12:45 Gara Seýitli | |
GARA SEÝITLI
Edebi makalalar
Sowet döwrüniň edebiýaty – biziň geçmişimiz. Geçmiş bolsa, adatça, undulmaýar, ondan sapak öwrenilýär. Üstesine, bu döwür şeýle bir uzak geçmişem däl. Türkmeniň şu günki ýaş, orta, uly nesli şu döwrüň tälim-terbiýesini aldy, ýaşady, gurdy, döretdi. Şol ýyllar herimiziň ömrümiziň bir bölegi. Onda, şahyr aýtmyşlaýyn, «ajy günlerem bar, süýji. günlerem». Olary anyndan öçürjek gümanyň ýok, Şeýtmek, megerem, geregem däldir: çünki, olaryň ählisem kimdir biriniňki däl, öz-özümiziňki. Öz ruhy, sosial tejribämiz. Türkmen ýaly pähim-paýhasly, janypkeş, gadymy halkyň belli bir sosial gurluşdaky tas ýetmiş ýylky taryhy tejribesi. Bu gün Garaşsyzlygymyzyň bagtly zamanynda ol tejribäniň haýsy aspektlerini sapak edinmeli, şol döwrüň haýsy gymmatlyklaryny şu günki pähim-paýhasymyza garyp, geljekki nesillerimize miras geçirmeli?! Muny takyk öwrenmegimiz gerek. Şeýtmek, biziň ata-baba däbimiz ahyryn. Çyn zehinler döwrüň ideýa matlaplaryna berilmän bilmez. Ýöne bu ýagdaý, ýagny şol döwürde höküm süren ideýalara ýüregiň bilen berilmeklik şahyryň kalbynyň joşguny üçin bary-ýogy kömekçi stimuldyr. Zehiniň esasy hereketlendiriji güýji onuň Watana, il-güne, ene topraga, ýaşaýşa, durmuşa... bolan çäksiz söýgüsidir. Hakyky zehinleriň döredijiliginiň iňňän köp taraplydygy hem şundadyr. Diňe şolaryň döredijiliginde halkyň şatlygam bardyr gaýgysam, begenjem bardyr, gynanjam. Çyn zehinler –il-günüň tükenmez baýlygy. Halkyň zehin ölçegini onuň orta çykaran ogullarynyň pähim-paýhasyndan dörän eserler, olaryň il-gün üçin tutan tutumlarynyň getiren eşretleri kesgitleýär. Mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik genisi bilen ybarat edilen Garaşsyzlyk zamanynda türkmeniň ruhy, medeni gymmatlyklary bütinleý täze mana eýe boldy. Indi biz tälim-terbiýämiziň, edim-gylymlarymyzyň esasyny türkmeniň ruhy köklerinden gözlemelidiris. Diňe şeýle edenimizde, biz tutuş halkymyza mahsus, hemmämiz üçin egsilmez çeşme bolup biljek ruhy ýörelgelerimizi edinip bileris. Şol egsilmez çeşmeleriň gözbaşy Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyzlyk taglymatynda, ata-babalarymyzyň öwüt- ündewlerinde, söz, saz mirasymyzda, meşhur ýazyjy- şahyrlarymyzyň eserlerinde bardyr. Adamyň göwün ýüwürtmeleriniň, isleg-arzuwlarynyň çägi ýok. Gowy günlerde gowy adamlaryň aramyzda bolaýanyny isleýäň. Hany, beýle bagt?! Ynha, Garaşsyzlygyň gözel zamanasy. Dogry, bu ajaýyp döwrüň öz waspçylary-da sanaran kän. Emma Kerim Gurbannepesow, Gara Seýitliýew. Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly guýmagursak şahyrlarymyz aramyzda ýaşap ýörenliginde, şygyr sungatymyzyň hazynasy şu günküsinden müň esse baý bolardy. Olaryň ömürleri şeýle gysga berilmedik bolanlygynda, şu wagtlaram ýaşap, döredip ýörmelidiler. Arman, Täşli Gurbanow, Abdylla Myradow, Naryman Jumaýew, Saýlaw Myradow, Arap Gurbanow... ýaly zehinlerimizem türkmeniň şu günki oýanan bagtyny görmän gitdiler. Şunuň ýaly-da bir zat kalbyňa az-kem teselli berýär: olaryň çeper döredijiligindäki bagtly ömürleri ýazan eserlerinde dowam edýär. Özüniň täsin şahyrana dünýäsi, belent adamkärçiligi, görüm-göreldesi bilen özünden soňky nesillere nusga bolup galan çyn zehinleriň biri-de şahyr Gara Seýitliýewdir. Bu beýik adam hakda gelip-gelip şu gün okyjylara gürrüň beresim gelýänliginiň ýüzlerçe ‘sebäpleriniň biri-de, Gara Seýitli ýaly öz kesbine, il-gününe, dost-ýarlaryna, döwlet işine şeýle ýürekden berlen, ygrarly adamlaryň Garaşsyz Türkmenistana, belent Mertebeli Saparmyrat Türkmenbaşa, talapkär okyjylara, häzirki zaman türkmen jemgyýetine juda hem juda zerurlygy üçindir. Ýeri gelende aýtsak, islendik jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň derejesi onuň hereketlendiriji güýjüni ybarat edýän at-abraýly, edermen, pähim-paý- hasly, sowatly adamlaryň bardygy bilen kesgitlenilýär. Şol adamlaryň öz halklarynyň öňündäki belent hyzmatlary-da, olaryň döreden ruhy gymmatlyklarynyň soňra tutuş milletiň intellektual derejesine ömürlik dahylly bolup galýandygydyr. Elbetde, beýle belentlik öňýetene ýetdirýän närse, däldir. Bu belentlik diňe zehini Hudaýdan berlenleriň müdimilik ornudyr. Galyberse-de, Gara şahyryň şahyrana dünýäsiniň gory entek-entekler türkmen okyjysynyň ruhy teşneligini gandyrmak ukybyny şol öňki täze-terligi bilen saklap gelýär. Elbetde, men öz döwründe ady dost-ýarlary tarapyndan kalbyň çuňundan çykýan söýünç bilen Gara şahyr diýlip tutulan bu belent şahsyýet bilen duz-emek bolan, çaý başynda söhbet edişen adam däl. Bary-ýogy bir gezek gurultaýda dokladyny, bir gezegem duşuşykda ajaýyp şygyrlaryny öz agzyndan diňläp gördüm. Ýekeje gezegem myhmanhananyň işiginde on-onki minut çemesi aýak üstünde gürrüňdeş bolduk. Bolany şol. Emma halypamyz Kerim Gurbannepesowyň Gara Seýitliniň bir tomluk ýygyndysynyň sözbaşysynda ýazyşy ýaly, «Ony tanamaýan adamlaram onuň bilen bäş minut gürrüňleşenden soň gürrüňdeşiniň kimdigini şübhesiz' anyklap bilýärdiler. Gürrüňi Gara şahyryň ajaýyp poeziýasy hakda däl-de, biçak uly adamkärçilikli adam bolanlygy hakdaky söhbetden başlaýanlygymyzyň hem düýpli sebäpleri bar: adam kalbyna şeýle golaý belent şygyrlar diňe päk ýürekli, ynsaply, wyždany biçak sap şahsyýetden çykýandyr. Aslynda Allatagala adamy özüne meňzedip döredipdir diýýärler: käbir adamlarda Hakyň nury bar diýlen gürrüň, megerem, şonuň üçindir. Gara Seýitli hem tüýs kalby Hak nurly adamlardandy. Ellinji ýyllaryň başlarynda Gara Seýitli tüýs ýüňi ýeten şahyrdy. Onuň gündelik metbugatda häli-şindi peýda bolýan şygyrlary sähel salymdan radioda aýdym, her ýylda geçirilýän festiwallarda labyzly deklamasiýa bolup ýaňlanýardy. Gara Seýitli aýdymçy şahyrdy. Onuň Daňatar Öwezow, Weli Muhadow ýaly meşhur kompozitorlar bilen içgin hyzmatdaşlygy «Aşgabat», «Joş, kanalym», «Zor oglan», «Balykçynyň aýdymy», «Hally gözel», «Täzegül» ýaly, şu günlerem radioda ýaňlananda, kalbyňy heýjana getirýän ajaýyp aýdymlaryň döremegine getirdi. Mahlasy, ellinji ýyllaryň ortalarynda ol eýýäm biziň poeziýamyzyň hakyky kerwenbaşysydy. Öz sene- diniň şeýle belent derejesindekä-de, maňa onuň dokladyny diňlemek miýesser etdi. Şol ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň ýaş ýazyjy-şahyrlar barada edýän aladasy çeniň däldi. Şol wagtky oblast merkezlerinde Ýazyjylar soýuzynyň edebi konsultanty ýörite aýlyk alyp işleýärdi. Daşhowuz oblasty boýunça edebi konsultant şindiki halk ýazyjymyz, gaty köpimiziň talapkär halypamyz Hangeldi Garabaýewdi. Daşhowuzly ýazyjy-şahyrlaryň Han dädäniň edebi mekdebini geçmedigi, megerem, ýokdur. Ol biçak talapkär adam. Oblastyň içinden ýekeje goşgudyr hekaýa çap etdireniň Han dädäniň «Jübi bloknotyna» ady düşmedigi ýokdy. Ol seni nirede bolsaňam tapyp, yzygiderli işlemegi, gije-gündiz ýazmagy talap ederdi. Han däde «Ýaş şahyr gaty köp goşgyny ýatdan bilmeli» diýip, berk sargardy. Bizem Gara Seýitli ýaly halypa şahyrlaryň goşgularyny ýatlanymyzy kem görmezdik. Soňra görüp otursak, Hangeldi aganyň özünem edebiýata getiren, konsultant edip bellän Gara Seýitli eken. Ynha, şeýdip adyna aşna bolup ýörkämem Gara Seýitlini görmek, söhbetini diňlemek bagty maňa miýesser etdi. Soňra görüp otursam, ýaş ýazyjylary Aşgabada – gurultaýa myhman çagyranam hut onuň özi eken. 1959-nji ýylyň maý aýlarynyň başlarynda Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň 4-nji gurultaýy çagyryldy. Häzirki Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynyň uly zalyna ýurdumyzyň ähli ýazyjy-şahyrlary ýygnanan eken. Ynha, her gün görsemdiýip, arzuw edip ýören halypalarymyz Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Aman Kekilow, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Köpekmergen, Towşan Esenowa... dagy gurultaýyň prezidiumyny bezäp otyrlar. Uzyn boýly, pälwan sypatly, gür gara saçlarynyň gelşikli çowy giň maňlaýyna dökülip duran, diýseň arkaýyn hereketli Gara Seýitli bolsa, gurultaýda başlyklyk edýärdi. Eginlerine şaplaşyp duran şar gara kostýumy, ak köýnegi, modaly galstugy ony diýseň sypaýy görkezýärdi. Egin-eşiklerinden başlap, onuň ähli hereketlerinde: söz sözleýşinde, ellerini salgaýşynda, käse ýaly gözlerini güldürip, täsin ýylgyryşynda, agras ädimläp ýöreýşinde... birhili agraslyk, medeniýetlilik, kalby giňlik bardy. Gürrüňdeşine juda: dykgatly hem mähirlidi. Gurultaýda prawleniýäniň başlygy Gara Seýitli doklad etdi. Onuň hatda, käbir atly ýazyjylaryňam adyny tutup, tankyt edýäni ýadyma düşýär. Özem pert-pert gürleýär. Soňra çykyp geplemeler başlandy. Ýazyjylar bir ýere üýşenlerinde hemişe bolşy ýaly, az-kem aşarak tankyt edilenlerem boldy. Ýöne gaty geň galan ýerim: şol gezek Gara Seýitlini prawleniýäniň çlenligine saýlamadylar. Şol döwrüň düzgünine görä, ony başlyk saýlabam boljak däldi. Prawleniýäniň sostawyna saýlanmanlygyny eşiden Gara Seýitli hatar akja dişlerini ýaldyradyp, çyn ýürekden hezil edip ýylgyrdy. Soňra emaý bilen ýerinden turdy-da, oturanlara belent başyny çalaja egip, zaldan çykyp gitdi. Gapdalymda bu ahwalata gynanyp, gamlanyp oturan Hangeldi Garabaýew çalaja pyşyrdady: «Belent adamlaryň ýagysam az bolanok-da». Bu ömrümde uly ýygnaklarda, plenumlarda wezipeden düşürilen adamlary kän gördüm, emma Gara Seýitli ýaly, oňa şeýle biperwaý bolup bilen adama heniz-henizler duşamok. Dogrymy aýtsam, Gara şahyryň ömründen şu epizody ýatlamakçy hem däldim. Emma, şahyryň «Saýlanan eserleriniň» bir tomlugyndaky: «Aýby ýok, aýrylsaň uly gullukdan, Aýrylma kiçijik adamçylykdan». Bu iki setiri täze göçürdim, Depdere edilen köne bellikden. – diýen täsin setirleri okanymda, şol wakalar ýadyma düşdi. Ömrüniň çuňňur manyly uly bölegini Daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça Türkmenistan jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň medeniýet ministri ýaly wezipelerde geçiren şahyryň «depdere eden belliginiň» şol wakadan soň döränligini çaklamak kyn däl. Gara şahyryň häsiýetindäki bu görenlerimi aýratyn nygtaýanymyň özüne ýetesi sebäpleri bar: adamyň şahsyýeti uly boldugyça, onuň iş tutumlary hem belent bolýar. Ýa-da tersine: ýazyjynyň ussatlyk derejesi onuň belent şahsyýetini ybarat edýär. Bu iki juda seýrek gabatlaşmak Gara Seýitliniň ykbalynda bar ekeni. Talanta baha berlende, adatça onuň özünden öňki ýazyp, döredip geçenlere garanyňda edebiýata nähili täzelikleri getirendigi göz öňünde tutulýar. Şu jähtden seredeniňde, Gara Seýitliniň döredijiligi özboluşly edermenlikdir. Kerim GurbannepesowGara şahyryň «Saýlanan eserleriniň» bir tomlugyna ýazan ajaýyp sözbaşysynda şeýle bir ýagdaýy aýratyn nygtaýar: «Kyrkynjy ýyllaryň şahyrlary-da, ellinji ýyllaryň şahyrlary-da edebiýat meýdanyna şonuň poeziýasyndan ruhlanyp aýak basdylar. Köp şahyrlar onuň täsirine düşdüler, öz goşgularyny graždanlyk, watançylyk, ynsanperwerlik ruhuna ýugurmagy Gara Seýitliden öwrendiler. Söýgi lirikasynyň çeşmesini şondan susdular» «Zer gadyryn zergär biler» diýlişi ýaly, Gara Seýitliniň türkmen edebiýatyndaky mynasyp ornuny şundan takyk kesgitlemek mümkin däl. Halypasynda şeýle gudraty öz süňňi bilen syzmadyk bolsa, Kerim şahyr bu sözleri şeýle söýünç bilen ýazmazdam. Gara Seýitliniň şahyrana dünýäsine sähelçe aralaşan okyjy onuň juda köp babatlarda öwretmek de- rejesine çenli galyp bilendigine, onuň poeziýasynyň bolsa, heniz-henizlerem ruhlandyrmak ukybynyň sähelçe-de kemelmändigine magat göz ýetirerler. Galyberse-de, Gara şahyryň tutuş döredijiligi biziň edebiýatymyzda tä otuzynjy ýyllara çenli dowam eden klassyk däpleriň döwrüň talaplaryna görä, forma, mazmun babatda täzelenip, dowam etmeginiň takyk mysalydyr. Gara şahyra çenli bu beýik missiýany gerdenine.alyp bilen şahyr bizde ýokdur. Otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda, kyrkynjy ýyllaryň başlarynda Ata Salyhyň, Durdygylyjyň, Nury Annagylyjyň köplenç wasp ediji, agitasion çagyryş häsiýetli goşgulary ürç edilip okalýardy. Beýle goşgularyň öz döwründe möhüm rol oýnandygyna sözümiz ýok. Emma olar eýýäm hatly-sowatly bolup başlan okyjylary kanagatlandyryp biljek däldi. Ine, edil şu döwürde-de Baku, Moskwa ýaly uly şäherlerde okap, rus hem Ýewropa, dünýä edebiýatyndan habarly Gara Seýitliniň edebiýata gelmegi türkmen poeziýasynyň edebi goruny täze many-mazmun bilen doldurdy. Şeýlelikde, Kerim halypanyň «Ruhlanyp aýak basdylar, öwrendiler, susup aldylar» diýýänleriniň arasynda ilki bilen onuň hut özüni, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Ata Atajanow ýaly poeziýamyzda yz galdyran halypalary göz öňüne tutanlygyny aňlamak kyn däl. Ýeri gelende aýtsak, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Nobatguly Rejebow ýaly poeziýamyza özleriçe täzelik getiren zehinler hem şu uly nesliň mynasyp dowamydyr. Elbetde, meniň bu ýazgylarym Gara Seýitliniň tutuş döredijiliginiň hatda, iň bärkisi onuň, şahyrana dünýäsiniňem edebi derňewi däl. Beýle uly wezipä diňe bu ugurdan ençeme ýyllap çorba sowadyp ýören alymlar hötde gelip bilerler. Häzirlikçe bolsa, Gara Seýitliniň türkmen edebiýatynyň öňündäki belent hyzmatlarynyň: şygryň analitik pähim-paýhas ýüküni has-da agraltmak; şygyr sungatyna akgynly graždanlyk lirikasyny batyrgaýlyk bilen getirmek; şygryň äheňine uruşda ýeňip üstün çykan, parahatçylykda dem alýan halkyň şadyýan keýpini girizmek; şygyr sungatynyň asyrlarça dowam eden beýan ediş formalaryny häzirki zamanyň pähim-paýhas giňligine görä täzelemek... ýaly, ençeme edermenliklerden ybaratdygyny aýdasymyz gelýär. Şygyrýet äleminde belent şahsyýet Kerim halypamyz öz şägirtlerini, halypalaryny «ýüz görüp, gapyrga syryp» öwmäge hiç mahalam ilgezik adam däldi. Onuň «köp şahyrlar... Gara Seýitliýewden öwrendiler» diýmesiniň aňyrsynda şahyryň şygryýetimiziň öňündäki şeýle abyrsyz hyzmatlary ýatyr. Şu edermenlikleriň ýekejesini amala aşyran şahyryňam edebiýatymyzda müdimilik galmaga haky bardyr. Ikinji jahan urşunyň yz ýanlary Gara Seýitlini uly edebi edermenliklere iteren faktorlar bar. Zehinli şahyr uly uruşda ýeňen halkyň keýpiçaglygyny köne ülňülerde beýan etmegiň maksadalaýyk däldigini inçe duýgusy bilen asypdyr. Galyberse-de, urşuň öň ýanlaryndaky aň-bilime, sowatlylyga beýik ymtylyş jeň tamamlanan badyna ýene-de uly joşgunlar bilen galkynypdyr. Ilatyň tutuşlygyna sowatlylygy biziň sowetler zamanyndaky beýik gazananlarymyzyň biridir. Diýmek, sowatly hem Beýik Ýeňişden soňky äpet ruhy ýokary göteriliş döwrüne täze formaly, mazmunly, äheňli edebiýat zerur bolupdyr. Aslynda, islendik zehini öz zamanasynyň şoňa muşdaklygy döredýändir. Ol ýa-da beýleki bir ugurda olaryň jemgyýetçilik arenasyna gelmeginiň dialektiki zerurlygy gürrüňsiz bardyr. Magtymguly, Andalyp, Mollayýepes ýaly meşhur klassyklarymyzyň Berdi Kerbabaýew, Mylly aga, Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Gara Seýitliýew, Nury Halmämmedow, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow... ýaly beýik döwürdeşlerimiziň öz döwürlerinde zehin ýaryp orta çykmaklaryda, ähli halkyň şolaryň döremegine bolan yhlasynyň küýsewiniň netijesidir. Has takygy, bu gerçekler halkymyzyň goja taryhyň bir öwrüminde halallyga, aň-bilime, ruhy, ahlak kämilligine beýik ymtylyş zamanynda orta çykan çyn zehinlerdir. Siz şahyryň «Läleden pyýalalar», «Aşgabat», «Parahat ýaşasyn halklaryň bary», «Ýaşlyk aýdymy», «Kolhozyň güli», «Azat iller oýnaýar», «Halkym», «Iň gözel gül» ýaly ençeme ajaýyp goşgularyny ýene-de bir gezek dykgat bilen okap görüň: halypa şahyrymyz Berdinazar Hudaýnazarowyň juda ýürege ýakyn belleýşi ýaly, kalbymyza irki bahardaky kimin keýpihon joşgun aralaşar, dünýä, çar töwerek birhili hasam nurlanan ýaly bolar, ýüregimize rehim-şepagat inip, ynsabyňyz durlanar. Şonda siz Gara şahyryň egsilmez bagtdan, şady-horramlykdan ýaňa çogjak-çogjak bolup duran: Atyr saçýar Aşgabadyň baglary, Bahar çyksaň, gunçalara seýrana. Her günüň ýüzünde bir täzelik bar, Gül yşkynda şat bilbiller oýnaýar. Agşamlar aý yşkyna gurlawuklar gurlady, Säherler gün yşkyna gökler gulup gürledi. Gyzlaryň – gül bagyň gyzyl lälesi, Gülende gül lebler gül dek açylar. Dirilik ýelidir säher şemalyň, Goýnuňda göz açan garrylyk bilmez. Halyçy gözelleň gyz kereşmesi, Gul dek göwünleri açar Aşgabat, – ýaly, ýüzlerçe ajaýyp goşgy setirlerine häli-şindi duşarsyňyz. Aslynda, şahyryň belentligini onuň öz kalbynyň joşgunyny, ruhy ahwalatyny başyny bozman setirlere siňdirip biliş ukyby kesgitleýär. Şeýle hem goşgy, hakyky goşgy bolanlygynda haýsydyr bir wakanyň, hadysanyň, görnüşiň setir beýany däldir. Biziň käteler gazet makalasyny, seneleri, taryhy, durmuşy wakalary şygra salyp ýören mahallarymyzam bar. Dogry, öz ýerinde wagtlaýynça bu zeýilli eserlerem gerekdir. Emma olar hiç mahalam poeziýanyň orta derejesine-de ýetip bilýän däldir. Hakyky şahyrana şygyr kalbyň keýpiniň beýanydyr. Şahyryň şony ýazyp otyrka ruhy ahwalaty nähili bolsa, goşgynyň many, maňyz ýüki hem şoňa göräräkdir. Şu ölçeg bilen Gara şahyryň islendik goşgusyny okasaňam, täsin duýgyny başdan geçirýärsiň. Şahyryň söýgi hakdaky goşgulary biziň klassyky poeziýamyzyň äheňleriniň şu günki dowamy bolup ýaňlanýar. Şunda-da, Gara şahyr täze formalara täze-ter pikirleri şeýle bir ökdelik bilen girizýär welin, şygyrýet «tüýüniň täzelenişine» haýranlar galýarsyň. Islendik şahyryň islendik goşgusy onuň öz syrydyr. Syr bolsa hemişe iňňän seresaplyk bilen açylýandyr. Bu ýagdaýy, aýratyn-da, şahyryň yşky-lirikasynda has aýdyň synlap bolýar. Gara şahyryň yşky-liriki goşgulary kalbyň çuňundan çykýanlygy, içki medeniýeti, täsin duýgularyň çeper beýanydygy bilen aýratyn tapawutlanýandyr. Şahyryň liriki «meni» gönümel, merdemsi hem iňňän seresaply. Bu şeýle-de bolmaly. Çünki, söýgi lirikasynda, käbir şahyrlarymyzyňky ýaly, öz söý.ýäniňi suwjuk sözler, aşa mahabatlandyrmalar bilen «bezäberseň» şygryň ýeňlesligi artýar. Gara Seýitli şeýle şygyrlary ýazanda-da, köpçuligiň öňünde okanda-da iňňän seresaply adam eken. Megerem, 1962-nji ýylyň güýz aýlarynyň biridi öýdýän. Biz – Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary şahyr Gara Seýitli bilen duşuşyk gurap bermegi mugallymymyz şahyr Ruhy Alyýewden haýyş etdik. Ol ikisi dost ekeni. Aradan üç-dört gün geçmänkä, Gara şahyr bize myhmançylyga geläýdi. Uniwersitetiň aktlar zaly okyjylardan ýaňa hyň berýär. Agşamy Ruhy Alyýew alyp barýardy. Gara Seýitli tas sagat ýarym dagy hezil edip goşgy okady. Ençeme gezek el çarpyldy. Agşamyň ahyrlarynda studentleriň biri «Gözleriň» atly goşgusyny okap bermegi şahyrdan haýyş etdi. Gara şahyr başga bir goşgy okady-da, syrlyja ýylgyryp goýberdi. Emma el çarpyşyk möwç urdy. Her ýerräkden «Gözleriňi» okaýyň-da» diýlen haýyşlar ýaňlandy. Gara şahyr Ruhy Alyýewiň gulagyna bir zatlary pyşyrdap aýtdy. Zalda el çarpyşyk köşeşmedi. Ahyram şahyr «Gözleriňi» labyz bilen okady. Emma goşgynyň: Ýatdan çykmaz köýüp bakan gözleriň, «Ýetim» diýip, haraý çeken gezleriň –diýen setirlerini okanynda, onuň sesi çalaja sandyrady. Ertesi güni biz Ruhy Alyýewden Gara şahyryň nä sebäbe görä «Gözleriňi» okamak islemändiginiň sebäbini soradyk. –Ruhy, görýäň-ä, öň hatarda öz gyzym ýaly gyz-gelinler otyrlar. Olaryň ýanynda «Söýdüm seni...» diýip dursam, birhili bolmazmy? – diýip, Gara şahyr menden soraýar – diýip, mugallymymyz jogap berdi. Gör, nähili belent adamkärçilik, şahyrana medeniýetlilik! Kebelekler ganatynda Getiripdir hallar saňa. Agşamyň şapagy sönük görüner, Säheriň şapagy ýanagyň seniň. Alkymyňdan atyr ysy bark urar, Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň. Gözüňe deň gelmez göz piýalasy. Söýdüm seni öz obamyň lälesi. Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn, «Gara saňa aşyk» diýip, goý çaklansa, çaklansyn. Siz setirlerdäki anyk pikiriň iňňän usullylyk bilen aýdylyşyna üns beriň: şeýdip diňe depesinden dabanyna çenli milli ruhly, milli medeniýetli türkmen şahyry aýdyp biler. Juda çäkli kommunistik ideýa Gara şahyr ýaly çyn zehinleriň döredijiligine-de täsir etmän durmandyr. Onuň partiýa, Lenin hakdaky goşgulary kän hem-de olaram belent hyjuw bilen ýazylypdyr. Goňşy ýurtlara edilen syýahatlar bilen baglanyşykly ýazylan eserlerem tutuş bir kitaplyk bar. Bu eserleriň-de Gara şahyra mahsus belent çeperçilik bilen ýazylandygyna sözümiz ýok. Emma olaryň ideýasynyň düýbünde ýatan howaýy matlaplar – Lenini, kommunistik partiýany «ähli üstünliklerimiziň seresi» edip görkezmek ýaly ähli kommunist ýazyjylara tabşyryk – goşgularyň umumylygyna täsir etmän durmandyr. Häli-şindi gaýtalanyp durýan çagyryşlara, baýramçylyklara bagyşlanyp döredilýän goşgularyň ömrüniň çäklidigini Gara şahyryň özem aňan bolara çemeli: aradan çykmazynyň öňüsyrasyndaky ýyllarda ol «Adam we dünýä» atly ajaýyp goşgular tapgyryny döretmäge girişipdir. Ellä golaý şygyrdan, «Adam we ykbal» atly liriki poemadan ybarat bu goşgular toplumy biziň uruşdan soňky ýyllar poeziýamyzyň monumental eseridir. Şygyrlar toplumynda Gara şahyryň pähim-paýhas, döredijilik kämilligi äşgär görünýär. Şahyr şygyrýetiň esasy elementiniň adamdygyna magat göz ýetiripdir hem-de adam häsiýetleri, durmuşy,. bagty, nogsanlyklary hakda öz filosofik garaýyşlaryny uly çeperçilik bilen beýan edipdir. Elbetde, Gara şahyra çenli adam, adam ykbaly hakda müňlerçe şahyr şygyr döredendir, ýene-de dörär. Emma biziň edebiýatymyzda «Adam we dünýä» dürli temada, dürli formalarda iňňän çeper ýazylanlygy bilen bu ugurdan ýeke-täk eserliginde galýar. Bu goşgular tapgyry we poema özbaşyna uly derňewi talap edýär. Sebäbi, Gara şahyryň bu eserlerde ulanan çeperçilik tärleri, iňňän milli äheňdäki beýan ediş usuly soňra tutuş edebiýatymyzyň esasy ýörelgesine öwrüldi. «Adam we dünýä» tutuşlygyna diýen ýaly dürdäne setirlerden düzülen bütewi ajaýyp eserdir. Olary ünsli okap çykanyňdan soň şahyryň ölüminiň öň ýanynda neşir edilen bir tomlukda okyja ýetirilen bu ajaýyp şygyrlara edebi tankydymyzyň, edebiýat ylmymyzyň degişli baha bermändigine gynanýarsyň. Saglyk bolsa, golaý wagtda Gara Seýitliniň «Saýla- nan eserleriniň» täze bir tomlugy okyjylara ýetiriler. Megerem, şundan soň edebi tankydymyz Gara şa- hyryň döredijiligine täzeden garasa gerek. Şahyr bilen iň soňky ýüzbe-ýüz duşuşygym şu günki ýaly ýadymda. 1969-njy ýylyň ýanwarynda Çärjew şäheriniň bir bölegini, Farap etrabyny suw aldy. Gyssagly hökümet komissiýasy düzüldi. Ýurdumyzyň dürli şäherlerinden, obalaryndan Çärjewe dostluk gollary uzady. Şol wagtlar men «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetinde redaktoryň orunbasary bolup işleýärdim. Suw joşgunynyň ertesi güni şol wagtky «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň işgäri Juma Nuryýew, «Mugallymlar gazetiniň» işgäri Gurbanmyrat Orazow üçimizi Merkezi Komitete çagyryp, Çärjewe gidip, Farabyň raýon gazetini çykarmaga kömekleşmegi tabşyrdylar. Farabyň «Oktýabryň ýalkymy» gazetiniň redaktory, halypa žurnalist Abdy, Taganow sowatly, aladaçyl, işeňňir adam eken. Günleriň birinde Abdy aga hökümet komissiýasynyň hatarynda şahyr Gara Seýitliniň hem Çärjewe gelendigini, gazet üçin goşgy ýazmagy wada edendigini aýtdy. Aradan iki-üç gün geçenden soň ir bilen redaksiýa gelýärkäm, «Çärjew» myhmanhanasynyň öňünde Gara şahyra gabat geläýdim. Howa diýseň sowukdy, ýerde galyň gar ýüzüni çaňjardyp ýatyrdy. Galyň gara paltosy, lowurdap duran sur bagana goçak telpegi Gara şahyryň pälwan sypatyny hasam epeý görkezýärdi. Çekinibräk salam berdim. Ol haçandyr bir wagtlar gören keşbini ýatlamakçy bolýan ýaly, ýüzüme ýiti-ýiti seretdi. Men tanyşlyk berdim hem-de raýon gazetini çykarmaga kömege gelendigimizi aýtdym. Gara şahyr bu sözüme çaga ýaly begendi hem-de ýüz-keşbini hasam mähirlendirdi. –Gowy iş edýäňiz, ýagşy ýigit. Il-günüň başyna iş düşende öýüňde oturyp bolmaz-a. Ynha, menem Garaköle gitmek üçin maşyna garaşyp durun. Howanyň ýagdaýyny bileýin diýip, biraz irräk çykypdym. Tanyşdyk, bul-a kemem bolmady – diýdi. Men Gurbannazar Ezizow bilen bile okanlygymy, özümiňem döredijilik bilen az-kem gyzyklanýandygymy ýaňzytdym. Gara şahyr keýpihonlyk bilen ýylgyrdy-da: –Kursdaşyň-a zor şahyr bolup ýetişjek. Onda tamamyz gaty uly. Siz wagtynda gowy okuwlary okadyňyz. Sowatly hem ýazmalysyňyz – diýdi. –Gara aga, biziň gazetimiz üçin goşgy ýazmagy wada beren ekeniňiz. –Bir goşgyjyg-a tasladymam, taýýar edemde, özümjik elin eltip gaýdaryn. –Jaň etseňiz, özümizem gelip alardyk-la. Sizi azara goýup bolmaz-a. Gara şahyr çynlakaý sypata girip, şeýle diýdi: –Heý-de, azary bormy onuňam. Redaksiýa ýazan goşgyňy eltmegiňem öz lezzeti bar ahyryn. Ol bu sözleri şeýle bir kalba ýakyn edip aýtdy welin, indi her gezek redaksiýalara ýazgylarymy eltemde, Gara şahyr ýadyma düşýär. Aradan bir hepde dagy geçenden soň, Gara şahyr «Ýaşasyn doganlyk ebedi parlap» atly goşgusyny redaksiýa elinje getirip gidipdir. Bu goşgy hem şahyryň «Adam we dünýä» goşgular sikliniň bir bölegi eken. Ol Farabyň «Oktýabryň ýalkymy» gazetiniň 1969-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky 13-nji sanynda çap edildi. Suw joşguny ýaly galagoply döwürde ýazylanlygyna garamazdan, şujagaz goşguda-da Gara şahyryň kämil zehininiň yzy görünýändir. Bu goşgynyň soňra hiç bir neşirde çap edilmändigi üçin, ony şu ýazgylarymda doly getirmegi makul bildim. Ýaşasyn doganlyk ebedi parlap! Adamdyr dünýäniň beýik döwleti, Adamdyr dünýäniň beýik gudraty. Adamdyr dünýäniň tükenmez genji, Adamdyr döwletiň güýji, guwanjy. Hemme zat düzeler, sag bolsa adam, Adamlar ýaşasa gerekdir zadam. Zat gitse tapylar, adam tapylmaz, Adamlar sag bolsa, iş ýerde galmaz. Inerler sag bolsa, ýük ýerde galmaz, Togtamaz durmuşyň beýik kerweni. Söýgüli Farabym, eşit sen meni. Däli Jeýhun seni etse-de harap, Galkarsyň ýene-de, täzeden parlap. Farabyň başyna iş düşen gije, Kömege ýetişen özbek doganlar, Sag boluň, siz, ynsan ýürek doganlar! Unudylmaz bu doganlyk hiç haçan. Daşkendiň başyna iş düşen gije Ukudan oýanyp, Daşkende uçan Faraply, gözünde guwanç ýaşlary, Ýagşylyga ýagşylyk eden bar ýoldaşlara Sag bolsun aýdýarys, gyzgyn gujaklap, Ýaşar bu doganlyk ebedi parlap! Garakölde her maşgala, her ojak, Faraply doganna giňgujak açdy. Garakölde her maşgala, her ojak, Faraply dogana giň saçak açdy. Garakölde her maşgala, her ojak, Kabul etsin, minnetdarlyk salamym, Neneň men guwanyp taryp etmäýin, Kabul etsin, minnetdarlyk, salamym. Doganlykdan dörän beýik döwletim, Kabul etsin, minnetdarlyk, salamym, Bagtyýar Watanym – kuwwat ganatym. Çärjew ş. 1969-njy ýylyň 25-nji ýanwary. Adatça beýik ýazyjy-şahyrlar öz eserleriniň belent derejesindäki okyjyny hem terbiýeläp ýetişdirýärler. Soňra şol okyjylaryň duýgy-düşünjeleri jemgyýetçilik aňynyň derejesini aňladýandyr. Her bir ýazyjynyň halkyň öňündäki belent hyzmatlarynyň derejesi onuň il-güne galdyran döredijilik mirasynyň gorunyň güýji bilen kesgitlenilýär. Bu babatda Gara Seýitli bagtly ykbally adam eken. Onuň Watany, il-güni, ene topragy, adamy söýmegi tüýs ýürekden ündeýän ajaýyp poeziýasy bu gün söýgüli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň berkarar eden Garaşsyz Türkmenistanynyň bagtyýar adamlaryna hyzmat edýär. Öz döwrüňe, geljekki nesilleriňe hyzmat etmek bolsa, her bir dörediji adam üçin belent hem juda bagtly ykbaldyr. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler" / edebi portretler, 1996 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |