09:48 Saýlaw Myradow | |
SAÝLAW MYRADOW (1939–1985)
Edebi tankyt
Görnükli edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradow 1939-njy ýylda Gazanjyk raýonynyñ Gäwür obasynda eneden bolýar. Ol 1961-nji ýylda A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetini tamamlandan soñ, dürli redaksiýalarda, TSSR Medenýet ministirliginde işleýär. Saýlaw Myradow talyplyk ýyllaryndan edebi tankyt bilen gyzyklanyp ugraýar. Redaksiýalarda işläp başlansoñ, bu işe ymykly girişýär. Onuñ köp sanly makalalary, “Edebi çekişmeler”, “Poýeziýamyzyñ ädimleri”, “Taryh. Edebiýatynyñ taryhylygy”, “Asyrlaryñ jümmüşinden”, “Durmuş bilen aýakdaş”, “Zelili” ýaly kitaplary çap edilýär. Bulardan başga-da ol “Saýraklar” atly romany, ençeme hekaýadyr piýessalary ýazýar. Tankytçy “Edebi çeşmeler”, “Poýeziýamyzyñ ädimleri” atly makalalar ýygyndysy üçin Türkmenistan Lenin komsomoly baýragynyñ laureatlygyna, “Asyrlaryñ jümmüşinden”, “Zelili” atly kitaplary üçin TSSR-iñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Saýlaw Myradow bu žanrda galamdaş ýoldaşlary bilen yzygider çekişýän, jedelleşýän (polemist) tankytçy hökmünde özüni görkezdi. “Sowet edebiýaty” (1962, № 12) žurnalynda çap edilen “Ýoldaşlar bilen söhbet” atly ilkinji makalasynda-da onuñ bu sypaty äşgär duýuldy. Awtoryñ bu häsiýeti gitdigiçe çuñlaşdy. Saýlaw Myradowyñ edebi-tankydy gözlegleri giñdi. Ol edebiýatymyzyñ dürli žanrlarynyñ problemalaryna, meselelerine öz sesini goşdy. Saýlaw Myradowyñ edebi-tankydy işlerinde türkmen prozasynyñ problemalary, meseleleri uly orun tutýar. Bu ugurdan onuñ ilkinji ýazan uly makalalarynyñ biri “Romanlarymyzyñ gürrüñine giriş” diýlip atlandyrylýar. Tankytçy bu makalasynda türkmen romanlarynyñ ençeme meselesi hakda söz açýar. Taryhy tema ýykgyn edilip, häzirki zamanyñ problemalarynyñ unudylýandygyna nägilelik bildirilýär. Taryhy-rewolýusion temadaky romanlarda-da şol bir äheñleriñ, şol bir pursatlaryñ yzygider gaýtalanýandygyny belläp, tankytçy şeýle ýazýär: “…biz çekilýän ahy-nalalaryñ, seçelenýän al ganlaryñ, dökülýän ajy gözýaşlaryñ romanlaryñ sahypalaryny erbet şorladandygyny nygtajak bolýarys. Şu hili sentimentalizmdir aýşy-aşratdaky “gyzykly wakalaryñ” şikaryna çykmak ylaýta-da ýaşuly neslimiziñ eserlerini durmuşyñ beýleki düýpli sosial meselelerinden çetleşdirýär” (Edebi çekişmeler, 1971, 4-5 sah.). Awtor bu pikirlerini H.Derýaýewiñ “Ykbal”, B.Soltannyýazowyñ “Summar akýar”, B.Seýtäkowyñ “Şahyr” romanlaryndan anyk mysallar getirmek bilen tassyklaýar. Saýlaw Myradow poýeziýa žanrynyñ problemalaryna, meselelerine degişli ençeme makaladyr synlaryñ awtorydyr. Tankytçy bu žanrdaky ilkinji makalalaryndan başlap, türkmen poýeziýasynyñ ösüş ädimlerini yzarlamaga synanyşyp ugrady. S.Myradow “Iki ugur” atly makalasynda ýigriminji-otuzynjy ýyllaryñ poýeziýasynda bir matlapda, bir ideýada bagry badaşan iki poýetiki ugruñ bolandygyny tassyklaýar. Olaryñ biriniñ (Ata Salyh, Ata Köpekmergen, Baýram şahyr, Durdy Gylyç, Nury Annagylyç, belli bir derejede Mollamurt dagyny tankytçy şu ugra goşýar) klassyky edebiýatdaky goşgy düzülişiniñ formalaryny dowam etdirendigi, ikinji ugrunyñ (A.Alamyşow, G.Burunow, H.Çaryýew, Ş.Kekilow, Ý.Nasyrly, O.Täçnazarow dagyny awtor bu ugruñ wekilleri hasaplaýar) täze formalary agtarandygyny ykrar edýär. Tankytçy ýigriminji-ituzynjy ýyllaryñ poýeziýasynyñ döwrüñ möhüm meselelerine aýny wagtynda seslenendigini, ideýa-mazmunynyñ berkdigini, emma çeperçilik babatda gowşakdygyny belläp, şeýle ýazýar: “Ol döwürdäki poýeziýa sosialistik gurluşygyñ her ýylynda partiýanyñ alyp barýan syýasy çärelerini ädimme-ädim yzarlap gitdi. Hut şonuñ üçinem ol goşgularyñ umumy çeper edebiýata mahsuslyk tebigaty syýasy-propagandistlik tebigatyndan has gowşak boldy. Dünýä edebiýatynyñ taryhynyñ ähli etaplarynda poýeziýany poýeziýa edýän ilkinji şert şahyrana duýgy hasaplanylyp gelinipdi, gürrüñi edilýän döwrüñ poýeziýasynyñ iñ bir mätäç zady, garyp zady hem şol şahyrana duýgy boldy” (Poýeziýamyzyñ ädimleri, 1972, 10 sah.) Saýlaw Myradow “Uruş ýyllarynda gop beren güýç” atly makalasynda türkmen poýeziýasynyñ kyrkynjy ýyllarda kem-kemden täze hile geçip ugrandygyny esaslandyrmaga çalyşýar. Onuñ täze hile geçmegi mümkinçilik döreden şertleri analizleýär. Ol şertleri şahyrlarymyzyñ öñki döwürlerde toplan tejribesinden, poýeziýamyza has taýýarlykly täze zehinleriñ gelip goşulmagyndan, iñ esasy-da anyk döwrüñ talaplaryndan agtarýar. Awtor Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda poýeziýamyzyñ durmuşa has batyrgaý aralaşandygyny, döwrüñ tebigatynyñ talabyna görä ony hyjuwlylyk pafosynyñ iñ ýokary derejä ýetendigini ynandryjy belleýär. Tankytçy Beýik Watançylyk urşy döwrüniñ ortalaryndan başlap, poýeziýamyzyñ ritorikadan arasyny açyp, suratkeşlik stiline ýykgyn edip ugrandygyny R.Seýidow we beýleki şahyrlaryñ anyk poýeziýa eserleriniñ mysalynda düşündirýär. Şeýle-de tankytçy Beýik Watançylyk urşunyñ söweşlerine gatnaşan şahyrlar bilen tylda döredijiligini dowam etdiren şahyrlaryñ eserleriniñ tapawudyny, özboluşly taraplaryny aýyl-saýyl edýär. Beýik Watançylyk urşunda egri gylyç, gyr at o diýen rol oýnamandy. Onda güýçli tehnika, uly ýaraglar ulanyldy. Emma şahyrlarymyz ol urşa häsiýetli zat bolmasa-da, eserlerinde egri gylyç, gyr at, Görogly obrazlaryna köp ýüzlendiler. Tankytçy makalasynda şu ýagdaýyñ sebäplerini düşündirmäge-de synanyşyk edýär. Saýlaw Myradow “Durmuşyñ poýeziýasy, poýeziýanyñ durmuşy” atly makalasynda durmuşy öwrenmek barada galamdaşlarynyñ öñe sürýän pikirleri bilen jedelleşmäge synanyşýar. Tankytçy bu meselede kärdeşleriniñ ýörelgelerine garşy çykyp, her bir ýazyjynyñ ýaşaýan ýeriniñ durmuşdygyny, ony öwrenmek üçin hiç ýere gidip ýörmegiñ zerur däldigini tassyklajak bolýar. Emma tankytçy bu ýerde pikirini anyklaşdyrmaýar. Dogry, ýazyjy özüniñ içinde ýaşap ýören, belet dumuşyndan eser döredýän bolsa, onda ony öwrenmek üçin başga bir ýaña gitmegiñ asla zerurlygy bolmaz. Emma ýazyjy öz ýaşaýan ýerinden alysdaky durmuşdan eser ýazjak bolsa, ony çuñ öwrenmek üçin, zerur bolsa, şol ýere gitmeli bolýar. Eýsem B.Kerbabaýewiñ nebitçileriñ arasyna gidip, iki ýyl gowrak şol ýerde ýaşamagy onuñ “Nebitdag” romanynyñ şowly çykmagyny az täsir etdimi?! “Nebitdag” romany hakda söz açylanda, ilki bilen şu faktyñ ýörite bellenilýändigi ýöne ýere däl. Tankytçy agzalan makalasynyñ ikinji bölüminde poýeziýada piker bilen duýgynyñ alaçaly ýag ýaly utgaşmagynyñ zerurlygy hakda söz açýar. Şol şahyrana duýgylaryñ köp goşgularda kemterlik edýändigini anyk mysallar bilen görkezýär. Saýlaw Myradow “Ýaşlaryñ poýeziýasyna bellikler” diýen makalasynda Halyl Kulyýew, Gurbannazar Ezizow, Kakabaý Ylýasow ýaly şahyrlaryñ poýeziýasyna ýokary baha berýär. Tankytçy Halyl Kulyýewiñ “Söweşdeş dostuma” ýaly goşgularynda okyjyny gaýgy-gama batyraýjak mazmun suratlandrylsa-da, şahyryñ okyjynyñ ýüregini sarsdyrjak bolup, goşgusyny has täsirli etjek bolup, ajy gözýaşlara gümra bolman, gahrymançylyga bat berendigini, G.Ezizowyñ “Ballada”, “Aýdym hakynda ballada”, “Asatur aga” ýaly goşgularynda liriki gahrymanynyñ ýanbermezlik ruhuny, ýaşaýşa ukyplydygyny nygtap görkezendigini, K.Ylýasowyñ goşgylarynda daýhan häsiýetiniñ biçak ynandryjylyk bilen açylyp görkezilýändigini tassyklaýar. Emma şol mahallar ýaş şahyr hasaplanýan Ýa.Pirgulyýewiñ, N.Baýramowyñ goşgylarynyñ käbirinde çuññur poetiki mazmunyñ, şahyrana duýgynyñ ýetmeýändigini tankytçy ynandryjy belleýär. Saýlaw Myradowyñ “Beýikleriñ bu-da bir beýikligi – elmydama saklaýarlar bir tabyn” atly makalasy Mämmet Seýidowyñ poeziýasyny derñemeklige bagyşlanýar. Tankytçy şahyryñ liriki gahrymanynyñ göreşijidigini, zähmetsöýerdigini köp sanly goşgularyñ mysalynda tassyklaýar. Awtor beýleki sypatlary hakda şeýle ýazýar: “M.Seýidowyñ liriki gahrymany içki dramatizminiñ güýçlüligi bilen, durmuş çylşyrymlylygynyñ, konfliktiniñ depinini çuññur alýanlygy bilen, logikasynyñ zorlugy bilen gündelik wakalar dogrusyndaky filosofiki oýlanmalarynyñ ýitiligi bilen tapawutlanýar” (Durmuş bilen aýakdaş, 75 sah). Mämmet Seýidow döredijiliginde dürli halk ertekilerine, rowaýatlaryna, il arasynda ýörgünli sýužetlere, geçmişiñ wakalaryna, dana pikirlerine, halk döredijiliginiñ dürli öwüşginli tymsallaryna, beýleki materiallaryna ýüzlenýär. Olary täzeden ýugrup ýasaýar. Şu günki günüñ talaplaryna tabyn edýär. Olardan şu günki günüñ ideýalaryny has çuñlaşdyrmak üçin peýdalanýar. Şahyr hernäçe uzak geçmişe ýüzlense-de, onuñ bir ujy şu günki gün bilen baglanyşdyrylýar. Şeýdibem geçmiş bilen şu günki günüñ arasynda berk köpri gurulýar. Makalada şahyryñ poeziýasynyñ şeýle sypatlary giñden görkezilýär. Başga-da tankytçy şahyryñ eserlerinde meseleleriñ dartgynlylygynyñ soñky hetdine ýetirýändigini goşgularyny edil halk nakyllary ýaly, gysgadan düzýändigini, suratlandyrýan wakalarynyñ gabarasyna seredende, ondan çykarýan manysynyñ has ýiti, has täsirli hem giñdigini, çözgütleriniñ gutarnyklydygyny ýerlikli belleýär. Tankytçy şahyryñ döredijiligine uly sarpa goýsa-da, onuñ kemter taraplaryny-da görmezlik etmeýär. Şahyryñ edebiýat tankytçylaryna ýersiz iýgenýändigini, şu meselede onuñ belent başly liriki gahrymanynyñ ownaýandygyny, ejizleýändigini, awtoryñ ençeme ýerde gaýtalamalara ýol berýändigini, bulara seretmezden, şahyryñ türkmen poeziýasynyñ görnükli wekilidigini ykrar edýär. Saýlaw Myradow ençeme ýyllaryñ dowamynda beýik türkmen şahyry Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi bilen gyzyklanyp geldi. Onuñ altmyşynjy ýyllaryñ ahyrlarynda ýazan “Rowaýatlar, goşgular hem logika” atly makalasy edebiýat muşdaklarynyñ arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ol şahyryñ ömür ýoly hakda çekişmeleriñ döremegine sebäp boldy. Tankytçy soñundan beýik şahyryñ ömür ýoluny öwrenmäge ymykly girişdi. Onuñ bu ugurdaky ylmy gözlegleri “Asyrlaryñ jümmüşinden” (1978) at bilen ýörite kitap edilip neşir edildi. Tankytçy “Rowaýatlar, goşgular hem logika” atly makalasynda Magtymgulynyñ ömür ýoly, maşgalasy, şahyryñ iş salyşan döwürdeşleri hakda täze garaýyşlary öñe sürýär. Mälim bolşy ýaly, şahyryñ terjimehalyna degişli maglumatlar ol hakdaky işlerde öñem berlip gelýärdi. Emma S.Myradow ol maglumatlaryñ köpüsini şübhe astyna alýar. Beýik şahyryñ biografiýasy hakdaky öñki maglumatlar il içindäki gep-gürrüñlere, dürli rowaýatlara esaslanýan bolsa, tankytçy olaryñ tersine Magtymgulynyñ diñe “öz goşgularyndaky terjimehalyna dahylly faktlara” daýanyp, şahyryñ biografiýasyny dikeltmäge çalyşýar. Elbetde, S.Myradowyñ çaklamalaryny, oýlanmalaryny, gelýän käbir netijelerini-de şahyryñ terjimehaly, maşgala durmuşy hakdaky iñ soñky, gutarnykly, hemme babatda hakyky maglumatlar hasaplamak mümkin däl. Sebäbi şahyryñ terjimehaly hakda taryhy dokumentler saklanyp galmandyr, onuñ eserleriniñ tankydy tekstleride entek ýok. Emma şeýle-de bolsa, şahyryñ terjimehaly, maşgalasy, töweregi hakda öñkülere garanda, S.Myradowyñ çykarýan netijeleri hakykata ýakyn, sebäbi olar şahyryñ hut öz döredijiligine esaslanýar. S.Myradow agzalan kitabyñ “Edebiýatçylaryñ dilgirligi bilen düşünişmek..” atly bölüminde Magtymgulynyñ terjimehaly, döredijiligi hakda söz açan edebiýatçylaryñ pikirlerine ser salýar, olar bilen düşünişmäge çalyşýar, zerur ýerinde jedele girişýär. Gürrüñi edilýän kitabyñ iñ esasy bölümi “Käşgi adam bu dünýäge gelmese, gelenden soñ ömür sürse, ölmese…” diýlip atlandyrylýar. Tankytçy bu ýerde gönüden-göni Magtymgulynyñ eserlerini analizlemäge girişýär, gowy ýeri olary şahyryñ ýaşan döwrüniñ içki, daşky şertleri, taryhy ýagdaýlary bilen berk baglylykda derñemäge çalyşýar. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |