08:37 Ilkinji hekaýa / hekaýa | |
ILKINJI HEKAÝA
Hekaýalar
Bu günki alty sagat okuw hem gutarypdy. Hemişekilerimiz ýaly, okuw gutarandan soň topar tutup, mekdepden bir kilometrden gowrak ýerde ýerleşýän obamyza garşy gaýtdyk. Her günde bolşy ýaly, ýene-de aramyzda gürrüň gutarar ýaly däl, nämeden gürrüň açylsa, hemmeler hem gep goşup galjakdan. Bu gün bolsa özara söhbediň sebäbi ýazyjy-şahyrlar boldy duruberdi. Her kim haýsy ýazyjynyň haýsy romanyny okandygyny, onuň özüne nähili ýarandygyny aýtmaga howlukdy. Indi haýsy ýazyjydan täze bir romana garaşmaly? Her kim bir ýazyjynyň adyny tutýar. Käbirlerimiz beýleki biriniň tutan adyny goldaýar. Entek çapdan çykmadyk, belki, entek ýazylmadyk romanyň çaltrak çapdan çykaryny isleýäris. Ol gürrüň aýlanyp-aýlanyp, syrygyp-syrygyp, «Ýazyjylarymyzyň eserleri ýaly eserleri biz hem ýazyp bilmerismi?» diýen sowaly dikeldip goýdy. Oňa-da her kim özüçe jogap berdi: — Näme ýazsa bolman! Ýazsa bolar! — Ýazýanlar hem biz ýaly adamdyr! — Oglanlar, duruň, biri-biriňiziň göwnüňize degäýmäň! Ýöne ýazaýyn diýip, başyna barsaň-a, ýazsa-ha bolarmyka diýýän — diýip, men hem göwnümdäkini orta okladym. Oglanlaryň bir topary ýazsa bolar diýen pikiri goldady, beýleki topar bolsa ýazsa bolmaz diýen pikiri goldap, «ýazmak üçin talant gerek», «ýazyjy bolup dogulmaly», diýen ýaly delilleri getirdi. — Hany, araňyzda şu wagta çenli bir zatjagaz ýazanyň barmy? Ýazyjy boljak bolsa, eýýäm gazetde bir zadyň çykan bolmaly. Biziň aramyzda, iň bärkisi, habar ýazanam ýok — diýip, Aman pikirini esaslandyrmaga çalyşdy. Şol çekeleşikli gürrüňler bilen oba nädip ýetenimizem duýman galypdyrys. Oba girilensoň bolsa, özüňe belli, birlän-ikilän bolup, her kim öz ugruna, öz köçesine sowlup gidýär. Meniňem töweregim çolardy. Ýere garap, pikire çümüp barşyma: «Dogrudanam, ýazyp bolmazmy?! Aý, ýok, ynanmaýan. Beý diýme, ýazaýyn diýseň, hökman ýazsa bolar. Bolar, näme bolman!» diýip, öz-özüme tekrarladym hem-de arada hekaýa» diýip, bir zatjagaz ýazjak bolanymy göz öňüne getirdim. Ýöne ol hekaýa boljakmy ýa boljak dälmi — bilip bilemok. «Öýe bardygym şony ýazaýyn!». Bu pikir meni öýe ýetmäge howlukdyrdy. Ýöne öýe ýetenim bilen ýazan zadym bolmady. Bir oglanyň bir gyzy halaýşy göz öňümde. Köp oýlandym. Ejemiň öňüme goýan çaý-çöregini iýýärkämem, elime orak bilen halta alyp, ot ýygmaga gidemde-de, gelip agşamlyk edinip otyrkamam, ýatyrkamam, ertesi ýorgandan çykamda-da oýlanýardym. Günler tirkeş gurap, geçip gitdi. Men bolsa ýazjak hekaýamdaky gahrymanlarymy bir-biri bilen gepleşdirip ýörün. Her tarapdan baryp görýän, olaryň içki dünýäsini agdar-düňder edýän. Birnäçe günüň içinde okan hekaýalarymy, powestlerimi, romanlarymy ýekän-ýekän göz öňüme getirip çykdym. Peýdasy degmedi. Ýedi ölçedim, diňe bir kesäýmelisi galdy. «Kesmelisini» soňa goýdum-da, bir günem elime galam alyp, okuwçy depderiniň tikilen ýerini sökdüm-de, dikligine ýazyp başladym. Oglanyň gyza bolan söýgüsini beýan ediberdim welin, ýadyma-oýuma düşmedik sözler oglanyň dilinden dökülip ugrady. Oglan gyza şeý diýip aýdar diýip birnäçe günläp gaýtalap ýören sözlerimiň biri-de ak kagyza geçmedi-de, başga-başga sözler, deliller peýda boldy. Ýöne entegem gyz oglanyň sözlerini pitiwa alanokdy, olary degişme ýaly kabul edýärdi. Dikligine ýazylan kagyzyň iki ýüzi doldy. Ertesi onuň dowamyny ýazmaga oturanymda, ilki öňki ýazanymy başdan okamaga başladym. Göwnüme däl ýaly görnen kä sözleri, sözlemleri çyzyp, başgalaryny goşdum, kä ýerinde täze sözlemleri ýazdym; setir aralarynda ýazara ýer galmady. Öz ýazanyma özüm düşünäýmesem, başga biriniň eline düşende-de, oňa düşünip, okap biljek däldi. Düýnki ýazyp goýan ýerime gelemde, indi nädip dowam ederkäm. Ýöne gyz oglanyň özüne bildirýän söýgüsini kabul ederli däldi. Okuwçy depderinden goparylyp, dikligine ýazylan kagyzyň ýene bir ýüzi doldy. Onuň arka tarapyna ýazyp başla- dym welin, gyzyň pikiri üýtgäýdi: oglanyň özüni halys gowy görýändigine ynandy. Bu ahwalata özümem geň galdym. Şol ýerde-de hekaýanyň soňky nokadyny goýdum. Indi ony düşnükli edip, täzeden göçürip çykmalydym. Ony ertire goýdum. Ertesi mekdepde oturyp hem kararym ýokdy. Ähli sapaklar gutaran dessine, hemmeden öňürti, ýeke özüm aýaklarymy iň soňky tizligine goýup, öýe geldim-de, ejemiň çaý-çöregini hem iýmän, hekaýamy başga kagyza arassa edip göçürdim. Soňra ony epläpjik, daşyna gazetiň salgysyny ýazyp, taýýarlap goýan bukjama saldym-da, ýelimli ýerini ölläp ýapdym. Gazete iberen ol hekaýam çap bolaryndan, göwnüme, çap bolmazy ýakyn ýaly duýulýardy. Ýöne öz-özüme ýagşy umytda bolmagy ün- deýärdim. «Seniň ojagaz hekaýa diýip ýazanyňy, halan bolsalar, ony birwagtlar çap ederdiler, çap etmejek bolsalar, onda jogabyny bererdiler» diýen ýaly pikirler meni gysaja salýardy. Olar kellämde ikiýana at çapyp, öz günüme goýanokdylar. Ýöne şonda-da basmarlap gelýän ol pikirlerimi diňe ýagşa ýormaga çalyşýardym. «gowşak görendirler, jogaby geler häli...» diýen pikirlerden gaçmak üçin oglanlaryň arasynda köpräk bolýardym. Okuwdan soňam öýe gelmän, olar bilen öýlerine gidýärdim. Ýöne aradan geçip gidýän günler halamaýan şol pikirlerimiň «goşunyny» artdyryp, kuwwatlandyryp gidýärdiler. Indi olar çar tarapdan başyma dökülýärdiler: «Eger çap ederçe bolsa, munça wagt eglenme- li däl. Ine, bir günem gazetiň redaksi- ýasyndan şol garaşýan hatym geldi. Haty açyp okamasam-da, hekaýamyň «gaýdandygy» düşnüklidi. Çap etjek bolsalar, hat ýazyp durmazlar, çap ederler. Hat ýazan bolsalar, diýmek, çap etjek däldirler. Näme-de bolsa berlen jogaby okap görmelidim: men oňa näçe garaşdym ahyry. Ýüregimiň gürsüldisi güýçlendi. Haty açýarkam, birki ýola uludan dem aldym. Okadym. «Siziň bize ýollan hekaýaňyz gelip gowuşdy. Ýüzlenen temaňyz, beýan edişiňiz erbedem däl. Umuman aýtsak, ol hekaýaňyz çeperçilik taýdan gowşak. Şol sebäpli hem peýdalanyp bilmedik» diýen ýazgy üç setire ýerleşdirilipdir. Her kim hekaýa ýazyp bilýän bolsa, onda uçdantutma hemme ýazyjy bolardy. Emma beýle däl-ä. Ýazyjylar beýleki adamlardan tapawutly!». Gaýdyp elime hekaýa ýazjak diýip galam almajagymy öz-özüme ynandyrdym. Oňa beren wagtyma derek, bir halta ot getiren ýa-da agylda mäleşip duran goýunlaryň «aýagyny ýazyp gelen» bolsam, müň paý gowy bolardy. Şu pikirimiň, ynamymyň, düşün- jämiň güýji bary-ýogy bir güne ýetdi. «Dur-la, bakaly! «Ýazyjy bolmak üçin köp zähmet çekmeli, köp okamaly» diýip, eýse, sen bir ýerde okamanmydyň?! Birje göterim talantyň bolsa, togsan dokuz göterim zähmetiň gerekdigini edebiýat mugallymymyz aýtmaýardymy?! Zähmeti menden al. Iliňkiçe bolmasa-da, bir göterim talantymyň bardygyny «ýüzlenen temam, beýan edişim» tassyklaýar. Şeýle bolýan bolsa, onda müzzerilmek gerek däl. Ýazmaly. Işlemeli. «Çeperçilik taýdan gowşak» diýdimi, diýmek, çeperçiliginiň üstünde işle! Magtymguly aýtmyşlaýyn taraşlamalydyryn. Sözleri, pikirleri gaýtalamajak bolaýyn, meňzetmelerden dolduraýyn içini. Öwez synpdaşymyz meňzetmesiz gepläp bilenog-a, her sözünde diline gelip dur. Hany şonuň diýen sözlerini ýatla bakaly... Mekdebi gutarmankak, synpdaşlarymyzyň arasynda birimiziň bir hekaýamyz çyksyn ahyry. Menden başga muňa synanyşýanam ýok». Okuwçy depderine dikligine iri-iri harplar bilen ýazylan bary-ýogy dört sahypalyk hekaýamy dört gije iş edindim. Edýän işimiň miwesini berjekdigine bolan ynamym ukyny golaý-goltuma getirenokdy. «Hekaýam gazetde çyksa bolýar, uky nämä gerek» diýýärdim. «Her bir işi etmek üçin yhlas bilen hyjuw gerek, arman-ýadaman işleseň, şol işiň bolmaz biderek» diýip gaýtalaýardym. Gije sagat iki bolanyny görýärdim. Bäşinji gije bolsa ony ýene arassalama göçürdim. Ertesi bukja salyp, ýene şol gazete iberdim. Indi başga hili duýgular başymdan geçýärdi. Şol gazetiň her sanyny tolguna-tolguna açýardym. Şol sanynda hekaýamy görmesem-de, indikisinde çykarjakdyrlar öýdýärdim. Şol günleriň birinde maňa şol gazetden ýene hat gelse nädersiň. «Wah, içigar galmyş, ýene bolmandyr-ow! — diýip, aşaky dodagymy dişledim — Ýene jogap beripdirler. Ýene halamadylarmyka?! Ýene çeperçiligi gowşakmyka?!». Elimdäki bukjany beýläk goýdum. Birhaýukdanam, «Haty okap bir gör ahyry» diýip, kimdir biri böwrüme dürten ýaly boldy. Bukjany açyp, haty okadym. Eý-ho, tas uçupdym! «Hekaýaňyz bize gelip gowuşdy. Üstünde gowy işländigiňiz duýulýar. Indi bolupdyr. Ony ýakyn sanlarymyzyň birinde çap etmegi göz öňünde tutýarys» diýlip ýazylan sözler maňa ganat bekletdi... Akmuhammet HEMIDOW, 1972 ý. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |