«WATANDA» ADYGAN
Gelip-gelip şu günki gün zehinli şahyrymyz Nobatguly Rejebowyň şahyrana dünýäsi babatda söhbet açasymyz gelýänliginiň sebäbi kän. Ol sebäpler diňe bir bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde biziňkäbirimiziň ruhy gymmatlyklardan az-kem sowa düşýänligimiz, çyn zehiniň hyzmatyna öz wagtynda baha bermäge juda bir ilgezik däldigimiz üçin hem däldir. Bizi galama ýapyşmaga imrikdiren ýagdaýlaryň iň esasysy: Nobatgulynyň iňňän gadymlardan bäri kämilleşip gelýän şygryýetimiziň şu günki garamatyny egne alanlaryň biridigi üçindir. Islendik halkyň nusgalyk sungaty çyn zehinleriň üsti bilen nesilden-nesle geçýär. Ýöne zehin zehin bolanlygynda şol sungata öz goşandyny goşup, ony sähelçejigem bolsa artdyryp, nesillere miras galdyrýar. Şeýdibem, halkyň ruhy hazynasy baýlaşýar. Belli bir taryhy döwürlerde, ylaýta-da, geçiş döwri ýaly, adam ykbalyna oňyn täsirini ýetirýän döwürlerde edebiýat birleşdiriji ruhy güýje öwrülýär. Ol adamlaryň täze durmuşa hyjuwly garaýyşlarynyň, halk joşgunynyň çeper beýany bolup ýaňlanýar. Şeýdibem, täze Garaşsyz döwrüň edebiýaty başlanýar. Ynha, Nobatguly şahyr şeýle döwür edebiýatymyzyň sahy zehinleriniň biridir.
Galyberse-de, biziň şu günler hasam gözden ýitip barýan edebi tankydymyz poeziýa babatda Nobatguly Rejebowyň, Kakabaý Ylýasowyň, Baýram Jütdiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Annaberdi Agabaýewiň, Gurbanýaz Daşgynowyň, şeýle hem öz atlaryny talapkär okyjylaryň agyzlaryna düşürip ýetişmedik käbir ýaş şahyrlaryň adamyň ruhy ahwalatlaryna golaýlaşyp, kemsiz kämilleşen poeziýasy babatda suwytly bir zat aýdanok. Talantyň özi üçin onuň eserleriniň analizi zeruram däl. Emma edebi prosesiň umumy ýagdaýynda şol ýa-da beýleki bir zehiniň edebiýata nämeler getirendigi (eger-de getiren bolsa) hakda welin öz wagtynda aýtmak zerur.
Käteler edebi tankyt ýazyjynyň, şahyryň şol ýa-da beýleki bir eseriniň mazmunyny awtoryň özündenem guraksy gürrüň berip, gahrymanlaryň hüý-häsiýetleri hakda uzak söhbet edip, talantyň «hususy hojalygyna» juda ýüzleý aralaşýar. Käteler bolsa, edebi tankydyň derejesine galyp bilmedik eserler hakda gereginden artyk söhbet edilýär.
Elbetde, muňa geň galyp oturasy iş ýok. Köplenç halatlarda hakyky zehin soňraky nesiller tarapyndan ykrar edilýändir. Megerem, bu ýagdaý zehin paýhasynyň öz zamandaşlaryna garanyňda durmuş hakykatyny has ýeňden görýänligi, ony geljekki nesilleriň-de ösen talaplaryna jogap berýän derejede kämil beýan edip bilýänligi üçin şeýledir.
Hakykatdan-da, talantyň mertebesini ýaşaýan döwrüniň esasy ýörelgelerini, köpçüligiň ruhy ahwalatyny, duýgy-düşünjelerini öz zehininiň içinden geçirip, çeper setirlere salyp biliş derejesi kesgitleýär.
Şahyr öz milletiniň hut özüne çenli ähli paýhas ahlak, moral gymmatlyklaryny özüne siňdirip, dury zehininiň kalbynyň joşgunyna salyp bilýän mahaly ussatlarça döredip biler. Hakyky poeziýa şol halkyň aň-düşünjesiniň, pähim-paýhasynyň, ahlagynyň ýeten derejesini aňladýandyr.
Hakyky poeziýa ženşen ýaly şypaly hem juda gyt «çöpdür». Ony islän «tokaýyňdan» gözläbem, tapybam bolmaz. Şygryýet älemi futbol meýdançasy-da däldir, bu ýerde wagtlaýyn şowhun ýa-da gizlin çemeçillik bilen aljak galaň ýokdur.
Galyberse-de poeziýa ýaly iňňän inçe sungatda häli-şindi gürrüň edip oturmaga ýeterlik delil hem tapdyryp durmaýar. Sebäbi, Adamata döräli bäri gapdalyňdan galman gelýän sungatda kiçijik täzelik döredäýmegem aňsat däl. Täzeçe ýazylan eserlerem häli-şindi peýda bolup duranok. Dogry, şu günler-bizde, soňra «Galkynyş döwrüniň edebiýaty» hökmünde öwreniljek edebiýat kemala gelip barýar. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň gös-göni baştutanlygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagy, erkana ýaşamagyň türkmen halkyna eçilen eşretleri her bir dörediji adamyň kalbyny joşdurýar. Ol eşretleri bolsa, biz her gün, her ädimde görýäris. Milli galkynyş edebiýatda-da, sungatda-da äşgär ýüze çykdy.
Zehinli şahyrlarymyz B.Hudaýnazarowyň, A.Agabaýewiň, K.Ylýasowyň, A.Atabaýewiň, S.Öräýewiň, Ý.Durdyewiň, B.Jütdiýewiň şygyrlarynda, publisistik makalalarynda milli Garaşsyzlygymyzyň şony, esaslandyran Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkymyzyň öňündäki beýik hyzmatlarynyň waspy ýetirilýär.
Emma, edil şu meselede-de biziň ýazyjy-şahyrlarymyz heniz okyja bergidardyrlar. Çünki, milli Garaşsyzlygyň asyrlara uzap gitjek uly tutumlary adamlaryň kalbyndaky ägirt joşgun entek diňe publisistik makalalaryň, şol äheňli goşgularyň çäginde beýan edilýär. Düýpli, halkymyzyň şu günki durmuşyny giň planda açyp görkezýän ilhalar eserler heniz azlyk edýär.
Edebi hojalygymyz şeýleräk ýagdaýdaka, özümize galsa-ha, türkmen poeziýasy hakda söhbet etmeli bolsa, Azadynyň, Magtymgulynyň, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Nobatguly Rejebowyň, şeýle hem şu günlerki ikilän-üçlän zehinli şahyryň döredijilik geriminden çykyp akylly-başly gürrüň edip biljek däl. Edebi tankydyň ýöwsel, käteler bolsa aç-açan ýüzgörüji kesgitlemelerine halys öwrenişen okyjy üçin ýokardaky kesgitlemäniň juda çökder bolup görünmegi mümkindir. Bu ýerde «Galanlary näme?!» diýen ýowuz hem kanuny sowal döreýär. Jogap şeýledir: galanlary şu ady tutulan-u-tutulmadyk şahyrlaryň şol ýa-da beý- leki bir röwüşde gaýtalanmasydyr.
Biziň şu günki edebi hojalygymyzda iki ýagdaý äşgär görünýär. Kerim Gurbannepesowyň, BerdinazarHudaýnazarowyň, Atamyrat Atabaýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Baýram Jütdiýewiň, Nobatguly Rejebowyň,Kakabaý Ylýasowyň hem beýlekileriň döredijilik geriminiň beýikligi, şygyrlarynyňkämilligi häzirki zaman gazak, özbek, gyrgyz, azerbaýjan doganlarymyzyň atly şahyrlarynyňkydan belent bolmasa, pes däl. Ady agzalan meşhur şahyrlarymyzyň kitaplary SSSR döwründe Moskwada, Kiýewde, beýleki döwletlerde ençeme gezek neşir edilip soýuz möçberindäki edebi tankytda mynasyp baha aldy. Gurbannazar Ezizowyň şahyr hökmünde ilkinji kitabynyň eston dilinde çap edilendigini okyjylarymyzyň köpüsi, megerem, bilýänem däldirler. Görseňiz, edebi gorumyz babatda biziň arkaýyn gürlärligimiz bardyr.
Nobatguly Rejebowyň poeziýasy biziň şu günki poeziýamyzyň ýeten derejesidir. Men şu günlerki käbir badyhowa, käteler bolsa köne okyja eýýämden tanyş ülňüleri köneçe formada gaýtalaýan poeziýamyz hakda däl-de, Gurbannazaryň pähim-paýhasa ýugrulan, goýazy poeziýasynyň biziň şu günlerimizde käbir şahyrlarda, hususan-da zehinli şahyrymyz Nobatguly Rejebowyň döredijiliginde dowam edişi babatda gürrüň edýärin.
Ikinji bir ýagdaýy gizläp oturasy iş ýok: soňky onýyllyklardaky, türkmen «sowet» poeziýasyna syn kylsak, biziň ýazyjy-şahyr diýip, apalapýörenlerimizde iki ykbal bar. Olaryň köpüsi belli bir maksatly ideýa-matlallara, ýörelgelere halys berlip, şoňa görärägem howaýy, ählisi bir gulakdan gopýan eserler döretdiler. Olarda her gurultaý aralygynda yrganak atyp duran soňy çüýrük boş ideýalar bar-da, adamyň ruhy ahwalaty ýok.
Ynha, indi şol ideýa-matlaplar taryhyň arenasyndan gitdi. Ýazyjylarymyzyň köpüsi bolsa, döwük kerseniň başynda galdylar.
Meniň pikirimçe-hä, ideýa ýörelgeleri diňe publisistikada bolup biler. Onda-da döwrüň hal-ýagdaýlaryny ilik-düwme seljerip bilenliginde. Galan ýagdaýlarda döredijilik adam kalbynyň ahwalaty, adam ykbaly bilen baglanyşykly bolmalydyr.
Şahyr Nobatguly Rejebow döredijilikde şu mukaddes ýörelgä eýerenleriň seýrek duş gelýänidir.
Setirleriň pikir ýüküniň ýetikligi, goşgynyň içki garmoniýasynyň biçak sazlaşyklylygy, çuňňur filosofik oýlanmalar bilen çeper ýazylan şygyrlar (şunda sahy talantyň şeýle şygyrlary yzygiderli döredip durýanlygynam nazara almaly) şahyryň «Jemşidiň jamy», «Diňe söýgi hakda» atly täze kitaplaryny-da, tutuş döredijiligini-de ybarat edýär.
Jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän hadysalaryň adam aňyna täsir edýänligi bireýýämki hakykatdyr. Emma, onuň şahyryň aňyna edýän täsiri edil şonuň ýaly bolmanam biler. Hut şonuň üçinem ol okyjydan tapawutlylykda şahyr adyny göterýändir. Magtymgulynyň zamanynda hemme adamlaryň Magtymgulyça pikirlenmegi, akyl ýöretmegi bolup biljek zat däldir. Şeýle-de bolsa, Magtymgulynyň poeziýasy şol döwürdäki türkmeniň jemgyýetçilik aňynyň derejesini kesgitleýändir.
Nobatgulynyň poeziýamyzdaky beýleki bir hyzmaty – onuň şu günlerki şygyr sungatymyzyň umumy derejesiniň tas hemme wagtdakysyndan pese gaçan döwründe juda kämil şygyrlary döredýänligindedir.
Şu gün şahyrana goruň azda-kände pese gaçanlygy äşgärdir. Muny köpler ykrar edýärler, bu nogsandan dynmagyň salgyny berýän welin, ýok diýerlikli. Käbir adamlaryň pikiriçe, şygyrlar köp çap edilse, şonça şahyryň içinden zehinlisiniň çykaýmagy mümkinmiş. Hakykatda welin, erbet mukdar gowy hile hiç haçanam geçmeýär. Haşal otdan datly miwe iýjek gümanyň ýok. Bu ýagdaýlaryň üstüne edebiýat meýdanyndaky şeýle säwliklere göz ýummaklyk, biperwaý garamak ýaly geçirimsiz hata hem goşuldy. Şeýle bolansoň indi iki setiriň başyny çatan uly şahyrlyga dalaş edýär.
Elbetde, goşgy ýazmak, kimem bolanda, gadagan zat däl. Ýöne, gazet informasiýasynda aýdaýmaly piki- riňi çala başy çatylan setirlere salyp, çap etdireniň bilen şahyr boldugyň däl. Ýaman ýeri: poeziýanyň çeperçilik talaplaryna biziň eýýäm adygan şahyrlarymyzam jogap bermän başladylar.
Edebi hojalygymyzda beýle ýagdaýyň döremeginiň, biziň pikirimizçe iki sebäbi bardyr. Olaryň ilkinjisi: biziň edebiýatymyzyň arassalygyny döş gerip goran Abdylla Myradow, Saýlaw Myradow, Öde Abdyllaýew ýaly zehinli tankytçylar, Kerim Gurbannepesow, Täşli Gurbanow, Gurbandurdy Gurbansähedow ýaly talapkär redaktorlar, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew ýaly döredijilik mertebesi gün-günden beýgelip barýan tüýs hakdan içen şahyrlar aramyzdan juda ir gitdiler. Beýle uly ýitgiler diňe bir okyjylaryň kalbyny däl, edebi hojalygymyzyň binýadyny-da elhenç sarsdyrdy.
Bir hakykat hemmelere mälimdir: uly şahsyýetleriň aramyzdan gitmegi jemgyýetçilik ýagdaýynda-da, edebiýatda-da täsirsiz geçmeýär. Bu barada A.P.Çehow şeýle ýazýar: «Men Tolstoýyň ölerinden gorkýaryn... Onuň barlygynda edebiýatdaky bolgusyz meýiller, her kysym şerraýja bihaýalar, içi tütäp duran men-menler gaty bukuja ýerde başyny galdyryp bilmän busar ýatar».
Edebiýatymyzyň läheňleriniň aramyzdan gitmegi bilen bize-de zehin böwşeňligi aralaşdy.
Şeýlelikde, uly şahslaryň boşan ornuna dalaş edýänleriň arasynda bütin ömrüne orta gürpde ýörenlerem, çemeçillik bilen at alanlaram tapylyp ugrady. Döredijilikde orta gürp – jerime batalýonydyr. Ondakylara hiç haçanam bil baglap bolmaz.
Jemgyýetiň ähli sferalarynda bolşy ýaly, edebiýatda-da juda namart çemeçillik bardyr. Emma şol çeme- çillik näçe gizlin, hakykata has ýakyn edilse, şonça-da köpe aýandyr. Biziň hatda atly ýazyjy-şahyrlarymyzyň käbirleri-de öz çemeçillikleriniň syrynyň açylanyny heniz aýatdaka görüp, eşitdiler. Dörediji adam üçin şundan uly betbagtçylyk ýokdur. Ýeri gelende aýtsak, geçiş döwrüniň hysyrdyly aladalary, «bazar wagyrdysy», megerem, şahyrlaryň hyjuwyna-da täsir edýändir.
Poeziýamyzyň azda-kände pese gaçan mahallarynda Nobatguly Rejebow, Baýram Jütdiýew, Annaberdi Agabaýew, Atamyrat Atabaýew, Gurbanýaz Daşgynow, Atajan Annaberdiýew, Kakabaý Ylýasow ýaly şahyrlarymyzyň şu günki poeziýamyzyň kämil derejesini saklaýandyklaryna guwanman durup bilmeris.
Islendik şahyryň şygyrlary, elbetde, haýsydyr bir ahlak normalarynyň ündewidir. Türkmen poeziýa- synyň bu ýörgünli däbi Nobatgulynyň poeziýasyndanhem sowlup geçmändir. Ýöne welin, şol ündewleri Nobatgulynyň aýdyp bilşine serediň:
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa...
Dünýäň özi mawy ummanda,
Ýitip giden bir dünýädir...
Bir sapar atylsaň okly çagynda
Hem şondan soň azalsa bir biderek...
Şer haýryň alnynda dilemez aman..
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam.
Eger gul eýlejek bolsaň türkmeni
Öňi bilen ony atdan düşürgin...
Siz şahyryň ady agzalan kitaplarynda şeýle pähim-paýhasly ýüzlerçe setirlere duş gelersiňiz. Şahyryň uly hyzmaty öz döwrüniň ahwalatlaryny kalbynyň eleginden geçirip, çeper hakykata salyp bilýänligidir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, «Jemşidiň jamy» kitabynyň «Abyköwser», «Halk pähimleri» bölümlerindäki şygyrlar çuňňur filosofiýa ýugrulandyr. Men bu kitapdaky aýry-aýry şygyrlaryň analizine bilgeşländen orun bermedim. Sebäbi, edebi makala heniz okuw kitaby däldir. Galyberse-de, Mylly aganyň «Humaralasyny» düşündirip bolmaýşy ýaly Nobatgulynyň hem «Yşk», «Serwim», «Ikimiz», «Armanyň näme», «Söýgi geplese», «Söýýän», «Ýabany güzer», «Kelle», «Takyr» ýaly çuňňur pafosly goşgularyny düşündirip bolanok. Şonuň üçinem olar tüýs goşgy. Olary. okanyňda ajap duýgulary başdan geçirýärsiň hem-de täsin şahyrana dünýä syýahat eden ýaly bolýarsyň. Olar seniň wyždanyňy päkleýär, ýadaw beýniňe aram berýär. Içki şahyrana hyjuw kalbyňy joşdurýar, täsin ritmler gulagyňda ýaňlanan ýaly bolýar. Olary ýene-de gaýtalap-gaýtalap okasyň gelýär.
Siz onuň «Diňe söýgi hakda» atly kitabyny ünsli okap görüň: (şu temadan özbaşyna kämil kitap ýazaýmak hem her kişiniň elinden geljek iş däl) siz ondan öz ýaşlygyňyzy, ilkinji söýgiňizi juda ýatladýan duýgulary, hyjuwlary taparsyňyz. Ondan söýlen gyza ilkinji sözi aýtmagyň täsin, süýji howsalasyny, çyn aşygyň içgi söýünjini, söýgüsi paşmadyk juwanyň ejirli haýykmasyny taparsyňyz.
Mälim bolşy ýaly, her şahyr öz ruhy ahlak kämilliginiň, pähim-paýhasynyň, durmuş tejribesiniň, duýgy-düşünjesiniň çäklerinde ýazýar. Okyjy hem goşga özündäki şu gymmatlyklaryň çäklerinde düşünýär. Islendik sungata her kimiň özüçe düşünýändigi hem hut şunuň üçindir. Hut şoňa görä-de, her bir dörediji adam öz ýaşaýan jemgyýetinde kämil, sowatly okyjylaryň juda kändigine, islendik goşgynyň bir gün, bir döwür üçin ýazylmaýandygy üçin gelejekde-de şeýle okyjylaryň köpeljegine akyl ýetirmelidir. Goşgynyň şeýle jadyly syrynyň bardygyna Magtymgulynyň goşgularyny her ýaşda okanyňda göz ýetirýärsiň. Çünki her gezek okanyňda durmuş tejribäňe, sowadyňa, keýpiňe görä olardan täze aňlatmalary tapýarsyň.
Döredijilikde herki zady öz wagtynda aýtmagam juda möhümdir. Siz Kerim Gurbannepesowyň «Ýaşlyk dramasyny», Baýram Jütdiýewiň ýaňy-ýakynda «Nesil» gazetinde çap edilen «Toprak nesibi bolsun» atly ajaýyp goşgusyny okap görüň: bu goşgularda iki şahyryň hem ömürleriniň bir mütdedindäki ruhy ahwalatlaryny aýdyň görersiňiz.
Kerim şahyram, Baýramam şeýle şygyrlary, çynlaryny etseler, otuz ýaşda-da ýazyp bilerdiler, emma olar häzirkileri ýaly, şeýle ýürege ýakyn, durmuşy bolup çykmazdy.
Nobatgulynyň poeziýasy durmuşa aňly-düşünjeli aralaşýar. Onda halkyň-pähim-paýhasynyň şu günki hadysalara garaýşy bar. Bu garaýyş haýsydyr bir akyl satmalar bilen däl-de, «Toýda okalmadyk goşgy», «Kemçiniň ölümi» ýaly goşgularda täsin nygtalyşy kimin degerli tymsallaryň, degşirmeleriň üsti bilen berilýär. Şahyr durmuşy ýylmanak setirler bilen bezänok-da, hakykaty şahyrana gönümellik bilen aýdyp goýberýär.
Ýok, gyryp duşmany tükedip bolmaz
Muny bize taryh eýledi beýan.
Belki dosta öwrüp, dogana öwrüp,
Dynyp bolar duşmandan.
Ajaýyp hem biziň aň-düşünjämize şeýle kybapdaş pelsepe!
Şygyrlarynyň içki mazmuny, ündeýän pikirleri, pähim-paýhasyň halkymyzyň ruhundan çykýanlygy bilen Nobatguly biziň hakyky milli şahyrymyzdyr. Onuň milliligi diňe bir şygyrlaryň çeper bezeginde däldir. Ol türkmen durmuşyndan,türkmen ruhy bilen ýazýanlygy üçin milli şahyrdyr. Poeziýasynyň diňe bir türkmeniň şu günki duýgy-düşünjesi derejesine galanlygy bilenem däl-de, şol duýgulary düşünjeleri şu mahalkysyndan ep-esli artdyrýanlygy üçin-de milli şahyrdyr. Boýun alalyň, bu. biziň köpimize başartmajak belentlikdir.
Şahyryň döredijiliginde millilik onuň diňe bir klassyk stili saklaýanlygynda, kapiýanyň, rifmanyň gadymy sazlaşygynyň ulanylýanlygynda däldir. Bu entek milli edebi täriň daşky alamatlarydyr Millilik – şol halkyň ruhy ahwalatynyň goşguda çeper beýan edilmesidir, onuň pähim-paýhasynyň, milli duýgusynyň şygra salynmagydyr.
Döredijilikde milliligiň saklanylmagy heniz juda az öwrenilen närsedir. Ýogsam, şygryýetde millilik esasy meseledir. Diňe bir hüý-häsiýetiň egin-eşigiň, edim-gylymyň... däl, söýginiň, hyjuwyň, agynyň, gazabyň, ýylgyryşyň, öýke-kinäniň, näz-kereşmäniň milliligi-de bardyr.
Duýgynyň milliligi Magtymgulyny, Mollanepesi, Keminäni, Kerim Gurbannepesowy, Ata Gowşudowy, Agahan Durdyýewi, Aman Kekilowy... barypýatan halky şahyr-ýazyja öwürýär.
Hut şonuň ýaly-da, Nobatgulynyň liriki «meni» hem milli hyjuw, milli ejap, edep-ekram... bilen söýýär. Käbir setirleri mysal getireliň.
Maňa iki sany ölüm ber, Alla!
Öler ýaly şol gözleriň hersinde...
Mejnun deý hüw diýip gideýin, ýöne,
Galma bir bakyşda ganyma, Leýlim!..
Giň asmana sygman ýören halyma,
Seniň göreçleňde eräp gitdim men...
Onsuzam ölüm hem ýaşaýyş maňa,
Seň terezi, eginleň deý deňlendi...
Edepli gyz duşuşyga giçgelýär,
Garaşdyryp sabryn soňuna çenli...
Buýsanjaň sen serwim şa gyzy ýaly,
Garaýşyň gazaply,
Kamatyň salyk...
Ýaz ýelleri gyz söýgüsin ýelpedi,
Çigildem deý ýanyp gelýär gelinler.
Şeýle ajaýyp şahyrana setirleri Nobatgulynyň Diňe söýgi hakda» atly kitabynyň islendik sahypasyndan tapmak bolýar. Şeýle şygyrlary diňe türkmeniň milli şahyry ýazyp biler, diňe türkmen okyjysy şu setirleriň içki hyjuwyna joşgunyna, milli ejabyna aňryýany bilen düşünip biler. Sebäbi, goşgularyň tutuş süňňi sap häzirki zamanlaşdyrylan milli duýgulardan, milli hyjuwlardan düzülendir. Şeýle ýagdaýda milli şahyr hatda başga dilde ýazanynda-da öz milliligini saklap galýar. Rus dilinde ýazýan gazak şahyry Oljas Süleýmenow, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow bu babatda hakyky milli talantlardyr.
Millilik şahyryň şol halkyň pähim-paýhasy bilen öz döwrüniň ahwalatlaryna garaýyşlarynda ýüze çykýar.
Şu bir hakykaty aýtmakdanam çekinip durmalyň. Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde biziň poeziýamyz şu günki bize tanyş edebiýatlaryň iň gowy nusgalaryna çenli belende galdy. Nobatgulynyň döredijilik badalgasy-da şu iki beýik ussatdan başlanypdy.
Nobatguly şygyr üsti bilen berjek pikirini arkaýyn aýtmagy başarýar. Şeýle ýagdaýda ýazylan şygyrlary okamak okyjy üçin egsilmez lezzet.
Çeper döredijilikde öz sözüňi kalbyňa gelşiçe, öz islegiňe görä aýdyp bilmezlikden uly jebir ýokdur. Edil şonuň ýaly döredijilik şowlulygynyň kalbyňy joşdurýan, ömrüňe ömür, güýjüňe güýç goşýan, bagtly, müdimi ajaýyp höziri-de bardyr. Hiç bir at-şöhrat, mertebe şahyr üçin şol höziri çalşyp bilmez.
Islendik waka, ýagdaý, pikir hakda goşgy ýazmak bolar. Ýöne şunda şol ýagdaýy şahyryň duýup, şony ussatlarça beýan edişi şahyrana poeziýa bolup biler. Şahyr öz söýgüsini şygra salyp bilşi ýaly, gazabyny-da, ikirjiňlenmesini-de, hasratyny-da goşga salyp biler.
Şu babatda Nobatgulynyň artykmaç tarapy: onuň poeziýasyndaky duýgam, hyjuwam milli häsiýetleriň çäginde ýüze çykýar.
Nobatguly hatda iň milli çäklerde mälim zatlar hakynda gürrüň edende-de («Jemşidiň jamy» poemasy, «Serdar», «Sapar Kösäniň nalasy», «Talhatan», «Türkmen zenany» goşgulary) umumy adamzat gymmatlyklaryna çenli galyp bilýär.
Pikirleniş, akyl ýetiriş babatynda Nobatguly Rejebowyň poeziýasy Ýewropa edebiýatynyň, dünýä edebiýatynyň iň kämil nusgalarynyň arasynda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, özem şunda-da milli şahyr bolmagynda galýar. Ynha, bu eýýäm Nobatgulynyň diňe bir öz üstünligi däldir, eýsem bu biziň türkmen poeziýamyzyň derejesidir.
Şu bir ýagdaýy hem wagtynda duýmagymyz, aýtmagymyz gerekdir. Nobatguly Kerim Gurbannepesowdan soň biziň milli poeziýamyzyň garamatyny öz gerdenine alan şahyrlaryň biridir. Elbetde, bu mukaddes hem juda ejirli wezipä tamakinler kändir. Emma bu haýyş bilen berilýän dereje däldir, ony öte şerraýlyk ýa-da tanyşlyk, dost-ýarlyk bilenem alyp bolmaz. Bu ýagdaý talantyň öz arassa zähmeti, ynsaby bilen gazanan derejesidir. Bu şahyra müňlerçe okyjynyň göz- guwanjy ynamy, söýgüsidir. Hakyky talant haýsydyr bir öwgülere, badyhowa mahabatlandyrmalara mätäç däldir. Ol öz döreden ajaýyp eserlerinden, halkyň özüne bolan çäksiz söýgüsinden has uly lezzet alýar, şolardan ruhlanyp bilýär. Emma hakyky talantlaryň tutuş milletiň ruhy baýlygydygynam unutmaly däldiris. Islendik baýlyk ýaly, talantlaram goralmagyna, ykrar edilmeginemätäçdir.
Nobatgulynyň poeziýasy biziň milli edebiýatymyzyň aýrylmaz şahasyna öwrüldi. Müňlerçe okyjylar onuň poeziýasyny turuwbaşdan ykrar etdiler hem-de indi şol poeziýa olaryň ruhy iýmitine öwrüldi. Öz döredijilik zehiniňi kämil derejä ýetirmek köp-köp azaplary talap edýär.
Zehini kemsiz durlanan şahyrymyz Nobatguly Rejebowyň okyjylarymyzyň ruhy teşneligini gandyrjak ajaýyp eserleri döretjek günleri heniz öňdedir.
Nobatguly önjeýli işleýän şahyň, sahy talant. Dörediji adamdan artykmaç eçilmegi talap edip bolmaz. Her bir talant öz döwründen döretmek üçin näme mümkinçiligi kabul eden bolsa, şonçaragam yzyna eçilýär. Islendik döredijilige taýýarlykly, biliňi berk guşap, öz goruňy hasaplap gelmeli diýlen ýörelgäniň manysy şundadyr. Döredijilik wagtlaýyn güýmenje ýa-da haýsydyr bir maksatlara ýetmegiň serişdesi däldir. Döredijilik zehin üçin tükeniksiz güzap hem juda bagtly ykbaldyr.
Nobatguly şahyrdan heniz-henizler ajaýyp eserlere garaşýandygymyz üçin onuň şygyrlarynda mundan bu ýana göresimiz gelmeýän säwlikler hakda-da gürrüň edesimiz gelýär. Şu makalada diňe bir Nobatgulynyň şygryýet dünýäsi hakynda däl-de, häzirki günler poeziýamyzyň ýagdaýyna azda-kände degip geçen- ligimiz üçin, şol säwlikleriň bolsa, beýleki şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem duşýandygy üçin şeýdesimiz gelýär.
Mälim bolşy ýaly, şygyrlar aýratyn bir keýp kalbyň aýratyn bir ahwalaty bilen dünýä inýär. Şygryň täsir ediş gerimi şahyryň şol şygry ýazyp oturan mahalyndaky duýgy-düşünjesine, keýpine söýgüsine, gazabyna, hyjuwyna... hem şuňa meňzeş gaty köp zatlara bagly bolýar. Elbetde, şahyryň edep-terbiýesi, içki medeniýeti, sowady, halkyň pähim-paýhasyny özüne siňdirişi, umuman, aýdyjy şahsyýetiň hudaý tarapyn zehinligi... bularyň hemmesi eseriň täsirli bolup çykmagyna täsir edýändir.
Islendik şygyr hakykatyň kölegesidir, emma islendik hakykat heniz goşgy däldir. Biziň käbirlerimiziň uly kemçiligimiz: edep-terbiýe baradaky söhbetde, baýramçylyk reportažynda, publisistik makalada, gazet habarynda, mahlasy, goşgudan başga ähli baralarda aýdylaýmaly pikirleri şygra saljak bolup göz-gülban bolup ýörenligimizdir.
Elbetde, Nobatgulynyň şygryýetinde şeýle çökderlikler ýok. Emma onuňam käbir hakykatlardan setir ýasajak bolşy o diýen maňzyňa batanok.
Ýok göwreli bolup bolmaýar düýşden,
Suw içip göwreli bolup bolmaýar...
Şalkyldaýar ýelinse yz göwüsler,
Güjeňläp sagryny, çyplaň uýlugy.
Söýgi – girişmi sen jelepçilige,
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?
Çykarypdyr bölek-büçek satuwa,
Gülden näzik, Günden mährem bedenin,
Söýýän – ýykylyp barýan deýýus dünýäň
paroly.
Şeýle setirler şahyryň kitaplarynda juda seýrek duş gelýär. Goşgyny tutuşlygyna okanyňda şu setirleriň belli bir maksat bilen ýazylanlygy-da aýan bolýar. Ýöne barybir: käteler şol ýa-da beýleki bir pikiriň goşgynyň goşy däldigi, juda gazaply, çökderaýdylanlygy bilen maňzyňa batanok. Şahyr öz gazabyny-da pähim-paýhas bilen aýtmaly. Magtymgulynyň «Dünýä heý», «Fetdah» ýaly goşgulary püre-pür gahar-gazap bilen ýazylan şygyrlardyr. Emma «Men bildim-ki sen çoh günä galarsen; Bu alyşyň bilen jany, sen Fetdah» diýip, juda pähim bilen, okyjynyň aňyna siňňitli barar ýaly edip aýdýandyr.
Nobatguly goşgynyň setir ýüküne, many agraslygyna uly üns berşi ýaly, şygryň çeperçilik bezegine, sözüň setirlerdäki ornuna üns berse, şonça-da utardy. Şahyryň käbir goşgulary agyr okalýar. Ýokardaky setirler mysal alnan «Söýýän», «Rok saz», «Merdiwan», «Aýallar türmesi» ýaly goşgularyň käbir ýagdaýlarda publisistik äheňliräk bolup çykmagynyň sebäbi bar – olaryň temasy goşgynyňky däl.
Biz «Watanda» (öňki «Ýaş kommunist» gazetinde) döredijilik işine badalga alan, şonda adygan, bu gün kämillige gol beren Nobatguly Rejebowyň döredijilik dünýäsiniň diňe käbir taraplaryna seredip geçdik. Onuň eserleriniň doly derňewi elbetde, alymlaryň işi. Bir ýagdaý welin, hemmelere aýandyr: islendik zehin önümi özboluşly tebigy syrdyr: ony hiç haçanam açyp.bolmaz.
Il-günüňe hyzmat etmegiň belli çägi ýokdur, eger-de ýazyjy-şahyr adyny göterýän bolsaň, döretmek di- ýilýän mukaddes borjuňda-da belli sepgit ýokdur. Zehiniň taplandygyça bu borçlar seni has hem basmarlaýar. Çünki, zehin ýaryp çykýan eserler kagyza geçýänçä saňa it görgüsini görkezýär. Kerim şahyr pahyr ömrüniň ahyrky ýyllarynda käteler «Göwün islegimçe-hä ýazyp bilemok, başardygymça-da ýazasym gelenok» diýerdi.
Nobatguly şahyr şygyr sungatynyň onki süňňüni elendirýän azabyny çeke-çeke, zehin şowlulygynyň döredijilik ykbalynyň çüwen bagtyna duş bolan adam. Beýle ykbally adamlar juda seýrek duş gelýändir.
Hemmämiziň beýik ussadymyz Kerim halypa «Şeýle bagta ýetmek üçin dört ýagdaý gerek: şahyr ilki bilen okyjylara, soňra tankytçylara, soň galamdaş ýoldaşlaryna özüni ykrar etdirmeli. Iň soňunda-da öz-özüni ykrar etmeli» diýerdi. Nobatguly şahyr meşhur halypanyň bu bellän täsin çäklerinden bireýýäm geçen adam.
Biziň özümiz hem bu gün ajaýyp sepgide, bütewi milletlilige ýeten halk. Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy, ýanbermez hyjuwy, pähim-paýhasy bilen gazanylan milli Garaşsyzlyk bu gün türkmen halkyny onuň merhemetli Prezidenti bilen bütewi göwrä, egsilmez güýje, bir jan-bir tene öwürdi.
Bu gün biz hemmämiziň agzybirligimiziň, asudalygymyzyň, jebisligimiziň ruhy sütünleri Gorkut atadan Türkmenbaşa çenli goja taryhymyza, iňňän gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan söz, saz sungatymyza kanuny buýsanýarys. Bu gün biziň Garaşsyz Watanymyz, erkana halkymyz, adyny dile getirenimizde kalbymyza nur çaýýan goja Hazarymyz, belent başly Köpetdagymyz, göwnümiz ýaly giň Garagumumyz, sapaly jülgeli, bag-bakjaly Murgabymyz, Amyderýamyz, Şabadymyz bar.
Mähriban halkymyzyň bu günki ruhy galkynyşy ýurdumyzyň her bir adamyny, ylaýta-da dörediji adamlary Ata Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, rowaçlanmagy üçin gije-gündiz zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bu ählumumy ruhy galkynyşyň biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň kalbynyň joşy üçin hem badalga boljagy ikuçsyzdyr. Biz olardan Garaşsyz diýarymyzyň şanly ýyl ýazgylaryny ybarat etjek ajaýyp eserlere garaşmaga haklydyrys.
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW,
Tütkmenistanyñ halk ýazyjysy.
# "Kalbymda galan keşpler", 1996
Edebi makalalar