanly gündogar edebiýatyny ilik-düwme öwrenen görnükli alym, professor Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň Soltan Sanjar dogrusyndaky maglumatlarynda gözüm eglendi. Muny okyjylar bilenem paýlaşaly diýip, onuň “Seljuk agalygynyň edebiýaty” atly işindäki maglumatlar dogrusynda söz açmagy makul bildik. Görnükli alymyň işinde Sanjaryň owadan oglanlara aşyk bolup, olary satyn alyp ýanynda saklandygy aýdylýar. Olara sahylygyny gaýgyrmandyr, irdenki we agşamky keýpi-sapalyklarda şerap başynda ýanyndakylara olaryň öwgüsini ýetiripdir, olaryň özüne wepalydyklaryny nygtap bilipdir. Şonuň üçinem olar hemme ýerde, köşkde-de eýemsiräp gezipdirler. Mahlasy, olaryň “towugyna tok” diýilmändir. Haçanda olar kämillik ýaşyna ýetenlerinde Soltan olary öňküleri ýaly gowy görmekden geçen, gaýtam ýigrenip başlapdyr. Köşkden daşlaşdyrypdyr, yzlaryna it salyp kowupdyr. Hem olary birehimlik bilen öldürdýän eken. Gürrüň bermeklerine görä, bir gezek ol görmän-zat etmän, owadanlygyny daşyndan eşiden Sonkor atly ýaş oglany bir müň iki ýüz dinara satyn alypdyr, ondan daşgary hem şol oglanyň öňki hojaýynyna köp-köp sowgatlar edipdir. Soň Soltan gaznaçysyny ýanyna çagyryp, Sonkora öz köşgünden pes däl köşk gurdurmagy tabşyrypdyr. Oňa bir müň gulam bilen uly mülk bagyş edipdir. Köşgüň içi lagly-göwher diýermiň, garaz, gözüňi gamaşdyryjy zatlardan doldurylypdyr. Ýigrimi günüň içinde Sonkoryň bu köşkde ýerleşmegi üçin sarp edilen harytlaryň sany-sajagy bolmandyr, muňa gysga wagtyň içinde ýedi ýüz müň dinar harç edilipdir. Iki ýyl geçenden soň Soltanyň Sonkora höwesi gaçypdyr. Muny welin gulam duýmandan bolupdyr. Öňki ýalydyr öýdüp, özüni hondanbärsi alyp barypdyr. Hiç kimi - emir bol, wezir bol, parhy ýok, äsgermän başlapdyr. Şondan soň Soltan Sonkor köşkde peýda bolandan, ony tutup öldürmegi emirlerine tabşyrypdyr. Soltanyň ejesiniň gulamy hemem Sanjaryň öz magşugy Ygtyýar Addin Jöwher Täjiniň hem ykbaly şeýle bolupdyr. Soltan Sanjar ony 1124-nji ýylda satyn alýar. Onuň apalanyp saklanyşy weli çeniň-çakyň bolmandyr. Bu gulamyň garamagynda otuz müň nöker bar eken. Sanjar bir gezek Jöwhere ysmaýylardan gaça durmagy tabşyrýar. Şonda Jöwher özüniň Soltandan başga adamdan heder etmeýändigini aýdýar. Şondan kän wagt geçmänkä hem Gün ýaňy dogup başlan wagty, Jöwher öz goragçysy - bir müň sany nökeri bilen Soltanyň köşgüne girýär. Haçanda ol köşgüň basgançaklaryndan aýak basanda, bir “ysmaýyly” jaýyň garaňky burçundan çykyp, oňa ölüm ýarasyny salýar. Daşarda goh-galmagal eşidilýär. Şo wagt haremhanasynda keýp çekip oturan Soltan Sanjar: “Jöwherem öldürdiler” diýip, arkaýynlyk bilen aýdypdyr. Bu wakadan Soltan Sanjaryň bihabar bolandygyna şübhelenmese bolar, çünki “ysmaýylaryň” Jöwher pyçagynda Soltanyň eli bardy. Sanjaryň öz göwün beren oglanlaryna eçilen engamlarynyň hetdi-hasaba bolmandyr. Bu hakda bir gezek oňa köşk gaznaçysy ýatladanda, şonda Soltan ýurt basyp alyp, mundanam köp olja getirjekdigini, şonda ozal özünden bir zat haýyş eden adamyň birje sözi üçin oňa iki esse zat eçiljekdigini aýdypdyr. Megerem, gaznadaky ýygnalan dür hazynalar Soltany kejikdirýän bolmaly, ol diňe baýlygyna guwanyp, gysganç hökümdar adyny almajakdan bolarly. Soltanyň aşa gowy görýänleriniň özlerini alyp baryşlarynyň niçik bolandygyny aşakdaky wakadanam belli. Bir gezek Soltan Sanjara hyzmat edip, onuň göwnünden turýan Gaýmaz Kajgulahyň göwnüne ýakmaýan hereketlerini aýdypdyr. Özi barka ýanynda onuň köp geplemeli däldigini ýaňzydýar. Gaýmaz şonda sesini çykarman oturypdyr. Ýöne munuň üçin Soltandan ar almagy ýüregine düwüpdir. Bir ýola Soltan öz weziriniňkä myhmançylyga gelende keýpi-sapa başlanýar. Şerap başynda keýp çekilýär. Şonuň üçünji gününde Soltan özüni bilmän ýatyrka, Gaýmaz onuň gujagynda oturyp, soltanyň barmagyndan bildirmän ýüzügini alýar, weziriň oturan ýerine ýönelýär. Weziriň goragçysyna Sanjaryň ýüzügini görkezip, hojaýynyň ýanyna barýar. Haçanda olar ikiçäk galanlarynda Gaýmaz weziriň damagyny çalýar we kellesini kesip getirip, Sanjaryň öňünde goýupdyr. Munuň ýaly haýynlygy gören badyna Sanjar birbada özüne gelýär. Soňra Kumaç atly emirini ýanyna çagyryp, bolan waka barada maslahatlaşýar. Kumaç Sanjara bu ölümiň öz hökümi bilen amala aşandygyny aýtmagy Soltana maslahat berýär. Sanjar munuň bilen ylalaşýar. Ýöne aradan wagt geçmänem Gaýmazyň “ysmaýyl ganhorynyň” elinden ölendigi belli bolýar. Görnüşi ýaly, şunuň ýaly şübheli wakalar ysmaýylylaryň (ýagny, haş-haşynlaryñ -t.b.) üstüne atylypdyr. Bu babatda sektantlaryň günäsi artdyrylypdyr. Olar adamlarda gorky döredipdir. Köp emeldarlar öz eden jenaýatlarynyň üstüni ýapjak bolup, bu işiň ysmaýylylar tarapyndan edilendigini ýaýradypdyrlar. Seljuklar döwründe soltan Muhammediň weziri al-Hatybä yraklylaryň ysmaýylydyklaryny, çyn musulmanlaryň bolsa diňe Horasandadygyny soltany ynandyrmak başardypdyr. Şeýle hem ol soltanyň daşyny gizlinlikde hereket edýän ysmaýylaryň gurşap alandyklaryny, olaryň üstüni diňe şolar bilen işleşýän adamyň açyp biljekdigini habar berlipdir. Wezir şeýle adamyny tapyp, şol haramzadalary tapmaga söz berýär. Ol şeýle adamyny tapypdyr. O adam sekta ýolbaşçylyk eden adamlaryň hemmesiniň atlaryny aýdýar. “Üsti açylan” ysmaýylar görülmedik jezalara sezewar edilipdir. Ýöne bu ýalanyň üsti al-Hatybynyň özüniň galplygy ýüze çykarylandan soň, hakykat mälim bolýar. Elbetde, Sanjaryň häkimliginiň pugta bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Garahytaýlylar bilen garpyşykdan soň, täze heläkçilikli wakalar başlanypdyr we şondan soň onuň şalygy soňlanypdyr. Oguz çarwa taýpalaryna Gorkut bilen Tutubeg baş eken. Soltan Sanjar öz emiri Kumaja oguzlara ýiti gözegçilik etmegi hem olaryň üstüne häli-şindi çozup, olary tozatmagy berk tabşyrypdyr. Halys ýürege düşüp, çydamajak ýagdaý döreden soň, çarwalar ýowuz daraýan emeldarlaryň biriniň janyna kast etmäge mejbur bolupdyrlar. Muny eşiden Kumaç çarwa taýpalarynyň üstüne jezalandyryjy goşun iberýär. Emma olar ýeňlişe sezewar bolýar. Şondan soň oguz taýpalaryny düýp-teýkary bilen ýok etmäge rugsat bermegini Sanjardan towakga edipdir. Emirleriň birtopary Sanjaryň bu teklipden ýüz öwürmegini maslahat berseler-de, barybir Kumaç Soltany yrýar. Muny eşiden oguzlar dawa-jenjeli taşlap, özleriniň öldürilen adamlary üçin elli müň düýe we at, iki ýüz müň goýun, iki ýüz müň dinar tölejekdiklerini aýdýarlar. Şeýle hem öldürmäge gatnaşan adamlary hem olara tabşyrjakdyklaryna, salnan salgytlary öz wagtynda töläp durjakdyklaryna söz berýärler. Emma Kumaçyň sözüne ynanan Sanjar oguzlaryň üstüne ýörişe başlaýar. Emma bu gazaply söweş onuň üçin şowsuz gutarypdyr. Çarwa taýpalary öz erkinligi we janlaryny gutarmak üçin görlüp-eşdilmedik batyrgaýlyk bilen söweşipdirler. Şo bir halatda Soltan leşgeri öz arkadaşlaryna garşy sowuk-sala söweşipdirler. Söweşde Sanjar gabalyp, oguzlara ýesir düşüpdir. Ol üç ýyllap ýesirlikde bolýar. Ýöne oguzlar ýesir düşen Soltanyň özi bilen deň bolman, her nämede bolsa ýumşaklyk edipdirler. Ýöne o diýen gowy naharlanmasa-da, ol şa tagtynda oturypdyr. Gorkut bilen Tutubegden özge oguzlaryň hemmesi onuň öňünde eglip salamlaşypdyrlar. Soltanyň ýesir düşmegi bilen, seljuk döwleti synmak bilen bolupdyr. Oguzlar obalary we şäherleri tozdurypdyrlar. Söwda we medeni merkezi bolan Nişapur ýaly Nişapur hem ýumurtga togalyberli edilipdir. Nirä gitseler özleri bilen äkidilen Sanjar bu tozgunçylyklary gözleri bilen görüpdir. Ol oguzlaryň bu päli ýamançylykly işlerini ýazgaryp, olara agzyna gelen söz aýtsa-da, nälet okasa-da peýdasy bolmandyr. Oguzlar ýurdy talamagy dowam etdirýärler. 1156-njy ýylyň irki bahar günleriniň birinde ýesirlikden gaçyp, oňa Termeze aşmak başardypdyr. Şol ýylyň aprel-maý aýlarynyň birinde ol ýogalýar. Ine, şeýlelik bilen “beýik seljuklaryň” hökümdarlygy öz ornuny Orta Aziýa we Horezm şalaryna geçip oturyberýär. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||