SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ RUHNAMASYNDAKY
YRYM-YNANÇLAR
Garaşsyzlyk eýýamynyň bagtyýar perzendi!
Sen pederleriň ruhy dünýäsini içgin öwren, şonda dünýäňe älemgoşar ýalkymy düşen ýaly bolar, köp zatlary öwrenersiň. Adama gowulyklara öýkünmäge çalyşmak mahsusdyr.
* * *
Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, «Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl» diýen hem tapylýar. Şonda Mäne baba:
― Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň ― Allatagalanyň ýoly bilen, türkme¬niň halallyk, adalatlylyk ýoly bilen gitseňiz, almajak galaňyz bolmaz ― diýipdir.
* * *
Geçmişde türkmeniň bir kowçumy oba tutunjak bolsa, göçüp barlaýjak ýerleriň birnäçesinde bir küýze suw bilen uzyn syrygy ýere dikip, oňa el ýaly eti daňyp goýupdyr. Göçmeli wagt gelenden soň, oba kethudasynyň, hut, özi birki sany goja bilen aýlanyp görýär. Nirede et porsap, suw sadyr atan bolsa, şol ýerde mesgen tutmaýarlar.
* * *
«Ýurt düşmedi, ýer kabul etmedi» diýen düşünjeler hem türkmeniň ýeriň peýdaly hem zyýanly zolaklaryny bilendigine kepil geçýär.
* * *
Geçmişde ata-babalarymyz ýap gazjak bolanlarynda bir baýtalyň boýnuna halta doly çägäni basyp, ony suw akdyrylmaly ugra tarap kowupdyrlar. Boýny agyr ýükli baýtal ýeriň iň peselip gidýän ugruny saýlapdyr. Ata-babalarymyz baýtalyň ýörän ugry boýunça, her ýerräkde - her ýerräkde gazyk kakyp, soňra ýap, kanal gazypdyrlar.
* * *
Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdir. Her gün nahar bişirende, «myhman paýyny» goşup bişi¬ripdir.
* * *
Ata-babalarymyz öýüne gelen kişä üç gije-gündiz hyzmat edip, soň habaryny alar ekenler.
* * *
Ilimiz gadymdan bäri: «Myhman ataňdan uly» diýen paýhasa eýerip gelýär.
* * *
Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwre-nip, işe başlajak bolnanda halypadan, ýaşuludan ak pata alynýar.
* * *
Türkmençilikde kyýamatlyk dogan okaşylsa, süýtdeşden aýry görülmeýär.
* * *
Biziň ata-babalarymyz köp işleriň başyny geňeş bilen tutupdyr. Şol geňeşlerde ýa bir adamyň, ýa-da tutuş iliň ykbaly çözülipdir.
* * *
Myhmany törde oturt. Tör – töräniň ornudyr. «Tör», «töre» sözleri bir kökdendir. Örän gadymy eýýamlarda ata-babalary¬myz törde tumar-heýkellerini saklapdyrlar. Ýekehudaýlylykdan öň olara çokunypdyrlar. Soň-soňlar tör töreleriň – soltanlaryň, ýaşulularyň orny bolupdyr.
* * *
Türkmen urşa uruş diýmändir, «toý» diýipdir. «Toýda özüňi nähili howpsuz-hatarsyz, erkin duýşuň ýaly, söweşde-de özüňi toýdaky ýaly alyp barmaly, gorky-ürki ýat bolmaly, aljyramaly däl» diýen niýet bilen batyr ýigitler söweş meýdanyny özleri üçin toý meýdany hasaplapdyrlar.
* * *
Harby sungatda-da türkmen ogly halk pähiminden ugur alypdyr. Halk pähiminde bolsa şeýle diýilýär: «Ýatana ýylan hem degmändir».
* * *
Ok-ýaý türkmenleriň ilkinji milli ýaragy bolupdyr. Ok-ýaý olaryň gündelik durmuşynda esasy orun eýeläp, yrymlaryna, däp-dessurlaryna mäkäm ornaşypdyr... Türk¬men ok-ýaýa simwoliki many beripdir. Maşgalada ogul bolmagyny arzuw edip, öýüň töründen ok-ýaý asyp goýupdyr.
* * *
Hatda ir zamanlarda erkek adamlar dünýäden gaýtsa, olaryň başujundaky mazar daşlarynyň ýüzüne ok-ýaýyň şekilini çek¬mek däp bolupdyr.
* * *
Öý – öwlüýädir. Allanyň guran mukaddesligini öz eliň bilen haraplama!
* * *
Ata öýeren ogluna öý gurup berip, ak pata bilen özbaşdak durmuşa atarýar. Türkmen¬çilik düzgünine görä, ata ýurdy körpe ogla galdyrylýar.
* * *
...öý gurmagyň ilkinji adamkärçilik hem edep şerti ata ýurdunda ýaşamak, eger jaý lagşan ýa könelen bolsa, hut, şu ýurtda täzeden jaý gurmakdyr.
* * *
Ata ýurdunda bolsun, ýa başga täze mellek ýerinde bolsa, öý gurmak işi ata-babalaryň ruhuna aýat-doga okamakdan başlanypdyr. Bu mundan beýläk hem şeýle bolmalydyr. Munuň ata-babalaryň özboluşly ruhy ak patasyny almak manysy bardyr.
* * *
Türkmen howlularynyň derwezesiniň ýokarsynda dürli keramatly zatlar dakylyp goýulýar.
* * *
... «Akpamyk» ertekisinde ýedi dogan awa gideninde ene-atasyna: «Gyz jigimiz bolsa, işigiň ýokarsynda gurjak, oglan bolsa, ok-ýaý asyň» diýip sargaýandyrlar.
* * *
Biziň ähli welaýatlarymyzda derwezäniň ýokarsynda, köplenç, dag goçunyň ýa-da teke¬siniň şahy, kämahal hem atyň naly kakylýar. Şah kämahal elde-de ýasalaýýar. Bular türkmeniň dürli eýýamlardaky ruhy oňonlarydyr.
* * *
Özge öýe baranyňda, gapyny kakman, ardynjyraman, girme! Bu meselede atalarymyzyň özboluşly dessury bolupdyr. Olar öýüň daşynda durup, «Habarlaş!» diýip, gygyrýan ekenler. Her bir jaýa gireniňizde – öý bolsun, edara bolsun – salam berip gir! Salam – öýüň ilkinji hormatydyr.
* * *
Öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp gir! Erkek adam bilen elleşip görüş, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatma! Türkmençilikde erkek bilen salamlaşmagyň düz¬güni aýallaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaş¬magyň şertleri ýaşkiçileriňkiden, tanyş bilen salamlaşmak nätanyşyňkydan tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem türkmeniň salamlaşmak edebiniň gadymy hem inçe, kämil işlenip düzülendigini görkezýär.
* * *
...düýe arassa mal, ýüňü-de halallygyň, päkizeligiň alamaty hasaplanýar. Öz öýüňde namazlyk, düýe ýüňünden dokalan saçak, kündük we beýleki zatlar saklamak parzdyr.
* * *
Türkmen göwreli aýala «Toýly aýal» diýýändir. Biziň bu milli garaýşymyzda türkmeniň adamzat dowama¬tyna bolan gu¬wanjy ýüze çykýar.
* * *
Türkmençilikde göwreli aýaly aýratyn naharlar bilen naharlaýarlar, agyr hem ownuk-uşak zähmetden gorap sakla¬ýarlar. Geljekki perzendiň owadan we görmegeý bolmagyny isleseň, göwreli aýalyňa saýlap-seçip alan miweleriňi iýdir!
* * *
Türkmen oglunyň elini halallatdyranyndan soň, ýagny sünnet etdireninden soň naharyny onuň bilen bir tabakdan iýip başlaýar.
* * *
On üç ýaşa çenli bolan çagalyk müçesi perzende has ünsli, has eserdeň garalýan döwürdir. Ýedi ýaşa çenli oňa şulary bagyş et:
Doglanda toý edip, uly iliň maslahaty bilen gözel at dak!
Bedenini mata gundagy, kalbyny hem akylyny edep gun¬dagy bilen gundagla!
* * *
Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna dakan atlarynda onuň dünýä bolan garaýşynyň alamatlary görünýär: Asman gözelliginden – Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Ýer gözelliginden – Dag han, Deňiz han, Gök han. «Iki älemi – Asmany hem Ze¬mini aldym» diýýän Oguz han Türkmen älemler bilen sazla-şykly, ylalaşykly we arkalaşykly ýaşamak isläpdir. Alty ogul – älemiň bitewiligini kemala getirýär.
* * *
Her eýýamyň adam atlarynda şol eýýamyň adamlarynyň ruhy ahwalaty görünýär. Türk¬meniň oňony bürgüt bolan üçünji eýýamynda Togrul, Çagry ýaly bürgüt atlary ýörgünli bolupdy. Ýöne türkmeniň oňony goç bolan dördünji eýýamynda adam atlarynda naçarlyk güýçli duýulýardy: Allaberdi, Öwlüýäguly, Hojageldi, Ýowbasar.... biziň Garaşsyz¬lyk, baky Bitaraplyk eý-ýamymyzda eýýäm beýle atlar möwritini ötürip barýar. Bu günki çagalara dakylýan atlarda ertirki güne umyt-ynam duýulýar, atlarda adamlaryň ruhy ahwalatynyň belentligi görünýär!
* * *
Salamlaşmak edebiniň şertleri:
ula salamy ilki ber, kiçä eliňi uzadyp, salamlaş! Oturan ýeriň¬den däl, aýak üstüne galyp, salamlaş! Salamdan soň, uly saglyk-amanlyk soraşýandyr.
Gürrüň gutarandan, soň, sagbollaşman gidibermek edepsizlikdir.
Nahara uly başlar, ilki çörekden döwüp, soň kiçilere geçirer. Töwir galdyrman, na¬hardan turulýan däldir. Rysgal-bereket gider. Nahar başynda köp gürlemejek bol, ylaýta-da ululardan köp gürleme!
* * *
Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýer¬lik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. «Myhman – Ýaradanyň iberen adamy» diýlip, hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, bakyýet ýoluna taýýarlanýan gojalara çenli hem¬meler: «Myhman – ataňdan uly» diýen nakyla eýerýär.
* * *
Türkmen asylzadalygy, sypaýylygy, edep-ekramy, salyhaty müňlerçe-müňlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşendir. Taryhy tejribesi ýetik halkymyz atlaryndan itine çenli «tohum mal», «arassa mal» diýen ýaly düşünjeleri ulanypdyr, adamlar barada bolsa ata-babasyna, tohum-tijine seredip, «adam çykýan ýer», «han çykýan ýer» diýen ýaly düşünjelere berk uýupdyr.
* * *
Biz ak mermerden türkmene laýyk jaýlar gurýarys. Men siziň şol jaýlaryň içinde türkmen bolup, türkmeniň milli ahlak-ruhy edebini berjaý edip, ýaşamagyňyzy isleýärin.
* * *
Gatnaşyk açyldygysaýyn, dostluk, doganlyk açylýar. Gat¬naşyk açyldygysaýyn gözýetim açylýar, rysgal-döwlet açylýar.
* * *
Türkmen toý tutar: «Oglum boldy», «Gyzym boldy» diýip, toý tutar, çileden çykdy diýip, toý tutar, gülüp berdi diýip, toý tutar, çagajygyň galpagyny daýysyna syrdyryp, toý tutar, inji berip, toý tutar, ýörjen-ýörjen boldy diýip, toý tutar, diş çykdy diýip, nogul-nabat seçip, toý tutar, sünnet etdirdim diýip, toý tutar, ata çykdy diýip, toý tutar, garaz, türkmeniň toýy-baýramy köpdür, gaty köpdür...
Türkmeniň baş dilegi: «Gazananyň toýuňa ýarasyn!» diý¬mekdir.
* * *
Gyz durmuşa çykyp, baş salnanda, şaýly tahýasy baldyzyna berilýändir. Ýedi gün geçýänçä, kürteli gelniň ýanynda baldyzlary oturýandyr.
* * *
Çaganyň diş toýunda daýy-daýzalary köke-süýji seçýändir.
* * *
Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik nysagyny, kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soň döretdi.
* * *
Türkmençilikde şejeräňi – nesil daragtyňy oňat bilmek, ýedi arkaňa belet bolmak her bir perzendiň borjy hasaplanylýar, çünki ýedi arka – arkalylyk, asyllylyk seniňem il sanyn¬dadygyňyň güwänamasydyr.
* * *
«Mukaddes Watanyny janyndan artyk söýüp, il-ulsuny keramat bilip, Watanyna howp abanan güni ata atlanyp, söweşde şirin janyny gurban berýän gerçekler göni jennete barar» diýip, ata-babalarymyz ynanypdyr.
* * *
Beýik Taňry Älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Dürden suw, suwdan Älemi, Ýeri ýaradýar. Taňry ilkinji derýa döredende suw Hudaýyň ýüzüni görüpdir. Şonuň üçin ol mydama: «Hakyň ýüzüni ýene bir görsem» diýip, asman şekilini bagryna basyp, şol akar durarmyş. Suwuň keramat saýylandygy «Gorkut ata» kitabynda şeýle beýan edilýär: «Gazanyň öňünden bir suw çykdy: «Suw Hakyň didaryny görendir, men suw bilen habarlaşaýyn» diýip, oňa ýüzlendi».
* * *
Dessanlarymyzda-da suwdan salam ibermek, suwdan ýaryny soramak ýaly ýagdaýlar beýan edilýär.
* * *
Suwy keramat saýmak ynanjy il arasynda entegem saklanyp galypdyr. Käbir ýerlerde «Suw almaga bimahal barmaly däl» diýen düşünje bar. Eger barlaýsa-da: «Essalawmaleýkim, suw aga! diýlip, suwa ýüzlenilýär.
* * *
Ýagşyň ýagmagy bilen güýçli tozanyň ýatýandygyny görüp, gadymy ata-babalarymyz suwa gara güýjüň öňüni alyp bilýän gudrat hökmünde garapdyrlar.
* * *
Tüweleýiň turanyny gören çarwalaryň: «Howul bela, sowul bela!» diýip, tüweleýiň gelýän ugruna suw sepmekleri hem suwa ynanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
* * *
Halk arasynda: «Ýeliň piri – Mirhaýdar, ýagyş-ýagmyryň piri – Burkut, sygryň piri – Zeňňibaba, ekiniň piri – Baba¬daýhan, oduň piri – Oraz, düýäniň piri – Weýis baba, dem¬riň piri – Dawut, goýnuň piri – Musa» diýen düşünjeleriň bolmagy hem türkmenleriň dürli ynançlarynyň bolandygyny aňladýar.
* * *
Ata-babalarymyzyň Hudaýy zenan şekilinde göz öňüne getirip, şoňa sejde eden halatlary-da bolupdyr. Sopuçylyk taglymatynda Hudaýy gözel ýar hökmünde göz öňüne getirmek däbi öz gözbaşyny şol ynançlardan alyp gaýdypdyr.
* * *
Şol döwürlerde adamlar gökde Güne, ýerde Günüň bir bölegi hökmünde oda çokunypdyrlar. Ýyldyrym çakanda Hudaý gaharlanýandyr öýdüpdirler. Şeýdip, Güne salam bermek, Aýy ýüzüňe sylmak, gelin gelende, baýramçylyklarda şaman oduny ýakmak, aýry-aýry aýlarda tütün çykarmak, otdan towusmak, näsagyň daşyndan ot aýlamak, şamanyň dem salan suwundan içmek, suwy Taňry, gud¬rat hasaplamak ýaly ynançlar türkmenleriň däp-dessuryna siňipdir, yrymlaryna giripdir. Tüýtatyn, Gaýtarmyş ata, gökde ýagyş ýagdyrmak üçin sanajyny kakýan Garry mama baradaky, suw, ýagmyr bilen baglanyşykly ynançlar otparazçylyk eýýamynda dörän ynançlardyr.
* * *
Türkmeniň yslamy parahatçylykly ýol bilen kabul etmeginde öňki ynançlary, adatlary, däp-dessurlary uly orun eýeläpdir. Özleriniň ozalky ýol-ýörelgeleriniň iň gowy taraplaryny yslam bilen utgaşdyryp biljek ýagdaýynda halk yslamy kabul etjekdigini yslamyň wagyzçylaryna düşündiripdir.
* * *
Yslamy ýaýradyjylar türkmenleriň aňyrdan gelýän ynançlarynyň-da, däp-dessurlarynyň-da täze dine zyýanynyň ýokdugyna göz ýetirip, halkyň yslama erkin ýagdaýda girmegini gazanypdyrlar.
* * *
Türkmen halky yslam dinine kalby bilen, köňli bilen, ýüregi bilen ynanyp, ony özüniň ozaldan gelýän ynançlary bilen, adaty, däbi-dessury bilen utgaşdyryp, ruhuna siňdiripdir.
* * *
Türkmen Gurhanyň, hadyslaryň ähli oňatlyklaryny ýörelge edinen halk. Ol bir Taňra uýýar. Ol ýeke-täk Allanyň gudratyna ynanýar:
– Kimiň guly bolarsyň?
– Allanyň guly bolaryn!
– Kimiň ymmaty bolarsyň?
– Muhammet ymmaty bolaryn!.. – diýip, türkmen çagasyna-da dil bitip ugranda şony gaýtaladyp, bu dini nesillerine wagyz edýär.
* * *
Egsilmez güýç-kuwwat ynançdadyr. Ynam bu dünýäde ýaşap ýören her bir adamyň ýaşaýşynyň, şahsy durmuşynyň mizemez binýadydyr.
* * *
Türkmen doganyny ar-namysy yzlaşýan, ner-bugra dek dyzlaşýan, garşydaş bilen gala-gala sözleşýän hatardaş hasaplaýandyr.
* * *
Türkmenlerde doganlar şol bir eşigi geýip ulalýandyrlar. Bu ýeter-ýetmezlikden däl, munuň manysy dogany dogana mähriban etmekden ybaratdyr. Mähriň bir ýüpüne daňylan doganlar hakyky doganlar bolup ýetişer. Şonda ini: «Agam bar – ne gamym bar?!», aga-da: «Inim bar – ilim bar!» diýer.
* * *
Türkmende ýigit agraslygy, gyz alçaklygy oňat görülýändir. Ýigit suwjuklygy gyz ýeňlesligindenem ýaramaz görülýär. Gyz haýasy agraslyk bilen alçaklygyň utgaşygydyr.
* * *
«Mal eýesine çekmese, şumluk» diýýändir türkmen.
* * *
Durmuş çylşyrymly, hatda Görogly bol¬saň hem, senden rüstem geljek şer güýçler bar. Şeýle ýagdaýda diňe özüňe yna¬nyp, maňlaýyňy diwara urup durman, has beýik Güýje – Hudaýa ynanmaly! Ynanç – Güýç! Ynanç – ýeňip bolmaýan Güýç!
* * *
Çaga garaşýan, göwreli aýala toýly aýal diýilýär, çünki, çaganyň dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bä¬bege at goýlup, pişme, nogul-nabat seçilýär. Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garşy alýar. Munda uly many bar, munuň özi ýaşaýşyň gözelligini, adama berlen ömrüň bagtlylykdygyny ykrar etmekdir.
* * *
Çaganyň saçyny syryp, türkmen galpak toýuny toýlaýar. Bäbegiň galpagyny daýysyna syrdyrýarlar. Oňa halat-engam ýapýarlar. Çünki türkmende «Är – daýa» diýen ynanç bardyr.
* * *
Çaga ilkinji diş çykanda, diş toýuny toýlaýarlar. Munuň özi çaga dogumlylygy, rysgallygy we garadangaýtmazlygy arzuw etmekdir.
* * *
Oglan çaga ekabyr çykansoň, sünnet toýy edilýär. Sünnetiň manysy çaganyň elini halallamak, erkek kimin mertligi arzuw etmekdir.
* * *
Türkmen toýlarynyň içinde iň ulusy durmuş toýudyr. Toý diýlende türkmen düşünjesinde, adatça, durmuş toýy göz öňüne gelýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Türkmen gymmatlyklarynyň içinde maşgala uly orun eýeleýär. Her bir durmuş toýy bolsa, täze maşgalanyň dörändigini buşlaýar.
* * *
Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyň ýedi arkasyny, dogan-garyndaşlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? – Anyklar!
* * *
Durmuş toýy bilen baglanyşykly türk¬meniň özboluşly dessurlarynyň, öz ähmiýetli düşünjeleriniň birgiden ulgamy ke¬mala gelipdir. Durmuş toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly ge¬lin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutup¬dyrlar. Munuň özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr.
* * *
Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryň öňüne çörekli saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyň ata-enesiniň garşylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öň döwlen çörekden datman, onuň içindäki bitin çöregiň gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. Şondan soň olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «Şu taraplarda biziň ýitigimiz bar, şony idäp geldik» diýen manyda aňladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwnemakul görse, pikirlenmek, maslahatlaşmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar.
* * *
Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý işlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hos¬sarlary we goňşy-golamlary bilen oňşukly gatnaşmak barada wesýetler etse, ata¬sy gaýynlary sylamak, adamsyny hormat¬lamak barada ýagşy öwüt-ündewleri edýär.
* * *
Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şol ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.
* * *
Gelnalyjyny garşylamak toýuň iň şowhunly we bagtly pursatlarynyň biridir. Gelniň gelýänini ilki bilene buşluk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan ýüzärlikleriň arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maňlaýyna sylýarlar. Oňa bagt arzuw edýärler.
* * *
Nika gyýmak üçin kazy, pyýadakazylar we eli gaýçyly aýallar ýygnanyp, öýde oglan bilen gyza nika gyýýarlar. Nika gyýlanda, olara ýörite taýýarlanylan süýjülik su¬wun¬dan içirýär¬ler.
* * *
Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna ge-tiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurypdyr.
* * *
Nika gyýlanda «süýji durmuşda ýaşasyn» diýip, süýjülik suwy paýlanýar.
* * *
Gelin gaýdyp gelende gaýyn ata – gaýyn enä, gaýyn aga - gaýyn ekejä sowgatly gelýändir.
* * *
«Gelin ýanýoldaşynyň hyzmatynda bol¬sun» diýip, oňa guşak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.
* * *
Türkmen gonamçylygy dolup, täze gonam tutunjak bolanynda çem geleni gonambaşy edäýmeýär. Gonambaşy bolup, ýagşyzada ýaly adam ýatmaly, onuň uly molla, ahun, işan bolmagy hökman däl, ýöne ajaýyp adam bolmagy weli hökman bolupdyr.
* * *
...Türkmeniň gadym paýhasy kömege gelýär: skeletleri ― ystyhanlary setir ýatyryp, kerwende süňk garyndaşy gyrlan ýigitler ýeke-ýekeden goşaryny hanjary bilen dilip, ganyny ystyhanyň çakyr atyp ugran süňklerine damdyrýarlar. Daman gan süňk garyndaşynyňky bolmasa, süňküň ýüzünden akyp ötägidýär, kimiň garyndaşy bolsa gan süňke edil çägä siňen ýaly siňýärmiş ...
* * *
Ynsanyň ýogalanyny adamlara ur-tut habar bermek gerekdir. Türkmençilikde «Pylany öldi» diýen ýaly gödek sözler bilen ýas habary berilýän däldir. Oňa derek «Ýurduny täzeledi», «Amanadyny tabşyrdy», «Eýesine gowuşdy», «Hak jaýyna gitdi» diýen sypaýy hem gynançly sözler bilen aýdylýandyr.
* * *
Türkmen dessurynda ýogalan bendäni mümkin boldugyça, tiz topraga tabşyrmak esasy kadalaryň biridir. Emma, bu hemişe mümkin bolup durmaýar. Süňk hossarlaryň bary hoşlaşmaga gelip ýetişýänçä, jesedi birnäçe wagtlap saklamaly bol¬ýar. Muňa türkmençilikde «Merhumy myhman almak» dessury diýilýär, çünki «Jan çykan jeset indi bu dünýälik däl, ony diňe wagtlaýyn myhman alyp bolar» diýen düşünje gaty gadym eýýamlardan saklanyp galypdyr.
* * *
Merhum ýeke goýulmaly däldir, onuň ýanynda hökman adam oturmaly. Onuň ruhy ýekelikde, ýalňyzlykla ynjamasyn, howatyrlanmasyn! Garaňky gijeler ýanynda şem ýa elçyra ýakyp goýulmalydyr.
* * *
«Ata-babalarymyz neresse çaganyň ruhy öý - öwlüýäni her hili belalardan goraýandyr» diýip hasaplapdyrlar. Olar «Neresse çaganyň ruhy ata ýurdundan çykyp gitmek islemeýär» diýip düşünipdirler.
* * *
Bu dünýäde arassalyk we päklik bilen ýaşalyşy ýaly, o dünýä-de arassa barylýandyr. Jesedi ýuwmak işi-de diňe ýüregi arassa, niýeti päk adamlara ynanylýandyr. Merhum erkek kişi bolsa, ony erkek adam, merhum aýal maşgala bolsa, aýal adam ýuwmaga haklydyr. Jesedi ýuwup-artmak örän uly sogapdyr. Özem muňa, ilkinji nobatda, öleniň süňk hossarlary hukuklydyr.
* * *
Söweşlerde şehit bolan kişiler jennete öz gany bilen barýandyr.
* * *
Ata-babalarymyz «Merhumyň ruhy bir ýyllap saklanýar, bir ýyldan soň ruh ýurduny täzeleýär» diýip ynanypdyrlar. Merhu¬myň ruhy bir ýyllap, özüniň ýatlanylmagyny küýseýär. Merhumyň ruhy hoş bolar ýaly juma agşamlary öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagy durmuşyňyza giriziň!
* * *
Aş sadakasy berlenden soň, ýogalan bende merhumlar dünýäsinde gutarnykly orun aldy hasaplanylypdyr.
* * *
Merhumyň mazaryna zyýarat etmek sogapgünleri, anna hem-de ruhgünleri bellenipdir. Gonamçylyga barlanda ähli merhumlara salam berilmelidir.
* * *
... gabrystanda ýatmak, mazarlary depeläp ýörmek, üstünde oturmak, ahy-nala bilen uludan ses etmek edepsizlikdir.
* * *
Ýasda erkek adamlaryň telpek geýmek däbi otparazlar döwründen bäri dowam edip gelýär. Ol «başymda gam bar» diýen manyny aňladýar. Ýasda aýallar bürenjek atynýar. Ölen adamyň hossarlary kyrk gün geçýänçä, aýdym-saz diňlemeýärler, belli günleri geçýänçä, toý tutmaýarlar.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA,
dil-edebiýat ylymlarynyñ kandidaty.
Halk döredijiligi we rowaýatlar