14:01 Körhan Balaka | |
KÖRHAN BALAKA
Edebi makalalar
Ony tanaýan adamlaryň meniň bilen söhbetdeş bolanlary, hamana öňden dilleşip goýan ýaly, hyjuw hem kalbyň çuňundan gaýdýan mähir bilen, şunlukda Körhan Balaka bilen birmahallar duz-emek bolşanlaryna çäksiz buýsanyşyp şeýle diýýärdiler: «Gyzyl ýaly adamdy, pahyr. Adamlara ýagşylyk etjek bolup kökenek-girýandy. Täzeçeden, köneçeden sowadyny kemsiz çykan, ynsanperwer, ilhalar adamdy. Şunuň ýaly adamlar türkmende gaty seýrek dogulýar». Ählimiz üçin hatyraly halypa, goja žurnalistimiz Annaguly aga Mämmetgulyýewiň: «Inim, şu günler dükanlaryň harytlary bilen bir kysmyda adamkärçiligiň, birek-birege sylag-hormatyň hem gahatlaşyp gidip oturýan döwründe Körhan Balaka ýaly il-günüň hyzmatynda döş gerip giden ogullar hakda hökman ýazmak gerek» diýmegi. meni döredijilikli gözleglere has-da hyjuwlandyrdy. Elbetde, ilkinji türkmen magaryfçylarynyň biri, biziň şu günki milli intelligensiýamyzyň läheňleri Pygam Azymow, Seýitnyýaz Ataýew, Çary Baýryýew, Muhammet Çerkezow ýaly aň-bilime, sungata muşdaklaryň ençemesine hemaýatyny ýetiren, terbiýe-tälim beren Körhan Balaka stalinçilik repressiýanyň pidasy däl. Ol taňrynyň beren ömrüni öz ojagynda, bala-çagalarynyň arasynda geçiripdir, özajalyna-da ýogalypdyr. Men muny ýörite nygtamak bilen, ýeri geleni üçin başga bir ýagdaýa galamdaşlarymyň ünsüni çekmek isleýärin. Biz otuz ýediniň pidalary hakda indi ençeme ýyllardan bäri yzygiderli ýazyp gelýäris. Bu asylly işiň arasyna demsalymam salman, ony hyjuw bilen dowam etdirmeli. Ýöne, soňky ýyllarda bu ýagdaýyň şeýle örç alşyna syn kylsaň, taryha girmek üçin hökman repressiýa düşmeli, Ukraina ýaly uzak bir ýerlere sürgün edilmeli, dälihana ýa-da türmä düşmeli, günä edipmi-etmänmi, tapawudy ýok – partiýa hataryndan kowulmaly, wezipeden aýrylmaly ýaly bolup görünýär. Ýaman ýerem, agyr günä edip, wezipelerinden kowulanlaryň käbirleri indi bu babatda «partiýanyň pidasy boldum» diýşip, gözýaş döken bolýarlar. Partiýany şu güne salanlaryň özleridiginden welin bihabar. Diýmek, biz belli-belli taryhy döwürlerde ýaşap geçen, biziň ata-babalarymyza tälim-sowat öwredip, şu günki umumyadamzat derejeli bilim-terbiýeli, düşünjeli halkymyzyň kemala gelmegi üçin gujur-gaýrat görkezen adamlaram unutmaly däldiris. Ýogsam, guýmagursak şahyr Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn: «Beýikler öz beýikligini bir täk ölümi bilen subut etmeli» ýaly bolup görünýär. Galyberse-de, şükür, indi bizem özbaşdak il derejesine ýetdik. Öz-özümizi tanamagymyza wagt ýetdi. Gorkut Atamyzy, Göroglymyzy, Azadymyzy öýümiziň törüne geçirmäge, Gökdepede, Gazawatda, Garrygalada, Sarahsda zalym elinden wepat bolanlarymyzyň agysyny aglamaga elkinlik aldyk. Ýogsam, ruhy taýdan göýdükleşip, tas türkmen adymyzam ýitiripdik. Hawa-da, gan gatyşygyňda Görogly, Keýmir kör, Gowşut han ýaly ärler, Azady, Magtymguly, Andalyp ýaly akyldarlar barka, «rewolýusiýadan öň nadan bolupdyrys» diýip, öz-özüň tribunadan zowladyp durkaň, kim seni adam hasap etsin. Üstesine-de, rewolýusiýadan soňky «sowatlylygyňam» diňläp oturanlara aýanka! Hawa, indiberi aslymyza dolanalyň, şunça ýyllap oýnatgy bolanymyz besdir. Nesil şejerämizdäki är kişileriň durmuş ýollaryny öwrenip, şu günki maň- gurt neslimiziň aňyny özgertjek bolalyň. Ýogsam, şu gidişine gitse, türkmeniň müň asyrlyk edim-gylymy ýitip, garran çaglarymyz barymyz «Garrylar öýüne» baryp dykylarys. Indiberi kalbygiňlik, geçirimlilik, ene-atany, uly-kiçini sylamak, uludan uýalmak, deň-duşdan çekinmek, mertlik, ygrarlylyk, myhmana hormat, halal iýmek, baryna şükür etmek ýaly dünýäni aňk eden mizemez edim-gylymlarymyz gowularyň göreldesinde neslimize miras geçsin. Hawa, Körhan Balaka altmyş ýaşan ömründe ölüm bilen ençeme gezek pete-pet gelse-de, baryp-ha ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda öz eli bilen sünnäläp, rus dilinde ýazan terjimehalynda «1898-nji ýylda Aşgabat obasynda (orta) daýhan maşgalasynda dünýä inendigini («Orta daýhan» söz utgaşmasyndaky «Orta» sözüni ol ýaý içine alyp, aýratyn ýazypdyr –D.H.) köne mekdepde, Änew medresesinde okandygyny, Aşgabat obasynyň arçynynyň mürzesi bolup işländigini aç-açan ýazsa-da, «Enkewedäniň» üçlüginiň gazabyna duçar bolmandyr. Ýogsam, ýežowçy-berýaçy peşaplar üçin şol «aç-açan» ýazgylaryň ýekeje punktam ýeterlik bolupdyr ahyryn. Elbetde, üstünden är ömri geçenden soň Körhan Balakanyň bagtynyň beýle «daş ýaranlygynyň» gürrüňinem etmeli däl welin, şu meselede käbir gapma-garşylykly pikirleriň barlygy üçin agzamaly boljak. Otuz ýediniň pidalarynyň köpüsi köplenç ýagdaýlarda kimdir biri tarapyndan şugullanypdyr. Soňra olar käteler çaý içesi salymlyk dowam edýän «adyl sowet sudunda» «halk duşmanynyň», «kulak guýrugynyň», «daşary ýurt içalysynyň» ýüzüne durup, «sosializmiň içeri duşmanlarynyň köki-damary bilen ýok edilmegine», «uly» goşant goşupdyrlar. Beýleki halklaram şeýledir weli, türkmen-hä adam satýan näkesi gaty ýigrenipdir. Birwagtky stalinçi şol ýalhorlaryň kysmaty çekip, şu günlerem sag-aman ýaşap ýörenleri bar. Gara ýer şolary göterip ýör. Ýöneil arasynda olaryň «mynasyp» atlary bar. Pylan çike, Pylan şugul, Pylan kapyr, aý garaz, şunuň ýaly-da. Şu tetelliler babatda obamyzyň bir ýaşulusy şeýle diýerdi: «Nebir gülmeňiz ýigitleri gitse-gelmeze ýollan haramzadadyr ol, Pylan çike. Ölse, jynazasyna duranam dowzahydyr». Hawa, Körhan Balaka şu zeýilli «dowzahylaryň» gazabyna duçar bolmandyr. Megerem, goja ýazyjymyz Çary aga Matalow bu babatda «Öz halkyna hemişehowandarlyk edeni üçin il-gün ony şeýle yhlasly gorandyr, belki» diýeninde müň kerem mamladyr. Körhan Balakanyň «arka berip daýanan» halkyna wepaly hyzmaty biziň şu günlerki ýaýbaňlaşan çenimizden biraz irräk başlanypdyr. Ol ýaňy iki ýaşyna ýetende kakasy aradan çykyp, ejesiniň eklenjinde galypdyr. 1905-nji ýylda köne mekdebe berlen Körhan 1914-nji ýylda Änew medresesini tamamlap, döwrüniň sowatly-düşünjeli adamy bolup ýetişipdir. Munuň şeýledigine onuň şol ýyl Aşgabat obasynyň arçyny Annanyýaz arçyna mürze edilip bellenmegi-de şaýatlykedýär. On alty ýaşly ýigdekçä şäheri erňäkläp oturan küren obanyň «baş ştabynyň» ýazgysyny alyp barmagy ynanypdyrlar. Biziň häzirki günlerimizde welin, on alty ýaşlylary hat gatnadýan edibem işe alanoklar. Sebäbi muňa kanun ýol bermeýär. Nämemiş: şu ýaşdaky çagalaryň heniz beýnisi ýukamyş. Şu nukdaý nazardan seretsek, Annanyýaz arçyn ýaly, şol döwürde tutuş Ahala belli adamyň döwlet buýruklaryny ýazga geçirip, olaryň berjaý edilmegine serenjam berip oturan ýetginjegiň beýnisiniň näderejede berk bolmalydygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Üstesine-de, şol ýaşly ýetginjek patyşa pristawy bilen iş salyşmaly, atasy, babasy ýaly adamlara gep düşündirmeli. Hawa, munuň üçinem «garrap doglan» diýilýänlerden bolmaly. Şol döwürleri, umuman, türkmeniň taryhyny töwerekleýin bilýän, belli ýazyjymyz Seýitnyýaz Ataýew Körhan Balakanyň mürzelik eden ýyllary hakdatäsin hekaýatlary gürrüň berdi: – Körhan Balakanyň mürzelik işine başlan ýyly birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen gabat gelýär. Uruş hemme zady – adamlary, maly-garany, ýer-ýurdy hasaba salýar. Muny şeýtmelem ulus obanyň mürzesi. Şol ýylam pälä adam alnyp ugralýar. Olaram at-esbaply, ýaragly bolmady. Olaryň näjüre adamdyklaryna, ýanyna nämeleri göterendiklerine güwänama ýazmaly. Diňe şularmy näme. Işi kaza düşene, şähere söwda-satyga gidene, uzak ýerlere sapara ugrana petek ýazyp bermeli. Küren obanyň salgydyny, jan hasabatynam alyp barmaly. Arçynyň alyp barýan işleriniň ýazgysyny ýöretmeli. Ine, onsoň, ýaňy murty taban onalty ýaşly ýigdekçäniň nähili garamaty öz üstüne alanyny özüň oturyp saldarlabermeli. Körhan Balaka bilen ençeme ýyllap duz-emek bolany üçin Seýitnyýaz Ataýew oba mürzesiniň ilkinji türkmen magaryfçylary Muhammetguly Atabaýew, Tatýana Tekinskaýa, Hojaly Molla dagy bilen ýakyn aragatnaşykda bolandygy hakda ençeme maglumatlary bilýär. Şol döwrüň şahyrlary Molladurdy (Mätäjiniň ogly), Molla Püri dagy hem onuň bilen günde-günaşa duşuşyp, söhbetdeş bolşan adamlary ekeni. 1914-nji ýylyň 14-nji dekabryndan başlap Aş- gabatda ilkinji türkmen milli gazeti «Ruzname mawe- rai Bahry-Hazar» («Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta») rus hem türkmen dillerinde çap edilip başlanypdyr. Gazetiň ilkinji redaktory I.A.Belýaýew gazet makalalarynyň türkmen dilindäki tekstlerini dogry düzüp biläýjek hem-de ýerlerden habar ýazmaga ukyply milli kadrlary irginsiz gözläpdir. Aşgabadyň bazarlaryndaky eli arassa türkmen dilinde dürs doldurylan hat-petekli adamlar onuň ünsüni çekipdir. Şol hat-petekleri kimiň beýle sünnäläp ýazanlygynyň sorag-idegem redaktor Belýaýewi Körhan Balakanyň öýüniň üstünden getiripdir. Şol günden başlabam onuň gazet bilen aragatnaşygy başlanypdyr. Şunuň bilenem bary-ýogy on ýedi ýaşly ýigdekçe ülkäniň syýasy durmuşyna aralaşyp ugrapdyr. Elbetde, munuň şeýle bolmagynda ýaş mürzäniň Muhammetguly Atabaýew. Tatýana Tekinskaýa ýaly döwrüň sowatly-düşünjeli adamlary bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy öz täsirini ýetiripdir. Belli ýazyjymyz Ata Atajanow «Teke gyzy Tatýana» atly romanynda Körhan Balakanyň Tatýana Tekinskaýa bilen duşuşygyňy şeýle beýan edipdir: «Artykgül... garşysynda duran dikýaka çal köýnekli, bili ýasy kemerli, aýagy sary botinkaly, başy ak telpekli ýigdekçäni başdan-aýak synlady. Sessiz-üýnsüz peýda bolan oglanam aýtjak sözüni ýadyndan çykaran ýaly, ýuwdundy durdy. Uzyn boýly, aksowult, inçemik ýüzli bu ýigdekçäni Artykgül öňem ençe ýola görüpdi. –Artykgül daýza, gelsin diýýär... –Kim? –Ata mugallym. Artykgülüň güpbe ýadyna düşdi. Bu arryk oglany olAta Myradowyň ýanynda görüpdi. Deň-duşlary oňa «Atanyň ýan tazysy» diýip degişýärdiler... ... – Sen kim? –Men – Körhan Balakaýew. Aşgabat obasynyň arçynynyň mürzesi. Ata Myrat mugallymyň şägirdi. Dogumlysyran ýigdekçäniň pert-pert jogabyna Artykgül bialaç ýylgyrdy. Hekgeren oglanyň ýylçyr ýüzüne ýene bir ýola seretdi. Näme üçin oňa Körhan adyny dakanlaryna geň galdy: ýigdekçäniň goýun gözleri ýalpyldap, ýanyp durdy. Eýsem-de bolsa, oglanyň arçynyň mürzesidigine müňkürlik etdi. –Sen näçe ýaşyňda? –On bäş...» Romanyň soňky baplarynda Körhan Balakanyň gazetiň redaktory I.A.Belýaýew bilen duşuşygy, onuň gazeti çap etmeklige gatnaşyşy çeper beýan edilipdir. Hawa, soňra şol «uzyn boýly, aksowult, inçemik ýüzli» ýigdekçe «Ruzname mawerai Bahry-Hazaryň» ygtybarly habarçysy bolupdyr. Aşgabat obasynda it uruşdyryp ýören bikär oglanlar (ýaramaz endikleriň ömri şeýle uzak bolýan bora çemeli – bu etraplarda itler henizem uruşdyrylýar. Onuň dawa-jenjelem gyt däl. Ol hakda ýazýan adam welin, heniz-ä ýok) hakdaky giňişleýin ýazgyny Körhan Balaka hut redaksiýanyň tabşyrygy boýunça ýazypdyr. Ýazgysynyň soňunda bu bolgusyz pişäniň käteler çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň uruş-dawasy bilen gutarýanyny, munuňam düýp sebäbiniň sowatsyzlyk, düşünjesizlikdigini ýangynlyk bilen belläpdir. Çagalary, ýetginjekleri ýerli rus-tuzem mekdebine bermeklige, halky aň-düşünjä çagyrypdyr. Soňra ol gazet bilen gatnaşygyny has-da ýygjamladypdyr. Türkmen jigitleriniň frontdan ýollan hatlaryny çapa taýýarlapdyr. Olardan gelen hatlary okamagy, ýerli ýagdaýlar babatda frontdakylara giňişleýin hat ýazmagy gurapdyr. Şu ýagdaýlaram onuň duýgy-düşünjesini has-da baýlaşdyrypdyr. Ülkäniň, ýurduň, dünýäniň wakalarynyň jümmüşine aralaşdyrypdyr. Ýeri gelende aýtsak, gazetiň töwereginde türkmen milli kadrlary az bolupdyr. Gazet dört sahypadan ybarat bolup, birinji, ikinji sahypalary türkmençe, galan ýarysy parsça neşir edilipdir. Türkmençesine oblastyň halk uçilişeleri boýunça inspektory Iwan Aleksandrowiç Belýaýew, parsçasyna patyşa polkownigi Swetkow redaktorlyk edipdir. Peterburg Gündogary öwreniş institutyny tamamlan I.A.Belýaýew hem patyşa polkowniginiň gazete jogapkär bolmagynyň, aslynda-ha şu gazetiň türkmençe neşir edilmeginiň özüne ýetesi sebäpleri bar. 1914-nji ýylyň 14-nji dekabryndan 1917-nji ýylyň ortalaryna çenli çap edilen şol gazet ülkede patyşa Russiýasynyň täsirini artdyrmak üçin gaty zerur bolupdyr. Şol ýyl başlanan jahan urşuna adam, at, däne we beýleki resurslar gerek bolany üçin, gazet patyşa hökümetiniň syýasatyny ýerli halka düşündirmekde belli rol oýnapdyr. Elbetde, şol döwürde Muhammetguly Atabaýew, Molladurdy şahyr (ol şol döwürde Aşgabadyň kazysy eken – D.H.) Mämmet Gurbanow ýaly hatly-sowatly türkmenler bar ekeni. Emma patyşa administrasiýasy ýerli halk wekillerine gazeti ynanmandyr. Hatda gazetiň ady hem türkmençe däl. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gazet bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen Körhan Balaka şol döwrüň aň-bilimine, syýasatyna has golaýlaşypdyr. 1915-nji ýylyň 10-njy martynda onuň 16 bentden ybarat «Abraý bersin sizlere» atly goşgusy gazetde çap edilipdir. Hut şol at bilen 8-nji aprelde 7 bent goşgusy, 7-nji awgustda 8 bent goşgusy okyja ýetirilipdir. Adyndan-da belli bolşy ýaly, bu goşgular türkmen jigidi Ata Gurdowyň komandirlik, Öwezberdi Kulyýewiň sekretarlyk etmeginde rus-german frontunyň tylyna päleçilige ugran, Pribaltikanyň batgaly tokaýlyklarynda gar ýassanyp, garym gazyp ýören türkmen ýigitlerine bagyşlanylypdyr. Olara çydamly bolmak, at-abraý bilen il-güne sag-aman dolanyp gelmek arzuw edilipdir. Gazetiň 1915-nji ýylyň 24-nji martyndaky sanynda ýaş şahyryň «Gyz bilen ýigidiň aýdyşygy» atly goşgusy hem çap edilipdir. Şulary habar bermek bilen bary-ýogy 17 ýaşly ýaş şahyryň goşgularynyň mazmun, çeperçilik babatda näderejededigini yzarlamagy niýet etmändigimizi aýtmalydyrys. Sebäbi şahyrçylyk onuň esasy pişesi bolmandyr. Ýöne ýaşlykdan şuňa ýykgyn etmegi, öz maksadyny şygyr, kyssa bilen aýtmagy başarmagy Körhan Balakanyň eýýäm şol mahallarda döwür bilen aýakdaş gidenligini aňladýar. Ine, şuňa görä-de, onuň Beýik Oktýabr rewolýusiýasyny nähili garşylandygy barada ilden sorap oturasy iş ýok: eli bilen ýazan terjimehalynyň üçüsinde-de (şu gün biziň elimize düşenlerinde– D.H.) ol aýratyn abzasda «1917-nji ýyldan 1920-nji ýyla çenli Aşgabat oba Sowetiniň sekretary bolup işledim» diýip ýazypdyr. Hawa, men «Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyny nähili garşylanyny...» diýenimde hiç bir babatda öte geçemok. Şol pajygaly ýyllarda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Çary Wellekow, Körhan Balaka ýaly il-halkynyň wepalyny öz gerdenlerine alan adamlaryň hemmesem Oktýabryň garyp halkyň maňlaýyndan direjegine kalby bilen ynanypdyrlar. Şol hak iş üçinem başlaryny orta goýup, il-günüň gerdeninden galdyrmagyň ugruna çykypdyrlar. Emma soňabaka olaryň köpüsi Staliniň şahsyýet kultunyň girdabyna düşüp öz halkyna hyýanat etmekdenem hem gaýtmandylar. 1932-1936-njy ýyllar aralygynda öz gün-güzeranyny dolap bilýän orta daýhanlaryň müňlerçesi kulak hökmünde Ukraina, Syrderýa sebitlerine sürgün edilipdir. Sürgün edilen, atylan adamlaryň uzyn spisogynyň yzynda G.Atabaýewiň goly dur. Elbetde soňra öz etmeli işlerini edenden soň– ýokardan gelen buýruklary amal edip, ençeme ildeşleriniň başyna ýetenden soň, onuň özem atylypdyr. Şuňa görä-de, aradan ýetmiş ýyl geçenden soň sosializmiň amala aşmandygy üçin Körhan Balaka ýaly, il-gününe ömrüniň soňky gününe çenli hyzmat eden adamlary gönertlemek, megerem, geregem däldir. Çünki bu meselelerde söýgüli Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň juda jaýdar belläp geçişi ýaly, esasy günäkär adamlar däl-de sosialistik sistemanyň hut özüdir. Hawa, häzir gürrüň Körhan Balakanyň Oktýabrdan soňky hyzmatlary hakda. Aşgabat oba Sowetiniň sekretary bolup işlände, onuň nähili çäreleri durmuşa geçirmäge gatnaşanlygy hakda bizde ýeterlik maglumat ýok. Ýöne onuň pajygaly ýyllarda hatarly işe baş goşandygy welin aýan. Seýitnyýaz Ataýew şeýle bir wakany gürrüň berýär: – Ýer-suw paýlaşygy mahaly obanyň baştutany Annanyýaz arçyn öldürilipdir. Arçyndan dynan ganhorlar Körhan Balakany hem gözläpdirler. Ony öýünden tapmansoňlar, şäherden gelýän ýoly garawullapdyrlar. Garyplardan biri şindiki «Bahar» kinoteatrynyň gaýra gabadyndaky demirýol geçelgesinde (şäherden oba gelýän gadymy ýoluň geçelgesi –D.H.) Körhanyň öňünden çykyp: «Sen gizlen. Olar köplük. Gaty gazaba galypdyrlar. Kim bolsaňam sylap goýjak däller» diýip habar beripdir. Hawa, sada daýhanlar Körhany hemişe gorapdyrlar. Körhan Balakanyň hemişe il-gününiň aladasy bilen ýaşanlygyna onuň şondan soňky hyzmatlary hem şaýatlyk edýär. 1920-nji ýylda ol Türkmen oblastynyň sowet halk sudunyň musulman bölüminiň sekretarlygyna saýlanypdyr. Şundan soň ol dört ýyllap sud işlerinde dürli wezipelerde işläpdir. 1921-nji ýylda Türkmen oblast halk sudunyň çlenligine, 1922-nji ýylda Türkmen oblast aklawjylar kollegiýasynyň çlenligine saýlanylypdyr. 1924-nji ýyldan 1931-nji ýyla çenli Aşgabat şäheriniň notariusy bolup işläpdir. Respublikamyzda sowet häkimiýetiniň berkarar edilen gowgaly ýyllarynda Körhan Balaka bu wezipeleriň hiç biriniňem aňsat düşmändigi öz-özünden düşnüklidir. Ilki bilen-ä «rewolýusiýa hyzmat etmänligi» diýen betnam söz bilen adamlary garalap, gitse-gelmeze ýollamak baryp-ha şol ýyllardan başlap örç alyp ugrapdyr. Sähel özüne göwni ýetýänlere şyltak atylyp, agyr günäler ýüklenilipdir. Megerem, Körhan Balaka bu ýagdaýlary görüp, öz halkynyň merdana adamlarynyň düşen ahwalyna bagryny paralan bolmaly. Özüm-ä onuň sudýalykdan aklawjylyga geçmeginiň sebäbini başga zatdan gözlejek däl. Bu diňe Körhan Balaka ýaly halal adamyň etjek işi. Häzirki sudýalaryň käbirine-hä aklawçy bol diýseň, seniň bilen gyzyl ýumruga girişmekdenem gaýtmaz. Galyberse-de, şäheriň notariusy ýaly kanunyň talabyny bogun-bogun yzarlaýan wezipede oturan türkmeni men-ä şu günlerem taparyn öýdemok. Ýagdaý diňe bir döwrüň aldym-berdimliginde, biçak çylşyrymlylygynda-da däldir. Suduň çleni, aklawjylar kollegiýasynyň çleni, şäheriň notariusy ýaly wezipeleriň bütinleý täzeligindedir. Bu ýerde özüň özüňe ýol salmaly. Özem geljek nesillere nusga bolar ýaly, olaram şol ýoldan azaşman gider ýaly ýol salmaly. Ilkinjileriň beýikligi, taryhy hyzmaty hem şundadyr. Dogrymy aýdaýyn: Körhan Balakanyň 1945-nji ýylda öz eli bilen ýazan terjimehalynyň bir jümlesini okanymda, hem-ä ýylgyrdym, hemem ahmyr bilen başymy ýaýkadym. Ine, şol jümle: «...şonuň bilen birlikde (şäheriň notariusy – D.H.) 1929-njy ýyldan başlap şäher edara gullukçylaryna türkmen dili mugallymy bolup işledim...» Körhan Balakanyň 60 ýyl mundan öňki hyzmatlarynyň şu güne çenli başynyň bozulman durşuna haýran galaýypdyryn. Gizläp oturyp nätjek?! Şäherlerimiziň gullukçylarynyň köpüsi şindizem türkmen dilinden sowatsyz. Dilimiz barada ýörite kanun kabul edilmedik bolsa, bu sowatsyzlyk, gör, ýene näçe ýyllap dowam ederdi! 1931-nji ýyldan başlap Körhan Balaka tä ömrüniň ahyryna – 1957-nji ýyla çenli öz ykbalyny mugallymçylyk bilen baglapdyr. Ilki Merkezi partiýa mekdebinde hem-de Komwuzda, soňra TK(b)P-nyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky partiýalylar kursunda, awtomobil-ýol tehnikumynda mugallymçylyk edipdir. Uruş ýyllaryNda iki ýyla golaý wagt SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň (häzirki Türkmenistan Ylymlar akademiýasy) Dil-edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işläpdir, 1945-nji ýyldan başlabam tä ömrüniň ahyryna çenli M.I.Kalinin adyndaky Türkmenistan oba hojalyk institutynda mugallymçylyk edipdir. Adatça şeýle ýazgylardan soň oçerkiň gahrymanynyň alan sylaglary sanalyp geçilýär. Men şeýtmegi uslyp bilmedim. Ýogsam, Körhan Balakanyň işlän döwürleri, biziň durgunlyk diýilýän döwürlerimizdäki ýaly, bahana tapylsa, orden-medal paýlanylyp, olaram hökümetiň taňry gün berse bellän baýramçylyklarynda dakynyşyp, posun atyşylan ýyllar bolmasa-da... olam sylag alypdyr. Özem 1930-njy – 1940-njy ýyllar aralygynda 4 gezek ýokary sylag alypdyr. Ýöne ýokary edaralar üçin dolduran iş kagyzlarynda, terjimehalynda olaryň hijisinem görkezmändir. Ine, il-halk üçin ähli ukybyny orta goýup işlän ynsanperwer adamlaryň biziň döwrümiziň (megerem, şol döwürleriňem) wezipeparazlary üçin bu-da bir goýup giden sapagy! Adam üçin adamlaryň kalbynda saklanyp galmakdan özge sylag-serpaý ýokdur. Şuňa görä-de, alan sylaglaryny sananymdan ony ýakyndan tananlaryň, onuň bilen duz-emek bolanlaryň ol baradaky mähirli sözlerini getirenimi kem görmedim. Akademik Pygam AZYMOW: «Türkmen diliniň, umuman, dil biliminiň praktikasyny gowy bilýän adamdy. Dil meseleleri boýunça ýygnaklarda häli-şindi duşuşyp pikir alşardyk. Ýaşulyny, ýaşkiçini sylamagy, olaryň pikirini diňlemegi, şolaram alga almagy başarýan tüýs intelligentdi. Hemişe pespäl, elinden gelse, adama ýagşylyk etjek bodýan, ynsaby şeýle arassa adamdy». SSSR-iň halk artisti Muhammet ÇERKEZOW:«Ýörgünli ady Körmollady. Biz-ä oňa Körkaka-da diýäýerdik. Egninde ýüpek köýnegi, ýüpek balagy bolardy. Milli egin-eşikleri gowy görerdi. Syratlydy. Sypaýydy. 1925-nji – 1926-njy ýyllarda olara kän barardym. Almaly, erikli uly howlulary bardy. Men ýetim bolamsoň, başym açyk, aýagym ýalaňaçdy. Körkakamyň muňa ýüregi gyýylardy. «Muhammetmyrat jan, häli-şindi gelip durgunyň, almadan, erikden ýolun-da iýberginiň, hiç kimden çekinmegin» diýerdi. Il-günüň ony hormatlaýşy çeniň däldi. Gyzyla gaplaýmaly adamdy. Diňe biçak sowatly, terbiýeli, taňrydan berlen akylly adamlar şeýle bolýarlar». Ýazyjy Seýitnyýaz ATAÝEW: «Biziň taryhymyzda hyzmaty öwrenilmeli adamlar heniz kän. Körhan Balaka-da şolaryň biri. Gaýgysyz Atabaýew, Muhammetguly Atabaýew, Tatýana Tekinskaýa, Hojaly Molla ýaly adamlar bilen egindeş bolup, ilkinji mekdepleriň açylmagyna, çagalaryň rus-tuzem mekdebine çekilme- gine öz goşandyny goşan adam. Onuň hyzmatyna şol döwrüň mümkinçiliklerinden garap baha bermeli. Körhan Balakanyň kän baralarda ilkinjidigini, şunda-da onuň hemişe il-günüň tarapynda bolandygyny, öz halkyna ak ýürekden hyzmat edendigini unutmaly däldiris». Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Annaguly aga MÄMMETGULYÝEW: «Hä, Körmolla hakda ýazýan diýsene. Hawa, biz onuň adyny şeýle tutýardyk. Bir zady aýratyn nygtaýyn: hem köneçeden hem täzeçeden sowadyny çykan adam gaty sowatly bolar eken. Biz Körhanyň sowadyna, düşünjesine, akylyna boýundyk. Ol örän salyhatly, paýhasly adamdy. Obanyň adamlary her ädimde oňa maslahata gelerdiler. Uly bolsun, kiçi bolsun – tapawudy ýok. Ol hemmäni ünsli diňlärdi. Hökmanam kömek ederdi. Iň bir kyn işlerdenem baş alyp çykmany başarardy. Agyr derde uçrandygyny bilse-de, ýekeje gezegem syr bildirmedi. Hakyky türkmene mahsus sypaýy, ynsaby arassa, mert adamdy. Bir zada üns ber: ýagşy adamdan ýagşy at, ýagşy zürýat hem galýar. Tüweleme, Körmollanyň ogullary, gyzlary il-günüň derdine ýaraýan, sowatly adamlar bolup ýetişdiler. Men şoňa begenýän. Gowy adamyň gowy niýetleri, gowy gylyklary ogul-gyzda dowam etse ýagşy». ...Körhan Balakanyň gadymy ýurt ýerinde göz aýtymy ýaly giňişlikde alty ak tam biri-birine söýenişip otyr. Hersinde-de biri-birlerine çalym edip duran gol doly çagalar. Bu ýerde Körhan Balakanyň şu günki nesilleri – meşhur doganlar Balakaýewler ýaşaýarlar. Maşgalabaşy Baýram BALAKAÝEWI respublikamyzda gaty köp adamlar tanaýarlar. Ol turuwbaşdan kakasynyň ýoluny tutan adam. Baýram heniz Körhan Balaka aýatdaka, 1956-njy ýylda oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alypdyr. Bary-ýogy ýigrimi ýedi ýaşly söwer oglunyň ylmyň çarkandakly emma mukaddes ýoluna ymykly düşenini gören Körhan Balakanyň nähili begenenini göz öňüne getirmek kyn däl. Megerem, ol Balakalar nesliniň öňde-soňda öz adyna çirk getirmejegine, il-gün üçin hyzmat etmegiň miras geçjegine şonda göz ýetirendir. Hawa, Körhan Balaka öz kalby ýaly arassa niýetinde, göwünýüwürtmesinde, şükür, sähelçejigem ýalňyşmandyr. Bu gün Baýram Balakaýew biologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ýokary mekdebiniň at gaza- nan işgäri, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy sowetiniň çleni, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Türkmenistan oba hojalyk institutynyň rektory. Ýönekeýje tersotur bilen aýrylyşýan, emma hersi uçursyz zähmeti, pähim-paýhasy talap edýän, belent mertebeli, şonuň ýaly-da güzaply bu wezipeleriň aňyrysynda abraý bilen duran adama «Berekella!» diýmeli. «Bir başyňyza munça jogapkärçilige nädip hötde gelýäňiz?» diýen sowalyma Baýram aga säginmän jogap berdi: «Biz-ä il-gün näme buýursa, ylgap ýörendiris. Ýadamalydyr, armalydyram öýdemzok» Soň oýlanyşyp otursam, ýazanyňda «tersoturly» ýokarky wezipeleriň hemmesem saýlawly eken. Il-günüň belent ynamy. Ine, Baýram aganyň güýjüniň gözbaşy şu bolmaly. Dörtguly BALAKAÝEW– Türkmenistanyň Halk mugallymy, «Mugallymlar gazetiniň» indi tas otuz ýyl bäri redaktory. Pedagogik ylymlarynyň kandidaty. Ençeme ylmy makalalaryň, oçerkleriň, okuw kitaplarynyň awtory. Bäşim BALAKAÝEW– Türkmen gidrotehniki we meliorasiýa ylmy-barlag institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, Türkmenistanyň ylym we tehnika baradaky döwlet baýragynyň eýesi, tehniki ylymlarynyň kandidaty. Ençeme ylmy ma- kalalaryň, «Garagum kanaly (Gidrawlikanyň we nasoslaryň režimi)» atly uly ylmy monografiýanyň awtory. Ol ençeme ylmy jemgyýetleriň, Ylmy Sowetleriň çleni, ýaş alymlaryň ylmy ýolbaşçysy hökmünde bir topar işleri alyp barýar. Enegül AŞYROWA– filologiýa ylymlarynyň doktory. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet diller we edebiýaty institutynyň mugallymasy. Enegül ençeme ýyllap birwagtlar kakasynyň işlän ýerinde – Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynda netijeli işledi. Enegül ençeme edebi-tankydy makalalaryň, «Türkmen edebiýatynda basnýa žanrynyň döreýşi we ösüşi», «Ata Kerimow», «40-njy – 90-njy ýyllaryň Türkmen edebi Tankydynyň problemalary» atly monografiýalaryň awtorydyr. Körhan Balakanyň uly ogly Aga Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Ol ençeme orden-medallaryň eýesi eken. «Sowet Türkmenistany» kolhozynda abraý bilen işläpdir. Emma... ýowuz urşuň onuň kalbyna hem tenine salan ýaralary oňa uzak ýaşamaga maý bermändir. Žurnalist Gündogdy Balakaýewi «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda günübirin diýen ýaly ýatlaýarlar. Hemişe-de ýagşylykda ýatlaýarlar. Hemişe şadyýan, işine ezber, jepakeş, degişgen Gündogdyny hemmeler öz bir-birleri ýaly görýärdiler. Eli işleýän žurnalistdi. Redaksiýanyň «Ody bilen girip, küli bilen çykýan» işgärdi. Işdeş ýoldaşlary gowy adamy küýsänlerinde nusga hökmünde Gündogdy neressäni ýatlaýarlar. Körhan Balakanyň agtyk-çowluklarynyň arasynda-da bitiren hyzmatlary özbaşyna oçerke mynasyplaram sanardan kän. Emma Baýram aga başlyklaýyn Körhan nesliniň hiç birem öwgä-tarypa mätäç adamlar däl. Olar üçin iň uly sylag-hormat il-günüň derdine ýaramak, kimdir birine hemaýat etmek, goltugyndan galdyrmak. Olaryň hiç birem ýetilen derejäni mazamlap, onam öz abraýlary üçin ulanjak bolup ýörenlerden däl. Ine, hut şunuň üçinem, il-gün olaryň halal abraýyna guwanýar. Ýogsam soňky ýyllarda «Asylsyz asylzada daraşar, kör töre» diýlişi ýaly, käbir atlara, derejelere tamakinler şeýle bir köpeldi. Hatda «Men bir kärde ýigrimi bäş ýyl işledim, maňa at beriň» ýa-da «Meniň on kitabym çykdy, maňa laureatlyk beriň!» diýşip, uly ýygnaklaryň tribunalaryndan zowladyşyp duranlaram, uly edaralara arza ýazyşyp ýörenlerem bar. Olaryň köpüsi at-dereje babatda dost-ýarlaryny, dogan-garyndaşlaryny ýaran tutuşyp, hars urşup ýörler. Hawa, il-günem, şükür, indi gözli kör däl. Ýerde ýylan gäwüşese bilinýär. Ine, onsoň, şu tetelli adamlaryň syrlary açylyp, masgara bolşup ýörler. Şükür, Körhan nesli bu nogsanlyklardan azat. Diňe tohumyňy halallykdan tutulanda şeýle bolýar. Ogul-gyzy dogry söz hem terbiýelese terbiýeleýändir, ýöne esasy terbiýe ata-enäniň edep-gylymy, päli-niýeti bolmaly. Şu ölçeg bilen seretsek, Körhan Balakaňy dirileriň kowmundan hasap etmeli. Guwandyrýan ýeri – aň-bilime teşnelik, tutan maksadyň ugrunda jan çekip, myradyna ýetmek Körhan Balakanyň agtyk-çowluklaryna-da nesil yzarlaýan kada bolup geçipdir. Olaryň hiç biri-de çüwen ykbalyň.ýetilen maksadyň, uly iliň guwanjynyň ýelgini bilen läliksiredilen adamlar däl. Golaýda Körhan Balaka barada material toplap ýörkäm, onuň ýaşap geçen ýerine – Balakaýewleriň howlusyna salama bardym. Görsem, daş-töwerek giden gurluşyk. Körhan Balakanyň agtyklarynyň ýedisi ýedi ýerde jaý gurluşygyna başlapdyr. Töwerekläp seretseň, tüweleme, kiçeňräk bir obaň bar-da! Uly howludan içerik ätledim. Çar töwerek gül pürkülen ýaly arassa. Gat-gat jaýlaryň öňüni miweli baglar, üzüm dalbarlary, dürli öwüşginli bägüller tutup otyr. Hatara goýlan agaç sekileriň üstünde şadyýan çagalar oýnaşyp ýörler. Ulular mesawy gürrüň edişip otyrlar. Emma şunça adamdan artykmaç ýekeje ses çykanok. Bu ýerde her kimiň öz ýynasyp sarpasy bar. Şol hem bu uly maşgala – Körhan Balakanyň şu günki mukaddes ojagyna mizemez agzybirlik, egsilmez abraý getirýär. Balakaýewler maşgalasynyň at-abraýy, mertebesi hakda gürrüň edip otyrka, Annaguly aga gojalyk guwanjy bilen şeýle diýdi: – Özüňi tanadan hüý-häsiýetiň, gowy päliň ogluňa-gyzyňa geçse ýagşy. Körmollanyň ýurt ýerine baramda kalbymy guwançdan dolduryp gaýdýan. «Şeýle bagt, mertebe her kime nesip etsin!» diýýän. Gör-ä, näçe aga-ini, dogan-garyndaş, gyz-gelin, çaga-çuga bar howluda. Her baraňda, toýa gelen ýaly, otursaň turasyň gelenok. Uly maşgalanyň tertibinden-terbiýesinden özüňe nusgalyk alýaň. Göýä bu giň howlynyň içindäki ähli gymyldy-herekete Körhan Balaka keseden seredip, serenjam berip duran ýaly. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler", 1996 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |