10:23 Beki aga / makalanyñ dowamy | |
* * *
Edebi makalalar
Ellinji ýyllaryň ahyrlarynda Beki aganyň ýazan eserlerini erbet tankytlap ugradylar. Özem bu tankyt köpçülikleýin häsiýetlidi. Haýsy gazeti, haýsy žurnaly açsaň, radiony diňleseň Beki aganyň eserlerini tankyt edýän makalalardan doludy. Ýazyjylar soýuzynyň gurultaýlarynyň, plenumlarynyň hasabatlaram hut şeýledi. Şularda käteler halys ötegeçmelerem ýok däldi. Bir gezek men oňa sowal berdim: – Beki aga, Siz bu tankytlara nädip çydadyňyz! Ol gamly bir waka ýadyna düşen ýaly, ýüz-gözüni ejirli çytdy. Köne ýarasyny gozganymy aňdym. Ýöne aýdylan söz uçan guş-da. Sypdy gitdi. Esli wagt dymandan soň möhüm bir zat aýtjagyny aňdyryp, tirsegimden söýünç bilen tutdy-da, şeýle diýdi: – Hawa, şol tankytlara çydamak aňsat-ha däldi. Käte şol hüjümler erbet gödekliklere-de baryp ýetýärdi. Bir gezek öýe jaň edip, «Ertir Merkezi Komitetiň birinji sekretary Suhan Babaýew ýazyjylary kabinetine çagyrýar, hökman gelmeli» diýdiler. Aýdylan sagadyndan ýekeje minutam gijä galman MK-ä bardym. Berdi agamyz başlyklaýyn ähli ýazyjylar şol ýere üýşüpdirler. Bäş-üç minut çilim çekişip durduk. Soňam birinji sekretaryň kabinetine girmeli diýdiler. Şol günler häli-şindi tankyt edilip ýörülenligimdenmi ýa-da doga ýygralygymdanmy, garaz, geçiň öň aýagy ýaly, öňe süsdürilibermäýin diýip, iň yzdan girdim. Şol wagtam Suhan Babaýewiň gazaply sesi ýaňlandy: – Häý, kör, sen nirä süsdürilip gelýärsiň, sen näme ýazyjymy, çyk kabinetden! Nädip yza öwrülenimi, jaýdan çykanymy, köçä düşenimi bilemok. Bir görsem, Karl Marks ploşadyndan ýöräp barýan. Saklanyp, çilim otlandym. Nepesimi durlap, öz-özüm bilen birsalym gidişdim. «Heý, ýomut, eger seniň Jüneýit hanlardandygyň çynyň bolsa, namysa galma. Basa oturyp işle-de, ilhalareser döret. Suhan Babalara ýazyjydygyňy subut etmeseň, namartsyň!» Öz-özümi guduz it ýaly dalap, öýe özümi atdym. Ha ynan, ha ynanma –iki hepdäniň içinde «Gyz salgydyny» ýazdym. Soňam «Doganlara» başladym. Onuň ikinji, üçünji kitaplary, soňra «Şahyr», «Bedirkent» romanlary, on-on iki powest... ýazyldy. Magtymguly baýragynyň laureaty, respublikanyň Halk ýazyjysy, TSSR Ylymlar Akademiýasynyň habarçy çleni atlaryna mynasyp boldum. Bir gezek Suhan Baba ýolda gabat geldi: – Beki, bagyşla, şol gezek gepe gidip, nähakgöwnüňe degdim, uly ýazyjy bolup ýetişdiň, daşyňdan guwanyp ýörendirin – diýip, öňümde müzzerip dur. – Meni ýazyjy eden sen–sag bol hyzmatyňa diýdim. * * * – Inim, bilýämiň näme, bir gezek Napoleon Afrikada söweşip ýörkä, bir hebeşi obasynyň daşyny gabapdyr. Goşun başlygy şazada Mýurat onuň ýanyna gelip: «Kyblaýy älem, şu obanyň erkek göbeklisinde bir häsiýet bar ekeni. Olar hergiz duşmanyň eline diri düşmeýärler. Gaçyp gutulmajakdyklaryny bilseler, zäherli ýaprak çeýnäp, şol bada ölüp gidýärler. Tutuş bir taýpanyň soňuna çykmak gowy däl. Daşyndan aýlanyp gidibersek diýjek bolýan, ýurt boýun egende habar etsek, bularam biziň raýatymyza geçerler» diýipdir. Napoleon az-kem pikir edip oturypdyr-da, şeýle diýipdir: «Gidiň-de, obany boýun egdiriň. Tutuş taýpa gyrylýan bolsa, goý, gyrylsyn. Men ýeňiş gazanmaly. Adamlaryň ölümi üçin jogap okalmaly edilse, men özüme aklawçy taparyn». Ýowuz, emma gör, nähili jaý aýdylan söz! Eseri kelläňe gelişiçe, emma ýüregiňi orta goýup, kagyza geçirmeli. Esasy gürrüň ýazmakdadyr. Bolman- da-da, ähli okyjynyň göwnüni awlap bolmaz. Her eseriň öz okyjysy bardyr. Ýaz, basa oturyp ýaz! Ýazanyňa baha berilmegi – bu eýýäm ikinji derejeli işdir. * * * Gizläp oturasy iş ýok. Beki aga az-kem gysganjyrak adamdy. Onuň şu häsiýeti bilen baglanyşykly ençeme degişmelerem bar. Baryp-ha, ellinji ýyllaryň başlarynda «Mydam taýýar» gazetinde redaktor bolup işleýärkä, ol bir gezek öz işgäri Mämmet Seýidowa şeýle ýüzlenipdir: «Mämmet jan, inim, şu ýigrimi köpügi al-da, üstüne üç manat goýup, ors bazardan maňa bir gap «Kazbek» (çilim – D.H.) getirip ber. «Ýaş kommunistde» redaktor bolup işleýärkäm, Beki aga Oktýabr baýramçylygy bilen baglanyşykly makala ýazmagy haýyş etdim. Olam tutuş gazetiň sahypasyny tutup duran makala ýazyp geldi. Çap etdik. Emma Beki aganyň göwnüne ýeter ýaly galam haky berip bilmedik. Gazetiň bir sanynyň galam haky bary-ýogy ýüz segsen manatdy-da! Ýeri, onsoň, ony dört sahypa bölseň, kime näçe ýetsin! Her nämede bolsa, oňa kyrk bäş manat pul ýazypdyk. Onuňam bäş-alty manadyny tutup galypdyrlar. Galam hakyny az gören Beki aga kabinete kürsäp girdi. Salam-helik ýok, gygyryp başlady: – A-haw, jan inim, seniň gonorar diýip berýäniň galam hakymy ýa-da sadaka?! Bir gezek ýürege daş baglap, gaty görer ätiýajy bilen oňa sowal berdim. –Beki aga, Size gaty gysganç diýýärler welin, şol çynmy?! –Ýalanam däl – diýip, ol bu sowaly düýbünden gaty görmeýänligini bildirip duran äheňde söz urdy. – Bilýämiň, inim, pul maňa gaty kynlyk bilen tapdyrýar. Uzak gijeler oturyp, ýeke gözümiň köküni gyryp ýazyp, pul gazanýan. Dogry, pulum az diýib-ä biljek däl. Şükür, näçe sowaýyn diýsem bar. Ýöne olary saga-sola sowrubermäni başaramok. Ynha, seň ýaly birine bir çüýşe arak alyp bermeli bolaýsam, elim titräberýär. Ol şeýle diýdi-de, açyk göwünden loh-loh edip, çyny bilen güldi. * * * Atajan Taganyň bir eseri hakda gürrüň gidende şeýle diýdi: –Täsin adam, bütin ömrüne Moskwada ýaşaýar, dili welin, obada ýaşandan gowy bilýär. Ynha, görersiňiz, başy dik gezip ýörse, ol uly ýazyjy bolup ýetişer. Ol Atajanyň döredijiligi barada ýörite makala ýazmagy kalbynda besläp ýördi. Megerem, ýetişen däldir. * * * Ol käte öz-özüne diýýän ýaly, käbir pikirleri ýüzugra aýdyp goýberýärdi. Şundan ony nämeleriň biynjalyk edýändigini aňmak bolýardy. Döredijilik babatynda gürrüň edip otyrka ol şeýle diýdi: – Ýetmiş ýaşyňa çenli-hä ýazanyňy ýazsaň, şondan soňam segseniňe çenli olary täzeden işleseň, togsanyňa çenli hezil edip ýaşasaň, bu düne ýaşanyňa degjek. Arman, ol ýazan eserlerini täzeden işlemäge ýetiş- medi. * * * Aşgabatda, Puşkin hem Oktýabr köçeleriniň aralygynda boýy bary-ýogy ýüz metre golaýrak bir köçejik bar. Onuň bir gapdaly-ha uly howlynyň çarbagy, beýleki gapdalynda bolsa iki jaý bar. Onuňam biri kafe. Ine, şu çolaja köçejigem uly ýazyjymyz Beki Seýtäkowyň adyny göterýär. Hatda şu köçäniň şonuň adynadygynyň ýazgysam ýok. Hawa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy çleni diýen belent atlary göteren, iň esasam, türkmen edebiýatyny şolarsyz göz öňüne getirip bolmajak ençeme romanlary, powestleri, hekaýalary bize miras goýup giden adamyň sarpasyny saklaýşymyz-ha şeýleräk. Şeýtmek bilen il-günüň öňünde öz sarpamyzy juda peseldýän däldiris-dä hernä?! * * * Ýaňy-ýakynda Tagta etrabynyň Bedirkent obasynda, Daşhowuz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky pedagogik uçilişede Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Beki Seýtäkowyň segsen ýaşy uly dabara, şagalaň-şatlyk, aýdym-saz bilen bellenilip geçildi. Gowy adamlaryň bu dünýeden ötenlerinden soňky ykballaram bu dünýede barlygyndaky ýalyrak bolýar. Her kesiňkalbyna, niýeti-päline göräräk dünýe bi. Beki aganyň töweregi hiç wagt adamsyz bolmazdy. Degşip-gülüşmese güni geçmezdi. Döredijilik adamy bilen gepleşende bijlik edip, garşydaşyny dürtgüläp, sözde utjak bolar durardy. Onuň bu häsiýetine belet adamlar onuň söz uruşlarynda atyma gelmejek bolup, gaty sak durýardylar. Käteler bolsa, Beki aganyň bu häsiýetine belet Mämmet Seýit, Kerim Gurbannepes, Şäher Borjak, Hangeldi Garabaý ýaly egindeşleri gürrüňi has daşdan aýlap, garaşmaýan ýerinden gelip, ony «didiwana» oňatja mündürip «tüpeňleýärdiler». Şunuň ýalyda Beki aga diňe bir içini çöwrüp gülmek däl, sözde utulanyna ýürekden begenerdi. Soňra şol utulanyny hemme kişä gürrüň berer ýörerdi. «Degerli jogap tapmak adamyň akyl goýazylygyndandyr» diýer-di. Hawa, belent adamkärçilikli, biçak açyk göwünli Beki aga, edil diriligindäki ýaly, müňlerçe talapkär okyjylaryny, öz zehinli şägirtlerini bu gün ýene-de bereketli saçagyň başyna ýygnady. Hywa topragynyň baharyň başlaryna mahsus ala bulutly howasam Beki aganyň göwni ýaly açyldy. Çeper söze uly gadyr goýýan adamlar – Beki aganyň obadaşlary iki günläp toý tutdular. Hawa, bu toýuň giňden gürrüňini edeniňe degýän üýtgeşik bir tarapy bardy: ol hem bolsa, bu toýuň bir obanyň, etrapyň, welaýatyň çäginden çykyp, ähli türkmen toý-şagalaňyna, milli Garaşsyzlyk toýuna göterilmegidi. Eliňi kükregiňe goýup, Hudaýyň öňünde dogryňy sözlemeli bolsa, şu toýuň şeýle belent derejä galmagynyň ýekeje sebäbi bardy: olam şu dabaranyň gözbaşynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut özüniň duranlygydy. Döwlet hem halk bähbitli işleriň ählisiniň biziň merhemetli Prezidentimiz bilen maslahatlaşylyp edilýänligi indi hiç kimi geň galdyrmaýar. Ýöne welin, söýgüli Serdarymyzyň bu işleriň ählisine ýetişýändigine, wagt tapýanlygyna haýran galýarlar. Hakykat welin hut şeýle: ol biziň hemmämizden artyk işleýär, pähim-paýhas edýär, uzakdan görýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny esaslandyran, halkymyzyň şu gününiň, ýagty ertiriniň gamy bilen ýaşaýan, onuň ruhy atasyna öwrülen Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzda her bir geçirilýän çäräni milli Garaşsyzlygymyzyň belentlikleriniň çäklerinde görýär ekeni. Munuň hut şeýledigine biz Beki aganyň ýubileýiniň geçýän günlerinde has hem göz ýetirdik. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugat baradaky komitet Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde işleýär. Hut şu sebäbe görä-de, Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň birinji sekretary Atamyrat Atabaýew şol birwagtyň özünde Metbugat komitetiniň başlygynyň hem orunbasary. Uly ýazyjymyzyň ýubileýiniň öň ýanyndaky günleriň birinde Atamyrat ikimiz toý dabaralaryny Daşhowuz şäherinde bellemegi, oňa Beki aganyň galamdaşlarynyň 4-5-sini ýollamagy maslahatlaşdyk. Adatça bolşy ýaly, bu tutumlarymyz bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Medeniýet hem sungat bölüminiň müdiri, döwletimiziň halk ýazyjysy Öwezdurdy Nepesowy tanyşdyrdyk. Ertesi güni telefonda Öwezdurdynyň sypaýydan mylaýym sesi ýaňlandy: – Beki aganyň ýubileýi bilen baglanyşykly çäreler babatda Saparmyrat Ataýewiçe maslahat saldyk. Ýigrimi adamdan ybarat delegasiýa Daşhowuza ugramaly. Beki aganyň ýubileýi mynasybetli onuň dogan-garyndaşlaryna, ýubileý toýuna gatnaşyjylara merhemetli Prezidentimiziň ýörite gutlagy hem boljak. Welaýat häkimligine degerli görkezmeler berlipdir. Ýol şaýyňyzy tutuberiň. Oturyp pikir edýärin: milli edebiýatymyza, sungatymyza abyrsyz goşant goşan adamlary hatyralamakda biz, gör, nähili bärden gaýdýan ekenik?! Öz içeri hem daşary syýasaty bilen bu gün bütin dünýäde tanalýan Türkmenistan döwletiniň edebiýaty, sungaty, medenieti, ykdysadyýeti, syýasaty hakda pikir ýöredýärkäk biziň hemişe merhemetli Prezidentimiziň Garaşsyzlyk taglymatyndan yzygiderli ugur almagymyz zerur ekeni. Ýogsam, biziň islendik tutumymyzyň derejesi garaşylan netijäni bermez. Siz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Beki aganyň ýubileýi bilen baglanyşykly gutlagyny ýene-de bir gezek okap görüň. Onuň her bir jümlesinde milli edebiýatymyza ullakan goşant goşan ägirt ýazyjynyň zähmetine berlen belent baha bilen bir hatarda çuňňur minnetdarlyk, uly nesle bolan mähir hem bardyr. «Onuň (Beki aganyň – H.D.) döreden eserleri, halkyň arasyndaky abraýy şu günki ajaýyp durmuşymyzda hem ýaşlara görelde bolup hyzmat eder». Mähirli gutlagdaky şeýle ajaýyp jümlelere, umuman, gutlaga adaty ýubileý çäreleriniň bir ülňi hökmünde garanlar hem bolandyr. Emma, hakykatda welin, ondaky pähim-paýhas biziň «sosialistik döwrüň» edebiýatyna nähili garamalydygymyzyň, şu günüň nukdaý nazaryndan oňa nähiliçemeleşmelidigimiziň takyk ugruny görkezýär. Tas 70 ýyla çeken şol döwrüň içinde bolsa, biziň milli prozamyz, poeziýamyz, dramaturgiýamyz, tankydymyz kemala geldi. Şu döwürde şu günki edebiýatymyzyň binýadyny goýan Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Agahan Durdyýew ýaly halypalar, Kerim Gurbannepesow, Rehmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow ýaly ägirtler ýaşap, döredip geçdiler. Şuňa garamazdan, Russiýanyň, hatda Türkmenistanyň hem metbugat organlarynda «sosialistik realizm» metodynyň «çendenaşa syýasylaşan, öz döwründe hiç hili çeper açyş etmedik», okyjy üçin bigerek eserleriň döremegine sebäp bolandygy hakda gowur turzulýar. Şunlukda, şu döwürde eser döreden ýazyjylaryň real durmuşdan üzňedigi hakykatda bolsa, «ähli zadyň suratlandyrylýan durmuşyň özünden gelip çykmalydygy» tekrarlanýar. Gürrüň «sosialistik realizm» metodynyň kemter taraplaryny açyp görkezmek hakda barýan bolsa, biziň hormatly edebiýatçylarymyzyň ýokarky tassyklamalary dogrudyr. Bu metodyň käbir durmuş hadysalaryny, edebi çözgütleri bir galypa salnanlygy, durmuşda gabat gelýän käbir nogsanlyklar hakda ýaýbaň gürrüň bermegi çäklendirendigi hakykatdyr. Emma şu metod bilen eser döredenleriň öz eserleri üçin wakalary hakyky durmuşdan almanlygyny tankytlamak, şu günüň nazarýetinden bütinleý nädogrudyr. Çünki, olaryň eserleriniň «çendenaşa syýasatlaşanlygynyň» düýp sebäbi, şol döwürlerde biziň durmuşymyzyň hut özüniň çendenaşa syýasatlaşanlygydy. Eýsem-de bolsa, gelip-gelip, şu gün M.Şolohowyň «Ýuwaş don», «Göterilen tarp», A.Fadeýewiň «Ýaş gwardiýa», Ç.Aýtmatowyň «Asyrdanam uzaga çeken gün», B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim», B.Seýtäkowyň «Doganlar», H.Derýaewiň «Ykbal», A.Kekilowyň «Söýgi», Ç.Aşyrowyň «Ganly saka», A.Gowşudowyň «Köpetdagyň eteginde», B.Hudaýnazarowyň «Gumlular» romanlaryna çeper hakykat däl diýip kim aýdyp biler?! Tutuş jemgyýetiň, diýmek, adamlaryň hem belli bir ugur bilen gidýän mahaly ýazyjy-şahyrlardan başga bir zady talap etmek dogrumyka?! Aslynda syýasy matlaplary ýok döwlet, jemgyýet beri barmyka?! Gynandyrýan ýeri, käbir makalalaryň äheňinden çen tutsaň «sosialistik jemgyýet» döwründe döredilen eserler indi diňe şol döwür edebiýatymyzyň taryhyny öwrenmek üçin gerekmiş. Galyberse-de, ýene-de belli bir hakykata ünsi çekmek isleýärin: soňky on ýylyň dowamynda rus edebiýaty bir .wagt watany taşlap giden dissident-ýazyjylaryň daşary ýurtlarda, hamana, «hakyky realizm» metody bilen döreden eserleri bilen dolduryldy. Öňki partiýa tarapyndan gadagan edilen eserleriň ählisi çap edildi. Emma häzirki zaman rus tankytçylarynyň, edebiýatçylarynyň, alymlarynyň ählisiniň diýen ýaly, bir çukura tüýkürip gelen kararlaryna görä, «rus edebiýaty şeýle eserleriň okyja ýetirilenligi bilen... jinnik ýaljagam baýlaşmady». Diýmek, biz meseläniň aýgydyny başga zatlardan ýazyjynyň hudaýtarapyn zehinliliginden, onuň şol zehini näderejede ulanyp bilenliginden gözlemelidiris. Şunukdaý nazardan seredenimizde, söýgüli Serdarymyzyň şol mähirli gutlagdaky «Biz şu günki gazanan beýik işlerimizde, dünýä derejesine göterilen mertebämizde türkmen halkynyň Beki Seýtäkow ýaly söýgüli ýazyjylarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny unutmaýarys» diýen belent sözleri diýseň döwrebap ýaňlanýar. Diýmek, biziň geçmiş edebiýatymyz babatdaky garaýyşlarymyz, hut merhemetli Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, milli Garaşsyzlygymyzyň belentliginiň derejesi bilen ölçenilmelidir. Hawa, gowy adamyň hemişe gowulyga sebäpkär bolýany çyn ekeni. Bedirkent topragynda, bereketli saçagyň başynda Beki aganyň edebi sapaklary, ýazyjynyň, edebiýatyň borjy, Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri, merhemetli Türkmenbaşymyzyň jahany aňk eden ynsanperwer syýasaty, gadymy Was topragynyň geljegi hakda gör, nähili ajaýyp söhbet edilýär. Ynha, meşhur galamdaşymyz Hudaýberdi Durdyýew halkymyzyň söz, saz mirasy, geçmiş edebiýatymyza aýawly çemeleşmek hakda pähimli pikirler aýdyp otyr, Atamyrat Atabaýew dini rowaýatlary hasam çeperlendirip gürrüň berýär. Kaýum Taňrygulyýew Beki halypasyny ýagşylykda ýatlaýar. Täçmämmet Jürdekow her sözüne ýumor goşup, kärdeşleri bilen henek atyşýar. Ýazyjy gelinlerimiz Sona Ýazowa, Akbibi Ýusubowa dagy Beki aganyň redaktorlyk, halypalyk sapaklary barada ýatlaýar. Hojanepes Meläýew, Ýylgaý Durdyýew, Gurbanýaz Daşgynow dagam Beki agadan tälim-terbiýe alan ýazyjylar. Edilen söhbetler biri-birinden mähirli, şadyýan göwne ýakyn. Şu gezekki duşuşyklar, gürrüňdeşlikler Beki aganyň obadaşlarynyňam, galamdaşlarynyňam hiç mahal ýadyndan çykar öýdemok. Beki aganyň edebi sapaklary... Muny Beki aganyň ähli şägirtleri uly hormat bilen şindi-şindilerem ýatlaýarlar. Ol şägirtlerine «eýdip ýazyň, beýdip ýazyň»diýip, görkezme berip ýören halypa däldi. Ol ýazyp görkezýärdi. Küti romany ýarym ýylda, powesti aňry gitse, birki hepdede, hekaýany bir gijede oturar ýazaýardy. «Ertir keýpim şu günküden çag bor, şonda ýazaryn diýmegin. Her günüň öz derdeseri bardyr. Şonuň üçinem kelläňe gelenini kagyza geçirgin. Ýogsam, ýazjak wakaň bilen öwrenişer gidersiň. Soň ony hiç wagtam ýazmarsyň» diýerdi. Ol biçak ynanjaň adamdy. Hut şu sebäbe görä-de, az-kem ynjygrakdy. Ýöne welin, kalbynda kine saklap, kimdir birini yzarlap ýörenokdy. Bir gezek, megerem, altmyşynjy ýyllaryň başlary bolsa gerek: Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynda ýaş ýazyjylaryň döredijiligine bagyşlanan uly ýygnak boldy. Oňa halypa ýazyjylaryňam tas ählisi diýen ýal gatnaşdy. Şol döwürde Ýazyjylar soýuzynyň jaýy birinji bagyň ileri çüňkünde, häzirki Ýustisiýa ministrliginiň jaýynda ýerleşýärdi. Maslahaty alyp baran Berdi Kerbabaýew gürrüňçiligiň bir ýerinde prozamyzyň käbir ýetmezçilikleri hakda gürrüň edip otyrka «Hormatly ýaşlar, eýsem-de bolsa bu nogsanlyklar diňe sizde däl, uly ýazyjylarda-da bar» diýdi. Berdi aga «ýüz görüp, gapyrga syrýan» kişilerden däldi. Köňlüne gelenini aýdar goýbärdi. Bu gezegem şeýle boldy. Şol kemçilikleri goýberýän 4-5 sany halypa ýazyjylaryňam adyny tutdy. Beki aganyňam adyny agzady. Men prezidiumda, Berdi aganyň üç-dört orun gapdalynda oturan Beki agany ünsli synladym. Ady tutulandan onuň gany depesine uran bolmaga çemeli: ýüzi-gözi garaört boldy. Birdenem, gözündäki äýnegini şakyrdadyp, stoluň üstüne oklady-da, hasanaklap ýerinden galdy: – Ýoldaş Kerbabaýew, aýdanlaryňy tassyklaýan mysal getir. Ýogsamam, ýaş-ýeleňleriň arasynda bizi masgaralajak bolma. Berdi aga Beki aga sözüni gutarýança gytyjak murtuny süýem barmagy bilen çalaja dyrmalap, ümsüm oturdy. Zalyň içi dym-dyrslyk boldy. Oturanlaryň käbiri Berdi aga-da ýerinden galyp, Beki aga bilen garpyşyp ugrar öýtdüler. Emma, esli wagt geçse-de, hiç irinden ses-selem çykmady. Agyr dymyşlygy Berdi aganyň özi bozdy. Ol: – Eýsem-de bolsa, ýoldaşlar, tankydy bellikleri masgaralamak diýip düşünsek, biz ösüp bilmeris –diýdi-de, göýä hiç bir zat bolup geçmedik ýaly, şol öňküje äheňi bilen gürrüňini dowam etdirdi. Men «Baý-bow, indi Beki aga Berdi aga bilen hiç mahalam gepleşmez» diýip, içimden pikir öwürdim. Az salymdan soň on bäş minutlyk arakesme yglan edildi. Ýazyjylaryň köpüsi jaýyň iç ýüzündäki howla çykdylar. «Edebiýat we sungat» gazetiniň şol wagtky fotohabarçysy Orazberdi Baýramowyň çasly sesi ýaňlandy. – Gazet üçin surat aljak, ýoldaşlar. Bir-biriňizegolaýrak duruň. Bir görsem, ýygnagyň prezidiumynda oturan ägirt ýazyjylaram howla gelýärler. Iň öňde-de belent, ak saçly Berdi aga. Ol gele-gelmäne daşy agyr märekeli,eli naskädili Ata Köpekmergene ýüzlendi: –Sende gowy çilimem bolmaly. Al birini – diýdi. Ata aga ýanynda duranlary gülüşdirmek üçin nas atanyň wazzyk-wuzzygy bilen oňa jogap gaýtardy: –Atsaň-a, ynha, gözüňe söweýin, Mary nasy. Seniňtankytlap düzetjek bolýanyň-a Beki. Menem saňa çilim bermelimi?! Bar, çilimiň gowusy Bekide bar, şondan al. Ýagşylyga ýagşylyk etsin-dä olam. Bu söze ala pakyrdy bolup gülüşdiler. Berdi aga-da goçak altyn dişlerini ýaldyradyp hezil edip gülýär bir görsem, bir gapdalda Beki aga-da «He-he-he» edip içini çöwrüp gülüp dur. Onýança-da Berdi aga bir ädim gapdala süýşüp, Beki aga ýüzlendi: – Ata ýalan sözlemeýän bolsa, ber-dä, şol gowy çilimiňden. Beki aga çilimiň gutusyny Berdi aga uzatdy. Iki äpet ýazyjy çilim çekişip, bir zadyň gürrüňini etmäge başladylar. Esli wagtdan soň ol ikisi ýaşlaryň arasyna gelip, surata-da düşdüler. Men şol gymmatly suraty gözümiň göreji ýaly saklaýaryn. Käteler şol suraty synlap oturyşyma oýa batýaryn: Berdi aga, Beki aga, Gara Seýitli, Ata Atajan, Kerim Gurbannepes ýaly ägirtlerimiz öz beýikdiklerini gör, nähili aýap saklaýar ekenler. Bu halypalary türkmen ýaly namysjaň, paýhasly merdana halkyň gerçekleri derejesine galdyran zat olaryň ownujak bähbitlerden, gybat-geplerden, öýke-kinelerden, gazanylmadyk şan-şöhratlardan, ulumsalyk-gedemlikden biçak daşdadyklarydy. Aslynda-ha, biziň bu mukaddes topragymyz mundaAlyşir Nowaýy, Döwletmämmet Azady, Abu-Aly Reýhan Biruni, Magtymguly, Andalyp ýaly umumy adamzat derejesine galan akyllaryň, Gorkut ata, Oguzhan,Görogly, Keýmir kör ýaly ärleriň, Mollanepes, Seýdi,Zelili, Kemine, Şabende, Mätäji ýaly zehinleriň,ýokarda ady agzalan-u-agzalmadyk ençeme halypalaryňýaşap döredip, göreşip, ýeňip geçenligi, şolardanylym-bilimiň, pähim-paýhasyň, tälim-terbiýäniňnesillerimize miras galany üçin beýikdir. Häzirki günlerde Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly dünýä belli şahsyýetiň aramyzda ýaşap, serdarlyk edip, türkmeniň adyny arşa göterip ýöreni üçin beýikdir. Hawa, hut şol gezek Beki aganyň Berdi agadan kine saklamanlygynyň sebäbi diňe bir olaryň ikisiniň-de biçak uly şahsyýetdiklerini, il-gün arasynda öz ag- ramlarynyň näçeräkdigini bilýändikleri üçinem däldi. Munuň başgarak sebäbem bardy. Ol döwürde edebiýat meýdany häzirki döwürdäki ýaly, Artygyň harman meýdançasyndaky ýaly alan-aldylyk däldi. Edilýän tankyt golly-golsuz ýa-da toparlanyşyk bilen ýazylýan arzalarda däl-de, her günki çykýan gazetleriň, žurnallaryň sahypalaryndady. Ol döwürlerde Öde Abdyllaýew, Abdylla Myradow, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiýew, Nurmyrat Esenmyradow ýaly gönüsini diýip bilýän sowatly tankytçylar, Durdy Haldurdy, Beki Seýtäkow, Baýram Welmyradow, Täşli Gurbanow, Kerim Gurbannenesow, Kakaly Berdiýew ýaly redaktorlyk edýän gazetiniň mertebesini türkmen metbugatynyň mertebesi, ýeten derejesi, galyberse-de, özleriniň derejesi hasap edýän zehinli, talabediji redaktorlar bardy. Ýugrumy ýetmedik eserleriňi olaryň elinden geçiräýmek, çap edäýmek dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly bir zatdy. Ol döwürlerde ýazyjy-şahyrlaryň tankydy bellikleri kabul edişlerem başgaçarakdy. Häzirki döwürdäki ýaly, tankytçynyň yzyna ýüp alyp düşüp ýören ýokdy. Tankydy dogry kabul edýärdiler. Hiç kim, hatda Beki aga ýaly halypalaram tankytdan halas däldi. Analiz ediji, berk tankyt gazet-žurnal sahypalarynda häli-şindi çap edilip durulýardy. SSKP MK-ny näçe tankytlasagam, tankydy ösdürmek barada onuň ýörite karar kabul edendigini aýtmalydyrys. Häzir welin, eserine çalaja bellik edilen ýazyjy-şahyr özüni uly iliň öňünde masgara edilen, kemsidilen hasap edýär. Tankytçyny din duşmany saýýar. Gykylyk, şerraýlyk uly adamlara baryp ýetip, tankytçy görgülä girmäge deşik tapylanok. Atly-abraýlyrak ýazyjy-şahyrlaryň birine dil ýetirdigiň-ä, öýüňden çykman oturybermeli. «Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen utanar» diýlenleridir günüň. «Belki, gojalandyryn, hyjuwym peselendir, şu eserim öňkülerime görä gowşagrak çykandyr» diýip, hopugyraýan adam gaty azalypdyr. Ýogsam, öz-özüňe gümanlygam dörediji adamy taplaýan närse bolmaly. Hawa, edebi hojalygymyzdaky häzirki günlerdäki «ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» edilen ýagdaý öz «netijesinem» berdi. Dogrudanam, häzir nähilikä?! Hudaýyň öňünde dogry durup geplesek, giden bir şama-şaýyrdylyk. Gazetleriň aglabasynyň diýen ýaly çap edýänleri çig-çarsy, çala başy çatylan şygyrdyr hekaýalar. Ýetmiş ýaşly öňki metbugat işgärem, segsen ýaşly öý hojalykçy kempirem «söýýän», «seniň yşkyňda» diýip, kiçi dilinden bärden wazladyp otursa, bütin ömrüni söwda işinde, hojalyk organlarynda işläp, «kör düýesi köprüden geçenler», başga işleri ýok ýaly, roman, powest ýazsalar, şol çig-çarsy eserem çap edilse, näme diýip, näme aýdyp bor?! Elbetde, şygyr kyssa ýazmak hiç kime gadagan däl. Zehiniň Hudaýdan berlip, ýazman oňup bilmeýän derejä ýeten bolsaň, Jambylyňky ýaly, ýüz ýaşyňda-da ýazsaň bor. Ýöne «kyrkyňda saz öwrenip, ölümiň öň ýanynda çaljak bolup ýörmek» öz-özüňi gülkünç ýagdaýa salmak- dan başga zat däl. Radioda, telewizorda ýaňlanýan «täze» aýdymlaryň sazlaryna, sözlerine dagy üns berip görüň: bir setiri «arapda», beýlekisi «şarapda» ýaňlanýar. Ýeri gelende aýtsak, «Nesil» gazeti bu babatda «Professionalyň namysy» atly makalan: çap etmek bilen, umumy medeniýetimize dahylly iňňän tutumly işiň başyny başlapdyr. Dogrudanam, ýagdaý hut şeýlekä, hany biziň redaktorlarymyzyň professionallyk namysy?! Gynandyrýan ýeri: hut şeýle çig-çarsy, çala başy gowşan eserleri edebi organlar bolan «Garagum», «Ýaşlyk» žurnallaram, «Edebiýat we sungat» gazetem her sanlarynda diýen ýaly güzledip çap edip gidip otyrlar. Ýagdaý «Türkmenistan», «Watan», «Nesil», «Syýasy söhbetdeş», «Mugallymlar gazeti» gazetlerinde-de şolardan gowy däl. Üstesine-de, hormatly redaktorlarymyz Sapar Öräýew, Kakabaý Ylýasow, Annageldi Nurgeldiýew, Hojamyrat Goçmyradow dagynyň özlerem ýazyjy adamlar. Ençeme kitaplaryň awtory. Ýaşuly, baý tejribeli Dörtguly Balakaýew hem, zehinli, talapkär redaktorlar Annamyrat Poladowam, Akbibi Ýusubowa-da öz işlerine hötde gelip bilýän adamlar. Şeýle tejribeli redaktorlarymyz gazetlere ýolbaşçylyk edýärkä edebiýat meýdanyny körzehinlerden, çemeçillerden, arassalamak üçin edebi-tankydy makalalara, özara çekişmelere giň ýol açmak gerek. Ýogsam, häzirki emelsiz, çig-çarsy, çemeçil «edebi akym» Berdinazar Hudaýnazarow, Atajan Tagan, Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew, Baýram Jütdiýew, Kakabaý Ylýasow, Nobatguly Rejebow ýaly gürrüňsiz zehinli ýazyjy-şahyrlarymyzyň çap edilmeli eserleriniň ornuny eýeläp, edebiýat meýdanymyzy «şorladyp» gidip otyr. Ýagdaý şeýlekä Durdymuhammet Nuralyýew, Allamyrat Garaýew, Ahmet Mämmedow, Nargylyç Hojageldiýew, Begmyrat Ussaýew, Aşyr Orazow, Şirinjemal Geldiýewa, Amannazar Aşyrow, Enegül Aşyrowa, Gurbandurdy Geldiýew, Nazar Gullaýew ýaly zehinli tankytçylaryň, tejribeli edebiýatçylaryň, meşhur alymlaryň işeňňirlik görkezmeýändikleri gynandyrýar. Ýogsam, bularyň köpüsi ylymlaryň doktorlary, alymlygyna amal edip biljek adamlar. Beki aganyň döwründäki ýaly, hoşniýetli, öwrediji edebi aragatnaşygy dikeltmek ady agzalan-u-agzalmadyk edebiýatçylarymyzyňam borjy bolmaly. Megerem, meniň soňky gürrüňlerimiň Beki aga baradaky ýatlamalardan sowarak düşen bolmagam mümkindir. Her näme-de bolsa, men şu günki edebiýatymyz baradaky gürrüňi Beki aga ýaly hatyraly halypamyz hakdaky söhbetde agzanymy kem görmedim.Galyberse-de, çeper söz hakdaky islendik söhbeti Beki aganyň özem biçak gowy görerdi. Ýaşuly žurnalistimiz Meret aga Temmimow şeýle bir täsin wakany häli-şindi gürrüň berýär. Bir gezek meşhur ýazyjymyz Baýram Gurbanow bilen Beki agany «Mydam taýýar» gazetiniň işgärleriniň biri goýun soýup, myhmançylyga çagyrypdyr. Gowy naharyň başynda söhbet gyzyşypdyr. Baýram aga şol günüň öňinçäsi Garrygalada komandirowkada bolup gelen eken. Ol Gyzylarbatdan tä Gerkeze çenli aralykdaky gören-eşidenlerini şeýle bir süýjedip, çeperlendirip gürrüň beripdir welin, töweregindäkiler tutuşlygyna gulaga öwrülip diňläp otyrlar diýýär. Söhbetdeşligiň arasynda kimdir biri Beki aga habar gatypdyr, emma Beki aga sesini-üýnüni çykarman dymyp otyrmyş. Ahyram Baýram aga dillenipdir: – Ýer-ow, halypa, näme beýle ýer diňläp otyrsyň, gürle-dä, senem. Bir özüm sakyrdaýyn oturaýynmy?! Beki agahaşlap, uludan demini alypdyr-da, şeýle diýipdir. –Wah, Baýram aga, hany, seniň ýaly şirinden-şirin söz tapyp sakyrdap bolsa. Ýaňky söhbetiňi magnitofona ýazyp, ýazga geçirseň, tapylgysyz eser boljag-a. Menem-ä görüp geldim, şol Gerkezi. Şol ýere baryp gelen ýazyjy-şahyr gyt däl. Haýsymyz seňki ýaly edip, waspyny ýetirip bilýäs. Wah, seniň şu süýji diliň mende bolan bolsady. Şu işeňňirligim bilen Mopassany, Balzagy ompa oturdardym. 1978-nji ýylyň güýzünde Arçmanda dynç alýarkak, men Beki aga şu wakany ýatlatdym. Ol şonda-da ahmyr bilen başyny ýaýkady. Soňra: – Sen Arap bilen Täşliniň ýazýan eserleriniň diline-de esewan et. Eddil päki ýalydyr. Okamaga başladygyň imriner gidibirsiň Dil ýazyjynyň esasy ýaragy. Emma Hudaý ony hemme kişä rowa gerenok-da – diýdi. Biziň edebiýatymyzda Berdi agadan soň Beki aga ýaly işeňňir, şeýle köp edebi mirasy nesillere galdyran başga bir ýazyjyny tapaýmak juda kyndyr. Ol ýazman ýekeje gün hem oňup bilmeýärdi. Hawa, ol ýaş şägirtlerine diňe zähmet çekmek, yzygiderli işlemek bilen görelde görkezýärdi. Beki aga üçin işiňem, käriňem hordasy ýokdy. Ol belent halk ýazyjysynyň, döwlet laureatlygynyň, Akademiýanyň habarçy-agzalygynyň, Ýokary Sowete deputatlygyň belent titullaryny göterýänem bolsa, ýogalmagynyň öňinçäsi Ýazyjylar birleşiginde ýönekeýje konsultant bolup işleýärdi. Ýogsam, onuň ömrüniň ahyryna ýetjek sowalga pulam bardy. Ogul-gyzlaram öýli-işiklidi. Bu barada söhbet edenimizde ol şeýle diýdi: – Bilýämiň näme, men pula-zada mätäç adam däl.Ýöne ýazyjy üçin adamlardan üzülip, öýde ýeke oturmakdan uly jeza ýok. Galyberse-de, ýaşlara halypalyk etmegem ýazyjylygyň özi ýaly borç. Beki Seýtäkowdan bize «Doganlar», «Bedirkent», «Şahyr», «Çölüň ýüregi», «Iň soňky söweş» ýaly meşhur romanlar, «Gyz salgydy», «Ogul sowgady» ýaly gyzykly powestleriň onlarçasy, «Tagan aganyň gülküsi», «Derýada», «Çuwal bagşy» ýaly täsin hekaýalar miras galdy. Ol öz dogduk obasyny, etrabyny, tutuş Türkmenistany söýüp ýazýardy. Hut şu sebäbe görä-de, professor Aşyr Orazowyň jaýdar nygtap belleýşi ýaly, «onuň eserlerinde tutuş ýurduň obrazy bardyr». Şeýle atly-abraýly, belent mertebeli adamdygyna garamazdan, Beki aga diýseň kanagatly, mysapyr adamdy. Munuň şeýledigine men onuň bilen Arçman kurortynda bile dynç alýarkam has hem göz ýetirdim. Şeýle meşhur ýazyjydygyna, Ýokary Sowetiň deputatydygyna garamazdan, ol dynç almak, işlemek üçin uly kotejden kiçijik bir otagy saýlap aldy. Ýogsam, kurortyň içinde uly wezipeli, mertebeli adamlar üçin giň otagly, iş kabinetli ýörite jaýam bardy. Emma sada göwün Beki aga onda ýaşamaga göwnemedi. – Aý, inim, öňki garypja günümizde gezibereli-le. Ministrleriň biri üç-dört günlük dynç almaga geler. «Ýaşuly, ýeri boşat» diýer. Onsoň bujagaz abraýymyzam tapmarys – diýip, loh-loh güldi. – Siz onsuzam ähli zada kaýyl bolup ýörsüňiz.Partiýa buýurdy diýip, nirä diýseler, işe-de baraýýaňyz. Siziň belent mertebäňiz bar. Adamlardan şol mertebäni saklamagy talap edip bilersiňiz – diýdim. Ol meniň ýüzüme dikanlap bakdy, çalaja başyny ýaýkady. – Bäý, ýaşlyk edýäň-ow, inim. Ýogsam, otuzdanam-ageçensiň. Kelläňe zor salsaň, bu zatlara akylyň çatarça bolupsyň. Bilip goý, mertebäni talap edip, saklap bolmaz. Ol bar bolsa, nirede işläniň bilen beýgelip peselmez. Men ýetimçilikde kyn günleri kän gördüm. Aýlap-ýyllap, bir döwüm çörege zar bolup, aç-ýalaňaçgezibem gördüm. Şonuň üçinem, şu günki durmuşymypatyşalyk hasap edýän. Ynha, ikimiz nahara, suwiçmäge barýas. Ähli adamlaryň nazary bizde. Gelipmähir bilen salamlaşyp gidýärler. Iň uly mertebe şu bilseň. Şuňa düşünen bolsaň, kak bäşi. Men onuň sazandanyňky ýaly ýakymly elini söýünç bilen penjeledim. Ol sähel zady göwnüne alyp, öýke-kine edip, arza-şikaýat edip ýörenokdy. Edýän işini özi ýa-da başga biri üçin däl-de, eziz diýary, mähriban halky üçin edýändigine pugta düşünýärdi. Hut şu sebäbe görä-de, türkmen halky, merhemetli Prezidentimiz onuň mertebesini belent saklaýar. Bedirkent obasynda geçen ýubileý dabarasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew Beki aganyň döredijiligindäki bir gowy ýagdaýyň şu günleriň hakykaty bilen gabatlaşýandygyny jaýdar aýtdy: – Beki aganyň iň naýbaşy eseri «Doganlar» romanynyň baş gahrymanynyň ady Saparmyrat. Ol kalby päk, il-gününe hossarlyk, ýagşylyk etmek, halkyň gün-güzeranyny gowulandyrmak üçin dörän adam. Ol öz halky bilen bir ten, bir jan bolup hereket edýär. Ýeňişlere ýetýär. Biziň merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy hem hut şeýle adam. Göwnüme olmasa, halypa ýazyjymyz bu iki ruhy ýakynlygy öňünden duýan ýaly. Eger Beki aganyň özi diri bolup, şu ýubileýe gatnaşan bolsady, Garaşsyzlygymyzyň, erkin ilimiziň ýagty geljegimiziň, tutuş türkmen milletiniň ruhy atasy Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu günlerki asyrlara uzap gitjek tutumlaryny gören bolsady, onuň özi bu sözleri kalbyny joşduryp, mähir bilen aýdardy. Hökman şeýderdi. Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler" / edebi portretler, 1996 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |