11:23 Ýazyjynyň özboluşly täri | |
ÝAZYJYNYŇ ÖZBOLUŞLY TÄRI
Edebi makalalar
Garaşsyzlyk döwründe türkmen edebiýaty özboluşly ösüş ýoluna düşdi. «Her döwür özüniň edebiýatyny ýüze çykarýar» diýen pikir häzirki döwürde hem tassyk boldy. Häzirki döwürde hem zamanabap türkmen edebiýaty kemala geldi. Şu döwürde zamana guwanmak, Watana guwanmak eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Garaşsyzlyk döwrüniň kämil edebiýatynyň emele gelmeginde bolsa mundan öňki döwrüň edebiýatlarynyň täsiriniň güýçli bolandygyny inkär etmek bolmaz. Garaşsyzlygyň öň ýanyndaky edebiýatyň wekilleriniň döreden eserlerine ser salanymyzda bolsa, Garaşsyzlyga nähili garaşylandygyny, özbaşdaklyga suwsalandygyny, özygtyýarlylygyň arzuw edilendigini duýmak bolýar. Bulary Garaşsyzlygyň öň ýanyndaky edebiýatyň wekilleriniň biri Juma Hudaýgulyýewiň eserleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Geçen asyryň segseninji ýyllaryňda edebiýata gelen ýazyjylar öz beýan ediş stilleri, eser dörediş usullary bilen bile geldiler. Osman Ödäýewiň eserlerinde aýdyljak bolunýan pikiriň ýaşyrylmagy mahsus bolsa, Kömek Kulyýewiň eserlerinde assyrynlyk bilen gülki astyna almak, Ahmet Halmyradowyň eserlerinde agraslyk mahsusdyr. Olardan tapawutlylykda Juma Hudaýgulyýewiň eserleri islendik meseläni keserdip goýýar, ýagny hiç bir gizlin zat ýok. Ol her bir pikirini, açyk aýdýar. Onuň edebiýatdaky ýüzi hem şondan ybarat — ol ýüz özboluşly. Onuň «Dilçi», «Bilimsek», «Iner ogul» hekaýalarynda öňe sürýän meseleleri aýdyljak bolunýan pikir, aňladyljak bolunýan ideýa gözüň alnynda. «Güman» atly hekaýada hereket edýän ähli gahrymanlaryň obrazlary birleşip, ýalan sözüň sabyn köpürjigi ýaly bir zatdygyny nygtaýarlar. Ýazyjy türkmenlerde namysyň iň belent zatdygyny, şondan ýokarda adamlar üçin hiç bir zadyň ýokdugyny, bolup-da bilmejekdigini nygtaýar. Gerek ýerinde ol pikir gahrymanlaryň dillerinde-de, oýlanmalarynda-da aýdylýar. Ýazyjy Juma Hudaýgulyýew namys, mertebe meselesine başga-da birnäçe hekaýasynda ýüzlenýär. Juma Hudaýgulyýewde ünsi özüne çekýän zat, hiç kimi biperwaý goýmaýan zat onuň gönümelligidir. Ony beýleki ýazyjylardan tapawutlandyrýan aýratynlyk onuň eserleriniň gürrüň berme tärinde döredilmegidir. Mälim bolşy ýaly, türkmen halk ertekilerinde, rowaýatlarynda, dessanlarynda gürrüňi edilýän waka gürrüň bermek üsti bilen beýan etme tärinde okyjylara ýetirilýär. Şonda gahrymanlaryň häsiýetleri-de awtor — gürrüň beriji tarapyndan bir ýa-da birnäçe sözlemde açylýar. Gahryman onsoň şol özüne berlen sypatlandyrmanyň, häsiýetlendirmäniň çäginde hereket edýär. Juma Hudaýgulyýew halk döredijiliginiň we öňki döwrüň eserleriniň şunuň deýin tärini özüçe ösdüripdir. Ýazyjy wakalary beýan edende wagt hem ýer ölçegini saklaýar. Aýratynam, häsiýetleriň has aýdyň açylyp görkezilmegine ýykgyn edýär. Munuň üçin ol psihologizmi ussatlyk bilen ulanýar. Ýazyjy gahrymanlarynyň içki oý-pikirlerine şeýlebir köp orun berýär welin, şol pikirlere okyjynyň özi-de goşulyşyp gidýär. Käte bolsa gahrymanlaryň içki oý-pikirlerini awtor öz dilindenem gürrüň beriberýär. Şol oý-pikirlerde bolsa döwür hakda oýlanmalar öz beýanyny tapýar. Şu ýerde edebiýatçy alym, professor Öde Abdyllaýewiň bir sözüni getirmekçi bol ýa rys. Ol şeýle ýazýar: «Mälim bolşy ýaly, ýazyjy okyjylarda gowy häsiýetli gahrymanlara söýgi, erbet häsiýetli gahrymanlara bolsa ýigrenç döretmegi maksat edinýär. Okyjyda beýle duýgyny döredýän zat bolsa gahrymanyň häsiýeti, duýgusy, niýeti we ş.m. içki mazmunydyr ». (Öde Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik, Aşgabat, TDU, 1972 ý., 351 sah.) Gahrymanlaryny ilkibaşdan okyjylara kimligini tanatmak Juma Hudaýgulyýewe mahsus häsiýetdir. Şeýle bolsa J.Hudaýgulyýewde okyjylary özüne çekýän zat näme? Eger şeýle sorag goýulsa, onuň birnäçe sebäplerini sanap bolardy. Ilki bilen, J.Hudaýgulyýewiň beýan ediş täri okyjylary özüne imrindirýär. Ol eserleriniň dilini halkyň gepleýiş diline has ýakynlaşdyrýar. Süýji sözler tapýar. Sözlemleriň gurluşy ýönekeý, ol bolsa öz gezeginde eseriň akgynly okalmagyna alyp barýar. Şonuň üçin onuň eserlerini okyjy bir demde okap çykaýsam diýýär. Ýazyjynyň tema saýlaýşy-da ünsi özüne çekýär. Juma Hudaýgulyýewiň dialogy hiç bir ýazyjynyňka meňzemeýär. Onuň eserlerini ýörite çintgäýmeseň, hiç babatda başga bir ýazyja meňzeýändir öýtmeýärsiň, şol meňzeşligi (gahrymanlaryň dialoglary arkaly hekaýa gurmak) tutmak gaty kyn. Ol gahrymanlaryň sözlerine, iç gepletmelerine, oý-pikirlerine şeýle bir köp orun berýär welin, hekaýa şol gürrüň berijiniň dilinden düzüläýdimikä öýdýärsiň. Olarda gahrymanlar taýýar görnüşinde orta çykýar, ýagny başgaça aýdanymyzda, gahrymanlar ösüşde görkezilmeýär. Şu häsiýet diňe şu iki hekaýa üçin däl, ol Juma Hudaýgulyýewiň tutuş döredijiligine hem mahsus zatdyr. Dogry, publisistik äheňli eserlerde esasy üns obrazlara däl-de, ideýa, orta atylýan meselä gönükdirilýär. Biz Juma Hudaýgulyýewiň öz eserlerine publisistik äheň bermegine döwrüň suratyny çekmek de, döwrüň hakykatyny açyp görkezmekde ýazyjynyň ulanýan täri hökmünde baha berýäris. Ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň «Ojaklar öçmesin» hekaýasyndaky Gültäç ejäniň obrazy öz ojagyna wepalylygyň, öz ynamyna, maksadyna ygrarlylygyň simwolydyr. Gazaply urşuň pidasy bolup, uruş diýen ganymyň garşysyna gujur-gaýratyny jemläp, göreşe giren zenanyň şu hekaýada kalbynyň açylyşy, häsiýetiniň çekilişi şeýlebir güýçli, şeýlebir çeper, şeýlebir janly hem-de şeýlebir milli welin, ol zenanyň janly keşbi halkyň hem Watanyň gahrymanyna bagyşlanan ölmez-ýitmez ýadygärlige, sungat eserine meňzäp, gözüň alnyndan gidenok. Göwnüňe bolmasa, Gültäç eje töwereginde gezip ýören, kalbyny eýeläp ýören ýaly duýulýar. Megerem, çuň mazmunly bu eser J.Hudaýgulyýewiň bütin döredijiliginiň täjidir. Wepaly ýar, zenan yhlasy hakda türkmen edebiýatynda az eser ýazylmady. Gültäç eje olary gaýtalamady, olara meňzemedi, olary bir gez ösdürdi. Eýsem, Gültäç ejäniň urşuň garşysyna görkezen gahrymançylygy Watan ugrunda gan döken goç ýigidiň gahrymançylygyndan pesmi? Oňa hiç pes diýip bolmaz. Gültäç eje ýanýoldaşyny hem ýalňyz ogluny aldyryp, özi ýar ýurdunda gugaryp galýar. Gültäç ejäniň agyr ýyllardan, aňzakly gyşdan alyp çykan ynamy, gulluk edýän ideýasy, il-güni bar. «Hümmediň yzy ýitmesin» — ine, Gültäç ejäniň köýen ömründe ýöreden beýik pelsepesi. Onuň üçin şondan beýik maksadam ýok, ynamam. Şol ojagy mizetmän saklamak, ýara hem ýar ýurduna wepaly bolmak Gültäç ejäniň ömrüniň manysy. Gültäç ejäniň şol ygrarlylygy, wepasy, Watany goran goç ýigidiň mertebesiniň belent tutulmagy — ine, şular şu gysgajyk hekaýanyň manysyny çuňlaşdyrýan baş ideýasy. Kyrk ýyllap ýar ojagyny saklasa-da, Gültäç eje oňa Gültäjiň ojagy diýdirmedi, Hümmediň ojagy, Hümmediň ýurdy, Hümmediň jaýy diýdirýär. Ol Hümmediň ojagyny ölinçä saklajakdygyny, oduny öçürmejekdigini ýüwürjisine aýdyp, oňa pent edýär: «Şu gapyny saklap ömrümi ötürerin. Senem käte bir gelip agaň çatmasyna boýnuňy uzat. Maňa şolam bor. Özüm ölünçäm-ä agaň gapysy ýapylmaz». (J.Hudaýgulyýew. Ojaklar öçmesin, Aşgabat, «Türkmenistan», 1986. 5 sah.) Ýöne Gültäç ejäniň psihologiýasynyň, häsiýetiniň açylyşy-da beýlekilere meňzänokdy. Ol Juma Hudaýgulyýewiň döreden Gültäji. Oňa ýazyjynyň öz döredijilik aýratynlygy siňipdir. Ömrüniň paýawlamagy bilen kyrk ýyllap apalap gorap gelen ojagynyň gugaryp galjagy Gültäç ejäni suwdan alyp oda, otdan alyp suwa salyp başlaýar. Mertlik bilen bilini berk guşap agtarsaň, durmuşda kyn meseläniňem çözgüdini tapyp bolýar. Ýapyljak bolup duran gapyny-da, ýapman saklamak mümkin. Gültäç eje şu pikire ynanýar. Gültäç eje gözleýän çykalgasyna ynamly ýapyşýar. Hümmediň ojagy öçmeli däl. Sebäbi Gültäç ejeden soň Hümmediň ojagyna eýe boljak adamlar bar. Adamlar düýşlerinde Hümmedi atly görýärler. Ony atly göräýmelem. Sebäbi onuň yzy abat. Onsoňam, ol ýerden ýeke çykan adam däl ahyry. Abraýly inisi bar. Dogan dogana dözmez. Tüweleme şahasy köp, Gulkişi Hümmetlere bir goluny uzatsa, bolar duruberer. Ahyr ýeňňesi çynyna tutandan soň, Gulkişi: «Ýeňňeň agyr ýatyr» diýlen çakylygy alansoň obasyna dolanýar. Ýeňňe ýüwürjisini, onuň garaşmaýan sözleri bilen garşy alýar hem belent adamkärçiligi, ygrarlylygy bilen aňk edýär. «Bu öýüň hakyky eýesi men däl ekenim... Şu ojagyň hakyky eýesi sen. Seniň agaň bosagasy şu. Ataň pahyryň bosagasy ». (Hudaýgulyýew J. Ojaklar öçmesin. Aşgabat, «Magaryf», 1986, 13 sah.) Aşakdaky jümlelerde hekaýanyň ikinji ýarymyna şäriklik edýän many bar. Ol many Gültäç ejäniň ýar ojagyna wepasyny has-da çuňlaşdyrýan belent many. Onda gelejegiň aladasy ganym urşa garşy göreş bilen birleşip, türkmen zenanynyň mertligi, ganym urşa garşy ýigrenji, ýanbermez göreşi, gaýduwsyzlygy has aýdyň ýüze çykýar. Gültäç eje ýedi ýaşly agtyjagyny yzyna tirkäp gapydan giren Gulkişä şeýle diýýär: «Heý, beýle-de bir gonman uzak uçmak bormy?» «Gir, Gulkişi! Ataň ýurdy, agaň ojagy abatja durandyr. Ir-u-giç geläýse eli sowuk kölegä degmesin diýip içiniň odunam öçüremok. Ýör, agaň gapysyny öz eliň bilen aç-da, söýesine egniňi bir dire!.. Hawa, Gulkişi eziz doganynyň söýesine egnini direjek, ol ojaga hakyky eýe boljak Hümmetjik bilen gapydan ätleýär. Gültäç eje, Hümmet gidipdir ilkinji gezek onuň gapysynda uly jemagaty ýygnap, özi hyzmat edip, uly toý tutýar. Bu toýa ilem goşulýar. Sebäbi ol ojaga hakyky hümmet gelýär. Agasynyň ojagyny uzak ýyllap abat saklan ýeňňesine hyýalynda tagzym eden Gulkişi alym bolup, adamçylyk babatda ýeňňesiniň galan belentligine galyp bilmedigine akyl ýetirýär. Hem agasynyň ruhunyň, hem ýeňňesiniň alnynda özüni ýazykly saýýar, ahmyr edýär. Ol agasy urşa gidende aglamandy. Emma onuň boşap galan ýurduna gelmäge ýaýdanyp lagşapdy. Emma ýeňňesi ondan belent çykypdyr. Ol agasynyň ojagyny saklapdyr. Gulkişi «pukara ýigidiň garyp çatmasyny saklap oturan zenana näme diýjegini bilmedi. Onuň boýnundan haýsy gymmatbaha daşy asjagyny bilmedi». Hümmediň adyny göterýän Hümmetjik gapydan girende Gültäç eje öz yhlasy gapydan girendir diýip oý edýär. Onuň gurpdan gaçan bedenine täzeden gurp gelýär. Çagany öz Hümmedine – ömürlik ýitiren ýurt eýesine meňzedip, gurplanýar, ganatlanýar. Gültäç eje «Kyrk ýyl bäri dulunda ýata-ýata, indem gugaryp galmaly bolan öýüň içinde peýda bolan ýaş nahaly görüp, ýeňsesini tüňňerdip gapydan çykyp barýan urşuň yzyndan goşa ýumrugyny düwüp haýbat atdy. Heşelle kakdy. «Hä-ä, utuldyňmy?! Basyldyňmy menden, ganym mekgar?!» diýip gygyrdy. Onuň öýkeläp çykyp gidenini Gulkişä buşlamak üçin hasanaklap baryp, daşky jaýyň gapysyndan boýnuny uzatdy». Eger edebiýaty döwrüň aýnasy diýip düşünsek, onda Juma Hudaýgulyýewiň türkmen edebiýatyna getiren obrazlary öz döwrüniň adamlarynyň hakyky keşbini janlandyrýar. Olaryň hereketlerinde, ruhy dünýäsinde jemgyýetiň kämil, sagdyn hem arassa ahlakly bolmalydygy baradaky düşünjeleri aňlamak mümkin. Seredip geçen eserlerimiziň gahrymanlaryny umumylykda göz öňüne getirenimizde olaryň ýurt Garaşsyzlygyna suwsandyklaryny açyk duýmak bolýar. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň alnyndan Gün bolup dogdy, ony bagta ýetirdi. Edil şonuň ýaly binýady berk bolan Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatyna ganat bekletdi. Bu günki edebiýaty gök asmanda ganatlaryny giňden ýaýyp uçýan bürgüde meňzetsem, hiç öte geçdigim bolmaz diýip oýlanýaryn. Akmuhammet HEMIDOW, ýazyjy. “Garagum” žurnaly, 2022, №4. 151-154 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |