01:41 "Ol baharda doguldy..." | |
«OL BAHARDA DOGULDY...»
Goşgular
Ýaşap ýören bolsa, ol ýaşy ýaňy elliden geçen, ýüňi ýeten şahyr bolup ýetişerdi. Ýogalanyna welin, tas ýigrimi ýyl bolup barýar. Bary-ýogy otuz bäş ýaşapdy. Ajaýyp şahyrlaryň takdyry şeýlemikä? Puşkin, Lermontow, Ýesenin... biziň günlerimizde Rubsow, Wysoskiý, Ezizow... * * * Uly ýazyjylarymyzyň biri-birleri bilen gatnaşyklary, ýaşlarymyzyň bolsa halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bolan duşuşyklary barada hiç hili gündelik, ýazgy ýöretmeýändikleri barada gürrüň giden mahallary ol şeýle diýdi: – Häý, pekgejikler, (ol özüne juda ýakyn saýýan, öwrenişen dostlaryna, onda-da diňe deň-duşlaryna käte şeýle diýip ýüzlenerdi. Ol hapa, gödek sözleri tötändenem dile almaýardy) diýsänim, siz ýazgy ýöredeňzok gerek, men welin ýöredýän. Samarkantda gulluk edýärkäm, Kerim, Berdinazar dagynyň ýazan hatlaram durandyr. Görersiňiz, meniň ýazgylarym, alşan hatlarym Tolstoýyňkydan pes bolmaz. Arman, ol şu ýazgylaryň birini ýazmaga ýetişdi. Ol... Gara Seýitliýew hakyndady. * * * Men oňa ilkinji gezek 1959-njy ýylyň awgustynda duş geldim. Aşgabadyň WLKSM-yň XX ýyllygy adyndaky medeni-seýil we dynç alyş bagynyň tomusky teatrynda oba çeper höwesjeňleriniň respublikan gözden geçirilişiniň deslapky repetisiýalary geçirilýärdi. Howanyň biçak yssydygyna garamazdan, gündizki repetisiýa mahalam zalda birgiden adam bolardy. Daşhowuzly ýaş talantlaryň agşamky boljak konserte görýän taýýarlyklaryny synlap otyrkam, şol wagt uniwersitetde giriş ekzamenini berip ýören Hojanepes Meläýew ýanyma geldi. Saglyk-amanlykdan soň ol meniň egnime kakdy. –Bu oturan ýigidi tanaýarmyň? – Ýok, tanamadym. –Gurbannazar Ezizow diýilýän şahyr bi, «Mydam taýýarda» goşgulary bilen suratam berlipdir. –Ady-ha tanyş. Ol sahnada bolup geçýän wakalara başyny galdyrman, çogly Günüň astynda garader bolup kitap okap otyrdy. Ady tutulan bada ol meniň ýüzüme dikanlap seretdi. Görüp otursam, ikimiziň tanyşlygymyz öň Hojanepes bilen gepleşilen zat eken. –Birdir-ikidir goşgyňy öň «Mydam taýýarda» okadymam öýdýän. –Ýazan-a bolýan özi... –Şu günler haýsy kitaby okaýaň? –Dogrymy aýtsam, okamok. Ol çalaja ýylgyrdy-da, elindäki kitabyny ýapyp, seýrek duş gelýän gönümel uçganaklaýan mawy gözlerini sahna dikdi. Sahnada biçak owadan, syrdam, maňlaýy ak ýelek jygaly gazak gyzy «Kyzdaraý» diýen halk aýdymyna gygyrýardy. Ol gyz şu wagtky respublikamyzyň halk artistkasy Liza Garaýewady. Pursatdan peýdalanyp men onuň eliňdäki kitabynyň adyny okamaga ýetişdim: «Marsda ýaşaýyş barmy?» –Boh-ow, okamak babatda-ha gaty aňryk giden ekeniň-ow. Şol ýylyň 1-nji sentýabryndan başlabam biz – Gurbannazar Ezizow, şindiki ýazyjylar Hojanepes Meläýew, Gowşut Şamyýew, Atajan Tagan, zehinli foto- žurnalist Sapargeldi Rozyýew dagymyz TDU-yň türkmen filologiýasy fakultetiniň 1-nji kursunda okap başladyk. * * * Ilkiler onuň familiýasy Azyzowdy. –Ezizow bolmaly bolsa gerek – diýip, kursdaşlarymyzyň biriniň çekinibräk beren sowalyna ol: –Bilýäňmi näme, Ezizow bolanda birhili pese gaýdan ýaly bolýar, inçe çekimlilerden düzülen kapiýa hem şolar ýaly bolýar. Meselem: tupan, yhlas, asman, bahar, sygan ýaly sözler. Serdar, Gamal, Araks, Kura Maşuk, Gagra ýaly atlary dile alyp görüň, owazly hem göçgünli ýaňlanýandyr. ...Şol döwürde onuň poeziýasy-da (ýöne bu meniň pikirimçe şeýle, muny özgeleriň boýnuna dakmak niýetim ýok) birneme badyhowarak, göçgünliräkdi. Aslynda-ha, Gurbannazarda, megerem, zehinli şahsyýetleriň ählisinde bolşy ýaly, az-kem badyhowalyk bardy. Onuň pikir ýöredişi-de, goşgy okaýşy-da, hatda ýöreýşi-de batyrgaýdy, dogumlydy, özüne kemsiz göwnüýetijilik bardy. Zehiniň daş ýarýanlygynda bu häsiýetler şol şahsyýete aýratyn sypat berýär. Onuň abraýyny artdyrýar. Körzehin özüniň şeýlediginden bihabar gomaljyraberse, bahym gözden düşýär. Gödegrägem bolsa aýdaýyn: kürräniň taý bolup ýüzin saljak bolşy ýaly-da. Gurbannazar kamatyny dik tutup, sahna çykanda, uly-uly zallar gelşigine geläýerdi. Ýyl geçdigiçe onuň badyhowalygy pähim-paýhasly herekete geçdi. Zehini kemsiz durlandy. Köp zatlar babatda duýgy-düşünjesi üýtgedi. Soň-soňlar ol poeziýasynyň dagdaky ýaň ýaly däl-de, ondaky ýuwaşja siňňinje şildiräp akýan çeşmedigi- ne düşündi... we Ezizow adyny yzyna garbap aldy. * * * 1962-nji ýylyň güýzünde, Tejen raýonynyň «Prawda» kolhozynda pagta ýygyp ýörkäk ol «Daş gyzy» poemasyny ýazmaga girişdi. Ol ençeme günläp poemanyň aladasy bilen ýaşady. Her günki ýazanjasyny bize – kursdaş ýoldaşlaryna, mugallymlarymyzÖde Abdyllaýewe, Hanguly Taňryberdiýewe... okap berýärdi. Ol bu ilkinji iri eserine bil baglaýardy. Poema akgynly okalýan, çuň manyly bolubam çykdy. Emma Gurbannazar ony çap etdirmäge howlukmady. Ony gazet- žurnallara-da hödürlemedi, kitabyna-da girizmedi. Ýetmişinji ýyllaryň başlarynda şol poema bilen gyzyklandym. –Sen näme üçin ony çap etdireňok? – Bilýärmiň näme, täze goşgularym zerarly ony çapa berip bilemok. Ony gazetleriň birine eltseň, soň üç-dört aýlap şol gazete zat eltip boljak däl. Meniň goşgularymy okyja ýetiresim gelýär. «Daş gyzy» bolsa daşlygy çyn bolsa mizemänjik durandyr. Belki, men ony has gijräk, eserlerimiň doly ýygyndysynda, tomluklarymda ulanaryn. Ol şeýle diýdi-de. mawy gözlerini gyrpyldadyp, çyny bilen gülüp goýberdi. Soňra çilimini işdämenlik bilen sorup durşuna: – Käte şeýdip öwünibem göreli-le – diýdi... Ol umumy leksiýalarda yzky stollaryň biriniň başyna geçerdi-de, hezil edinip kitap okardy. Kitaplaryň sahypalaryna bellikler ederdi. Käteler sapak wagtlaram kimdir biriniň goşgularyny terjime edip, arakesmede okap bererdi. * * * Ol ikinji kursda okaýarkak çilim öwrendi. Men çilimiň zyýanlydygyny özelenipler gürrüň bererdim. Ol hiç ynam etmeýärdi: – Sen maňa çilim öwret, onuň zyýany bilen işiň bolmasyn. – Wah, şu nysagy öwrenmekden aňsat zat ýokdur. Peýdalyja bir endigi welin, aňsat öwrenäýmersiň. Geň ýeri: bu köp adamlar üçin şeýle. – Leksiýany azalt-da, hany, bir çilim ber. Şeýdibem, ol zyrrajym çilimkeş bolaýdy. Bir gezek ol şeýle diýdi: – Çilim öwredeniň üçin saňa nähili serpaý etjegimi bilemok. Şuny öwrendim welin, goşgy ýazmam aňsatlaşan ýaly bolaýdy. Kapyýa, rifma kelläňe gelmese, bir çilimjik otlanaý. Şobada setirler düzüliberýär, sag bol, dost! * * * Ol käte geň sowal berýärdi. Ýöne şol sowalda biçak sowatlydygy görner durardy. Studentlik ýyllarymyzyň bir güni (1962-nji ýyldy öýdýän) ol maňa şeýlediýdi: –Eger bardy-geldi faşistler Sowet Goşunyndan ýeňip üstün çykan bolsa, seniň pikiriňçe, ýagdaý nähili bolardy? Şony göz öňüne getirip bilýärmiň? –Elbetde, okkupasiýa uzak dowam etmezdi. Rus halky hiç mahalam gul bolup ýaşamandyr. –Bu dogry, ýöne olar Sowet Soýuzyny doly eýelänlerinden soňky planlaryndan doly habaryň barmy? Olar şeýle planlary düzüpdirler ahyryn. Şeýle plan bilen tanyş däldigim üçin, men «ýok» diýen äheňde başymy ýaýkadym. –Bu ýagdaý diňe seniň kemçiligiň däl, biziň köpimiz entek juda az okaýas, hany sen şu iki tomy bir okap çyk. Ol «Nýurnberg prosesiniň» galyň iki tomlugyny elime tutdurdy. Bir gezek men ondan: –Uruş wakalary barada şeýle köp okaýaň weli, bir zat ýazmakçymy? – diýip soradym. –Ýüz zat ýazmakçymy diýsene... Soň ol bu babatda ençeme şygyrlar bilen bir hatarda «Mukaddes ýalan», «Nesiller» poemalaryny ýazdy. * * * 1960-njy ýylyň noýabr aýy Ýylanly raýonynyň Keneges obasynda pagta ýygýardyk. (Şol ýyl, näme üçindir, studentleri pagta ýygymyna şeýle giç alyp gitdiler) Bir gün çilim çekişip otyrkak. Ol, şeýlediýdi: –Aýtsaňyzlaň, men Lermontowa meňzeýän gerek? –Şu bolşuňa saçyňam egniňe çenli ösdürseň, «Msyridäki» ruhana-da meňzemän durjak däl sen –diýip, oglanlaryň biri sugşurdy. Ol diýseň-diýmeseňem murt goýberende (jahyl mahaly hasam) Lermontowa juda meňzeýärdi. * * * Oglanka ol juda inçemik, çepiksi görünýärdi. Garaýagyz, uzynak, mawy gözli, bulaşygrak saçlyja ýigdekçe daşyndan görseň okaýan, köp bilýän adama meňzänokdy. Damarlak ellerem, ýüz-keşbem birhili tagaşyksyz, gödegräkdi. Ömrüniň ahyrlarynda ol poeziýasy bilen kybapdaş gidýän ýalydy. Ýüz keşbi-de doluşdy, merdemsilendi hem görmegeýleşdi. Onuň şahyrlygynyň beden hem ruhy kämilliginiň şeýle berk utgaşmaklygy juda geň galdyrýardy. * * * Uly şahyr hakyndaky bujagaz ýazgylarymda käte onuň goşgulary, poeziýasy hakynda hem azda-kände gürrüň etmegimem mümkindir. Ýöne, ol gürrüňler onuň uly poeziýasynyň analizi däldir. Beýtmek biziň edebi tankydymyzyň paýynda dur. Onuň poeziýasy hakynda biz-de gowur bar-da, takyk iş ýok. Sebäbi... Sebäbi, onuň belent poeziýasyny seljermäge biziň edebi tankydymyzyň, iň bärkisi, pähim-paýhas gabarasy, işjeňligi ýetenok. Onuň şygyr sungaty biziň poeziýamyzy 40-50 ýyl öňe ilerletdi. Edebi tankydymyz bolsa, henizem Gurbannazaryň eserlerini doly analizlänok. * * * Onuň ilkinji ýyllardaky poeziýasynyň liriki gahrymany kapasadaky guş ýaly pelesaň urýardy. Aslynda welin, durmuşda özüni alyp barşy-da şeýledi. Töwekgel, howlukmaç, dyzmaç, işeňňir ýetginjekdi. Gurbannazaryň şeýle batyrgaýlygy bolsa biziň poeziýamyza juda köp zatlary getirdi: «Ýaşlyk». «Rewolýusiýa», «Näme üçin», «Maňa seniň gözlerinden gitme ýok», «Gar»... Siz onuň irki goşgularyny juda üns berip okap görüň. Gaty köp täzelige duş gelersiňiz. Men şu ýerde onuň ýekeje goşgusyny mysal getirmek isleýärin. Bugoşgy Gurbannazaryň irki, şeýle hem tutuş döredijiligine mahsusdyr, Bu onuň ilkinji ýygyndysynyň ilkinji goşgusydyr. Şu zeýilli goşgular oň sekiz ýa on bir boguna, boşaşa ýa-da başaşa kapyýalaş- ýan bentlere «daňlyp» oturan okyjylary gaty «heläk» etdi. Muňa birbada akylly-başly tankytçylaram «Nädiberýär-äý» diýşip, galamlaryna ýapyşdylar. Onuň täzelik gözläp juda heläk bolýanlygy üçin ýepbeklediler, igendiler. Ýaş şahyr bolsa çuňňur pikirleri dürli formalara salyşdyrdy... Gowusy, geliň, şygry okap çykalyň! REWOLÝUSIÝA Ýigriminji asyrdy, On ýedinji ýyl. Al baýdaklar – pasyrdy, Köçelerde – il Gerbi orak-çekiçdi, Deňlik isleýä. Bu gün köçä çykypdy, Re-wol-ýu-si-ýa! Ýok. Birden. Bir ýerden döremedi ol. ... Ol adam deý ilki dogdy, ulaldy, Ony gömdülerem ýedi gat ýere, Ol bolsa ýedi gat asmana galdy. Çümdi şahtalaryň sowuk çuňlugna, Söýdi garyplary – kowmy-känleri. Kyn günleri içlerini dökdüler. Oňa Sileziýaň dokmaçylary, Oňa Fransiýanyň kommunarlary. Ol köne dünýäniň örkün sarsdyran, Bir äpet wulkandy, bir belent ýaňdy. Marksyň maksady jem boldy onda, Leniniň genisi ruhuna siňdi. Ol Uralda uruldy, Ol Uralda ulaldy, Ol Sibire sürüldi, Ol Sibirde süýreldi, Onuň elin zynjyrlap, sowuk türmä atdylar. Emma bir gün Piteriň zawodyndan tapdylar. Ony öldürmek üçin müň bir çäre gördüler, Emma ähli çäreler oňa dermandy-derman. Belki, beýik rewolýusiýa – rewolýusiýa bolmazdy, Urallarda urulman, sibirlerde süýrelmän. Şygryň umumy pafosynyň belent ýaňy, pikirleriň täze hem çuňlugy hakda aýtmanymyzda-da (aslynda-ha diňe şolar hakda giňiräk gürrüň etmek gerek) onda ulanan goşgy formalaryna bir üns beriň: bir goşgynyň çäginde ikileme, gazal, dörtleme, sekizleme... bu biziň poeziýamyzda görlen zatdymy eýsem! * * * Täze-terlik (Gurbannazar «Täzeçillik» sözüni köp agzardy. Megerem, ol poeziýada özüniň täzeçilligini bizden öň hem gowurak bilýärdi). Ol bu sözi ilki «Otuzynjy ýyllaň goşgularyna» şygrynda ulandy, «Täzeçiller» diýýär, «Munyň meňzeýär, Otuzynjy ýyllaň goşgularyna». Ol muny rus dilindäki «Nowator» sözünden terjime edip alypdy. Geň zady ol: «Nowatorlar» diýýär: «Munyň meňzeýär» diýip okaýardy. Täzeçillik onuň başga şygyrlaryna-da mahsusdy. Onuň irki şygyrlaryna-da mahsusdy. Onuň irki şygyrlary bolsa «Mydam taýýaryň», «Ýaş kommunistiň», «Edebiýat we sungatyň» 1957-1965-nji ýyllardaky sanlarynda gaty köpdi. Men näme üçin ala-böle soňky ýedi-sekiz ýyly mysal getirýärin?! Mälim bolşy ýaly «Ynam» Gurbannazar neressäniň – «Respublikamyzda eýýämden bäri tanalýan şahyryň» (goşa dyrnakdaky soňky jümle «Ynamyň» annotasiýasynday alyndy) ilkinji ýygyndysydyr. Ýöne şahyr bu ýygyndysyna köplenç ýetmişinji ýyllaryň başlarynda döreden şygyrlaryny girizipdi. Onuň irki goşgulary weli, şahyryň soňky kitaplaryna-da girizilmändir. * * * Neşirçi bolan bolsam, onuň iki tomlugyny şeýle tertipde taýýarlardym: Goşgulary. Poemalary. Pesalary. Makalalary. Liriki reportažlary. Gutarylmadyk ýazgylary. Hatlary. * * * Ol durmuş wakalaryny sapak edinýärdi. Akylly adamda hemişe şeýle bolýar. Başa düşen işden tapan çykalgasy oňa soň-soňlaram hyzmat edýär. Gylyk-häsiýetiniň kämilleşmegine ýardam berýär. Kämillik onuň diňe bir goşgularynda däl, gylyk-häsiýetlerinde-de kemsiz ýetikdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol dymmarak, az gepläp, köp diňleýän, irginsiz işleýän, kesgitli hem oz aýdyşy ýaly «Öz ýeňles gylyklaryna gazaply» adam bolup ýetişdi. Ol howaýy bir wakany däl-de, kimdir biriniň başdan geçirmelerini, il arasynda gezýän gülküli ýomagy däl-de, kimdir biriniň başga birine beren ýiti jogabyny halaýardy. Başyndan geçiren käbir wakalaryny bolsa ol käte hezil edip gürrüň bererdi: – Dokuzynjy klasa geçen ýylym Kupalkada (Aşgabadyň 1-nji Maý köçesiniň ugrundaky suwa düşülýän basseýin) suwa düşýärdim. Özem oňa her gün giderdim. Ir bilen döwüm-dişlem çörek iýip, ýarty çöregem ýanyma alyp çykar gidibirdim. Kupalka barardym. Eşiklerimi çykaryp, sowujak suwa özümi urardym. Soňam bir çetdäki agaç sekijikde ýüzin düşüp, kitap okap ýatardym. Baý hezildir-ä! Howa yssy! Bu ýeri welin, salkynjak. Yssylaberseň suwa jülpüldäý. Ýene gelip kitabyňy okaper. Üstüňem goýy kölegedir. Ajyksaňam (Bu ýerde basymam ajygýansyň) moroženoýe bilen getiren çöregiňi iýäýmeli. Bäý, şo ýyl kupalkada kitap baryny okandyryn-a! Bir günem, süýr günortanlar, tüp yssyda kupalka bardym. Çykaryndym-da, suwa çümüp çykyp, elimdäki kitaby – Puşkiniň bir tomlugyny okap başladym. Şol okap ýatyşyma garaňky düşüp başlanyny hem bilmändirin. Bir görsem, töwerekde yns-jyns ýok. Egin-eşikleriň asylýan ýerine barsam, budkada köýnegim, jalbarym, çepegim ýok. «Garawul! Gara-wul!» diýip, dört-bäş ýola zowlatdym, eger-eger ses berýän ýok. Ýokarda asman, ýerde duruja suwly basseýin, kenarda eli «Puşkinli» içki eşiklije Ezizow, wessalam. Öýe özümi atmak üçin mende ýeke-täk çykalga bardy. Olam barýançam uly sportsmen bolan bolup ylgap gitmekdi. Uzynak, arryklaç pyýada bir göräýmäge sportsmene meňzemänem duranokdy. Ýöne elimdäki kitap ellerimi kelemenledip ylgamaga päsgel berýärdi. Şonda-da, garaz, syr bildirmän ylgap gelýärdim. Öz öýümiziň golaýyna gelemde ýagdaý hasam kynlaşdy, uzak ýol geçemsoň ylgamaga mejalym ýok. Tanyş-bilişler, goňşy-golamlar göräýmesin diýibem gara janym galanok. Soňky güýjümi jemläp howlymyza çenli ylgadym-da, öýümize kürsäp urdum. «Eziziň oglunyň düýnki ylgap ýörşi nämäniň alamatyka?» diýdirmejek bolup, şol günüň ertesem, edil şol mahallar köçä çykyp ylgan boldum. Soň-soňlar-a ylgamak bilen şeýle bir öwrenişip gitdim welin, her gün türgenleşmesem kararym ýetmedi. Onunjy klasdakam mekdebimizde iň ýyndamlaryň biri mendim. Şonuň üçinem şeýle gowy zada werziş edeni üçin egin-eşiklerimi ogurlap giden şol bir gaýybana «dostumy» şindiz-şindizlerem gowulykda ýatlap ýörün... * * * Durmuşda käbir adamlar bolýar. Olaryň ýanyna-da, oturan märekesine-de barasyň gelmez. Otetelliler barada «Aý, şolam şol ýerik barýan bolsa, gidibem oturmalyň-la. Onuň baran märekesi bozulma bilen» diýler. Şu tetelli «tagamsyz» adamlaryň daşy hemişe çoladyr. Opuň dostam ýokdur, idegem. Käbir adam bardyr weli, ýanynda otursaň turasyň gelmez. Gaýgyly günüň şony küýsärsiň. Arzyny aýtsaň– delalaty deger. Şeýle adamlaryň ýanynda hemişe dosty-ýarydyr. Gurbannazaryň ýany hemişe adamly bolardy. Onuň ýeke özüniň gezip ýörenini bir gezegem görmändim. Aşgabadyň asuda köçelerinde gezim edip poeziýa, durmuş, döwür hakda onuň bilen söhbetdeş bolmagyň, jedelleşmegiň özboluşly lezzeti bardy. * * * Ol poeziýa hyzmat edişi ýaly onuň goragynda durmagam başarýardy. «Ýaş kommunist», «Edebiýat we sungat» gazetleriniň ýanyndaky «Poeziýa çarşenbesiniň» (şu birleşmeleriň işiniň häzir ýatyp galanlygyna nebsiň-janyň agyrýar) işine işeňňir gatnaşýardy. Olary özboluşly poeziýa seminaryna öwrerdi. «Ýaş kommunistde» birdir-ýarymdyr gowşak goşgy çap ediläýdigi, şol günüň özünde jaň ederdi: –Eý, pekgejik diýsäni, çykarýan goşgyň nähili? Ýaş awtora kömek edýän, höweslendirýän diýjeksiň. Mundan kömek bolmaz. Bir talantsyz şahyryň göwnüni görjek bolup, müňlerçe okyjynyň göwnüne degip bolmaz ahyry. Gowşak goşgy getirseler, gaýtar yzyna. Şeýdiberseň, bitalantlar-ha ýazmasyny goýarlar. Talantlylar bolsa, sen olaryň goşgularyny çap et, etme, tapawudy ýok, barybir ýazman oňup bilmezler. Ine, ýoldaş redaktor, biler bolsaň, ýagdaý şeýleräkdir. * * * Ol harby gullukdan sapandan sypan ýaly bolup gaýdyp geldi. Kiçeňräk oturylyşyk etdi. Uly söweşden dolanyp, gelen adam ýaly, özüni birgeňsi aýratyn tutýar. Hamana, şu oturan adamlar harby, gulluga gitmändikleri üçin, uly bir okuwdan galan ýaly. Bary-ýogy sekiz aýyň içinde «söweşde» bişişen adammyş-da! «Harby adamyň» gürrüň bermek hyjuwy bilen başyndan geçiren şeýle bir wakasyny aýdyp berdi: – Bilýäňizmi näme, bir gün dynç alyş wagtyndakazarmanyň gapysyna çykdym-da, çilim otlandym. Hezil edip çekip durunam welin, bir görsem bölüm komandirimiz dazlap gelýär. Oňa çest bermek borjum. Ýöne erniň çilimlikä nädip çest berersiň. Çilimi ýere oklaýsam-a barybir bilinjekdi. Sebäbi, kazarmanyň öňi şeýle tämiz süpürilipdi. Çilimimi ýere okladym-da, ädigimiň ökjesi bilen basyp, «smirno» duruberdim. Bölüm komandirimizem şu kärinde kyrk çarşenbäni başdan geçiren, hyrsyz, rehim-şepagatsyz adam. Dört-bäş aý gulluk etsemem, bir gezek ýylgyranyny görmändim. Salamymy çala aldy-da, geçip gitdi. Menem çilimimiň okurkasynyň üstüne gum sepdim-de, jaýa girdim. Harby gullugyň ýene bir gara güni geçdi gitdi. Gije sagat onlarda ýeriňe geçip ýataýmalysyň. Şondan soň jyňkyň çyksa, ertesi güni bilen pol ýuwup ýa hapa artyp ýörensiň. Ýarygijeler «trewoga!» komandasynazordan gözümi açdym. Kada görä çalt geýindim-de, gapa çykyp, hataryň iň öňünde dikilgazyk bolup durdum. Süýji ukudan oýanan ýigitler agras haşyldaşýarlar. «Bu nämäniň alamatyka, içigargalmyş, ýatmaga-da goýanoklar» diýip, bölümdäki oglanlaryň biri çala pyşyrdadam welin, şol gündizki meniň salamymy alan komandir onuň alkymynda häzir boldy. –Hany, sem bol! Men size uky görkezerin. Birdenem ol jynssyz sesi bilen komanda berýär: –Hany, smirno duruň! Ol elindäki panusy dik tutup, herimiziň ýüzümize bir hatar seredip çykdy. Soňam komanda berdi. –Ezizow, bar git-de, ýangyn söndürijiniň otagyndan on üç sany pil alyp gel! Ylgap gitdim-de, bölümimiziň oglanlarynyň hersine bir pil alyp geldim. Ol ýene-de komanda berýär: –Ezizow, bar git-de, üstüňe ýapynýan ýorganyňy alyp gel! Harby gulluk-da. Etjek alajyň barmy? «Ýorgany nämäňize ýaratjak?» diýip soraýdygym-a, bar onsoň. Ýarym aýlap pol ýuwdurjaklar. Bilipjik durun. Ýöne komandirimiziň ala-böle maňa gazaplanmasynyň sebäbine düşünemok. Içeri girip, ýorganymy alyp çykdym. Komandiriň sesi ýene-de batly ýaňlanýar: –Iň yzky dört esger, öňe bir ädim süýşüň-de, heriňiz Ezizowyň ýorganynyň bir çetinden tutuň! Buýruk berjaý edilensoň, komandir ýene-de maňa ýüzlendi: –Ezizow, meniň golaýjagyma geliň! Men onuň gabat garşysynda häzir boldum. Ol elindäki düýrlengije akja kagyzy açyp maňa görkezýär: – Şu kagyza dolananja närse saňa tanyşmy? –Tanyş, ýoldaş komandir. –Nämedir ol? –Ertir bada çekip taşlan çilimimiň galyndysy, ýoldaş komandir. –Näme üçin, sen ony hapa oklanýan urna taşlaman, arassa ýere okladyň?! – Günäkärdirin, ýoldaş komandir. Hawa, günämi boýun alyp, gutulaýaryn öýtdüm. Komandirimiz täze buýruk berdi: – Yzym bilen on kilometre ylgap gitmek şerti bilei ýeňe! Tüm garaňky sowuk gijede loňkuldaşyp gidip otyrys. Iň öňde-de, meniň ýorganymyň dört çüňkündentutup barýan dört ýigit. Ýorganyň üstünde-de meniň çilimimiň okurkasy. Komandirimiz ugramazymyzyň öňinçäsi «Kim okurkany gaçyraýsa, bir hepde gauptwahtada ýatmaly bor» diýibem duýdurypdy. Gara dere batyp şol ylgap gidip otyrys. Ahyr bir seleň ýere çykdyk. Komandir buýruk berdi. –Hany, ini iki metr, çuňlugy iki metr çukur gazyň! Oglanlar bolup işe girişdik. Panusyň ölügsije ýagtysyna meniň çilimimiň galyndysyna gabyr gazýas. Jany ýanyp duran oglanlar çalaja pyşyrdaşýarlar: –Şu çukura seniň özüňi gömmeli, Ezizow. –Kazarma gaýdyp bardygymyz, seniň eýiňi ýetireris, ukyny haram etdiň sen. –Indi agzyňa çilim alanyňy göräýsek, merkiňi bereris, Ezizow. «Bagyşlaýyň-da, jan gullukdaşlar» diýip, ýatyp ýalbarýan olara. Iňerbedem: çilim çekmezlikden gorkýan. Şony çekmesem, ýeke setirem ýazybilemog-a. Çukur taýyn boldy. Komandirimiz meniň çilimimiň galyndysyny onuň içine oklady-da, buýruk berdi. –Hany, indem çukury tekizläň! Kazarma gaýdyp gelýänçäk, ir säher turar wagtymyzam boldy. Şonda ukusyz galan ýoldaşlarymdan, baý, gorkdum-ow. Ynha, indi Aşgabada gelemsoň, köçede çilim çekäýsemem galyndysyny hapa oklanýan urna öňümden çykýança taşlamok. Harby gullugyň şeýleräk sapaklaram bardyr, görsesiz. * * * Onuň döredijilik gerimi juda giňdi. Görogly hakda çeper filmiň ssenarisini ýazmakçydy. Magtymguly hakda uly çeper eser ýazmagyň küýündedi. Türkmen poeziýasynyň şol wagtky derejesi hakda giňişleýin, jedelli makala ýazyp, ony «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap etdirmekçidi. Ömrüniň soňky aýlarynda onuň esasy gürrüňdeşleri Beki Seýtäkow, Mämmet Seýidow, Annaly Berdiýew, Annaberdi Agabaýew dagydy. Ol şolar bilen söhbetdeşlikde öz edebi garaýyşlarynyň dogrulygyny-nädogrulygyny seljerip görýärdi. Onuň mawy gözleri hemişe durmuşa, aň-bilime teşneligi bilen balkyldap durdy. Ol dünýä wakalaryndan günibirin habardar bolup durardy. Döwrüň syýasatyndan gowy baş çykarýardy. Dünýä ýüzündäki her bir täzeligi analiz edip bilýär- di. Şuny başarmaýan adamlaryň ýazyp-bozýanlygyna geň galardy. Bir gezek Kuba rewolýusiýasyna bagyşlap gowşak goşgy ýazan bir şahyr hakynda gürrüň edende, ol janyny ýakyp şeýle diýdi: –Kuba hakda goşgy ýazýar, kartadan şol ýeri görkez diýsem, Afrika kontinentinden gözläp ýör. «Kuba sen Afrika salýarsyň ýagty» diýip ýazýar. Şol setirem onuňbar syryny açýar. Ine-dä, biziň käbirimiziň «sowatlylygymyz». Öljekmi-ýitjekmi?! * * * 1972-nji ýylyň güýzünde men ýene «Daş gyzy» bilen gyzyklandym. –Saňa getirip bersem, çap edermiň? – diýip, ol meniň ýüzüme köpmanyly seretdi. –Gazet üçin ulurak bolaýmasa, sen ony «Sowet edebiýatyna» beräý. –Görýäňmi, özüň-ä çap etdir diýýäň, öz başyňdanam sowýaň. Redaktorlaryň edähedi şeýle. Gabaralyrak zat eltseň, böwürlerini diňleşip otyrlar. Gowy zat bolsa, çap ediberiň-dä! Sypara ýer galmady. –Ertir geleňde getir şony – diýdim. Aradan üç-dört gün geçdi. Gurbannazar gara bermedi. Ahyram men onuň iş ýerine – «Edebiýat we sungat» gazetine jaň etdim. – Ýeri, bu «Daş gyzyň» gelip ýetişmedi-le? –Beh, seniň uly eser çap edibiljegiň çynyňmydy-how, men-ä oýun edýärmikäň öýdüpdirin. Çynyň bolsa, ertir barýan ýanyňa. Gurbannazar ertesi günem redaksiýa gelmedi. Şondan näçe wagt geçenini bilemok – ol bir gün ýylgyryp gapydan giräýdi. –Poema çap etjegiň çynyň-da, onda? –Gaty çynym. –Gel, onda, ikimiz bir zady şertleşeli – diýip, ol çynlakaý sypata girdi. – Men saňa «Daş gyzy» däl-de, başga bir poemany getirdim. Setir sany-ha ondanam köpdür. Okap gör, sähel ikirjiňlenseň, ulurak görseň, yzyna gaýtar-da beräý. Gaty görüp durman. Uly poemany çap etmegiň aňsat däldigini özümem aňýan. Uly poema gündelik diýen ýaly gazetiň materialy däl ahyry. Täze poemanyň ady men gaty geň galdyrdy: –«Mukaddes ýalan». Men: –Ýalanam mukaddes bolýar oguşýan – diýdim. Ol öýkeliräk ses bilen: –Pekgejik, sen muny okasaň-a, pikiriňi aýtmaga her haçanam ýetişersiň – diýdi. Aradan bir hepde dagy geçenden soň ol maňa til kakdy: –Meniň poemam nirede? Onuň äheňinde «Sen ony kagyz taşlanýan sebede oklaňokmy?» diýen many bardy. –Dost, gutlaýan, gowy poema. Ol häzir hudožnik Nurmuhammet Berdiýewiň elinde. –Sizde poeziýa şol seredýärmi? –Poemanyň bezegini şoňa tabşyrdyk. «Mukaddes ýalan» «Ýaş kommunistiň» alty nomerinde bir setirem gysgaldylman çap edildi. «Daş gyzy» poemasy bolsa, Gurbannazar ýogalandan soň, ep-esli wagt geçensoň, «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edildi. * * * Gurbannazar neresse hakdaky üzlem-saplamrak, dagynygrak ýazgylarymyň häzirlikçe bary şu. Men bu ýazgylarymy gürrüňsiz dowam etdirerin. Üstüni ýetirerin, timarlaryn. Ýöne, barybir, men onuň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, poeziýamyzdaky belent derejesini... dolulygyna açyp görkezip bilmerin. Onuň özüniň hem poeziýasynyň ajaýyp keşbini dolulygynda açyp görkezmek üçin köpüň tagallasy – aýratynam, onuň ýakyn dostlarynyň, gündelik iş salşan adamlarynyň ýatlamalary, ýazgylary gerek. Bu geljegiň wezipesi. 1991-nji ýyl. * * * Goja taryhy halkyň hut özüniň döredýänligini Fridrih Engels örän jaýdar aýdypdyr. Bu dogrudyr. Emma, biziň pikirimizçe, aýry-aýry şahsyýetleriň belli-belli döwürlerde halkyň ykbalyna eden täsiri-de uly taryhdyr. Diýmek, halkyň taryhyny onuň jümmüşinden çykan ogullar-da döredibem bilýär, üýtgedibem. Elbetde, biziň söhbetimiz taryhda şahsyýetiň ýa-da şahsyýetiň taryhyň kemala gelmegindäki rollary hakda däl. Gürrüň edebiýatyň, medeniýetiň, sungatyň kemala gelmegine, onuň aýry-aýry döwürlerde belli bir ugurdan –megerem, öz möwritini geçiren ugrundan has kämilleşen ugra gönükmeginde bir şahsyýetiň roly hakda barýar. Şu günler türkmen halkynyň häzirki hem taryhy ykbaly hakda gürrüň edilende akyldar Magtymgulynyň, merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň atlary köplenç bilelikde agzalýar. Aglaba ýerlerde ikisiniň suraty bir derejede goýulýar. Bu ýagdaý tötänlik däldir. Eýsem-de bolsa bu parallellik akyldar Magtymgulynyň türkmen sungatynyň öňündäki, Saparmyrat Türkmenbaşynyň türkmen jemgyýetiniň öňündäki ykbal özgerdiji beýik hyzmatlaryndan gelip çykýar. Magtymgulynyň ajaýyp hyzmaty onuň poeziýasy –diýmek, pähim-paýhasy bilen türkmen ýaly gadymy halkyň üç ýüz ýyllyk neberesiniň dünýä siwilizasi- ýasynyň belent derejesinde terbiýelenip, şu günki bütewi millete öwrülenligindedir. Hawa, käbir döwletleriň ykdysady durmuşynyň ýeten derejesine aňkarylyşyp, şolarda ýaşaýan halklaryň ýeten de- rejesini dollar, maşyn, howly bilen ölçäp, öz halkynyň erkana şu gününe»göwni ýetmän, seňrik ýygryp ýörenler, meni bagyşlasynlar: türkmene dünýä siwilizasiýasynyň derejesinde terbiýelenen halk diýenim-de, men sähelçejigem artdyramok. Milli Garaşsyzlygymyzyň üç ýylynyň dowamynda biz özümiziň nähili agzybir, jebis, her bir etjek işini pähim-paýhas, sowukganlylyk bilen ölçerip-döküp edýän halkdygymyzy bütin dünýä görkezdik. Göz degmesin! Öň ady-sory tutulmaýan ýurdumyza indi bary-ýogy bir hepdäniň dowamynda: başynda Hytaý Döwlet Sowetiniň başlygy Li Pen, ahyrynda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mit teran, ortasynda Orsetiň meşhur gazetleriniň tas ählisiniň diýen ýaly redaktorlary gelip-giden bolsalar, diýmek, üç ýylyň dowamynda asyrlara barabar ýol geçipdiris. Bu gün Türkmenistanyň, Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet syýasaty bilen bütin dünýä gyzyklanýar. Ýeri gelende aýtsam, käbir taryhçylarymyz, syýasatçylarymyz şu günki türkmen döwletiniň, Saparmyrat Türkmenbaşynyň döwlet syýasatyna çalymdaş syýasaty özge ýurtlaryň taryhyndan, şu gününden gözleýärler. Biz ýetmiş ýylyň dowamynda haýsydyr bir deňeşdirmelere, öz edýän işimizi özgeleriň gaza- nan netijeleri bilen barlamaga halys öwrenipdiris. Gizläp oturmagyň hajaty ýok biziň käbirlerimiziň kalbymyzda «sowet adamynyň», «sowet alymynyň»çäklije obrazy henizem goş basyp ýatyr. Ýogsam, şeýle bir äşgär hakykaty çürt-kesik aýtmagyň bireýýäm wagty ýetdi ahyryn: türkmen döwletiniň türkmen halkynyň taryhy tejribesinden kök alyp gaýdýan, Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli Garaşsyzlyk taglymatyna berk esaslanýan, bütinleý täze, ynsanperwer, dünýewi döwlet syýasaty ýaly syýasat başga halklaryň, döwletleriň taryhynda-da, şu gününde-de ýok. Gözläbem oturmaly däl. Wessalam. Şahsyýetiň halkyň taryhyndaky orny hakdaky söhbetde meseläniň ikinji bir tarapy-da bar. Bu şahsyýetiň orta gelmeginiň taryhy şertleri hakdaky meseledir. Nowaýydan Magtymgula çenli tutuş Gündogar edebiýatynda şolar derejedäki edebi şahsyýetiň orta gelmänliginiň sebäpleri heniz öwrenilen däldir. Beýik akyldar Döwletmämmet Azadydan soň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mätäjiniň, diýmek, klassyklarymyzyň ählisiniň bir asyryň dowamynda ýaşap geçen- ligi hem, geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan tä üstümizdäki asyryň kyrkynjy ýyllaryna çenli – has takygy Mätäjiden Berdi Kerbabaýewe çenli, tas 80 ýylyň dowamynda şolar derejesinde edebi şahsyýetiň döremänliginiň sebäpleri hem biziň üçin heniz matal bolup galýar. Islendik şahsyýetiň roly onuň öz döwründe nähili işleri amala aşyrandygy, şeýdibem, halkyň ykbalyna oňaýly täsirini ýetirendigi, halkyň döwlet, harby syýasatyna, sosial gurluşyna, magaryfyna, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna, medeniýetine ägirt uly goşant goşanlygy, özünden soňkulara uly miras galdyrandygy, şol mirasyň tutuş nesilleriň terbiýesi üçin egsilmez, çeşmä öwrülendigi... bilen kesgitlenilýär. Megerem, diňe şu ölçeg biziň edebiýatymyzyň hem sungatymyzyň Berdi Kerbabaýew, Magtymguly Garly, Bäşim Nuraly, Alty Garlyýew, Mylly aga, Kerim Gurbannepesow ýaly ägirtleriniň halkymyzyň taryhyndaky oýnan roluny kesgitläp biler. Türkmen edebiýatynyň «sowet döwrüniň» taryhynda esasy orunlary eýeleýän, has takygy täze türkmen şygyrýetiniň taryhyny ybarat eden şahsyýetleriň biri-de Gurbannazar Ezizowdyr. Gurbannazaryň ajaýyp şygyr sungaty barada ençeme makalalaryň, ýörite kitabyň (A.Agabaýew. «Ezizowyň emri bilen») ýazylanlygyna garamazdan, heniz onuň poeziýasynyň belentligi, onuň biziň edebi hojalygymyza nähili täzelikleri getirendigi doly ,aýan edilenok. Ýazyjy, tankytçy Amannazar Aşyryň juda jaýdar belleýşi ýaly, zehini Hudaýdan berlen sungat adamsynyň döredijilik syryny hiç mahal açybam bolmaz. Eýsem-de bolsa, Gurbannazaryň poeziýasynyň belentligi, onuň şu günki edebiýatymyzyň pikir ýörediş ukybynyň içki gorunyň, setiriň kalby açyş mümkinçiliginiň Ýewropa, dünýä edebiýatynyň wekilleriniň ussatlyk derejesine göterilmegindäki hyzmaty nämelerden ybarat?! Elbetde, bu sowallara bir makalanyň, onda-da ýatlamanyň çäginde jogap bermek kyn. Bu ýerde diňe Gurbannazar fenomeniniň gelip-gelip 60-njy ýyllaryň başlarynda edebiýata gelmeginiň sebäplerini, onuň poeziýamyza getiren, şahyryň diňe özünemahsus bolan täzelikleri barada gürrüň etmäge synanyşmak (ondan artyk däl) mümkin. Biziň 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndaky şygyr sungatymyz klassyky poeziýamyzyň gös-göni dowamy bolup, «edebiýat öz döwrüniň gözi-gulagydyr» diýen prinsipe köre-körlük bilen eýerýärdi. Men bu ýerde goşgynyň kapiýa, rifma, bogun sazlaşygy ýaly klassyk elementleriniň köne döwürlerdäki ýaly saklanyp galanlygynyň, şygryň tematik geriminiň milli çäklerden çykyp bilmänliginiň gürrüňini edemok. Hakyky talant islendik formada-da öz matlabyny ussatlarça aýdyp biler. Gürrüň okyja ýetiriljek bolunýan şol matlaplaryň analitik akyllylygynda, täzeliginde, derwaýyslygynda, okyjynyň kalbyna ýol salyp bilýänliginde. Dogry, şol ýyllar edebiýatynyň diňe käbir wekillerinde, meselem, Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Allaberdi Haýydowyň käbir şygyrlarynda şygryň pikir ýüküni agraltmagyň, forma käbir täzelikleri girizmegiň başlangyçlary bardy. Şeýlelikde, poeziýanyň esasy özeni bolan adam duýgularyny beýan etmegiň milli tärleri gözlenilip başlandy. Goşgularda şol bir lenç edilen «akyl satmadan» adam kalbyny gozgalaňa salýan (tapawudy ýok: söýgümi, gynançmy, şatlykmy...) ahwalatlaryň çeper beýany başlandy. Umumy alanyňda welin, şol ýyllaryň poeziýasynyň esasy gerimi kommunistik partiýanyň öňe süren ýörelgeleriniň şygyr formasyna salnan beýanydy. Lenin, partiýa, rewolýusiýa, SSSR halklarynyň dostlugy, komsomol, ýaşlyk hakda şol bir pikir şygyrdan-şygra gaýtalanýardy. «Tarla, traktorym, tarla, sen dynman», «Dag göwsünden nebit alýan zor oglan», «Kolhoz meýdanynda bir gözel gördüm», «Sen söýseň, meni, unutman seni», «Ös, mekgejöwenim», «Gaz 51-m», «Gülüstanda Lenin, güllerde Lenin» ... garaz, şeýleräk ýa-da şulara golaýrak. Bu zeýilli şygyrlaryň esasy ýetmezi, diňe bir olaryň pikir ýörediş geriminiň juda ýöntemliginde däldir. Esasy kemçilik – şolardaky öňe sürülýän ideýalaryň goşga çenli telim dokladlarda, gazet makalalarynda, partiýa dokumentlerinde lenç edilip, eýýäm umumy ideýa öwrülenligidir. Belli bir maksatlar, durmuşa geçmeli ideýalar bilen baglanyşykly ýazylan şygyrlaryň kesgitli ömürleri bardyr. Şol ideýa, maksat amala aşandan soň şol şygyrlar hem öz möwritini geçirýärler. 20-nji, 30-njy, 50-nji ýyllaryň poeziýasynyň tutuşlygyna diýen ýaly ykbaly şeýle boldy. Galyberse-de, biziň prozamyza-da mahsus bolan milli çäklilik poeziýamyzyň gabarasyny eýikdirmedi. Pikirlenişde, beýan edilişde milli çäkleriň dar serhetleri bolmaly däldir. Magtymguly, Puşkin, Gete, Baýron ýaly läheňler umumyadamzat ahwalatlarynyň beýanyny teswirländikleri (adam ahwalatlarynyň milletiniň bolmaýanlygy) sebäpli ähli halklar üçin baryp ýatan milli şahyrlardyr. Arman, aýdylan döwürdäki edebiýatymyzyň aglaba wekilleri şygryň jemgyýetçilik-syýasy ýaňyna aýratyn ähmiýet berdiler. Içki duýgyny, keýpi aňlatmagyň ýeke-täk şerti şoldur öýtdüler. Kimdir biriniň meni altmyşynjy ýyllaryň tutuş poeziýasynyň üstünden atanak çekýän adam hökmünde görüp, tykyramagy-da mümkin. Esasy gürrüň şol döwrüň poeziýasynyň ykrar ýa-da inkär edilmegi hakda barmaýar. Mesele şol döwür poeziýanyň şahyryň (diýmek, şahsyýetiň) kalbynyň gozgalaňyny, aňynyň ýetip, ýüreginiň ykrar eden zadyny aňlatmaýanyndadyr. Men ýokarda diňe şygyrlardan mysal aldym. Epiki žanr- dan: poemalardan, balladalardan hem mysal getirip bilerdim. Emma epiki žanr uly ýa-da kiçiräk poemalar hiç mahalam poetik zehiniň ölçegi bolmandy. Çünki epiki žanr duýgularyň däl-de, wakalaryň beýanydyr. Islendik wakany şygyr arkaly beýan etmeklik setirleriň ýasamalygyna getirýär. Ortaça ýa-da ýaramaz şahyryň poemasy bolsa-ha okyjy üçin ony okamak lezzet däl-de, agyr jeza. Goý, eseriň mazmuny, manysy, maksady brilliant ýaly ýaldyrabam durmuş diýeliň. Beýan etme guraksy, adam duýgularyndan mahrum bolanda, ol şonça-da biderekdir, göýdükdir. Juda gynansagam, «temasy boýunça aktual» şeýle eserler şu günlerem çap edilip gidip otyr. Ýöne bir zat weli aýan: şeýle eserleriň ömri aňry gitse ýeke gezek okalýançadyr. Bu zeýilli eserler adatça ýaramaz publisistikanyň derejesinde saklanyp galýar. Aslynda-ha goşgy diýilýän närse hemmelere mälim deklarasiýa däldir. Ol haýsydyr bir wakanyň, çeper beýany däldir. Haýsydyr bir partiýanyň, hökümetiň çagyryşlary, öňe sürýän ýörelgeleri, kabul eden kararlary, islendik ideýa, maksat goşgy ýazmak üçin itergi bolup biler. Bular barada ýazmagam bolar. Ýazylaram. Şol şygyrlar jemgyýetçilik aňynyň belli bir etaplarynda öz ähmiýetinem tapar. Bu gürrüňsizdir. Emma bu zeýilli şygyrlar hakyky poeziýanyň, zehiniň ölçegi däldir. Öň hemmelere mälim bolan hakykatlar, ýörelgeler şygyr däldir. Şygyr şahyryň kalbyna Hudaýtarapyn akdyrylan çeşme ýaly bir zatdyr. Şygyr ýazylan minutlaryndaky şahyr kalbynyň, keýpiniň, aňynyň aňlatmasydyr. Ýazýan hadysasyna şahyryň şol minutlardaky garaýşydyr. Şygryň şahyranalygy, setirleriň many ýüki şahyryň analitik akylynyň derejesine baglydyr. Akyllymyň – setirler şonça maňyzlydyr, şygyr düzmegiň ýönekeýje emellerini okap öwrenen, aslynda welin, körzehinmiň – setirleriň şonça-da pöwhedir. Atylanda pagtabendem elhenç gürpüldeýär, emma, arman, onda nyşana degjek ok ýok. Galyberse-de, şygyr jemgyýetçilik aňynyň önümidir. W.G.Belinskiý «Şahyr bolmak üçin şahyryň öňünde şahyranalyk hakykat gerekdir» diýýän mahaly jemgyýetiň arassalygyny, adamlaryň bir-birlerine mährem gatnaşyklarynyň bolmagyny, şahyry joşdurjak, ony gowy niýetlere ruhlandyrjak zamanyň bolmagyny-da göz öňünde tutýar. Her bir halkyň şahyrynyň goşgulary (eger ol hakyky talant bolanlygynda) şol halkyň dogup-döräp ýeten akyllylyk-paýhaslylyk derejesidir. Şondan pes bolanlygynda ol şygyr, söz, saz sungatyna hiç zat goşup bilmez. Diňe öňki aýdylanlary ýöntem gaýtalar. Şeýle bir ýagdaýy biz öňde-soňda hökman ykrar ederis: Gurbannazaryň poeziýa gelmegi bilen biziň şygyr sungatymyz täze, has kämil ýol bilen gitdi. Gurban- nazaryň poeziýamyza nähili täzelikleri getirendigi hakdaky käbir pikirleri orta atmakdan ötri guýmagursak şahyr hakda Kerim Gurbannepesow bilen bolan söhbetdeşligi ýatlamak isleýärin. Ýogalmazyndan bäş-alty aý öňräk bolsun gerek: agşamaralar Kerim halypanyň öýüne bardym. Hemişeki endigime görä, men duşuşmagy gündiz telefon arkaly gepleşipdim. Sebäbi dörediji adamyň, onda-da Kerim halypa ýaly hemişe işleýän adamyň öýüne duýdansyz barsaň, işine zyýan etmegiň mümkin. Kerim aga iş stolunyň başynda başyny galdyrman otyr. Açyk gapydan ony synlap durşuma yzyma dolanmakçy boldum. Iki-üç ädim ätmänkäm Kerim şahyryň mylaýym sesi ýaňlandy: –Geleňsoň yzyňa dolanmaň näme-how, giriber-dä. –Işläp oturan ekeniňiz, päsgel bermäýin diýdim. – Niýetiň-ä erbet däl ekeni. Ol şeý diýdi-de, hemişeki endigine görä hezil edip güldi. Soňra üns bilen okap oturan kitabynyň sahypasyny (Gurbannazaryň «Serpaýyny») maňa görkezdi-de, iň wajyp bir habary aýtjagyny aňdyrýan şekilde has çynlakaý sypata girip, şeýle diýdi: – Goşgularymy ýene bir gezek uly höwes bilen okap çykdym. Bilýämiň näme, men hemişeler «Gurbannazar neresse kämillige ýetişmän aradan çykdy» diýerdim. Gaty ýalňyşan ekenim. Tutuş döredijiligini bir ýere jemläp okadym weli, öňki pikirimden el çekäýdim. Her okan goşgyň özbaşyna täzelik bolup dur. Ýok, Gurbannazar hakyky şahyrlyga ýeten eken. Tüýs guýma-gursak şahyr diýleni şü. Kerim şahyryň bu pikiri beýleki galamdaşlarynyň ýanynda aýdan bolmagam, ýazan bolmagam mümkindir. Gurbannazaryň has kämilräk neşir edilen «Serdarym» atly kitabyny okap çykan her bir okyjy Kerim şahyr bilen hökman pikirdeş bolup galar. Şeýlelikde, Gurbannazar biziň poeziýamyzda täze gözlegleriň başlanan mahaly edebiýata geldi. Guýmagursak zehinleriň ählisinde bolşy ýaly, onuň ilkinji ädimleri-de birhili şowlulyk, täsinlik, täzelik bolup ýaňlandy. 1982-nji ýylda men Gurbannazaryň okuwçy wagtlarynda «Mydam taýýar» gazetinde, «Pioner» žurnalynda çykan goşgularyny toplap, «Ýaş kommunist» gazetinde çap etdirdim. Eýsem-de bolsa, şol goşgularda-da eýýäm täze gözlegleriň ilkinji uçgunjyklary bardy. Student mahallary ol eýýäm her goşgusynda täzelik agtarýan, dyzmaç şahyrdy. Irki goşgularyndan başlap ol täsin rifmalary «şygyr dolanyşygyna» töwekgellik bilen girizip başlady. Ol kapiýa köre-körlük bilen eýermegiň pikiri çäklendirýändigi üçin şeýdýärdi. Ol, hamana, özüne juda gysga ömrüň berlenligini öňünden aňýan ýaly öz täsin gözleglerinde biçak howlukýardy. Onuň irki poeziýasynda şol zeýilli howlukmaç gözlegler häli-şindi duşýar. Şemala tutular Arryk peteke Şuwlaýan sütünler, Artyk, Repetek. ... Ýa bejerip köne pensnäňi sen, Al-da, otur ahyr pensiýaňy sen. Bu gun! Bu gün studente Berilýär pul – stipendiýa. Watana barýaryn, görýärin kino, Içýärin siropy, iýýän eskimo. Hawa, şeýle «rifmaly täzelikler» şol döwrüň poeziýasy, aslynda-ha, türkmen poeziýasy üçin mahsus däl. Elbetde, edebi tankyt ýaş şahyryň bu «batyrgaý gözleglerini» birbada gaty gazaply garşylady. Gurbannazaryň sap goşgy üçin saýlan temalary-da ýiti tankyt edildi. Emma, şahyr bu tankytlardan özüçe netije çykardymy ýa-da poeziýanyň ahyrky maksadynyň kapiýalaryň, rifmalaryň jaýdar sazlaşygy däldigine özi göz ýetirdimi – bilmedim. Tizara bu täsin gözlegler has çuň manyly, filosofik pikirli, täze çeperçilikli goşgularyň döremegine getirdi. Ol turuwbaşdan şahyrlyk ykbaly çüwen adamdy. Onuň gündelik gazet-žurnallardaky çap ediliän goşgularynyň derejesi uzak wagtlap ýapyk zallarda dynuwsyz türgenleşik geçip, ýaryşa çykan sportsmeniň birbada meşhurlyk gazanyşy ýalydy. Ol heniz studentkä Kerim Gurbannepesow, Gara Seýitliýew ýaly meşhur şahyrlar bilen häli-şindi söhbetdeş bolup başlady. Gurbannazarda aglaba döredijilik adamsynda bolaýýan döredijilik egnigysyklygy ýokdy. Ol özüne biçak ynamlydy, batyrgaýdy, töwekgeldi. Her bir döredijilik adamsyna aşa ötegeçmezligiň, öwünmezligiň, gopbam bolmazlygyň çäklerinde öz-özüne göwniýetijiligem gerekdir. Üns beriň: Gurbannazaryň döredijiliginde ýekeje-de nägile, zeýrenç setirler ýokdur, bolaýsa-da, gaty mert hem belent hyjuw bilen aýdylandyr. Öz durmuşyňdan razy setirler welin, näçe diýseň bardyr. Bu ýagdaý üns bereniňe juda degýän faktdyr. Mydam söýdi meni deňi-duşlarym, Şeýle ajap boldy meniň kysmatym. Şygryýet ilinde geldim joşa men, Neneň oňat! Bu säherde gussam ýok, Razy – joşdum topragymyň toýunda. Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüm Dogry, käte azar berýär ýüregim, Olam başga zatdan bolmagy mümkin. Şeýle setirleriň ýene-de ýüzlerçesini getirmek mümkin. Görýäňizmi, diňe sagdyn ruh pähim-paýhasly, belent maksatly, okyjyny ganatlandyrýan eserleri döretmäge mümkinçilik açýar ekeni. Şahyryň her bir goşgusynda aýratyn hyjuwy, ruhy ýokary göterilişi, şadyýan keýpi aňmak bolýar. Gurbannazar Ezizow, megerem, türkmen şahyrlarynyň içinde adamyň kalbyna, onuň gündelik ruhy ahwalatlaryna iň golaý gelen şahyrdyr. Ol goja hakda, ene, Watan, dost, halypa, maşgala, ogul-gyzyň borçlary hakda ýazanda-da adamyň gündelik oý-pikirlerine, hajatlaryna juda içgin aralaşýar. Ýönekeýje degşilip-gülşülýän söhbetdeşliklerde-de, ähmiýetli meselä garalýan ýygnaklarda-da, ýaşlyk ýelgininiň badyhowalygy bilen kelle göçülip jedelleşilende-de, ýürekdeşlik bilen syr alşyp-berşilýän mahallaram, ol garrap dogan ýaly, agras, berk pikirli hemem biçak dogruçyl adamdy. Gurply öýüň ýeke dikrary bolan ýaş ýigide, üstesine-de, döredijilik şowlulygynyň badyna göwni galkynan käbir şahyrlara mahsus ýeňleslik, göterimlik Gurbannazarda düýbünden ýokdy. Ol biçak köp okaýanlygy, juda köp bilýänligi bilen köplerden saýlanyp durdy. Puşkiniň, Getäniň, Baýronyň, Şekspiriň käbir goşgularyny ýatdan bilýärdi, olary terjime edýärdi. Rus şahyrlarynyň goşgularyny, ýatdan aýdar oturardy. Gurbannazaryň juda köp bilýänligi onuň her goşgusynda äşgär görünýändir. Şeýle-de bolsa, ol degşip-gülüşmäni biçak gowy görýärdi, gülküli wakalary hezil edip gürrüň bererdi. Öýkeli-kineli gürrüňleri hiç mahal diline almazdy. Döredijilik babatda welin, biçak dogruçyl, gönümel adamdy. Edebiýat dünýäsinde beýle adamlaryň ýaşap ýörmegi döredijilik hojalygyň arassalygy, zehiniň mertebesiniň saklanylmagy, käbir körzehinleri, çemeçilleri öz ornunda oturtmak üçin juda derwaýysdyr. Gurbannazarda başga şahyrlarda seýrek duşýan täsin häsiýet bardy: kalbynyň çuňundan bir zat aýtmakçy bolanda mawy gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadyp, çalarak peltekläp, diýseň çynlakaý gürleýärdi. Juda degerli delilleri bilen özüne şeýle imrindirmegi başarýardy. Dogry sözi iňňän usullylyk bilen kalbyňa berk jaýlaşar, aňyňa baryp ýeter ýaly edip aýdýardy. Hut şu sebäbe görä, ondan hiç kim hiç zady gaty görmeýärdi. Ömrüniň ahyrlarynda ol Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynda konsultant bolup işläpdi. Onuň bilen ýarym sagatlyk edebi söhbetdeşlik hem ýaş şahyrlar üçin uly sapakdy. Döredijilik babatynda ol özünden ululary-da, ýaşlary-da, hatda iň ýakyn dostlaryny-da aýap durmaýardy. Gurbannazaryň tutuş döredijiligi bilen içgin tanşan her bir adam awtoryň mizemez obrazyny hiç wagt ýatdan çykarmazlar. Onuň liriki gahrymany –«meni» pähimli, ýanbermez, öz maksadynda tutanýerli, biçak dogruçyl adamdyr. Hakyky zehin öz döwründe, özüne çenli bolan döwürleriň gymmatlyklary, wakalary hakda aýtman geçmez. Şu babatda Gurbannazaryň Magtymguly, Puşkin, Lermontow, Kerbabaýew, otuzynjy ýyllaryň goşgulary... hatda Lenin, rewolýusiýa hakdaky eserlerini ünsli okap görüň: siz olarda öň hiç mahal eşitmedik äheňleri eşidersiňiz, täze aňlatmalary taparsyňyz. Gurbannazaryň liriki gahrymany biçak intellektualdyr. Bu intellektuallyk özüniň ynsanperwerligi, sadalygy, dogruçyllygy, sowatlylygy bilen örboýuna galyp durandyr. Käbir şahyrana elementler Gurbannazaryň döredijiliginde bütewi obraza çenli ösendir. Siz onuň güýz hakdaky goşgular toplumyna üns beriň: gussaly hem hasylly güýz, adam ömrüniň paýawlaýan günlerindäki pähimler ýüzi nurana gojany ýatladýar. Goşgularyň many ýüki güýz paslynyň özi ýaly agras hem dok däne. Nesiller, gojalar, söýgi... şahyryň döredijiliginde özbaşyna, gutarnykly obraz bolup durýarlar. Gurbannazara çenli liriki hem epiki poemalaryň ählisi aglaba sýužetlidi. Poema žanrynyň beýle ýagdaýy diňe bir türkmen edebiýatynda däl, hatda rus, Ýewropa, Gündogar edebiýatlarynda-da hut şeýledir. Emma Gündogar poeziýasynda poemalaryň ýaýbaňlygy diňe bir ýagdaý bilen – edebiýatda kyssanyň heniz doly ornaşmanlygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, Gurbannazar biziň edebiýatymyza poema barabar sonetler çemenini hem-de sýužetsiz, tutuşlygyna adam duýgularyna kemsiz ýugrulan liriki poemalary getirdi. Muňa ýöne-möne hyzmat hökmünde garamak bolmaz: bu biziň edebiýatymyz babatda alanyňda özboluşly uly böküşdir. Men bu ýerde Gurbannazaryň sap duýgulara hem çuňňur filosofik pikirlere iňňän baý «Nesiller», «Pikir derýasynda akyl gämisi» poemalarynyň, «Güýz», «Söýgi» atly sonetler çemeniniň belentligi hakdaky gürrüňi uzaltmak islämok. Bir ýagdaý welin aýan: bulary okaňda, hakykatdanam, poeziýa ummanynda ýüzüp barýan «akyl gämisine» münüp, şu günki adamzat nesliniň pähim-paýhasyny gulaçlaýan ýaly bolýarsyň. Ynha, bu eýýäm uly edermenlikdir. Sungatda beýle edermenlikler häli-şindi duşýan däldir. Bu eserleriň abyrsyz ähmiýeti olaryň häzirki günlerde-de hemmeler üçin nusgalyk bolup galýandygy bilen çäklenmeýär. Eýsem-de bolsa, olaryň gadyr-gymmaty Gurbannazardan soňky şahyrlar nesli üçin dogry ýörelge bolup galýandygy, şol ýörelgeden gadam urýanlaryň juda känligi bileň kesgitlenilýär. Megerem, zehiniň kemala gelmegi, taplanmagy üçin sowatly, düşünjeli okyjy, töweregem derwaýysdyr. Altmyşynjy ýyllaryň edebi tankydynyň, edebiýaty öwreniş ylmynyň belent derejesi agzalýan döwürde sagdyn edebi jemgyýetçiligiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Gurbannazaryň poeziýa gelen döwürlerinde Baýram Welmyradow, Täşli Gurbanow, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow ýaly iňňän talantly redaktorlar, Abdylla Myradow, Öde Abdyllaýew, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiýew ýaly salyhatly, öwrediji tankyt ýazyp bilýän zehinler bardy. Gurbannazar Ezizow öz gysga ömrüniň öň ýanyndaky ýyllarynda türkmen şahyrana sungatynyň derejesini şeýle bir ýokary derejä galdyrdy. Hatda şu günlerem şol belentlik eletmez nusgalygynda galýar. Biz käte nusgalyk dereje bilen «aralyk» derejä şeýle bir öwrenişýäris. Munuňam sebäbi, käteler orta derejedäki şahyryň, bagşynyň, ýazyjynyň, artistiň, sazandanyň... çemeçillik bilen apalanýan wagtlaram bolýar. Bu ýagdaý hemme zamanlar üçinem ýoň bolupdyr, şu günlerem ondan gaçyp gutuljak gümanyň ýok. Hawa, biz şol «orta derejedäkilere-de» çörňeşip görýäris. Hemişe bolşy ýaly, bujagazlar biziň Hudaýtarapyn zehinleriň talanty bilen berkeşen ruhy talaplarymyza jogap bermeýär. Ine, onsoň alaçsyz yzyňa gararsyň: yzda bolsa, taňra ýüz müň şükür, Azady, Magtymguly, Andalyp bardyr, Kerbabaýew, Gurbannepesow, Ezizow bardyr. Ýeri gelende aýtsak: sungatda sähelçe tapawut, gaty uly tapawutdyr. Sahy aganyň «Saryýasyny», Çuwalyň «Eý dalyny» özi bolup aýdaýjak ýalysyň, emma zehiniň Hudaýdan berilmedik bolsa, ömrüň boýy gidişseňem, aýdaýmarsyň. Mylly aganyň «Humaralasyny», Pürli aganyň «Maral geldisini», Jepbaryň «Baga girelisini» iş edinseň, şolaryňky ýaly çalaýjak ýalysyň. Emma, ilçilikdir, şolaryňkydan gowy çaljagam dogup-dörär, ýöne, şolar boljak weli ýokdur. Eliňe Gurbannazaryň «Serdarymyny» alarsyň, okap başlarsyň: Güllеr bitsin... näzik аýaklaryňa... Кynçylyk ýоk, еjizlik bаr dünýädе. Мaňa sеniň gözlеriñden gitmе ýоk, Şаpakdan оt аlýar bаglaryň bаşy, Gijе оgurlapdyr bеlendi-рesi, Söýgiň güýji bilнn аýlanar zеmin. Рähim-рaýhas, bеlent çеperçilik bаbatda nusgаlyk dеrejä ýеten şеýle аjaýyp sеtirler Gurbаnnazaryň tutuş dörеdijiliginiň bеzegi. Вu gün Gurbаnnazaryň рoeziýasy – gаdymy mеrdana hаlkymyzyň Gаraşsyz Тürkmenistan döwlеtiniň milli bаýlygy. Оnuň рoeziýasу häzirki döwür şуgryýetimiziň ýеten dеrejesine, ölçеg mizаnyna öwrüldi. Gurbаnnazaryň şуgryýete gеlen tоlkunynda biziň Рoeziýamyza оnuň şоndan sоňraky уkbalyna öz täsirini ýеtiren Аnnaberdi Аgabaýew, Нalyl Kulyýew, Itаlmaz Nuryýew, Кakabaý Ylýаsow ýаly zеhinler gеldiler. Вularyň biziň еdebiýatymyzdaky оrunlary hаkdaky gürrüň еýýäm özbаşyna söhbеtdir. Özlеriniň bоýun аljaklaryny-аlmajaklaryny bilеmok: mеniň рikirimçe, biziň şu günki рoeziýamyzyň bоl miwе еçilýän dаragtlary Вaýram Jütdiýеw, Аtamyrat Аtabaýew, Nоbatguly Rеjebow, Durdymuhаmmet Gurbаnow, Gurbаnýaz Dаşgynow, Аmаnmуrat Вugаýеw, Аtajan Аnnaberdiýew dagynyň şahyranalyk badalgasy-da hut Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyndan başlanýar. Bu gün Gurbannazaryň poeziýa mekdebinde öz zehin tabyny synaýanlaryň sany atlandyrardan kän. Çyn zehinlerde täsin bir welilik bolýar. Akyldar Magtymguly «taraşlap şagladan» ajaýyp şygyrlarynyň özünden «soňkulara ýadygär» boljagyny, genial Puşkin öz adyny «ulus iliň – slawýanlaryň, agtyklaryň tutjagyny» öňünden bilipdir. Gurbannazar neresse bolsa, heniz otuz ýaşyndaka iňňän sadalyk bilen şeýle ýazypdy: Meniň öz ýaşyma uly baham ýok, Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar. Diňe bir Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyna däl, eýsem-de bolsa, merdana halkymyzyň dogup-döräp döreden ähli mukaddesliklerine mynasyp baha kesýän zaman – Garaşsyzlyk zamany, şükür, uzak garaşdyrman, öz berekedi, uly tutumlary, halkymyza eçilen eşretleri bilen geldi. Çyn zehinleriň penakäri merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen Gurbannazar Ezizowa Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen belent atlar dakyldy. Şahyryň öz ýaşan köçesi, okan mekdebi onuň adyny göterýär. Arman, Gurbannazar neresse bu uly hormatlary öz gözi bilen görüp bilmedi. Bir zat kalbyna az-kem teselli berýär: ol hem Gurbannazar Ezizow diýilýän mukaddes adyň onuň ölmez-ýitmez poeziýasynda baky ýaşajagydyr. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler" / edebi portretler, 1996 | |
|
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |