10:30 Üç kör / rowaýat | |
ÜÇ KÖR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bu ýagty jahanda bir pukara ýigit ýaşapdyr. Ol ýer ýüzüni aýlanyp ýörşüne gedaýçylyk bilen gün görüpdir. Bir ýyl aýlanyp, on fulury ýygnap, ýylyň ahyrynda öz göbek ganynyň daman ýerine dolanyp gelipdir. Onuň ýaşaýan şäherinden bir derýa akyp geçýän eken. Ol derýanyň kenaryna gelip, eşiklerini aýrypdyr, suwa düşüpdir, soňra ýene eşiklerini geýip, ýola rowana bolupdyr. Özüniň ýygnanja fulurylaryny-da şol ýerde ýatdan çykaryp, galdyryp gidipdir. Birdenem, ýigidiň ýadyna puly düşüpdir, ýöne ol onuň ýanynda ýokdy. Onda ol ýigit: «Eger men öz pullarymy tapaýsam, seniň adyňdan bir fulury gedaýa bererin» diýip, Hudaýa söz beripdir. Ol yzyna dolanypdyr. Görse, ýaňky suwa düşen ýerinde onuň pullary duran eken. Ýigit şähere dolanypdyr. Ilkinji duşan gedaýyna ähli zady gürrüň beripdir-de: — Şeý diýip men Hudaýa söz berdim, ine, saňa bir fulury — diýipdir. Ol gedaýyň iki gözi-de kör eken. Ol: — Eger sen ony maňa söz bereniň üçin berýän bolsaň, onda olaryň onusyny-da maňa görkez, men içinden özüme geregini saýlap aljak — diýipdir. Ýigit oňa ynanyp, on fulury hem oňa beripdir. Kör gedaý ýigidiň uzadan ähli şaýlygyny ilki elinde tutup durup, soňra kisesine salypdyr. Ýigit ýalbaryp, puluny yzyna sorapdyr. Onda kör galmagal turzupdyr: — Kömek ediň! Bu adam maňa bir zat etjek bolýar! Gözliniň şaýady ýokdy. Şeýdip, kör gedaý ýigidiň ähli altynyny alypdyr. Lapykeç ýigit körüň yzyna düşüpdir: «Hany, göreli bakaly, ol meniň fulurylarymy nirede gizlärkä?» Gedaý öýüne barypdyr, gizlengi ýerden bir küýze çykarypdyr, ýigitden alan ýaňky on fuluryny hem şol küýzä salyp, kör: — Eý, meniň bäş ýüz fulurym. Ine, size ýene on tylla goşýaryn! — diýipdir. Diýmek, ol küýzäniň içi gyzyldan doly bolmaly. Ol küýzäni iki gezek ýokary zyňyp, iki gezek garbap tutupdyr. Üçünji gezek ýokary zyňanda ýaş ýigit ony entek howada wagty gapyp alypdyr. Kör küýzäni köp gözledi, ýöne ol ony nädip tapsyn! Onuň ýanyna ýene bir kör gelip: — Sen näme üçin aglaýarsyň? — diýip sorapdyr. Ol hem bolan wakany oňa gürrüň beripdir. — Şeýdip, on fulury bilen meniň bäş ýüz fulury pulum hem ýok boldy, ýitdi. Onda ikinji kör oňa şeýle diýipdir: — Heý, şeýdibem pul gizlenýänmidir? Ine, meniň şu gyşyk-myşyk taýagymda ýedi ýüz fulury gizlengi dur, men ony nirede gaçyrsamam, her bir kişi ony ýene maňa getirip berýär. Birinji kör: — Hany, şol taýagyňy maňa görkez — diýipdir. Şonda birinji kör oňa eli ýetmänkä, olaryň ýanynda duran hälki gözli ýigit alýar. Ikinji kör biraz garaşansoň taýagyny yzyna bermegini talap edip ugraýar. Birinji kör ör-gökden gelipdir: — Eýsem sen maňa taýagyňy berdiňmi näme? Şeýdip, olar dawalaşypdyrlar. Şol wagt olaryň ýanyna üçünji kör gelip: — Siz näme üçin dawalaşýarsyňyz? — diýip sorapdyr. Olaryň biri küýzesiniň, beýlekisi taýagynyň ýitenini aýdyp beripdirler. — Siziň ikiňizem şeýle samsyk ekeniňiz! Ýagşam bir pul gizläpsiňiz! Ine, egnimdäki şu şylha-şylha çohede (çerkeska) müň fulury gizlengi. Men ony nirä zyňsam, her kes ony ýene maňa getirip berýär. Şol ýaş ýigit bolsa entegem bularyň ýanynda duran eken. Bu gepi eşidip, ol bazardan bal satyn alypdyr. Gelip, hälki körüň çohesine bal çyrşapdyr. Biraz wagtdan arylar çozup gelipdirler. Ol kör çohesini çykaryp, beýlede asyp goýupdyr. Gedaý ýigit ol çoheni hem alyp gidipdir. Körleriň üçüsi-de aglapdyr, ses edipdir. Bu iş patyşa baryp ýetipdir. Patyşa jarçylary çagyryp: — Bu işi kim eden bolsa meniň ýanyma gelip, o hakda gürrüň bersin. Ýogsam hiç kim rehime garaşmasyn! — diýip, jar çekmegi tabşyrypdyr. Görgüli gedaý ýigit bu habary eşidip, gorkupdyr. «Patyşa meniň günäm bilen başga bir bigünäni jezalandyraýmasyn» diýip, ol patyşanyň ýanyna baryp, oňa bolan wakany başdan-aýak gürrüň beripdir. — Ine, men-ä oňa ýagşylyk edýän, ol bolsa ýagşylyga şeýdip jogap berdi. Patyşa oňa: — Ýagşylyga ýagşylyk edýän az-azdyr. Ýamanlyk eden mydama aldanýandyr. Olaryň her birine ýüz fulurydan paýla, goý, olar seniň adyňa alkyş aýtsynlar. Galanlaryny bolsa özüňe al. Goý, Hudaýyň kömegi bilen olar seniň geregiňe ýarasyn. "Tymsallar diwany" kitabyndan. Terjime eden: Akmuhammet Hemidow | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |