INTERWÝU
Çilim tüssesiniň adam saglygyna ýetirýän zyýany barada bilmeýänimiz az-azdyr. Ýöne şeýle-de bolsa bir säwlik bilen çilim çekmegi öwrenip, soňra ony taşlap bilmän ýörenlerem az däl. Agadurdy aga welin, çilim çekmäni birden goýup bilipdir. Biz hem şu barada onuň bilen gürrüňdeş bolduk.
– Agadurdy aga, çilim çekmegiň zyýany barada gürrüň edip, söhbetimizi uzaldyp oturmaly. Ol barada biziň okyjylarymyzyň sowady ýetik. Şonuň üçin söhbedimiziň başyny bu ýaramaz endigi nädip öwrenendigiňizden başlaýaly. Siz ony ýalňyşlyk hasap edýärsiňizmi?
– Ýalňyşlyk?! Onda-da nähili ýalňyşlyk! Seniň ömrüňe badak atýan ýalňyşlyk! Özüňe ýakyn adamlary özüňden yrak durmaga mejbur edýän ýalňyşlyk! Ýöne adam çig süýt emen. Şonuň üçin onuň käbir edýän işleri-de çig bolýar. Çilim çekmegi öwrenmegi-de onuň çig işleriniň biri. Ýogsam ol çilim çekmegiň zyýandygy barada, ony öwrenmeli däldigi barada, onuň ýaramaz endikligi barada köp eşidýär. Ýöne ogurlyk etmek endiginiň iňňe ogurlamakdan başlanyşy ýaly, çilimkeş bolmagam ilkinji çeken çilimden başlanýar.
Ilkinji çeken çilimiň gaty ýigrenji bolup görünmegi, onuň tüssesiniň öýkeniňe ýaramazlygy, indi gaýdyp çilim çekmäýin diýdirmegi ýene bir gezek çilim çekmegiňe ýol açýar. «Heý, şol ýigrenji tüssäni-de göwün küýsärmi, şonuň üçin ýene bir çilim çekeýin» diýen pikire boýun bolýar-da, bir çilim çekýär. Ondan hem başy aýlanan ýaly bolýar. Ol bolsa eýýäm adamyň on iki synasynyň sazlaşykly işiniň bozulmasy. Ilkinji çilimiň ilkinji zyýany şol.
– Şony bilýänem bolsaňyz, sizem şol endigi öwrenipsiňiz.
– Gögele wagtlaryň beýle hili pikirler kelläňiň kel-çetine-de gelenok.
– Nädip öwrendiňiz?
– Orsýetiň Nowosibirsk şäheriniň eteginde bir harby bölümde gulluk edýärdik. Bir obýektde nobatma-nobat garawulçylyk edýärdik, iki bolup durýardyk. Gyş günleri şeýle bir sowuk bolýardy welin, gözlerimiziň kirpiklerinde bugurjy baglanardy. Bir gezek nobatçylygy tabşyryp, içeri giren dessimize oglanlaryň biri herimize bir çilim hödür etdi-de: «Çek, içiň-daşyň ýylar» diýdi. Şol wagt «ýylarsyň» diýseler, näme etmeli bolsa-da taýýarsyň. Öň çekip görmedik bolsamam, garbap aldym. Ilkinji soran tüssäm üsgürtdi. Oňa hemmeler gülüşdi. Ol-da saňa ýokuş degýär. Onsoň mertlik bilen üsgürmän saklanarsyň. Ýöne gözüň ýaşarar. Oňa gülmeýärdiler. Şondanam öwrenip gitdim.
– Gullukdan geleňsoň goýjak bolmadyňyzmy?
– Erbet endik özüne çekiji bolýar. Ol islendik wagtda özünden ýüz döndüriljegini bilensoň, saňa gaty tutanýerli çemeleşýär. Onsoň onuň öňünde «lepbeý» diýeniňi duýman galýarsyň.
– Gulluga gitmänkä çilim çekmeýän oglunyň gullukdan gelensoň çilim çekişine eneňiz-ataňyz hiç zat diýmedimi?
– Ilki-ilkiler olara görünmän, duýdurman çekdim. Günlerde bir gün kakam bilen saçak başynda ikiçäk galanymyzda ol: «Gullukdan gelen ýigit erkek çykýar. Onuň üstesine-de seniň özüňem kaka bolduň. Şundan soň saňa akyl öwredip otursam, maňa däl, saňa utanç bolýar. Şonuň üçin seni utandyrasym gelenok. Sen indi köpden bäri erkek çykan adam. Durmuşda näme etmelidigini, näme etmeli däldigini, zyýanly endigi dowam etmelimi ýa taşlamalymy – özüň kesgitle. Sen indi uly adam» diýdi. Şonda meniň çilim çekýändigimi bilýändiklerine düşünip galdym.
– Onuň özi çilim çekýärmi?
– Ömründe çilim çeken adam däl.
– Onda näme üçin gönüläp: «Oglum, çilim çekme!» diýmedi?
– Düşünseň, ol ondan beterini aýtdy. Onuň sözlerinde meniň oglum akyl bererden akylly diýen many bar. Erkek çykan oglunyň näme etmelidigini özi kesgitlemeli. Ýörejek ýoluňy saýlamagy özüňe goýýar.
– Sizem çilim çekmegi dowam edipsiňiz...
– Ilki-ilkiler men ony heran-haçan goýaýyn diýsem, goýup bilerin diýen pikir bilen ýaşadym. Soňra bu gün goýaryn, erte goýaryn diýip köp gezdim.
– Onda arasynda çilim çekmegi taşlajagam bolup görüpsiňiz-dä?!
– Şeýle hyýala münen gezeklerim köp bolandyr. Täze okuw ýyly ýaňy başlanypdy. Ýedinji synpda indi üçünji sapagy geçmäge barypdym. Şonda edil mugallymyň stoluna degip duran birinji partada oturýan Ataýewa Aýjahan atly bir okuwçynyň ýeriniň boşlugyna gözüm düşdi. Dessine içeri nazar aýladym. Görsem, ol iň yzky partada otur. «Göwnüniň halan ýerinde otursyn» diýip, içimden pikir öwrende bolsam, ynjalygym gaçypdy. Her hal sapak geçmäge başladym...
Bir gezegem şol synpda matematika sapagyny geçýän mugallymyň tejribesini öwrenmek maksady bilen birnäçe mugallym bolup, onuň sapagyna gatnaşdyk. Şonda Ataýewanyň birinji partada oturanlygynda nazarym eglendi. Ertesi şol synpda öz sapagymy geçmäge barsam, ol ýene yzky hatarda oturan eken... Arakesmä wagt bolanyny mälim edip, jaň kakyldy. Menem şu sapagy geçip gutarandygymyzy aýdanymdan ähli okuwçylar daşary çykmaga howlukdy. «Ataýewa, sen biraz aýak çeksene – diýip, oňa öňki oturan ýerini elimi uzadyp görkezdim. Ol oturansoň dowam etdim. – Elbetde, nirede oturasyň gelse, otur, ol seniň öz islegiňe bagly. Ýöne başga sapaklarda birinji hatarda oturyp, meniň sapagymda yzky hatara geçişiňe biynjalyk bolman bilmedim. Oňa men sebäp bolýan-a däldirin?» – «Neme» diýip, ol ilki bada bir zat aýtmakdan ýaýdandy. «Sen çekinme, aýdyber» diýemsoň birneme ekabyrlandy: «Habaryňyz bardyr, kakam çilim çekýärdi. Mende onuň ysyna bolan ýigrenç bar. Kakam ertir bir çilim çeken bolsa, şony agşam hem duýýardym, aňrym bäri gelýärdi, gaýtarýardym. Onsoň ejem oňa: Çaga gerekmi – çilim» diýipdir. Şondan soň kakam çilim çekmesini goýdy». Aňlana hemme zat düşnükli. Şonda öz-özümi ýigrendim. Çilim çekmegi taşlaýyn diýdim. Menem Ataýewanyň kakasyça bardyryn öýtdüm. Ýöne iküç günden bu ünjülerimi unutdym.
– Şol ýaramaz endik sebäpli şeýle ruhy urgyny alypsyňyz. Şuňa meňzeş ýagdaýlar öýde-de bolup durandyr onda?..
– Öýdemi... Öýdäkilere ýaramaýandygyny bilýärin. Ýöne kakam «öz akyly özüne ýetikdir» diýip sesini çykardymy?! Maşgalamda-da öz akylymyň özüne ýetikdigine düşünýärler. Meniň bu endigimi hiç halamasalar-da, ony dowam etmelimi ýa däldigimi özüme goýdular. Olar munuň gaty ýaramaz endikdigini meniň mysalymda görensoňlar nirede, nähili gulluk etseler-de, her hili ýagdaýlara durmuşda gabat gelseler-de, çilim çekmek barada hyýalam etmändirler.
– Çagalar-a ýüzüňize gelip bilmez, ol dogry, ýöne aýalyňyz...
– Ýok, tersine, çagalarym ýüzüme gelse gelip bilerler, ýöne aýalym... Olar senden-menden bolýarlar. Emma diýen tapyldy.
– Ana, menem şony eşitjek bolýan.
– Bilýäň-ä Aşgabatda ýaşaýan agtyklarym bar. Üç aý tomusda olar gezekli-gezegine bizde ýaşaýarlar. Bir gezek daşarda çaý içip ýatyrdyk. Agtyklarymyň, gelnimiziň gelýänini görüp, garşy almak üçin ör turdum. Ilki bilen Jeren agtygym meni görenden «Baba» diýip ylgap gaýtdy. Gelşine-de meniň gujagyma doldy. Birsalymdan ol: «Baba...» diýdi. Ýüzüne seretdim. Adam erbet ys duýanda nädýär. Olam ýüzüni edil şonuň ýaly edip, turşardyp: «Püf, porsy...» diýdi-de, menden arany açmak bilen boldy.
– Oňa hiç hili bolmadyňyzmy?
– Çaga hakykaty aýdýar. Onuň çilim ysyny alyp, şeý diýendigi düşnükli. Aýak biten agtyjaklarymy ýanymda oturdyp bilmejegime gynandym, uzakda durup guwandym. Syr bildirmezlik üçin aýagy ýöremeýän agtygymy elime aldym.
– Ajy hakykat ýüzüňize aýdylypdyr-da.
– Çekýäniň çilim bolsa, beýle-beýle ýüz turşartmalara, ýaramaz endigiň ýüzüňe aýdylmagyna çydamaly bolýar. Ýöne olar ýüregiň bir burçunda durar eken. Ondan başga-da, çilim adama nähili zyýanynyň bardygy, seniň haýsy organyňa zeper ýetirýändigi barada, şol sebäpli sende ýüze çykýan ýagdaýlar hakda hem aram-aram eşidip dursuň. Olary diňe eşidip goýaýaňok. Kalbyňa tyg bolup sünjülýär. Göwnüňi diňledýär. Öz saglygyň barada pikirlendirýär. Olar seniň kalbyňda ünji bolup saklanýar.
– Soňra olar birden hemmeleşip, hüjüme geçdiler diýjek bolýarsyňyzmy?
– Olar seniň degnaňa degýän bir bahana garaşyp ýatýan ekenler.
– Ana, şo taýy gyzykly...
– Bir gezek Aşgabatda ýaşaýan garyndaşlarymyzyň biri toý etdi. Bizem oňa myhman bolduk. Şonda garyndaşymyň ýakyn gatnaşýan bir dosty Nur bilen ýanaşyk oturdym. Ol-da hem girimçil, hem gürrüňçil adam eken. Biziň gepimiz-gürrüňimiz alyşdy gitdi. Süýji hem gyzykly gürrüňler köpden bäri çilim çekmänligimi ýatlatdy. Oňa daş çykyp çilim çekip geljekligimi aýtdym welin, «Näçe wagt bäri çilim çekýärsiňiz?» diýip sorady. Şu ýerde ony sanap ýörmedigim ýadyma düşdi. Ýöne esgerlik ýyllarymdan bäri geçen döwri hasapladym. Baý-bo, otuz üç ýyl bolaýypdyr. Nur: «Menem ýigrimi bäş ýyl çilim çekdim. Maňa şah çykmady. Siziňki otuz üç ýyl bolupdyr. Size şah çykdymy?» diýdi. Men onuň degişmä salan soragyna başymdaky tahýany çykaryp, kellämi aşak egdim. Gülüşdik. Nur dowam etdi: «Şah çykmandyr. Çykmazam. Gaýta ýüz ýerde kiçelmeli boldum... Adam ýaş wagtynda, gujurly wagtynda onuň çilimiň berýän zyýanyna garşy göreşi hem güýçli bolýar eken. Ýöne adamyň ýaşy geçdigisaýyn şol güýç asgynlamak bilen bolýar eken. Her hili dertler bedeniň özüne garşy göreşýän güýçlerini çilime daýanyp ýeňip ugraýar, özüni görkezip ugraýar. Olary men aýdyp oturmaýyn. Sizdenem sorajak däl. Olar her adamyň beden güýjüniň nirede asgyn gelýän ýeri bar bolsa, şol ýerde görünýärler. Onsoň men özümden «Näme üçin Hudaýyň maňa beren ýaşyny öz elim bilen kemeldýärin?» diýip soradym. Ol öz-özüňe kast etmek bolýar ahyry. Ol bolsa musulmançylykda uly günä hasaplanýar. Dogry dälmi?» Dogry zada neneň dogry däl diýjek. Makulladym. Ýöne bu hemmesi däl. Nur menden ýaşy boýunça kiçi bolsa-da ýüregiňe jüňk bolýan, «aý, şun-a dogry aýtdyň» diýdirýän, söhbetdeşiň eline kakasyň getiriberýän makul, jaýdar, dürs gepleri yzly-yzyna sugşuryp, yzly-yzyna makullatdy. Soňundanam: «Şu aýdanlarymy makullaýanyň ýürekden bolsa, onda çilim çekmäni goýarsyň» diýdi. «Aý, oňa erk gerek» diýenimi bilmän galypdyryn. Nur: «Agadurdy aga, erk diýen zat aýalda bolýan däldir» diýdi welin, bialaç onuň elini gysdym.
– Ýürejigiňe jüňk bolsa, dagy, nädersiň! Onsoňam, adam öz bilýän zadyny, uýýan pikirini, aýtsam-etsem diýip ýörenlerini başga birinden eşitse, oňa şübhesiz hakykat bolup görünýär.
Oňa isleseň-islemeseň boýunam bolmaly, oňa eýermelem.
– Şol toýdan gaýdyşyn iki bolup, aýalym, gelnimiz, agtyklarym bolup bir ulagda gelýärdik. Ara birhili dymyşlyk düşdi. Şonda men bir jübümden açylan, beýleki jübümden açylmadyk çilim gutusyny çykardym-da, ulagyň paneliniň üstüne oklap goýberdim. Yzyndanam: «Şundan beýläk men çilim çekemok. Bir ýerde çilim çekenimi görseňiz, ýüzüme tüýküräýiň» diýdim. Men her kimiň bir zat diýerine, ynamsyzlyk bildirerine ýa goldamagyna garaşdym. Emma hiç kimden ses çykmady. Olar meniň sözüme gaty bir ynanyp barmadylar öýdýän. Birnäçe wagtdan soň aýalym: «Kakaňyza, ilki, bir zat diýdirmek kyn, bir zat diýse welin, sözünde tapylýandyr» diýdi.
– Aýal adam hemişe erkegiň ýardamçysy.
– Dogry. Onuň ol sözüni ýalana çykarsaň, erkek bolmadygyň. Ýöne olam däl. Şoňa çenli, Nur bilen bolan söhbetdeşlikden soň çilim çekmegi taşlamagy berk ýüregime düwüpdim. Rulda barýan oglum ulagy saklady-da: «Onda bulary zyňaýalymy?» diýip,meniň ýüzüme seredip, iki guty çilime elini uzatdy.
«Hawa, hawa, zyň» diýenimden oglum olary alyp ulagdan düşdi. Görsem, ol zir-zibil atylýan ýeriň deňinde duran eken.
– Soňra çekesiňiz-ä gelendir?
– Hawa, ony inkär edemok. Ýöne erkegiň sözi bir bolar.
– Birbada däl-de, kem-kemden goýmaly diýýärler-ä?
– Ýalan gürrüň. Kem-kemden goýjak diýdigiň, goýjak däl diýdigiň. Ondan goýjakmy men ýaly belli-külli goý.
– Birden goýsaňyz ýaraman-zat etmän oňduňyzmy?
– Gaýta özümi duýşum şeýle gowulandy. Süňňüm ýeňledi, aýaklaryma ganat biten ýaly boldy. Agtyklarym bilen deň oturyp-turýan. Häzir ýurdumyzda temmäkä garşy göreş ýaýbaňlandy. Men oňa adamlaryň saglygyny berkitmek ugrundaky göreş diýip düşünýän. Halkyň saglygynyň aladasyny edýän ýalkanar, enşalla.
– Sag boluň!
Akmuhammet HEMIDOW.
Hekaýalar