12:00 Owadan gyz / nowella | |
OWADAN GYZ
Hekaýalar
Garybyñ burny aşak. Ykbal hem, sesini çykarmag-a beýlede dursun, başyny galdyrman gezdi. Eger çagalykdan bile oýnap-ösen dosty toýuna çagyrmadyk bolsa, ol toýa barmazdy. Eger şol gün şol toýa barmasa-da, şol gyza gözi düşmezdi. Eger şol gyza şonda gözi düşmedik bolsa, ykbalyndan şeýle nalynmazdy, gyza söz aýdyp bilmäge hak-hukugynyň ýoklugyny hiç mahal ýadyna salmazdy. Ine, şol duýgy, şol pikir onuň öňdenem aşak başyny has-da aşak egipdi. Gözümden bir zat aňaýmasynlar diýip, gabagyny galdyryp bilmedi. Ýöne, ine, şu surat onuň gabagynyň aşagyndan aýrylmady: Toý ýeri. Gaý-da-gaýmalaşyk. Gelýän kim, gidýän kim, myhmanlara ylgap hyzmat edýänler, ikibir-üçbir söhbede gyzanlar, ikiýana ylgaşýan, arasynda ýykylýan-sürüşýän çagalar, gazanböwrüň töwereginiň mähellesi, hatda ojakda alawlaýan ot hem toýuň gelşigi. Ykbal üçin bu zatlar hem geň, hem täsirli. Toý görnüşi onuň ýüregini agzyna getirýärdi. Kalbyny rahatlandyrmak üçin ol aram-aram uludan dem alýardy. Ýöne onuň soňky gören ahwaly, näçe uludan dem alsa-da, kalbyny rahatlandyrmaga ýetmedi: etekleri şemala galgaýan çog ýaly gyzyl ketenide bir gyz gelýär. Hamana, gyz däl-de, Aý ýere düşen ýaly. Zülpleri bolsa ak kagyzyň ýüzüne gara galam bilen çyzylan ýaly görünýärdi. Ony töweregindäki gyzlardan ap-aýratyn edýänem şolar bolmalydy. Ykbal olaryň gidip barýan ugruna tarap öwrüleninem bilmedi. Şol pursat özüne geldi-de, beýlekilerem oňa seredýärmikä diýen pikir bilen, töweregindäki adamlaryň gözlerine ýekänme-ýekän seredip çykdy. Geň, asla oňa üns berýän ýok-la! Hemme kişiniň gözi başga ýerde. Birdenem, ol dostuny göz öňüne getirdi. Şol wagtam kimdir biri onuň egnine kakdy. Ol tisginip gitdi. — Bäh, senmi bu, ýüregim-ä ýardyň. Ýöne geleniň gowy boldy. Ana, şol geçip barýan gyzlaryň arasynda bir peri barýar. Ol kimlerdenkä? Dosty onuň ümlän tarapyna nazaryny aýlap: — Bilmedim welin, sen Beg murtuň gyzyny görensiň — diýdi. Soňra: — Oňa seredeniňi hiç kim görmedi dälmi? — diýip ýylgyrdy. — Näme, habaryň ýokmy, Beg murt: «Kim-de-kim gyzyma gyýa göz bilen garaýsa, ýakasyny goparman goýman!» diýipdir. Gorkma, Beg murta aýtmaryn. — Hä, şeý diýsene. Onuň ýaly bolsa, seretmedigimiz bolsun. Beg murtuň gazabyna bir duçar bolaýmaly, öňem näme janymyz bar. Ýöne bu sözlere onuň özi-de ynanyp bilmedi. Beg murtuň nähili gazaply adamdygyny bilse-de, gyzyny göz öňünden aýryp bilmedi. Bir tarapdan, Beg murtuň gazaby, beýleki tarapdan, gyzyň aý jemaly oňa bu günki toýuň hezilini gözkezmedi. Gaýtam, bu toý onuň başyna alada, dert bolup indi. Beg murty hem Ykbal indi tanamaly däl. Onuň birki süri goýny, on bir-on iki pagsa aýlanan belent diwarly howlusy, giden bagy, aňyrsyna göz ýetmeýän ekin meýdany, hojalyk hem-de meýdan işlerine, mal-gara esewan eder ýaly birnäçe öýdeniçerleri bardy, asyl şu töwerekdäki baýlaryň hiç birinden onuň baýlygyny kemlär ýaly däldi. Hatda Ykbalyň özi hem ýaz gyrkymy döwründe onuň goýunlaryny gyrkmaga kömekleşipdi. Şonda Beg murtuň dor atyna atlanyp, işlere gözegçilik edip ýörşi onuň göz öňünde galypdyr. Eger dostunyň toýunda şol perä gözi düşmedik bolanlygynda, ol asyl Beg murty ýadyna salmazdy, bu obada şeýle adamyň bardygyny ýatlamazdy. Indi welin ol onuň göz öňündenem, oý-hyýalyndanam gidenok. Toý tamam boldy, myhmanlar gaýtdy. Öý eýelerinden hem iň ýakyn garyndaşlaryndan başga diňe Ykbal galdy. Olam gaýtmakçy welin, dostuna ýene bir gezek: «Toýuň gutly bolsun, gelniň aýagy düşsün!» diýip aýdyp gitse, göwnüne jaý boljakdy. Şeýdip ýöwselläp durka, dosty ýene duýdansyz onuň ýanynda peýda bolup: — Bir peri gördüm diýip, öýüňe gidip bilmän otyrmyň? — diýdi. — Aý, ýok-la, ýöne saňa «Gutly bolsun!» diýäýjekdim. Hatar-hatar ogluň bolsun, peri-peýker gyzyň bolsun, Juma jan! — Köp sag bol, dostum! Aýdanyň gelsin! Saňa-da nesip etsin! — diýip, Juma ýene dostunyň egninden gujaklady. — Sen onuň pikirini etme, ondan tama-da edip oturma, biderek ýere ýüregiňi üzeniň galar. «Aý, ýok...» diýmeden başga söz Ykbalyň dilinden çykmady. Ýöne ýüreginiň daglanandygyny dostuna näler mälim edesi gelýärdi. Dostuň dosty bar, birden onuň dag ýaly derdi Beg murta baryp ýetäýse, nädip bor?! Ol şol pikirden elheder aldy. Ana, şondan heder edip, gabaklary galmady. Onuň bu halyny görenler: «Ýüzi gaty salyk görünýär, bir döw-ä çalypdyr» diýip pikir etdiler. Öýleneňsoň, aladaň köpelýän bolmaly. Ýogsam Juma kän wagt ara salman, derrew Ykbaly tapardy. Emma toýdan soň bu kada ýatdan çykarylana meňzeýärdi. Ykbalyň Juma näler duşasy, oňa başdan geçirýän ahwalyny gürrüň beresi, derdini aýdyp, derdinişesi gelýärdi. Iň bolmanda toýda görlen şol peri hakynda söhbet etsediler. Ykbal näçe gezekler Jumalara tarap ýönelipdem, birinji gezek ýola çykan ýerinden yzyna dolanypdy, soň Jumalaryň öýüne tas golaýlapdy. Her gezek ony şol bir duýgy yzyna dolaýardy: «Öýli adam indi ol, oňa päsgel bermäýin». Jumany şeýle küýsedýän dostluk duýgusy däl bolsa däldirem, şondan bäri ol gyz onuň göz öňünden aýrylmasa näme. Ol bolsa syrdaş, maslahatçy talap edýärdi, emma onuň Jumadan başga derdinişjegi barmy, ol onuň Beg murtuň gyzyna nazarynyň düşüp, ne hala düşendigini bilýärdi. Aý, ýok, Juma bu hakda kellesine-de getirmeýän bolmaly, ýogsam ol Ykbalyň halyndan habar alaýmaly ýaly, emma beýle däl. Ol dostuny öz derdi bilen ikiçäk galdyrypdy. Belki, ol Ykbal haýsydyr bir derde ulaşandyr diýip, asla pikir edýänem däldir. Beg murtuň gyzy hakynda, iň bärkisi, pikir etmegiň hem bolmaýandygyny oňa duýdurypdy ahyry ol. Özi şol gürrüňi bolan ýerinde galdyryp gaýdansoň, Ykbalyňam ony ýatlamajagyna ynanandyr. Hawa-da, durmuşyň lezzetini görýän bir kişi durmuşyň oduna ýanýan bendäň halyn näbilsin?! Ine, şu pikir hem Ykbaly ýola düşürdi. Juma dostuny, kyrk ýyllap görmedik ýaly, gadyr bilen garşy aldy. Ikisi çaý başynda mesawy gürrüň etdiler. Ahyry Ykbal öz derdiniň üstünden düşdi: — Men-ä, kakasy nähili gazaplam bolsa, nähili şert goýýanam bolsa, şol gyzy hiç unudyp bilemok. Bir alaç etmeli. Onsoňam, kakasy ýakamy goparsa goparsyn, gyzyny berse bolýar. Aslynda, goparar ýaly ýaka-da ýok-la, özüň bilýäň, artykmaç baýlygymyz ýok, gömüp goýan humumyz ýok. Şonda-da onuň gyzyny alaryn diýip tama edýämiň diýsene! — diýip, Ykbal içini dökdi. — Aý, ýok, diýjek däl. Beg murtuň gyzynyň kimiň nesibesinden çykjagy belli däl. Baýyň gelni boljakmy ýa garybyň bagtyndan çykjakmy, ony bilýän ýok. Sebäbi Beg murt gyzyny şeýle bir gowy görýärmiş welin, oňa: «Aýperim, saňa mynasyp boljak ýigidi özüňe saýlatjak» diýenmişin, seniň mundan habaryň ýokmy? — Habarym-a ýok welin, onda gyzyň göwnüni awlap bilseň... — diýdi-de, Ykbal dymdy. — Haý, näbileýin, gyzyň göwnüni awlamak saňa başartmasa gerek. Ol baý ýeriň gyzy, ýüpek-parçaň, bol aş-nanyň içinde towugyna «tok» diýilmän ulalan gyz. Onuň talaby güýçli bolaýmasa diýjek bolýan. — Söýgüden belent, söýgüden gymmatly, söýgüden eziz näme bolup biler, hany, aýt... — diýip, Ykbal söýgi hakda, gör, ýene nämeler aýtjakdy welin, Juma gülküsini saklap bilmedi, hahahaýlap güldi. Gülki arasynda bolsa zordan: — Söýgiňi başyna ýapsynmy ol seniň — diýip bildi. Ykbal bolsa ýylgyrmadam. Jumanyň özi güldi, özi goýdy. Birsalymdan gülküden ýaňa paýyrdap dökülen gözýaşlaryny süpürdi-de: — Ykbal, göwnüňe alaýma. Söýgi diýen zat, dogrusy, men-ä aýdymlarda ýa dessanlarda bolýandyr öýdýärdim. Onsoňam bar-a, ol owadan gyzyň hyrydary gaty köpdür. Şony bilip goý. Ine, Töre baýyň ogly Rüsteme sen belet. Göwni Kap dagynda. Çet gulakdan eşidişime görä, ana, şolam ol gyza lak atyp görüpdir. Ýöne sözi alynmandyr. Töre baý Beg murtuňka sawçylyga barypdyram diýýäler. Ol: «Gyzyma ýoldaş saýlamagy onuň özüne goýdum. Ogluň gyzymyň göwnünden turup bilse, men garşy däl» diýipdir. Aýparça Rüstemiň sözüni kabul etmändir. Şonuň üçin sen-ä, asla-da arrygyňy gynap oturma. Tamaň çykmasa, damak bolup, bir dert tapynarsyň. Ykbal tamasyny tala daňyp bilýän bolsa, onda Beg murtuň adyny eşiden dessine öz akylynyň temegine kakyp bilerdi. Emma akyl oňa ýol bermedi, gaýta gyzy duluna geçirmegiň ýollaryny agtardy. Şeýle ýol henize-bu güne çenli tapylmasa-da, ol gyzdan tamasyny üzmäge akylam, ýüregem, on iki synasam rugsat berjek däldi. Şondanam Juma onuň «gulagyndan çekip-çekip» sargap oturan wagtynda-da, ol Aýparçasyz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilmedi, diňe sesini çykarman oturmagy, dostuna ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän gaýtmagy başardy. Ýöne dosty, özi-de bilmezden, oňa Aýparça barýan ýoluň salgysyny beripdi. Nädibem bolsa Aýparçanyň özi bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Ana, şonda «ýüzüne çalynsa», takdyryna sessizje kaýyl bolardy. Häzir welin Jumanyň sözleri bilen ol asla ylalaşyp bilmedi. Haçandan bäri onuň durmuşa çykan gyz dogany göz öňünde «gaýmalaýardy». Şol-da ony, hamana, bu ýagdaýdan alyp çykjak ýaly, ýanyna gol bulap çagyrýardy. Şondanam ol öýüne sowulman, obanyň ileri tarapyna ýüzüni öwürdi... Aýbölek doganynyň howla girenini görüp, edip oturan el işini goýdy-da, ýanynda oýna güýmenip oturan oguljygyny eline alyp, bärligine gaýtdy. Gelşine-de: — Ana, Ykbal daýyň gelipdir — diýip, çagasynyň sag eliniň bileginden tutup, ony daýysyna tarap uzatdy: — Salam diý daýyňa. Ykbal ýegenjiginiň elini çalaja gysdy-da, ony ejesinden alyp, ýokary göterdi: — Tüweleme, uly adam bolup gidipdir-ä bu! — diýip, her ýaňagyndan taýly gezek ogşady-da, ejesine berdi. — Men-ä bir işlije gelendirin. — Bilýän, ýogsam doganym bar eken diýip idäňizog-a siz. Ýör, içeri gir, çaý bereýin. — Gulak as, Aýbölek! Şu wagt öz derdim özüme ýetik. Senden haraý isläp geldim, kömegiň gerek maňa. Beg murtuň Aýparça atly gyzy bar eken. Şony almasam, bu dünýäden armanly giderin. Şonuň üçin oňa meniň şu halymy ýetirip ber. Onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşip bilsem-ä, hasam gowy. — Doganjygym üçin elimden gelenini gaýgyrman. Ýöne sen asmandaky Aýa aşyk bolan bolaýma. Onuň hiç ýigide göwni ýetmeýärmişin. Atynyň aýagynyň aşagyndan ot çykarýan baý ogullary hem oňa söz aýdyp görenmişinler. Men seni oňa söz aýdan baý ogullaryndan artyk görmesem, kem göremok. Ýöne «Dünýäň baýlygyny etegine getirip dökjek» diýselerem, ylalaşmadyk gyzyň göwnünde näme bardygyny kim bilýär. Ondan sözüň ýykylmajak ýerine söz aýdaýaly. — Ýok! Başga hiç ýerik söz aýtmarys. Sözümiz bir ýykylsa, iki aýdarys, iki ýykylsa, üç aýdarys. Aýbölek Ykbalyň öňünde çaý-çörek goýdy-da, onuň işini bitirmek üçin ýola düşdi. Ýöne Ykbalyň çaýa-da, çörege-de meýli ýokdy. Dem salymdan gapa garaýardy, demini alman, daşara gulak asýardy. Näçe islese-de, näçe garaşsa-da, daşardan aýak sesi eşidilmeýärdi. Göwnüne Aýbölek gideli bäri, aradan asyra barabar wagt geçen ýalydy... Ykbal gapynyň birden açylmagyna tisginip gitdi. Ýalpa gapa seretmek bilenem oňman, tarsa ýerinden turdy. Aýbölegiň yzy bilen bir gyz maşgala hem içeri girdi, jaýyň içi ýagtylan ýaly boldy. Ol Aýparçady. Beýle ýagdaýy, hatda, arzuwam edip bilmeýän Ykbal heýkele öwrüldi. Aýbölegiň: «Ine, Aýparçanyň özi geldi, gepleşiň» diýmesini eşidenem bolsa, dilinden birje söz hem «gaçyryp» bilmedi. Iň bärkisi Taňry salamyny bir bermelidi. Aýbölegiň: «Men çaý getireýin» diýip, çykyp gitjek bolanyny, şonda Aýparçanyň onuň elinden tutup: «Senem gitme. Gal» diýenini eşidibem, görübem durdy. Her näme-de bolsa, birhaýukdan ol özüni ele aldy. Özi bu öýe myhmanam bolsa, Aýbölege ortada ýazylan saçagy eli bilen görkezip: — Oturyň — diýdi. Özi-de oturdy. Aýparça saçak başynda däl-de, Aýbölegiň arkasynda ýerleşdi. Aýbölek ony saçak başyna geçirjek boldy, emma ol onuň elinden tutup, oturan ýerinde oturjakdygyny duýdurdy. Elbetde, bu emele gelen ýagdaýda Aýbölek öz borjuna düşündi. — Ine, bu meniň jan ýaly jigim — Ykbal. Özi-de... — diýdi-de, biraz sägindi. Belki, «Ol saňa aşyk bolupdyr» diýmek isländir. Ýöne ony artykmaç hasap edip dyman bolmaly. Ýene özi dowam etdi: — Sen bilýänsiň, Aýparça, biziň, baýlaryňky ýaly, süri-süri malymyz agyp-dönüp ýörmese-de, iýmäge-içmäge, geýmäge-biçmäge zar däl, elimiz uzan ýerine ýetýär. Eşidişimize görä, donuna sygman ýören baý ogullary hem saňa hyrydar çykanmyş, saňa tylla tagt söz berenmişinler, ýöne sen olaryň barynyň sözüni gaýtarypsyň... — Jigiňi diňläli! — diýip, birden Aýparça edaly dillendi. — Olaryňky ýaly çogup duran baýlygym ýok. Olar ýaly dagy süýşürip bilerin diýjek däl. Berip biljek zadymy aýtjak. — Berip biljek zadyňy aýt — diýip, Aýparça dillendi. — Dünýä malyny berjek diýenler bilen ylalaşmansyň. Ondan aňyrda näme bar?! — diýip, Aýparçanyň sözüne özüçe düşünen Aýbölek söz goşanyny duýman galdy. — Hany, jigiň aýtsyn, ol şondan aňyrda näme berip biljekkä? — Men saňa dünýämi berjek, ýüregimde lowlap ýanýan söýgimi berjek, şu gara başymy berjek. Ömür bir berilýän bolsa, saňa bolan söýgimem bir gezek berilýändir. Ömür bir berilýän bolsa, şol ömri men seniň bilen geçirjek. Ömür bir berilýän bolsa... — Ynanýan — diýip, Aýparça Ykbala sözüniň soňuny aýtdyrman, Aýbölegiň ýeňinden çekip, «gitjek» diýip yşarat etdi. Olaryň ikisi deň ýerinden turdy. — Sen otur. Jigiňem otursyn, iňrik garalansoň çykaýsyn. Meniň yz ýanymdan Ykbalyň sizden çykyp gidenini goňşy-golam görmesin. Şonsuzam gürrüňimiz ýetik il içinde. — Ol... neme... — diýip, Ykbal bir zat diýmek isledi, onýança eýýäm olar gapa ýetipdi. Aýbölek çykyp barýarka, jigisine «sen otur entek» diýen yşaraty etdi. Aýbölek gaýdyp geldi-de: — Otyrmyň?! Gutlaýan! — diýdi — Hä, näme...? Näme diýdi? — diýip, Ykbal hiç zada düşünmeýändigini mälim etdi. — Hiç zat diýenok. Hiç zat diýmedigi gowy-da şonuň. Ýöne ertiriň özünde, Hudaý ýol berse, ejemem, gaýynymam alyp, Beg murtuňka gudaçylyga gitmelidigime-hä düşündim. Akmuhammet HEMIDOW. | |
|
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||