20:36 "Men haçan goşgy ýazmagymy goýdum?!" | |
“MEN HAÇAN GOŞGY ÝAZMAGYMY GOÝDUM?!”
Söhbetdeşlik
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi DIWANGULYÝEW 18.07.1941 — 29.07.2020 Gönimden gelsem, şol mahala çenli tas on ýyl gowrak wagt bäri goşgy ýazyp, gündelik gazetlerde çap etdirip ýörenem bolsam, ilkinji kitapçam okyjylara ýetirilen bolsa-da, ýazanlarymyň Gurbannazar Ezizow, Gowşut Şamyýew, Italmaz Nuryýew… ýaly galamdaşlarymyň ajaýyp goşgularyndan pesräkdigini özümem aňman duramokdym. Ýöne çagalykdan şeýle höwes eden pişäňden el çekäýmegem aňsat däl-dä. Islendik döredijilik işiniň, birhili, göze görünmeýän jadysam bar-da. Göwnüňe, goşgudan çala başyň çyksa, Kerim halypa ýaly ýazyberjege-de, aýdymdan-sazdan çala habarly bolsaň, Magtymguly aganyň, Sahy aganyň hörpünde aýdym aýdyberjege-de meňzäberýäň. «Özüni bilen — weli» diýýändir türkmen. Her kim özüni bilenliginde, meniň pikirimçe, bu ýalançynyň gyzygam bolmazdy. Elbetde, bu durmuşyň öz üýtgewsiz, göze görünmeýän kadalaram bar. Başyň çykmaýan pişä baş goşup, töwerek-daşyňy bizar edip ýörseň, iru-giç oturmalyja orunjygyňy görkezäýjeklerem tapylaýýar. Gep şol «ýeriň» öz wagtyndarak görkezilenliginde. Hawa, şol gezek Gurbannazar meniň şygryýet «meýdanynda» ornumyň ýokdugyny açyk aýtdy. Onuň aýdanlary ençeme günläp gulagymdan gitmedi. Güň bolan ýaly, içimi hümledip ýördüm. Iň ýaman ýerem, meniň «Atalarymyzyň ýaşlygy» atly kitapçam «Türkmenistan» neşirýatynyň şol ýylky maksatnamasyna girizilipdi. Şol maksatnama-da aýratyn kitapça görnüşinde çap edilipdi. Onda meýilleşdirilýän eserleriň gysgaça mazmuny berlip, çykmaly kitaplaryň nusgasyny (tiražyny) kesgitlemek üçin, kitap dükanlaryna ýaýradylypdy. Kaýum aga-da: «Ýazyjylar guramasyndan geçir-de, getir-dä golýazmalaryňy, çapa ýollaly. Il-ä kitabyny maksatnama goşduryp bilenok. Sen bolsa hödürnamany wagtynda getireňok!» diýip, günübirin jaň edip dur. Indi ber-dä habaryňy. Kaýum aganyňkam dogrudy. Ol neşirýatda çagalar edebiýaty bölüminiň müdiridi. Ol-a maňa hemaýat edýärdi, menem ony neşirýatyň ýolbaşçysynyň öňünde käýinje goýýardym. Ýagdaýym şeýle kynam bolsa, men hakykata gol ýapanymy kem görmedim. Gurbannazardan golýazmalarymy yzyna aldym. Goşgy ýazmagymy 1965-nji ýylyň ahyrlarynda ymyklyja goýbolsun etdim. Maňa beýdäýmegiň beýle bir aňsat düşmändigini aýdaýyn. Ussat şahyrlaryň goşgular kitaplarynyň ençemesini okap, olaryň iň gowularyny ýat bekläp, ýene-de galama ýapyşyp, bäş-alty goşgy ýazyp görýän. Bolanok-da. Boljaga-da meňzänok. Ussatlary okadygymça, özümden göwnüm geçip, Gurbannazaryň aýdanlary barha hakykata öwrüldi. Edil şol günlerem «Edebiýat we sungat» gazetinde Gurbannazaryň «Şahyr. Okyjy. Talap» atly makalasy peýda boldy. Makalanyň başraklarynda ol şeýle ýazypdyr: «Uniwersitetiň filologiýa fakultetini tamamlan her bir talybyň goşgy ýazmaga ukyplydygyna her bir edebi işgär oňat göz ýetirendir. Olar setirleri akdyryp bilýärler, käbir ýerlerde täze-täze örän owadan rifmalary hem işledýärler, iň esasy zadam, garşy çykylyp bolmajak juda dogry pikirleri ündeýärler. Emma şu tetelli poeziýanyň juda dogry pikirleri artygy bilen ulanýandygy sebäpli, nädogrudygyny biz köphalatda unudýarys». Onuň meniň bilen şygryýet babatynda eden gürrüňleri makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçýärdi. Çünki şol mahallaram, edil şu günlerdäki ýaly, Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn, men ýaly «Özün bilmeý kyn söwdaýa sataşyp» ýörenler gaty kändi. Men makalany okap, onuň ýanyna ylgadym. Ajaýyp makalasy bilen gutladym. «Tankyt edýänleriň arasyna menem goşaýmaly ekeniň, gaty görmezdim!» diýdim. Ol aşa tolgunyp, meniň ellerimi mähir bilen gysyp durşuna: «Dost jan, sen meniň aýdanlarymy, dogrudanam, gaty görmediňmi?» diýip, çyny bilen sorady. «Hakykaty kim aýdanda näme? Sen aýtmasaňam, şu ýazyşym bilen şahyr däldigimi ahyr bir gün biri aýdardy ahyryn. Batyrgaý pikir aýdyp bilýän diňe täk özüňdirin öýdýäňmi?» diýdim. Degişmäm ýerine düşdi. Ol ýognas sesi bilen hezil edip güldi-de: «Sagja bol, dost jan, men sen öýkelänsiň öýdüp, gaýga galyp ýördüm, indi ynjalaýdym!» diýdi. Şeýle ýagdaýdan soňra men «Umytly guş Käbä ýetmiş» nakylyna, Magtymguly atamyzyň: Yhlas bilen bir kämilge gol bergen, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz diýen paýhasyna eýerip, edebiýatyň kyssa žanryna geçdim. Elbetde, öňem çaklaňja hekaýalarymyň birnäçesini gazet-žurnallarda çap etdiripdim. Emma şygyrdan geçip, kyssa bütinleý «köňül» bermändim. Merkezi kitaphanadan, galamdaş dostlarymyň öýünden L.N.Tolstoýyň 16, N.W.Gogolyň 5, A.P.Çehowyň 4, M.Gorkiniň 14, M.A.Şolohowyň 4 jiltlik türkmen diline terjime edilen eserlerini, Ç.Aýtmatowyň türkmen dilinde çap edilen kitaplaryny alyp, basa oturyp, çynym bilen okamaga girişdim. Okadygymça-da, tankytçylar aýtmyşlaýyn «edebiýat meýdanyna» düýbünden diýen ýaly taýýarlyksyz gelenimi aňyp ugradym. Kyssada haçan, näme hakda, nädip ýazmalydygam aňyma ornaşyp başlady. Şol döwürlerde meniň Gurbannazar, Gowşut, Italmaz, Saýlaw Myrat… dagy bilen oturyşyklarda eden söhbetdeşliklerimde esasy gürrüňim okan kitaplarymdan alan täsirlerim hakda bolupdyr. Çünki bir gün redaksiýamyzyň uly howlusynyň öňünde Gurbannazara gabat gelemde, ol meniň elimi gysyp durşuna: «Dost jan, öten agşam Italmazlarda Tolstoýyň «Uruş we parahatçylygyndan», Şolohowyň «Göterilen tarpyndan» okan ýerleriňi ýatdan aýdyp bereniňi haladym. Sözme-söz ýatlan ýerleriňem bar. Şeýle içgin okamagyň saňa kömek etjek ýerleri kändir, ynha, indi ýazanyňda, munuň şeýledigine özüňem göz ýetirersiň» diýdi. 1970-nji ýylyň başynda Türkmenistan Ýazyjylar birleşmesi, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan» gazeti) gazeti edebi eserler boýunça bäsleşik yglan etdi. Apreliň ortalarynda bäsleşikleriň jemi jemlenende, meniň «Baky Nazarow günäkär däl» atly hekaýam Ýazyjylar birleşmesiniň geçiren bäsleşiginde-de, gazetiňkide-de 2-nji baýraga (iki bäsleşikde-de 1-njilik hiç kime berilmedi) mynasyp boldy. Bu döwürde men «Ýaş kommunist» gazetinde redaktoryň orunbasary wezipesinde işleýärdim. Bäsleşikleriň jemi hakdaky habar gazetlerde çap edilen gününiň ertesi irden Gurbannazar iş ýerime jaň etdi, begençli tolgunyp durşuna: «Gutlaýan, dost! Kyssada ilkinji ädimleriň şowly. Üçünji baýrak alan bolsaň, duşamda gutlardym. Emma ikinji baýrak eýýäm uly üstünlik. Kyssa geçip, utan bolmagyňam ahmal» diýdi. …Şu waka hem, düýn bolup geçen ýaly, takyk ýadymda galypdyr. 1975-nji ýylyň 23-nji sentýa-brynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jaýynda ir sagat 10-da ýaş şahyrlaryň Bütinsoýuz poeziýa festiwaly açyldy. Açylyş dabarasy bir sagatdan tamamlandy. Festiwala gatnaşyjylary jaýyň öňündäki meýdançada duran awtobusa münmäge çagyrdylar, festiwalyň şol mahalky Timirýazow köçesindäki ýaňy açylan «Aýna» restoranynyň Botanika bagy tarapyndaky giň foýesinde dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Men, öň Ýaşlar guramasynyň Merkezi edarasynda berk tabşyryk berlişi ýaly, redaksiýada, gerek bolsa, gije-gündizläp oturyp, festiwala gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen diline terjime edilen goşgularynyň ýaşlar gazetinde çap edilmegine, gazetiň bir nusgasynyň awtorlara gowşurylmagyna jogap bermelidim. Olaryň goşgulary bolsa Ýazyjylar birleşiginiň poeziýa boýunça konsultanty Gurbannazar tarapyndan festiwaldan tas bir aý öň taýýar edilipdi. Awtobusa münýän ýaşlara gözegçilik edýän Gurbannazar: «Dost jan, sen meni «Aýna» elt-de, soň işiňe git, barýançak gümür-ýamyr edişeris. Mende saňa gaty ullakan, heniz, megerem, türkmen ýazyjysynyň birine-de berilmedik ullakan sowgat bar. Ony festiwaldan soň ikijigimiz restoranda oturyp, gowja belläris, bu sowgat şeýdeniňe juda-juda degýändir» diýdi. Maşyna giren badymyza, ol sumkasyndan çykaryp, çaklaňja bir kitaby elime tutdurdy. Bu kitap dünýä belli ýazyjy Mihail Şolohowyň «Olar Watan üçin söweşipdiler» powestiniň, «Adamyň ykbaly» hekaýasynyň awtoryň goly çekilen kitabydy. Ony Gurbannazara festiwala gelen rostowly şahyrlar sowgat eden eken. Hawa, şeýlelikde, goşgy ýazmagymy goýanam bolsam, çyn ýürekden göwün berenimden — döredijilikden gidip bilmedim. Hekaýalar, powestler, romanlar ýazyldy. Kitaplar çap edildi. Şonda-da, özüm-ä alan galam bardyr öýdemok. Özüňden ökdeleri okaýaň, şolarça ýazybilmeýäniňi aňyp, öz-özüňi çeýnäp ýörsüň. Olary okaman-a oňup bileňok. Okasaňam, öz ýetmezleriň açylyp gidip otyr. Çyda-da çydabilseň. Uly edebiýatçy W.Belinskiý: «Paýhas şahsyýetden uludyr» diýipdir. Şunda ol halk paýhasyny göz öňünde tutýar. Halkyň içinde seniň ýazanyňy, aýdan aýdymyňy, çalan sazyňy çigitläp oturanlar bar. Sähel galplyk etseň, biri görmese, beýlekisi görer, aňar. Guýmagursak zehinli ýazyjymyz Hudaýberdi Durdyýew aýtmyşlaýyn: «Kemally bolmagyň ejiri kän, bikemal bolmagyň ejiri ondanam kän». Islendik sungat saňa hunaba baryny ýuwutdyrman baş beräýenok. Döreden zadyň gowşak bolsa, adyňdan soň tersotur goýup ýazýan derejeleriňem saňa nepi degmez. Gowy eserem on iki süňňüňi müň gezek sökmän döräýmez. Soňraky ýyllarda gündelik gazetlerde işlän döwürlerimde Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Sapargeldi Annasähedow… ýaly halypalar bilen ençeme ýyllap duz-emek bolşan ýyllarymda men hakyky döredijiligiň nämedigine, kämilligiň çäginiň ýokdugyna düşünip ugradym. Has dogrusy, talapkär halypalarymyň gyzykly döredijilik söhbetleri maňa bahasyna ýetip bolmajak edebi sapaklar boldy. Men her bir setiriň, çeper sözüň bogun ýaryp çykýanlygyna, Gurbannazaryň maňa tüýs jaý wagtynda gowy maslahat berendigine göz ýetirdim. Hawa, goşgy ýazmagymy goýanymdan soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda meniň kyssa eserler kitabymyň 15-si (9-sy ylmy-fantastiki powestler, (5-si türkmen, 4-si rus dilinde), 2 roman, 1 halypalar hakdaky ýatlamalar, 4 hem publisistika) okyjylara ýetirildi. 1985-nji ýylda maňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berildi. Häzirki günlerde ençeme ýyllap ýöreden gündeligimi çapa taýýarlap ýörün. Döredijilik kanagatlylygy heniz kemterräk: öňräkki ýyllarda wakalary aňyňda kemsiz bişirilen, ýazaýmaly eseriňi wagtynda basa oturypjyk ýazaýmandygyň ökünji köseýär. Ylham diýilýän närse-de seniň öz seýislän atyň däl, senden ýüz tapmasa, ýüz berjegiňkä tarap uçýar gidiberýär. Garaz, döredijilik işi aňsat pişe-hä däl. Çeper döredijiligiň hupbatlary hakynda bolsa Gurbannazar öwran-öwran aýdyp gidipdir. Biz herimiz — özümiziň zergärmiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli. Bu dünýäde iň eşretli sütemdir, Million setir okap, bir setir goýmak. Öz-özümi iýmän saklanýan zordan, Hakydaňda bolsa şol eýmenç sözler. — Ýeri, ýazmak kärin tapdyň nireden, Näme diýerkäler, näme diýerler? Elbetde, döredijilik azabynyň bolşy ýaly, döredijilik bagty-da, şatlygy-da, buýsanjy-da bardyr. Akyldarlaryň biri: «Kitabyňy okan her bir okyjy seniň alan demir galaňdyr» diýipdir. Şahyr öz goşgularyny perzendine deňände, sähelçe-de artdyranok. Her kitabyň çykanda, edil ogluň bolan dek begenýäň. Hudaýa şükür, türkmen hiç mahalam zehine mätäçlik çeken halk däl. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Sapar Öräýew, Baýram Jütdiýew, Atajan Tagan, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gowşutgeldi Daňatarow, Sona Ýazowa, Agageldi Allanazarow, Kömek Kulyýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Ahmet Halmyradow… ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirip, öz döredijilik harmanlarynyň dokdäne çäjine guwanyp ýaşap ýörler. Döredijilik hupbatyndan gaçman, «setir okap, bir setir goýmagyň» aladasy bilen ýaşasalar, ylham jylawyny sypdyrmasalar, Arkadag Prezidentimiziň bagtyýarlyk zamanasynda edebiýatymyza zehinli edebi tolkun bolup gelen Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew, Gülşirin Hanowa, Leýli Gurbanowa, Aýgül Garaýewa, Laçyn Pürjäýewa… ýaly zehinli ýaşlarymyzyňam halypalyga ýetjekdikleri şu günlerki ýeten edebi kämilliklerinden äşgär görünýär. Makalamyň soňunda çeper eser ýazmaga ýaňy girişen ýaşlara Gurbannazar Ezizowyň şu ajaýyp sargydyny, çeper söz hakdaky ajaýyp goşgusyny ýetiresim gelýär. «Goşgy, eser ýazjak bolup, onam döwrüň, okyjylaryň talaplarynyň derejesinde ýazyp bilmän, galan ömrüňde hem özüňi, hem okyjylary, hem neşirçileri azara goýup ýörmek nämäňe gerek!?». SÖZ Sözüň agramyny ölçemez tonna, Ölçemez güýjüni million kilowatt. Söz — ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur. Söz bar — kime şapbat, Söz bar — kime bagt. Dünýede iň beýik şypa şolaňky, Şatlygmyzy siňdirýäris şolara. Dünýede iň beýik jepa şolaňky, Hasratymyz siňdirýäris şolara. Söz — bu gazap bilen çakan ýyldyrym. Söz — bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir. Başarmasaň — ol öçügsi ýyldyzyň, Başarsaňam — lowlap duran Günüňdir. ©Biznes reklama Çeşmesi: https://br.com.tm/?p=9242. 06.12.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||