21:55 Kerim şahyr | |
KERIM ŞAHYR
Edebi makalalar
Onuň bilen söhbetdeş bolmak juda ýakymly hem diýseň ejirlidi. Ýakymlylygy – öz dury zehininiň dokdäne harmanyny döwekläp altyn çäjine guwanmak bagtyna ýeten, şygyr sungatyna biçak sarpa goýýan gadymy halkyň göz-guwanjyna öwrülen diri klassyk, talapkär ussat, şan-şöhratyny ýadyna-oýuna getirmän, seniň bilen ähli zat babatda iç döküşip, syr alyp, syr berişýän pespäl adamyň seniň garşyňda oturanlygydy. Ejirliligi – kämil halypanyň gabadynda köp ýagdaýda öz ýetmeziňi, oňa görä juda az bilýänligiňi duýmakdy. Üstesine, zehininden minnet çekýän adamlaryň ählisinde bolşy ýaly, Kerim şahyrda-da biçak geçirimlilik hem ýowuz kejirlik bardy. Gürrüňdeşlik mahalynda olaryň haýsysyna gabat geljegiňi öňünden bilip bolýarmy näme?!. * * * Onuň şygyr sungatyna sarpa goýşy, şägirtlerinden talaby gazapdy. Iňňäň ujy ýalyjak säwligi-de bagyşlamaýardy. 1972-nji ýylyň başlarydy öýdýän: Kerim şahyr iş ýerinden maňa jaň etdi. Heniz salam-helik alyşmankak, ol maňa nagarasyny döwüp ugrady: – Seni «Ýaş kommunistiň» redaktorlygyna nähak belläpdirler. Oglan-a, geçen şenbe nomerinizdäki goşgy berşiňiz nähili?! Özüňem-ä ýazyp-pozýanlardan Heý-de, şeýdäýmek bormy?! Şenbe nomerinde Gurbannazar Ezizow bilen Italmaz Nuryýewiň ýolbaşçylyk eden edebiýat birleşmämizde ýaş şahyrlaryň oňat görlen goşgulary çap edilipdi. Onda-gowşak goşgynyň bolmagy mümkinem däl ýalydy. Halys aljyrap durşuma şahyryň özüne sowal berdim: – Näme, harp ýalňyşy ýa-da syýasy ýalňyş barmy?! – Hawa-da, siz redaktorlara şol iki ýalňyş gitmese bolýa. Galan zatlarda ýalňyşlyk gidýändir öýdeňzok. – Ol şele diýdi-de, hezil edinip güldi. Soňra: – Işiň ahyrynda bir çäýnek çaý demle-de, maňa garaş. Käbir žurnalistler aýtmyşlaýyn «ýerindedüşünişeris» – diýdi-de, trubkany goýdy. Şahyr gapydan gelende, şol sahypany üçünji gezek dykgat bileň okap otyrdym. –Ýalňyşyňy tapdyňmy, onsoň?! –Meniň-ä gözüme ilmedi. – Gözüňe däl aňyňa ilmeli zatlaram bolýar, ynha, seret! Ol gyzyl galam bilen kemsiz «bezelen» sahypany papkasyndan çykaryp, öňümde goýdy. – Gör-ä sen nädýäň. Watan, partiýa, parahatçylyk hakdaky goşgulary-ha ortadan, yzdan berýäň. Iň öňde bolsa, söýgi, ölüm-ýitim hakda-da goşgy bar. Hany, bu ýerde garmoniýa?! Goşgular toplumy kiçijik kitap ýaly zat ahbetin. Many taýdan yzygiderlilik bolmasa çaşyň gözüne sereden ýaly bolmazmy?! Sözbaşylaryň şrifti meňzeş. Şolam görer göze gowy däl. Käbir sözbaşa derek goýlan ýyldyzjyklaram dynnym ýalyjak bolany üçin, çap edilende ýitip gidipdir. Örüsini gysgananyň üçinem goşgular bir-birlerine sepleşişip dur. Bentlerdäki käbir setirlere seret: öňe çykyşyp duranlary bar, yza süýşüp gidenleri bar. Goşgy seniň «Gowaçanyň ujy çyrpylýar» diýen habaryň däl ahyryn. Onuň diňe ýazylyşyna däl, çap – edilşine-de gaty seresap çemeleşmeli. Ylalaşýaňmy?! Sahypadan gözümi aýryp bilmän esli salym oturdym. Şonda ol adaty endigine görä, böwrüme çalaja symsyklady-da: – Bolsa-da, ýüzüň-ä gyzardy, indikiňde düzedäýmegiňem ahmal – diýdi. * * * Ol şägirtlerine atalyk duýgusy bilen garaýardy. Guwanjyny metbugatda, ýygnaklarda, ýaşytdaşlary bilen edilen gürrüňlerde daşyna çykarsa-da, özlerini görende ýüzlerine öwüp durmazdy. Kemçiliklerine öz şahyrlyk belentliginden seredip, gaty ýowuz daraýardy. Şunda onuň halypalyk «sapagyna» döz gelme aňsat däldi. Hakyky talanta welin, är kimin guwanmagy başarýardy. Bir gezek «Ýaş kommunistde», şahyr Nobatguly Rejebowyň uly goşgular toplumy çap edilende maňa jaň etdi: –Tas tutuş sahypany ýaş şahyra berip, gowy iş edipsiň. Goşgularyny okap hezil edindim. Poeziýa şeýle sarpa goýşuňy gutlaýan. Sen şunuň bilen oň. Nobatgulyny welin, häzir neşirýata baryp elin gutlap gaýtjak. (N.Rejebow şol wagtlar «Türkmenistan» neşirýatynda ýaňy işe başlapdy). * * * Onuň dynç alýan, işleýän otaglary, tutuş eýwany bilen durşuna kitap. Merkezi, respublikan neşirler edebi žurnallar iş stolunyň üstünde münderilişip durandyr. Magtymgulynyň, Puşkiniň, Lermontowyň, Gamzatowyň... tomlary elýeter ýerdedir. Ol aýratynam, Puşkiniň Tolstoýyň, Turgenewiň, Çehowyň... hatlaryçap edilen kitaplaryny kän okaýanlygyny aýdardy. Belinskiniň eserler toplumynyň Puşkiniň döredijiligi hakdaky tomuny ol galam bilen birgiden bellikler edip, okap çykypdyr. Bir gezek Kerim şahyr bilen rus bazaryndaky ýazylyp alynýan kitap magazinine bardyk. Görsek, Puşkiniň, Tolstoýyň hatlary çap edilen tomlaryňkitap eýeleri almandyrlar. – Öýlerine telim gezek hat ýollaýasam welin, gelip alaýanoklar. Hatlary eser hasap edýän däldirler-dä. Şonuň üçin, bu tomlary açyk satuwa çykardyk – diýdi. Kerim şahyr ahmyr bilen başyny ýaýkady: – Haý, kitaphon bolşuňyzy siziň! Men-ä tomlugynda hatlary bolany üçin şu kitaplara ýazyldym Ýazyjynyň şahsyýetini bilmek üçin, olaryň hatlary giden bir dünýä ahyryn. * * * Bir gezek oňa bir tymsal aýdyp berdim: – Rus fizigi Lebedýew kitap okamaýan eken. Öýüňde çyzgylardan başga kitap-žurnal saklamandyr. Okamaýanlygynyň sebäbini ol şeýle düşündiripdir: «Russiýa fizik Lebedýew gerekmikä ýa-da ýa-da kitaphon Lebedýew?!» – Hawa, indi men okamak babatynda öz garaýşymy aýtmalymy?! – !!! – Onda interwýuçy ýollaş, diňle! (Ol degişli at tapanyna begenip, adaty endigine görä, gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadýar). Fizik, himik okamalymy-dälmi, ony git-de, olaryň özlerinden sora. Belki, bir ugra bar ünsüňi jemlemek gowudyram. Emma şahyr ideolog ahyryn. Onuň ähli zada öz garaýşy bolmaly ahbetin. Ýogsam dar çygra düşüp, öz döredijiligiňi özüň bogmagyň mümkin. Meniň aňlyşymça, şahyr-ýazyjy öz öýüniň, ülkesiniň, ýurdunyň, dünýäniň ýagdaýyndan günibirin habarly bolmaly. Ýogsam seň ýaly gazetçiler aýtmyşlaýyn, durmuşdan yzda galarsyň. Ondan galdygyňam, ruhy çörekden mahrum bolup öldügiňdir. Okaman ýazýan adamyň, Kerim şahyr diýmişleýin «potology pessejikdir». Hany, ylalaşýan bolsaň, kak bäşi! (Hezil edip gülýär). * * * * * * Ol käteler ýadyňa-oýuňa gelmeýän pikirleri aýdyp goýberýärdi. Şunda ýanyňda magnitofonyň ýokdugyna ökünýäň. (Indi-hä, ony elimizden aldyranymyzdan soň, şol ökünç barha bagryňy dilýär. Ýitirip, soňra gözlemek bizden haçan ara açarka?!) Bir gezek ol döredijilik babatynda gürrüň edip otyrkak (Kerim şahyr başga gürrüňlerden tiz ýadaýardy hem-de gürrüňiň akabasyny biçak usullyk bilen döredijilige aýlap goýbermäge juda ökdedi), aýdýan sözlerine aýratyn ähmiýet berip (hamana, soňra bir wagt şu aýdanlarynyň ýatlanyljagyny bilýän ýaly) şeýle diýdi: –Şahyr ilki bilen okyja, soň galamdaş ýoldaşlaryna, soňra tankytçylara özüni ykrar etdirmeli. Iň soňunda öz-özüni ykrar etmeli. – Başga hilem bolýamyka?! Şahyr az-kem oýa batyp oturdy-da, şeýle diýdi. –Gepem başga hilli bolýanlygynda-da. Käbiri täze bir kitap çykartdygy – redaktor, tankytçy dostjagazlarynyň ýanyna ylgaýar. Redaktor dostuna-ha şol kitabyň çykanlygyny (özem, heniz kitap satuwa çykyp-çykmanka) ile-güne buşlamagy (şunda ol kitabynyň suratjagazynyň çekilmegini hem ýatdan çykarmaýar), tankytçy dostundanam kimdir bir hakykaty aýdaýjak edebiýatçydan ýa-da okyjydan öňürdip, öwgülije syn ýazmagyny özelenipler haýyş edýär. Geň galmaly ýeri: şol kitabyň çykanlygy hakyndaky habarjyk «Mydam taýýardan» başlap, «Sowet Türkmenistanyna» çenli ähli gazetde bardyr. Radiony, telewizory açsaňam, şol «tapylgysyz» kitabyň çykdy habary ýaňlanyp durandyr. Yz ýanyndanam türkmen edebiýatynda «täze ädim» ýa-da oňa «önjeýli goşant» bolan şol kitap hakda mahabatlyja makala çykar. Eseriň «belent» mertebesine «onçakly bir kölege salyp durmaýan» ownuk-uşak kemçiliklerine garamazdan, kitabyň giň okyjylar köpçüligine «ullakan sowgat boljagam» nygtalyp geçilendir. Ine, aradan ilki-hä birki ýyl, soňra dört-bäş ýyl geçer. Görseň, gözüňe söweýin, «giň okyjylara sowgat bolmaly» şol kitap magaziniň tekjesinde perzini bozman durandyr. «Bäý-bäý bu näme boldugy-how, heý-de, sowgatdanam boýun gaçyrylýanmydyr» diýip, içiňi çekersiň. «Sowgatjygyň» awtory welin, eýýäm telim «sowgadyny» çap etdirendir. Bulam hemmesi däldir. Aradan salym geçip-geçmänkä şol «sowgat» Moskwanyň neşirýatlarynyň birinden saýry dilde «gepläp», kitap magaziniň işiginden ätlär. Öz il-gününe «gepini» düşündirip bilmedik «sowgat» başga dilde neneň «saýrasyn?!» Ine, onsoň, şol kitaplara ýekeje ýowuz höküm garaşýandyr: «Spisat!» Topbagy bilen ýakylan kitabyň awtorjygy bolsa, emel bilen gazanan «abraýyna» çolaşyp, eýýäm laureatlyga dalaş edip ugrandyr. Asyl, eýýäm alandyram. Il-gün welin, onuň «sowgatlaryndan» ellibizardyr. Ynha, başga hilli bolanda bolýany! Iki ýol – iki ykbal. Saýlaber, haýsyny göwnüň islese! (Elini çarpyp gülýär). * * * Dörediji adamda iki ykbal bolýandyr. Öz ykbaly, döredijilik ykbaly. Magtymgulynyň, Puşkiniň, Lermontowyň döredijilik ykballary öz ykballaryndan rowaç bolupdyr. – Iki ykbalyňam keç bolmaýan halaty barmy? Bolan bolsa kimler?! – Azadynyň, Mollanepesiň, Kerbabaýewiň, Gamzatowyň, Aýtmatowyň... iki ykbalam çüwen. – Bu babatda özüňiziňki nähili? – Ikisindenem nägile-hä däl. * * * Gurbannazar Ezizowyň «Tankytdan nädip goranmaly» diýen äheňdäki sowalyna ol şeýle jogap berdi: «Goşgularyňy tankytçylaryň üstüne hüjüme ýollamaly-da, general Bagşy Ataýew kimin belentden garap durmaly. Ýöne munuň üçin generalyňky ýaly üpjün ýaraglanan «goşunyň» bolmaly». * * * Оl оkyjylaryň hеmişe аrzyly mуhmanydy. Мagtymgulynyň ýаdygärliginiň ýаnynda gеçirilýän рoeziýa günlеriniň märеkesi diňе Кerim şаhyr gоşgy okandan sоň dаrgardy. Şоnuň üçin, оňa iň sоňundan söz bеrerdiler. Вir gеzek оl bu «kаdany» bоzduryp, аz-kеm öňrägindеn söz sоrady. Gеpleşilişine görä, оl diňе bir gоşgusyny оkap, mikrоfonyň öňündеn gаýtmalydy, bеýlekilere gеzek bеrmelidi. Еmma tоmaşaçylar еl çаrpyşyp, gуkylyk еdişip, оny tribunаdan gоýbermediler. Оl ýеne-de birki gоşgusyny оkap bеrdi-de, еl çаrpyşmalaryň şоwhuny ýаtyşmanka-da, öýünе tаrap ýоla düşdi. Ýеne-de еnçeme şаhyrlaryň çуkyş еtmеlidigi mälim bоlsa-da, аgyr märеkе dаrgap bаşlady. Мaşynyň içindе mеn оňa sоwal bеrdim: – Şunу bilgеşländen şеýtdiňizmi?! Оl gözlеrini bijlik bilеn gуrpyldadyp ýуlgyryp, ýüzümк çiňеrildi. – Nädеmde, sеniň nä işiň?! Еlimden gеlýä, bаşarsaň, hаnha tribunа bоş, sеnem şеýt! * * * «Okyjylar bilen duşuşyklar sizde nähili täsir galdyrýar?» diýen sowala Kerim şahyryň jogaby: «Tutuş döredijiligim bilen olaryň öňünde hasabat berýän ýaly bolýan. Kada görä, hasabatdan soň säwlikler hakda gürrüň gidýä. Elbetde, biziň okyjylarymyz giň göwrümli bolmaga çemeli. Tankytlab-a duranoklar. Şeýtmek weli, gerek. Ýöne, «harydyňy» mizana goýanyňda, duýgur bolsaň, sepiň bildirýär. Duşuşyklardan soň şeýleräk pikir edýän. ...Ýöne goşgy okap el çarpdyrsaňyz, Bolmaň, siz, kärdeşler, bolmaň, siz ahmal: Çarpylan ýüz elden çarpylman galan – On eliň has ajap bolmagam ahmal. * * * Ol diňe bir žanra gulluk etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Bütin ömründe diňe poeziýa wepaly boldy. Käbirleri ýaly hem poeziýadan, hem prozadan, hem dramaturgiýadan, hem terjimeden, hem publisistikadan «klassyk» boljak bolup ýörmedi. Elbetde, şu ugurlaryň ählisinden ýazýan adamlara-da onuň garaýşy gowudy. «Başarsaň ýazybermeli, ýöne özüm-ä oňaramok» diýerdi. Beýle bolsa, onuň «Tomus ýazgylary», «Güýz ýazgylary» haýsy žanra degişlikä?! Özüm-ä olara proza diýip biljek däl. Olar proza bilen ýazylan goşgular ahyryn! Ol poeziýanyň terjimesinde-de hemmämize nusga bolarlyk miras galdyryp gitdi. Kerim şahyryň SSSR halklarynyň, daşary ýurtlaryň iň ajaýyp şahyrlaryndan eden terjimeleri «Dostluk çemeni» ady bilen aýratyn kitap bolup okyja gowuşdy. Özem hakyky poeziýanyň ýetmişe golaý (goşgulary terjime edilen şahyrlaryň sany – H.D.) ter gunçaly, müň bir ysly çemeni bolup gowuşdy. Gynandyrýan ýeri, şahyryň bu ajaýyp hyzmatyna kitap çap edilenden (1986 ý.) iki ýyl geçenden soň, diňe bir adam (şahyr N.Rejebow) mynasyp baha berdi. Ýogsam bu kitap edebi tankyda giňişleýin gürrüň bolup biljek hadysady. Ynha-da, onuň poeziýanyň terjimesi baradaky öz pikiri: «Elbetde, poeziýa» diýilýän zatda ilkinji nobatda söz terjime edilýär. Ýöne goşgynyň ysy, reňki, şöhlesi terjime edilmese, sözüň terjimesi poeziýa bolup bilmez. Diýmek, poeziýa hemme zatdan ozal öz ruhunyň terjime edilmegini talap edýär. Goşgularyň ideýasy, şahyrlaryň özboluşlylygy şol ruhuň üsti bilen has aýdyň ýüze çykýar. Poeziýa terjimesiniň kynlygy hem şonda bolsa gerek». * * * – Şahyr, häzir biziň tankydymyzda, publisistik çykyşlarda durgunlyk ýyllarynyň dörediji adama hem zyýanly täsir edendigi, hyjuwlary bökdändigi hakynda pikirler bar. Siz şu pikire nähili garaýarsyňyz?! – Ilki bilen bir zady anyklaly, seniň «durgunlyk ýyllaryň» haýsy ýyllar bolýar?! – Özümem şony anyk bilip baramok. Ýetmişinji ýyllardan 1985-nji ýylyň apreline çenli öýdýän... – Goý şeýle bolsun. Durgunlygyň haýsy ýyldan haýsy aýdan başlanyny, barybir kesgitlejek gümanyň ýok. Häzir onuň geregem ýok. Elbetde, adam öz döwri bilen ýaşaýar. Şahyr döwrüň gözi, gulagy. Islendik döwrüň nogsanlyklaram, haýyr işlerem hakyky döredijiniň gözünden sypmaz. Ynha men saňa bir surat görkezeýin. Ine, äpet kreslo. Kreslonyň arkaňy berip oturmaly ýerine bäş sany «Aýatyn Ýyldyzyň» suraty çekilipdir. Şu suraty kimdir bir anonim hudožnik heniz L.I.Brežnew şeýle äpet kürsini eýeläp oturan ýyllarynda çeper plakatlaryň Bütinsoýuz konkursyna ýollapdyr. Häzir şol hudožnigi gözläp ýörler, arman, tapanoklar. Hudožnik döwürdeşleriniň oý-pikirini plakata geçiripdir. Emma aýanlygyň, demokratiýanyň ýoklugy üçin adyny gizläpdir. Öwünýär diýmeseň, özümden mysal alaýyn. Ynha. meniň 1978-nji ýylda çykan «Toprak» atly kitabym. Şundaky goşgularyň käbirini agzaýyn. «Ýolbaşçynyň işgärine ýazan häsiýetnamasy», «Maşyn, maşyn, maşyn», «Plan dolmaly, plan», «Öz toýumdan ählitoýlara degişli reportaž». Biraz soňrak «Döwür şeýle, döwür» atly goşgym çap edilipdi. Ynha, indi döwre görä «aýak uzadypdyrynmy» ýa-da dälmi, özüňseljeriber. Isleseň, has aňyrrakdan bir mysal getireýin. «Ynsap bilen ynsan» poemamdan: «Planymyz doldy. Baýragy aldyk. Baýdagy-da aldyk... » Hemmesi dogry. Emma weli, dogry ýene-de bir zat: Sen eli baýrakly, baýdakly ogry. Sen ullakan ýerde, ullakan müdir, Gündizmi, gijemi – harammy, halal Daşadyň öýüňe. Ýene daşaýaň. Wyždanyňa bakyp bermediň sowal... Şu setirleri 1970-nji ýylda W.I.Leniniň 100 ýyllygyna ýazypdym. Gözleseň, şol ýyllaryň nogsanlyklary baradaky setirleri B.Hudaýnazarowdanam, A.Agabaýewdenem, A.Atajanowdanam tapyp bilersiň. T.Jumageldiýewiň «Bagrymyzyň badaşany», G.Gurbansähedowyň «Toýly Mergen», B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romanlary şol ýyllarda ýazylmadymy näme?! – Diýmek onda, durgunlyk döwri ýazyjy-şahyra öztäsiriki ýetirmändir-dä. – Elbetde, şeýle diýibem tassyklap bolmaz. Şugünlerki ýaly aýanlyk bolan bolsa, döredijilik hyjuwyna başgaçarak täsir ederdi. Ynha, men şu-şu goşgulary ýazdym diýýän. Emma ne ýazmak, dogryňy-ha aýdasyň gelýär, böwrüňde welin, bükgüldijik bardyr. Şahsyýet azatlygy, wyždan azatlygy... diýýärler. Döredijilik azatlygam bolmaly. * * * Aradan çykmazyndan bary-ýogy on-onki gün öň onuň bilen eden söhbetimiz diňe poeziýa hakynda bolupdy. Onuň «Düýn, şu gün, ertir» atly interwýusynyň esasy sowallarynyň biri hem biziň poeziýamyzyň şu günki ýagdaýy hakdady. – Ynha, sen şu günüň prozasy poeziýamyzdan öňe geçdi diýýärsiň. Sen muny näme esaslanyp aýdýaň? – diýip, ol mäniň özüme sowal berýär. Onuň hemişe-de poeziýa babatda ussatlyk gabanjaňlygy bilen söhbet etmesi bardy. Oňa nähakdan çirk ýetirtmejek bolup çyr-çytrakdy. «Şu günler gazetlerde goşgular köp çap edilýär» diýäýdigiň ör-gökden gelerdi. «Aý, oglan-a, goşgy diýilýän zat jaýdar bolanlygynda bugdaýyň çöregi ýaly, adama her sagatda zerur ahbetin. Siz – redaktorlar bolsa, onuň köplüginden zeýrenýärsiňiz» diýip, al-petimizden alardy... Men sowalymdan yza çekilmek islemedim: – Näme bu ýagdaý şahyr hökmünde siziň birazajyk çetiňize degýärmi?! Men ýaşlar prozasyny göz öňüne tutýan-a. Ol hezil edip güldi. – Baý, kişi-hä gürled-ow. Tapdyň çeti gyzjak adamy. Aslynda edebiýatda ýaşlar, garrylar poeziýasy, prozasy barmy näme? Puşkin, Baýron, Lermontow, Ýesenin... Ýene-de sanasaň sanabermeli. Ählisem 30-40 ýaşyna ýetmän dünýäden ötenler. Ýeri, şolaryň poeziýasam ýaşlar poeziýasy bolýamy?! Ýaşkaň – ulalyp bor, ulukaň – kiçelip bor. Ýaşlaryň, garrylaryň poeziýasy ýok-da, hemişe hyjuwly, paýhasly poeziýa bar. Hany, ilki sen meniň sowalyma jogap ber! – Men soňky döwürde biziň prozamyza Kömek Kulyýew, Juma Hudaýgulyýew, Gowşutgeldi Daňatarow, Gazakbaý Ýollyýew ýaly zehinli ýaşlaryň gelip goşulyp, edebiýatymyzy baýlaşdyrmaga çalyşýanyny aýtjak boldum. Gelseler, gaty gowy-da. Muny gutlamak gerek. Ynha, menem poeziýa gelip goşulan ýaşlary sanap, olaryň gory hakda gürrüň ederin welin, ikimiz deň dawagär borus. Gowusy, gel, şol gor hakda gürrüň edeli. Şundan soň şahyr galamdaş şahyrlarynyň, ýaşşägirtleriniň döredijiligi barada birgiden mysallar bilen uzak gürrüň etdi. – Men G.Ezizow hakda «Özüni heniz açyp ýetişmedik şahyr» diýip, pikir ädýärdim. «Serpaýyny», poemalaryny okap, bu netijämden el çekdim. Ol kämillige ýeten eken. A.Agabaýewiň, B.Jütdiýewiň döredijilik mümkinçiligem häzir kemsiz açyldy. A.Atabaýewiň, N.Rejebowyň ugram kämillige tarap. Bu gowy ýagdaý. Annaberdiniň döredijilik gerimi giň. Ähli ýagdaýlar barada şahyrana pikirini aýdyp bilýär. Köp okaýar, düşünjeli. Baýramyň goşgy setirlerine üns ber. Her setiriň pikir ýüki ýeterlikdir. Atamyratda joşgunly hyjuw, Nobatgulyda çuňňur filosofiýa bar. Men bu sowalyňa interwýuda giňişleýin jogap ýazaryn. Ýaşlar hakynda-da aýtjak pikirlerim kän. Ol az-kem oýlanyşyp durdy-da: – Biziň köpimizde pikiri ilki bolup aýtmak (perwozdannost) şeýle bir köp däl. Bu, elbetde, özbaşyna bir söhbet – diýdi. ...Kerim şahyr bilen edilen söhbetiň ýazgylarynda şu günki poeziýamyza garaýyşlaryň jogaby tapylmady. Megerem, ol bu babatda giňişleýin makala ýazmagy göz öňünde tutandyr. * * * Kerim şahyr bilen okyjylara mälim bolan interwýuny («Edebiýat we sungat», 28-nji iýul, 1989ý.) taýýarlap ýörkäk, oňa degişme äheňinde şeýle sowal berdim: – Şahyr, gel, ikimiz birsellem fantaziýa otaryşaly! – Öz otarýanlaryň kemlik edýän bolsa, gel bäri! – Aýdaly, uzak bir planetada Ýerdäki ýaly ýaşaýyşyň bardygy bize mälim bolupdyr. Şol planetada ýaşaýanlaram haýsy dilde geplenilse-de düşünýärlermiş, mahlasy, dil problemasy ýokmuş. Şol ýerdenem Size ýörite hat gelýämiş. «Kerim şahyr, Siziň,ýaly şahyrlar biziň planetamyzda-da az däl. Şularyň ajaýyp bir pikirleri bar: olar Ýerdäki şahyrlar, şu gezeklikçe bolsa, türkmen şahyrlary bilen goşgy ýazyşmakda, okaşmakda ýaryşjaklar. Özüň gelip bilseň-ä, gözümiziň üstünde ornuň bar. Ýogsa-da, göwnüň ýetýän şägirtleriňden bäşisini bize ýolla. Salam bilen, N planetanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy N.N.» Siz şu hata näme jogap bererdiňiz?! – Baý-baý-ýow, gaty daşdan aýladyň-la, how, ýoldaş fantast-ýazyjy! – Bäri-bärlerde üsti ýaşaýjyly planeta ýog-a! – Özüm-ä gitmezdim. Bilýäň-ä saglygym ýok. (Ýüz keşbini az-kem gamlandyryp, uludan demini alýar). –Diýmek, onda şägirtleriňiz gitmeli bor-da. Görýäňiz-ä çagyryp durlar. Şahyr çiliminiň soňuny tiz-tizden sorup, küldana taşlady-da, esli salym böwrüni diňläp oturdy. Soňra üsti içmekli kreslosyndan turup, her tutýan adyna ähmiýet berip, şeýle diýdi: – Annaberdi Agabaýew, Baýram Jütdiýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gurbanýaz Daşgynow we beýlekiler. – Şahyr, bularyň arasynda gelin-gyz ýok-la! – Şu ýigitleriň biri-ikisi ýöwsellese, Näzik Annatyýewa bilen Gözel Şagulyýewa gidäýsin. –Büçe bolanyna olaryň dublýorlarynam sanaň-da! Kerim şahyr iş stolunyň başyna geçip, ýazuwdepderçeleriniň biriniň gatyny açyp, esli wagt pikir edip oturdy. Sowalyň degişme äheňi, megerem, onuň ýadyndan çykypdy. Birdenem ol öňküsi ýaly barmagyny maňa uzadyp büküp, sanap başlady. –Mämmetnazar Babanazarow, Gylyçmyrat Kakabaýew, Gözel Zarypowa, Oguljemal Çaryýewa we, we... beýlekiler. – Iki gezek «we» ýazmalymy ýa-da meniň gulagyma şeýle eşidildimikä? –Iki gezek däl, belki, üç gezek ýazmaly. Özüň bilýäň-ä, şu spisoga goşulmaga dalaş edýän kän. * * * Birnäçe ýyl mundan öň TSSR Ýazyjylar soýuzynyň plenumlarynyň birinde şahyrlaryň biri Kerim şahyryň käbir goşgularynyň temasynyň, pikirleriniň başga şahyrlarda-da duşýandygy hakynda batnykly sözler bilen uzakdan-uzak gürledi. Degişli mysal tapsa, uly şahyryň tutuş döredijiligini göçürme diýäýjek ýalydy. Şol günler Kerim şahyryň saglygy eýýäm egbarlap ugrapdy. Ol prezidiumda eglibräk oturan ýerinden aýdylýanlary dykgat bilen diňleýärdi. Käte-de başyny çalaja ýaýkaýardy. Töweregime ser salýaryn: oturanlaryň köpüsiniň ýüzi salyk. Orator bilen ylalaşmadyklar el çarpyşyp, onuň soňsuz söhbetini soňlatjak bolýarlar. Çykyş etmek üçin berlen wagt bireýýäm gutarypdy. Ol welin, el çarpyşmalara, başlyklyk edijiniň özelenipler edýän haýyşyna-da bakman şol gürläp gidip otyr. Dogry, şonda oratora gop berip, «nädäýersiňkäň» diýşip, ýyrşaryşyp oturanlaram bardy. Içimden pikir öwürýärin. Şahyryň meşhur «Taýmaz baba», «Ata we ogul», «Gumdan tapylan ýürek», «Aýal bagşy», «Namys», «Ýürek poemasy», «Alada», «Ynsan bilen ynsap» ýaly poemalaryny, ýüzlerçe ajaýyp goşgularyny tas ýatdan diýen ýaly bilýän türkmen okyjysy onuň bäş-alty goşgyny «göçürip» ýazanyna ynanarmyka?! Ömürylla-da ynanmaz». Soňra onçakly delillendirilmedik bu tankydy bellikler plenumyň hasabatynda dolulygyna diýen ýaly «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edildi. Şol günleriň birinde men Kerim şahyryň öýüne gezelenje bardym. Gürrüňçilikde men oňa sowal berdim: –Siz şol tankyda jogabam bermediňiz-le. –Uslyp bilmedim. Aslynda şeýle tankyda jogap bermek hökmanmy näme? Öwgi bilen, tankyt bilen ýok mertebäni-hä galdyryp bolmaz, beýik mertebänem peseldip bolmaz. Eger çykyş etmeli bolaýsam, şol oratora Puşkiniň «Ädikçi» pritçasyny (tankytçy N.I.Nadeždiniň Puşkiniň döredijiligine hüjüm edýän döwründe ýazylan goşgy – H.D.) okap bererdim. Ony özüm terjime edipdim. Bilýämiň, şol goşgynyň soňky setirleri şeýle. ...Meniň bir dostum bar, juda köpbilmiş, Mydama gepläp ýör, dogrumy, ýalňyş, Jemgyýet hakynda, goşgy hakynda, Ýöne weli, juda oňat bolardy Gepläberse köwüş-pöwüş hakynda. «Edebiýat we sungatyň» nobatdaky sanlarynyň birinde Kerim şahyr şol tankydy belliklere delilli jogap berdi. * * * Ol Berdi Kerbabaýew, Gara Seýitliýew, Güseýin Muhtarow, Beki Seýtäkow Aman Kekilow, Rehmet Seýidow ýaly galamdaşlary hakda täsin gürrüňler berýärdi. Olar hakda «Gaýrat» atly goşgusyny häli-şindi okaýardy. Şol goşguda bolsa o/eýle ajaýyp setirler bar: ... Ömür hem özüçe ölçäpdi weli, Ölüm anyklady onuň gymmatyn. ... Öwlüýä dek mukaddes saklapdy olar Ynsap, Salam, Edep, Jedel hormatyn. Mukaddes Salamyň hatyrasyna Biri-birisiniň gözüne bakyp, Mukaddes Ynsabyň hatyrasyna Käte bir-biregiň göwnüni ýykyp, Mukaddes Jedeliň hatyrasyna Goç dek süsüşmegi başaryp olar, Mukaddes Edebiň hatyrasyna Erte säher ýene duşuşypdylar. Olar belentdiler. Şol belentlikden Ýeňip uly dünýäň ownuk gybatyn Dünýädäki ähli ownukçyllykdan Ýokarda goýdular zehin gymmatyn. Megerem, uly ussadyň uly sapagy bolan bu goşgyny köpimiziň tutuşlygyna ýat tutmagymyz gerek. * * * 1988-nji ýylyň aprelinde «Sowet Türkmenistany» gazetiniň kollektiwi Kakanyň raýon merkezinde okyjylar konferensiýasyny geçirmegi planlaşdyrypdy. Bellenilen günüň öňinçäsi gazetiň redaktory Kakabaý Ylýasow şeýle teklibi orta atdy: – Duşuşygymyza gazetimiziň işjeň awtorlarynyň biri Kerim şahyram çagyralyň. Saglygy gowy bolsa, belki, gitse-de gidäýer. Şahyr bu çakylygy höwes bilen kabul etdi. Ýola düşmezimiziň öňinçäsi ol şofýor ýigide haýyş bilen ýüzlendi: Maşynyňy ýuwaşja sürüp git. Ýoluň ugrundaky gül-gülälekleri synlap, hezil edeliň. Kakanyň medeniýet öýi märekeden ýaňa hyň berýärdi. Aýagüstünde duranlaryňam sany ýokdy. Gazetiň gündelik işleri, geljekki planlary hakdaky gürrüňlerden soň Kerim şahyra söz berildi. El çarpyşmalardan ýaňa uly zalyň diwarlary sarsyp gitdi. Şahyr zala ýene-de birlaý göz aýlady. Ak sakgally gojalar, ak gyňaçly eneler, gülgün lybasly gelinler, birkemsiz bezenen gyzlar, syrdam ýigitler hatar tutup otyrlar. Hemmeleriň gözi şahyrda. Kerim şahyr «Aktual» poemasyndan tutup ugrady: Kän zatlar modadan gaçýar diýseň-de, Ýadyňdan çykypdyr gaýyndyr gelin – Diýip bir ýygnakda Dürjemal eje Oturan ýerinden göterdi golun... Zaldykalara gozgalaň ýetişdi. Eneleriň başy dikeldi. Gelinler ýylgyryşyp, aşak bakdylar. Hemmeler şahyryň täsin bir zatlar aýtjagyny öňünden bilýärdiler. Goşgy okaldygyça zalda gülki asmana galýardy. El çarpyşmalar, minnetdarlyk sözleri ýaňlanýardy. «Ýaşlyk dramasy», täze goşgular ýaňlandy. Prezidiuma gelýän haýyş hatlarynyň yzy üzülmeýärdi. Tas sagat ýarymlap goşgy okan şahyr ýerine geçip oturansoňam, el çarpyşmalaryň yzy ep-esli wagtlap kesilmedi... Aşgabada gaýdyp gelýärkäk, Gowşudyň eteginde Kerim şahyr bize ýüzlendi: – Geliň, ýigitler, şu ýerde az wagt saklanalyň-da, hol baýyrlykdaky gülälekligiň içinde birsalym gezelenç edeliň. Görüň-ä, baharyň gülgün lybasyny, belki, kömelegem taparys. Şahyr töwerek-daşy joşgun bilen synlaýardy. Ygşyldaşyp oturan ter gülälekleri sypalaýardy. Gözlerini süzgekledip, tämiz howadan dem alýardy, nurly günüň çoguna meýmireýärdi. Kätelerem aşak eglip, assyrynlyk bilen kömelek gözleýärdi. Az-kem gezelenç edip maşynymyza dolanyp geldik. Kerim şahyr: – Häý, zalywat kömelejikler, tapdyrmadyňyz-ow, çynym bilen gözledim. Iň bolmanda, ýekejigiňiz tapylaýmal-a – diýip, degişme äheňinde seslendi. Onýança-da şofýor ýigit: – Ine, Kerim aga, size kömelek – diýip, begençli seslendi. Ol terje kömelegi şahyryň eline tutdurdy. Kerim şahyr begenjinden sesini sandyradyp gepledi: – Sag boluň, ýigitler, kömelegem tapyp berdiňiz. Ynha, indi men şu günki gezelenjimden razy. Asyl derdimem dep bolan ýaly bolaýdy. Dörediji adamy begendirmek üçin köp zat gerekmi näme?! * * * Ol öýüniň, bala-çagalarynyň, özüniň bähbidi üçin hiç kime ýüz tutmaýardy. Eýýäm öýli-işikli bolan ogullary bilen darajyk howluda ýaşaýardy. Ol respublikamyzyň Ýokary Sowetine üç gezek deputat saýlanypdy. Meşhur ýazyjylyk abraýy bilenem telim gezek täze jaý alyp biljekdi. Bir gezek men oňa: – Şahyr, siz deputat ahyryn. Şäher Sowetine aýtsaňyz, iň bolmanda, öýli-işikli çagalaryňyza jaý bererdiler – diýdim. Ol meniň sözlerime kinaýa bilen gülümsiräp şeýle diýdi: – Özüň deputat saýlansaň tüýs edäýjek işiň-ow şu. Ýeri, deputat dälleriň çagalary näme etmeli?! * * * Ýaşap ýörkä oňa «gelinleriň şahyry» diýmeleri ýöne ýere däldi. Gyz-gelinler hakda ol Magtymgulynyň, Mollanepesiň edebi bilen, ýürekden hem şeýle sypaýy ýazýardy. Gyz-gelinler hakdaky goşgulary, megerem, beýlekilerinden has çeperdi, ýürege ýakyndy. Belki, hut şunuň üçindir – ol gyz-gelinlerden günibirin hat alýardy. Olara jogap ýazmaga-da wagt tapýardy. Käteler olardan gelen hatlary höwes bilen okap berýärdi. 1981-nji ýylyň güýzi bolsun gerek – ony Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky pedagogik uçilişesiniň okuwçylary myhmançylyga çagyran eken. Duşuşyga bir sagat çemesi wagt galanda ol meniň iş ýerime – «Ýaş kommunist» gazetiniň redaksiýasyna jaň etdi: – Uçilişäniň gyzlary duşuşyga çagyrypdyrlar. Bileje gideli. Sen-ä olaryň öňünde fantastika hakynda erteki otararsyň, menem goşgy okaryn. – Siz barkaňyz biz ýaly ertekiçä gezek ýetermikä?! – Ýetmese, uly şahyr bolup ýetişýänçäň garaşmaly borsuň-da. Ol hezil edip güldi. Duşuşyk şäheriň 8-nji mart adyndaky ýüpek fabriginiň klubunda bolup geçdi. Şol duşuşyga edebiýatçy Allaberdi Oraztaganow hem baran eken. Okuwçylar bizi gürrüldili el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Allaberdi Kerim şahyryň döredijiligi hakda giňişleýin gürrüň berdi. Öň hatarda bezemen geýnen mugallymlar, aýyň parasy ýaly gyzlar şahyra guwanç bilen bakyşyp otyrdylar. Şahyr meniň tirsegime ýuwaşja kakdy-da, gülümsiredi: – Ýer-ow, senem gyz-gelinlere aňkaryp seredip otyrmyň?! – Meniň näme, hakym ýokmy?! Sizem-ä şolardan gözüňizi aýraňzok. – Men şahyr adam. Gyz-gelinler meniň gahrymanlarym. Siz fantast ýazyjy. Iş salyşýan ýeriňem kosmos. Şonuň üçinem, gyz-gelinlere däl-de, potologa seredip otur. * * * 1988-nji ýylyň bahar günleriniň birinde meni «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna çagyrdylar-da, şeýle tabşyryk berdiler: – Kerim Gurbannepesow bilen häzirki döwür, edebiýatymyzyň şu güni, ertiri baradasöhbet guramagy saňa tabşyrmaly etdik. Wagtymyzam çäkliräk. Şahyr bilen gepleşip gör, gyssagyň özüň bilen. Şahyr bilen duşuşmagy jaň edişip wadalaşdyk. Ol işiniň känligini, täze kitabyny neşire taýýarlaýandygyny aýtdy. – Sowallaryňy taýýarlaber, üç-dört günden jaň et. Duşuşmaly güni belleşeris. Men özümi gyzyklandyrýan sowallarymy kagyza geçirdim-de, onuň ýanyna myhmançylyga geldim. Ol meniň sowallarymy okap çykýança, ýanym bilen elten magnitofonymy işletmäge häzirlendim. Ol meniň bir zatlara güýmenýänligimi aňdy-da, basymly ses bilen sorady: – Sen näme etmekçi bolýaň? – Siz-ä sowallaryma ýüzugra jogap berersiňiz. Menem ony lenta ýazyp alaryn-da, kagyza geçirerin. Wessalam. Siz işli ahyryn. Ol ýüz-keşbini az-kem gamlandyryp, uludan demini aldy: – Aý, nädýäň-aý, heý-de döwür, poeziýa hakdaky sowallara ýüzugra jogap berip bolarmy? Interwýu bermegem döredijilik ahyryn. Kerim şahyryň her bir aýdan sözi çep gursakdan çykyp, çep eliň üsti bilen barmaklara geçip (şahyr çepbekeýdi) ak kagyza geçmel-ä. (Hezil edip güldi). –Bagyşlaň, men siziň wagtyňyzy almajak bolýan. –Okyjylar üçin wagt tapmaly bolar. Onsoňam, sen bir zady unutma. Sowallara jogap berşi bilen ýazyjynyň döredijilik aňynyň gerimini ölçäp bolýar. Oňa ünsli çemeleşmeli. Gel, häzirlikçe gök çaý içeli. Sowallaryňy goýup gidersiň, wagty geler, men olara jogap bererin. Ol şol günleriň wakalary, galamdaşlary, şägirtleri hakda, Puşkini, Lermontowy, Baýrony, Petefini, Gamzatowy gaýtalap okaýşy hakda... dürdäne sözler bilen şol gürrüň berip otyrdy. Käteler Magtymguly, Puşkin ýaly ägirtleriň çintgäp okalmagyndan baş alyp gaýdýan şeýle pähimli, ýadyňa-oýuňa düşmeýän jümleleri aýdyp goýberýär welin, janyň dagy gönenäýýär. Ol seni belent ruhy, jöwher akyly hem köpügören türkmen ýaşulusynyň edep-terbiýeli hereketi bilen özüne dolap alýar. Dogrymy aýdaýyn: şondan soň dawa-jenjel bilen kitap çykardyp, menem şahyrdyryn diýip, il içinde gomparyp ýören pöwhe goşguçylar bilen setanda-seýranda söhbetdeş bolaňda derrew myrryhyň atlanyp ugraýar. Hawa, ol paýhaslylyk bilen söhbet edip otyrdy. Men şonda poeziýa, ýazyjynyň borjy hakdaky bu ajaýyp sapagy ýeke özümiň diňläp oturanyma hem-ä buýsan- ýardym, hemem gaty gynanýardym. Şol gezek magnitofony, iň bolmanda, şahyra duýdurman işletmegi başaraýan bolsam, şol beýik edebi sapagy bu gün tutuş halkym diňlärdi. Arman, ýitirip, soň gözlemek biziň köpimiziň geçirimsiz hatamyz. * * * Aradan çykmazynyň öň ýanyndaky hepdelerde-de onuň taby göräýmäge şeýle bir agyr däldi. Elbetde, keşbini synlanyňda onuň agyr dert çekýänligini aňmak bolýardy. Emma ol öz keseli barada ýekeje agzam dil ýarmaýardy. Menem soňky duşuşyklarymda gazete berilmeli interwýu barada onuň ýanynda agzamaýardym. Ynha, birdenem 21-nji awgust güni ol maňa jaň etdi. – Sowallaryňa berjek jogaplarymy tasladym.Özüm maşynkadan geçirýän. Öýe gel, birsellem gümür-ýamyr edişmeli. –Maşynkadan geçirmek babatda azar edinmeli däl ekeniňiz. Onsuzam işiňiz ýetik. –Maşynkada ýazmagy öwrenjek bolýan. Ýogsam, görene ýalbaryp ýörmeli. Men eýýäm ony öwrendimem. Gelseň, ynha, ýazanlarymy görkezäýerin. Esli wagtlap ikiçäk gürleşip otursak-da, ol interwýu hakda-da, maşynkada ýazanlaryny maňa görkezmek hakda-da ýeke agyzam dil ýarmady. Oňa derek Berdi aga, Gara Seýitli, Beki aga dagy bilen edebi hem dostluk gatnaşyklary hakda söýünç bilen gürrüň berdi. Birdenem ol tukatlyk bilen şeýle diýdi: – Şeýle uly adamlar bolsalaram, olar çaga ýaly sadadylar. Olaryň arasynda ýaşamak, olar bilen gatnaşykda bolmak uly bagtlylyk ekeni. Arada Soýuza bardym. Kiçiräk ýygnak boldy. Kalbymy gubardan dolduryp gaýtdym. Edilen gürrüňlerden çen tutsaň: biziň köpimiz juda ownapdyrys. Hersi öz bähbitjigini arap gürrüň edýär. Kimsine at gerek, kimsine maşyn, kimsi şol bir eserlerini üçünji, dördünji gezek çykardyp, pul gazanmagyň aladasynda. Kimsine wezipe gerek, kemsine deputatlyk. Şeýle adamlar bilen uly edebiýat döredip bolmaz. * * * Ol öz tutuş döredijiligine, adamçylyk hem graždanlyk, ussatlyk mertebesine öz eziz halkyny maýyl eden günlerinde, tas ýarym asyrlyk zähmetini siňdirip, kemsiz berdaşlanmagyna ýardam eden türkmen poeziýasyny ýetim goýup, biziň aramyzdan gitdi. Kerim şahyryň ýogalan güni ýazan hoşlaşyk makalajygym onuň üçi güni «Ýaş kommunist» gazetinde çap edildi. Şol makaladan alnan ýekeje jümläni şu ýazgymda-da ulanmagy makul bildim. Biz mundan bu ýana türkmen edebiýaty ýaşadygyça Magtymguly, Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow diýen üç läheňiň atlarynyň tirkeşigine häli-şindi duş geleris». * * * Merhum şahyrymyzyň belli günleri geçip gitdi. Ony elimizden alan ýylam aýlandy. Kerim şahyryň edebi mirasyny toplamak barada Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň komissiýasy döredilip, onuň başlyklygyna şahyr Baýram Jütdiýew, orunbasarlygyna şahyr Gurbanýaz Daşgynow bellenildi. Şonuň ýaly-da, şahyryň adyny ebedileşdirmek barada ýörite karar kabul edildi. Hawa, wagtyň geçmegi bilen agyr ýitgi zerarly çuňňur gynançlar az-kem köşeşdi. Ýöne welin, soňky bolup geçen edebi agşamlar, duşuşyklar, ýygnaklar, Täze ýyl agşamy, baýramçylyklar aramyzda Kerim şahyryň ýokdugyny juda göze ilerlikli bildirdi. Meni bir sowal häli-şindi biynjalyk edýärdi. Kerim şahyr eden söhbetimiziň ýazgylaryny tamamla- madymyka?! Aradan çykmazyndan, megerem, üç-dört gün öň jaňlaşanymyzda-da ol: «Ähli sowallaryňa jogap berdim. Häzir okap, kä ýerlerini syntgylap otyryn» diýipdi ahyryn. «Edebiýat we sungatdaky» maňa ýumuş tabşyranlaram bu ýazgy bilen hzli şindi gyzyklanyp durdular. Bir günem şahyryň edebi mirasyny toplamak bara- daky komissiýanyň ilkinji ýygnagynyň bolup geçen- ligini eşidip, Gurbanýazyň ýanyna eňdim. Şahyryň golýazmalaryny tertibe salanlarynda sowal-jogabyň tekstiniň bardygyna-ýokdugyna esewan bolmagy ondan haýyş etdim. Ertesi güni Gurbanýaz iş ýerime jaň etdi: –Agam, Kerim şahyryň iş stolunyň üstündäki kagyzlary, gazet-žurnallary, kitaplary tertibe saldyk. Kagyzlaryň içinde seniň beren sowallaryň teksti bar-da, oňa berlen jogaplar ýok. Megerem, olara jogap bermäge Kerim aganyň eli degen däldir. Bu söze ynanmazlyk mümkin däldi: agyr dert, täze kitabyny çapa taýýarlamagyň soňsuz hysyrdylary şahyra oý-pikirlerini ýazga geçirmäge mümkinçilik beren däldir. Men «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna habar ýetirdim. «Garaşyp oturmaň, Kerim şahyr ýazgy galdyrmandyr». Ynha, bir günem «Wäh» diýlen ýaly edip, Gurbanýaz jaň edýär: –Agasy, Kerim aga seniň sowallaryňa jogap ýazyp giden eken. Megerem, bu onuň iň soňky işlän ýazgylary bolmaly. Stolunyň çetinde gat-gat edip goýlan «Ýunost» žurnalynyň bir sanynyň içinden çykdy. Häzir ýanyňa ugraýan. Hemişeler gapydan ýylgyryp girýän Gurbanýazyň ýüzi bu gezek nämüçindir tutugrakdy. – Ýeri, inisi, näme beýle gamly görünýäň?! –Kerim aganyň menden göwni galan eken. Ynha, onuň şägirtleri barada beren sowalyna jogabynda ýazyp gidipdir. Jogaplary bir demde okap çykdym. Her sowala jogaby aýry-aýry kagyzlara ýazyp gidipdir. Ýazgylaryň aglabasyny rusça maşynkada göçüripdir, käsine doly jogap berip ýetişmändir. Üç-dört sowalyň jogabyny elde ýazypdyr. Men Gurbanýaza ýüzlendim: –Kerim şahyryň şägirtleriniň iň wepalysy, merdi sen ekeniň, inisi. –Göwünlik berýäňiz-ow. Men Kerim agadan hiç zady göwün edemok. Ynha, wagt geler, halypamyň nämä gahar edenini, bu zaglary näme üçin ýazanyny okyjylara düşündirerin. Oňa hemişe wepaly bolanlygymy, boljagymy subut ederin. –Sen ony eýýäm subut etdiň, Gurbanýaz. Gör-ä, her sowata aýry-aýry jogap ýazypdyr. Başga, Kerim şahyryň özi aýtmyşlaýyn, «galp şägirdiň» eline düşen bolsa, şol jogaby ilden gizlärdi. Bu ýazgylary ilki ele alan diňe sen ahyry. Ak göwünliligiň üçin sen hemişe ýalkanarsyň. Gurbanýazyň öýkeli keşbi az-kem ýazyldy. Kerim şahyryň ýazgylaryny şol sagadyň özünde kseroksda iki ekzemplýarda surata düşürip, asyl nusgasyny onuň mukaddes iş otagyna eltip goýduk. * * * Uly şahyryň, mährem dostumyň ömrüniň iň soňkuja günlerinde eden işini – interwýusynyň tekstini elime alyp, «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna eňdim. – Ynha, ýoldaşlar, Kerim şahyr siziň iň soňky tabşyrygyňyzy-da berjaý edip gidipdir. Geň galdym: bäş-alty bolup üýşüp, çaý içişip oturan «sungatçylaryň» birindenem seza çykmady. «Hany, göreli» diýenem tapylmady. Ýaýdanyp ep-esli durdum-da: – Men-ä onda teksti taýýarlamagy Gurbanýaz Daşgynowa tabşyraýjak. Redaksiýanyň ýolbaşçylarynyň biri elimdäki teksti alyp, eýlesine-beýlesine seredişdirdi-de: –Muny şahyryň özi ýazyp gidipmi ýa-da Gurbanýaz Daşgyn ikiňiz bile oturyp ýazaýdyňyzmy?! – diýdi. Ýeri, muňa näme diýjek: gyzyl tapan ýaly garbap almagyň deregine mukaddes kagyzlara seňrigini ýygryp seredýär. Gaharyma teksti onuň elinden kakyp aldym, ýöne onuň aýdanlaryny gaty görmedim. Ilki bilen-ä, ol munuň ýaly mukaddes meselelerde agyz deňärlik adam däldi. Galyberse-de, gözboýagçylygyň, wurdumşalygyň, messepsizligiň, parahorlygyň, garyndaşparazlygyň... we... we... şuňa meňzeş nogsanlyklaryň örç alan zamanynda ýaňkynyň aýdanyndan has beterräk günälerem edilýär ahyryn. Meniň oňa diňe şu jümleleri aýtmaga gurbum çatdy: – Özgeleriň wyždanyny öz arşynyňda ölçeme. Oňaryp bilseňem, öwlüýä kesek atma. Seni hudaýdan öňürti Kerim şahyr tutar. Onsoň, dat günüňe! Kerim şahyryň ýazgylaryny Gurbanýaz käbir düşündirişler bilen çapa taýýarlady. Oňa şahyryň edebi mirasyny öwrenmek baradaky komissiýanyň başlygy şahyr Baýram Jütdiýew gysga, emma çuň manyly, mährem sözbaşy ýazdy. Baýramyň maslahaty bilen bu ýazgylary uly gazetleriň birinde, «Edebiýat we sungatda», «Sowet edebiýaty», «Ýaşlyk» žurnalynda çap etdirmegi maksat edindik. Uly gazetiň redaksiýasynda bu ýazgylary höwes bilen okap çykdylar, çap etmäge welin, howlukmadylar. Ahyr bir günem: – Bu ýazgylarda Gylyç Kulyýew, Rahym Esenow dagynyň ady bar. Aý, geliň, ýazyjylaryň özara dawasyna goşulyp ýörmäliň-le – diýdiler. Şundan soň ýazgylar ýene «Edebiýat we sungatyň» işgärleriniň eline düşdi. Ol ýerde-de bu ýazgylary ençeme gezek okap çykdylar. Bir günem «Baýram Jütdiýewiň oňa ýazan sözbaşysy bolanok. Kerimi gaty öwüpdir, ony Magtymgulynyň bäri ýanyndaky şahyr edip goýupdyr. Beýtmek bolmaz. Gerek bolsa, sözbaşyny özümiz ýazarys» diýdiler. Şundan soňam hepdeler geçdi, aýlar aýlandy. Ahyram şol ýazgylar şahyryň öçügsije suraty bilen 1989-njy ýylyň 28-nji iýulyndaky 30-njy sanynda çap edildi. Şundan soň oňa hiç bir gazet, žurnal özünde orun bermedi. Wagt geler: uly şahyryň ajaýyp goşgularydyr poemalarynyň, makalalarynyň, hatlarynyň, interwýularynyň ählisiniň ýekeje setirem galdyrylman çap ediler. Sebäbi Kerim şahyrdan minnetdar okyjylar onuň ajaýyp ýazgylaryna hemişe teşne ahyryn. Hut şoňa görä-de, Kerim şahyryň bu iň soňky söhbetini beýik halypam baradaky ýazgylarymyň dowamyna goşmagy makul bildim. Öň hem belläp geçişim ýaly, bu ýazgylary çapa taýýarlan hem düşündiriş beren Gurbanýaz Daşgynowdyr. * * * (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |