10:08 Sapar gyjakçy | |
SAPAR GYJAKÇY
Edebi makalalar
Onuň ýaş-ýeleňleri daşyna ýygnap, degşip, gülşüp-oýnaşyp oturmak endigi ýokdy. Manyly ömrüni agyr märekäniň ortarasynda, ýurt baglan bagşylaryň gabat garşysynda oturyp, şatlyk-şagalaňyň içinde geçirip gelýänem bolsa... dymmarak adamdy. Megerem, agyr-agyr dessanlary diňläp, müň bir tilsimli gadymy heňleri içinden yzarlap oturmagyň uzak wagtlyk endigi onuň bu mizemez gylygyna öz täsirini ýetirendir. Belki-de, uzak gürrüňçiliklerde adatça Köp gepleýän adamlaryň agzyndan käteler bolgusyz sözüň çykyp, ikarada galýanlygynyň telim gezek şaýady bolmagy oňa köplenç gürlemekden dymmagyň elhalyrakdygyny salgy berendir. Mähelle bilen hemişe ýüzbe-ýüz bolup ýörmekligem adamy terbiýeleýär ahyryn. Her güni ajydan-süýjüden doly bu durmuş Sapar aga kimin çörekli, hünärli adamy-da aýnatmandy. Ol döwletli adamdy: tüweleme, sekiz ogluň, üç gyzyň atasydy. Ilki-hä ýetimçilik, soňam öz hünärini külli türkmende öňüne adam geçmez derejä götermegiň uzak wagtlyk azaply hem-de süňňüňi inçeldýän hysyrdylary, galyberse-de, şonça ogul-gyzy il deňine goşmagyň mährem atalyk aladalary oňa egin ýazyp, göwün islegini şagladybermäge ýol bermändi. Şonuň üçin bolsa gerek, ol ýaşlykdan ömrüniň ahyrlaryna çenli her babatda tygşytly adamdy. Ol diňe bir zatda – il-gününe nusgalyk miras goýup gitmeli ajaýyp sazlarynda Hatamtaý dek jomartdy. Emma siz onuň käteler däli Jeýhunyň joşy ýaly göçgünli sazlarynda-da ýekeje artykmaç kakuw görmersiňiz. Muny Pürli agadan gowy edip aýtmak mümkin däl. Ol bir gezek Magtymguly Garlyýewiň radioda berlen konsertini diňläp otyrka şeýle diýipdir: «Be, walla, şu taýyny şeýdip çalaýsa, şu kakuwy şeýleräk alaýsa, gowy bolaýjak diýdirenog-aýt. Aý, tüýs halalyňyz bolsun-how!» Hawa, ol bütin ömrüni halallyk bilen ýaşapdy. Ikimiziň şol gezekki içgin söhbetdeş bolan mahalymyz-a ol eýýäm pygamber ýaşyndan geçen adamdy. 1963-nji ýylyň güýzünde ol şol mahallar heniz ýaş bagşy Baldy Mätgeldiýew bilen täze aýdymlary ýazga geçirmek üçin Aşgabada geldi. Uniwersitetde mugallym bolup işleýän ogly Orazmuhammediň ýaşaýan howlusy onuň myhman jaýydy. Sapar aga Aşgabada gelip, tä yzyna gaýdýança şol howlynyň märekesi kemelmezdi. Bir görseň, Sahy bagşy ýüz-keşbini begençden ýaňa nurlandyryp, ýylgyryp gelýändir, bir görseňem Pürli aga Geldi Ugurly bilen goşa gumry ýalyjak bolşup tirkeşip girerler. Giçgeldi Amanyň «aýagynyň aşagynda garynja ölmez ýöreýşi bilen gelip, ümsümje salam berşem edaly gyz-gelinlere gaýra dur diýdirýändir. Gadymy halkyň edim-gylymyny bedenine, pähim-paýhasyny aňyna siňdirip, perişdä öwrülen, zehini daş ýarýan adamlar! Käteler oturyp pikir edýän: şular diri gezip ýörkäler, gör, nähili arkaly ekenik! Hawa, käteler şunça bagşy-sazanda üýşse-de, aýdym-saz edilmezdi. Gadymy gürrüňlere tutulyp, halypalar ýatlanylyp, gijäniň birmahallaryna çenli oturylardy. Käbir aýdymyň, sazyň öwrümleri ýa-da käbir halypanyň kakuwy, ses alşy hakda söz bilen düşünişmedik mahallarynda Sapar aga ogluna ýüzlenerdi: «Oraz jan, dutaryňy bärik al, oglum». Ine, onsoň, Sapar aganyň özi ýa-da Pürli aga şol öwrümjigi çalyp görkezer. Wessalam. Ýene-de söhbet dowam ederdi. Megerem, bu ýagdaý bir-birleriniň aýdym-saz goruna juda belet halypalaryň özboluşly dynç almasydy. Ýeri gelende şu geň fakty hem aýratyn nygtaýyn: Sapar gyjakçynyň bir özüniň orta çykyp gyjak çalanyny gören adam ýok. Ol «Gyjak özbaşynaçalynýan gural däl» diýerdi. Hawa, şol gezek Sapar aga ýazga geçirtmek üçin «Alym gyz» diýen aýdymyny hem getiren eken. Radiokomitetde ol aýdymy Bally Mätgeldiýewiň aýtmagynda diňläp görüpdirler-de, «Aý, halypa, sazyna-da söz ýok, Ballynyň aýdyşyna-da. Ýöne saz ýazan goşgyň sözleri gowşagrak ekeni. Üstesine-de, bizde «Mugallyma gyz» diýdi, «Nebitçi gyz» diýdi, şu «gyzly aýdym kän. Başga bir şahyr tapyň-da, üýtgeşigräk tema goşgy ýazdyryň. Soň göreris» diýipdirler. Sapar aga: – Aý, alym gelin-gyzlarymyzam, indi, tüweleme, köpelip barýar, şolar bir kemsinmesin diýdik-dä–diýip, Bally bagşa tarap ümlände, oturanlaryň biri dillendi: – Sapar aga, biziň Hudaýberdimizem-ä goşgy ýazýandyr. Kitabam çykjak bolup dur, özem žurnalda işläp ýör. Gyzlar hakda ýaz diýseň, şulam ýazar-la – diýip, ýarym çyn, ýarym degişme bilen seslendi. Sapar aga meniň ýüzüme çiňerildi-de: – Bo-how, Kerbabaýewiň ýoluny tutupsyň-ow! Gowy edýäň. Şondan kem galmajak bolaweri – diýdi. – Kerbabaýew biz ýalakyň müňüsine eýgertjekmi?! Ýüz ýyllap ýazaňda-da onuň deňine ýetip bolmaz-a. Aljyrap oturyşyma zordan şu sözleri tapmaga ýetişdim. Meni Sapar aga «satan» ýoldaşymyň ýüzüni gözüm bilen darakladym. Berdi aga ýaly ägirt uly adamdan «kem galmaly däldigim» üçin, ýaşulynyň sözlerini birbada göwnüme aldym. «Öz işiň bilen bol, goşgy-gazal seniň oňarjak zadyň däl diýdigimikä?! Gazetlerde çap edilen birlän-ikilän goşgymy okap göwni ýetmedimikä?!» diýip, içimi hümledip otyrkam Sapar aga gapdalda ýatan dutary eline aldy-da: Ine, sazyny gowy diňle. Onsoň, haýsy gyz hakda ýazjagyňy özüň ölçerip görüber diýdi. Gyjagynyň owazy bilen külli türkmeni imrindiren meşhur sazanda gabat garşymda dutary gümmürdedip otyr. Özem maňa düşnükli bolsun diýip haýal hem ýuwaşja çalýar. Men onuň uçlary tümmerip duran arryklaç barmaklarynyň sazlaşykly hereketlerine haýran galyp seredip otyryn. Şol mahallar adym-saza düşünişim ýabygorluragam bolsa, Sapar aganyň dutar çalanda-da hiç kimden pes oturmajagyna magat göz ýetirdim. Ol çalyp oturan sazyny tamamlap giň, owadan gözlerini güldürip ýüzüme seretdi: – Nätdi? Saza göwnüň ýetdimi?! – Saz kemi ýok, Sapar aga, ýöne men goşgyny çagalar üçin ýazýan. Ulular üçin goşgy ýazmamy goýdum. Siz Kerim Gurbannepese ýa-da Sapar Örä ýüz tutsaňyz jüpüne düşerdi – diýdim. Dutaryny indi çalajadan tiňňirdedip oturan gyjakçy oturanlara ýüzlendi: – Beh, goşgynyň çaga üçin, uly üçin aýratyn ýazylýanyny biz-ä şu ýigitden eşidýäs. – Ol indi maňa nazaryny aýlap gepledi: – Edýäniň şahyrlyk bolsa, göwün islän zadyň hakda ýazybermelidir-ä. Ýa biz ýalňyşýasmy? Aý, her kim bir zady başarýa-da, Sapar aga, ine siz saz çalýaňyz, aýdym aýdaňzog-a. Şu sözleri aýtmaga batyrlyk edenim ýer aldy: ol owunjak hatar dişlerini görkezip, hezil edip güldi: – Bo-how, Sapar agaň aýdym aýtmaýanyny nireden bilýäň?! Gyssaberseler, aýtmanam durmarys. Ol degişmesini goýup, möhüm bir zat aýtjagyny töweregindäkilere öňünden duýdurýan ýaly çalaja ardynjyrady. Dogry aýdýaň, inim. Her kim başarýan işinde gezmeli. Özüňe ynamyň bolmasa, bagşyçylyk, şahyrçylyk ýaly kärden çörek iýmek aňsat iş däl. Men halal çörek iýmegiň gürrüňini edýän. Ýöne öz käriňe düýrmegiň bilen berilmek diýibem bir zat bardyr. Ynha, ýaňy Kerbabaýewden kem galmajak bolaweri diýsem, oýun edip aýdýandyr öýdüp ýüzüňi sallaýdyň. Berdi agany men ýaş ýigitkä görüpdim. Daşhowza barsa bagşyny (Sapar aga Magtymguly Garlynyň adyny hemişe şeýle tutardy – D.H.) diňlemän, onuň bilen degşip-gülüşmän, yzyna gaýtmazdy. Häli-häzirem meni görse, ýitirip tapan ýaly. A, sen onuň iş tutuşyny neneň görýäň?! Gojalsa-da, şol ýazyp gidip otyr. «Ýazyjy-şahyr diňe pul üçin ýazýar» diýip, küpür gepleýänler hem bar. Näme, Berdi aga pula-zada zardyr öýdýämiň?! Zehin aňyrdan berlen bolanlygynda onuň öňüne gojalygam böwet bolmaz, kynçylygam. Sen şu aýdanlarymy bek bellegin, inim. Ýaşuludan kine saklanyma uzur ökündim. Göwnüm giňäp gitdi. Çaý-nahardan soň oturanlaryň köpüsi işli-işine gitdi. Jaýyň içi biraz çolardy. Sapar aganyň sazyna goşgy ýazmak bahanasy bilen onuň ýanyn- da galdym-da, öz niýetimi duýdurdym: –Sapar aga, durmuş ýoluňyz hakda gürrüň berseňiz diýýän. Žurnalda işe başladym. Oňaryp bilsem, şowuna düşse, siz hakda makala ýazmakçy men. Ol meniň teklibime hezil edip güldi. –Şeýtsene-haw, sen. Ýogsam, çagalar üçin ýazýan diýip, ýer depip dursuň. Agşam myhmançylyga gidýänçäk wagtymyz bar. Gümür-ýamyr edişer oturarys. Ýazmaga bir zat bardyr öýtseň-ä ýazarsyň, ýogsamam, könäni, bolan-geçen ýagdaýlary ýene-de bir gezek ýatladygymyz borda. Men indi hasam ynjalyp, jaýlaşykly oturdym. – Hawa, han ogul, «Adam başy daşdan gaty» diýilýänini eşidýänsiň. Eşidip oňaýanyň kem däldir. Şükür, taňrydan nägile ýerim ýok. Ýöne, alty aýlykkam atadan ýetim galyp, çagakam gören görgülerim ýadyma düşende, şu günlerem inim dyglaberýär. Kakam pahyryň kyrky geçip-geçmänkä, daýylarym «Är öldi –hatyn talak», «Saçy uzyn – garamata ýakyn»diýenlerine eýerip, ejem pahyry öňem telim aýally birine dakyp goýberipdirler. Agam Goç ikimiz enemiziň elinde galyberipdiris. Bu dünýä her kimiň öz rysky bilen gelýäni çyn. «Agzy açyk aç ölmez» diýleni-dä. Garaz, diri-hä galypdyrys. «Tur, otur, kersen getire» ýaran günümizem Goç ikimizi obamyzdaky Gara akýal diýen baýa talaban berdiler. Daň atandan, il ýatýança ody bilen girip, küli bilen çykýas. Baý ýeriniň gelim-gidimine gutarma ýok, hyzmatyna-da. Mal yzyna ýaraýançak, baý bizi öýüň hyzmatynda saklady. Bir ýumşy sähel kemterräk etseň – iýjegiň şarpyk, eşitjegiň sögünç. Şonda-da bir garnyň aç, bir garnyň dok –şuňa-da şükür edip ýörensiň. Egniňdäki eşikleriňi oda atsaň tütemez. Ýetimligiň aňymda goýan yzydyr-da: şindiz-şindizlerem ýyrtyk eşikli görsem, gözüme ýaş aýlanyberýär. «Eý. hudaýym. bendäňe ýetimligi bir görkezme» diýip nalyş edýän. Hawa, ýetim kalbyma ýekeje zat sähelçe teselli bererdi: olam Gara akýalyňka bagşy-sazandalar häli-şindi geler durardylar. Baýyň belent pagsaly, giň malýatagy bardy. Gyş günleri toý tutulsa, ýatagy bir depin arassalap, ak çäge döküp tämizlärdiler-de, ortarada sazagyň goçak töňňesini alawladyp ýakardylar. Giň ýatak az-kem ýylansoň, çägäniň üstüne jypda (Daşhowuz etraplarynda jöweniň palajyndan örülýän düşek – D.H.) ýazyp, keçe haly düşärdiler. Ine, şundan soň bagşyny ojar közüniň golaýjygynda oturdyp, töweregine üýşüşip, aýdym-saz diňlärdiler. Biz ýaly oglan-uşagy malýatagyň içi-hä beýlede dursun, golaý-goltumyna-da getirmezdiler. Uzakly gijäni ýatagyň daşynda oturyp, aýdym-saz diňläp geçirerdim. Uzakly gün buýrulan ýumuşlara ylgaşlap, halys surnuksamam, bagşy gelen gijesi kirpigim kirpigime galtaşmazdy. «Wah, ýekeje gezek bagşyny ýanynda oturyp diňlesem, ölsem armanym ýok» diýerdim. Bir günem, şonda ýaňy ýedi-sekiz ýaşlarymdadym, «Gara akýalyňka Atabaý kel bagşy gelýämiş, malýatakda aýdym aýtjakmyş» diýip eşitdim. Şol ýyllar onuň ady dillerde dessandy. Bagşyňam halypalarynyň biridi şol. Ine, şu gezek weli, bu bagşyny uzakda oturyp däl-de, ýanjagazynda diňläsim geldi. Emma nädip?! Baý agama duýdursam-a, ilki ol meni suwasalma ýenjip, eliniň hözirini görjek, soňam şylhasyny galgadyp, myhmanlaryň gözüne gaçyp ýörmesin diýip, eşekýatakda daňyp goýjak. Bilipjik durun-da. Buýran ýumşuny sähel egsik amal etseň, ol käte bizi şol ýerde daňyp saklaýardy. Çaga beýnime gelen pikirdir-de: malýatagyň bir böwründe atahyr bolardy. Atyň öňüne ot dökülende dargamasyn diýip, ahyr edilerdi. Adamlar heniz ýygnanyşyp ýetişmänkä atahyra girdim-de, bukulyp ýatyberdim. Şol gezek allatagala meniň nalyşymy eşiden ýaly, sazak töňňesinem atahyra golaýrak ýerde ýakdylar. Bagşy orta gelip, aýdyma başlady. Ýüregim gürsüldäp, agzymdan çykyp barýar. «Eý, hudaý jan, hiç kim görmäwersin meni» diýip dileg edýän. Ýylyjakýerde aýdym diňläp, heziller edip ýatyryn. Dutar-gyjagyň sesi süňňüme ornaşyp, kalbymy elendirip, alarladyp barýar. Içimden bagşyny alkyşlap ýatyryn. Baý, Atabaý kelem şol mahallar tüýs ýüňi ýeten bagşydy-da. Naýbaşy aýdymlarda gujuryna bäs gelmän, dutaryny gujaklap zöwwe-zöwwe galybirdi. Horezmine belli bu bagşyny diňläp ýatyşyma, edýän işim däldir weli, boljak işdir-de, çalaja ymyzganaýypdyryn. Bir görsemem, Atabaý kel bagşynyň gabat garşysynda gyjak çalyp otyryn. Kemençäni gyjagyň taryna çala süýkeýän welin, öz-özünden owaz tapyp bagşynyň süňňüňi elendirýän owazy bilen birenaýy sazlaşyp gidip otyr. Ine, bir görsemem, bagşy ikimiz obamyzyň ilerisindäki Molladurdynyň bagynyň üstünde uçup ýörüs. Adamlar bizi tanap, «Beh, ho...o...ol, kirlije oglanjyk-ha Sapar ýetim bolmaly. Şol ýerden gaýdaýsa-ha garpyz ýaly ýarylar» diýşip gygyryşýarlar. Men welin, aýdym ýaly gaýyp barýan Atabaý keliň yzyndan galamok. Gaýtam, ol maňa: «Berekella, Sapar jan, «jan!» diýdim saňa, alyber, çalyber» diýip, goltgy berýär. Bu sözlere hasam göterilip, hakyt guş ýaly gaýyp ýörün-dä. Bir oýansam, mal ýatagyň içi durşuna owaz bolup dur. Bagşam, jaýam gyzyp, ýetjek derejesine ýeten bolmaga çemeli. «Eý, gümanym sendedir daglar, eý-weý-eý!» diýen şirin owazyň zarbyna tarsa ýerimden turup, bagşynyň çat maňlaýynda sömelip duruberipdirin. Turdy bir gopgun. «A-haw, ýerden çykdymy-aýt, bi yşarat», «Weýt, jyn-arwah bolamasyn-da häli», «Bi garalygy bilen ojakdan çykandyr» diýşip, çaý-nahardan gerk-gäbe bolup, najyraşyp oturan garynlak adamlar gowur baryny turuzdylar. Onýança-da güýçli bir el çignimden penjeläp tutdy-da, malýatagyň derwezesinden pyzyp goýberdi. Atylyp honda düşdüm. Şol gezekki kalbyma dolan owaz gaýdyp çykmady. Birhili güň bolan ýaly gezip ýörün.Bir zat sorasalar, iki-üç gaýtalamasalar teý eşidemok. «Saparjyk ýeldirgäpdir» diýibem gep ýaýratdylar. Meniň welin, gep-söz azaryma däl. Gören düýşümi ýagşa ýorup, şol gezekki «çalan» sazlarymyň owazy bilen ýatyp-turýan. Gündizlerem ony «diňläp» hezil edýän. Özümem adam oglundan bizar. Ýeke bolanymy kem göremok. Kim geplese, saz «diňlemäge» päsgel berýän ýaly bolup dur. Şol günlerem Gara akýal «Saňsar ýetimçe, öýde ýumuş edip gönendirenok» diýdi-de, meni çekenäniň yzyna saldy. Hudaýyň maňa nazar saldygy hasap etdim: baýyň gäwmişiňki ýaly hemişe gyzaryp duran gözünden, awyly dilinden, gödeňsi ýumrugyndan az-kem daşlaşdym-da: «Şunuň ýüzüni näçe görmesem, şonça gowy» diýip, çekenäni daň bilen alyp gitsem, garaňky mazaly gatlyşýança getiremok. Baýa-da geregi şol. Obadan at gaýtarym daşlykda goýun yzynda içimi hümledip ýöremok. Çolaja ýerde oturyp, aýdyma gygyryp, öz-özüm hezil edýän. Bir günem gamyşdan tüýdük ýasaga-da, gygyldadyp başladym. Oglan başyma bu-da bir güýmenje. Ýöne esli wagt geçensoň, tüýdükde çalýan sazlarymdan özümem lezzet alyp başladym. Bir görsem, ýoldan geçip barýanlaryň durup diňleýänlerem bar. Soňabaka: «Sapar jan, şol Ýemreliň oýunda oturyp çalýanlaryňdan bir heň gaçyryp bersene» diýip, çyny bilen haýyş edýänlerem tapylyp ugrady. Taňryýalkasyn berýänlerem bar. Bir günem Gara akýal goýunlary takyr ýerde bakypsyň diýip, meni mazaly ýençdi. Ýaşuly adamlaryň biri gelip: «Gara baý, oglanyň ganyna galaýma, ýetim oglanda näme jan bardyr öýdýäň» diýip, haýykdyrmadyk bolsa, ol meni hasam beter ýençjekdi. Iki-üç gün usurgap ýatdym. Ysgyna gelen badyma-da, Ýemreli obasynda ýaşaýan Töremyrat daýymlara tarap ökjäni göterdim. Ol şol obanyň harazyny sürýärdi. Bolan ýagdaýlary oňa gürrüň ber- dim. Daýym meni gadyrly garşylady. «Gelip gowy etdiň, ýegen. Özümem seni idäýin diýip ýördüm. Käteler Ýemreliň oýunda tüýdük çalýaň. «Kilwan, diňle, Sapar ýegeniň şu çalýan» diýşip, haraza gelenler gowur baryny edýärler. Degirmeni durzup diňlemeli edýäň käteler. Bilýäň-ä menem aýdym-sazyň aşygy. Hem-ä kömekçim borsuň, hemem tüýdükçim». Şeýdip, daýymlarda geziberdim. Bar buýurýan ýumşam haraza goşulan eşege, düýä haý-küş edip oturmak. Haraza gelýänleriň barysam meniň diňleýjilerim. Kimsi bir döwüm çörek, kimsi bir düwür gant berýär. Garaz, ýetim garnym-a dok, üstesine taýakdan-ýumrukdan halas. Bir günem Töremyrat daýym meni ýanynda oturtdy-da, «Ýegen, görýän weli, sen saz-söhbetsiz oňmajaga meňzeýäň. Tüýdük çalyp çörek iýen ýok heniz. Öňi-soňy şu ugurdan bir zat öwrenjek bolsaň, gyjak öwren. Men saňa başardygymdan bir gyjak ýasap berjek bolaýyn» diýdi. Begenjimden ýaňa diriň-diriň böküberipdirin. Töremyrat daýym sözünde tapyldy. Ýaramazyragam bolsa, garaz çalaňda gyjagyň owazyny çykarýan bir gural ýasap berdi. Ynha şeýdibem, ýedi-sekiz ýaşymdan gyjaga baglandym galyberdim. – Eliňize alanyňyzdan çalyp başlaberdiňizmi?! – Baý-bow, çalma niräň gürrüňi! Tutuş ýyllap gygyldadybam «Sen-seniň» başyny bogup bilmedim. Hany, şol ýyllarda şu günlerki ýaly arzanjak gyjak dutar satylýamydy?! Dutar, gyjak o jelegaýlara aýdym-sazyň örňän ýerinden – Ahal etraplaryndan kerwen bilen barardy. Hakyky dutary, gyjagy elimize alanymyzda demimiz tutular giderdi. Hawa, şondan soň meniň oýnagym gyjak boldy galaýdy. Ellerim gurap gidýänçä çalýan. Eger-eger bolanok. Hany, o döwürde «ony şeýt, muny beýt» diýip duran hal etrapynda gyjakçy seýrek-hä bolmaly däl. – Hywa etraplarynda gyjakçy seýrek-hä bolmaly däl. Gyjak başda şu etraplarda çowdur garyndaşlarymyzda döräpmiş diýýärler. Sapar aga selçeň sakgalynyň ujuny çowlap oturyşyna az-kem böwrüni diňledi. –Hä, bärlerde şeýle gürrüň barmy?! –Aý meniňkem eşitmiş-dä, Sapar aga. – Hä, kim aýtsa-da, hakykatdan daş düşmändir. Çowdur garyndaşlarymyz aýdym aýtsa öňdesi gyjakdyr görseň. Şol heňleri dutara ýanasaň boljagam däl. Garadäli gökleň halypanyň garran mahallaryndaky ýanamaçysy Hemra pahyram çowdurlardan bolmaly. Söýeg bagşy, Petek bagşy, Jumamyrat halypa dagam çowdur ýolunyň ägirtleridi pahyrlar. Şindiki Palta halypany diňleýänsiň. Öwrenişmedik adama delräk ýalydyr aýdyşy. Ünslüje diňleseň, bilersiň onuň zabun aýdýanyny. –Onda siziň halypaňyz bolmandyr-da! – Pylan halypadan öwrenip, şondan akpata aldym diýsem-de hudaýdan daş düşjek. Ýöne Sapar süýrentgi, Atabaý kel, Öre şyh, Nazar baga ýaly ägirtler bilen, soňam Hywa barandan soň är ömrüne barabarrak wagtlap Magtymguly bagşy bilen tirkeşip uzak ýyllar kebşirläp köp-köp heňleri häzirki kaddyna ýetirdik diýsem, dogry boljak. Ýöne heniz daýymyň ýasap beren gyjagyny gije-gündiz syhalap ýörkäm, bu derejeler ýatsamam ýadyma düşmezdi. O döwürler diňe gyjak çalyp, içiňi gowzadyp ýörmegiň elpe-şelpe zamany däldi. Gün-güzeranam görmelidi. Daýym meni ese-boýa galýançam ekläp-saklady. Şoňa-da minnetdar bolup, ömrüm boýy alkyş aýdyp ýörendirin. Ýogsam daýymyň öz eklemelilerem az däldi. Bu dünýede, han ogul, birek-birekden ömürlik süýrege hantama bolup ýörmelem däldir. Jaý ýerinde goltugyňdan galdyrylsa boldugydyr. Galamasyny urbalygyňda bir zat bolsa, arabany özüň tigirlemeli. Megerem, bahymrak il hataryna goşulsyn diýendir: daýym meni Tagtanyň Bedirkent obasyna talabançylyga ýollady. Şol obada garadaşlylaryň bir kowçumy oba bolup ýaşaýardy. «Daýym: «Şol obada talabana köpräk hak berilýämiş. Belki, egniň galaýady-da, öýli-işikli bolmaly günleriňem indi daşda däl» diýdi. Şeýdibem, Bedirkende gelip, Guba baýa talaban durdum. Şol döwürlerde Tagta etrapynda atly bagşylaryň ençemesi bardy. Pälwan hoja, Sapar süýrentgi, Öre şyh dagy eýýäm ýüňi ýeten bagşylardy. Guba baýyňka gelemde, şu bagşylary diňläp, hezil ederin öýdüpdim. Emma Guba baý diýýänimem tüýs bir taňry tutan adam ekeni. «Hudaýtagala her kesi bir hili gargarmyş» diýleni çyn bolmaly. Aýdym, dutar, gyjak baýyň gyrjynydy. Gygyldy, tiňňildi eşitse, arryklaç saryýagyz ýüzüni gamaşdyryp, gök gözlerini ýeserlik bilen alardyp, tutgaýy tutýan ýaly: «Güm et kädiňi, gap sesiňi» diýip, diriň-diriň bökübirdi. Toýa barsa, bagşylar saza başlandan turar gaýdybirdi. Aýdym-saz lezzetinden hudaýtarapyn binesip edilen bolmaly. Hawa, Tagtada ezber gyjakçylaram bardy. Pälwan hojanyň gyjakçysyna Pirjan diýerdiler. Garadäli gökleňiň «Gapy gezenini», «Lälesini», «Yňdarmasyny» özi bolup çalýamyş diýerdiler. «Gyr at geli», «Garanergizi», «Biwepany» çalyşy zabundy. Talabançylykdan düşen hakyma ussa ýasan gyjak zdindim. Gün batdygy ýerdölä girip, gijäň ýaryna çenli eşiden sazlarymy «sana saljak» bolup gidişýän. Ellerimiň ysgyny gaçsa-da, kalbymyň hyjuwy egsilmezdi. Guba baýam: «Edi garynly ýetimçe, gijäni bedähet kädiňe güýmenip geçirýäň, gündizem kelläňe taýak degen ýaly, buýrulan ýumşy oýaly-ukuly edýäň» diýip, azar ýamanyny bererdi. Şonda-da gyjagymdan el çekmedim. Asyl men aýdym-sazsyz ýaşabam biljek däldim. Çemini tapsam, goňşy obalarda bagşy aýdýamyş diýseler, at salar gidibirdim. Şeýdibem, Tagtanyň atly bagşylaryny, Nazar bagany ençeme sapar diňläp gördüm. Eşiden aýdymlarymy düwünçegime mäkäm düwer goýaýardym. Soňabaka oba bagşylary meni ýanlarynda çaldyryp başladylar. Sähel wagtdanam meniň idegim köpelip ugrady. Sapar diýen adymyň yzyna «gyjakçy» ady ýelmeşdi duruberdi. Meniň «gijegezerligim» Guba baýa ýaranokdy. «Ýarpy hakyny alarsyň, pilit» diýip, haýbat atýardy. Meni welin, indi onuň haýbaty gorkuzmaýardy. Gyjakdan gün dolabiljegime-de gözüm ýetmän duranokdy. Bir günem meniň dilegim duş boldy. Guba baýyňka hakyt Sapar süýrentginiň özi gelip düşdi. Aýdym-saz eşiderin diýip begendim, başga zat göwnüme-de gelenok. Birdenem meni onuň ýanyna çagyrdylar, edep bilen salam berip bardym. «Hany gyjagyň, bar gyjagyň bilen gel!» diýip, gözüni güldürip, hemle urýar. «Sapar gyjakçy diýip biri döräpdir, dodagyň gymyldasa bolany, üsgülewügiňem sazyna salyp otyr diýip, dym goýmadylar. Şol gürrüň çynmy-ýalanmy bileýin di- ýip gelşimdir» diýip, garşysyna geçip oturanymdan soňam degişmesini goýanok. Ýapbaldaňdan dört-bäş heň gidişdik. Ellerim kemençä derek ýylan tutup duran ýaly sandyraýar. Hernä bagşy dadyma ýetişäýdi. Aşagrak eglip: «Hä, hä, şeýdiber, boljak, boljak» diýip, goltugymdan göterýär. Aýdymyna-sazyna üns bersem-ä, ondan kem galmajagam bolýan. Kimiň garşysynda oturanlygymy kelläme getirsemem, halys aljyraberýän. Bu bolşum atly bagşa aýandyr-da. Her gezek aýdym tamamlananda, «A-haw, nirelerde bu derejelere ýetip ýörsüň?! Gije-girimde jyn-arwahdan sapak alyp ýören bolma häli. Öwrenjäniň işi-hä däl bu çalşyň» diýip, göwnüme teselli berýär. Ýene bäş-on aýdymda synanyşdyk. Guba baýyňam tozgalap duran saryýagyz meňzi garalyp, gözleri hanasyndan çykara gelýär. Ahyram Sapar süýrentgi meniň ýetimçiligimiň «töwürini» galdyrdy. «Süýjije talhan ýaly dym pytrap ýatyr diýamasaň, delje sazyň-a bar. Burunlaklap tartybersek, tertip-tälime gelip, ile goşulmagyň-da ahmal. Zehiniň-ä bar eken, tutup saklabilseň-ä, başyma bagt guşy gondy diýilýän şu bolmaly. Paty-putyňy ýygna-da, düş yzyma». Gulagymyň düýbünde top atylan ýaly, gözlerimi mölerdip dymyp durun. Hany, biragyz gepläp bilsem. «Meniň bilen gitmäge razymyň?» diýip soraýaram weli, «bolýa» diýmäge dilim öwrülenok. Ahyram, «Agam, meniň hakym näçeräk bor» diýip, zordan dillendim. Sapar süýrentgi «Sen meniň talabanym däl, gyjakçym borsuň» diýip gönüledi. Baý, bagşy adam-dow, pahyr. Süýrentgi adyny güne ýatyp alan däldi. Aýdyma mazaly gyzanda, joşgunyna bäs gelmän, dutaryny döşünde tutup, çar töweregine müňzäbirdi. Öre şyh bilenem iki-üç ýyl tirkeşdik. Öz ugruna tüýs bagşy adamdyr Öre şyham. Siz ony göwnünden bat, dyzyndan kuwwat gidende diňläp ýörsüňiz. Bagşy gojalsa, aýdymam gojalýar, bilseň. Nazar baga bilen daklyşyp ýörkägem Magtymguly bagşy pahyr bardy bärden. Jikge bagşynyň, Atabaý keliň ýanynda üç-dört ýyl gezip, hywa heňlerine belet bolup ugrady. Soňam Nazar baga gol berdi. Nazar pahyram näme, sesi, el hünäri hudaýdan berlen adamdy-da. Garadäli gökleňden başlap, özünden öňki öten bagşylaryň ählisiniň «goruny» holtumyna dykan bagşydy. Magtymguly bagşynyň nätüýsli zehindigine-hä özüňem beletsiň-le. Baý, el hünärem bar-dow, pahyryň. Aýdymyny goýup, sazandar bolaýanda-da, şunça at galdyrardy. Ahal etrapynyň adamlarynyň köpüsiniň oglanka oýnagy dutar bolýar. Göwnüň aýdym-sazdan heserli bolsa, ýol görkezjek adamam gyt däl. Bagşy pahyr ýaly kysmatyň dutara baglanyp dünýä gelen bolsaň-a bar onsaň. Diňläniňi kalbyňa setirläber. Magtymguly pahyr Daşhowuza gelende-de, märeke güýmär bagşydy. Ýöne onuň zehin ýaryp, aýdym harmanyny çäç eden ýeri şu jelegaýlar boldy. Üns berseň, bagşyda külli türkmeniň heňi, owazy bardyr. Ähli aýdymynyň ýazylyp alynmadygy köseýär. Dört-bäş gijeki aýdymy ýazgyda galaýan bolsa, bilerdiňiz onuň kimdigini. Hawa, heniz öýlenmedik ýaş ýigitkämem bagşy bilen hünärimizi bire bagladyk gidiberdik. – Nazar baga ýaly ägirtden nädip sypdyňyz?! – Ilki-ilkiler-hä ikisiniňem ýanynda çaldym. Soňabaka bagşy pahyr «öz ýoluny» tapdy. Maňa-da geregi şoldy. Bagşy käbirleri ýaly halypasyny ýassanyp ýatmady. Olara öýkünjegem bolmady. Halypalardan alanlaryny öz «galypyna» salyp, täzeçe ýaňlandyrdy. Ussatlykdan alamat şu, bilseň. Meniňem küýsegim özgä öýkünmezlikdi. Ikimiziň başymyzy çatan şu zat bolmaly. – Bada-bat Alili bagşynyň ýoluna düşüberdiňizmi onsoň... – Wah, han ogul, bagşyçylyk ýaly Adamata döräli bäri ýanyň bilen gelýän gadymy kärde bada-bat ýol taparmyň sen. Senden öň nijeme sütünler gelip-geçip, gör, näçe aýdym-saza «jan berip» gidipdirler. Il-halkyň arasynda ady galanlaryny welin, barmak büküp sanaýmalydyr. Şol ägirtleri gönüden-göni gaýtalap ýörseň-ä, seniňem ýaşalan ömri ýaşadygyň. Şolaryňka bir zat goşup, öz ýol-ýodaňy tapjagam bolsaň, gyjagyňy, dutaryňy gije-gündiz «gemrip», nijeme «bahyl agajyň» sapyny ýülmemeli. Her bir-her bir heňler bardyr, şolary kakuwyna salyp, bogazyňa «deňläýjek» bolsaň, baý, azap çekersiň-ä. Ussadyň aýdyp ýa çalyp otyrka, göwnüne senem başaraýjak ýalysyň. Emma ýekeje kakuwdyr weli, zehiniňi «käýitmän» saňa baş beräýmez. Käbir aýdymy, sazy islegiňe görä çalmak üçin bir ömrüňem ýetmez. Ençeme ömürlerde kemal tapan sazlar-a olar. – Käbir aýdymlary, belki, ikiňiz döredensiňiz?! – Bir aýdymyň gulagyndan tutup, şunuň sazyny özüm döretdim ýa-da şu sazy bagşy döretdi diýib-ä biljek däl. Ýöne bagşy ikimiziň aýdymlarymyzyň asyl nusgalaryny çalyp bersem, sen oňa biziň näme goşanymyzy aňarsyň. Sapar aga dutaryň gulagyny çekip düzdi-de, maňa hem tanyş, hem nätanyş bolup eşidilen bir sazy höwes bilen çalyp berdi. Şol döwürlerde dutar çalmagy ýaňy öwrenip ugranam bolsam, şol sazy «tanamadym». – Ine, şu ýerleri-hä her kime-de tanyş bolmaly – diýip, Sapar aga sazyň bir öwrümini gaýtalap çalyp berdi. –«Gyzlar, göteriň sandygyny» çalýaňyz ýaly-la. – Ine, bardyň üstünden. Çowdur garyndaşlarymyzyň «Aýjan galpak» diýen sazy bolmaly şu. Şuny bagşynyň aýdyşynda diňleseň, ene deregini tapmarsyň. Bagşy pahyryň «Bugdaýlysy» («Ýat bolar»), «Gaýypsakary» (Zülpüň seniň), «Nalyşy» («Hemaýat ýagşy») hem çowdur sazlaryndan alnan bolmaly. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýipdir Magtymguly şahyrymyz. Çyn söz şol. Garadäli gökleňem ömrüniň köpüsini çowdurda ýaşap geçiren. Ir mahallar çowdurda Gammar bagşy ýaly zor-bagşylar, Babajan işan, Janmämmet, Hanjan gyjakçy ýaly ezber gyjakçylar bardy. Bagşy ikimiz olardan köp-köp aýdym-sazlary öwrenipdik. Men saňa şu ýerde aýdymyň diňe çowdur ýolundan alanlarymyzyň gürrüňini etdim. Teke ýoly, ýomut ýoly, salyr, saryk, änew, ärsary, nohur – türkmen heňleriniň gör, näçe şahasy bar. Hersinden geregiňi alyp, özüňki bilen mazaly eýläňde «öz ýoluňa» düşmegiň mümkin. Onda-da, elbetde, gabyr azabyndan gaçmasaň'. Bagşy ikimiziň haýsy aýdyma näme goşant goşanymyzy biljek bolsaň, şol aýdymlary Sahynyň aýdyşy bilen deňeşdirip gör. Düýbi birdir, ýöne hersi bir dünýädir. –Sapar aga, gyjakça süýregçem diýiläýýärmi? –Aý, ilçilikde her haýsysam aýdylýandyr. Ýöne gyjakçy bagşyny süýreýämiş diýseler-ä bolmaz. Dogry, ses yzarlap, sepini bildirmän çalyp oturan gyjakçylaram bar. Perdeden başyň çyksa, bu bir kyn närse-de däl. Emma iş perdeden aňyrrakda. Gyjagyň owazy dutaryň tarynyň içi bilen baryp, bagşynyň ýürek taryna baglanmasa, süýregçä öwrülip, aýdyja artyk ýük bolmagyň ahmal. Sahynyň Çary Gurban bilen aýdýan aýdymlaryny bir diňläp gör. Eräp gatyşan ýaly bütewije bolup durandyr. Käteler sesi bolup, sazdan oňly baş çykarmaýan bagşynyň ýanynda gyjak çalýaň: eddil şüdügärden ýörän ýaly. Bäş-alty aýdymda lütüň çykýar. Ertesi gün haýsy ýaňa ýöreýäniňi bileňok. Bagşy pahyryň ýanynda çalamda, aýdym gyzdygyça süňňüm ýeňläbirdi. Soň görüp otursam, bagşy pahyram meniň ýaly eken. Ömrüniň ahyrlarynda bir bolgusyz zadyň üstünde onuň bilen tersleşdik. Ikimiziň goşa gumry ýaly bolup ýörenimize içigaralyk edýänleriň biri ara çöp atan ekeni. Adam näçe kämil bolsa-da, çig süýt emen-dä. Hawwa, dört-bäş aý geçenden soň, bagşy bilen ýaraşdyk. Bir görsem, az-kem küýkeräýipdir. «Bagşy, janyň beri sagmy, göwnüme biraz horlanan ýaly» diýsem, «Şunça aýlap öwrenje gyjakçylar bilen aýdym aýdyp, ölmän sypanyma şükür etsene sen» diýdi. Ýogsam, şol günler onuň garşysynda oturyp gyjak çalmaga het edip bilenleriňem özlerine göwni ýetýärdi. Ýoluň gaty inçedigi-dä şu, bilseň. – Sapar aga, Türkmenistanda baryp görmedik obaňyz barmyka?! – Täze dörän obalar bolaýmasa-ha gadymy obalaryň barysy görlen bolmaly. Gum içinde-de barmadyk obamyz az-azdyr. Jüneýit hanyň ýaşan guýylarynam görüpdim. – Belki, özünem görensiňiz?! – Hanyň özün-ä telim gezegem görüpdim. Owgana gitmeziniň öňünçäsi ol bagşy ikimizi Damla guýusyna çagyrdy. Şol döwürde ol goşuny bilen şol ýerlerde ýaşaýardy. Çakylygyna barmasak, onuň göz görkezäýmegem daş däldi. Özümiz-ä özümiz weli, obanam alada etmelidi. Barsak, han Damladan Igde guýa göçüpdir. Uly oba bolup otyrlar. Garrylar, aýal oglan-uşaklaram kän. Kileň hanyň yzyna düşüp, obalaryny terk edip baran adamlar. Bizi Hydyr gören ýaly garşyladylar. Biz-ä aýdym-saz edýäs. Töweregimizdäkilerem ýüzlerini sallaşyp otyrlar. Bir hepde olara aýdym-saz edip berip yzymyza dolandyk. – Han size gazabyny görkezmedimi?! Sapar aga çalaja ýylgyryp, başyny ýaýkady. Ep-esli wagtlap dymyp oturdy. Soňam göreçlerime dikanlap seretdi. – Be, Sapar agaňy gepletjeg-ow sen. Ýöne, bu gürrüňler ikimiziň aramyzda galsyn. Ertir baryp kegebä ýetirersiň-ä öýdemok. Emma ýaşlyk edip: «Sapar aga şeýle gürrüň etdi» diýip, bir ýerlerde dil ýarmagyň ahmal. Men geň galdym. Ýaşy altmyşdan geçen adam, nämeden, kimden ätiýaç edýärkä?! – Sapar aga, gürrüňdeşiňi oglan saýýan bolsaň-a... – Hä, göwnüňe aljag-ow, sen. Aýý, hälki bir duýduraýaýyn diýdim-dä. At-beýleki berjek bolup ýörler. «Jüneýit hany magtaýamyş» diýip, goýbolsun edäýmesinler diýýän. Hawa, Han pahyr barada ýalan sözläb-ä biljek däl. Aýdym-sazyň gadyryny bilýän adamdy. Baran günümizden, tä gaýdýançak, gaşymyzdan galman oturdy. Gözlerini ýumup, başyny yralap diňleýär. Degişmäni-gülüşmänem halaýan adam ekeni. Käteler bagşynyň çetinedegip, gürletjek bolýar. Bagşy pahyram handan-begden heder edip durýan adam däldi. Diline gelenini aýdar goýbärdi. Gaýtjak günümiz Han bilen esli wagtlap söhbetdeş bolup oturdyk. Ol bizi Owgana gitmäge ündedi. Bizem oba-ili taşlap gitmäni birhili görýänimizi aýtdyk. Gaty görüp durmady. Bagşy Handan: «Özüňiz näme üçin obaňyza baraňzok? Çagyryb-a durlar sizi» diýip sorady. Hanyň ýüz-keşbi erbet gamlandy. Esli wagtlap doňňaradaş bolup oturdy. Soňam uludan demini alyp, «Orsuň gazaby ýaman, bagşy. Gazawatda görendirin olaryň wagşylygyny. Özüm-ä hiç weli, ynha, şu oturan oglan-uşaklaryň ölüminden gorkýan. Olar meni bagyşlamazlar» diýdi. Bagşy ikimize Hywa donuny ýapdylar. Han ýigitlerine buýurdy: «Baryň, bagşylary Köpükli obasyna eltip gaýdyň. Başlaryndan bir gyl gaçsa, kelläňiz bilen jogap berersiňiz» diýdi. Sag-aman obamyza dolandyk. Başdan geçen wakalar köpdür, görseň. Sapar aga bilen esli wagtlap söhbet edip oturdyk. Ol 1935-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ilkinji Ongünlügine gatnaşyp, bagşy bilen Moskwa gidip-gelişleri, otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda Daşhowuz şäherinde sazly ansambl döredişleri, uruş ýyllarynda obalarda konsert berip, Goranmak fonduna pul ýygnaýyşlary... hakda, başga-da köp zatlary gürrüň berdi. Emma soňra atly-abraýly bolup ýetişen bagşylara – respublikamyzyň halk bagşylary Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sülgün Meretgeldiýewa, Bally Mätgeldiýew, bagşy Hojamyrat Öräýew, merhum Gurban Seýitmämmedow daga halypalyk edip, olara tälim-terbiýe bermekde çeken zähmeti hakda, Çuwal bagşy ýaly ägirt adamyň şu derejä ýetmegine tas kyrk ýyllyk goşandy hakda kelam agyz söz aýtmady. Ýogsam, ol Oraz Gurbanýazow, Bekiş Haljanow ýaly soňra ezber sazanda bolup ýetişjek şägirtlerine siňdiren zähmeti hakda-da buýsanç bilen aýdyp bilerdi. Hawa, ol bu adamlaryň atlaryny umyt bilen agzap oňaýdy. «Indi bagşy ikimiziň senedimizi aňryk alyp gitjekler şular» diýdi. Hawa, meşhur Magtymguly Garlynyň beýik sungatyny Sapar gyjakçysyz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Ol sungat goşa daragtyň datly miwesi. Ägirt uly goşa zehin ol aýdymlary milli sungatymyzyň nusgalyk derejesine galdyrypdyr. Sapar agadan gyjakda özbaşyna çalnan sazdan miras galmanyna gynanýan. Emma «Ýandymyň», «Derdiňdeniň», «Gyzlar, göteriň sandygynyň», «Daglarynyň» (Haýsy birini sanajak!) giriş sazlaryny, «Hajygolagyň», «Mukamlar başynyň», «Saryýanyň» soňlamasyny, aslynda-ha bu iki halypanyň bize galdyran «Toýdan topukça» tutuş mirasyny üns berip diňläňde, Sapar gyjakçynyň saz akabasyndan geljek nesilleriňem kemsiz ganjagyna begenýän. Tebigatyň kanuny şeýle: gowy zat hemişe-de seýrek, az bolýar. Minnetdar nesil Sapar aganyň hyzmatyny unutmady. 1990-njy ýylyň başynda Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy dabaraly baýram edilende, şol goşa pudagyň biri gyjakçy Sapar Bekiýewe hem respublikamyzyň halk bagşysy ady berildi. Prezidentimiz Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň bu baradaky çykaran permanyna uly il guwandy. Sebäbi külli türkmeniň saz sütünleriniň ägirtleriniň ikisiniň gadyrynyň birdigine şu günler kepil geçildi. Ýogsam, hut ýaňy-ýaňylaram öz milli sungatymyza garaýyşlarymyz juda ýabygorludy. Şu bolup geçen geň bir ýagdaý hakda ýazmasam, böwrüme dürtgi bolup dur. 1990-njy ýylyň 11-nji, 12-nji ýanwarynda Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň ýüz ýyllygy öňem aýdyşym ýaly, uly dabara bilen bellenilip geçildi. Oňa Türkmenistanyň dört künjeginden, Özbegistandan, Garagalpagystandan, Gazagystandan onlarça müň adam süýşüp geldi. Gazetleriň ýazmagyna görä, beýle toýy diňe bir Ýylanly topragy däl, tutuş Orta Aziýa görmän ekeni. Hawa, häzir gürrüň toý hakda däl. Toýdan iki gün öň şahyr Gurbanýaz Daşgynow ikimiz Daşhowuza ýola düşdük. Bizi garşylanlar: «Ertir irden partiýanyň obkomynyň sekretarynyň jaýyna ýygnanmaly, ýubileý dabaralaryny geçirmegiň plany bilen tanşarsyňyz» diýdiler. Ertirlik çaýdan soň obkoma bardyk. Sekretar gelniň jaýyna myhmanlaryň onlarçasy ýygnanypdyr. Oturanlaryň köpüsem ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler. Sekretar gelin Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýiniň salnyşy, guburynyň daşynyň abadanlaşdyrylyşy barada söhbet edýär: – Hawa, muzeý gurmak bize şunça pula düşdi. Munuň daşyndanam bagşynyň guburynam abadanlaşdyrmaly bolduk. Hywadan mermer daşamaly boldy. Üstesine, Sapar gyjakçam şol ýerde jaýlanan eken. Halk onuň guburynyň üstünem mermer bilen ýapmagy talap etdi. Dagy alaç ýok. Onuň üçinem pul gözläp, azara galdyk... Ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň?! Halk öz zehinlerini hatyralap toý tutýar, partiýanyň obkomynyň sekretary bolsa, pul gözlemeli bolanlygyna «gözýaş» dökýär. Şu gün halkymyzyň şeýle býurokratlardan dynyp, egin ýazanyna müňde bir şükür etmeli. Hawa, şahyr Baýram Jütdiýew aýtmyşlaýyn «il beýik». Uly il ýaňky tetelliler bilen agyz deňemedi. Magtymguly aganyňam, Sapar aganyňam ýaş toýuny belentden tutdy. Minnetdar nesil saçagyny giňden açdy, bu ikisiniň sünnälän ajaýyp sungatyndan ýene-de ençeme müň ýyllap lezzet susup alar. Bu gözli çeşmäniň akabasy asyrlaryň içine uzap gider. ...Käteler öz dogduk obama –Ýylanly raýonynyň Arap obasyna görme-görşe barýaryn. Her gezek baramda-da, bu ýerlere salama gelýän ähli adamlaryň mukaddes däbine eýerip, obanyň Ýylgynly gonamçylygyna –Magtymguly aga bilen Sapar aganyň guburyna sejde etmäge barýaryn. Goşa gubur ýanaşyk ýatyr, goşa heýkelde maňa heniz çagalykdan tanyş nurana keşpler uzaklara nazar salyp otyrlar. Tebigat bu iki beýik senetkäre olaryň diriligindäki ykbaly – öz halkynyň kalbynda baky ýaşamagyň ykbalyny eçilipdir. Ajaýyp hem iňňän mukaddes ykbal! Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler" / edebi portretler, 1996 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |