14:15 Italmaz neresse | |
ITALMAZ NERESSE
Edebi makalalar
Italmazyň edebi portretini ýazmaga eýýäm synanyşyk edildi. Şolardan belli şahyrymyz Atamyrat Atabaýewiň «Ýaşlyk» žurnalynyň 1991-nji ýylyň 6-njy sanynda çap edilen «Italmaz durmuşda» atly edebi oçerki hakykata hem ýürege juda ýakyn. Muňa özümem iki-üç gezek synanyşdym. Emma çap edilen oçerkleriň hiç birindenem göwnüm suw içenok. Italmaz Nuryýewiň doly edebi portretini ýazmak onuň galamdaşlarynyň hiç birine-de başartmasa gerek. Sebäbi ol durmuşda-da, döredijilik babatda-da birsydyrgyn, durugşan häsiýetli adam däldi. Uzak gürrüňdeş bolup oturanyňda, onuň käbir gylyklary gaty geň galdyrardy: bir görsen-ä, gaty uzak ýaşan goja ýaly, gerek ýerinde uzak-uzak aýatlary-da güzledip okap otyr, bir görsenem, çaga ýaly, sähel zady göwnüne alyp torsarylar. Ol şol bir wagtda çagalygyň, ýetginjekligiň, ýigitligiň, gojalygyň ýaşyny ýaşaýan ýalydy. Hut şu häsiýetleri üçinem onuň bilen tirkeşmek, söhbetdeş bolmak, iş salyşmak ýakymlydy, ähtibarlydy. Dost-ýarlaram dürli kärdäki, dürli ýaşdaky adamlar. Bir gün Berdi Kerbabaýew bilen tirkeşip ýör, bir gün görseňem, režissýor Kakajan Aşyrow bilen bir zadyň dawasyny edip, ala-gykylyk bolup gelýär. Ýekeje gezek duşuşykda-da ol haýsydyr bir hereketi, aýdan pikiri bilen ýatda galýardy. * * * 1959-njy ýylyň maý aýynyň başlarynda Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň dördünji gurultaýy bolup geçdi. (Ýazyjylaryň şol gezekki gurultaýam, şondan soňky bolup geçen ähli gurultaýlaram şol bir ýerde – Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň mejlisler zalynda bolup geçdi). Halypa ýazyjymyz Hangeldi Garabaýewiň hemaýaty bilen menem şu gurultaýa «çagyrylan adam» hökmünde gatnaşdym. Şol döwürde men Daşhowuz pedagogik institutynyň 1-nji kursunda okaýardym, Han dädemiz Ýazyjylar soýuzynyň Daşhowuz oblasty boýunça edebi konsultantydy. Gurultaý başlandy. Hormatly prezidium saýlandy. Kinoçylaryň yşyklary zaly hasam ýagtylandyrdy. Ynha-da, ençeme ýyllar bäri atlaryna aşna bolup ýören ýazyjylarym gabat garşymda başlaryny belent tutuşyp otyrlar. Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Towşan Esenowa, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Ata Köpekmergen, Güseýin Muhtarow, Ata Atajanow, Gurbandurdy Gurbansähedow... we başgalar. Daşyna zer bilen «TSSR Ýazyjylar soýuzynyň IV gurultaýynyň delegatyna» diýen ýazgy ýazylan kiçijik bloknoty gyzyl goşawuçlaýan ýaly edip tutup oturyşyma özümi älemiň çür başynda ýaly duýýan. «Gurultaýa dagy çagyrylyp ýörlen bolsak, diýmek, bizem ýöne-möne şahyr däldiris (şo mahallar goşgy ýazýardym) diýip, garaz, özümden göwnüm hoş-da! Hawa, birdenem zalda «gürrüldili hem dowamly el çarpyşmalar ýaňlandy. Başlyklyk ediji Gara Seýitliýew Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Jumadurdy Garaýewiň, Sowet Soýuzynyň Marşallary G.W.Greçkonyň, I.H.Bagramýanyň gurultaýa myhman gelenligini yglan etdi. Gelenleriň üçüsem syrdam, daýaw adamlar ekeni. Dokladçynyň, çykyp geplänleriň bir sözünem sypdyrman diňläp otyryn. Şu günlerdäki ýaly, şol mahallaram ýazyjy-şahyrlar gyr-tutuşdy. Biri-birilerini aýagaldygyna ýepbekleýärdiler. Ýöne şu günlerdäki ýaly gödek däl. Sypaýy, delilli. Sesini gataldyp, özüni mamla etjek bolýan ýokdy. Nurberdi Pomma pahyry «Egri eýikmez» kitabynda Ajap murt (aýal ady), Möjekmyrat, Taýlak hyzzyn ýaly atlary ulanandygy üçin ýepbeklediler, adyň däl-de, obrazyň satiriki bolmalydygyny oňa «öwretdiler». Pomma aga-da söz berdiler. Olam münbere çykdy-da, gaharly ses bilen garşydaşlaryna gaýtawul berdi: «Gogol Başmaçkin (Paşmakçy) diýeninde, men Möjekmyrat diýmeli dälmişimmi, Berdi Kerbaba Ataýry gelin diýeninde, men Ajap murt diýmeli dälmişimmi, diýjek, beterem etjek! Gaýratyňyz çatsa, eseriň gahrymanlarynyň atlaryny däl-de, ideýa-mazmunyny analizläň». Meşhur satiraçynyň her sözleminden soň gülki ýaňlanýardy. Az salymdanam ýigrimi minutlyk arakesmä çykyldy. Hökümet jaýynyň naharhana tarapyndaky bagjagaza çykyp, çilim otlandym-da, daş-töweregimdäki galamdaşlarymy içgin synlap başladym. Maňa tanyş adam gaty az. Bir görsem, hol çeträkde, ýaşajyk agaç nahalynyň selçeň kölegesinde egni horaşaja kostýumly, bulaşyk gara saçlary maňlaýynda hüjjerip duran arryklaç ýetginjek çekýän çiliminiň çal tüssesine gaplanyp, gazet okap otyr. Men onuň ýanyna bardym-da, salam berdim. Ol nätanyş biriniň ýürekdeş salamyny alýan adamyň tolgunmasy bilen böküp ýerinden turdy. Megerem, meni redaksiýalaryň birinde işleýändir öýdendir. – Sizem gurultaýyň myhmanymy?! –Hawa, öten agşam Marydan geldik. – Size kim diýýärler? –Italmaz. Italmaz Nuryýew-dä men. – Kolhozçy şahyrdiýilýän siz-dä onda. – Okan ekeniňiz-ow. –«Sowet Türkmenistanynda» birki goşgyňyz çykdy öýdýän. – Hawa, çykypdy weli, şu günki nomerlerinde-hä işimi görüpdirler. Ynha, indi Akmyrat aganyň ýanyna baryp bilmän gaçgalaklap ýörün. – O diýýäniňiz kim-aý? –Akmyrat Çarygulyýew – Erkin. Biziň Mary boýunça konsultantymyz. Hol öňräk şoňa-da sala salman, «Sowet. Türkmenistanyna» iki-üç sany goşgy ýollapdym. Onam, ynha, alagetdin syna goşaýypdyrlar. Ine, okap gör. Makalanyň Italmazyň goşgularyna degişli ýerini okanymda, gülkim tutdy. «Kolhozçy şahyr Italmaz Nuryýew biziň redaksiýamyza ýollan goşgularynda «äteňet» we «näteňet» ýaly arhaizmleşen kapyýalary ulanypdyr». –Arhaizm bolanda näme boldugyka?! –Weý, sen şonam bileňok-maý, könelişen sözleri ulanypdyr diýdigi-dä. Makala gol goýulmandyram weli, şonda-da kimiň ýazanlygyny bilýän-dä. – Kimdir ony ýazan? – Berdimuhammet Gulow diýilýän ýazyjy ýazandyr muny. Geçen hepde-de şu goşgularyma redaksiýadan jogap alypdym. Şol hatda-da dagy-duwara «äteňet» we «näteňet» ýaly kapyýalary ulanmajak bol» diýibem ýazylan ekeni. Şol hata-da B.Gulow diýilýän gol çekipdir. Çalarak tanaýanam-laý: asly wekilbazarly bolmaly. Men oňa göwünlik berdim. –Uly gazetde talabam güýçli bolýar. Sen ol goşgularyňy «Ýaş kommunistede» hödürläp gör. –Ba-a, ol ýerdenem jogap aldym-a. Olar-a hiç bir bahana-da agtarman, ýekeje jümle bilen jogap ýazypdyrlar. «Goşgularyňy gowşaklygy üçin peýdalanyp bilmedik». Iki ýerden jogap alamsoň, ol goşgulary oblast gazetimize eltip gaýtdym. Ol ýerde iki-üç sany çalarak tanşym-a bar. Ilkinji gezek duşan adamdan-da syr gizlemeýänligi Italmazyň häsiýetli tarapydy. * * * Gurultaý geçen gününiň ertesi Hangeldi Garabaýew meniň üçin garaşylmadyk şatlykly habar bilen myhman otagymyza geldi: –Sen Berdi Kerbabaýewiň kabulhanasyna barmaly. Ýaş şahyrlaryň 3-4-sini Moskwa, Maksim Gorkiý adyndaky Bütindünýä institutyna okuwa ýollajaklar. Senem şolaryň biri bolmaly. Berdi Kerbabaýew... Moskwa... Bütindünýä Edebiýat instituty... Ynha, indi üstünden tas otuz ýyl gowrak wagt geçensoň, bu habara şol wagt guş bolup asmana uçanlygymyň sebäbini düşündirip bolanok. Megerem, durmuş bilen halys gözüň öwrenişensoň şeýle bolýandyr. Şol wagt welin, men begenjimden ýaňa ýedinji asmanda gaýyp ýördüm. Ilki bilen-ä goşgy-habar ýazyp ýörenem bolsam, başda aýdyşym ýaly, şol wagtlar Daşhowuz pedagogik institutynyň tebigat-geografiýa fakultetiniň birinji kursunda okaýardym. Maşgalanyň iň kiçisi bolanym üçin ejem pahyr, agalarym, doganlarym meniň Aşgabada, Moskwa gidip okamagymy göwnemediler. Institutda edebiýat fakulteti ýokdy. Meniň welin, näler edebiýat ugrundan bilim alasym gelýärdi. Galyberse-de, Daşhowuz pedagogik instituty şol ýylyň –ýagny, 1959-njy ýylyň sentýabrynda Çärjewiň pedagogik instituty, Marynyň aýal-gyzlar pedagogik instituty bilen birleşmelidi. Täze institut Çärjewde açylmalydy. Barybir, Daşhowuzda okalmajakdygy üçin hossarlarym meniň Moskwada okamagyma indi garşy boljak däldiler. Bizi – Italmaz ikimizi Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary şahyr Anna Kowusow kabul etdi. Şol wagtlar biziň hormatly Anna dädemiz egni şar gara kostýumly, ak köýnekli, gara galstukly, gara saçly, ak popuş ýüzli, diýseň sypaýy, görmegeý adamdy. Ýitilik bilen garaýan giň owaly gözleri içiňden geçip barýardy. Ol bizi stoluň başyna çagyrdy. –Hany, golaýrak süýşüň, oglanlar, moskwiç boljagyňyz çynyňyz bolsa, zatdan çekinmäň. Moskwa çekinjeňi halaýan däldir. Anna dädeňizem şol instituty gutaryp gelendir. Ynha, size çaý, ynha-da, konfet. Şularyň hemmesem karzdyr. Instituta giräýseňiz, ýatakhanaňyza çagyryp, çaý berersiňiz. Şol wagtam Italmaz gönümel süsdürdi. –Okuwa giräýsek dagy aragam berjek-le. Hangeldi agamyz, Anna dädemiz hezil edip gülüşdiler. Men bolsam elime tutdurylan gyzgyn çaýly käsämi saklap bilmän oýurganyp otyryn. Anna Kowusow sypaýylygy ýaly sada, degişgen adam eken. Ol üýtgeşik bir gap çilimi orta oklady: –Ynha, ýoldaş Staliniň çekýän çilimindenem çekip oturyň. Şu çilim diňe Moskwada satylýandyr. «Altyn Runo» çiliminiň gabynyň owadanlygyna haýran galyp otyryn. Onýança-da Italmaz şol gapdan bir çilimi kakyp aldy-da, otlap burugsadyp ugrady. Men welin, şol çilimden birini otlanaýsam, gapydan Stalin giräýjek ýaly, ýygrylyp otyryn. Onýança-da otagda çilim çekilse halamaýan Han agamyz Italmaza çalarak igendi. –Al, inim, bi kabineti tilkä tüsse berlen ýaly etdiň-le. Bar, çilimiňi daşarda çekip gel. Italmaz meniň böwrüme hürsekledi. – Ýör, çilim çekip geleli. Bir görsem, Italmaz şol gap çilimden maňa-da birini alyp çykaýypdyr. Men oňa minnetdarlyk bildirdim. –Tüweleme, sen zor-aý. Ýaşuly adamlardan çekineňok. Arkaýyn çilim kükedip otyrsyň ýanlarynda. –Aý, olaram biziň ýaly şahyrlardyr-da. Şol gezekden soň Italmaz bilen ençeme ýyllap duz-emek bolşup, bir zada magat göz ýetirdim: ol hiç wagt, hiç kimden çigit ýalyjagam çekinmeýärdi. Nazym Hikmet, Berdi Kerbabaýew, Mihail Swetlow ýaly läheňler bilenem deň sanaşar oturar eken. Ol bir görenden adamlara özüni söýdürmegi başarýardy. Şonuň üçinem, hemişe arkaýyndy. Hawa, şol gezek Anna Kowusow Italmaz, Ogultäç Orazberdiýewa, Saparmyrat Öwezberdiýew dördümiziň Moskwa okuwa gitmelidigimizi aýtdy. –Oba baryň-da, goşgularyňyzy Ýazyjylar soýuzynyň adyna ýollaň. Olary sözme-söz terjime edip, Moskwa ibermeli. Döredijilik konkursyna. Şondan geçseňizem ekzamenlere barybermeli – diýdi. Awgustyň başlarynda meniň dokumentlerim, goşgularymyň terjimesi bilen yzyna gaýdyp geldi. «Biziň instituta başga institutlardan adam alynmaýar» diýipdirler. Sentýabrda Italmaz, Ogultäç dagy Moskwada, menem Aşgabada gelip, uniwersitetde okuwa başladym. Şondan soň Italmazy bäş ýyllap bir gezegem görmedim. * * * 1964-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, men-ä şol wagtky «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynda (häzirki «Owadan» žurnaly) işe başladym. Meniň kursdaşlarym Gurbannazar Ezizow «Mydam taýýar» gazetinde, Hojanepes Meläýew radiokomitetde ýerleşdiler. Şol ýyllarda eýýäm kitabyny çykartmaga ýetişen şahyr Gowşut Şamyýew bolsa, Büzmeýiniň türmesinde saklanýanlary okatmaga bellenildi. Gowşudyň jenaýatkärleriň durmuşyndan ençeme romandyr powest ýazmagyna, megerem, şu ýagdaý täsir edendir. Şol ýyllar Gowşut meşhur bagşymyz Nurjemal Adyýewanyň howlusynda kireýine ýaşaýardy. Bir günem ol redaksiýa salama gelende şeýle diýdi. –Men-ä obadan Soltangözelem (Gowşudyň maşgalasy –D.H.) göçürip getirendirin. Ertir günortanlar myhmançylyga gel. Seni meniň täze goňşymam tanaýan eken. Olam Marydan çagalaryny göçürip getirdi. –Kim-aýt, ol goňşym diýýäniň?! –Italmaz Nury. Hany, sen onuň bilen tanşam ýaly-la. Özem erte-birigün «Edebiýat we sungat» gazetinde işe başlamakçy. Gelseň, goşgy okaşarys, küşt oýnarys. Ertesi güni Gowşutlara salama bardym. Soltangözel bilen Oguljeren pahyr (Italmaz neressäniň başdaş aýaly – D.H.) nahar-şam bilen başagaý. Gowşut bilen Italmazam küşdüň başyna geçipdirler-de, çym-gyzyl bolşup otyrlar. Bir göçüm edildigem «Yza gaýdan namart» diýşip, gowur baryny turuzýarlar. Olar tas bir sagatdan soň meniň salamymy aldylar. Hawa, şol günden başlabam Italmaz, Gowşut dagymyzyň bagtly, şatlyk-şagalaňly, uzak ýyllara çeken dostlugymyz başlandy. Altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda ykbal bize ýene-de bir uly bagt eçildi. Ýazyjy galamdaşlarymyz Berdinazar Hudaýnazarow, Halyl Kulyýew, Italmaz Nuryýew, Gurban Çöliýew, Saýlaw Myradow, Gowşut Şamyýew, Durdymämmet Oraýew, Begmyrat Ussaýew, Nargylyç Ataýew dagymyza Aşgabadyň gözel bir künjeginde goňşuçylykda ýaşamak miýesser etdi. Ýaşaýyş jaýlarymyzyň Aşgabadyň 5-nji, 6-njy, 9-njy, 10-njy mikroraýonyndadyklaryna garamazdan, biri-birimiziň ýaşaýan ýerimiziň arasy bary-ýogy bir kilometrem ýokdy. Göwnüme bolmasa, şol wagtlar durmuş-ýaşaýyş şu günlerkisinden müň esse gowy ýalydy. Adamlaryň, ylaýta-da, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşygy biçak gowudy. Berdinazarlara baryp domino,Italmazlara baryp kart, Gowşutlara baryp küşt oýnamasak, Halyllara baryp goşgy okaşmasak, Tirkişlere baryp döredijilik gürrüňi bilen gidişip, ajygyp palaw iýmesek, Durdymämmetlere baryp, ýomak aýdyşyp gülüşmesek, Saýlawlara baryp, eňegimiz ýazýança dawa etmesek, kätelerem. Sumbar magaziniň öňündäki oty köwşüňi ýapyp duran boz ýerde oturyp, bokurdaga gelýänçä piwo içişmesek... günümiz geçmeýärdi. Käteler Mämmet Seýidow, Gurbannazar, Hojanepes dagy biziňkä myhmançylyga gelerdi. Üýşülip, uzak gijeläp döredijilik gürrüňi edilerdi. Gurbannazar neresse käteler gijäniň ýarlarynda öýlerine gaýtmaly bolanlarynda: – Bilýäňizmi näme, siziňki hezil-läý. Baryňyz goňşy. Menem şu ýerlere göçüp geläýmeli-le – diýerdi. Segseninji ýyllaryň başlarynda biziň «döredijilik maşgalamyza» Aşgabadyň beýleki bir künjeginde goňşylykda oturýan ýazyjy-şahyrlar topary goşuldy. Bular Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Agageldi Allanazarow, Kakabaý Gurbanmyradow dagydy. Gizläp nädeýin: Italmaz, Halyl, Saýlaw neresseleriň aramyzdan biçak ir gitmegi bilen biziň bu «maşgalamyz» dargady. Dogry, biz häzirem häli-şindi duşuşýarys, duz-emegem boluşýarys. Ýöne şol duşuşyklar birhili sowulan bazar ýaly. Ýa-ha biziň bazarymyz, dogrudanam, sowulyp ýör, ýogsa-da, häzirki günlerde ýaşaýşyň manysy, mazmuny ýoňsuz üýtgedi. Özem ýaramaz tarapyna. * * * Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda Italmaz «Edebiýat we sungat» gazetinde işe başlady. Şol mahallar gazete ajaýyp žurnalistimiz Baýram Welmyradow redaktorlyk edýärdi. Baýram aganyň (oňa tas hemmeler diýen ýaly «aga» diýip ýüzlenýärdi. Heniz elli ýaşa-da ýetmänligine garamazdan,«ol çalaran saçly, daşyndan göreňde-de biçak salyhatly adamdy. Ol bary-ýogy kyrk alty ýaşap dünýäden ötdi) redaktorlygyna hemmeler telpek goýýardy. Türkmen metbugatynyň taryhynda hemmeleriň agzybirlik bilen ykrar eden redaktory, megerem, Baýram Welmyradow bolsa gerek. Hawa, onuň redaktorlygynyň ýönekeýje «syry» bardy. Baýram aga käbir redaktorlar ýaly, wezipesinden aýrylaryn gorkusy bilen zehin görse, stoluna bukulyp oturmaýardy. Gazet materiallaryny «içinde uly wezipeli adamlaryň göwnüne getirer ýaly bir zat bar bolaýmasyn» diýip okaýan adam däldi... Bir zehiniň «abraýy artyp, ýerimi alar» diýip, içini hümledip ýörenokdy. Gaýtam, zehinlere aýratyn sarpa goýýardy. Siz Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Abdylla Myradow, Anna Paýtyk, Nargylyç Hojageldiýew, Näzik Annatyýewa, Ýagmyr Pirgulyýew, Saýlaw Myradow, Amangeldi Annaýew, Daňatar Berdiýew, Annaly Berdiýew, Alekber Güseýinow ýaly talantlaryň men diýen wagtlary bir kollektiwe birigendigini göz öňüne getirip görüň! Şeýle intellektual kollektiw bilenem, heý-de bir almajak galaň bolarmy?! Italmaz neresse şeýle bir wakany gürrüň beripdi: «Edebiýat we sungata» işe ýerleşmek üçin Baýram aganyň ýanyna bardym. «Arzaňy ýaz-da, goýup git, seredip göreris» diýdi. Men çykyp gaýdan badyma işgärleriň biri Baýram aganyň kabinetine kürsäp giripdir. «Ýoldaş redaktor, ýaňky ýigidi işe alaýmaň, içegendir» diýipdir. Baýram aga ýaňky geleniň eline on manat tutdurypdyr-da «Bar-da, magazinden iki çüýşe arak getir. Italmazy işe alanymyzdan soň synap görjek: ikimizden kän içýärmikä ýa-da az» diýipdir. Ýaňky gelen Baýram aganyň ýanyndan süzüberipdir. Hawa, Italmaz şeýle zehinli kollektiwde işe başlady. Darajyk kabinetde Italmaz, Saýlaw, Näzik, Amangeldi Annaýew dagy ümsümje işleşip oturardylar. Şol döwürde «Edebiýat we sungat», «Mydam taýýar» gazetleriniň, «Tokmak», «Pioner», «Türkmenistan kommunisti» žurnallarynyň redaksiýalary bir howluda ýerleşýärdi. Goňşy redaksiýalara Berdi Kerbabaýew, Alty Garlyýew, Gara Seýitliýew, Beki Seýtäkow, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Abdylla Myradow, Täşli, Baýram Gurbanowlar, Ata Atajanow, Gurbandurdy Gurbansähedow... ýaly gerçekleriň häli-şindi girip-çykyp duranlaryny görüp ýaşamak, gör, nähili bagtlylyk ekeni. * * * Italmaz neresse hemişe bir ýere aşa howlugýan ýaly, nirededir bir ýerde gymmatly bir, zadyny ýadyndan çykaryp, şony tapmaga alňasaýan adam ýaly ýaşaýardy. Gepleýşi-de, pikir ýöredişi-de, iýip-içişi-de, çilim çekişi-de, küşt göçüşi-de çalt hem şeýle tagaşyksyzdy. Kellesine gelen pikiri-de, bu aýdýanlarym garşydaşyma nähili täsir ederkä diýip, oýlanyşyp oturmazdy-da, aýdar oturybiýrdi. Bir gezek – Italmaz şol mahallar «Edebiýat we sungatyň» sungat bölüminde, Gurbannazar bolsa şygyr bölüminde işleýärdi – şeýle ýagdaýyň şaýady boldum. Çilim çekişip durkak Gurbannazar redaksiýanyň gapysyndan girip barýan daýaw pyýadany gördi-de, gözüni gyrpyldadyp, başyny ýaýkady. –Baý, içigar, ýene gel-dow bi. Şu ýere gatnap peteň-bizarymy çykarýar. Häzir bolgusyz goşgularyny okap, bar keýpimi alar. Şu gün agşam gowja oturyp işläýjekdim-dä. Italmaz Gurbannazaryň ýüzüne çiňerildi: –Sen näme, onuň bilen gepleşeňde ýöwsellik edýäň. Goşgularyň bolanok, bar öz işiň bilen bol diýerler. Wessalam. Goşgy barada leksiýa okap, ondan şahyr ýasaryn öýdýämiň?! –A-haw, ol MK-a arz ederin diýýär-ä! –Gitsin-de OON-a arz edäýsin! Gurbannazar az-kem oýlanyşyp durdy-da, gözlerini güldürip, Italmazyň elinden ýapyşdy. –Jan Italmaz, bar git-de şol goja ýaş şahyr bilen özüň gepleşsene. Gaýrat edip, şony gaýdyp meniň ýanyma gelmez ýaly etseň, ýarym litriň menden. Ýöne meniň şu ýerlerde bardygymy oňa aýdaýmagyn. Italmaz çilimini gapdala oklap, ýaňky geleniň yzyndan eňdi. Gurbannazar sary dişlerini ýaldyradyp, hezil edip güldi-de, egnime kakdy: –Bar, Italmazyň nädýänini gör. Soň maňa gürrüň berersiň. Barsam, goja «ýaş şahyr» Italmazyň gabat garşysynda dik durup, sahnada çykyş edýän ýaly, ellerini howada galgadyp goşgy okap dur. «Ýaş şahyr» ikinji goşgusyny okamakçy bolanda Italmaz ony saklady. –Ýaşuly, sen näçe ýaşyňda?! –Kyrk bäş. – Näçe ýyl bäri ýazýaň?! –Aý, özümi bilelim bäri ýazyp ýörendirin. 1945-nji ýylyň Ýeňiş gününde-de goşgy ýazypdym. Ýöne çykarmadylar. –Her ýyl ýaş ýazyjylaryň seminarlaryna-da gatnaýansyň! –Hawa-la, sypdyrylýan däldir. –Şu wagta çenli näçe goşgyňyz çykdy?! Raýon gazetinde bäş-alty goşgym çykdy. Italmaz otluçöpüni ala-şakyrdy edip çilim otlandy. Birdenem böküp ýerinden turdy: –Ýaşuly, sen nirede ýaşaýaň?! –Gökdepede. –Kolhozda ýaşaýamyň?! –Hawa-la. Tüýs päk zähmetiň joşýan ýerinde. –Sygryňyz, goýunlaryňyz barmy?! –Wah, bar-la. Ynha, oba baryň, berre guzy öldürip hezzetläýin. Italmaz awuny aljak gaplaň ýaly düýrükdi. – Sen näme etmeli diýsene, ýaşuly. Häzir şu ýerden awtostansiýa barmaly-da, gös-göni öýüňize gaýtmaly. Barybam, mal-garaň, hojalygyň bilen bolmaly. Bolgusyz goşgularyň bilen redaksiýanyň işgärleriniň başyny agyrtma. Senden ýüz ýyllap ýazsaňam, ýeke goşgy çykjak däl. –Weýt-weýt, nädýäň-aý sen. Men arz ederin. Goşgularymy goýup gitjek, Maňa ýazmaça jogap beriň?! Arzamyň ýanyna diker ýaly. Goja «ýaş şahyr» şeý diýdi-de, bir petde golýazmany Italmazyň öňünde patladyp goýdy. Italmaz stolunyň üstüni tozadan kagyz topbagyny bir çete goýup, ýaşula ýüzlendi. –Goşgularyňa jogaby gazet sahypasynda alarsyň. «Edebiýat we sungatyň» tiražy elli müňdenem gowrakdyr. Her arzaňa birini çatsaňam galan ömrüňe ýeter. Bu aýgytly söz ýaşula tok uran ýaly täsir etdi. Ol göwresine gelişmeýän çaltlyk bilen goşgularyny garbap aldy-da, dazlap çykyp gitdi. Italmaz çilimini kükedip durşuna çalaja hyjjyldyly gülküsi bilen kikirdedi: – Dogry-da, walla! Käbirlerine şeýdip düşnükli edip aýtmaly. Ýogsam, öz göwünlerini aldaşyp ýörler. Käteler tas otuz ýyl mundan öň bolup geçen şu wakany ýatlap, oýa batýan. Ol döwürde respublikan gazetleriň sany azdy. Diňe «Edebiýat we sungatda», «Ýaş kommunistde» diýäýmeseň, beýleki gazetlerde goşgam berilmezdi. Indi gazetleriň, žurnallaryň hataram artdy. Haýsy gazeti açsaň, üçünji, dördünji sahypalary goşgudan ýaňa hyň berýär. Özlerem hakyt suratly. Ine, görseň ýaş şahyr Beýik Magtymguly ýaly, nazaryny uzaklara dikip, külli türkmene «gözüni aýlap» otyr. Gözleri dagy içiňden geçip gelýär. «Baý-baýow», bi seredişi bilen goşgy ýazyşy nähilikä» diýip, okap başlaýaň. Ynha, tüýs gözüňe söweýin, içi pak, badyhowa setirler. Eziz, Watan, şahyr ogluň unutma, Setirleriň meň ömrümi uzaldar. Şygyr bilen ýaşap halkyň kalbynda. Ölmesem şu toprak ýaşadar meni. Şygyrlarym mertebäňe baýdakdyr. Meni uňdan günüň galdyň gözýaşa, Dowzaha düşdüň sen meni söýmäňsoň. Aý, garaz, şeýleräk, şuňa meňzeşräk-dä. Hawa, oýa batyp oturyşyma hyýalymda Italmaza ýüzlenýän: «Wah, bularyň köpüsine seniň şol dogruja sözüň gerek. Ýogsam, şahyrdyryn öýdüp, öz göwünlerini aldaşyp ýörenler sary çyrmaşyk ýaly köpeldi». * * * Şeýle howlukmaçlyk, alasarmyklyk käteler ony gaty gülkünç ýagdaýlara salýardy. Özi barada dürli anekdotlaryň döremegine sebäp bolýardy. Ýöne Italmaz özi barada şeýle ýaňsyly hekaýatlaryň döredil-ýänine ünsem bermezdi. Käteler bolsa, özüniň oýlanyşyksyz ýa-da howlukmaç hereketleri sebäpli dörän gülkünç ýagdaýlar hakdaky çeper hekaýatlary Atajan Taganyň, Saýlaw Myradyň, Gowşut Şamynyň dilinden eşidip, (şol hekaýatlary özümem aýdýardym) gülüp hezil ederdi. Biz käteler çenden aşaragam degerdik. Şonda ol çilimini gahar bilen kükedip bize käýinerdi. Bizem ony derrew köşeşdirme bilen bolardyk. Bir gezek Saýlaw, Italmaz, Gurban, Gowşut dagymyz dynç alyş günleriniň birinde Nobatguly, Atamyrat dagynyň ýaşaýan ýerine – şindiki «Nahalstroý» diýilýän ýere gezelenje gitdik. Atamyrat dagy bizi erik iýmäge çagyrypdylar. Gowşut bize öňünden duýdurdy: «Şu gün Italmazyň adynam tutmalyň. Ýaşlaryň ýanynda degişseň» göwnüme bolmasa, ol gaty görjek bolýan ýaly». Biz Gowşudyň aýdanyny berk tutduk. Ýeri gelende aýtsam, biziň hemmämiz Gowşuda boýundyk. Ony syla- ýardyk. Sebäbi, ol biziň köpimizden birki ýaş uludy. Döredijilik abraýy hasam artykdy. Üstesine-de, aýdanlaryny berjaý etmesek, öte geçibersek, sylap durmazdy, derrew ýüzümizi alýardy. Gowy zady: ol özüň günäli bolsaň şeýdýärdi. Käteler gatyrak käýinse-de, biz ony bagyşlardyk. Sebäbi, onuň döredijilik sapaklaryny, gülkünç hekaýatlaryny diňlemek gaty hezil. Gowşut häzirem biziň talapkär halypamyz. Hawa, biz Atamyratlaryň goýry kölegeli, sergin howaly agaç sekilerinde söhbet edip oturyşymyza, wadalaşyşymyz ýaly, Italmazyň adynam tutmadyk. Ýöne onuň bilen degşesimiz gelip, dilimiz gijäp durdy. Birdenem Italmaz Moskwada okaýarka başyndan geçiren bir wakany gürrüň bermäge başlady. Gowşut bize üm bilen düşündirdi: «Gülüşmeli däl». Italmaz hekaýatyny aýdyp gutardy. Biz gülşesimiz gelip, böwregimiz böküp dursa-da, kimsämiz dodaklarymyzy dişleşip, kimsämiz öten-geçenlerimizi ýatlaşyp, zordan saklandyk. Biziň bu bolşumyza Italmaz aňk-taňk boldy-da, inçe, gyryljak sesi bilen gygyrdy: –Eý, jyrgyçjyklar, näme gülşeňzok?! Gülküden ýaňa kiçeňräk howlynyň içi sarsan ýaly boldy. Gowşut ala gülkiniň arasyndan suňşurdy: –Aý, ýok. Degşip oturmasaň, muňky boljak däl. * * * Italmazly hekaýatlardan ýadymyza düşenlerini ýazga geçirmesek, sözümiz juda guraksy boljak. Olarsyz Italmazyň edebi portretini çekmek mümkin däl. * * * Ol bir gezek şeýle gürrüň berdi. –Moskwada okaýarkak gaty hezildi. Berdi Kerbaba, Beki aga, Kakaly Berdi dagy häli-şindi barar durardylar. Moskwa geldiklerem, bizi çaýa çagyrardylar. Bir gezek dynç alyş güni ir bada meýmiräp ýatyrkam telefon jyňňyrdady. Görsem Kakaly Berdi birinji gatdan jaň edýär. Ol Moskwa barsa, Edebiýat institutynyň studentleriniň umumyýaşaýyş jaýynyň myhmanhanasynda bolmagy gowy görerdi. Ol ýerde respublikadardan gelýän ýazyjylar üçin diýseň amatly myhmanhana bardy. Kakalynyň zarply sesi ýaňlanýar: –Eý, Mahluk! (Ýazyjy Kakaly Berdiýew gowy görýän, öwrenişen adamlarynyň atlaryny şeýle tutýar – D.H.) çalt gel bärik. Täzeje gowurmany gyzdyrýançam, magazine git-de, iki çüýşe arak alyp gel. Şol wagt maňa geregi-de şoldy. Öten agşamky içişlikden soň, kelläm agyryp durdy. Bardym bärden tasap. Kakaly meniň elime bir gyzyl onluk, iki sanam sary birlik tutdurdy-da: –Bi golaýdaky magazinler dynç alyş güni bolansoň ýapykdyr. Taksi tut-da, merkeze eň. Şol taksi bilenem yzyňa dolan. Saňa on bäş minut möhlet berýän, çalt bol! – diýdi. Çykan ýerimden taksi tutdum. Magaziniň gapysyna baramsoň, şofýora «Häzir arak alamsoň, yzyma äkidersiň» diýdim. Olam «Sen näme, başda şeýtmeli diýmediň, men başga ýere barmaly. Yzyňa äkidip biljek däl» diýdi. Menem «Bar-aýt, gitseň. Moskwanyň taksisiniň soňkusy sen däl» diýdim-de, puluny elimiň tersi bilen pyzyp goýberdim. Taksiçi yzyndan ýagy gelýän ýaly, gazy batly basyp, wazylap gitdi. «Howlugýany çyn eken-ow» diýip, içimden pikir etdim. Magazine girip, araga pul bereýin diýsem, elimde iki sany sary birlik. Taksiçä gyzyl onlugy zyňaýan bolsam nätjek?! – Ýeri, onsoň näme iş etdiň?! –Näder öýdýäň? Ýene-de taksi tutup, yzyma eňdim. Düşen ýagdaýymy gizläp durmadym. – Kakaly käýinmedimi?! –Ýok-la. Munuň ýalyda ol gatyrganmazdam. Ýöne «Wah, pul hiç-le, inim. Ýöne säher bilen işdäleri ýakdyň-da» diýdi. * * * 1975-nji ýylyň güýzünde Maryda ýaş ýazyjylaryň respublikan seminary bolup geçdi. Şol seminara gatnaşjak aşgabatly ýazyjylar agşamaralar otla münüp, Mara ýola rowana bolupdyrlar. Otly Mara ir sagat ýedilerde barypdyr. Italmaz Ýazyjylar soýuzynyň apparatynyň işgärleri bilen bir kupede giden eken. Güýz güni bolansoň, howa çigregräk ekeni. Otly durandan Italmaz ylgap çykyp gidipdir. Bir görseler, Ýazyjylar soýuzynyň daýaw buhgalteri Mariýa Alekseýewna Ugulowanyň plaşy ýok. Turupdyr bir gopgun. «Haýt, plaş gitdi-de, plaş gitdi». Bu ýagdaý paýtagtly ýazyjylaryň diýseň keýpini gaçyrypdyr. Mariýa Alekseýewna hem «Wah, täzeje plaşdy-da» diýip, gaty gynanypdyr. Ýazyjylar awtobusa münmek üçin wokzalyň öňündäki meýdança ýygnanypdyrlar. Zehinli ýazyjy, Italmazyň kursdaşy Ogultäç Orazberdiýewa, Mariýa Alekseýewna göwünlik beren bolup gelýän eken. Bir görse, Italmaz egnine hopul-sopul bolup duran täzeje çal plaşy ýelbegeý atynan bolup, özüni garşylan obadaşlary bilen salamlaşyp ýör diýýär. Italmazyň häsiýetlerine öňden belet Ogultäç gülküsini zordan saklap, Italmazdan sorapdyr. Egniňdäki öz plaşyňmy?! –Eýsem, kimiňki bor öýdýäň?! – diýip, Italmaz obadaşlarynyň ýanynda degişesiniň gelmeýänini duýdurypdyr. –Hany, sumkany aç. Biz bir zat ýitirdik. Belki, ýalňyşyp seniň sumkaňa salandyrys. Görseler, Italmazyň öz plaşy sumkasynda eplengi dur eken. * * * Şol seminara «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory hökmünde menem çagyrypdylar. Seminaryň başky maslahatynda «Ýaşlar gazetiniň redaksiýasynyň ýaş ýazyjy-şahyrlardan edýän talaby» diýen temada çykyş edipdim. Halyl Kulyýew, Italmaz, Gowşut Şamy, Durdymuhammet Nuralyýew dagymyz Garagum kanalyny gurmaga işjeň gatnaşanlaryň biri – Sereteliniň ýörite gurduran jaýyndaky myhmanhanada ýerleşipdik. Italmazyň doglan obasy şäherden daş däl ekeni. Onuň garyndaşlary, dost-ýarlary biziň ýaşaýan ýerimize aýagaldygyna nahar-çaý daşaýardylar. Gije ýarym bolup barýarka-da kimdir biri bäş-alty çüýşe arak, bir tamdyr çörek, kemsiz gowrulan towuklary getirer gidäýerdi. Ine, onsoň, nahar başynda edebi jedeller tas daňdanlara çenli dowam ederdi. Seminaryň üçünji güni şäheriň kaşaň Medeniýet köşgünde uly edebiýat agşamy geçirildi. Aşgabatdan baran myhmanlary sahnadaky prezidiuma çagyrdylar. Agşamy Kerim şahyr alyp barýardy. Öň hatarda Ata Köpekmergen, Mämmet Seýidow, oblastyň ýolbaşçylary otyrdylar. Giň zalyň içinde dik durara-da boş ýer ýokdy. Kerim şahyr şahyrlaryň ählisine söz berjegini, diňe bir goşgy okamalydygyny, çykyş etjekleriň köpdügini aýtdy. Goşgy okalyşyk başlandy. Biz Gowşut, Ogultäç, Italmaz dagymyz ýanaşyk otyrdyk. Italmaz çelpek ýalyjak kitaplarynyň ikisini eline alyp, okajak goşgusyny saýlap otyrdy. Birdenem ol şeýle diýdi: –Söz bermänkäler, çilim çekip geleýin. Ol çalt yzyna dolanyp geldi-de, kresloda oturyp jübülerini sermenmäge başlady. Birdenem Gowşut ikimize ýüzlendi: –Hany, jyrgyçjyklar, oýun etmäň-de, kitaplarymy yzyna beriň. Okajak goşgym ýadyma düşenok. –A-haw, biz seniň kitaplaryňy alamzok. Ýaňam eliňdedi ahyryn. Belki, çilim çeken ýeriňde galdyransyň. –Ýok, men hiç ýerde säginmedim-ä. Ýok, siz meni masgara etjek bolýaňyz. Tapyň, haýsyňyz gizlän bolsaňyz! Ogultäç, Gowşut üçimiz kitapçalary görmändigimiz hakda ant içip, awy ýalaýas. Italmaz teý ynananok. – Siz maňa göriplik edýäňiz – diýip, gaýta has beterine tutýar. Şol barmana-da, Kerim şahyryň mahmal sesi giň zaly ýaňlandyrdy: «Öz obadaşyňyz, zehinli şahyr Italmaz Nuryýewe soz berilýär». Zalda gürrüldili el çarpyşmalar eşidildi. Italmaz halys aljyrap, ýüzümize çiňerilip otyr. Onuň ýagdaýyna hem-ä gynanýas, hemem gülkimiz tutýar. Onýança ýene-de el çarpyşmalar has güýjedi. Italmaz lapykeç halda ýerinden galdy welin... asyl ol kitaplarynyň üstünde oturan bolsa nätjek! * * * Ol hemişe nämedir bir zatlaryň agyr aladasy bilen ýaşaýardy. Öý-içeri. çagalary, ejesi, dogan-garyndaşlary bilen baglanyşykly işlere juda ilgezik ýapyşardy. Muňa onuň käteler juda köp wagty giderdi. Toý etmeli, adam çagyrmaly bolanda-da, olaryň birkemsiz hem abraýly bolmagy barada dert-azara galardy. Ol sähelçe üstünliginem uly toý edip belleýärdi. Edebi konkurslara hökman gatnaşardy. Şunda-da hökman baýrak alýardy. Baýragyň puluny dost-ýarlary bilen iýip-içýärdi. «Aý, entek bu goşgularyň galamhakam bar-a, Güljan gelin (Italmazyň maşgalasy) şonuň bilenem oňar-la» diýýärdi. Ol hemişe oýlanyşyp, içini gepledip ýören ýalydy... Käteler bile tirkeşip barýansyň welin, bir sowal berseň jogap bermezdi. Ýüzüňe sereder, mölerer durardy. Şonda onuň nämedir bir zatlar barada alada edip, aljyrap gelýänini diňe dörediji dostlary biläýmese, başga adam gümanam etmezdi. Ol goşgy, döredijilik, öý-içeri, çagalary hakda çuňňur alada ederdi-de, başga hiç bir zada üns bermezdi. Egin-eşikleriniň arassalygyna, möçberine üns bermäge, moda görä geýinmäge onuň wagtam ýokdy, islegem. Döredijilik babatynda welin, hökman birinji bolasy gelýärdi. Köp okaýardy. Moskwada neşir edilýän galyň žurnallar, gazetler onuň iş stolunyň bir çetinde baslygar durardy. Halyl, Saýlaw ýaly kitaphon dostlarynyň biri haýsydyr bir kitapda, gazetde, žurnalda «Pylan eseri, makalany okadym» diýäýdigi, Italmaz şony şol gije tapyp okardy. Ynha, indi onuň köp babatlarda özgelerden ozdurasy gelýändigi hakda-da gürrüň bermeli boljak! * * * 1977-nji ýyldy öýdýän: Italmaz täze çykan «Halasgär» hem «Şygyr okap bereýinmi» atly kitabyny Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna hödürledi. Şol wagtlar men «Ýaş kommunist» gazetinde redaktordym, wezipäm boýunça Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň býuro çlenidim. Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýraklaryny bermek boýunça komissiýasynyň hem çlenidim. Bir gün daňdan sagat üçlerde meni oýardylar, kimdir biri jaň edýär diýdiler. Redaktor adamda beýle giçki jaňlar aýratyn howsala döredýär. Gazetde bir ýalňyş gidendir öýdüp gara janyň galanok. Käteler çala sowat senzuraçy gazet sahypasynda sähelçejik çiltek tapar-da, onuň çap edilmegini togtadýar. Ertesem ony düýe ýaly ýalňyş hökmünde partiýanyň Merkezi Komitetine habar berýär. Ine, onsoň gazet-žurnal işinden elipden şermende sektor müdir ýanyna çagyrar-da, saňa tutuş günlük leksiýa okar, rus dilinde-de şol bir «ýalňyşyň» gazet sahypasyna düşüşi barada giňişleýin düşündiriş ýazmagyňy talap eder. Bu «ýalňyşlyklary» derňemek barada komissiýa düzjegini aýdybam zehiniňi ýakar. Kerim şahyr aýtmyşlaýyn «hem-ä gepe, hemem görgä ýakyn redaktor» üçin mundan beter jezany şeýtanlaryň iň akyllysam oýlap tapyp bilmez. Hawa, şeýle jezalara öňünden kaýyl bolup, trubkany aldym. – Hawa, diňleýän. –Heý, jyrgyçjyk, komsomol baýragyna işler kabul edilýär diýen habar ertirki «Ýaşkomda» çykýamyş-la, şol çyn-maý. –Wah, jan Italmaz, şol habar çyn. Ýöne ertirki gazetde däl-de, eýýäm şu günküde, wagtyň näçediginden habaryň barmy?! Ol meniň sowalymy gulagynyň duşundan geçirip, gaýtam özi sowal berdi. –Maňa şu gezek şol baýragy berýäňizmi ýa-da ýok?! –Italmaz, ertire çenli rahat dynç almaga goýsaň, men saňa Lenin komsomolynyň däl, hut Lenin baýragynyň özüni almaga kömek edeýin. –Onyň bolmaz, jyrgyçjyk – diýip, Italmaz kesgitli aýtdy. – Baýragy alýançam saňa rahatlyk ýokdur. Hawa, şeýdibem «tünüň ýarynda» möhleti tas alty aýa çeken «birahatlygy» başa satyn aldyk. Italmaz şol kitaplaryny baýraga haýsy edaranyň hödürlemelidigini, ony nähili dokumentleşdirmelidigini birin-birin soraýar. Käbir kagyzlary oňa hut özüň dolduryp bermeli. Başga adama ynananok, ynanjagam bolanok. Haýsy gazetde kimiň şol kitaplara seslenme ýazmalydygynam maslahatlaşýar. Özem gijäniň, gündiziň haýsy wagtydygyna kes-kelläm üns bermeýär. «Heý, jyrgyçjyk, heý, şu wagtam bir adam ýatarmy» diýip, gije sagat birlerde-ikilerde-de geläýýär. Komsomol baýragynyň berlişem ol ýyllarda häzirkileri dek, Artygyň harmanynyň paýlanylyşy ýaly däldi – gaty berk talaplydy. Komissiýa ilki gizlin ses bilen tamakinleri aýan ederdi. Soňra üç aýa dagy çekýän ara alyp maslahatlaşmalardan soň, esasy tamakinler seçilip alnardy. Şolar hakda-da tas bir aýlap gazet sahypalarynda çekeleşik guralardy. Soň gizlin ses bilen baýrakçylar aýan edilerdi. Şolara-da Merkezi Komitetiň býurosynda gizlin ses berlerdi. Şeýlelikde, baýraga mynasyp bolanlar üç gezek dagy gizlin sese goýulýardy. Italmaz şu baýragy almak üçin, gije-gündiz jaň edýärdi. Şol döwürlerde baýrak, at, wezipe almakçy bolýan adamlaryň başga bir ýagysy bardy. Olam golsuz hatlaryň ýazylmagydy. Bir ýerde ýüz gram arak içäýdigiň partiýanyň Merkezi Komitetine bir gulaç golsuz arza düşer. Ol ýerde oturanlaryň köpüsem şer tapsa, müň haýyrdan geçjek tüýs. bir äteňenäletlerdir. Ine, şolar saňa bir höküm çykararlar welin, kyýamat-magşar gününe çenli arzuw-umytlaryňa palta urlandyr. Hawa, şol gezek Italmazyň kandidaturasy ähli başky gizlin ses berlişiklerde doly ses aldy. Indi diňe býuronyň çlenleriniň 12-si ses beräýmelidi. Adatça býurolar öýlän sagat bäşlerde başlanardy. Býuro güni Italmaz ir sagat sekizlerde ýanyma geldi. «Haýy, jyrgyçjyk, şu günem bir gaýrat et-de, baýragy alyp ber, men öýde goýun soýup garaşjakdyryn. Býurodan çykyp, göni öýe geläýgin». Men ony köşeşdirdim: «Italmaz, saňa hemmeler doly ses berdiler. Býuroda-da şonuň ýaly bolar». Aýdyşym ýaly, ol býuroda-da doly ses aldy. Býuro tamam bolan badyna biz sekretaryň kabinetinde oturyp, karary türkmençä terjime etdik. Karary «Ýaş kommunistiň» ertirki sanynda çap etmeklik maslahat bilindi. Agşam sagat sekizlerde komsomolyň Merkezi Komitetiniň otaglarynyň birinden onuň öýüne jaň etdim. Ilkibada biraz degşeýin diýdim. –Italmaz, seniň howsala düşmäň jany bar ekeni. Saňa baýrak bermediler. Içýär diýip. üstüňden arza düşüpdir. Şonuň üçin seni sese-de goýmadylar. Özümem size barman, göni işe gitjek. Italmaz sözümi soňlamaga-da maý bermedi. –Eý, jyrgyçjyk, nirä gitseň, gümüňi çek. Baýrak berjek diýip, maňa alty aýlap arak içirmediňiz. Indi alamsoň beri hezil edip içeýin-ä. Asyl, onuň MK-nyň içinde-de öz buşlukçylary bolsa nätjek. Italmaz baýragyny uly toý edip belledi. * * * Bir gezek Italmaz, Gowşut, Atamyrat üçüsi Çärjew etraplaryna komandirowka gidipdirler. Işçiler, kolhozçylar, studentler, okuwçylar... bilen bolan duşuşyklarda edebiýat, sungat, durmuş hakda gyzykly söhbetler edilipdir, goşgy okalypdyr. Ähli duşuşyklary diýen ýaly Gowşut Şamyýew alyp gidýär eken. Şahyr Atamyrat Atabaýewiňem şol mahallar men diýen wagtlary. Şar gara, buýra saçlyja görmegeý ýigit. Egin-eşiklerem tämiz. Komsomol baýragynyň laureaty. Tüýs gelin-gyzlaryň, ýetginjekleriň halaýan şahyry. «Uçup gitdi Horasanyň durnasy» goşgusyny okanynda dagy elçarpyşmalar zaly göçüräýjek bolýar diýýär. Ine, bu ýagdaý Italmaza o diýen ýaramandyr. Ol çaga ýaly torsarylyp, Gowşuda ýüzlenipdir. –Sen Atamyrada söz bereňde, onuň ähli titullaryny agzaýaň, öwüp-öwüp arşa çykaryp, soňra söz berýäň, şonuň üçinem, oňa köp el çarpýarlar. Gowşut bu «tankydy bellikleri» kabul edipdir, hem-de Çärjewiň W.I.Lenin adyndaky Türkmen döwlet pedagogik institutynyň studentleri bilen bolan duşuşykda bu «ýalňyşyny» düzedipdir. Ol Italmaza söz berende, şahyryň özi, döredijiligi hakda bäş minutlap gürrüň beripdir. Onuň Moskwada Mihail Swetlow, Lew Oşanin ýaly ägirtlerden sapak alanlygyny, Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow ýaly sütünler bilen dostdugyny agzapdyr, alan sylaglaryny, çykan kitaplarynyň atlaryňy aýdypdyr. Atamyrada gezek gelende bolsa, ýöne «Atamyrat Atabaýewe söz berilýär» diýipdir. Atamyradam, hemişekileri ýaly, uly hyjuw bilen goşgy okapdyr, oturanlar bolsa ony tas bir sagatlap münberden goýbermändirler. Bu bolsa Italmaza ýaramandyr. Duşuşyk tamamlanan badyna Italmaz Atamyrada ýüzlenipdir: –Sen näme üçin duşuşyklarda ýaramaz goşgularyňy uly gykylyk bilen okap, okyjylara, el çarpdyrýarsyň?! Atamyrat birjigem müýnürgemän: –Italmaz kaka, gowşak goşgularyma özüm hossar çykmasam, kim çyksyn. Gowy goşgularymy bolsa, oturanlaryň hemmesi ýatdan bilýärler – diýipdir. * * * Bir gezek Italmaz, Saýlaw, Gowşut, Atamyrat dagy naharhanada oturyp, bir çüýşe aragy paýlaşyp içipdirler. Olaryň işdäleri açylyp, ýene-de içesleri gelipdir. Emma kim gidip, magazinden öz puluna alyp gelmeli diýen sowaly esli wagtlap çözüp bilmändirler. Ahyram Atamyrat «çykalga» tapypdyr. –Geliň, barymyz ümsümje oturalyň-da, nahar berýän gyzdan «Şu oturanlardan haýsymyz atly şahyr» diýip soralyň. Kimi görkezse, şolam arak getirmäge gitsin. Ofisiant gyz bu ýumuşa göwünjeň razy bolupdyr hem-de oturanlary içgin synlap başlapdyr. Özgeler ümsümje otyrmyş welin, Italmaz galstugyny düzeden bolup, bokurdagyny uzyndan-uzyn arçap, berbaşagaý diýýär. Ofisiant gyz: –Şu oturan ýigit iň uly şahyr bolmaly. Men muny telewizorda-da häli-şindi görýän. Kitaplarynam okadym – diýip, Italmazy görkezipdir. «Şan-şöhrata beslenen» Italmaz ýanyndakylara tutuş gijeläp arak içiripdir. Şahyrlaryň içinden uly şahyry tanan gyza bolsa, bir çüýşe şampan çakyryny sowgat edipdir. * * * Meniň Italmazyň tutuş poeziýa älemine baha bermek meýlim ýok. Onuň goşgularynyň tutuş bir şahyr ömrüne hemra bolşy ýaly, edil şonuň ýaly, olar bir edebi derňewçiniň hem tutuş ömrüne hemra bolmaga mynasyp. Onuň, iňbärkisi, «Çapyksuwar» atly täzelikde çap bolan kitabyny okap çykyň: siz meniň sözümiň dogrudygyna göz ýetirersiňiz. Italmazyň poeziýasy ýörite derňelmegine mätäç. Şeýle-de bolsa, Italmazyň biziň poeziýamyza getiren käbir täzelikleri hakynda aýtmak isleýärin. Megerem, ol G.Ezizow, H.Kulyýew, K.Ylýasow, A.Agabaýew bilen bir hatarda şygryň daşky ýülmewinden el çekip, onuň pikir hem setir ýüküne aýratyn üns beren şahyrdyr. Siz onuň, iň bolmanda, «Dillen, läläm», «Ýyllar bizi duşurmazmy», «Ballada», «Madrigal», «Çapyksuwar» ýaly ençeme goşgularyny okap görüň hem-de olaryň içki hyjuwyna, pikir reallygyna, setirleriň, äheňleriň sazlaşygyna üns beriň: siz olardan haýsydyr bir owadan gelniň ýa-da gyzyň öň telimsapar aýdylyp, lenç edilen «şahyrana» waspyny, şunlukda-da kapyýanyň, rifmanyň harpma-harp sazlaşygyny tapmarsyňyz. Oňa derek gahrymanyň ruhy nalasyny – ýüreginiň urgusyny diňlärsiňiz. Söýgi hakdaňy goşgular – emma gör, nähili tragizm! Goşgularyň durmuşylygyna-da üns beriň. Adamyň daş-töweregi Erem bagy däldir. Munda her bir adam özüçe bagtlydyr hem betbagtdyr. Italmazyň adam ahwalatyna aralaşyşy hem şu nukdaý nazardan. Şahyryň adamyň ruhuna içgin aralaşanda nähili goşgulary döredip biljekdigine «Çapyksuwar» atly saldamly kitaby okap çykanyňda anyk göz ýetirýärsiň. Durmuşyň, şol hasapda söýginiňem diňe bir bahar paslynda, gök maýsalykda, gülälekli meýdanda, deregiň, goja tuduň astynda erkana duşuşyp ýörmekden başga-da, ençeme külpetiniň bardygyny özboluşly edip aýtmagy başaran, megerem, Italmaz bolsa gerek. Adam ykbalyna, durmuşa ýakynlyk Italmazyň ähli goşgularynda diýen ýaly bar. Şunda ol howaýy pikirlere daňlyp oturanok-da, Keminäniň goşgularyndaky ýaly, gönüläp aýdýar oturyberýär. Onuň «Men enemi kän bir küýsäp ýöremok» ýa-da «Adamlar gidende edermenlige, bat berenok orden-medallaryna» diýen setirler bilen başlanýan goşgularyny okap ugran okyjylar birbada «Beh, bu nähili pelsepe boldugy, heý-de, enesini küýsäp ýörmeýänem bir düzüwli goşgy ýazarmy» diýip, kürtdürmegem mümkin. Emma siz liriki gahrymanyň enesini näme üçin känbir küýsäp durmaýanynyň şahyrana beýan edilişine, orden-medala bat berilmeýäniniň sebäbiniň aýdylyşyna üns beriň, siz şygryň öz durmuşymyza şeýle ýakyndygyny duýarsyňyz. * * * Ähli zehinli adamlarda bolşy ýaly, Italmaz hem durmuşa, ýaşaýşa, gözellige biçak teşne adamdy. Ol hemişe barmagyň, görmegiň, döretmegiň arzuwyndady. Poeziýada ol öz sözüni aýtmaga, özem diňe Italmazçalap aýtmaga ýetişdi. Bu günki minnetdar nesil onuň poeziýa älemine aralaşsa, guýmagursak şahyryňhemişe adamlaryň, il-günüň, dünýäniň aladalary bilen ýaşandygyna, döredendigine göz ýetirer. Ýogsam näme! Italmazyňky ýaly agras, saldamly, çuňňur manyly goşgular şeýle mukaddes ýörelgeden baş alyp gaýtmadyk bolsa, owunjak, hususy bähbitjikleriň hasabyna döremezdem. Çyn poeziýanyň edähedi şeýle: ol hemişe belent ideallardan gözbaş alyp gaýdýar. Ol biziň hemmämizi erkek kişiniň känbir dile alyp durmaýan söýgüsi bilen çäksiz söýýärdi, özem bütin töwerek bilen söýýärdi. Şol söýgi onuň ömrüniň ahyrky günlerinde dörän «Ogullaryma sargyt» atly goşgusynda täsin beýanyny tapypdyr ...Şoň üçin, ogullam, bu giň sährany, Şu giňligi bilen ýaş kalba gaplap, Guwanyň, buýsanyň, söýüň siz ony Gezmäň onuň böleklerin hasaplap. Bölmäň ony baýyrlara, daglara, Derýalara bölmäň, köllere bölmäň. Bölmäň ony çöllere ýa baglara, Ýodalara bölmäň, ýollara bölmäň. Şabatlara, murgaplara bölmäň-de, Sumbarlara, lebaplara bölmäň-de, Söýüň ony, söýuň bar durky bilen Ähli öwüşgini, reňki bilen... Kalbynda hiç zady bölmeýänligi üçinem, ol hemişe ruhubelent, ilhalar, gadyrly adamdy. Hut şonuň üçinem onuň hiç kime meňzemeýän, bütewi, berdaşly poeziýasy bar. Hut şonuň üçinem, ol özüni tanaýanlaryň kalbynda biçak gowy adam hökmünde hemişe ýaşaýar. Durmuşynyň juda pajygalydygyna bakmazdan bagtly, imanly adam! Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # "Kalbymda galan keşpler", 1996 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |