23:11 Sarsmaz seljuklar / poema | |
SARSMAZ SELJUKLAR
Poemalar
Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar, Al-asmanda pasyrdaýar Tuglary. Oýnaýar eýerleñ göwher gaşynda, Ýañy dogup gelýän, Günüñ tyglary. Gökden ýere uzan nurly şöhläni, Ýüzlerind sylyp barýar seljuklar. Gün han atasynyñ ruhuna sary, Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. Bürgüt nazarlaryn alysa sanjan, Heýkel deý gaýduwsyz ~ Buýsançly serler. Sarsýar polat toýnaklaryñ sesinden, Adam aýagyny sekmedik ýerler. Uzak gije şöwür çeken bedewler, Ýelleri maýyrar, Armaz, Daljykmaz, Eýer bilen bile dogulan ýaly, Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. Olar, Sähel yza galsañ kül etjek, Wagtdan bakylyga at salyp göni, Diñe saña tarap çapyp barýarlar, Dünýäñ ýaraşygy, Älemiñ Güni! Eý, sen, Parlap dogan keramatly Gün, Allañ aýasyna alan ýüregi! Garañky gijäniñ tümün böwüsýän, Ýagtylygyñ ebedilik küregi! Saña başyn egip, Tagzym edýärler, Atyn ýüzin salyp barýan seljuklar. Olañ belent ruhlaryndan galkynan, Düýnler şana dolup, Sarsýar geljekler. * * * Gijäñ ýary, Şöwür çekýär seljuklar, Olaryñ keýpini has sermest saýan, "Bela ýolukmasyn huşun ýitirip", Diýip, Aşak düşüp gelýärdi Aýam. Mähir çogup duran gollary bilen, Ol tümüñ öñüne nurdan tor gurýar. Tisgindirip gijäñ ümsümligini, Eýýäm seýislenen atlar horgurýar. Seljuklar jem bolup, Gülüşýär, ýene, Gülküli pursady ýa-da saljaklar, Ruhy deý göçgünli sazlardan ganman, Aý astynda uka gidýär seljuklar. Aý nobatyn Ýyldyz bilen çalyşyp, Atañ aladasyn ýerne ýetirýär. Aryp-ýadamazdan, Dañdana çenli, Ýyldyz olañ ýarasyny bitirýär. Ruhy bekäp, Süññi ýeñläp, Güýçlenip, Ýene-de atlanýar ata gerçekler, Ýene-de daş-töwerego sarsdyryp, Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. * * * Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar, Bat goşulyp, Göterilen ykbaldan, Kümüş derler zire-zire dökülýär, Topraklar daş bolup zyñylýar naldan. Ganat açyp, Ýelden ýyndam bedewler, Göwünleri höwesine ýetirýär. Ik ýaly pyrlanyp, Düýrlenen ýollar, Aýlanyp, Öwrülip, Daga getirýär. Owal-ahyr başy, Buýsançly daglar, Belent howalydy, Keýpi-de kökdi. - Salam, Dag atamyz! - diýip, seljuklar, Atdan böküp düşüp, Dyzyna çökdi. Aslyñ huzuryna salama barmak, Oguzlarsa mukaddes parz saýylýar. Ýakymly gozgalañ tapyp jülgeler, Gaýa, kemerlere buýsanç çaýylýar. Dag ogullaryna berýär patasyn: - Ýol-şü. Alnyñyzdan başga ýol çykmaz. Kuwwatlanyp, Gaýratlanyp, Şatlanyp, Atyn ýüzin salyp gidýär seljuklar. * * * Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. Gaçýar jandar bary, Tapyp bilse yş. Toýnaklaryñ sesi asmana çykyp, Gök gürläp, Dynuwsyz guýýardy ýagyş. - Salam, Gök han Atamyz! Huzuryña gelýäris, Belki, biraz gijikdik, Hatamyzy bilýäris. Gök han Ata, Günämizi öt biziñ, Geldik uçup, Ýelden ozup, çalasyn. ...Pagyş-para bolup, Köşeşen Ata, Zyñýar ýyldyrymlap, Ýanýan gylyjyn. Är ogullaryny ýalkaýar Gögem. Aslun mynasyp nesil boljaklar, Gögüñ ruhun, Ruhlaryna siñdirip, Atyn ýüzin salyp gidýär seljuklar. * * * Barlyk içre ýagşy päle ten beren, Ýürekdäki matlabyndan el çekmez. Ýollarda ýorulman, Dolanman yza Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. Geriş-geriş, Tolkun-tolkun, Möwç urup, Alyslyklar öwşün atýar gökmeñiz. Çarp urup, Çyrpynyp, Joş urup, Güwläp, Kenaryndan agyp gelýär Gök deñiz. Baş egýär seljuklar: - Deñiz han Ata! Seniñ huzuryña salama geldik, Aslymyzyñ paýhasyna kök urup, Binasy duýgudan galaña geldik! Ogullarnyñ dogumyndan şatlanyp, Deñiz han olara patasyn berýär. Içki hyjuwyna bäs gelip bilmän, Tolkunlar göterlip, Gollaryn gerýär. - Ýollarñyz ak, Görjegñiz Hak bolup, Goý, ruhuñyz deñiz deýin möwç ursun! Atyn ýüzin salyp gidýär seljuklar. Durup bilse, Öñlerinde döw dursun! * * * Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar, Çawyñ yzyn çalyp barýar seljuklar. Asyrlardan asyrlara aşýarlar, At-owazasyndan, Sarsýar geljekler. Polatdan berk toýnaklaryñ sesine, Çydamadyk gulplar ýere gaçýarlar. Uly buýsanç bilen gujagyn gerip, Zamanalar derwezesin açýarlar. Olar, Eýle-beýle zady äsgermän, Hiç pitiwa etmän gojalan-garran, Uzak-uzak asyr, Gat-gat eýýamly, Taryhyñ içinden geçýärler parran. Baky öçmez şöhrat bolup, Şan bolup, Bäşinji eýýama ýetip Gerçekler. Mukaddes Ruhnama, Siñip, Ýene-de, Atyn ýüzin salyp barýar seljuklar. 2004. Ilmät GURBANOW. | |
|
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||