16:19 Tymsallar diwany | |
Ördek we gurbaga
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýagyş suwundan bir köljagaz döräpdir. Oňa bir ördek uçup gelipdir, köljagazy gowy görüpdir we onda ýaşaberipdir. Bu köljagazda bir gurbaga hem bar eken. Ördek onuň bilen doganlaşypdyr, wagtlaryny bileje geçiripdirler, mümkinçilige görä özara söhbet edipdirler. Ýaz tomsa synyp ugranda Gün hem gyzdyryp başlapdyr, köljagazyň suwuny hem bugardypdyr, bir günem onuň suwy gutarypdyr. Şonda ördek gurbaga ýüzlenipdir: — Başga bir ýere göçeli. Gurbaga oňa: — Sen mydama jahanyň ýüzüni aýlanyp ýörmäge endik edipsiň. Men bolsa dogduk mekanymy taşlap gidip bilmeýärin — diýip, jogap beripdir. Ördek uçup gidipdir, baryp başga bir köp suwly kölde mesgen tutupdyr. Gurbaga bolsa öz mekanynda galypdyr. Günleriň birinde ördek özüne: — Näme üçin men naçar doganymdan habar almaly däl? Ol ýerde onuň ýagdaýlary nähilikä? — diýipdir. Gelip görse, öňki kölüň orny takyr meýdan, gurbaga bolsa gatap galypdyr. Ony görüp, ördek: — Ýok, naçar doganjygym, şunuň ýaly ýowuz mekany söýüp gatap galandan meniň ýaly ygyp ýöreniň ýagşydyr! — diýipdir. * * * — Rukha erbet işlerde kök urupdyr, siz ondan görelde almaň, siz ýagşy işleri amal etjek boluň. Çünki oňa hem edil gurbaganyňky ýaly ykbal garaşýar. Ondan soň wezir bir tymsal aýtdy: Lukman we iki nähoş emeldar Bir patyşa ýaşapdyr, onuň şöhraty daglar aşypdyr, mylakatly we kuwwatly bolupdyr. Onuň ähli dertleri bejerip bilýän bir lukmany hem bar eken. Emeldarlaryň ikisi erbet keselläpdir: biriniň şeýle bir içi gatapdyr welin, on bäş gün onuň aşgazany işlemändir, beýlekisiniň bolsa şeýle bir içi geçipdir welin, günde kyrk gezek oturypdyr. Lukman olary gözden geçiripdir, olary bejermegiň pikirini edipdir, ýöne hiç zat haýyr etmändir. Patyşa olaryň saglygy barada lukmandan sorap durupdyr. Bir gezek bolsa lukman patyşanyň öňünde dyza çöküp, şeýle diýipdir: — Eger sen maňa gaharyň gelse, buýruk ber, goý, meni tike-tike etsinler, jezalandyrsynlar, eger maňa rehimiň gelýän bolsa, şol iki emeldary bejermekden meni halas et. Çünki men daň atandan gün batýança olaryň biriniň bir gezegem bolsa az gatnatmagyň pikiri bilen ýaşaýan, şeýle-de, agşamdan tä daňa çenli beýlekisiniň kadaly gatnap başlamagyna garaşyp geçirýärin. Günema üçin patyşa ýalbarsam, ömür üçin — Hudaýa. Şonuň bilenem meniň bar dilegim tamam bolýar: oýlanýan, heý, meniň dileglerimiň biriniň kabul bolmagyna özüm mynasypmy beri? * * * — Eý, patyşahym, meniň dilegime hem bir nazar aýla, olaryň duzly sözünden, olar bilen gepleşmekden meni halas et. Onda patyşa bir tymsal aýdyp berdi: Söýüşýänler Konstantinopol şäherinde bir är-aýal ýaşapdyr, olar biri-birini diýseň gowy görüpdirler. Bir gezek hem adamsy bazarda oduk-buduk satyp oturan eken. Haýsydyr bir aýalyň oňa nazary düşüpdir, soňra ol aýal onuň töwereginde köp aýlanypdyr. Ýöne ol adam onuň söýgi hakdaky duýduryşlaryna üns bermändir. Onda ol aýal bir käsäni suwdan dolduryp, üstüni-de çynaryň ýapragy bilen ýapyp, onuň öňünde goýupdyr. Ol adam muňa gaty geň galypdyr, ýöne nämäniň-nämedigine düşünmändir. Tizden ol adam näsaglapdyr. Şonda ol aýalyna: — Ine, bir aýal şeýtdi, şondan bäri meniň mazam ýok, nähoşladym, hiç sagalyp gidiberemok! — diýipdir. Onda aýaly: — Ol aýal saňa bolan söýginiň oduna ýanypdyr, şondanam sen näsaglapsyň. Sen näme üçin öz-özüňi horlap otyrsyň, bar, onuň ýanyna git — diýipdir. — Men onuň nirededigini bilemok — diýip, adamsy jogap beripdir. Onda aýaly: — Sen öňünde çynar ösüp oturan öýi tap, çynaryň öňündenem çeşme akyp geçýän bolsun, şonda sen şol aýaly taparsyň — diýipdir. Adamsy ýola düşüpdir, salgy berilýän ýeri tapypdyr. Ýöne gapy ýapyk eken, hiç kim gapa çykmandyr. Onsoň ol öýüne dolanyp gelipdir. Şonda aýaly: — Ol seniň şol gapydan barmagyňy islänok, onuň başga-da gapysy bardyr. Sen şony tap. Adamsy ýene ýola düşýär, şol öýüň beýleki gapysyny tapýar, ondan içeri girýär, şol aýal ony garşylýar, olar ikiçäk söhbete giçýärler we şady-horramlyga girip gidýärler. Şonda bazar ýasawuly gelip, şol öýde olaryň daşyndan gulplaýar. Olar oňa sahylyk bilen muzduny tölejekdigini aýdýarlar, ýöne olara ýasawuly pula satyn almak başartmaýar. Onda hälki adam kimdir birine bir fulury berýär-de, ony aýalynyň ýanyna «Ine, biziň başymyzdan geçen zatlar» diýip aýtmak üçin iberýär. Ýasawullar olaryň ikisini hem ertir kazynyň ýanyna alyp gidip, jezalandyrmak üçin zyndana dykýarlar. Şol adamyň aýaly kaza şeýle mazmunly hat ýazypdyr: «Eý, hormatly hem adyl kazy! Siz biziň kazymyz bolup oturan wagtyňyzda, heý, är bilen aýalyň bir ýerde oturan mahalynda tutup, zyndana taşlanjagy, heý, eşidilen zatmydyr? Heý, şunuň ýaly zat haçan we kim zamanda bolupdyr?» Özi bolsa başyna ýapynja atynyp, adamsynyň we şol aýalyň salnan zyndanyna gelipdir-de, garawul ýasawula: — Şol adam — maňa bergidar, meni onuň ýanyna goýber. Aýdyşaýyn — diýipdir. Ony içeri goýberenlerinde, ol, dessine, başyndaky ýapynjasyny beýleki aýalyň başyna atyp, hamana, özi ýaly bolup çykyp gitmegi tabşyrypdyr. Şeýdip, ol bolsa adamsynyň ýanynda galypdyr. Kazy onuň hatyny alyp, okap görensoň, gaharlanypdyr, dessine zyndana öz adamlaryny iberip, ol ikisini getirmegi buýrupdyr. Olar tutulanlary-da, tutulanlary tutanlary-da kazynyň öňünde dikipdirler. Tutanlar: – Olar zyna iş etdiler, biz olary etmişiniň üstünde tutduk — diýip düşündiripdirler. Adamsy tutulan aýal bolsa kaza şeýle diýipdir: — Ine, şo-ol palany meniň kakamdyr, şu adam meniň adamymmy, ýa däldigini şondan sorap göräýiň. Eger siz meni zyna etmekde aýyplaýan bolsaňyz, onda ilki meni başga bir erkek bilen bolanymy tutmalysyňyz. Ýöne men nädip öz ärimden boýun gaçyraýyn? * * * Eý, Sedrak, siziň hem biri-biriňize baglylygyňyz meni köp alada goýýar. Şol sebäpli biziň hiçimize — saňa-da, maňa-da, beýlekilere-de — erbetlikden gaçyp gutulma ýokdur. Şonuň üçin siziň şeýle hili jedeliňiz hiç wagt gutarmaz. Indi siz meni diňläň, biri-biriňize igenmäňizi goýuň, şunuň bilen söhbeti hem tamam ediň. Terjime eden: Akmuhammet HEMIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |